Torgaý (Hekaýa)
Iwan GROMOWIÇ,
belarus ýazyjysy
Çagalygymy we çopan gamçysyny ýadyma salsam, öri meýdanynda başymdan geçen bir wakany gürrüň beresim gelýär… Men asmandan torgaý sesini eşitdigim, göýä, çagalyk döwrüm egnim amanat switkaly ( Switka — ukrainleriň, ruslaryň we belaruslaryň elde dokalan matadan tikilen daşky milli eşigi.) baýryň üstünde durup, torgaýyň owazyny diňleýän ýaly, öňümde bolsa uç-gyraksyz ýaýla ýaýlyp ýatan ýaly bolýar…
Bu wakanyň bolan wagty men goýun bakýardym. Goýun bakmak sygyr bakandan aňsadrak. Olaryň yzynda kän ylgap ýörmeli däl. Olar ýuwaş, süri bolup gezýärler, zaýaçylyk etmeýärler. Şonuň üçinem goýun bakýan çopanyň çolugy bolanok. Goýnuň eýeleri meni gezekli-gezegine iýdirerdi hemem daşky egin-başymy alyp bererdiler. Jogapkärçilik uly hem bolsa, owlak-guzy döwründe-de onuň hakyny artdyrmazdylar, sebäbi ýaňy bolan guzyny möjekleriň alyp gaçma howpy bardy. Men tutuş günümi örüde geçirerdim. Sygyrlary günorta çagy sagyma alyp gaýdardylar, şonda padyman biraz demini-dynjyny alardy. Men bolsa her hili howa bolaýsyn, günuzyn süriň yzynda gezerdim. Tutuş günüň dowamynda alyslardan ýöräp barýan adamlar gözüme iläýmese, ak gülli otdan başga zady görmezdim. Ýekeligiň dagyny çekerdim.
Men goýunlary gök otlukda bakardym. Ol ýazda sürlüp, güýze çenli boş goýlan şüdügärlik meýdandy. Şol ýerde goýunlaryň diýseň gowy görýän oty ösýärdi. Goýunlar ota güýmenip ugradygy, men baýra çykardym-da, daş-töweregimi synlap, torgaýlaryň owazyny diňlärdim.
Olaryň owazy şol arassa meýdandan başga hiç bir ýerde şeýle ýiti, şeýle aýdyň eşidilmeýärdi. Ylla diýersiň, Gün nury birgiden kümüş jaňy bulutlaryň astyna göteren ýaly, al-asmandan guşlaryň üznüksiz owazy eşidiler durardy. Olaryň owazynyň kalbyma ornaýandygyny, ony şatlykdan doldurýandygyny duýýardym. Guşlar ýanymdaka ýüregim gysanokdy. Şuňa düşünemsoň ganatly dostlarymy gorap ugradym. Men azalyň geçen pellerinden gaty kän guş höwürtgesini tapdym, ýöne hiç wagt olara degmezdim… Göwnüme, guş jüýjeleri ýumurtgadan çykyp, ganat bitensoň meni tanap, meň bilen öwrenişäýjek ýalydy.
Höwürtgeden okdurylyp çykan çal guşjagaz gaty uzaga gitmedi-de, ýowşana gonup, özüne mahsus arkaýynlyk bilen maňa tarap seretdi.
Torgaýlaryň hor bolup saýramagy çopan üçin täsin zat. Men olaryň owazyny säher çaglary diňlemegi halardym. Ýöne Gün batmazynyň öň ýany, göýä dilleşen ýaly, olar al-asmana galardylar-da, agzybirlik bilen özara saýraşardylar hem-de dym gyzyl Gün dagyň aňyrsynda gizlenen badyna daş gaçan ýaly çowdarylyga siňerdiler-de, dynç almak üçin seslerini keserdiler. «Belki, olar şu pursat ertire çenli hoşlaşýandyrlar?». Bu wagty menem, dowarlaram gaty gowy bilýärdi — gaýdar wagty bolup, daş-töweregi agşamyň imisalalygy gurşap alypdy.
Bir ýola, günorta çagy baýryň üstünde durup, haýsy guşuň saýraýanyny bilmek üçin mawy asmana garadym. Gün dik ýokardady. Tomus gününiň bu çaglary guşlaryň aglabasy asmana galyp, bilelikde saýrardylar.
Dowarlar oýda otlaşyp ýördi. Men kiçeňräk depäň üstünde durup olary synlaýardym, egnimde mawutdan dokalan, çendenaşa uzyn ýeňli switka bardy. Bu switka-da däl-de, sürüsini bakýan goja hojaýynymyň zipunydy. ( Zipun — daýhanlaryň elde dokalan mawutdan tikilen ýakasyz daşky eşigi.) Ol gaty uzyndy, şonuň üçinem ýöräňde ýykylmaz ýaly syýyny serpmeli bolýardy.
Men durdym, zipunyň aşagyndan ýakymlyja şemal girip, janyma lezzet berýärdi. Ýeňlerim çyzgalgydy, sag elimde bolsa gamçym bardy.
Ýokaryk garaýardym, ýöne agşamyň altyn şapagynda torgaýy däl-de, çaýçaňňalagyň bardygyny gördüm. Bu ýyrtyjy guşy tanaýardym, ony ozal telim gezek görüpdim. Ol kämahallar ýuwaşlyk bilen ganatlaryny galgadyp, galla ekilen meýdanlaryň üstünden aýlanardy, soňra bir ýerde saklanardy-da, ýerdäki syçanlary synlamaga durardy. Awuny göz astyna alandan soň bolsa, aşaklygyna tarap şaglap gaýdardy.
Çaýçaňňalak gaty ýokardady hemem şol ýerden maňa seredýän ýalydy. Men: «Ol nämäni yzarlaýarka, nämäni göz astyna alýarka?» diýip gyzyklandym. Ony synlap durşuma, torgaý guşuň saýrap ýerden ýokaryk galanyny-da görmändirin. Asmanda müňlerçe ses ýaňlanýardy, ýöne ýaňky guşuň sesi gulagyma ilmändir. Guşjagaz barha ýokaryk galýardy…
Çaýçaňňalak doňup durdy. Ol göz gamaşdyryjy ýiti Günüň aşagynda bolansoň görnenokdy. Ýyrtyjynyň gozganman durşuny görüp diňşirgendim: «Be, ol torgaýy awlajak bolýarmyka? Bu janawar öz owazyna gümra bolup, nirä barýanynam bilenok öýdýän? Ol garakçynyň penjesine golaýlap barýar ahyryn!». Men demimi alman seredip durdum.
Heniz aralyk daş bolsa-da, ýyrtyjy saklanyp bilmän, aşaklygyna — awuna tarap okduryldy. Kowgy başlandy. Men torgaýy gözden ýitirdim, gözüme diňe çaýçaňňalak görünýärdi. Ol misli ýyldyrym deýin howany böwsüp barýardy. Soňra kowgy üýtgedi, garakçy ilki bir tarapa, soňra başga tarapa okduryldy. Häzir bolsa ol egrem-bugram bolup, ýeriň üstünden diýen ýaly uçup barýardy. Birdenkä ol göneldi. Men doňup galdym. Çaýçaňňalak göni maňa tarap gelýärdi. Men ýerimden gozganyp bilmedim, hatda gözümi gyrpybam ýetişmedim… «Oňa näme gerekkä?».
Haçan-da ýyrtyjy has golaýa gelende, men onuň çüňküniň edil öň ýanyndan çal torgaýyň uçup barýanyny gördüm, janawar öler ýaly gorkup, ikibaka urunýardy. Birdenkä tisginip gitdim — bu meniň üçin gaty oslagsyz ýagdaý boldy — guşjagaz çalasynlyk bilen syýymyň astyna sümlüp, meni gaçybatalga edindi. Men başda nämäň-nämediginem aňşyryp ýetişmedim. Soňra gamçymy bulaýlap, gahar-gazap bilen ýyrtyja gygyrdym. Munda şatlygam, guşuň özüme bolan ynamyna buýsanjam, ýyrtyja bolan haýbatam bardy. Men häli-häzirlerem çaýçaňňalagyň rehimsiz gözlerini, açylan çüňküni, ýiti dyrnaklaryny görýärdim. «Wah, ol nähili närazylyk bilen ýokary galdy, nähili göwünsizlik bilen uçup gitdi».
Şol wagtky kalbymy gurşap alan duýgularymy mälim etmäge söz tapamokdym. Zipunymyň syýynyň astyndaky torgaýjyk titräp, maňa başyndan geçiren külpetini beýan edýän ýalydy. Göwnüme bolmasa, ruhlanan ýaly boldum, asmana galagada, ýyrtyjydan ar almak duýgusy oýandy. «Ýogsa näme, eliňdäki gamçydan ne peýda bar?».
Birden aýňaldym. «Guşjagaz switkamyň niresinde gizlendikä? Ölümden halas eden torgaýym niredekä?».
Gymyldan badyma guşjagaz zipunymyň astyndan çykdy-da, hamala, syýymyň astynda gizlenmek onuň üçin adaty bir zat ýaly, pessaýlap uçup gitdi. Soňra ganatlaryny galgatdy-da, ýaňadan ýokaryk galdy. Guşjagaz meni garantga hasap edendir öýdüp pikir etdim… Şeýle-de bolsa, guşuň özüme eden ynamyna buýsanyp, göwnühoş halda ýylgyrdym. «Torgaýjyk, arkaýyn bol, men seni hemişe gorarynam, halasam ederin!».