Nägile (Oýlanma)

Nägile (Oýlanma)

Aýdaly tomus pasly gidip dur, howa diýseň gyzgyn, dem alar ýaly däl. Birden howa üýtgeýär we ýagyş ýagyp başlaýar, azajygam bolsa howa salkynlaşýar. Elbetde tomsuň güni beýle hadysa, tüýs Hudaýdan gelen sowgat. Ondan başga düýbünden ters hadysany mysal alyp göreliň. Gyşyň güni, howa diýseň sowuk, şeýle günleriň birinde birden howa maýlaýar we edil ýazyň güni ýaly bolýar. Bu hem Beýik Ýaradyjydan gelen sowgat. Ýöne şeýle howaň sowgatlygyna garamazdan, käbir adamlara howaň üýtgemegi diýseň agyr düşýär. Esasanda aýal maşgalalar «dawlenýa» diýen keselden kösenýärler. Mysal üçin şu gün, howa diýseň salkyn boldy, daşaryk çyksaň göwnüň galkynýar, gezelenç edesiň gelýär, yzly yzyna gelen gyzgyn günlerden soň şeýle salkyn gün diýseň göwnüne batýar. Ýöne meň aýalym başyny galdyryp bilmän ýatyr. Gyzym bolsa ondan soraýar, eje, näme üçin howan şeýle gowy bolmagy saňa agyr düşýär? Näme üçin biziň ählimiz begenýäş, sen bolsa ýaraman ýatyrsyň? Gyzymyň soragyny eşidip meň kellämde öz özünden bir pikir peýda boldy. Näme üçin Allahyň ähli adamlar üçin eden ýeňilligi, käbir adamlar üçin agyr kesel bolup täsir edýär? Jogap ýönekeý, Hudaýdan baky nägile adamlar hemişe şeýle kesele sezewar bolýarlar. Mysal üçin aýdaly Hudaý saňa jaý berdi, maşyn berdi, çaga berdi, iş berdi, ene ata berdi, saňa bolsa himeşe az, sen hemişe nägile, Hudaý saňa näçe bersede sen diňe nägilelik bilen jogap berýän. Onsoň Hudaý saňa zat bermesini bes edýär, sebäbi sen barybir ähli zatdan nägile. Ýöne Hudaý beresi gelmese hatda salkyn howany hem bermän bilýär. Ähli kişi salkyn howadan lezzet alýar, sen bolsa ýassykdan başyňy galdyryp bilmän derman baryny ýuwudyp ýatyrsyň. Hudaý bermejek bolsa şeýle edýär.

Rahman Zulfikarow

 

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle