«Hatyjagöl» (taryhy hekaýa)
(«Hatyjagöl» haly göli hakynda taryhy hekaýa)
Joşly derýa egin diräp oturan beýik baýryň eteginde Soltanýaz begiň galasynyň aşak-ýokary taraplarynda sakçylyk çekýän dört sany nökerden başga bu jelegaýda adam-gara görnenokdy. Düýbi inli edilip tutulan bu galanyň günorta-gündogaryny alkymlap oturan Akdepe obasynyň ýokary ýüzündäki ene ýabyň kenarlarynyň erňegini gyrmalap akýan suwuň endigan şyggyldysyna goşulyşyp, oba itleriniň üýrüşýän sesleri diýäýmeseň, daş-töwerekde ünsi çekäýer ýaly başga üýtgeşik bir del goh-galmagal eşidilenokdy. Daş-töweregiň bu görnüşinden çen tutsaň, şu wagt dünýäniň bu imisalalygynda, göýä, ýurtda hem, halkyň ömürboýy isläp gelen ýagdaýy bolan parahatlyk bolaýjak ýalydy. Bir göräýmäge, bu şuňa-da meňzeýärdi. Emma…
Şindiki, oňa çalym edýän imisalalyk parahatlyk bolup, parahatlyk hem däldi-de, deňizde gopjak aýylganç tupanyň, giň sährada turjak bolýan güýçi harasadyň öňüsyrasynda kalplara gorky gaplap, dünýä dolýan syrly dymyşlykdy.
…Türkmen taýpalarynyň iň soňky uly göçünde Ärsarybabanyň uly ogly Eýnelgazydan örňän Lamma bilen Çarşaňňynyň hem-de ortanjy ogly Zeýnelgazydan köpelen Gara we Bekewüliň nesilleri Amyderýanyň ortaky akymy bolan çep kenaryndaky şu sebitleri orun-ojak tutunyp, ornaşypdylar. Erkinligi söýýän halkymyz yüzýyllyklaryň dowamynda öz topraklaryna eýemsireýän şalyk bolsun, emirlik ýa-da hanlyk bolsun, olara garşy durup, garaşsyzlygy ugrunda kän göreşipdiler.
Hatyja soltanyň hem göwresiniň çep tarapyndaky ýüregi, hem sag goly bolan Seýitnazar Seýdi hem ýigitleriň öň hatarynda watan goragyna çykypdy. Gaýduwsyz gerçek:
Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça dönmenem, begler!
— diýip, öz ýiti täsirli şygry bilen goşundaky ýigitleri gylawlandyryp, ruhlandyryp, at segredip barýardy.
* * *
Içi-daşy hellewläp oturan äpet tutlaryň ýaşyl diwary bilen gurşalan obanyň ortasynda Seýdi şahyryň arassa şykgy toýun palçykdan salnan giň howluly, ortarasy serhowuzly öýi Diwanabat — Kerki arabaýolundan barýan her bir ýolagça gündiz Günüň şöhlesine, gije Aýyň ýagtysyna atgaýtarym ýerden obanyň beýleki jaýlaryndan saýlanyp görünýärdi. Şatutlara basyrylyp oturan bu uly eýwanly öýüň gapysynda tal agaçlaryndan tagta ýasalyp, bejerilen tagty-rowan — tagta seki goýlupdy. Seýdi muny kyrk ýaşyna ýetip, ilerki sähra etekdäki mülk ýerine Saltyk arykdan suw çykarmak maksadynda suw bilen öz-özünden işläp duran bir jykyr gurduranda, yşk edip, şol agaç ussasyna ýasatdyrypdy. Bularyň giň howlularynyň aşak ýüzünden geçýän Saltyk arykdan kesek atym uzaklykda gurlan oba metjidi bardy.
Seýitnazar Seýdiniň atasy Habyp hoja öýlerine goňşy diýen ýaly golaýlykda bolan şol metjitde ymamlyk edip, jemagata şam namazyny okadyp gelşine, bir tarapy gapylarynda gögerip oturan şatuda direlip duran, ýerden dyz boýy belentlikde gurşalan agaç sekä çykdy. Ýörite özi üçin öňden taýýarlanyp, ýazylyp goýlan ýumşak düşekçä geçip, şatuda arka berip oturdy. Ýaňy namazdan çykyp, ymam Habyp hojany yzarlap diýen ýaly gelýän bir aýal maşgala hem bu tagta sekä golaýlap gelşine, birden saklandy. Oňa gözi düşen badyna Habyp hoja:
— Be-he, Aýsoltan, bi senmidiň? — diýdi.
— Geçiň sekiniň üstüne!
— Gidenlerden habar ber, Habyp! — diýip, Aýsoltan köýneginiň giň etegi bilen aýaklarynyň dabanyna deňiç örtüp gürledi.
— Sen Rebbiň takdyr edenini diňe bildirileni bilýän gulundan sorama. Biziňki ýagşy niýetde bolmak. Herniçik, indi uzaga çekmeseler gerek. Bu gün-erte oglanlardan habar düşse-de düşer.
— Şeýle bolgaý-da, ýagşy habar gelgeý-dä! — diýip, Aýsoltan mama iki elini goşawuçlap ýüzüne syldy. Habyp hoja hem oglanlykda medresedäki sapakdaşynyň ýagşy dilegine goşulyp: «Ämin!» diýip seslendi. Onýança Hatyja soltan öz baldyzy Orazbibi bilen towuk eti düşelip bişirilen käşirli palawdan hersi bir ýaýbaň tabagy tümmekläp göterip, alyp geldiler…
* * *
Ýassy namazyndan soňra Hatyja soltan baldyzy Orazbibini hem yzyna düşürip, «haly otaga» bardylar. Tüýnükden düşýän dolan Aýyň ýagtysyna golaýda ýüwürdilişine, ýaryna çenli dokalyp, alabahardaky gül-pürçük meýdana meňzäp, gyzyl-ala öwüsýän halysyna gözi düşende, birdenem kalby gozganyp, göwni hala höwrükdi. Täze halyda arzuwlarynyň wysalyny gören Hatyja ýeňil gopup, dokma mündi. Dokmanyň sag-çep — iki tarapynda ýanyp duran goşa çyralaryň ýagtysyna Hatyja soltanyň öňdenem haýbatly topbusy has hem uzan ýaly bolup göründi.
Çeýelik bilen çitimini dolduryp, darak urmaga oturdy. Ýeňňe-baldyz ikisi iki ýerden darak kakdylar.
* * *
Ýaşuly kellesini öňe-yza edip, uludan bir ýuwdundy-da, başky äheňini haýalladyp, sözüni dowam etdirdi:
— Aý, çagalar eli hünärsiz-ä däl. Kaýda bolsalaram, hor-zar, ýa birine ýük bolaslary-ha ýok.
— «Hünär — baýlyk» diýen eken Zamahşary diýlen alym bir çak. Hojaýyn guluny har etmez. Adam nirede, ne halda bolsa-da, rysk berýänem, goraýan hem Biribaryň bir özüdir! — diýip, Ýusup işan metjitde wagyz edýän şekilli gürledi.
— Howwa-la, oňa kimde şübhe bar! — diýibem, Saýyp bagşy ýene gürlemekçi bolanda, Hatyjanyň enesi Emine-de gürrüňe goşuldy.
— Aý, Hatyja janym üçin Beşirem ýat bir ýer däl-le. Ol çagaka, soň-soňlaram bir öýi daýylarynyňky boldy Hatyja janymyň…
Saýyp bagşy ýene dillendi:
— Adamlar, bu wagt zamananyň öwzaýy bozuk. Her ýerde, durna ýaly, hüşgär bolmak zerur bu wagt. Men ýolagçylaryň ýanyna kempirim Aýsoltan mamaňyz bilen elli-aýakly ýegenim Şirlinem goşaýyn.
Saýyp bagşy töweregine ýaltaklap, howlukmaç gürledi.
— Göçi daň ýagtylmanka ýola salyň, adamlar! Içde-daşda duşman-beýleki ýeterlikdir, ägä bolmak gerek, durna ýaly…
* * *
Derýany gyratlap ýaşjak bolup duran Günüň aşagynda örküji gabarylyp görünýän iner aýagynda baryny edip, loňkuldap, öňe omzap barýardy. Derýanyň ters akymyny syryp, gämigüzeri nazarlap, tirkeşip gelýän üç kişiden ses-seda çykmaýardy. Meýdan torgaýlarynyň «jibirdisi» kimdir biriniň gara çyny bilen janyýangynly jibrinmesi bolup eşidilýärdi. Telim düwünli owsaryň nogtasyndan tutup, üsti ýükli ineri idip barýan Hatyjanyň ýüzi solgun görünýärdi. Töwerekdäki guş-gumrularyň owazy hem ol üç adama hiç hili täsir etmeyärdi.
Obadan ara açyldygysaýy, Hatyjanyň ýüregine, birhili, düşnüksiz, nämälim, başy-aýagy belli bolmadyk syrly howsala aralaşyp başlady. Öz meýliniň tersine, nähilidir bir güýç Hatyja soltany birden sakga saklanmaga mejbur etdi. Hyýalynda nämeleriň bolup geçýändigine birbada onuň özi-de düşünip bilmedi. Emma gursagyndaky ýiti bir sanjyny ol kem-kem, dura-bara syzyp başlady. Ol göze yssy, göwne ýakyn bolan obasynyň ýaýbaň şahaly, gaba agaçly baglaryndan, guba giňişliklerinden dirilikde jyda düşmeginiň jan awusyny, ine, gel-gel, şu pursatda hanjar ýarasynyň ýitiligi bilen duýup galdy. Hatyjanyň Seýdiniň at segredip gezen, şygyr ýazyp oturan ýeri bolan goja şatuda tarap ýönelip, gös-göni derýanyň sowmasyna tarap ugranyny gören Aýsoltan mama muňa geňirgenmän durup bilmedi. Ol «ýalt» edip, yzky düýäniň üstünde oturan Orazbibä seretdi. Emma ondan-da öz aljyraňňy duýgusyna haraý tapmansoň, içinden pyşyrdap, doga okady-da, iki eli bilen öz ýakasyndan ýapyşyp, gözlerini gorkuly tegeledi:
— Alla janlarym, bu nä ahwalat boldy? Hatyja, sen ugruňy Pelwerde garşy däl-de, başga tarapa alyberdiň-le?! — diýdi. Hatyja soltan Seýdini soraglap, şatuda arkasyny diräp, gamgyn halda başyny aşak salyp, ýuwaşjadan hiňlenmäge durdy:
Eý, zamana, zamana,
Rehim et natuwana.
Bir dem ýardam görmesem,
Ahym ýeter asmana.
Men şuglaly şam şemi,
Yşkynda aşygana.
Hijran ody köňlümde,
Ýandy bu gün gümana.
Gaýgy-hasrat, gam üçin
Gelmeýsedim jahana…
Başymdaky täjimi,
Aldy, goýma:n amana.
Beşir, Mekan, Burdalyk,
Batdy gara dumana.
Döwrämde ýok medetkär,
Düşdüm otly pygana.
Köňlümde hasrat-gaýgy,
Ýalňyzlykdan nyşana.
Lamma, Gara, Bekewül —
ilden boldum bigana.
Başym alyp giderem,
Men bir telbe-diwana.
Hany, Aýjemal bagşy,
Hany, Jümbül jenana?!
Hany, Gülzar, Zargülüm,
Aklym galdy haýrana?!
Hany, şaýyr Intizar,
Düşerinmi hijrana?!
Hany, oglum — Enwerim,
Nirde ol akly dana?!
Rozybike Düldüli,
Şähri Banu — dürdäne.
Ýetsem ýakyn gardaşa,
Hoja Kytgy Kengana.
Hijran dagyny çekip,
Ýetsem Seýdi soltana.
Sakar, Saýat, Nerezim,
Göçsem Beşir, Mekana.
Golumda galam, depder,
Galmaz köňül armana.
Hatyja, görsem bu gün,
Il-günümi bostana,
Il-ýurdumy dostana!
Hatyja soltan ýokarsyna — asmana garady. Boz torgaý onuň dik depesinde pelpelläp perwaz urup durdy. Zenan ýüregi diňe daşyndan seredeniňde teselli tapana meňzeýärdi. Hakykatda, ol aglaýardy. Mert zenanlara mahsus bolan ýagdaýda — sessiz hem-de gözýaşsyz aglaýardy.
Tomaşa kyl, seýran et gülli bostana, Seýdi,
Näz birle azm eýleýip, bag-gülüstana, Seýdi.
… Pynhan wysala ýetmek magşuklar yradasy,
Jöwlan urup, janygan ýar sen merdana, Seýdi.
Aşygyňa rehm eýle, etme sen jebir-sütem,
Ýanyp duran şem — menem, sen bir — perwana, Seýdi.
Giriftary — nikahy, çeşmi — mahmur, farzana,
Bawar birle bäri gel, kylma efsana, Seýdi.
Görse, ol ruýy mahyň ger Züleýha bir zaman,
Eýlemez bir dem nazar Ýusup-Kengana, Seýdi.
Çünki Allah eýledi fikri-oýun köňlümden,
Gözüm ýaşy deň geler, Bahry-ummana, Seýdi.
Hany, meniň gamhorym, ömürlik arkadagym,
Gel, gowuş sen peýweste Hatyja hana, Seýdi.
Hatyja soltan sessiz goşgy okaýarka, gursagyny ýarara getirýän ýüreginiň gürsüldisi bilen «Gözüm ýaşy deň geler, Bahry-ummana, Seýdi» diýen armanly sözleri derýa tolkunlaryna düşüp, güňleç ýaňlanyp gitdi…
* * *
Hatyja dagy säheriň ümüş-tamyşlygynda Pelwert gämi geçelgesine ýetdiler. Geçelgäniň üsti bilen derýadan geçdiler. Bularyň bar aladasy, elbetde, öz janlaryny hem-de mallaryny güýçli towlanyp akýan däli derýanyň aýylganç girdabyna lukma etmän, derýadan sag-aman geçirmekdi.
Yňdarylyp akýan mes suwly derýa misli ýaraly aç aždarha ýaly çyrpynýardy. Derýanyň girdaby aýylganç-aýylganç seslenýärdi. Yzly-yzyna gelýän tolkunlar kükregini kert kenara jalkyldadyp urup, çym-pytrak bolup gidýärdi.
Derýadan geçilenden soň Şirliniň göwrümi giňän ýaly boldy. Ol «Çuw! Çuw!» diýip, Melejesini gyssap başlady. Hezreti Bilal babanyň deňine ýetilende, Aýsoltan mama daşyndan gepläp:
— Daň-säher — mynajat çagy. Belki, täleý seni Beşirde ýagşy güne ýar etsin — diýip, Hatyja göwünlik berdi.
Hatyja soltan ýüzüni asmana öwrüp:
— Nesip işi — diýip pyşyrdady.
Obanyň ýeňsesinde derýa tarapdan howalanyp görünýän göm-gök gara tallaryň tyllaýy ýapraklary Hatyja soltanyň kalbynda, bolsa-da, biraz köşeşdiriji duýgulary, süýjümtik arzuwlary oýardy.
Hatyja soltan iki düýelik, bir at we bir-de eşekli hem dört kişilik kiçi kerweniň öňüni çekip, daýysy Mürze Mir hoja Kytgynyň öýüne golaýlanda, ir örlän çagalaryň:
— Buşluk! Hatyja soltan geldi! — diýen sesleri ümsümligi böwsüp, golaýdaky metjitde ýaňlanan daň namazynyň azan sesine goşulyşyp gitdi…
Goňşy-golamlar ylgaşyp öýden çykdylar.
Uzynly gün obanyň gürrüňi Hatyja soltanyň Beşire gelenligi hakda boldy.
Gün guşluga galyp-galmanka obanyň gyz-gelindir oglan-uşak bary Mürze Mir hoja Kytgynyň öýüne — Hatyja soltan bilen görme-görşe geldiler. Gyzlar Hatyjanyň öňüne geçişip, jagyl-da-jugul boldular. Gyz-gelinleriň arasynda Hatyjanyň ýaşlykda Beşirde geçiren şol gyzykly we gyzgalaňly günlerine şärik bolanlaryndan hem bardy.
Onýança dört-bäş ýaşulynyň öňüni çekip Hatyjanyň daýysy Mürze Mir hoja Kytgy peýda boldy. Ol gelip, gülli ak keçeleriň üstünde öwrüm berip oturan ýaşulular bilen içgin görüşdi. Onuň su:r silkme telpegi garaýagyz ýüzüne, mele donuň üstünden egne alan düýe ýüň çäkmeni gabsa ýaly uzyn boýuna gelşip durdy. Ol çäkmeniniň aşagyndan donuň synlaryny aşak çekip:
— Geldiňizmi, Hatyja, sag aman! Hoş geldiňiz! Ilerki illerem, garyndaşlar-da gurgunmy? — diýip, ýeňil ýylgyrdy. Onuň sözlerinde içki duýgusy, içki dünýäsi, mähribanlygy mese-mälim duýlup durdy. Oba adamlarynyň hemmesi-de Hatyja hem-de ýoldaşlary bilen görşenden soň, onuň daýysyna:
— Hatyja soltanymyz gelipdir, gözüňiz aýdyň, Mürze aga! — diýip ýüzlenýärdi.
O-da:
— Alla ýalkasyn, geleweriň-de-geçeweriň! — diýýärdi.
Şol gün Mürze Mir hoja Kytgy semiz öküzçesini ýykdy. Beşir obasynda bela-beteriň sag-aman sowulmagyny Alladan diläp, gazanlar atarylyp, jöwen ýarmasyndan bişirilen tagamly milli nahardan «ýarmasadaka» berdiler. Ogulsapar mama:
— Beşiriň begenen güni etli jöwen ýarmasyndan çagajyklaryň garny bir ýazylsyn-da, jan Alla! — diýip, damarlary bildirişip duran elleri bilen ýygyrt atan ýüzüni sypady. Çagalar jöwen unundan edilen zagara tötegini paýlap, öýme-öý aýlandylar.
Beşir obasynyň adamlary şol gün gijäniň bir wagtyna çenli oba, ýurt ýagdaýlary dogrusynda söhbet edişip oturdylar.
* * *
Hatyja soltanly kerweniň Beşire gelenine üç gün bolanda, daýysy Mürze Mir hoja Kytgy olaryň ýanyna goragçy hökmünde ortanjy ogluny hem goşup, Şirli bilen Aýsoltan mamany ilerik ugradyp geldi. Şondan soňra Beşir iliniň öňüne düşüp ýören, agyzly aýallary Hatyjanyň daşyna geçdiler. Ogulsapar mama:
— Ata-babalarymyzyň «Suw küýzesi suwda synar» diýen bir sözi bar. Sahypjemal gelin Hatyja soltanymyzyň hem abyny-tabyny kemsiz ele alan halyçylyk senedine-de näjüre ezberdigine hemmämiz belet. Ol heňňamlar aşyp gelen zynatly meşhur Beşir halylarynyň nusgasyny ýaýmakda, olary kämilleşdirmekde yhlasyny görkezibersin. Obamyzyň dessuryna görä, halyçy gyzlaryň hallaryndan habardar bolup, olara halypalyk edibersin. Onuň hünärinden haýyrlansynlar. Hany, näden nä bolynça. Onsoňam, bikärligiň ýüzüne köz degsin. Adamy ýykýan zat iş däl, işsizlikdir. Galanyny Hudaý oňarsyn — diýip, meseläni açyp goýberdi.
— «Galany-gaçany» diýip, gudraty-mülki bölüp-büçjek bolmaň, bütin barlygyň öňi-soňy Biribaryň ygtyýaryndadyr-la — diýip, Rozygül rawy hem gepe goşuldy.
— Mundan ozalky aýdanyňyz nälaýyk däl. Hatyja soltanyň gapdalynda baldyzynyň bolmagam bir taň zat. Kömekçilli bolup, oturan jaýynda eli uzadan ýerine ýeter durar — diýdi. Soňra hem:
— Hatyja ylymdar ýeriň maşgalasy. Ol gerçek Seýitnazar Seýdi, molla Gaýybynyň ogly Molla Myrat, Banu hanym Hijrany, Zargül… dagy bilen Lammanyň şyh Zübeýdiň medresesinde bile okap, sapakdaş bolup ylym aldy. Kitapda: «Heý-de, ylymly bilen ylymsyz deň bolarmy?!» diýlen ýeri-de bardyr. Aramyzda ylymdar adam bolup, perzentlerimiziň öňüne düşse, bize Allahyň berdigi dälmi, eýse, adamlar! Galyň bende bu işi çözmek üçin ara ýurt salyp gidýär. Biziň bolsa, ideglimiz üstümize geldi — diýip, Rozygül rawy aýtdy. Aýjemal bagşy bolsa:
— Hatyja soltan edep-ekram hakdaky söhbetlere gaty ir höwrükdi, dessanlara, nusgawy şahyrlaryň goşgularyna ir maýyl boldy. Hatyja soltan obamyzyň ýaş nesline ylym-sowat hem öwretsin — diýende, Ogulsapar mama gapdaldan çykyp:
— Ylym meseläňizi özüňiz çözüň! Ýöne: «Bu kempiriň-ä halys garrap, barja akylam çaşypdyr» diýmeseňiz. Men-ä nadan janyma bir gepem aýdyp galaýyn, adamlar. Inelikin, erte-birigün ol batyr şahyr gelägede, Mürze Mir hoja Kytgynyň öýüniň bosagasyna Gyratyny ýanap: «Mün, Hatyja hanym, dal bedewiň syrtyna!» diýäýse, özüm-ä, dogrusy, halap durmaryn. Gelinalyjyda edilişi kysmy, muşt ýaly kesegi atyb-a galaryn yzyndan, bolsa, bolubersin batyr serkerde Seýdi han — diýip, gara çyny bilen aýtdy.
Rozygül rawy ajyny-süýjini görüp, berkeşen, iliň ýagşysyna-ýamanyna ýarap ýören bir süýji dilli, şähdaçyk aýaldy. Onuň il içinde rawy — hekaýatçy bolup, köpçülige ýarap ýörşi nämä degmeýärdi. Rozygül rawy Hatyja soltan, Rozybike Düldüli, Nowtäç, Aýjemal bagşy… dagy bilen Lebap boýlarynda tutulýan ululy-kiçili toý-tomaşalara bile gatnaşyp, özara gazal, kyssa, aýdym… aýdyşyp, her bir diňleýjiniň kalbyny heýjana getirip, süňňüne ýeňillik guýup, göwün guşuna ganat bekledip bilipdiler.
Ol Hatyjanyň golaýragyna süýşdi-de:
— Öz aýagyň bilen gelipsiň, janym. Obamyzda dokma senediniň garamatyny merdi-merdanalyk bilen çekersiň diýip, saňa bil baglamakçydyrys. Muny seniň oňarjagyňa söz ýok. Hany, seniň özüňem aýt, biziň bu teklibimize näme diýer sen?! — diýip, Hatyja soltana soragly bakdy.
Elgaraz, üýşmeleňde Hatyja soltanyň baldyzy Orazbibi bilen daýzasy Mürze Mir hoja Kytgynyň aýaly Aksoltan daýzadan gaýry Hatyja edilen teklibi oňlap, geplemedik galmady. Aýal-gyzlar, «gürlemediler» diýip, bu ikisinden bolsa, aýyp-syn edibem durmadylar. Çünki Orazbibi-hä ol — gaýry bir ýeriň ulugyzy halyna, Beşiriň meselesine goşulyp bilmez. Dymmalykda ile belli Aksoltan daýza bolsa, mundan ozal goşulypmyşmy iliň geňeşine bu gün orta çykar ýaly. Şondan ötri, galjaň äri Mürze Mir hoja Kytgy tarapyndan biçäräniň ne gözel Aksoltan ady Täksoltan diýlip tutulmagynda-da bu aýalyň dymma bolşuna kakdyrma bar diýýänler-de ýogam däldi oba içinde.
* * *
Bişiren datly unaşyndan goňşokara alyp gelen Ogulsapar mama hasasyny tamyň pagsa diwaryna söýedi-de, öýüň içinde öz işlerine gümra bolup oturan Hatyjanyň gapdalynda çökdi. Hatyjanyň aladasynyň ýetikligini onuň ýüz-gözündenem bilibermelidi.
— Aýuw, Hatyja, amanlykmy, gurgunlykmy? Nämelere güýmenen bolýaň?!
Hatyja:
— Geliň, Ogulsapar mama, düşege geçiň — diýip, mürähet etdi. Soňam ol galyň düşekçäniň öňüne düýe ýüň saçagy ýazyp, içi saryýagly gaby hem goýdy. Ikisi şahy düşekçede oturyp, noýbaly unaşyň daşyna geçdiler, çaý içdiler. Çaýyň ýelginine gürrüň gyzyşyp gitdi.
Ýaşlarynda tapawut bardygyna garamazdan, Hatyjanyň iki eli işli, sadaguraw bu ene bilen gatnaşygy örän gowudy. Dogrusy, Hatyja — bir baksaň, hiç zadyň alnyndan bolmadyk sada ýaly görünýän, bir seretseňem, aýal-gyzlaryň iş-hünärleri babatda halypa çykan, gep-sözi ýerbe-ýer bolan bu aýalyň tebigatyna düşünjek bolýardy. Ogulsapar mamanyň hortap göwresi daşdan gartaň ýaly görünse-de, süňňi sagdyndy, oturyp-turşy dogumlydy. Özi takwa aýaldy. Ogulsapar mama gyz-gelinleri daşyna üýşürip, köplenç haly işi barada gürrüň ederdi. Ol: «Haly, keşde diýen ýaly işlere «inçe iş» diýilýär. Iňňäni ýeke ýerde ýalňyş sançsaň, birje çitimi nädogry çitseň, keşde bozular, nagyş ýoýular. Şonuň üçinem, senediňize gaty yhlasly ýapyşyň. Zehiniňize yhlasyňyz goşulmasa: «Men, däninim, pylan-pismidan iş etjek» diýşen bolşup, ilem, öz-özüňizem aldap ýörmäň! Ýöne ýaňky ikisi birigäýse welin, eden işiňiz ony görenleriň gözlerini gamaşdyrar» diýip, sargyt ederdi. Häliden bäri haly barada gürrüň gozgajak bolup oturan Hatyja elýeterindäki haly çuwaldan ýumaklary aldy-da:
— Ogulsapar mama, şu gün dokma ýüwürdişmäge eliňiz degermikä? Aýjemal hem: «Bararyn-a» diýipdir. Şu alada bilen haçan dokalyp, haçan kesiljeginem-ä bilemok welin — diýdi.
Biraz dymyşlykdan soň Ogulsapar mama Hatyjanyň ýüzüne mähir bilen seretdi-de:
— Tüweleme, tüweleme, Hatyja! Haly ýüwürtseň, gowy edýärsiň. Men saňa ony bek ýüwürdişerin. Seniň dokan nusgalyk halylaryň derýanyň iki ýakasynda-da taryp edilip ýör. Mülk eýesi her bendesine bir ýol goýandyr, gaty gaýgy-alada hem galyp ýörmezler. Her ýerde bolanda-da, gul başy goragsyz däldir. Hawa, dokma diýeniňem ýeňil iş-ä däldir welin, emma başyna barsaň, bir gün biter durubiýr. Aýdyşyp-diýişdig-ä bulary baýaky üýşmeleňde. Halka halypalyk etjek bolsaň, özümizem, obanyň gyzlary bilen kömegimizi gaýgyrmarys bu işde. Bir zady bolar, enşalla, hemmesiniň — diýdi.
«Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy?!» diýleni çypba-çyn-ow, Ogulsapar mamanyň açyk göwünden, mährem ýürekden aýdýan ýalan ýa-da hile goşundysyz sözlerini eşidende, Hatyjanyň göwün guşy şatlyk äleminde ganat kakmaga başlady. Ýüregi ersdi. Ol:
— Wah, sizden müňde bir razydyrys — diýip, özüniň bu mährem ene babatda kalbynda gizläp-ýaşyryp bilmedik duýgusyny daşyna çykardy.
Ogulsapar mama Hatyjanyň ýumaklaryny eline aldy.
— Adamyň derdini egisýän närse ýene iş, güýmenjedir. Inelekin, dokmanyň üstüne bir münersiň welin, ähli dert-aladaň ýeňlär gider. Türkmen zenanlarynyň ata çykdygydyr, dokma mündügi. Hany, — Ogulsapar mama: «seniň Seýdiň» diýjek boldy-da, ýüzugra «ýalňyşyny» düzedip goýberdi, — biziň şahyrymyz aýdanýokmy näme: «Seni münen hassa bolsa, sag olur» diýip, goşgusynda bedew barada!
Hatyjanyň heňňamdan umydygär gözleri arzuw, tama bilen ýyldyrady. Goňşusynyň göwnüni, azajyk hem bolsa, galkyndyryp bilenine Ogulsapar mama hem begendi. Esli salym oturandan soň Ogulsapar mama haly horjunyň gözündäki kagyzlary görüp:
— Bä, bu kagyzlaryň kändigini! Bulardaky ýazgylar näme baradaka? — diýip, ol gyzyklandy.
— Bu kagyzlara, mamam jan, men göwün arzuwlarymy geçirýärin. Şu kagyzlar, şu dessan Seýdi hakda — diýip, Hatyja oňa ýylgyryp jogap berdi.
— «Seýdi hakda» diýdiňmi? Bä, syr bolmasa, bizem diňläp bilermikäk ony? — diýip, Ogulsapar mama, bir ömre etmedik işini edip, goşgy-gazallar bilen hem gyzygyp sorady. Hatyja ýüzüni gürrüňdeşine tarap öwürdi:
— Syr kemi-hä ýokdur, mamam janym. Ýöne siz olary, enşalla, diňlärsiňizem, okarsyňyzam. Belkem, basym olar ýüwürtmekçi bolýan şu halymyzyň emer-damaryna ornar — diýende, Hatyjanyň gözlerinde, adatdaky bolşy ýaly, umyt uçgunlary ýyldyraşyp gitdiler.
* * *
…Hatyja soltan özüniň çeper golunyň, ýiti pikiriniň, agyr zähmetiniň döreden dokmasynyň üstünde eňegini iki dyzyna diräp oturyşyna, köp külpetli, az lezzetli ykbaly hakda çuň oýlanýardy. Pikirinde Seýdi bilen sorag-jogap alyşdy. Birdenkä onuň gamgyn, ýadaw, ýöne juda gelşikli, owadan gözleri sag egindäki diwara söýelip goýlan içi gat-gat kagyzly çaklaňja, ýöne nepis dokalan haly horjunda eglendi. Ol horjuny eline alyp, ony bagryna basdy. Uzak wagtdan bäri ellenmedik haly horjun Hatyjanyň giň, gyzgyn gujagynda owazlanyp ugrady. Haly horjundaky golýazmalar, olardaky duýgur zenan kalbyndan zarynlap çykan nepis setirler «Aýralyk mukamyny» endiredýärdiler…
Arz-şikaýat eýlärem, bagtymdan bolup heýran,
Hassa jana ot saldy, ýandyrdy meni hijran.
Dilşat bolup wysalda çekdim hasrat her daýym,
Şeme ýanan perwana, — boldum haly perişan.
Ýary ýar, dosty dostdan aýran pelege nälet!
Näumyt galdym munda, hany, sapaly döwran?!
… Ýar yşkynda intizar, janym ýanar — ahy-zar,
Züleýha men hijranda, başym Ýusupga gurban.
Men binowa, çäräm ýok, Seýdi ýardan aýryldym,
Biz biçäre mazluma Habyp eýlesin Perman!
Bagrym başy ýaradyr, aýralykda göz dikip,
Hany, körpe pudagym, Enwer janymga derman?!
Ol saýýad jepasyndan, ähti-ýar wepasyndan,
Gül jemalym sargaryp, elip katdym lam-Keman,
Aman, aman, eý, aman!
Eý, pelek, şirin janym salma indi hijrana,
Hatyja diýr, aýyrdyň ýarymdan, zalym, aman!
Aman, aman, eý, aman!
Hatyjanyň kalbynda köwsarlaýan bu ahy-zaryny tutuş älem, şol sanda, bu taýdan atgaýtarym ýerden güwläp akýan derýa-da diňleýärdi. Ol owazdaky ýalňyzlyk, söýgä teşnelik, umyt duýgulary derýany hem elendirip, joşdurýan ýalydy. Derýa Hatyja syrdas bakýardy. Bolmanda, oňa düşünýärdi, emma şonça güýç-kuwwaty bilenem edibiljek çäresi ýokdy. Töwerekdäki gaba-gaba toraňňylar, uzyn-uzyn tallar Hatyjanyň zaryn owazyna çydam edip bilmän, iki ýana baş ýaýkaýardylar, gözýas ornuna ýapraklaryny derýa dökýärdiler. Olar, bolmanda, oňa düşünýärdiler. Emma Asman-Zemini birikdirip oturyşlaryna-da, edibiljek çäreleri ýokdy.
Içini dünýä döküp otyrka, gözünden syrygyp gaýdan bir damja ýaşy Hatyja süpürjegem bolmady. «Ah! Ýandy-la ýüregim» diýip, ýalňyzlykda ýene-de ýaryny ýatlady: «Ah, Seýdi! Men başymda — gowga, kalbymda — dert, janymda — agyry, zarymda — nala bilen saňa garaşýaryn» diýip, öz göwresi bilen iki ýana yranyp otyrdy.
Gyzyl ýüzüň sargardyp, haly — perişan ruhsarym,
Bedew atyn segredip, gylyç urşan ruhsarym.
Gör, ne ajap görüner, tomaşa kyl oýnuna,
Rüstem Zal dek mertdir ki goçagym — wepadarym.
Bugra kibi ters dönüp dyzar duşman üstüne,
Dyzlap, döşläp, gerdenläp, seňseleder gandarym.
Ata Watan jem bolup, ýansa şuglasyn saçyp,
Urar özün perwana oda watanperwerim.
Duşmana aýak sekdirmez, bu mukaddes topraga.
Galkan tutup, gylyçlar, batyrym — bahadyrym.
Soltanlardan güýç tapyp, bähre alyp illerden,
Buharaýy rakyby, gör, uşadar serdarym.
Destinde şamkir gylyç, ol ki ýalawdan ýiti,
Algyr, awun sypdyrmaz albaý guşum — şuňkarym.
Ýatlap aşrat-wysalyň, hijran gaýgy-gam çekip,
Hatyja Soltan ýyglap, galdy munda bisýarym.
Ol gamly kalbyny mazaly gowzatdy-da, elindäki golýazma diwanyny öňünde goýdy. Birden onuň duýgular dünýäsini birwagtdan bäri lerzana getirip, dömüp çykabilmän, basyrylgy ýatan bir täsin syr göwnüne aýan bolan ýaly bolup gitdi. Garaňky zyndan içre ýagty dünýä yş görnene meňzedi. Egnini çökerip gelen agyr ýük ýeňläne döndi. Ýyllaryň aňyrsynda galyp, bireýýäm unudylan şatlyk gaýtadan gözlerinde uçganaklap başlady. Kalby takat tapan ýaly bolup, ýüreginiň gürsüldisi güýçlendi. Hyýalda öňünde ýar goly bilen täsin edilip baglanan, hiç haçan güli solmajak, ýapragy süllermejek bir desse gül çemen peýda boldy. Haýal etmezden, ýady bilen hyýalyna gonan şol täsin çemendäki gülleriň göz çaky bilen suratyny aldy-da, olary özüniň gyradan agan halysyna üýtgeşik yhlas bilen çitip başlady. Endigine görä, çep eli bilen dokmany basyp, argajyny geçirdi. Dartgysyny berk çekdi-de, darak urmaga oturdy. Onuň hereketi mukama sapdy. Täsin owaza goşulan elleriniň hereketi bilen nusga döredip barýan Hatyjanyň hyýal-arzuwlarynyň nikasy baglaşyp, halynyň gül pürçük meýdanyna ýaýrap barýardy. Ol hasratly dünýäni unudyp, umyt-arzuwlardan, wysaldan, gözellikden… doly täze bir dünýä döredip gidip barşyna, uzynly gün halynyň üstünden düşmän darak kakdy. Yzyna gaňrylyp, özüniň ortadan agyp barýan dokmasynyň çitimlerini, täze döreden gölüni gana-gana içgin synlady. Ruhy telwaslanyp başlady. Gara gözlerinde mähir, duýgularyna gyzgynlyk çaýyldy. Tutuş emer-damaryna, süňňi-süýegine egsilmejek täze bir güýç gelen ýaly boldy.
* * *
Giňiş otagda ýüwürdilen halynyň üstünde alny egmeli, arassa kümüşden ýasalan ýaly, ak, nepis goşarlary gyzyldan goşa bilezikli, inçe bili bir garyş çemesi inlilikde düýe ýüňünden dokalan mele guşak bilen bek guşalan Hatyja işleýärdi. Ol çalasynlyk bilen sülük barmaklary ýüň ýüplükli çeper ellerini saz gurallarynyň tarlary kysmy dartylyp çekilen her iki erşiň daşyndan dolap alyp, her gezekde ýiti keseri bilen ýüplügini ujundan tüýdümläp, darak kakýardy. Barmaklar ol erişden bu erşe çalasyn hereket edýärdi. Sag-çepde ýanyp duran goşa çyralaryň ýalkymyna onuň maňlaýyndaky egmesiniň, ellerindäki bilezikleriň lowurdysy öýüň içine melewşe symgylt reňk çaýýardy. Daragynyň sesi gapdalyndaky, her çitimde özünden yza galmajak bolup, çus hereket edýän gelin-gyzlaryň kakýan daraklarynyň sesinden saýlanyp, Ogulsapar mamanyň aýdyşy ýaly, hakykatdan-da, takyr ýoldan çapyp barýan at toýnaklarynyň sazlaşykly seslerini biygtyýar ýada salyp, al-asmana göterilýärdi… Biri-birinden gözel, erjel bu dokmaçy gelin-gyzlaryň «at çapuwlarynyň» toýnak dükürdileri bassyr kyrk gije-gündizläp dowam etdi…
* * *
Hatyja dokalyp, bitip barýan halysynyň täze göllerini synlap, taýly gezek ýuwdundy, pessaý ardynjyrap, bokurdagyny arçady, ahyrynda-da, dodaklaryny çalaja gymyldatdy. Ol öz-özüne: «Goý, meniň köňlümde beslän bagt hakyndaky soňlanmajak arzuwlarym şu täze göllerimde ebedi orun tapsyn. Ony görenler meniň ömür yhlasymyň güýjüne göz ýetirsinler, oňa düşünsinler, munuň bilen ruhlansynlar. Goý, bu köpöwüşginli halynyň roýuna gözi düşen her bir ynsanyň kalbynda ýaşaýşa, durmuşa bolan söýgüsi, umydy terlenip dursun. Meniň bu täze tapan göllerimi illerim «söýginiň we hasratyň nagşy» diýip atlandyrsynlar» diýip, içini gepletdi. Ol haly bilen onuň öz dilinde gepleşdi. Bular bir-birleri bilen düşünişdiler. Hyýalynda Seýdi bilen bu halynyň üstünde ganatlanyp uçdy. Olar ýaýylyp ýatan Gyzylgum çölüniň, Garagum sährasynyň, köne-täze galalaryň köşki-şäherleriň, obalaryň üsti bilen älem içre ganat gerdiler.
Ol elindäki keserini goýdy-da, ýap-ýaňy gutardym eden gölünden howpurgap, yza tesdi. Içinden öz-özi bilen gepleşip:
«Gujagymda götermesem-de, bir ömür kalbymda göteren perzendim dünýä indi. Seýdi soltan ikimiziň döwranymyzyň haklygy hakyna. Buşluk, Hatyja soltanym!» diýende, onuň ala gözlerinden bir-iki damja gözýaş çekgesiniň üstaşyr togalanyp gitdi.
Arzuw-hyýallaryň çuňlugyna çümüp, depesinde gaýyp ýören Hatyja garaşylmadyk ýerden «Salamälik! Işiňiz ileri!» diýen sese özüne geldi. Gölden gözlerini aýryp bilmän oturan Hatyja göwünli-göwünsiz halda gapa tarap öwrüldi. Gapynyň eňsisini syryp, Rozygül rawynyň gelendigini gördi. Soňra Hatyja soltan gapyda duran Rozygül rawa garap, ýaňky içinden aýdan zatlaryny daşyndan hem gaýtalajak boldy. Emma Rozygül rawy onuň özünden öňürdip gepledi:
— Buşluk, Hatyja soltanym!
Hatyja hem özünden biygtyýar «Buşluk!» diýip, täsin owaz bilen pyşyrdady. Rozygül rawy halynyň täsin täze gölüni haýran galyjylyk bilen synlap durşuna:
— Könekiler: «Gudrat görseň — daglara bar» diýen ekenler. Seniň bu eseriň bilen şol gudratly daglaryň gapdalyna täze bir gudrat goşupsyň, Hatyja! Gudrat — gudratdan döreýär. Bu göl — ylahy gudrat. Bu, belki, seniň ykbalyň garşysyna goýan uly yhlasyň, wepadarlygyň haky üçin berlen tölegdir, ýadygärlik peşgeşdir — diýdi.
Hatyja soltanyň döreden bu täsin hem hikmetli haly göli soňra ol obadan bu oba ýaýrap, tutuş türkmen iline doldy. Halkymyz muny «Hatyjagöl» diýip atlandyrdy.
«Hatyjagöl!».
Ýüreklerinde yşky, arzuwlarynyň wysalyna umydy bolanlar bu täsin gö:le düşündiler. Ony nepislik bilen halylaryna hem-de ýüreklerine çitdiler. Şeýlelikde, üstüne Gün dogýan närsäniň hiç bir zat bilen hatda, deňäp bolmajak milli haly sungatymyz «Hatyjagöl» haly göli bilen ýene bir gül bezeldi, beýgeldi…