Çägeden çykan tylla (Hekaýa)

Çägeden çykan tylla (Hekaýa)

Uzynakdan inçemik, ýalyň ýüz-gözleri dogum bilen ýanyp duran ýigidiň towakgasy gytyk tüýli telpeginiň aşaklary kertilip ugran, hortapdan orta-miýana, selçeň sakgaly at ýüzüne gelşik berip duran adamyň hoşuna gelmedi.

— Özüň ylym adamy bolsaň, kitap-galamyň bilen bolubermeli ekeniň-dä, jan inim. “Garaguma äkit!” diýip, ýer depip durmaň-a heňe gelenok.

Baýram jibir-jibir etdi:

— Wah, heňe gelensoň, hozanak bolup durun-da. Diýdim-ä ylmy işim “Guýy gazmagyň milli tärleri, guýular hakdaky rowaýatlar” diýip, ýanyna baran kişim “Molla agany göwnedip bilseň, işiň biter” diýäýýär. Sizem indi…

Ýigidiň özelenişine dözmedik ýaşuly telpegini çykaryp, süýnmegräk kellesini sypalady.

— Bolýa, şu ömre göwün ýykan gezegimiz ýokdur. Bähbidimiz degse ne armanymyz, şaýyňy-goşuňy jemläp, ertir şumatlar geliber şutak, ýola çydaryn diýseň. Ýozar öz-ä.

«Çydamanmy? Ýozmak-ýadamagam hiç. Kowalap äkitseňem yrza, möhümim bitse bolýa» diýip, guşy uçan Baýram içini gepletdi. Ine, indem guma gaýym ýük ulagy müňzäp, ýüzüni gaýra tutup barýar.

Bahar ortasy bolsa-da, daz ýasaýan ulagyň üstünde jaýlaşan Baýram ýüz-gözüni ýalaýan sowujak şemalyň nireden gelýänini biljek bolup haýyr-heläk. Beýlekileriň weli piňine-de däl. Beýlekiler diýilýäni — sürüjiniň ýanyna münen Molla aga bilen jemi alty adam. Baýramyň ýanyndakylaryň hemmesi özi bilen deň-duş, heniz otuza ýetmedik zeberdest ýigitler. Ýüklenen goş weli ep-esli bar. Ýatymlyk üçin brezent çadyrlar, üç-dört keçe, ýorgan-düşek, gazan-tabak. Guýy üçin zerur ýüp-urganlar, ululy-kiçili piller, kelteli-ýogynly, esli ulanylandygyny ýag çalnan ýaly ýalpyldap duran ýülmek ýüzi aýdyp duran agaçlar. Ýöne Baýram edil ugraljak wagty ulaga atylan çebşiň näme derkarynyň bardygyny bilenok. Barylýan ýer Tejen ýeňseleri bolsa, bakan ýeriň süri-süri goýun-geçi bolsa, çebiş äkitmek ne hajat?! “Tokaýa gidilende ýanyň bilen agaç äkiden ýaly dälm-aý” diýip, henizem gapdalyndakylara öwrenişip bilmän, ýadyrgaýan Baýram içini gepletdi. Ýigitlerem geplemek üçin däl-de, işlemek üçin dünýä inen ýaly, irkiljireşip otyrlar. Şonda-da Baýram uzynakdan arryk, tüňňümaňlaýrak bolansoň, gulaklary uly görünýän, gözleri çukurrakdan tegelek ýigidiň synçylygyna haýran galdy. Ol Baýramyň içini okan ýaly:

— Alym aga, tanajak bolýan ýaly bu çebşi ýiti-ýiti synlaýaň weli, iýip hezil ederin-ä öýtme. Bu-da biziň ýaly işlemäge barýar — diýip ýylgyrdy.

Özüne “alym aga” diýlenini ýokuş görjeginem, henek hökmünde kabul etjeginem bilmedik ýigit biragyz:

— Gowusy, Baýram diýäýsene, hemmämiz deň-duş-a — diýip, gözüni çebişden sowdy.

— Muhammet, bize ýoldaş bolany kösän-horlan ýerimiz bolan däldir, nesip bolsa, baramyzsoň, berre guzynyň kebaby bilen işşek goýnuň çorbasyndan doýrarys diýsene — diýip, uly ganara arkasyny berip oturan dykyz pyýada gepe goşuldy. Şondanam gaýtdy gürrüň ak inişden eňene meňzäp.

— Dogrudanam-aý, Tahyr, guýy gazmak kynmyka ýa alym bolmak?

— Alymlygy selteň tutjak bolma how, aýdylypdyr-a “Iňňe bilen guýy gazan ýaly” diýlip.

— Barlansoň Baýramy guýa sallap göreli, ýokary çykansoň özi aýdaýsyn, haýsynyň kyn ýa aňsatdygyny.

— Nädersiň, guýa bir girip-çykansoň, howuljyna çydabilmän, goşgy-gazalam ýazyberse.

Henegi aýdan ýigide seredip, Baýram içini hümletdi: «Suw däl-de, guýy boýladybermeli ziňňirt ekeniň weli, diliňem boýuň ýaly uzyn öýdýän, gardaş».

— Garry, şonyň-a biçem däl-aý. Dessanlarda-da, rowaýatlarda-da, ertekilerde-de guýudan diňe suw däl-de, hazyna tapylýandygy, altyn-kümşüň üstünden barylýandygy, onuň içinde ýekegöz döw ýa saç çykyp giden ýylanyň bolýandygam aýdylýar-a.

— Sallanaňda şolaň birden-biri gözüňe iläýse, ýa dilden-agyzdan galarsyň, ýa-da saýrap duran göýende çykarsyň diýsene…

Göterilen gülki ulagyň guýrugy ýaly bolup gelýän ak tozandanam ýokary galdy. Güljeginem, gaharlanjagynam bilmedik Baýram ujy derlän burnuny eli bilen owkalap, ýene içini gepletdi: “Garry adyňy bilip dakypdyrlar seňem. Tüýs: “Gep keltede, un haltada” diýleni ýaly, bu dykyzja göwre etden däl-de, gürrüňden-henekden doldurylaýypdyr, meger”. Öýkelän çaga ýaly gapdala bakyp, gaşyny çytdy. Hernä gürrüň başga tarapa sowlaýdy.

— Derýa, sen öýlenjek diýip, böwregiňi bökdürip ýörşüňe bärik gaýtmalam däl ekeniň-dä.

Baýramyň içi gülüp gitdi: “Ýeri, dogup-dörän ýeriň gum içi bolsa, käriňem guýy ussasy bolsa, adyňa Derýa dakylmagy näme diýsene”.

Ýigit edil häzir öýlendiriläýjek ýaly ýylgyrdy weli, ap-ak dişleri lowurdap gitdi. Baýram ýene-de içini gepletdi: “Äl-aý, şuňa gorkman durmuşa çykjak gyz nähili ýüreklikä? Ýa muň synyny-sypatyny görmän yrza bolaýdymyka?!”.

Çarkandaga düşen ulag erbet silkindi weli, göwresi ýeňil Derýa uçaýdymyka diýip, Baýram gözlerini tegeledi. Gep ýassygyna öwrülensoň, kä ýylgyrýan, kä ýygrylýan Derýanyň halyna Baýramyň ýüregi awady. “Dillerine düşäýseň, çepbäňi çöwürjeg-aý bu ýigitler. Işlänlerinde ellerem şeýle ýüwrükmikä?”. Içini byjyklan sowalyň jogabyny biljek bolýan ýaly, Baýram olary ýene bir öwre gabak astyndan synlady.

Gün peýşine sananda Akmollanyň oýuna baryp düşdüler. Garagumuň geňdigini! Şeýle bir depeler bar, “depesine nädip çykarkam” diýdirýär. Çür ujy ýel-şemal ýogam bolsa, biri körükden üfleýän ýaly tozanlap dur. Çar töweregini guba depeler gabsan ýer ojar tokaýlygy bolup ýatyr. Içine düýe girse-de, görünjek däl. Hol adyrlyk bolsa giden takyra sapýar, aňyrsy görnenok. Beýlesem akjaryp ýatan depiz.

Guýy ussasynyň gum içinde niçiksi arzylydygy Baýramyň agzyny açdyrdy. Baryljagyndan habarlydyrlar-da, elbetde, uly gazan bygyrdap dur. Beýlede goşa tüňçe lasyrdap dur. Ak çägäniň üstüne üç-dört sany gülli keçe atylyp, ortarada düýe ýüň saçak goýlupdyr.

— Hany, bokurdaklary ölläli-de, Gün eňegini ýere bermänkä, utun bir dikip ýetişeli — diýip, Ussa aga gyssanmaçlygyny etdi.

— Naharam-a taýýardyr öz-ä.

— Ýagşy ýozulyp-ýadap iýseň, naharyň tagamy has süýji bolar.

Ferma müdiri — gaz ýörişini edip moýmudyklap, äwmän ädimleýän Ýazguly aga göwresine bap gelmeýän inçe sesi bilen düşündiriş berdi:

— Şu iki guýyny gowuja arassalamaly-da, Ussa aga. Hersiniň çuňlugy kyrk metr-ä bardyr, ýalňyşmasam. Öň hersi iki sürini gandyryp durdy weli, indi gurruklygyny etjek bolşup durlar. Öňümizem tomus-da. Tüweleme, bu baharky owlak-guzy möwsümem süriniň içinde Musa pygamber gezen ýaly bereketli boldy. Ir ýetişen berredi-dä gazandakam. Süňki bilen ýuwudyp oturmalydyr, saçaga geçäýseg-ä…

Ussa aga aşaky burmalary kertilip ugran gytyk tüýli silkmesini çykaryp, arryklaçdan at ýüzüni bir-ä Ýazguly permäniň güberilip duran garnyna, birem hoňkaryp duran guýa dikdi:

— Hany, görübereli, içi opurylypmy, düýbi gömlüpmi, bellisini bileris. Içiň gorlany hiç, guýynyň düýbi gorulsa, şo ýaman.

Ýigitler derrew guýynyň agzyna golaý edip iki şahaly berk agajy çägä gömdüler. Ýapgydrak görnüşde birküç metr gazyp gömlen utuny görüp, Baýram “düýe-de çekip çykarybilmese gerek” diýip, içini gepletdi. Ikisini birikdirýän demir urgany dakdylar weli, çarh ýaly boldy duruberdi.

Ähli işleri bejit barlaýan, säwlik gidäýmesin diýip juda dykgat edýän Ussa aga guýa ýakylan esgi okladyp barlatdy. Munuň guýynyň içine zäherli gaz ýygnanan ýa-da guş-gumursy gaçyp porsan bolaýmasyn diýen pikir bilen edilýändigini Baýram derrew depderine belledi. Ýülmenip giden, berk demir urganyň ujundaky halkany bolsa gowa gaýym berkitdiler. Boş gowanyň on-on bäş ýola guýynyň içine gatnadylmagy Baýramyň gaşlaryny gerdirdi.

— Nijeme wagt bäri suw alynmansoň, sadyr bolup ajap, aşakdaky howany bogan bolmagy ahmal. Onsuzam dem-düýtsüz ýatsa, suwy alnyp durmasa, guýynyň diňe düýbi däl, gyralary, diwarlaram guraýar, howasy tükenýär. Gowa häzir her gidip gelende içini ýelejiredip, howa äkidip-getirer — diýip, Ussa aga äm-säm bolup duran Baýrama düşündirdi. Soňam çebşiň dört aýagyny mäkäm daňyp, syk matadan dokalan torbanyň içine salyp, diňe kellesini çykaryp goýdular-da, torbany ýuwaşlyk bilen guýa sallap ugradylar. Oglanlaryň özlerem: “Ýuwaş-da ýuwaş” bolşup, guýynyň agzyna gulaklaryny gerip, durşy bilen dykgata öwrüldiler. Birki käse çaý içer salym geçdi. Diňe depede aşakda bolýan işlere haýran galýan ýaly pelesaň kakýan torgaýyň käte saýraýan sesi eşidilýärdi. Tutuş daş-töwerek hem “näme bolarka?” diýip, göz bilen gulaga öwrülip, diňirgenip duran ýalydy. Ümsümligi çebşiň jynssyz mäleýän sesi bozdy. Ýüpi juda seresaplylyk bilen sallap duran Derýa bilen Gandym şapba durdular. Garry dessine utunyň deňinde demir urgana mata bölejigini daňyp bellik etdi.

— Çebşiň ýüregi ýarylaýmasyn, çykaryň!

Telpegini çykaryp, gapdaldaky gaba sazagyň üstüne atan Ussa aganyň aýdanyny bejit bitirdiler. Gorkusyndan jany bokurdagyna gelen çebiş titir-titir edýärdi. Baýramyň göwnüne ol guýa sallanmazyndan ozalkysyndan has kiçelen ýalydy. Müji aşygy ýalyjak kellesini iki öň aýaklarynyň arasyna sokup, gözlerini petredip, entegem lägirýärdi. Janawar hol çeträkde daňlyp goýlansoňam, bärligine seretmäge het etmän, aňyrlygyna bakyp, eňegini ak çägä berdi ýatdy.

Çebşiň çirkin mälemesinden soň, oglanlaryň keýpiniň gaçany bes-bellidi. Ussa aganyňam ýüzi üýtgäp:

— Ine, käwagt şeýle-de bolaýýar-da — diýip, telpeginiň içinden alan ak ýaglygy bilen ýüzüni süpürdi. Soňam daşynda tegelenip duran ýigitlere ýüzlendi:

— Oglanlar, çebiş-ä bitirmeli işini etdi, guýudan habarlyja çykdy. Hany, indi haýsyňyz has ýürekli, aýdyberiň!

Hälki gülşüp-degşip duran oglanlar birbada başlaryny aşak saldylar. Muňa kejebesi darygan Ussa aga ogly Garryny alarlatdy:

— Sen näme ýere seredýäň, ýa özüm gireýinmi?

Gandym batyrgaý dillendi:

— Ussa aga, galawut etmäň!

Çep ýaňagyndaky peşehordasyny çalaja sypalan Muhammet hem öňe süýşdi:

— Getiriň urgany, men girýän!

Ýüzi ýagtylyp, çalaja ýyrşaran Ussa aga kesgitli sözüni aýtdy:

— Garry giräýsin!

Ýigitler ýüpi nähili silkeninde aşak-ýokaryk çekmelidiginiň şertli belgilerini gepleşdiler. Garrynyň bilindäki guşaga pil sapynyň ýarysy ýalyrak taýagy gysdyrdylar. Beýle töwekgelligiň özüne ynanylmaýanyna ynjaýany çytylan ýüzünden aňdyrýan Muhammet mal soýulýan uly pyçagy hem guşagyň beýleki tarapyna gysdyrdy. Şeýdip Garryny demir urgana berkidilen, ýüpek matadan berk dokalan haltada guýa sallap ugradylar. Ussa aga soňky tabşyryklary berdi:

— Bismillahi Rahman Rahym, Hudaý kömek etsin! Gaty seresap bolgun! Eger ýylan-kepjebaş bolsa, tirsekboýy garşysynda çep eliňi aýlagyn. Şeýtseň garaňkylyga gözüň öwrenişýänçä, ýylanyň bar ünsüni özüňe çekersiň. Soň sag eliň bilen kellesiniň aşak ýanyndan mäkäm gysarsyň. Tutan badyňa-da, eliňe çolaşdyraýma, ýogsa derrew güýçli gysyp, eliňi guruşdyrar-da, kellesini boşadar, boşatdygam iş pyrryk bolar, oglum. Şonuň üçinem tutan dessiňe taýagy dişletjek bol, şeýtseň derrew taýaga çolaşar. Amaty bolsa-ha, haltaňa atyp bilseň, iş bitýä. Eger-de ýylan iki-üç dagy bolsa, emaý bilen ýekän-ýekän tutjak bol, bolmasa-da birinden başgasyny aşak gaçyrjak bolgun, onsoňam kepjebaş sypaýyçylykly synanyşyk etseň, asyllydyr, gödek hereket etmeseň, degjek bolup durmaz. Guýynyň içindäki okýylan bolaýsa, ine, şol howpludyr. Golaý bolsa, duýman durkaň üstüňe böker, esewanja bolgun!

Garrynyň sesi dogumlydy:

— Kaka, arkaýyn bolsana, birinji gezek däl-ä.

Baýram içine guş däl-de, hut ýylan salnan ýaly, bir ýerde durup bilenokdy. Urganda edilen bellige ýetmäge üç-dört metr galanda, oglanlar utuny sakladylar. Garry ýüpi iki gezek çekdi, ýarym metr goýberdiler, şeýdip, bir-iki gezekde urgany hälki çebşiň mälän ýerine çenli aşak goýberdiler. Hiç kimiň dili gymyldanok, iň bärkisi mollatorgaýam sesini kesipdi. Gözler bolsa ýüp bilen deň gidip-gelýärdi. Ýazguly perme kä öňe, kä yza ýöräp ýörşüne tas gazana gapgarylypdy. Hernä ýagdaýyny bilip, ýasy ýagyrnysyny ýaşap giden sazaga ýaplaýdy. Ussa aga sepini bildirmese-de, guýuçy ýigitler bezbeltek urýardy. Wagtam doňup galan ýalydy. Ümsümligi Molla aganyň ýuwaşdan gyryljyk sesi bozdy:

— Bu golaýda jyk-jyky barmyka?

Bu sowal jogapsyz galdy. Diňe moýmudyklap ýerinden galan Ýazguly perme geplemäge rabgaty galmadyk agzyny öweldip, elini öňe bir ýerlere uzatdy. Oňa çenlem Garry ýüpi üç gezek silkdi, oglanlar derrew ýokaryk çekip ugradylar. Guýynyň agzyna ýetmäge üç-dört metr galanda, Garrynyň ýylanyň kellesinden tutman, ony taýaga orap alyp gelýändigi göründi. Bahar ýeline ýeriň üsti salkynragam bolsa, Baýram gara der bolanyny şu wagt duýup galdy. Ýigitleriň ýüzüne bolsa ýaz ýalkymy urup, ýylgyrjaklaşyp başladylar.

Garrynyň taýagyna oralyp gelýän kepjebaşyň uzynlygy çopan taýagyça bardy. Özem ýokaryk golaýladygyça, hereketini gowşadýardy. Ýeriň üstüne çykarylan ýylan gaty taýaga dönüp, gymyldap bilmän ýatyberdi. Molla aga hümürdedi:

— Haý, janawar, ýyly ýerden sowuk ýere çykanda ýylanyňky şeýle bolaýýar-da. Bu size degmändir, azar bermäň, usurgysyndan açylsa, öz ýoluna gider.

Baýram içini byjyklaýan sowaly bermän durup bilmedi:

— Ussa aga, hälki: “Jyk-jyky barmyka?” diýip soranyňyza düşünmedim-le?

Geçisiniň daga däl-de, şu ýaýla ýaýrany goja guýuçynyň owazyndan aňdyrdy:

— “Jyk-jyky” diýilýäni tomzaga meňzeş, guýruk tarapy inçeräk, özem ýylmanak gara möjek, görmedik bolsaň, inim. Adamçylykdyr-da, birden bolmasy iş bolaýsa, agzynda ýara bolmasa, ýylanyň çakan ýerini bäş-on ýola sorup, tüýkürip, soňam jyk-jykyň üç-dört sanysyny ýenjägede ýapyp, köpräjik çaý içiribermelidir. Näme, ata-babalarymyz lukmanyň sanjymyny ulanypmydyrlar?! Şolar ýaly usul bilen adamy halas eder ekenler.

Beýleden Ýazguly permäniň begenç gatyşykly sesi geldi:

— Bu iş-ä bir naharlyk bolaýdy gerek. Ussa aga, tüňçä çaý atybersinlermi?

Ussa aga telpegini geýdi:

— Penjäňi dolduryp atyber çaýyňy. Beýle är işini bitiren ýigitleriň hersine bir berre iýdirseňem arzaman durmaz.

…Ertesi Gün golboýy galyberende, guýudan çykarylan gowa doly suw Baýramyň gözüne çägeden tapylan tylla bolup göründi.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle