Gapançy (hekaýa)

Gapançy (hekaýa)

Özüniň altmyş ýaşa basalyk ömründe ýeke gezek aw awlamadyk hem bolsa, Mürçe obasynyň adamlary onuň adyny Gylyç mergen diýip tutýardylar. Ol awuny diňe gapan gurup, girisine salýardy. Gylyç mergeniň sakgal-murtunyň garasyndan agy köp bolsa-da, «dogumyndan don geýýän» diýilýänlerdendi, hereketi galdawdy.

Güýzüň ortaky aýy paýawlap, mizan ornuny akraba beripdi. Säher bilen bir adam Gylyç mergeniň gaşynda gögerdi. Taňry salamyny alşaryna mähetdel, öý eýesi myhmanynyň taryna kakdy:

— Mälik çopan, beýle irläpsiň welin, eýgilikdir-dä, hernä?

— Gelşimi ir görýäňmi? Daň ataryna howlugyp, uzak gijäni çirim etmän geçirdim. Ýagdaý şu gidişine dowam etjek bolsa, bir aýa ýeter-ýetmez wagtyň içinde gumdan egri taýagymy süýräp gaýdybermeli boljak.

— Niçik bela-betere uçradyň, asmany aşak gaçyrjak bolup dursuň?

— Bir aznawur möjek başymdan apat bolup indi, günde-günaşa sürime talaň salýar.

— Päheý-de welin, häliden şeýt-de gönüle-dä.

— Wah, agam jan, meň ýüregim agzymdan çyksam diýýär. Özüm şu ýerde bolsam-da, küýüm sazakly oýda, dowarlarymy alada edýän.

Iki sany ýüňi ýeten çolugyň bar, itleriňem garadangaýtmaz diýip eşidýän. Özüňem-ä, tüweleme, kyrkyň onuny tegeläp ýörsüň, şeýle haldakaňyz hem bir möjegiň hötdesinden gelip bilmeýşiňize haýran.

— Onuň ady möjek, jan agam, özüniň nämedigini Hudaý bilsin. «Gorkana goşa görnerini» edemok, gabarasy iki ýaşar öküziňkiden gala bolmasa, pes däl, hemmämiziň gözümize çöp atyp, işini bitirýär o peläket.

Gylyç mergen birsellem içini hümledip oturandan soň:

— Be, şeý diýdiň-ow — diýdi. — Ol azan möjekmikä?

— Azan möjek bolanda nähili bolýar?

— Şoňa sataşmanyňa şükür et. Azan möjekler adamdan, otdan gorkup durmaýarlar. Gyssanan ýagdaýlarynda adama-da topulýarlar. Itlerden hem eýmenmän, gündiz adamlaryň gözleriniň alnynda kaşarlaryň, guýularyň ýanyna gelip ýatýan halatlary-da bolýar. Häzirki seni azara goýýan möjek olardan bolmaly däl. Gürrüňiňden çen tutup aýtsam, ol akyly ýerinde, üstüne abanýan howpy ýagşy saýgarýan, ýörejek ýoluny bilýän, hilegär möjek bolmaly. Goý, şeýle bolubersin. Biz ony öz emeline çolaşdyrarys.

Mälik çopan gobsunjyrady:

— Şeýt-de, agam jan, göwnümi götereweri.

— Araňyzda bir düşünişmezlik bolmaly. Nämede mäşiňiz bişişmedi beýle?

— Kim bilen?

— Ýaňky gürrüňini edýän möjegiň bilen. Hakyky möjekler o hili aýgyda aňsat-aňsat baş goşmaýarlar.

— Barysy özümden boldy-laý — diýip, Mälik çopan hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. — Goşumyzdan iki kilometre golaý daşlykda, aýlaň-çaýlaň edip ýörkäm, tötänlikde möjek süreniniň üstünden bardym. Iki sany möjek çagasy basalaşyp, oýnaşyp ýören eken. Bir gapdalda ene möjek garysyny ýassanyp ýatyrdy. Ol meni görenden, tarsa dört aýagynyň üstüne galdy, maňa bakyp, gaharly hyňrandy. Ýanymda goşa nil tüpeňim bardy. Içimden: «Bi, iki güjük basym ulalar. Onsoň olar dört bolýarlar. Onça howpuň öňünde nädip durarsyň? Şumatdan bulary ýoklamasam, soň giç bolar» diýip pikir etdim. Haýal etmänem niýetimi amal etdim.

Ertesi sürini tükelläp görsem, bir goýun maslyga öwrülipdir, ýene birisi hem demini sanap ýatyr. Birki ýola örimi-de täzeläp gördüm. Ýöne ol zalym dowarlaryma talaň salmasyny goýmaýar. Teý, meni sypdyranok-da.

Gylyç mergen baş atdy.

— Düşnükli zat, ol ata möjek senden ar alýar.

— Oň alajy bolmazmy? Gaýrat et, agam, menden näme gerek bolsa, diliň geplese bolany, şol peläketden dyndaran günüň gapyňda iki öweji mäletjegim üresiz gepdir.

— Bir goýun maslygy, az-owlak guýruk ýagy bolsa, galany özümden bitýär.

— Ol aýdýanlaryňy häzirem getirip biljek. Näme, maslyk gapan gurjak ýeriňde gerek bolýamy?

— Ýok, gapany başga ýerden gurjak, oň öz gerek ýeri bar.

— Ol zatlaryň ýagdaýyny özüň ýagşy bilýäň, agam jan, meni şol beladan dyndarsaň bolýar. Özem näçe çalt bolsa şonça gowy.

— Ine, o diýýäniň welin bolmaz.

Mälik çopanyň gözleri tegelenip gitdi. Onuň ýap-ýaňyja açylyp ugran ýüzüni täzeden duman örtene döndi.

— Biraz tagapyl etmeli borsuň. Heniz men ol möjegiň gezýän ýerlerini synlap görmeli. Hereketini yzarlap, häsiýetini öwrenmeli. Haýsy ýerden oňa al toruny gurup boljagyny takyklamaly. Gapan gurjak ýeriňi peýlemeli. Howlukman, darykman hasabyňy gaty dürs çykarmaly. Ýogsam awuňy gola salmaga derek, özüň aňňalak gapyp galmagyň daşda däl.

Gylyç mergen myhmanyny ugradansoň, çal eşegine atlandy-da, gum içine tarap tutduryberdi. Ol Mälik çopanyň salgy beren ýerlerine aýlanyp çykdy. Duş gelen yzlary synçy nazaryndan geçirdi. Ony özge haýwanlaryň yzlary gyzyklandyrmaýardy. Birki sany möjek yzlaryna-da gabat geldi. Ýöne olar hem Gylyç mergeniň ünsünde kän eglenmedi. Ol: «Bular Mälik çopanyň elheder alan möjeginiň yzlaryna meňzänok» diýip pikir öwürdi. Üç-dört gol aşansoň, eşeginden howlukman düşdi-de, nazarynda eglenen yzyň üstüne egildi. Ony siňňin synlady. Birine gürrüň berýän terzde dillendi: «Özüne göwni ýetýän bolmaly, penjesini çägä çuň basyşyny gör-ä. Möhür ýaly mese-mälim, gözleriňe basylyp dur. Bu onuň ämärtliginden, gazabyndan habar berýär. Bu oň sürä gelýän yzlary. Maňa bolsa onuň sürä daranyndan soň, yzyna gaýdýan yzlaryny tapmak wajyp. Ol yzlara-da şu töwereklerde sataşsam gerek».

Gylyç mergeniň çaky dogry çykdy. Ol iki depe aşanyndan soň, geregine duş geldi. Awçy yzlary synlap, içini gepletdi: «Möjegiň bu gezekki dowarlara daramasy aňsat bolmadyga çalym edýär. Seňkildäp gidipdir, ädimleriniň arasy açyk, itlerden mazaly garşylyk gören bolmaly, ýogsam beýle gyssaga düşmeli däl. Yzlary täze, bu möjegiň daňdanky çozuşyndan alamat. Munça ýol geçipdirin, Mälik çopanyň halyndan habar alaýyn. Tabşyran zatlarymy taýýarladymyka? Olary nirä eltmelidigini aýdaýyn».

Ol gidip barşyna düýesini idip geçen adamyň yzyna sataşdy. Gylyç mergen eşeginden düşmän, yzlary nazaryndan geçirdi, ýylgyryp daşyndan sözledi: «Selim kärizgenem bärläpdir welin, keýwanysynyň iňirdisine çydamadyk borly. Tamdyrtowluk çeti-çerkez ýygnamaga gaýdaýdymyka? Şeýledir, bu gün anna ahyryn, kärizgenler hepdäniň şu gününde dynç alýarlar. Düýe-de Annamyňky ekeni».

Mälik çopanyň gözleri Gylyç mergene kaklyşandan, hossaryny gören ýaly, oňa tarap elesläp gaýtdy.

— Hoş gelipsiň, sapa gelipsiň, agam jan, şeýdip habar tut-a halymdan, çynyrgad-a bu işi. Dek geçen gije-de ol sürä darady. Saýlama öweçlerimiň birini parçalady. Bolsa-da çoluklarymyň biri ony halallamaga ýetişipdir. Şu gezeg-ä ol itleriň dalawyna duçar boldy gerek, sürüden basym garasyny saýlady.

Gylyç mergen:

— Ondan habarym bar — diýdi.

— Eýýäm ony kim aýtdy?

— Möjegiň aýak yzlary «gürrüň berdi».

Mälik çopan sag eliniň aýasy bilen eňegini sypaýşyna, keltejik güldi. Soňra çynlakaý keşbe girip, awça ýüzlendi:

— Agşamlaryna kaşaryň dört künjünde ot ýaksak peýdasy degmezmikä?

— Ol ot-ýalyndan heder etjege meňzänok. Nesip bolsa, sanlyja günden onuň bilen haklaşarys.

Çaý başynda Gylyç mergen Mälik çopana möjege gurjak hileleri barada gürrüň berdi. Munuň üçin gerek boljak goýun maslygyny ertir irden nirä eltmelidigini aýtdy. Soňra kän eglenmän gaýdarman boldy.

Gylyç mergen säher bilen belleşilen ýere baranda, Mälik çopanyň özüne garaşyp durandygyny görüp begendi. Awçy haltadan sapy kelte kepjesini çykaryp, çaklaňja oýuň orruk-ortasyna pilini sançdy. — Ynha, şu ýerde maslygy ýaryna çenli gömersiň.

— Ony şeýle taşlanyňda bolanokmy?

— Bolanok, ýaryna çenli gömmeseň, ýyrtyjylar ony sanly sagadyň içinde tüýt-müýt ederler. Maňa onuň eslije saklanmagy gerek. Möjekleri şu ýere geler ýaly etmeli. Gepiň tümmek ýerine düşündiňmi? Möjekler, diňe möjekler hem däl, tilki, şagal, maslykçy guşlar hem bärik ýol salsalar, süriňe talaň salýan möjek olary görüp arkaýynlaşar. Töweregi howpsuz saýar. Onuň arkaýynlaşmagy biziň peýdamyza. Şeýle ýagdaýda ol hüşgärligini gowşadar.

— Ol nägehanyň özi hem gelermi bu ýere?

— Gelibem biler, gelmänem.

— Gapany maslyga golaý ýerde gurjak dälmi nä?

— Gapany başga ýerde guraryn. Oňa çenli etmeli işlerimiz kän.

Mälik çopan maslykly işi birýüzli edensoň, Gylyç mergene ýüzlendi:

— Ýene niçik ýumşuň bolsa buýruber, agam, bitirmek meň bilen.

— Biziň işimizde alňasamak bolmaýar. — Gylyç mergen haltasyndan guran ýogyn, ykjam gamaklary çykardy. Olaryň sany ona barabardy. Soňra ol gamaklaryň birini aldy-da, ujundan şahalaryny aýryp, ýokarky ujuny gezlik bilen köwmäge başlady. Çaganyň ýumrugy sygar ýaly köwek emele geldi. Awçy ol ýere çalarak yslanan guýruk ýagy siňdirilen kendir matany dykdy. Köwegiň aşagyndan, gapdallaryndan ýel çekip, goýnuň guýruk ýagynyň ysy töwerege ýaýrar ýaly birnäçe deşik deşdi.

— Bu möhüm. Ol ysy alan möjekleriň ýoly bärik bolar. Sebäbi möjekler awlaryny diňe yzlaryny yzarlamak bilen däl-de, ysyny alyp hem gola salýarlar. — Gylyç mergen galan gamaklary hem şeýle usulda taýýarlap, ýene Mälik çopana ýüzlendi. — Şu gamaklary biri-birinden esli aradaşlykda, daş-töwerege dikip çykmaly.

Bu işi tamamlanlaryndan soň, awçy torbasyndan çüýşe çykardy.

— Çüýşede suw barmy? — diýip, Mälik çopan sorady.

— Möjek peşewi bar. Diken gamaklarymyzyň düýbüne şundan seperis. Möjekleriň öňki ýöreýän ýodalaryndan ýöräp, peşewlän ýerlerinde buşukmak, böken ýerlerinden bökmek endigi bar.

Taýýarlyk işleri şonuň bilen hem tamamlanmady. Gylyç mergeniň görkezmesi bilen Mälik çopan guran sazakdyr ýylgaýlardan möjekler üçin däliz ýasady, böküp geçerleri ýaly, her ýerden böwet gurady. Ol Mälik çopana:

— Senlik iş gutardy, goşa gidiber. Iş bitýänçä bärlerik ýol salyjy bolaýmagyn. Aýak yzlaryň bilen bar azabymyzy puja çykararsyň — diýdi.

Mälik çopan awça naýynjar garady:

— Gapany haçan gurýaň?

— Oňa wagt bar. Häzir wajyp zat, möjekleriň maslyga gelmeklerini gazanmak.

Gylyç mergen ertesi säher bilen gum içine ýola düşdi. Gelmeli ýerine golaýlaşdygyça, möjek yzlaryna gözi düşüp: «Işimiz şowlajaga meňzeýär! Möjekler maslygy çekeläpdirler» diýip, kanagatlanmak bilen içini gepletdi.

Maslyga golaý ýerlerde niýetlän awunyň aýak yzlaryna gözi düşmezligi Gylyç mergeni kejikdirmän durmady. «Zyýany ýok, bu gün bolmasa, erte-birigün köwlener, gitjek ýeri niremiş?» diýip, ýaşuly özüne basalyk berdi. Onuň çaklaýşy ýaly hem boldy. Gylyç mergen ertesi Mälik çopanyň sürüsine talaň salýan möjegiň yzyny gördi. Iki depe aňyrda-da onuň aýak yzlaryna nazary sataşdy. Awçy göwnühoş halda dillendi: «Möjegiň sürä gelip-gidýän ugry şu töwerek bolmaly. Indi gapan gurmaga girişibersem hem boljak».

Ol hasabynyň dürs çykmagy üçin möjegiň yzyny ýene iki gün öwrendi. Awçy ol gazaba münen ýyrtyjynyň sürä gelýän hem-de sürüden gaýdýan yzlaryny deňeşdirip görüp, şeýle netijä geldi: «Gapany möjegiň sürüden yza gaýdýan ýolunyň ugrunda gurmaly. Sebäbi möjek sürä ýol salanda gaty ägä bolýar. Her basjak ýerine eserdeň garaýar. Abanýan howpy duýmak üçin hüşgärligi goldan salmaýar. Sürüden dolanan halatynda bolsa, özüni arkaýyn duýýar. Basjak ýerine känbir ünsli bolmaýar».

Gylyç mergen öýüne gelip, taýýarlyga başlady. Geýjek eşiklerini ilki üzärligiň tüssesine tutdy, soň hem suwly gazana gök selin atyp çalarak gaýnatdy. Çarygyny, kendirden tikilen iki gat elligine ýowşan baldagyny sürtdi. Soňra gapana, gapanyň keçesine, diline, çaňňaly zynjyryna çygar sazagyň baldaklaryny sürtüp çykdy. Ýaşuly göwün ýüwürtdi: «Gyş pasly bolan bolsady, gapany zynjyrly çaňňasy bilen ýowşan gaýnadylan suwa batyryp çykarsaň, has ygtybarly bolardy. Şonda demirleriň daşyndaky suw örtügi doňardy-da, buz örtükli gatlak gaýry yslaryň ýaýramagyna ýol bermezdi». Esbaplaryny ikigat halta salyp, aralaryna ýowşan düşedi.

Gylyç mergen gapan gurjak ýerine baryp, elliklerini geýdi-de, çarygynyň aşaklaryna, gapdallaryna sygryň täze maçjasyny çalyşdyrdy. Soňra pile meňzedilip ýasalan sazak taýagy bilen gapan gurjak ýeriniň gumuny bir gapdala aýyrdy, çukur gazyp, gapany onda ýerleşdirdi. Soň başky aýran gumuny öňki ýerine süýşürdi. Sözen taýagynyň ujuna atyň guýrugynyň gyllaryndan oňarylan sübsäni berkitdi, taýagyň beýleki ujuna bolsa möjegiň aýagyny daňdy. Ýeri sübseläp, möjek yzlaryny öňküsi ýaly etdi-de, gapan gurlan ýeri synlap, içini gepletdi: «Bu işimiz hem bitdi, indi diňe onuň netijesine garaşaýmak galdy».

Ýaşuly uzak garaşmaly bolmady. Ertesi baranda, gapanyň ýazandygyny gördi. Möjek gapandan sypmak üçin kän urnan bolmaly, aýak yzlary töweregi torç edipdir. Gapanyň zynjyryna agyr zat dakylany sebäpli, möjek ony süýräp gidip bilmän, aýagyny çeýnäp, ýolup gidipdir.

Bu habary eşiden Mälik çopan ynjyly gürledi:

— Agam jan, diýýän-ä, indi beri ol bizi günümize goýarmyka?

— Onuň soňky demine çenli gazabynyň ýatmajagy hak. Ýöne ol üç aýagy bilen öňküsi ýaly deprenip bilmez. Indi itleriň döwi ondan rüstem geler.

Aradan iki gün geçensoň, Mälik çopan günüň kiçi guşluk çagynda Gylyç mergeniň gapysynda peýda boldy. Onuň howalasy belent, ädim urşy gylawlydy.

— Agam, eliň-gözüň dert görmesin, kesbiňden kemal tap!

Ol kän eglenmän, söz beren iki öwejini baýrak hökmünde gapançynyň agylyna goýberip, alkyş baryny aýdyp, hoşlaşyp gitdi.

Döwletmyrat NURYÝEW.
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle