Alysdaky ýyldyzlaryň astynda (Hekaýa)
Şukur HOLMIRZAÝEW,
özbek ýazyjysy
Awgust aýynyň ahyrlarydy. Ýazyjy Safo Said bilen Boýsun daglaryna syýahat edip ýörkäk, Dugoba obasynyň çetindäki ýandaklykda azaşdyk. Oňa-da sebäp bolan men. Üç-dört ýyl bäri ol ýerlere barmanlygym üçin bolsa gerek, ýollar özgeripdir. Onsoň yzymyza dolandyk.
Aýagymyzyň astynda hoz ýapraklary gyjyrdaýardy, dagyň etegindäki çeşme şildiräp akýardy, baýguşuň müýnli sesi biziň her bir ädimimizi yzarlaýan ýalydy, howa petişdi, gije bolsa has garaňkyran ýalydy. Safo aga piçjiň atýan äheňde:
— Biz Žýul Werniň gahrymanlaryna meňzeýäs öýdýän? — diýdi.
— Hawa — diýip, men bir pursat töweregi hem-de düşen ýagdaýymyzy unutmaga çalyşdym.
Öýe baryp bu zatlar barada ýazsam gyzykly bolaýjak ýalydy. Emma okyjylara munuň diýseň gülkünç görünmek ähtimallygy ýadyma düşüp gussa batýardym. Soňra bu hoz tokaýjygyndan tizräk çykyp, Dugobadaky haýsy-da bolsa bir öýde düşlemegi, başdan geçiren wakalarymyzyň gyzykly hem gülkünçdigini, galyberse-de, syýahatyň şular ýaly bolmalydygyny aýdyp, Safo aganyň göwnüni awlamalydygym baradaky pikirler hyýalymda köwsarlaýardy…
Ýöne Dugoba ýetip bilmedik.
Biz ösgün otluk meýdandan ýöräp barýardyk. Sag tarapymyzdan, harsaň daşlaryň arasyndan ösüp çykan hoz agaçlygynyň içinden ses eşidildi. Eşeklerimiz pyşgyryp, gulaklaryny keýertdi. Men çyrany ses gelýän tarapa tutdum. Kimdir biri gyryljak hem-de gülkünç sesi bilen:
— Çyraňy aýyr — diýip gygyrdy.
Men çyrany gapdala sowdum. Bir adamyň otlaryň arasyndan emedekläp diýen ýaly gelýändigine gözüm düşdi. Onuň egninde don, bilinde-de guşagy bardy. Bilguşagyndaky pyçagynyň gynynyň sary seçegi ünsümi özüne çekdi.
Nätanyş adam gabadymyza gelip saklandy. Göýä, azaşanymyza begenýän ýaly:
— Azaşypsyňyz öýdýän?! — diýip sorady. — Men gyryň depesindedim. Çyralaryňyzy gören dessime: «Bular geologmyka» diýip pikir etdim. Soňra yzyňyza öwrüldiňiz. Onsoň: «Bular azaşypdyr öýdýän» diýip oýlandym.
— Öňler şu ýerden bir ýol geçýärdi? — diýip, men soradym.
— Hä, ýol bardy — diýip, ol jogap berdi. — Ýöne häzir ýolagçylar depäň üsti bilen gidýär. Siz Gummataka barýaňyzmy?
— Hawa.
— Onda bahymrak ýola düşeliň. Bärden depä barýan ýoda bar. Çyralaryňyza gözüm düşmedik bolsa, sizi görmän gidiberjek ekenim, tizleşiň! — diýip, ol howlukdyrdy.
Ol öňümize düşdi. Biz hem eşeklerimizi dikgirdedip onuň yzyna düşdük. Biziň barýan ýerimizden owalda-ahyrda, heý, şäherli geçdimikä — kim bilýär? Hozuň ýapraklary şeýlebir galyňdy welin, hamana, ýorganyň üstünden ýöräp barýan ýalydyk. Burnumyza ajy, köne hazanyň ysy urdy. Biz assa-ýuwaş depäniň üstüne çykdyk. Ýüzümize sowuk şemal urup asmanda san-sajaksyz ýyldyzlar petreşip göründi.
— Elhepus, beýikdigini — diýip, Safo aga dil ýardy. — Bärsi edil jähennemiň özi eken.
— Zyýany ýok — diýip, bizi ýola çykaran ýolagçy aýtdy.
Soňra ol ýoda bilen agymtyl reňkdäki zadyň ýanyna gitdi. Çyrany şol tarapa gönükdirsem, üstüne iki sany halta ýüklenen ak eşek gulaklaryny keýerdip bize seredip dur.
— Boýsuna barýaňyzmy? — diýip, men nätanyş adamdan soradym. Ol:
— Ýüň tabşyrmaga barýan — diýdi.
— Gummatakda dostlaryňyz barmy?
— Bar. Ahtamow öýündemikä?
— Ýok, ýazlagda. Entek yzyna gelenok.
— Nirede ýazlaýar?
— Gummatakdan aňyrda. Eslije aralyk bar. Gije oň ýanyna ýetjek bolmaň, ýollar gaty özgerdi, ýene azaşarsyňyz. Gummatakda birlän-ikilän öýler bardyr, düşläp geçiň. Säher bilen ýoluňyzy dowam edersiňiz.
— Sag boluň. Şu ýodajyk bizi Gummataka alyp bararmy?
— Hawa, alyp barar. Sag-aman baryň.
— Ýagşy, sag boluň.
Ol eşeginiň boýnuna aýagyny goýup haltalaryň üstüne mündi-de, ýoly bilen boldy.
Bizem ýola düşdük. Ýol daşlydy, şeýle-de bolsa indi eşekleriň ädim urşy çalasyndy. Käte olaryň toýnagynyň astyndan uçgun syçrap gidýärdi. Bu ýol hoz tokaýjygynyň içinden geçýän ýodajyk bilen jaryň agzyndaky tut agajynyň aşagynda kesişýär eken. Owallar Gummataka gidenimde şu agajyň aşagynda düşläp, belentli-pesli pisse, erik, hoz agaçlarynyň arasyndan obany, diwarlary daşdan örülen gupba ýaly öýleri hemem olaryň gapdalyndaky gara öýleri synlardym. Onsoň oba ýetdigim, derrew olaryň eserdeň itleri öňümden çykyp, tä eýesiniň hökümli sesini eşidýänçä ýodajykdan geçirmän üýrer durardylar.
— Bärsi Gummatakyň başy — diýip, men Safo aga aýtdym.
— Biz Gummatakda düşlemelimi?
— Düşlemesek başga alaç ýok.
— Olaň çyralaram görnenok-la.
— Bahym görner. Agaçlar gür, öňüni ýapýar. Sagat näçe boldy? — diýip, men çyrany ýakdym-da, ilki öz bilegime, soňra ýoldaşymyň bilegine gönükdirdim.
Ýerli wagt bilen on biriň ýary, Daşkendiň wagty bilen bolsa on ikiň ýarydy…
Daşly ýoda indi toprakly ýoda öwrülipdi, ýöne entegem yşyk görnenokdy.
— Adamlar ýazlagda näme işleýärkä?
— Mallary bar, bakýarlar.
— Olaryň maldarçylyga nepi degýärmi?
— Näme?.. Bärsiniň çarwalary şolar-da. Güýzde miwe ýygýarlar, ekin ekýärler, galan wagtlary bolsa mallary bilen bolýarlar.
— Bu obada näçe adam ýaşaýar?
— Köp bolsa, bäş-on hojalyk. Öňler köpçülikdi, ýöne aglabasy göçüp gitdi. Täze açylan geňeşlikleriň köpüsinde daglylar ýaşaýar.
— Entegem çyralary görnenokmy?!
— Bahym görner.
Men gijäni ýatdan çykaran adama meňzeýärdim. Şäherde gije haçan, gündiz haçan bilip bolmaýar, sebäbi dumly-duşuň ýagtylyk. Gulagym hem agyrlaşana meňzeýär. Bärsiniň asudalygyny… Bärdäkiler irgözin uka gidýän bolmaly.
Ahyry gür agaçlaryň arasyndan ýyldyz ýaly ýylpyldaşýan çyralar göründi. Ikimiz hem bilelikde: «Hanha çyralar!» diýenimizi duýman galypdyrys.
Biz ýagtylygy sypdyrman, ýodajykdan sowuldyk. Çyranyň ýagtysy garşymyzda ýaýlyp ýatan uly meýdanyň çetindäki gara öýden gelip, germewleriniň arasyndan ýylpyldylar bölek-bölek bolup görünýärdi. Bu meýdany suw basypdyr. Biz suwsuz ýerini peýläp ýaşajyk nahallaryň arasy bilen öýe golaýlaşdyk.
— Habarlaş — diýip, Safo aga aýtdy.
— Göni baraýaly, bärsiniň däbi şeýle.
— Ýok, gelşiksiz bor, habarlaş…
«Öňümden it çykaýmasyn» diýip, men goranmak üçin elime taýak aldym. Öýüň agzyna gapy deregine mata tutulypdyr hemem girelgesi bize bakyp durdy.
— Adam barmy?! — diýip gygyrdym.
Ses beren bolmady. Men ýene gygyrdym. Şondan soň gara öýden on ýaşlaryndaky oglanjyk çykyp ýanymyza geldi-de, maňa seretdi.
— Kakaň öýdemi? — diýip soradym.
— Daga gitdi — diýip, oglanjyk jogap berdi.
— Öýüňizde kim bar?
— Enem.
— Başga adam ýokmy?
— Men bar.
— Görýän. Bu töwerekde sizden başga adam ýokmy?
— Ýok. Ähli kişi ýazlagda.
— Bu gije kakaň gelmezmi?
— Bilemok. Enem biläýmese…
— Bar, sora. Ol şu gije öýüňizde düşlemäge rugsat berermikä? Eger razylaşsa, biz säher bilen gideris.
Oglan yzyna öwrüldi-de, öýe girdi, emma kän eglendi. Ahyry eli çyraly bir aýal bilen çykdy. Çyranyň ýagtysyna aýalyň egnindäki köýneginiň gyzyldygy bildirýärdi. Aýal giň ýeňi bilen çyrany penalap durşuna, ýuwaşlyk bilen:
— Salamälik — diýdi.
Men salama jogap berdim-de, şeýle diýdim.
— Bimaza edenimiz üçin bagyşlaň. Biz Ahtamowyň öýüne geldik, ol biziň dostumyz, ýöne ýazlaga giden eken. Biz bary-ýogy iki adam, şu gije dynjymyzy almaga jaý berseňiz, bizem gözümiziň awusyny alsak sizden hoşal borduk…
Aýal jogap bermedi.
— Men boýsunly, ýanymdaky gardaşym bolsa daşkentli.
Ahyry aýal ardynjyrady-da, şeýle diýdi:
— Ol-a şeýledir-le welin… öýde erkegimiz ýok-da. Bolmasa…
— Muny ýaňy inimizden eşitdik. Ýöne ýolda üşäpmi, nämemi, daşkentli dostumyň ýagdaýy erbet. Herhal, şäher adamsy-da.
— Olar ýaly bolsa galyň — diýip, ol aýal aýtdy. — Çary jan, bar, myhmanlary garşyla.
Ol çyrasyny şol ýerde goýdy-da, yzyna dolandy.
— Salawmaleýkim — diýip, Çary bir egnine eglibräk salam berdi. Onuň kindiwanja elleri juda gatydy. — Dostuňyz hany?
— Honha — diýip, men çyramy oňa tarap gönükdirdim.
Çary ulular ýaly epeý basyp Safo aganyň ýanyna bardy-da, salamlaşdy. Men hem Çara kömekleşdim: eşeklerimiziň üstündäki horjundyr donlarymyzy düşürip, gaňňalary boşatdyk. Oglanjyk eşekleri açyk meýdanyň aýagujuna äkitdi. Ol gelýänçä garaşdyk. Ol dolanyp geldi-de:
— Ýörüň — diýip, bir horjuny egnine atdy.
Sekä çykanymyzda gülli keçe düşelip, iki sany uzyn düşek bilen jübüt ýassyk endigan goýlupdyr.
Çary horjunymyzy ýanymyzda goýdy-da, gara öýe ýelk ýasady.
Adat bolşy ýaly saçak ýazyldy: bir tabak gaýmak ýaly goýun gatygy, bir jübüt uly nan, bir käse-de gowurdak, bir käse ak erik bilen alma hemem hum çäýnege demlenen çaý geldi…
Çary garşymyza geçip otursa-da, hödür-kerem etmäge döwtalap däldi. Ne özi iýdi, ne-de bize iýdirdi. Emma ony göwnümize almadyk. Megerem, onuň ornunda kakasy bolan bolsa hem şu ýagdaý gaýtalanmagy mümkindi. Ýöne iýip-içmesek bu adamlar gaty görjekdi.
— Öýüň hojaýyny gelmedi welin?.. — diýip, Safo aga sorady.
— Geler — diýip, men aýtdym. — Çary, kakaň näme kär edýär?
Ol kellesini tokaýa tarap yşarat edip:
— Tokaý goraýar — diýdi.
— Bu aýal ejeňmi?
— Ýok, enem.
— Iki bolup gorkaňzokmy?
— Nämeden gorkaly? — diýip, ol ýylgyrdy.
Şol mahal eşeklerimiz aňňyrdy. Çary ylgaşlap dessine sekiniň gyrasyna bardy. Elini dyzyna diräp garaňkylyga seretdi-de, yzyna dolandy.
— Näme bar? — diýip, men soradym.
— Hiç zat — diýip, ol gysgajyk jogap berdi.
— Bu töwerekde möjegem barmy?
— Bar. Görünse eşekler aňňyrmak bilen bolýar.
— Onda näme, dynç alalymy? — diýip, Safo aga sorady.
Çary gitdi, biz hem çeträge çykyp daş-töweregimizi synladyk. Bu ýerden Boýsunyň çyralary öçügsi ýylpyldap görünýärdi.
— Safo aga, hol görünýän çyralar Boýsunyňky bolmaly.
— Aralyk näçe kilometr barka?
— Otuz dagy bardyr.
— Otuz kilometri geçmek üçin bir ýarym gün ýöredikmi?
— Hawa.
— Uçarda bu aralygy näçe minutda geçeris?
Biz şular ýaly zatlaryň gürrüňini etdik. Hojaýyn aýal ýene-de düşek-ýassyk getirip dynç almagymyz üçin ýer häzirledi. Aýal yzyna öwrülip gidip barýarka, Safo aga:
— Sizi bimaza etdig-ow — diýdi.
Aýal jogap bermedi.
Biz ýerimize geçdik. Düşegiň üstüne halyça düşelipdir. Gijelerine bu ýerleri sowuk bolýardy. Biz arkan ýatyşymyza asmany synlap lezzet alýardyk. Asman doly ýyldyzdy, olar lowurdaşyp gözüňi gamaşdyrýardy. Akmaýanyň ýoly üstümizden geçip, aýaguç tarapymyzdaky gap-gara dagyň aňyrsynda egrelýärdi. Asmanyň kä o başynda, käte bolsa bu başynda ýyldyz süýnýärdi. Olar, hamala, ujuna bir bölek daş daňlan ak ýüpege çalym edýärdi hemem süýnende, göýä, guýrugyna ot degen ýaly tä barmaly ýerine ýetýänçä ýanýardy.
Tamyň üstüne eglip duran gyzyl üzümiň gyp-gyzyl hoşalary ýaldyrap görünýärdi. Bassyrmanyň ýanynda ot ýanyp durdy.
— Gowuja ýadapdyrys. Bu gije bärde düşlemedik bolsak gaty horlanardyk.
— Hawa.
— Emma öýüň hojaýynynyň ýoklugy gowy däl.
— Bahym geler. Aşakda bir zat bişirýärler öýdýän.
— Şeýle ýaly. Ýataly.
— Ýataly.
Şol wagt aýaguçda çybşyldy eşidildi. Çary ýaglyga düwlen bir zady alyp gelýärdi. Ol Safo aganyň ýanyna geldi-de, bir zatlar pyşyrdady.
— Bu näme? — diýip, Safo aga sorady.
— Çäge. Gyzgyn çäge — diýip, Çary jogap berdi. — Sowuklamaň emi-ýomudyr.
Men:
— Bärik ber! — diýdim-de, gumy alyp düşegimiň aşagyna saldym.
— Sowukladyňyzmy? — diýip, Safo aga sorady.
— Hawa. Bykynym sanjaýar. Hoz tokaýjygy gaty çygly eken — diýdim-de, Çara sagbolsun aýtdym.
— Sowasa çagyraýyň — diýip, Çary jogap berdi.
— Hökman däl, şunuň bilen gutulsam gerek.
Çary gitdi.
Dagyň örküji agaryp başlady. Ol ýerdäki seýrek arçalaryň garasy göründi. Biraz wagtdan arçalaryň aňyrsy saraldy-da, bir çeti tegelenen Aý ýalpyldap çykdy. Onuň ýanynda Zöhre ýyldyzy bilen birnäçe ýyldyz özboluşly şöhlelenýärdi. Aý golaýlaşdygyça Zöhräniň ýanyndaky ýyldyzlar gözden ýitýärdi. Ahyry örküji bezäp asmanda Aý bilen Zöhre ýyldyzy ikiçäk galdy. Birazdan soň bolsa naýyň sesine çalymdaş bir ýakymly owaz eşidildi.
— Bu nämäň sesi? — diýip, Safo aga tisginip sorady.
— Gögerçiniň — diýip, men jogap berdim.
— Juda seýrek duş gelýän guş.
Kalbym heýjana gelip bütin bedenime ýaýrady-da, bir pursat elendirdi.
Ýaňy irkilen ekenim. Kimdir biri ýorganymy çekdi. Seretsem, Çary üstüme abanyp dur.
— Çägäni beriň, enem ýylatjak diýýär.
— Gerek däl, men sagaldym.
Oglan gitjek ýaly etdi-de, täzeden ýanyma geldi.
— Maňa çägäni beriň.
— Men gutuldym, eneňe sagbolsun aýt.
— Ýok, beriň.
— Ol entek sowanok. Ine, özüň gör.
Men çägäni görkezdim. Hakykatdanam, çäge ýylydy, emma ol çägä elini degirdi-de, öýkeli yzyna öwrüldi.
Nalaç bermeli boldum. Birazdan ýene üzümiň ýapraklary ýyldyrap ugrady. Safo aga äňetdim. Ol birsydyrgyn dem alýardy. Uklapdyr. Ýuwaşlyk bilen ýassygy gursagyma çekdim-de, sekiň üstünden aşaklygyna äňetdim.
Daş ojagyň ýanynda gyzyl köýnekli hälki aýal bilen bir owadan gelin otyrdy. Ol arçanyň pudagy bilen ojagyň oduny ölçerýärdi. Bilegindäki kümüş bilezik oduň ýagtysyna birenaýy ýaldyraýardy. Birdenkä ol tisginip daga tarap seretdi. Gelin Aý ýüzli, gara gaşly, örän owadandy. Aýtmaklaryna görä, öňki döwürler bu ýerden 20 kilometr uzaklykdaky Sangardak obasyna «Perileriň mekany» diýýän ekenler. Obanyň gyzlary şeýlebir owadan eken. Emma obanyň daşyndan gelen sawçylara gyz bermäýän ekenler. Dessur şeýlemiş… Gelin ýene ojaga tarap öwrüldi-de, kepgir bilen gazanyň içindäki zady garyşdyrmaga başlady. Gazanda çäge gowrulýar eken. Şonda tötänden onuň gözüne gözüm düşüp dessine yza çekildim. Daş-töweregime göz aýlap ýorganyma bürendim.
Şol gije Çary çägäni iki gezek dagy ýylatmaga alyp gidendir. Şonuň üçinem ibaly uklap bilmedim. Bir tarapdan bedenim çägä degip ýakyp barýan bolsa, beýleki tarapdan öýüň eýesi biynjalyk edýärdi.
Daň atyberende gulagyma atyň kişňeýän sesi eşidildi. Başymy galdyrsam, bassyrmanyň ýanynda bir ýigit egni aw tüpeňli gara atdan düşjek bolup dur. Gara öýe seretdim. Onuň agzynda hälki garry aýal ellerini gursagyna goýup ýigide seredýärdi. Aýal biz tarapa ümläp bir zatlar diýdi. Daşaryk Çary çykdy hemem atdan düşen ýigidi gördi-de, daş basgançakdan ylgap diýen ýaly düşüp onuň gujagyna özüni oklady. Ýigit ony bagryna basyp taýly gezek egnine kakdy. Soňra eşekleri görkezip bir zatlar soraşdyrdy. Çary hem çaga dilinde bir zatlar diýdi-de, biz tarapa ümledi. Ýigit bize seretdi. Men gözümi ýumup, kelläme ýorgany büredim. Birsalymdan ýorgany galdyrsam, ol ýigit eline horjunyny alyp, käte-de gamçysynyň sapy bilen gaýyş ädiginiň gonjuna kakyp bize tarap ädimläp gelýärdi. Çary onuň atyny idekläp eşekleriň, ýanyna alyp bardy. Ýigidiň çalasynlyk bilen daş basgançakdan ýokary galanam şoldy welin, onuň öňünden gelni çykdy. Adamsyna ýiti-ýiti seretdi-de, horjuny elinden aldy. Onsoň är-aýal tirkeşip öýe girdi. Men galagoply ýagdaýyň bolaryna garaşdym. Emma garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy: öýden ýaňky ýigidiň loh-loh gülkisi bilen gelniň näzijek sesi eşidildi… Adatça öýde erkek kişi bolmasa, bärsiniň zenanlary myhman almaýardy. Biraz salymdan gelin gabaraly kündügi eline alyp daş çykdy. Biz ukudan oýananymyzda, eýýäm goýun soýlupdyr. Safo aga gözüni oýkalap:
— Adamsy geldimi? — diýip sorady.
— Geldi — diýip gülümsiredim.
— Ýeri onsoň, goh turdumy?
— Näbileýin. Indi başlanaýmasa…
Çary ýanymyza gelip edep bilen salam berdi. Elimize kündükden ýyly suw akytdy. El-ýüzümizi ýuwduk. Ýaňybir süpürinip başladyk welin, gara öýden hälki ýigit ýylgyryp çykdy. Onuň ýaşy otuz töweregidi. Ol gele-gelmäne:
— Geliň, geliň, myhmanlar, gowy dynç aldyňyzmy? — diýip sorady.
— Sag boluň. Özüňizem sag-aman geldiňizmi? — diýip, Safo aga sorady.
— Hawa, biziň işimiz şeýleräk-dä.
— Maşgalaňyzy ýary gije bimaza edenimiz üçin bagyşlarsyňyz-da.
— Onuňam bir bimazasy bolarmy — diýip, ol maňa seretdi. — Gutuldyňyzmy?
— Minnetdar. Gelnejem çäge gyzdyryp berdi.
— Gije hoz tokaýjygynda azaşyp ýören sizmi?
— Biz, biz… — diýip, biz geň galyp dillendik.
— Gördüm — diýip, ýigit dowam etdi.
— Dagdadym. Çyralaryňyzyň ýagtysyny gördüm. Şol ýerde duran bolsaňyz, ýanyňyza barjakdym, ýöne yzyňyza dolandyňyz. Onsoň «Bular Dugoba barýar öýdýän» diýip oýladym.
— Ýok, o ýere gitmedik. Bir adam ýol görkezdi, onsoň bärik gaýtdyk. Emma ýanymdaky ýoldaşymyň dosty Ahtamow entek ýazlagda eken.
— Bu ýere gelip gowy edipsiňiz. O tarapa giden bolsaňyz ýene azaşardyňyz.
— Gelnejemiz gowy garşy aldy, minnetdar.
— Keselläniňiz bähbit bolupdyr — diýip, ýigit degişdi. — Ýogsa öýe salmazdylar. Zenan halkyny özüňiz bilýänsiňiz, neme-dä… Hany, beýdip durmalyň-da, öýe gireliň!
Ol bizi däp-dessura laýyklykda myhman aldy. Ugrajak wagtymyz olary surata düşürdim. Emma adamsy näçe özelense-de, gelin ýüzüni açmady. Ol:
— Gerek däl, gerek däl… — diýip öwran-öwran gaýtalady.
Çaryjyk bolsa kakasynyň golundan mäkäm tutup hezil edip surata düşdi. Surata alyp otyrkam ol kä kakasyna, käte-de enesine seredip ýylgyrýardy. Soňra ýanymyza geldi-de, uýaljyrap aşak seretdi durdy.
— Näme gerek, jigim? — diýip, men ondan soradym.
— Indi beriň-dä — diýip, ol aýtdy.
— Nämäni?
— Suraty — diýip, ol elimdäki surata düşürýän enjama ümledi.
Hemmämiz gülüşdik.
— Häzir taýýar däl. Öýe baranymdan soň çykardyp ugradaryn. Sen okaýaňmy?
Çary iki barmagyny görkezdi.
— Dugobada okaýar. Atly gatnaýar — diýip, kakasy aýtdy.
Hoşlaşdyk. Ýigit bizi tä belentdäki giň ýaýlanyň gara öýleri görünýänçä ugratdy. Soňra:
— Ahtamow şo ýerde. Mundan aňryk azaşmarsyňyz. Häzir meniň işim bar, agşamara bararyn. Sag boluň — diýdi-de, yzyna öwrüldi hem-de arçalygyň aňyrsyna geçip gözden ýitdi.
— Agşam maňa ýarawsyz diýeniň üçin ýatmaga ýer berdilermikä? — diýip, Safo aga sorady.
Men:
— Hawa! — diýdim-de, soňra ibaly ýatyp bilmän kösenendigimi aýtdym.
Syýahatymyz tamamlanyp Daşkende gelenimizden soň, biz şol gezekki başdan geçirenlerimiz hakynda gaty kän söhbet etdik…
1965.