Desterhan (hekaýa)
Oýlanyp otursam, ondan bäri är ömri geçäýen eken. Süýji ýatlamalara berlen çagym törde duran gyzyl sandygy açyp, içindäkileri ýeke-ýekeden elden geçirmek, geçeni ýatlap, ýatlamalara çümmek meniň üçin endige öwrülipdi. Bu gezek ýanyna barsam-da, ony açmaga birbada bognum ysmady. Sebäbi sandykda süýji ýatlamalar bilen birlikde ýüregimi tolgundyrýanlaram bardy. Esli salymdan soň, sandygy açdym.
Guşuň kölegesinde oturan ýaly bolup geçip gidýän ynsan ömrüni yzarlanyňda, onuň ýatda galan süýji pursatlary aýratyn ylham bolup kalba dolýar. Bu gezegem şeýle boldy. Sandygyň içindäki zatlar, ylla üstünden ýyllar aşmadyk ýaly öwşün atýardylar. Käbiri epin tutup gidipdir. Eliňden typyp duran atlaz matany synlanymda, onuň sowgat edilen pursaty gözümiň öňünde janlanyp gitdi. Ynha-da, toýumyzda talyp deň-duşlarymyzyň beren sowgady. Ýüpek desterhanyň gyrasyna aýlanan «käbe ýoly» nagşynyň egrem-bugram keşdeleri geçip giden pursatlary yzarlaýan ýalydy. El bilen çekilen öwrüm-öwrüm keşdeler aňyňy-pikiriňi alyslara alyp gidýärdi.
Geçip giden pursatlar! Olaryň iň süýjüleri kalba has çuň ornaşýan bolarly. Toý gününiň ertesi sowgatlary seljerenimizde, bu desterhanyň keşdelerine, nepisligine haýran galypdyk. Toýumyza şeýle mukaddesligiň sowgat berilmegi ikimizem ýakymly duýgulara gark edipdi. Sebäbi onuň keşdelerinde uly many bardy.
Desterhany synlap oturyşyma bagtyýar günler göz öňümden birin-birin geçip başlady. Ilkinji perzendimiz dünýä inendäki şatlygymyzy diýsene. Göbegene ap-akja bäbegi eliňe tutduranda, ilkinji aýdan sözüň henizem beýnimde ýaňlanyp dur.
— Ejem jan çaga bolup gujagyma doldy, görsene bu bagty.
Göwnüme bolmasa, seniň şol pursatdaky şatlygyň dünýäni tutuşlygyna mähre gaplapdy. Gyzjagazymyzyň dünýä inmegi mynasybetli tutulan toýda dogan-garyndaşlar, dost-ýarlar bolup arzyly desterhanyň başynda jemlenipdik. Mähirli gutlaglaryň, seniň joşup-joşup okan şygyrlaryň lezzeti bir başgady. Çünki sen şol bagtly pursatlardaky ýürek urgyňy şirin sözlere geçirip joşýardyň. Kalbyň çuňlugyndan çogup çykýan şygyrlar ýeke meni däl, oturanlaryň barynyň erkini alana meňzeýärdi. Seniň ilkinji perzendiňe guwanyşyň heniz ene mähriniň çuňlugyna doly düşünip ýetişmedik kalbymy heýjana salýardy. Indi men enedim.
“Her gün perzendine bagt dileýän, olary gyzgyn mähri bilen çoýýan ene-ata garramazmyş” diýýärler. Eger şeýle bolsa, biz garramaly däldik. Ýöne wagt biziň duşumyzdanam öz möhrüni basman geçmedi. Biz garradyk, özem toýumyzda edilen dilegler ýaly, gazygymyzda goşa garradyk. Bu uly bagt ahyry.
Ýatlamalar bir tarapdan, ýakymly bolsa-da, ikinji tarapdan, dünýäme talaň salýardy.
Maşgala durmuşyny, onuň süýji pursatlaryny birek-biregiň nazaryndaky uç-gyraksyz mähirden alyp, ony tutuş ömre ýetirip bolýandygyny duýmak üçin, öňi bilen öz ýüregiň mähirden doly bolmaly. Biziň durmuşymyzda hemme zat hut şeýledi, birek-birege mährimiz egsilmezdi. Sebäbi arzuwlar ikimizi bileje öz ummanyna gark edende, käbir kynçylyklar bilen gabatlaşsagam ejizlemändik. Gaýta her säherde daň şemalynyň çalýan mukamyna diň salyp, ajap duýgyny kalba guýýardyk. Onuň şirinligi bizi ezizläp, apalap aýnadýardy. Şeýdibem durmuşymyz durşuna lezzete öwrülipdi. Maşgala durmuşynyň bagtyýarlygy, onuň süýjüsi bu gün seni ýatlanymda, köňlüme kuwwat berýär. Bu seniň sönmez söýgiň, hiç mahal öçmejek mähriň kalbymda baky orun alanlygy üçindir.
Ilkinji perzendimizi durmuşa çykaranymyzda, uly arzuw bilen şu desterhany ýazypdyk. Biz muny edil biz ýaly, olaryň hem birek-birege hiç haçan söýgüsiniň egsilmezligini arzuwlap edipdik. Desterhanyň gözüňi gamaşdyryp barýan keşdeleriniň nepisligi göreni haýran edýärdi. Şonda myhmanlar ýaşlaryň bagtynyň hem edil öňlerine ýazylan desterhan ýaly owadan bolmagyny arzuwlapdylar.
Toýdan soň, gudalar bizi myhmançylyga çagyrdy. Saçak başyndaky gürrüň gyzanda guda garaşylmadyk sowaly orta atdy:
— Toýda ýaşlaryň öňüne ýazan saçagyňyzyň üýtgeşikligi bizi haýran etdi. Göwün güzerinden sünnälenen beýle ajaýyplygyň täzeligini ýitirmän saklapsyňyz.
— Biz toýumyzy talyp ýaşlaryň umumy ýaşaýyş jaýynda tutupdyk — diýip, men ýene-de ýatlamalaryň gatyny agtaryp ugradym. — Şonda deň-duşlarymyzyň uly arzuw bilen gowşuran sowgady ol. Biz ony yrym edip, ýaşlara-da biziňki ýaly agzybirlik nesip etsin diýen niýet bilen ýazdyk.
Gudamyz bir pursat sesini çykarman oturansoň, şeýle diýdi:
— Agzyňdan Hudaý eşitsin, guda jan. Biziň indiki toýumyz hem daşda däl. Oglumyň ekiz taýydygyn-a bilýäňiz. «Bir günde gyz çykaryp, ogul öýermäli» diýdik. Wepa öýlenensoň, indi gezek Mähriniňki. Wepa janyň toý saçagyny Mähri janyňkyda hem ýazaýsak diýýäs. Neneň görýäň, guda?
— Bolubilýä, guda. Bu saçagyň başynda gaty kän ýagşy dilegler edilendir. Ony Mähri janyň toýunda ýazyp, gaty gowy iş edersiň. “Ýagşy niýet — ýarym döwlet” diýipdirler.
Hawa, çagalarymyzyň ýaş toýundan başlap, märekelerimiziň ählisinde bu desterhan ýazylypdy. Ony ýene bir ýola mähir-söýgi bilen sypalap, sandyga saldym-da, hälki atlazy elime aldym.
Ýatlamalara çümüp oturyşyma gapynyň açylyp, agtyjagymyň ýanyma gelenini-de duýmandyryn. Ol sandykdaky atlazy görenden eline aldy-da:
— Waý, bu mataň owadanlygyny. Ene, muny maňa beräý-dä — diýdi. Birdenem onuň gözi saçaga düşdi. — Ene, bu owadan zatlary näme üçin sandykda saklaýaň? Men bu matadan owadan köýnek tikineýin. On sekiz ýaşamda uly toý ederis gerek? Ol meniň ýaş toýuma atamdan sowgat bolar.
Atasynyň haçandyr bir wagtlar enesine sowgat beren atlazyny boýuna deňäp, aýnanyň öňünde duran agtygymyň şatlygy göwnümi göterdi.
— Al, balam, nesip etsin! Ýaş toýuňa çenli tikingin. Bu saçagam ýaş toýuňda ýazyp, üstüni dürli nygmatdan doldurarys.