Ýar sowgady (hekaýa)
Aman bu günem ýykyldy. Ony öz deňemigi, Akýaýladan gelen pälwan ýigit ýykdy. Hernä göreş meýdany ýumşaksy bolansoň, kelemenläp, juda batly gaýtsa-da, Amanyň zeper ýeten ýeri bolmady. Ýykan pälwan ýigidiň daşyny bile gelen ýoldaşlary alyp duransoň, onuň golundan çekenem bolmady. Özi turdy, özi gaýtdy. Ol diňe köpçüligiň içinden bir ýaşulynyň: «Ýykylan göreşden doýmaz» diýipdirler, belki, indiki toýlarda ýykarsyň, ruhdan düşme» diýen göwünlik beriji sözlerini eşidip galdy.
Aman ýeke özi pikire çümüp ýatyşyna, düýnki toýda ýykylyşyny ýatlady. Ony ýene-de der basdy, howpurgatdy. Ol ýatakdaky goçlaryň birini tutagada, boýnuna hopba edip, howlynyň içinde aýakýalaň o ýan, bu ýan ylgady. Endam jany suw-sil boldy, ýumşady. Diňe şondan soň az-kem göwni göterildi.
Şeýdip aradan birnäçe gün geçdi. Birneme ýeňlişiň yzasy aýrylyşdy. Şol günleriň birinde-de goňşy obada — Goşaderekde toý bolýandygy, uludan göreş tutuljakdygy baradaky habar gulagyna degdi. Habary eşidendenem, sähel ikirjiňlenmän, göreşe taýýarlanmagy ýüregine düwdi.
Bu gezek Aman täzelikde esgerlikden gelen pälwan ýigit bilen billeşmeli boldy. Emin olary köpçülige tanyş edensoň, göreş başlandy. Iki pälwanam bir-birine emel baryny urdular. Bisabyrraklar olary: «Göreşip bilmeýän bolsaň, orta bir çykmaly däl-ä», «Ýykylmakdan gorkup, emel ulanybilmän durjak bolsaň, bärde işiň ýok» diýen ýaly gyjytly sözler bilen gyssamaga başladylar.
Näme üçindir Aman ol sözleri hut özüne aýdylýan ýaly duýdy. Ünsi sowuldy. Esasanam, soňky sözler degnasyna degip, ses çykan tarapa seretdi. Edil şol wagtam, ünsüniň sowlanyndan peýdalanan garşydaşy ony şeýle bir pyrlap goýberdi welin, Aman garşylyklaýyn emel ulanmaga-da ýetişmedi. Birhili, töwerek-daş pyrlandy-pyrlandy-da, Aman ýagyrnysyny ýere berdi ýatyberdi.
Nobatdaky bişowlugyň täsiri hiç bir zat bilen deňär ýaly bolmady. Ol indi özüne pälwan diýip ýüzlenmeklerini üstünden gülmek diýip hasap etdi. Hakykatda welin, her kim oňa duýgudaşlyk bilen seredýärdi. Şonuň bilen bir wagtda-da obadaşlary ondan entek-entek uly-uly ýeňişler hantamadylar.
Oglunyň halys ruhdan düşüp barşyna ýüregi ezilen ejesi bir gün halys jandurmazlyk edip oňa ýüzlendi:
— Balam, pälwan ýigide beýdip ýörmek aýyp bor! Pälwanlyk diňe ýeňiş däldir. Mertligem diňe ýeňiş bilen däl-de, ýeňlişi kabul etmegi başarmak bilenem kesgitlenýändir. Göreşdir bi, oglum. Edil durmuşdaky ýaly, şowly ýerem bolar, şowsuz ýerem. Onsoňam, entek seniň tejribäň ýetik däl-ä. Kakaňam pälwan adyny alyp, ýagyrnysy ýere degmez derejä ýetýänçä, kän şaty görendir. Ine, örüden gelse, özem gürrüň berer saňa. Beýdip oturyşyňy görse, ol halamaz. Şonuň üçinem öýden çyk, gezim et.
Aman ejesiniň aýdanlaryny sesini çykarman diňläp oturdy. Ejesi bir zat ýadyna düşen ýaly oňa seretdi.
— Aman jan, daýyňlara-da gidip gelmelidi welin… Şoňa özüň gidäýseň-ä gowy bordy — diýip, sakyndy. — Ýagdaýym ýok diýseňem, özüm gidäýmesem…
Her näçe islemese-de, Aman daýylaryna gitmäge boýun boldy. Munuň özüne ýetesi sebäbi-de bardy. Onuň sebäbi obanyň günorta çetinde ýaşaýan daýylarynyň öýleriniň golaýyndaky beýik çarbagly howludy. Has dogrusy, şol howluda ýaşaýan uzyn boýly, inçe billi, suraýy owadan gyzdy. Birki ýola salamlaşyp, şonçarak gezegem çalarak gürleşip görenini hasaba almasaň, Amanyň ol gyza dahylly ýeri ýokdy diýseňem boljak. Ýöne ýürege o zatlary düşündirip bolýamy?
Ol gyzyň maşgalasy ak öý ýasamak, torba-çuwal, haly-palas dokamak bilen meşgul bolýardy. Hut şonuň üçinem ol howla köpleriň işleri düşüp durýardy. Amanam olara bäş-alty gezek baryp gördi. Ol tanyşlaryndan ýa-da garyndaşlaryndan biriniň şol howla işiniň düşenini bildigi, kömek bahanasy bilen, oňarsa olara goşulyşyp giderdi. Ilkinji gezek şeýle haýyş bilen ýüz tutanlarynda, kyn görenem bolsa, ol öýdäki gyza gözi düşen pursatyndan soň ähli zat üýtgäpdi. Ine, şeýle saparlaryň şowly geçenlerinde-de Aman ol gyz bilen salamlaşyp ýa-da iki agyz söz atyşyp galardy.
Ýüreklerde yşk ody tutaşanda, diliň sözlemegine zerurlyk barmy näme?! Amanam ol gyza söýgi bildirip ýeke agyz söz aýtmasa-da, arada bir ataşyň tutaşandygyndan ýürekleriň ikisi-de habarlydy. Hatda soňky wagtlar bu ýagdaýy gyzyň ýeňňesi, Amanyň daşgynrak garyndaşy Ogulsadabam aňyp ýördi. Juwanlara guwanç bilen bakýan gelin bir gün onuň «janyny barlap görmek» maksady bilen bu barada sözem açdy. Ýigidiň hiç bir zady inkär etmän, çala ýylgyryp oňmagy bilenem ol köňlünde dörän gümany öz ýanyndan berkitdi goýberdi. Aman arzymanynyň adynyň Aýnadygynam şondan soň iň ýakyn hossaryna öwrülen garyndaşyndan — ol gyzyň ýeňňesinden eşidipdi.
Daýylarynyňka tarap barýan ýigidiň serinden dürli pikir gelip geçýärdi: «Ejem edil şu wagt daýymlary ýadyna saldy welin, ýa Aýnaly gürrüňden habarly bolup ýörmükä? Ogulsadap daýzam aýdaýdymyka ýa oňa?».
Oglan howlularynyň deňinden geçip barýarka, Aýna gelnejesi bilen ak öýüň gamşyny dokap durdy. Gyzyň işden ünsüniň sowlup, säginenini görüp, bir üýtgeşikligi aňan ýeňňesi köçe tarapa seredende, Amana gözi düşüp, çalaja ýylgyrdy.
Tutuş obanyň gürrüňi şol bolar-da, pälwan ýigidiň yzly-yzyna iki ýola uçran şowsuzlygy Aýna gyza ýetmezmi?! Esasanam, ol Amanyň sussunyň basylyp, göreşden tutuşlaýyn ýüz öwrüp ýörendigini eşidende, öz ýanyndan oňa garaçyny bilen duýgudaşlyk edipdi. Nähilidir bir ýol bilen ony goldasy gelipdi. Ýöne nädip?
Baldyzynyň ýüregini okamagy soňky wagtlar mazaly öwrenen Ogulsadap ahyrsoňy onuň diliniň daňysyny çözdürdi. Gyz ýüregini açdy. Şeýdibem olar öz ýanlaryndan maslahat biçdiler.
Daýysynyňkydan gaýdyp gelende öýlerinde Ogulsadap gelniň bardygyny gören Aman haýran galdy. Ogulsadap aýak üstünden sowlansyran bolsa-da, habarlyja gelendigini üm bilen mälim etdi. Ol Amana owadan gülli elýaglygy uzatdy.
— Kimdendigin-ä aýdybam oturjak däl. Ýörite iberdi. «Göreşe çykanda ýanynda bolsun» diýdi.
Oglan şondan soňky günleriň nädip geçýänini-de duýanokdy. Onuň bar pikiri çaltrak toý bolup, göreşe çykmak baradady. Şonuň üçinem ol çynlakaý taýýarlyk görüp başlady.
Goňşy obadaky Araz çopanyň toýunda Amanyňam göreş tutjakdygy baradaky habary her kim bir hili kabul etdi. Kimler onuň ýeňjegine ynansa, Amandan baýrak tama etmeýänlerem az däldi…
…Aman pälwan göreşe çykmazdan öň jübüsine elini sokdy. Ak gyzyň ak arzuw, päk niýet, gyzgyn söýgi bilen beren elýaglygyna eli degip, güýjüne güýç goşulan ýigit ynamly ädimler bilen orta çykdy. Ýar sowgadyndan süňňüne ornaýan täsin güýç Amanda üýtgeşik, düşündirip bolmajak täsir döredýärdi. Onuň çäksiz ynamdan doly, ýanyp duran gözlerine gözi düşen garşydaşynda nähilidir bir gowşaklyk emele gelen ýaly boldy. Aman bu bolşa hiç düşünmän duran garşydaşynyň guşagyndan mäkäm tutdy-da, bilini üzülere getirip, şatyrdadyp özüne çekdi.
Obadaşlarynyň ýeňiş gazanandygy baradaky habar agşama galman Aýna gyzdyr Ogulsadap gelniňem gulagyna ýetdi.