Baý kakam, garyp kakam — Robert KIÝOSAKI (1 bölek)

Baý kakam, garyp kakam - Robert KIÝOSAKI (1 bölek)

Robert KIÝOSAKI,
amerikan ýazyjysy

GIRIŞ

Meniň iki — baý we garyp kakam bardy, ýöne men olaryň gapma-garşylykly pikirlerini saýgarmagy başarardym.

Meniň iki sany kakam bardy: baý we garyp. Olaryň biri örän sowatly we akylly bolup, onuň doktorlyk derejesi bardy. Ol dört ýyllyk bakalawr kursuny iki ýylda tamamlapdy. Şondan soň Stenford, Çikago we Demirgazyk-Günbatar uniwersitetlerinde okap, diplomdan soňky bilimlerini döwletiň hasabyna aldy. Beýlekisiniň bolsa sekiz synp bilimem ýokdy.

Olaryň ikisem tutuş ömrüne işläp, üstünlik gazanan adamlardy, ikisem köp gazanýardy. Ýöne olaryň biri maliýe ýetmezçiliginden kösenýän bolsa, beýlekisi Gawaýanyň iň baý adamlarynyň birine öwrüldi. Olaryň biri onlarça million dollary maşgalasyna, hemaýat ediji guramalara hem-de ybadathanalara goýup giden bolsa, beýlekisi özünden soň tölenmedik hasaplary galdyrdy.

Olaryň ikisem gujurly, mähirli, adamlaryň hormatyny gazanan adamlar bolup, ikisem maňa maslahat berýärdi, ýöne olar dürli-dürlüdi. Olaryň ikisem bilime uly ähmiýet berýärdi, ýöne hersiniň öz makullaýan sapaklary bardy.

Eger meniň diňe bir kakam bolan bolsa, onda men onuň maslahatyny kabul etmeli ýa-da ýüz döndermeli bolardym. Ýöne meniň iki — baý we garyp kakam bardy, şonuň üçinem men olaryň gapma-garşy pikirlerini saýgarmagy başarardym.

Men olaryň aýdýan zatlaryny ýöne bir kabul etmän ýa-da ýüz döndermän pikirlenerdim hem-de deňeşdirip, özbaşdak netije çykarardym. Ýöne bir mesele bardy — ol wagtlar baý kakam-a baýap ýetişmändi, garyp kakam bolsa garyplaşyp. Olaryň ikisem ýaňy işe başlap, maşgalalaryny eklemelidi, ýöne olaryň pula bolan garaýyşlary aýry-aýrydy.

Meselem, olaryň biri: «Ähli bela-beter pula bolan söýgüden başlanýar» diýýän bolsa, beýlekisi: «Ähli bela-beter puluň ýoklugyndan başlanýar» diýerdi.

Çagalykda iki sany abraýly adamyň golastynda ýaşamak maňa gaty kyn düşdi. Men akylly, gulak asyjy ogul bolasym gelýärdi, ýöne olar gapma-garşy zatlary aýdýardy. Olaryň nukdaýnazary, aýratynam, pul babatda şeýle bir hil-hildi welin, men olaryň aýdýan zatlaryna düşünesim gelip gaty kän pikirlenerdim.

Men öz-özümden: «Näme üçin ol beý diýýär?» diýip sorardym, soňra bolsa beýleki kakamyň sözlerini ýatlap, ýene özüme şonuň ýaly soragy bererdim. «Hawa, ol mamla. Men munuň bilen razylaşýan» ýa-da beýlekiň sözlerini ret edip: «Garrynyň aňkasy aşypdyr, ol näme diýýänini bilenok» diýmek, elbetde, aňsatdy. Ýöne olara bolan söýgim meni pikirlenmäge mejbur etdi hem-de özbaşdak netije çykarmakda bu maňa ullakan kömek etdi.

Baý adamlaryň gün-günden baýaýanlygynyň hemem garyp we ortaça ýaşaýan adamlaryň hiç wagt bergiden çykyp bilmeýänliginiň sebäpleriniň biri — olara pul baradaky bilimi mekdepde däl-de, öýde berýärler. Biziň köpimiz pula nähili çemeleşmelidigimizi ene-atamyzdan öwrenýäris. Ýöne garyp adam pul barada öz çagasyna näme öwretsin? Ol ýöne: «Mekdebe git-de, gowuja oka» diýmek bilen çäklenäýýär. Çaganyň mekdebi iň oňat bahalar bilen tamamlamagy mümkin, ýöne onuň pul babatdaky pikiri garyp adamyňky ýaly bolar.

Gynansagam, mekdep çagalara pul barada bilim berenok. Mugallymlar çagalara teoretiki hem hünär ylymlaryny öwredýär. Ine, şonuň üçinem gowy bank işgärleri, lukmanlar hemem ykdysadyýetçiler mekdepde gaty gowy okan hem bolsalar, bütin ömürlerine pul ýetmezçiliginden kösenmekleri mümkin. Iňňän sowatly syýasatçylar hem-de döwlet emeldarlary pully meseleleri çözýän hem bolsalar, olaryň pul barada hiç hili diýen ýaly ýa-da bütinleý düşünjeleri ýokdur.

Adamyň pikirleriniň güýjüni ölçäp ýa-da baha kesip bolanok, ýöne pikirleriňe hem-de aýtjak gepiňe üns bermegiň möhümdigini men eýýäm kiçiligimden düşündim. Garyp kakamyň pese düşmeginiň sebäbi onuň gazanjynyň mukdarynda däl (ol gaty köp pul gazanýardy), bu onuň pikirlerinde hem hereketinde.

Men şu günler, köplenç, maddy we lukmançylyk kömegi ýetmezçilik edýän millionlarça adamyň pikirini edýärin. Olar öz maşgalasyna hem-de döwlete garaşly ýaşaýarlar. Ýöne birden lukmançylyk hem-de pensiýa gaznasynyň puly gutaraýsa näme? Pul barada bilim almadyk çagalar hojalygy nädip dolandyrsyn?

Men iki sany adamyň elinde ulalyp, olaryň ikisindenem tälim aldym. Olaryň ikisiniňem pikirini diňläp, netijede, adamyň pikirleriniň durmuşyna nähili täsir edýändigini bildim. Meselem, olaryň biri: «Men muny özüme alyp bilmerin» diýerdi. Beýlekisi bolsa, hatda şol sözleri agzamagam gadagan ederdi. Ol: «Men muny nädip özüme alyp bilerin?» diýmegi öwrederdi. Sebäbi birinjisi — şol sözlem adamynyň aňynda berkeýär, ikinjisi sorag döredýär. Birinjisi — adamyny gowşadýar, ikinjisi bolsa, pikirlenmäge mejbur edýär.

Geljekki baý kakam muny şeýle düşündirerdi: «Men muny özüme alyp bilmerin» diýen adamyň aňy awtomatik ýagdaýda öçýär». Baý kakam ähli zady yzly-yzyna satyn almalydygyny aýdanok-da, aňyňy — dünýäniň iň beýik kompýuterini işletmegi öwredýärdi. Ol şeýle diýmegi gowy görerdi: «Meniň aňym gün-günden güýçlenýär, sebäbi men ony her gün türgenleşdirýärin. Ol näçe güýçli bolsa, men şonça-da köp pul gazanaryn». «Men muny özüme alyp bilmerin» diýen sözlemiň diňe ýalta adamlaryň agzyndan çykjagyny ol aýdardy.

Olaryň ikisem köp işleýärdi, ýöne gürrüň pully zatlar barada gidende olaryň biri beýnisini türgenleşdirip ugraýardy, beýlekisi bolsa ukladýardy. Wagtyň geçmegi bilen, olaryň biri baýamak bilen boldy, beýlekisi bolsa garyp düşdi. Wagtyny uzakly gün türgenleşik zalynda geçiren adam bilen telewizoryň başynda oturan adam muňa mysal bolup biler. Fiziki maşklaryny dogry ulanmak adamyny sagdyn edýär hemem akyl taýdan kämilleşdirýär.

Olaryň dünýägaraýşy aýry-aýrydy. Olaryň biri: «Garyplaryň aladasyny eder ýaly baýlardan salgydy köp almaly» diýýän bolsa, beýlekisi: «Salgyt — bu işleýänler üçin jeza, hiç zat öndürmeýänler üçin bolsa sylag» diýýärdi.

Olaryň biri: «Yhlas edip oka, onsoň sen gowy kärhanada işlärsiň» diýýän bolsa, beýlekisi: «Yhlas edip oka, onsoň sen gowy kärhanany satyn alarsyň» diýýärdi.

Olaryň biri: «Men baý däl, sebäbi meniň çagalarym — siz bar» diýýän bolsa, beýlekisi: «Men baý bolmaly, sebäbi meň çagalarym — siz bar» diýýärdi.

Olaryň biri pul barada gürlemegi gowy görerdi hem-de işleri barada nahar başynda gürleşerdi, beýlekisi bolsa nahar başynda bu barada gürleşmegi hem gadagan ederdi.

Olaryň biri: «Pul bilen seresap çemeleş, töwekgellik etme!» diýýän bolsa, beýlekisi: «Töwekgellik et-de, öwren!» diýýärdi.

Olaryň biri: «Biziň öýümiz — bu biziň iň uly baýlygymyz hemem iň uly aktiwimiz» diýýän bolsa, beýlekisi: «Meniň öýüm — bu passiwim. Eger öýüňi iň uly baýlygyň hasap edýän bolsaň, diýmek, seniň işiň gaýdypdyr» diýýärdi.

Olaryň ikisem hasaplaryny wagtynda töleýärdi, ýöne olaryň biri birinji nobatda töleýän bolsa, beýlekisi iň soňunda töleýärdi.

Olaryň biri özi barada elmydama kärhana ýa-da döwlet alada etmelidir öýdýärdi, şonuň üçinem elmydama ýokary aýlykly iş, pensiýa gaznasy, lukmançylyk ýeňillikleri we şuňa meňzeş zatlar barada gyzyklanardy. Ol iki sany daýysynyň ýigrimi ýyl goşunda gulluk edip, ähli ýeňillikler bilen dynç alşa çykandygy barada begençli gürrüňler ederdi. Oňa goşun gullugynyň öz adamlaryna lukmançylyk ýeňilliklerini döredýändigi hemem ýörite dükanlarda arzan bahadan gerek-ýarak zatlaryny berýändigi örän ýaraýardy. Oňa uniwersitetiň möhletsiz şertnama baglaşýandygy guwandyrýardy. Käwagtlar, göwnüme bolmasa, ömürlik iş bilen üpjün edilmegi hemem ýeňillikler oňa işindenem möhüm ýaly bolup görünýärdi. Ol, köplenç, şeýle diýerdi: «Men janymy aýaman döwlet üçin zähmet çekýärin, şo sebäpli men bu ýeňilliklere mynasyp».

Beýlekisi bolsa maliýe taýdan bütinleý garaşsyz bolasy gelýärdi. Ol adamlary garyp durmuşda saklaýan, ejizledýän düşünjeler bilen ylalaşanokdy. Ol adama maliýe taýdan doly ygtyýarlygyň gerekdigini aýdardy.

Olaryň biri kynlyk bilen birnäçe dollar toplan bolsa, beýlekisi puluny elmydama girdeji getirýän zatlara goýardy. Olaryň birinjisi gowy iş tapynarym ýaly ynandyryjy hat ýazmagy öwredýän bolsa, ikinjisi beýleki adamlara iş orunlaryny tapyp bererim ýaly, telekeçiligi hem pul gazanmagyň meýilnamalaryny öwredýärdi.

Iki sany abraýly adamyň golastynda men adamyň pikirleriniň durmuşyna nähili täsir edýändigini bildim. Dogrudanam, adam öz pikirleri arkaly durmuşyny gurnaýar, ony galyba salýar.

Meselem, garyp kakam hemişe şeýle diýerdi: «Men hiç wagt baý bolmaryn». Dogrudanam, onuň öňdengörüjiligi wagtyň geçmegi bilen berjaý boldy.

Tersine, baý kakam hemişe özüni baý hasaplap, şeýle diýerdi: «Men baý adam, baýlar bolsa beýle hereket etmeýär».

Maliýe şowsuzlygyna uçrap, bütinleý lüt galanda-da, ol özüni baý hasaplaýardy hem-de muny şeýle düşündirerdi: «Tozmaklyk bilen garyplygyň aratapawudy bar. Tozmaklyk — wagtlaýyn ýagdaý, garyplyk bolsa — hemişelik».

Mundan başga, garyp kakam, köplenç, şeýle diýerdi: «Meni pul gyzyklandyranok» ýa-da «Gep pulda däl». Baý kakam bolsa şeýle diýerdi: «Pul — bu hökmürowanlyk».

Adamyň pikirleriniň güýjüni ölçäp ýa-da baha kesip bolanok, ýöne pikirleriňe hem-de aýtjak gepiňe üns bermegiň möhümdigini men eýýäm kiçiligimden düşündim. Garyp kakamyň pese düşmeginiň sebäbi onuň gazanjynyň mukdarynda däl (ol gaty köp pul gazanýardy), bu onuň pikirlerinde hem hereketinde.

Çagalykdan ikisiniňem terbiýesini alanam bolsam, men olaryň haýsyna — baý kakama ýa-da garyp kakama gulak asjagymy bilemokdym. Olar ylymdyr bilime hormat goýýanam bolsa, okuw babatda düşünjeleri aýry-aýrydy. Olaryň biri meniň gowy okanymy, ýokary bilim alanymy hem-de pul gazanmak üçin gowy iş tapanymy, ýagny aklawçy, buhgalter ýa-da iş dolandyryjy bolanymy isleýärdi. Beýlekisi bolsa baý bolmak, puluň nähili hereket edýänini bilmek hem-de ony nädip özüňe işletmäge mejbur etmelidigini öwrenmek üçin okamagy maslahat berýärdi-de, köplenç, şu sözleri gaýtalaýardy: «Men pul üçin işlämok! Pul maňa işleýär».

Garyp kakam atly, derejeli adam bolsa-da, men dokuz ýaşanymdan soň baý kakama gulak asmagy hem-de onuň pul barada bilýän ähli zadyny bilmegi karar edindim.

ROBERT FROSTYŇ BEREN SAPAGY

Robert Frost meniň gowy görýän şahyrym. Maňa onuň goşgulary ýaraýar, ýöne olaryň içinde meniň iň gowy görýän goşgym bar. Men ony her gün diýen ýaly aňymda gaýtalaýaryn, sebäbi ol maňa ýol görkezýär.

Beýleki ýol

Güýzügen tokaýyň ýol aýrydynda,
Aýak çekdim, oýa batyp birsalym.
Dünýe nähili giň, goşa ýol öňde,
Ýöne nädip ikä bölneýin munda,
Çözübilmän durdum tutup gursagym.

Pikire batyp, saýladym men sag ýoly,
Görsem, gür tokaýlyk. Biraz üýşendim.
Göýä, adam aýak sekmedik ýaly,
Ot basan ýodalar — tokaý ahwaly,
Gözlerim doýmady täsin öwşünden.

Ümürsöw ýollarda güýzän agaçlar,
Sary teňňe deýin dökýär ýapragyn.
Ätiýaçda goýsamam beýleki ýollar,
Hyýalymda oýlanyp şol mahallar,
Indi oňa barmajagmy duýýaryn.

Haçan-da birwagt muny ýatlamda —
Güýzüň uzakda galan şol ertirin.
Ol mahal başga-da ýol bardy öňde,
Ýöne men şol ýoly saýlapdym şonda,
Bu bolsa çözüpdi soňky takdyrym.

Men bu goşgy barada, köplenç, pikirlenýärin. Iňňän sowatly kakamyň pul barada aýdýan maslahatlaryny diňlemezlik maňa gaty ýokuş degýärdi, ýöne meniň gelen kararym tutuş durmuşymy üýtgetdi.

Kime gulak asmalydygy barada karara gelenimden soň, men maliýe bilimini alyp ugradym. Baý kakam meni otuz ýyl — tä otuz dokuz ýaşym dolýança okatdy. Ol muny diňe men ähli zady özleşdirenimden soň bes etdi.

Pul — bu arzuwlaryňy amala aşyrýan güýçleriň biridir, ýöne maliýe bilimi has uly güýç. Pul gelýärem, gidýärem, ýöne onuň nähili hereket edýändigi size mälim bolsa, onda ony dolandyryp, baý bolup bilersiňiz. Diňe pozitiw pikir edeniň ýeterlik däl, sebäbi adamlaryň aglabasy mekdepde berilýän bilimden puluň nähili hereket edýändigini bilenok hemem bütin ömürlerini işläp geçirýärler.

Baý kakam meni okadyp ugranda dokuz ýaşymdadym, şonuň üçinem onuň sapaklary maňa gaty aňsat göründi. Meniň otuz ýylda okan zatlarymyň düýp özenini alsaň, ony, esasan, alty bölüme bölmek bolar. Edil baý kakamyň edişi ýaly, men olary bu kitapda ýönekeýje dilde beýan etmäge çalyşdym. Olarda soraglara jogap ýok-da, umumy görkezmeler bar. Bu üýtgäp durýan birahat dünýäde nämeleriň bolýandygyna garamazdan, olar sizi hem-de çagalaryňyzy baýatmaga kömek eder diýip umyt edýärin.

BIRINJI BAP

BAÝLAR PUL ÜÇIN IŞLÄNOK

Garyplar we ortatap adamlar pul üçin işleýär. Baýlar bolsa puly özüne işlemäge mejbur edýär.

— Kaka, aýtsana, nädip baý bolmaly?

Kakam elindäki gazeti goýdy.

— Oglum, näme üçin seniň baý bolasyň gelýär?

— Sebäbi şu gün Jimmiň ejesi özüniň täzeje «Kadillagy» bilen geldi-de, dynç günlerini deňziň kenaryndaky öýlerinde geçirmek üçin maşgalasyny alyp gitdi. Jimmi özüniň üç sany dostunam alyp gitdi, Maýk ikimizi bolsa çagyrmadam, sebäbi biz garypmyşyk.

— Dogrudanam? — diýip, kakam ynanmady.

— Hawa, çynym — diýip, men öýkeli gürledim.

Kakam gürlemän başyny ýaýkady-da, äýnegini gowulap, ýene gazet okamaga oturdy. Men «Ol näme jogap bererkä» diýip garaşýardym.

1956-njy ýyldy. Men dokuz ýaşymdadym. Umuman, men baýlaryň çagalary bilen bir mekdebe gatnamaly boldum. Biziň şäherimiz şekerçiňrik ekilýän sebitde ýerleşýärdi. Şekerçiňrik meýdanynyň iş dolandyryjysy we beýleki öňdebaryjy ýaşaýjylar — lukmanlar, söwdagärler hemem bankçylar — öz çagalaryny birinji alty ýyllykda şol mekdebe bererdiler. Biziň maşgalamyz köçäniň şo gapdalynda ýaşaýardy hem-de şol mekdebe degişlidi, şonuň üçinem men hem şol mekdepde okamaly boldum. Eger men köçäniň beýleki tarapynda ýaşan bolsam, onda başga mekdebe — özüm ýaly maşgalalaryň mekdebine gitmeli bolardym. Altynjy synpdan soň menem, beýleki çagalaram okuwlaryny döwlet mekdebinde dowam etdirdiler. Biziň üçin aýratyn mekdep ýokdy.

Ahyrsoňy kakam gazetini bir gapdalynda goýdy. Onuň pikir edýänligi bildirýärdi.

— Aý, näme, oglum — diýip, ol ýuwaşlyk bilen söze başlady. — Eger baý bolasyň gelýän bolsa, onda sen pul ýasamagy öwrenmeli bolarsyň.

— Puly nädip ýasamaly? — diýip, men sorag berdim.

— Özüň pikirlen — diýip, ol ýylgyrdy.

Bu onuň: «Men saňa başga hiç zat aýdyp biljek däl, onuň jogabyny özümem bilemok, şonuň üçinem meni gysaja salma» diýdigidi.

ILKINJI HYZMATDAŞLYK

Ertesi irden kakam bilen bolan gürrüňi iň gowy dostum Maýka aýtdym. Öz bilşime görä, Maýk ikimiz mekdepde ýeke-täk garyp maşgaladandyk. Olam edil meniň ýaly bu mekdebe tötänden düşüpdi. Kimdir biri etrabyň içinden mekdebiň serhedini çekdi, şeýdibem biz baýlaryň mekdebinde peýda bolduk. Hakykatda biz garyp däldik, özümiz şeýledir öýdýärdik, sebäbi beýleki oglanlaryň täze beýsbol ellikleri, täze tigirleri, umuman, ähli zatlary täzejedi.

Ejemiz bilen kakamyz zerur zatlaryň ählisini — iýmit, geýim, ýatmaga ýer berýärdi, ýöne şondan artyk zadymyz ýokdy. Kakam, köplenç, şeýle diýerdi: «Eger bir zatlar edinmek isleýän bolsaň, muny özüň gazan». Men köp zat isleýärdim, ýöne dokuz ýaşly çagany kim işe alsyn?

— Ýeri, puly nädip ýasarys? — diýip, Maýk sorady.

— Bilmedim — diýip, men jogap berdim. — Meniň şärikdeşim bolasyň gelýärmi?

Ol razylaşdy, şeýdibem şol gün irden meniň ilkinji hyzmatdaşym peýda boldy. Şol gün biz uzak wagtlap «Nädip pul ýasap bolarka?» diýip pikir etdik. Käwagtlar bolsa Jimminiň kenarýakasyndaky öýünde hezil edip dynç alýan «baýlary» ýatlaýardyk. Bu bolsa bize agyr degýärdi, ýöne munuň bir gowy tarapy bardy, ol bizi baýamaklyga ruhlandyrýardy. Ahyry günortadan soň bir pikiriň üstünde durduk. Muny haçan-da birwagt Maýk ylmy kitapdan okapdyr. Biz uly şatlyk bilen bir-birege göz gypyşdyk. Ahyrsoňy şärikdeşlere etmäge iş tapyldy.

Biz birnäçe hepdeläp etrapdaky ýaşaýjylaryň gapylaryny kakyp, olardan boşan diş ýuwujy serişdesiniň gaplaryny özümiz üçin goýmaklaryny haýyş etdik. Ulular ilki muňa geň galdy, soňra bolsa ýylgyryp razylaşdylar. Olaryň käbiri biziň näme etmekçi bolýanymyzy soraýardy, biz bolsa şeýle jogap berýärdik: «Biz muny aýdyp bilmeris. Bu söwdanyň syry».

Basym ejem biynjalyk bolup ugrady, sebäbi biz odur-budur goýmak üçin ammar hökmünde onuň kir ýuwýan maşynynyň gapdalyndaky gapyrjagy saýlap alypdyk. Indi bolsa onuň çüýşe goýýan karton gapyrjagy ulanylan diş ýuwujy serişdesinden doludy.

Ahyrsoňy hapalanan, mynjyran diş ýuwujy serişdelerinden bizar bolan ejemiň sabyr käsesi doldy.

— Siz näme bilen meşgullanýaňyz? — diýip, ol gygyrdy. — Maňa «Bu söwdanyň syry» diýjek bolmaň-da, derrew zatlaryňyzy bärden ýok ediň, ýogsa-da özüm zyňyşdyraryn.

Ýene birnäçe goňşymyzyň diş ýuwýan serişdesi gutarsa, basym önümçilik üçin ýeterlik çig malymyzyň boljakdygyny aýdyp, Maýk ikimiz ejeme ýalbardyk. Ejem rehim edip, bize ýene birnäçe hepde möhlet berdi.

Ejemiň ammary sebäpli ilkinji duýduryşy aldyk, şonuň üçinem önümçiligi tizleşdirmeli bolduk: indi Maýk goňşulara dişlerini basym-basymdan ýuwmagy maslahat berýärdi, men bolsa boşan gaplary çöpleýärdim.

Ajaýyp günleriň birinde kakam bir ýoldaşy bilen öýümize geldi hem-de önümçilik bilen meşgullanýan iki sany oglanjyga gözi düşdi.

Tutuş töwerek ap-ak tozandy, uzyn stoluň üstünde süýtden boşan kagyz gutular bardy, çişlik bişirilýän maňňalda bolsa ot ýanyp durdy.

Kakam ýuwaşlyk bilen bize golaýlaşdy. Ol ulagyny jaýyň öňünde goýmaly boldy, sebäbi garaža barýan ýoly biziň iş ýerimiz tutup durdy. Ol dosty bilen oduň başyna baryp, çoýun gaby, onda bolsa diş serişdesiniň gaplarynyň eräp durandygyny gördi (ol wagtlar diş pastasy plastmas gaplara däl-de, gurşun gaplara gaplanardy). Biz olaryň reňklerini ýakýardyk, soňra çoýun gapda eredip, ejemiň ätişgiri bilen süýt kagyz gutularynyň kiçijik deşiklerinden guýardyk.

Haltada alebastr bardy. Men gyssanyp haltany beýlesine öwrenimde, ondan dökülen alebastrlar daş-töweregi akja gar ýaly bezäpdi. Biz oňa suw garyp, metal guýar ýaly galyp ýasapdyk.

Kakam bilen dosty biziň gurşun erginlerini galyplara guýşumyzy synlaýardy.

— Seresap bol — diýip, kakam aýtdy.

Men oňa seretmän başymy ýaýkadym.

Ahyry işlerimizi tamamladyk, men çoýun gaby ýerinde goýup, kakama ýylgyryp seretdim.

Olam maňa ýylgyryp seretdi-de, ýuwaşlyk bilen:

— Oglanlar näme edýäňiz? — diýip sorady.

— Biz seniň aýdan zadyňy edýäs. Biz baýamak isleýäris — diýip, men jogap berdim.

— Hawa — diýip, Maýk başyny ýaýkap gülümsiredi. — Biz şärikdeş.

— Bu alebastr galyplarynda näme bar? — diýip, kakam gyzyklandy.

— Seresap bol — diýip, men aýtdym. — Munuň gaty gowy bolandygyna jedelem edip biljek.

Men elime kiçijik çekiç alyp, galyplaryň birleşýän ýerine kakdym-da, ikä böldüm. Onuň içinden şaýylyk gaçdy.

— Eý, Hudaý! — diýip, kakam gygyrdy. — Siz gurşundan şaýylyk ýasaýaňyzmy?

Kakamyň dosty oňa tarap öwrüldi-de, hahahaýlap güldi. Kakam ýylgyryp başyny ýaýkady-da, nazaryny ýanyp duran oda, diş serişdesi atylan gapyrjaga hem-de ak tozana bürenen iki sany özüne göwni ýetýän oglanjyklara aýlady.

Kakam işimizi goýmagy hem-de eýwana geçip oturmagy haýyş etdi. Soňra bolsa galp pul çykarýan adamlaryň kimdigi barada sabyrlylyk bilen düşündirip ugrady.

Biziň arzuwymyz puç bolupdy.

— Siz: «Bu bikanun» diýmekçi bolýaňyzmy? — diýip, Maýk sandyraýan sesi bilen sorady.

— Goý, oýnasynlar — diýip, kakamyň dosty aýtdy. — Belki, bularda tebigy zehin bardyr.

Kakam oňa gaharly seretdi.

— Hawa, bu bikanun — diýip, ol ýuwaşlyk bilen aýtdy. — Ýöne siz, oglanlar, öz döredijilik başarnygyňyzy hem-de özboluşly pikiriňiziň bardygyny görkezdiňiz. Şunuň ýaly dowam ediberiň. Men, dogrudanam, size buýsanýaryn!

Maýk ikimiz göwnümiz galan halda ýigrimi minut dagy gürlemän oturdyk, soňra bolsa yzymyzy ýygnamaga durduk. Önümçilik kärhanamyz açylan güni ýapylypdy. Ak tozany süpürip durşuma, men Maýka seredip şeýle diýdim:

— Hawa. Jimmi bilen onuň dostlary mamla bolsa gerek. Biz, dogrudanam, garyp adamlar.

Şol pursat kakam bärden gidip barýardy.

— Çagalar — diýip, ol bize tarap gygyrdy. — Siz diňe boýun bolan pursadyňyz garyp galarsyňyz. Adamlaryň köpüsi baýlyk barada ýöne gürleýär we arzuw edýär. Siz bolsa munuň üçin bir zatlar etdiňiz. Gaýtalaýan: men size örän buýsanýaryn. Saklanmaň-da, işiňizi dowam ediberiň.

Maýk ikimiz sesimizi çykarmadyk. Bu sözleri eşitmek ýakymlydy, ýöne mundan beýläk näme etmelidigini bilemzokdyk.

— Näme üçin sen baý däl, kaka? — diýip, men soradym.

— Sebäbi men mugallym bolmak isledim. Mugallymlar bolsa baýlygyň arzuwyny etmeýär, bize diňe okatmak ýaraýar. Men size kömek edesim gelýär, ýöne hakykatda puly nädip ýasamalydygyny özümem bilemok.

Maýk ikimiz ýene-de hapalan ýerlerimizi ýygnaşdyrmaga durduk.

— Bilýäňizmi näme — diýip, kakam sözüni dowam etdi. — Eger siziň baý bolasyňyz gelýän bolsa, ony menden soramaň. Maýkyň kakasy bilen gürleşiň.

— Meniň kakam bilen? — diýip, Maýk geň galyp, ýüzüni çytdy.

— Hawa, seniň kakaň bilen — diýip, kakam ýylgyryp durşuna jogap berdi. — Kakaň ikimiziň bankçymyz bir, ol bolsa seniň kakaňy dilinden düşürenok. Seniň kakaň gaty gowy pul gazanýandygyny ol maňa telim gezek aýtdy.

— Meniň kakammy? — diýip, Maýk ynanmady. — Onda näme üçin mekdepdäki beýleki oglanlaryňky ýaly biziň owadan ulagymyz bilen ullakan öýümiz ýok?

— Gowy ulag bilen ullakan öý adamyň baýdygyny ýa-da pul ýasap bilýändigini aňladanok — diýip, kakam jogap berdi. — Jimminiň kakasy şekerçiňrik meýdanynda işleýär. Dogrusy, ol menden azajyk tapawutlanýar, ol kärhana işleýär, men bolsa — döwlete. Kärhana oňa ulag satyn alyp berdi. Ýöne häzir kärhanada pul meselesi ýüze çykdy, şonuň üçinem basym Jimminiň kakasynyň hiç zady galmaz. Seniň kakaň welin beýle däl, Maýk. Meniň pikirimçe, ol öz imperiýasyny gurýar hemem, göwnüme bolmasa, birnäçe ýyldan ol örän baý bolar.

Onuň sözleri ýene-de Maýk ikimizi öjükdirdi. Onsoň biz täze güýç bilen hapalan ýerlerimizi ýygnaşdyryp ugradyk hem-de Maýkyň kakasy bilen haçan gürleşmelidigi barada özara pikir alyşdyk. Mesele nämede diýseňizläň, ol köp işleýärdi, şonuň üçinem öýüne giç gelýärdi. Onuň ammarlary, gurluşyk kärhanasy, birgiden dükanlary hemem üç sany restorany bardy. Ine, şol restoranlar sebäpli hem ol öýüne giç gelerdi.

Daşaryny ýygnaşdyryp bolanymyzdan soň, Maýk awtobusa münüp, öýlerine gaýtdy. Ol şol gün agşam kakasynyň ýanyna baryp, bize baý bolmagy öwretmek barada gürleşmelidi hem-de wagt näçe gijem bolsa, ýatmazyndan öň jogabyny aýtmalydy.

Onuň ýarynda telefon jyňňyrdady.

— Ýagşy, indiki şenbede görşeris — diýip, men telefony goýdum.

Maýkyň kakasy biz bilen duşuşyp, gürleşmäge razy bolupdyr.

Şenbe güni, irden sekiziň ýarynda men awtobusa münüp, Maýklara tarap ýola düşdüm.

OKUWLAR BAŞLANÝAR

Maýk ikimiz irden sekizde onuň kakasy bilen duşuşmalydyk. Onuň ýany adamlydy, ol eýýäm bir sagat gowrak wagt bäri iş bilen meşguldy. Men olaryň uly bolmadyk öýlerine gelenimde, olardan gurluşygyň başlygynyň pikap ulagy çykyp gitdi. Maýk meni girelgede garşy aldy:

— Kakam telefonda gürleşýär, ol bize öýüň yzky eýwanynda garaşmagy aýtdy — diýip, gapyny açyp durşuna habardar etdi.

Men bosagadan ätledim hem-de köne öýüň jygyldaýan poluna aýagymy basdym. Girelgede bolgusyzja haly bardy. Ol birnäçe ýyl bäri adamlaryň gatnap-gatnap, çyzym-çyzym eden polunyň üstüni örtýärdi. Haly arassady, ýöne täze däldi.

Biz insizje zala girdik, onuň içi könelişen ýumşak mebelden doly bolup, häzir olar antikwariat hasaplanýardy. Diwanyň üstünde ejemden biraz ulurak iki sany zenan otyrdy. Olaryň garşysynda iş geýiminde bir erkek kişi bolup, onuň gowy edilip ütüklenen balagy, goňrasrak ýaşyl reňkli köýnegi hem-de gowy arassalanan aýakgaby bardy. Daş keşbinden çen tutsaň onuň, takmynan, kyrk bäş ýaşy bolup, kakamdan on ýaş dagy uludy. Maýk ikimiz aşhana, ondanam jaýyň yzky böleginde ýerleşýän eýwana geçip barýarkak, olar bize ýylgyryp seretdi. Men jogap hökmünde utanjaňlyk bilen olara ýylgyryp seretdim.

— Olar kim? — diýip, men soradym.

— Olar kakamyň elinde işleýär. Erkek kişi ammarlara ýolbaşçylyk edýär, aýallar restoranlary dolandyrýar. Pikapda geçip giden adam bärden segsen kilometr uzaklykda gurulýan ýol gurluşygyna jogap berýär. Beýleki öý gurýanlara ýolbaşçylyk edýän adam bolsa sen gelmeziňden öň gitdi.

— Bärsi hemişe şeýlemi? — diýip, men geň galdym.

— Hemişe däl, ýöne, köplenç, şeýle — diýip, Maýk ýylgyryp jogap berdi-de, oturgyjy süýşürip, ýanymda oturdy. — Men kakamdan pul ýasamany öwretmegi soradym.

— Ol näme diýdi? — diýip, men ýuwaşlyk bilen soradym.

— Ilki ol maňa geň ýagdaýda seretdi, soňra bolsa özüniň bize teklibiniň bardygyny aýtdy.

— Şeý diýsene — diýip, men oturgyjy yzlygyna — diwara tarap itdim-de, onuň yzky aýagynda hallan atdym.

Maýk hem meň edenimi gaýtalady.

— Onuň nähili teklibiniň bardygyny bilýäňmi? — diýip, men soradym.

— Ýok, ýöne basym bileris.

Birden könelişen gapy jarka açyldy-da, Maýkyň kakasy eýwana çykdy. Biz hormat üçin däl-de, duýdansyzlyk sebäpli ýerimizden zöwwe galdyk.

— Oglanlar, taýynmy? — diýip, Maýkyň kakasy sorady-da, biziň ýanymyzda oturmak üçin oturgyçlaryň birini aldy.

Biz başymyzy atdyk-da, oturgyçlarymyzy diwardan çekip, onuň ýanynda ornaşdyk.

Ol boýy 180 santimetr, agramy 90 kilogram daýaw adamdy. Meniň kakam ondan uzyn, agramy şonçarak bolup, Maýkyň kakasyndan bäş ýaş uludy. Aýry-aýry milletden bolsalar-da, olarda biraz meňzeşlik bardy. Ähtimal, bu olaryň gujurlylygyndadyr.

— Maýk siziň pul ýasamany öwrenmek isleýäniňizi aýdýar. Şeýlemi, Robert?

Men çekinjeňlik bilen başymy atdym. Onuň sözlerinde hem-de ýylgyryşynda uly güýjüň bardygy duýulýardy.

— Şeýlelikde, meniň size şeýle teklibim bar. Men sizi okadaýyn, ýöne bu mekdepdäki ýaly bolmaz. Eger siz maňa işleseňiz, men sizi okadyp ugrajak, sebäbi şonda basym öwredip biljek. Eger siz mekdepdäki ýaly ýöne oturyp, gulak asjak bolsaňyz, onda men wagtymy biderek ýitirerin. Ine, meniň teklibim. Isleseňiz razylaşyň, islemeseňizem — ýok.

— Bir zat soramak mümkinmi? — diýip, men aýtdym.

— Ýok. Isleseňiz razylaşyň, islemeseňiz — ýok. Wagtymy biderek geçirerden meniň işim gaty kän. Eger siz basym karara gelip bilmeseňiz, pul ýasamagy öwrenip bilmersiňiz. Mümkinçilik döreýär hem-de ýitirim bolýar. Häzir siziň gözleýän mümkinçiligiňiz peýda boldy — okuw ýa başlanýar, ýa-da ýene on sekuntdan tamam bolýar — diýip, Maýkyň kakasy kinaýaly ýylgyrdy.

— Men razy — diýdim.

— Menem — diýip, Maýk aýtdy.

— Ýagşy — diýip, Maýkyň kakasy sözüni dowam etdi. — Ýene on minutdan bärik hanym Martin geler. Onuň bilen gürleşip bolanymdan soň, siz onuň bilen dükana gidersiňiz. Men size sagadyna on sent tölejek, siz her hepdäniň şenbe güni üç sagat meniň dükanymda işlemeli bolarsyňyz.

— Ýöne bu gün meniň beýsbol ýaryşym bar ahyryn — diýip, men gygyrdym.

— Isleseňiz razylaşyň, islemeseňizem — ýok — diýip, ol indi talabedijilik bilen aýtdy.

— Razy — diýip, men jogap berdim-de, beýsboly taşlamagy hem-de okamagy, işlemegi karar etdim.

OTUZ SENT

Şol gün irden sagat dokuzda biz hanym Martiniňkide işe başladyk. Ol mylaýymdan sabyrly aýaldy hem-de Maýk ikimiziň birwagt ulalyp, öýünden çykyp giden ogullaryna meňzeýändigini aýdardy. Dogrusy, mähirliligine garamazdan, ol biziň köp işlemelidigimizi nygtaýardy hemem hemişe biziň üçin nähilidir bir işjagaz tapardy. Biz üç sagatlap konserw gaplaryny tekjelerden düşürerdik, tozanyny süpürerdik, soňra ýene seresaplyk bilen ýerli-ýerinde goýuşdyrardyk. Bu gaty ýüregedüşgünç işdi.

Maýkyň kakasyna — men ony «baý kakam» diýip atlandyrýaryn — şolar ýaly kiçijik dükanlaryň dokuz sanysy degişlidi, olaryň bolsa ulag goýar ýaly uly ýerleri bardy. Töweregiň adamlary olardan süýt, çörek, ýag we beýleki zerur zatlary satyn alardylar.

Gynansagam, entek Gawaýada howa sowadyjysy ýokdy, yssy sebäpli dükanlaryň iki gapdalynyňam agzy giňden açykdy. Her gezek gapdalymyzdan ulag geçip duralgada saklananda, dükanyň içi ala-tozan bolýardy. Bu bolsa tä howa sowadyjy peýda bolýança Maýk ikimize iş tapyljagyny aňladýardy.

Biz üç hepdeläp hanym Martiniňkide işledik. Günorta bolanda işimiz tamamlandy, ol biziň her birimize üç sany on sentlik şaýylyk berdi. 1956-njy ýylda dokuz ýaşly oglanlar üçin otuz sent ullakan puldy. Şol wagt surat bilen bezelen gülküli kitapçalar on sente durýardy, men gazanjymy, adatça, şol kitapçalara harçlardym-da, öýe gaýdardym.

Dördünji hepdäniň çarşenbe güni işi taşlamaly diýen netijä geldim, sebäbi Maýkyň kakasyndan pul ýasamagy öwrenmek üçin işlemäge razy bolupdym. Häzir bolsa sagadyna on sente işleýän gula öwrülsemem, şol ilkinji şenbeden soň Maýkyň kakasyny görmändim.

— Men işi taşlaýan — diýip, arakesmede Maýka aýtdym.

Okamak ýürekgysgynçdy, üstesine, men gowy görýän şenbe günümden mahrum bolupdym. Ýöne meni has öjükdirýän zat — şol otuz sentdi.

Maýk ýylgyrdy.

— Munuň nämesi gülkünç? — diýip, men gaharly hüňürdedim.

— Kakam hut şeýle-de bolar diýdi. Şonuň üçinem gitmänkäň özi bilen görüşmegi haýyş etdi.

— Näme?! — diýip, men gahar-gazaba mündüm. — Bu zatlar ýüregime düşýänçä ol garaşdymy?

— Umuman, hawa — diýip, Maýk jogap berdi. — Kakam beýleki adamlar ýaly däl. Seniň ene-ataň pelsepe okamagy gowy görýär, meniň kakam bolsa dymanyny ýa-da az geplänini dogry hasaplaýar. Sen şenbä çenli garaş-da, oňa gidýändigiňi özüň aýt.

— Sen, näme, bu zatlar guralan diýjek bolýaňmy?

— Edil guralan-a däl, ýöne şonuň ýaly bir zat. Şenbe güni kakam ähli zady düşündirer.

NOBATDAKY ŞENBE

Men Maýkyň kakasy bilen gürleşmäge taýynlanyp ugradym. Bu bolan işe kakam gaty gaharlandy. «Garyp kakam» diýip atlandyrýan hakyky kakam baý kakamyň çagalaryň zähmet kanunyny bozýandygyny, şonuň üçinem ony kazyýet jogapkärçiligine çekmelidigini aýtdy. Ol özüme düşýän puly — azyndan sagadyna ýigrimi bäş senti — talap etmegi hem-de hakymy galdyrmasa, şol bada işi taşlap gaýtmagy maslahat berdi.

— Ýogsa-da, bu näletsiňen iş seniň nämäňe gerek? — diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şenbe güni sagat sekizde Maýklara bardym. Gapyny onuň kakasy açdy.

— Otur-da, nobatyňa garaş — diýip, ol gapydan giremsoň aýtdy. Soňra beýlesine öwrüldi-de, ýatyş otagynyň gapdalyndaky kiçijik iş otagynda gözden gaýyp boldy.

Men daş-töweregime äňetdim, Maýk hiç ýerde görnenokdy. Men iki sany aýalyň ýanynda çekinibräk oturdym, olar dört hepde mundan ozal — geçen gezek gelemde-de bardy. Olar ýylgyrdylar-da, arkaýyn oturarym ýaly, biraz süýşdüler.

Aradan kyrk bäş minut geçdi, meniň sabyr käsäm pürepür bolupdy. Ol iki aýaly kabul edip, olary ýarym sagat mundan öň goýberipdi. Soňra bir gartaşan jenap gelip, onuň ýanynda ýigrimi minut oturyp, olam gidipdi.

Öý boşdy, men Gawaýanyň ajaýyp günleriniň birinde çagalara zulum edýän husyt bilen gürleşmek üçin dymyljyk zalyň içinde otyrdym. Men onuň iş otagynda ikibaka gatnaýandygyny, telefonda gürleşýänini eşidýärdim, ýöne ol meni ýatlanokdy. Men ýerimden turup gaýtmakçy bolýardym, ýöne, nämüçindir, saklanýardym.

Ahyrsoňy aradan ýene on bäş minut geçenden soň, laýyk sagat dokuzda, baý kakam iş otagyndan çykdy-da, hereketi bilen çagyrdy.

— Meniň bilşime görä, sen aýlyk hakyň köpelmegini isleýäň, ýogsa-da işiňi taşlamakçy? — diýip, baý kakam iş otagyndaky kürsüsinde ikibaka yrandy.

— Siz öz şertnamaňyzy ýerine ýetireňzok — diýip, men şumjardym. Dokuz ýaşly oglanjyga ulular bilen jedel etmek, dogrudanam, gorkunçdy. — Eger men size işlesem, siz okatjakdygyňyzy aýtdyňyz. Men sizde işleýän, onda-da gaty köp işleýän. Men sizde işlemek üçin beýsboldan ýüz öwürdim, ýöne siz beren sözüňizi saklap maňa hiç zat öwretmediňiz. Şäherdäkileriň size «kezzap» diýmegi ýöne ýere däl eken. Siz, dogrudanam, husyt. Siz öz işgärleriňiziň aladasyny etmän, diňe pul gazanmak isleýäňiz. Siz meni sylaňzok, özüňize garaşmagy mejbur edýäňiz. Men kiçijik oglan bolsamam, bular ýaly gatnaşyga mynasyp däl.

Baý kakam arkan gaýyşdy-da, elini äňiniň aşagynda goýup, meni dykgat bilen synlady, soňra şeýle diýdi:

— Erbet däl. Geleniňe bir aýam bolanok welin, sen eýýäm meniň işgärlerimiň aglabasy ýaly gürlemegi öwrenipsiň.

— Näme? — diýip, geň galdym, men onuň aýdan zatlaryna düşünmedim, şol sebäpli zeýrenjimi dowam etdim: — Şertnamanyň birinji bölegine laýyklykda, siz meni okatmaly, oňa derek siz maňa jebri-jepa çekdirýäňiz! Bu zabunlyk bolýar.

— Ýöne men seni eýýäm okadýan-a — diýip, baý kakam rahatlyk bilen jogap berdi.

— Siz maňa näme öwredýäňiz? Hiç zat! — diýip, men gaharly gürledim. — Men size mugtuna diýen ýaly işlemäge razylyk berenimden soň, siz, hatda meniň bilen ýekeje gezegem gürleşmediňiz. Sagadyna on sent — ha-ha-ha! Men siz barada degişli ýerine aýtmasam boljak däl öýdýän. Ýogsa-da, bizde çagalaryň zähmet haky barada kanun bar. Onsoňam, bilip goýuň, meniň kakam döwlet işgäri.

— Oho! — diýip, baý kakam seslendi. — Sen indi meniň işden boşadan işgärlerimiň köpüsi ýaly gürleýäň.

— Siz maňa näme aýdyp bilersiňiz? — diýip, men sözümi dowam etdim, kiçijik çaga garanyňda men şol wagt gaty gaharly görünýärdim. — Men siziň işiňizi etdim, siz bolsa sözüňizde tapylman, meni aldadyňyz. Siz maňa hiç zat öwretmediňiz.

— Hiç zat öwretmedigimi nireden bilýäň? — diýip, baý kakam asudalyk bilen sorady.

— Siz meniň bilen ýekeje gezegem gürleşeňzok ahyryn. Men eýýäm üç hepde bäri işleýän, siz bolsa maňa hiç zat öwredeňzok — diýip, men torsaryldym.

— Näme, adama bir zatlar öwretmek üçin onuň bilen gürleşmeli ýa-da pelsepe okamalymy? — diýip, baý kakam sorady.

— Hawa — diýip, men jogap berdim.

— Bular ýaly edip seni mekdepde okadýarlar — diýip, ol ýylgyrdy. — Ýöne durmuş başgaça sapak berýär. Durmuşyň iň gowy mugallymdygy hemmelere mälim ahyryn — ol gürrüň üçin wagt ýitirenok, diňe silterlemäni bilýär. Durmuşyň her bir urgusy bolsa şuny öwredýär: «Oýan. Men seniň bir zatlar öwreneniňi isleýärin».

«Bu nämäniň gürrüňini edýär-eý?» diýip, men öz ýanymdan oýlandym hem-de indi işimi taşlamalydygyna doly karara geldim, sebäbi men dälihanada ýaşamaly adam bilen gürleşip otyrdym.

— Eger durmuş sapagyny özleşdirip bilseň, ähli zadyň gowy bolar. Başarmasaň, durmuş seni entetmesini dowam eder. Adamlar, adatça, olaryň ikisinden birini edýär: ýa durmuşyň zulumyna boýun bolýarlar, ýa-da gaharlary gelip, oňa garşy durýarlar. Ýöne olar gaharlaryny başlyklaryndan, işlerinden hemem aýallaryndan çykarýarlar, sebäbi özlerini şolaryň däl-de, durmuşyň urýandygyna düşünenoklar.

Men eýýäm hiç zada düşünemokdym, akylym başymdan çaşypdy.

— Durmuş hemme kişini entedýär. Ýöne olaryň käbirleri boýun bolýar, käbirleri bolsa garşy. Onuň berýän sapagyna diňe käbir adam düşünip, ýoluny dowam edýär, sebäbi ol durmuşyň urgularyna begenýär. Onuň üçin her bir urgy — täze bir sapak. Ol muny öwrenip, ýene-de ýoluny dowam edýär.

Baý kakam äpişgäni ýapdy, onuň jygyldap duran agaç gabsasyny bejermäge birmahal wagt bolupdy.

— Eger-de sen bu sapagy özleşdirip bilseň, ulalaňda akylly, baý hemem bagtly adam bolarsyň. Tersine bolan ýagdaýynda, öz şowsuzlyklaryňy işiň, aýlygyň hemem başlygyň üstüne atarsyň. Bütin ömrüňe pully meseleleriňi çözjek bir gudrata garaşarsyň.

Baý kakam meniň diňleýänimi biljek bolup, ýüzüme seretdi. Biziň göreçlerimiz kaklyşdy. Biz bir-birimize seredenimizde näme pikir edýändigimizi gözümizden aňyp bolýardy. Ahyrsoňy ol ýüzüni sowdy, sebäbi men onuň näme diýjek bolýanyna düşünipdim.

Baý kakam sözüni dowam etdi:

— Eger seniň aslyň bolmasa hem-de her gezek boýun bolsaň, onda durmuş seni basyp ugrar. Eger sen, hakykatdanam, şonuň ýaly adam bolsaň, onda bütin ömrüňe kada-kanun boýunça ýaşap, amala aşmajak günler üçin özüňi aýap saklarsyň, iň soňunda bolsa ýüregedüşgünç garra öwrülip, ölüp gidersiň. Hakykatda durmuş seni entedip ugranda, ýüregiň jümmüşinde töwekgellik etmekden gorkup, onuň özüňe zulum etmegine ýol berýäň. Hakykatda sen ýeňmek isleýäň, ýöne ýeňilmek gorkusy ýeňşiň şatlygyndan elmydama üstün çykýar ahyryn.

Biziň göreçlerimiz ýene kaklyşdy.

— Diýmek, siz meni ýöne entetmek isläpsiňiz-dä? — diýip, men soradym.

— Şeý diýseňem boljak — diýip, baý kakam ýylgyrdy. — Ýöne bärde ýene bir zat bar, men saňa durmuşyň ajysyny dadyrasym geldi.

— O nähili? — diýip, men gyzyklandym, meniň entek gaharym ýatyşmandy.

— Siz, oglanlar, menden pul ýasamagy öwretmegi haýyş eden ilkinji adamlar. Meniň elimde ýüz elliden gowrak adam işleýänem bolsa, olar menden pul barada hiç zat soranok. Olara menden pul barada bilim däl-de, işdir aýlyklary gerek. Şonuň üçinem olaryň bary diýen ýaly ömürleriniň iň gowy ýyllaryny kime we näme üçin işleýändiklerini bilmän, pul üçin işlemeli bolarlar.

Men oturyp, ony dykgat bilen diňleýärdim.

— Maýk siziň pul ýasamagy öwrenmek isleýäniňizi aýdanda, men siziň üçin durmuşda bolup biläýjek okuwy oýlap tapdym. Men ysgyndan gaçyp, gözüm garaňkyraýança size düşündirip bilerin, ýöne, adatça bolşy ýaly, siz hiç zat eşitmersiňiz. Şonuň üçinem meniň aýdýan sözlerimi eşideriňiz ýaly, ilki bilen durmuşyň sizi biraz ýepbeklänini isledim.

— Sagadyna bary-ýogy on sente işläp, men ondan nähili sapak almaly? Her bir husydyň öz işgärlerini ezýändigine akyl ýetirmelimi — diýip, men soradym.

— Sen öz nukdaýnazaryňy üýtgetseň gowy bolar. Ähli zatda meni günäkärlemegiňi bes et. Eger sen günä mendedir öýdýän bolsaň, onda meni üýtgetmeli bolarsyň. Eger günä özüňdedir öýtseň, onda özüňi özgerdersiň, bir zatlar öwrenip akyllanarsyň. Adamlaryň aglabasy özleri özgermän, tutuş dünýäni üýtgetjek bolýarlar. Şonuň üçinem bilip goý, beýleki zatlary üýtgedeniňden özüň üýtgäniň aňsatdyr.

— Düşünmedim.

— Öz kynçylyklaryň üçin meni günäkärleme — diýip, baý kakam sabryny elden berip ugrady.

— Ýöne siz maňa bary-ýogy on sent töleýäňiz ahyryn.

— Bu saňa nämäni öwredýär? — diýip, baý kakam ýylgyrdy.

— Siziň betnebis adamdygyňyzy — diýip, men ýylgyrdym.

— Ine, görýäňmi, sen bar mesele mendedir öýdýäň — diýip, baý kakam aýtdy.

— Bu şeýle-dä.

— Aý, näme, geljekde-de şunuň ýaly pikir etseň sen hiç zat öwrenip bilmersiň… Aýdaly, günä mende eken diýeli, ýeri onsoň, sen näme etmekçi bolýaň?

— Eger siz köp tölemeseňiz ýa-da hormat goýmasaňyz hemem meni okatmasaňyz, onda men bärden giderin.

— Örän gowy — diýip, baý kakam aýtdy. — Adamlaryň hemmesiniň diýen ýaly düşünjesi bir. Olar täze iş, uly aýlyk öz meselelerini çözer öýdüp bärden gidip, has gowrak, aýlygy köpräk iş gözleýärler.

— Onda meseläni näme çözýär? — diýip, men sorag berdim. — Şu ujypsyzja puly alyp, hezil edip ýörmelimi?

Baý kakam ýylgyrdy.

— Bular ýaly adamlaram bar. Özlerine, maşgalalaryna ýetmejegini bilseler-de, olar ony alýar. Olar aýlyklarynyň köpelerine garaşýar hemem ol köpeläýse, meseleleri çözüler öýdýär. Adamlaryň hemmesi diýen ýaly bu ýagdaýa tabyn. Käbirleri bolsa işiniň daşyndan ikinji bir işde işläp, ýene-de şol ujypsyzja puly alýarlar.

Men ýere bakyp otyrdym. Baý kakamyň özüme sapak berip ugranyna indi düşünip ugradym. Ol meni durmuşyň wakalary bilen tanyşdyrýardy. Ahyrsoňy men başymy galdyrdym-da, soragymy gaýtaladym:

— Onda meseläni näme çözýär?

— Ine, şu — diýip, ol meniň kelläme çalaja kakdy. — Iki gulagyň arasyndaky zat.

Şondan soň ol meniň bilen öz pikirlerini paýlaşyp ugrady. Baý kakamyň pikirleri onuň işgärleriniňkiden hemem tutuş ömrüne puldan kösenip gezen garyp kakamyňkydan düýpgöter tapawutlanýardy hem-de ahyrsoňy ony Gawaýanyň iň baý adamlarynyň birine öwrüpdi.

Baý kakamyň birinji sapagy şundan ybarat, ol meni okadýan wagty muny gaty kän gezek gaýtalapdy:

«Garyplar we ortatap adamlar pul üçin işleýär. Baýlar bolsa puly özüne işlemäge mejbur edýär».

Şol güneşli şenbe güni men düýbünden täze pikirleriň bardygyny bildim, ol garyp kakamyň öwreden ähli zatlaryndan gowudy.

Dokuz ýaşymdakam maňa iki sany adam ylym bermek isledi. Ýokary bilimli kakam maňa öz yzy bilen gitmegi maslahat berýärdi. Ol: «Oglum, men seniň gowy okanyňy, gowy bahalar alanyňy, soňra bolsa ullakan kärhanada durnukly bir iş taparyňy isleýän. Ýöne o taýda adamlar üçin köp ýeňillikler bolmalydyr» diýerdi. Baý kakam bolsa puluň hereketiniň dolanyşygyna düşünmegimi hem-de puly özüme işlemäge mejbur etmegimi isleýärdi.

— Sagadyna on sente işlemäge mejbur edişlerine gaharyň gelendigine begenýän — diýip, baý kakam sapagyny dowam etdi. — Eger sen gaharlanman, hezil edip şol puly alan bolsaň, onda «Seni okadyp biljek däl» diýip men aýtmaly bolardym. Düşünýäňmi, hakyky tälimi almak üçin adam gujurly, hyjuwly hemem uly islegli bolmaly. Haçan-da, gep pul barada gidende, adamlaryň aglabasy töwekgellik etmek islemeýär. Şonuň üçinem olary hyjuw däl-de, gorky dolandyrýar.

— Şonuň üçinem olar az aýlyk tölenýän işlere ýapyşýarmy? — diýip, men soradym.

— Hawa — diýip, baý kakam jogap berdi. — Käbir adamlar meniň adamlary ezýändigimi aýdýar, sebäbi men gant meýdanynyň ýa-da döwletiň berýän puluny tölämok. Meniň düşünişim boýunça, olar öz-özüni ezýär, sebäbi ol gorky meniňki däl-de, olaryňky.

— Olara köpräk pul tölemelidir öýdeňzokmy? — diýip, men sorag berdim.

— Näme üçin? Barybir, ol meseläni çözmeýär. Öz kakaňa seret. Ol köp gazanýanam bolsa, hasaplaryny tölemäge ýetişenok. Adamlaryň aglabasy gaty kän pul gazanyp, bergileriniň mukdaryny ulaldýar.

— Diýmek, maňa sagadyna on senti şonuň üçin töläpsiňiz-dä? — diýip, men ýylgyrdym. — Bu-da bir sapakmy?

— Hawa — diýip, baý kakam ýylgyrdy. — Düşünýäňmi, seniň kakaň mekdepde okap, gaty gowy bilim aldy, bu bolsa oňa gowy hak tölenýän iş tapmaga mümkinçilik berdi, ol şeýle-de etdi. Ýöne ol öňküleri ýaly puldan kösenýär, sebäbi mekdepde hemem uniwersitetde oňa pul barada hiç zat öwretmediler. Bularyň üstesine-de, onuň kellesinde pul üçin işlemeli diýen düşünje bar.

— Sizde beýle düşünje ýokmy? — diýip, men sorag berdim.

— Ýok — diýip, baý kakam jogap berdi. — Eger sen pul üçin işlemegi öwrenesiň gelýän bolsa, adaty mekdepde okaber, o taýda muny gaty gowy öwredýärler. Ýöne, eger sen puly özüňe işlemäge mejbur edesiň gelýän bolsa hem-de dogrudanam isleýän bolsaň, muny saňa özüm öwrederin.

— Eýsem, muny islendik adam öwrenip bilenokmy? — diýip geňirgendim.

— Ýok — diýip, baý kakam jogap berdi. — Pul üçin işlemek aňsat, aýratynam, pul sözi agzalanda, ilkinji nobatda, gorky gurşap alýan bolsa.

— Düşünemok — diýip, men ýüzümi çytdym.

— Entek bu barada pikir etme. Ýöne şuny ýadyňda sakla: adamlaryň aglabasy gorkulary sebäpli işini sypdyrmajak bolýar. Olar hasaplaryny töläp bilmerin, işden kowlaryn, bar zady täzeden başlamaly bolaryn öýdüp gorkýarlar. Şonuň üçinem haýsydyr bir hünäri öwrenip, pul üçin işläp başlaýarlar, ine, şu-da olaryň töleýän bahasy. Adamlaryň aglabasy puluň guly bolýar… soňam öz hojaýynlaryna gahar edip ugraýarlar.

— Puly özüňe işletmegi öwrenmek düýbünden başga zatmy — diýip, men soradym.

— Gürrüňsiz — diýip, baý kakam dymdy.

Biz birsalym geplemän oturdyk, penjiräniň aňyrsyndan Gawaýanyň ajaýyp säheri görünýärdi. Häzir dostlarym kiçi ligada beýsbol ýaryşyna başlandyrlar. Ýöne men, näme üçindir, sagadyna on sente işlemäge galanym üçin begenýärdim hem-de dostlarymyň mekdepde öwrenip bilmejek zadyny öwrenjekdigimi duýýardym.

— Okamaga taýynmy? — diýip, baý kakam sorady.

— Elbetde — diýip, men mekirlik bilen ýylgyrdym.

— Men saňa beren sözümde duraryn hem okadaryn — diýip, baý kakam söze başlady. — Sen eýýäm dokuz ýaşyňda pul üçin işlemegiň nähilidigini bilýäň. Indi soňky aýyňy elli ýyla köpeltseň, adamlaryň aglabasynyň näme bilen meşgullanýandygyna düşünersiň.

— Düşünmedim?

— Çagyrýançam nobata durup garaşanyňda sen özüňi nähili duýduň? Birinji gezek — işe durmazyňdan öň, ikinji gezek bolsa — aýlygyňy köpeltmegi aýtmaga geleniňde?

— Gaty erbet — diýip, men jogap berdim.

— Eger sen pul üçin işleýän bolsaň, durmuşyň edil şonuň ýaly bolar — diýip, baý kakam aýtdy. — Gara deriňi saçyp üç sagat işläniňden soň hanym Martin üç sany şaýylyk berende özüňi nähili duýduň?

— Göwnüme, az ýaly göründi. Dogrudanam, ol gaty az, şonuň üçinem gaharym geldi.

— Alan çeklerine seredip, işgärleriň aglabasy özüni şolar ýaly duýýar. Aýratynam, ol puluň salgydy tutulandan soň. Sen, bolmanda, puly ýüz göterimine aldyň.

— Siz adamlaryň köpüsi puluny tutuşlygyna alanok diýjek bolýaňyzmy? — diýip, men geň galdym.

— Eý, Hudaý, elbetde! — diýip, baý kakam jogap berdi. — Ilki bilen, ondan döwlet öz paýyny alýar.

— Ol muny nädip edýär? — diýip, men soradym.

— «Salgyt, paç» diýen zat bar — diýip, baý kakam düşündirdi. — Eger sen işleýän bolsaň hem-de gazanan puluňy sowýan ýa-da ýygnaýan bolsaň, barybir, senden salgyt alýarlar. Adamlardan hemişe paç alýarlar.

— Men seniň kakaňdan köp gazanýandygyma jedel edip bilerin, şeýle-de bolsa ol salgydy menden köp töleýär.

— Bu nähili beýle bolýar? — Dokuz ýaşly oglanjyga bu zatlar düýbünden düşnüksizdi. — Näme üçin adamlar munuň beýle bolmagyna ýol berýär?

Baý kakam maňa seredip, kürsüsinde yranyp otyrdy.

— Sen okamaga taýynmy? — diýip, ol sorady.

Men ýuwaşlyk bilen başymy atdym.

— Eýýäm aýdyşym ýaly, sen köp zady öwrenmeli bolarsyň. Adamlaryň aglabasy kollejde dört ýyl okaýar, şeýdibem olaryň okuwy tamam bolýar. Ýöne pul bilen işleşjek bolsaň, bütin ömrüňe okamaly bolarsyň, sebäbi bu barada näçe köp bilseň, şonça-da öwrenmeli zadyň bardygyna düşünýärsiň. Adamlaryň köpüsi bu zatlar bilen hiç wagt meşgullanmaýar. Olar işe gidýär, aýlyk alýar, hasaplaryny töleýär — şunuň bilenem bar zat tamamlanýar. Onsoň olar: «Puldan näme üçin kösenýäris?» diýip, ýene geňirgenenem bolýarlar. Mundan başga, «Pulumyz köpelse, bu kynçylyklardan dynarys» diýip, olar arzuwam edýär, sebäbi pul kösençliginiň esasy sebäbiniň maliýe biliminiň ýetmezçiligidigine düşünenoklar.

— Diýmek, kakam puluň nämedigine düşünmän, salgyt meselesinde kösençlik çekýär-dä? — diýip, men geň galdym.

— Bilýäňmi näme — diýip, baý kakam söze başlady. — Meniň bir zady bilesim gelýär, seniň pul barada bilmek islegiň ýitirim bolan-a däldir? Adamlaryň köpüsinde bu isleg ýok. Olar okamak, alýan hünärlerini özleşdirmek, gyzyklyrak iş tapynmak hem-de köpräk pul gazanmak isleýärler. Ýöne günlerde bir gün puldan kösenýändiklerine göz ýetirýärler, ýöne eýýäm işlerini taşlap bilenoklar. Ine, bu-da olaryň diňe pul sebäpli işleýändikleri üçin töleýän bahalary. Şonuň üçinem senden ýene bir gezek soraýan, sen bu ylmy öwrenmek isleýäňmi? — diýip, baý kakam sorady.

Men başymy atdym.

— Ýagşy — diýip, baý kakam aýtdy. — Onda işiňe dolanyp bar. Mundan beýläk men saňa hiç zat tölejek däl.

— Näme? — diýip, men geň galyp gygyrdym.

— Eşiden zadyňy. Sen öňküleriň ýaly her şenbe güni üç sagat işlärsiň, ýöne indi sagadyna on sent almarsyň. Sen ýaňyja pul üçin işlemezligi öwrenesiň gelýändigini aýtdyň, şonuň üçinem men saňa hiç zat tölejek däl.

Men gulaklaryma ynanmadym.

— Men Maýk bilen bu barada gürleşdim — diýip, baý kakam sözüni dowam etdi. — Ol eýýäm dükanda mugtuna işleýär, şonuň üçinem haýal-ýagallyk etme-de, derrew işe başla.

— Ýöne bu karam bolýar! — diýip, men gygyrdym. — Siz näme-de bolsa bir zatlar tölemeli ahyryn.

— Sen okajak diýdiň dälmi? Eger sen muny häzirden öwrenmeseň, onda ulalaňda şol meniň kabulhanamda oturan iki aýaldyr erkek kişiniň gününe düşersiň. Olar pul üçin işleýär hem-de özleriniň kowulmazlyklaryny umyt edýär… ýa-da kakaň ýaly köp pul gazanyp, ite bir sümek bergili bolarsyň hem-de puluň köpelse bu meseleden dynjagyň barada arzuw edersiň. Eger sen bu zatlary isleýän bolsaň, onda ilkibaşky şertnamamyza — sagadyna on sentlik işimize dolanyp baraly. Onsoň günlerde bir gün senem beýlekiler ýaly özüňe az töleýändikleri barada arz edip, özüňe başga iş gözlenersiň.

— Onda näme etmeli? — diýip, men soradym.

Baý kakam ýuwaşlyk bilen kelläme kakdy.

— Şunyňy işlet. Eger şuny gowy işletmegi başarsaň, onda basym beren ylmym üçin maňa minnetdarlyk bildirersiň hemem baý adam bolarsyň.

Men iki jahan owarrasy bolup, nätjegimi bilmän durdum. Bärik aýlyk hakymyň köpeldilmegi üçin gelipdim, maňa bolsa mugtuna işle diýýärler.

Baý kakam ýene-de kelläme kakdy-da, şeýle diýdi:

— Şunyňy işlet. Indi bolsa bar, işle.

BIRINJI SAPAK. BAÝLAR

PUL ÜÇIN IŞLEMEÝÄR

Mundan beýläk mugtuna işleýändigimi garyp kakama aýtmadym. Ol muňa düşünjek däldi, men bolsa oňa özümiňem düşünmeýändigimi düşündiresim gelmedi.

Maýk bilen biz ýene üç hepdeläp — her şenbe güni üç sagat mugtuna işledik. Işimiz aňsatdy, şonuň üçinem öwrenişdim. Ýöne bir gynandyrýan zat — beýsbol ýaryşlaryna gatnaşmaýanlygym hem-de indi gülküli kitapçalary satyn alyp bilmeýänligimdi.

Üçünji hepde baý kakam günorta çagy ulagly dükana geldi. Biz onuň gelendigini ulagynyň sesinden aňdyk. Ol dükana girdi-de, hanym Martin bilen dostlarça gujaklaşdy. Soňra dükanyň ýagdaýlary barada soraşdyrdy-da, sowadyjydan iki sany buzgaýmak alyp, puluny töledi hem-de Maýk ikimizi ýanyna çagyryp, şeýle diýdi:

— Ýörüň, oglanlar, gezim edeliň.

Biz ulaglaryň arasy bilen ýoluň beýleki tarapyna geçdik hem-de ot düşelen ullakan meýdana bardyk, o taýda birnäçe uly adam beýsbol oýnaýardy. Olardan uzagrakdaky oturgyçda oturandan soň, baý kakam Maýk ikimize buzgaýmak berdi.

— Ýeri, ýagdaýlar nähili?

— Ýagşy — diýip, Maýk jogap berdi.

Men razylygyň alamaty hökmünde başymy atdym.

— Täze bir zatlary öwrendiňizmi? — diýip, baý kakam sorady.

Maýk ikimiz biri-birimize seredip egnimizi gysdyk-da, inkär edijilik bilen başymyzy ýaýkadyk.

DURMUŞYŇ IŇ MÖHÜM DUZAKLARYNYŇ BIRINDEN NÄDIP GAÇMALY?

— Beýle bolsa, oglanlar, size pikirlenmäge wagt boldy. Siziň öňüňizde durmuşyň iň möhüm sapaklarynyň biri dur. Eger muny özleşdirip bilseňiz, onda siz arkaýyn, asuda ýaşap bilersiňiz. Bilmedik ýagdaýyňyzda, hanym Martiniň hemem şu meýdançadaky adamlaryň ýerinde bolarsyňyz. Olar köp işleýänem bolsa, az gazanýarlar, ýylda bir sapar dynç alşa çykyp, kyrk bäş ýyl işlänlerinden soň bolsa, ujypsyzja pula pensiýa çykýarlar. Eger şular ýaly geljek sizi kanagatlandyrýan bolsa, onda men siziň aýlyk hakyňyzy ýigrimi bäş sente çenli galdyryp biljek.

— Ýöne olar zähmetsöýer, gowy adamlar ahyryn. Näme üçin olary kemsidýäňiz? — diýip, men aýtdym.

Baý kakam ýylgyrdy.

— Hanym Martini men ejem ýaly görýän, şo sebäpli näme üçin men ony kemsideýin? Ähtimal, meniň sözlerimiň gödegräk ýaňlanýan bolmagy mümkin, ýöne men size esasy zady düşündirmek isleýän. Men siziň gözýetimiňiziň giňemegini, adaty adamlaryň görmeýän zatlaryny görmegiňizi isleýän, sebäbi olaryň görüş meýdany gaty çäkli. Adamlaryň aglabasy öz düşýän duzaklaryny görmegi başaranok.

Maýk ikimiz onuň aýdýanlaryna düşünmek üçin pikirlendik. Sypaýyçylyksyz gürleýänem bolsa, onuň özümize bir zatlar düşündirjek bolýandygyny duýduk.

Baý kakam ýene ýylgyrdy.

— Dogrudanam, sagadyna ýigrimi bäş sent sizi özüne çekenokmy? Eýsem, bu bahany eşidip, ýürekleriňiz böküp ugramadymy?

Men «ýok» diýen manyda başymy ýaýkanam bolsam, hakykatda ikiýüzlülik edýärdim, sebäbi sagadyna ýigrimi bäş sent meniň üçin uly puldy.

— Ýagşy, men size sagadyna bir dollar tölejek — diýip, baý kakam mekirlik bilen ýylgyrdy.

Men gulaklaryma ynanmadym. Ine, indi ýüregim dogrudanam basym-basymdan urup, aňym: «Razylaş! Razylaş!» diýýärdi. Şeýle-de bolsa gürlemedim.

— Ýeri bolýar, sagadyna iki dollar.

Ýüregim gürsüldäp, tas agzymdan çykypdy. 1956-njy ýyldy, olar ýaly pul meniň düýşüme-de girmändi, şonuň üçinem sagadyna iki dollar meni dünýäniň iň baý çagasyna öwürjekdi. Men tas «razy» diýip gygyrypdym. Men eýýäm täze tigrimi, täze beýsbol elligimi hemem oglanlaryň gözügidijilik bilen özüme seredişini göz öňüne getirýärdim. Mundan başga-da, Jimmi hemem onuň baý dostlary gaýdyp maňa garyp diýjek däldi. Şeýle-de bolsa men dymanymy ýagşy bildim.

Buzgaýmak eräp, elimden syrygyp ugrady, iň soňunda bolsa çöpjagazy galdy. Indi ondan garynjalar hezil edinýärdi. Baý kakam biziň agzymyzy açyp, özüne seredip durşumyzy synlap otyrdy. Ol biziň nämeleri başdan geçirýändigimizi hemem bir bölegimiziň onuň teklibini kabul etmek isleýändigimizi bilýärdi. Ol adamyň içki dünýäsinde satyn alyp boljak gowşak tarapynyň bardygyny, ýöne hiç hili pula satyn alyp bolmajak zor tarapynyň hem bardygyny bilýärdi. Bärde gep başga zatdady, olaryň haýsysy üstün çykarka?

— Ýeri bolýar, goý, şeýle bolsun, sagadyna bäş dollar.

Men doňup galdym. Ol gaty sahylyk etdi, şonuň üçinem edilen teklip manysyz görünýärdi. 1956-njy ýylda uly adamlaryň käbiri sagadyna bäş dollar alýardy.

Men birsalymdan özüme gelip, Maýky görmek üçin ýuwaşlyk bilen oňa bakan öwrüldim. Ol hem öz gezeginde üns bilen meni synlaýardy. Meniň içki gowşak tarapym gürlänokdy, beýleki pula satyn alyp bolmajak tarapym bolsa ýokarlygyna dyzaýardy. Pähimim rahatlanyp, ýüregim ynam bilen urup başlady. Men Maýkyň hem bu duýgyny başdan geçirýändigini bilýärdim.

— Bilýäňizmi näme — diýip, baý kakam ýuwaşlyk bilen söze başlady. — Bahasyny gowuja töleseň, adamlaryň köpüsini satyn alyp bolýar. Bu bolsa adamda ullakan gorkynyň hemem açgözlüligiň bardygyny görkezýär. Pulsuz galmak gorkusy ilki adamyny erjellik bilen işlemäge, aýlyk alandan soň açgözlük duýgusy pula satyn alyp bolýan ajaýyp zatlar barada arzuw etmäge mejbur edýär. Ine, şu ýerde-de adam aýlanyp duran duzaga düşýär.

— Nähili duzaga? — diýip, men sorag berdim.

— Olar irden turýarlar, işe gidýärler, hasaplaryny töleýärler, ýene-de irden turýarlar, işe gidýärler, hasaplaryny töleýärler…

Adamlaryň durmuşyny elmydama gorkusy hemem açgözlüligi dolandyrýar.

Olara köpräk pul hödürläň, onsoň olar öz çykdajylaryny köpeldip, şol aýlawdan hasam basym ylgarlar. Men muny «Alaka aýlawy» diýip atlandyrýan.

— Başga usul ýokmy? — diýip, Maýk sorady.

— Bar — diýip, baý kakam ýuwaşlyk bilen aýtdy. — Ýöne oňa gaty seýrek adamlar göz ýetirýär.

— O nähili usul? — diýip, Maýk gyzyklandy.

— Meniň ýanymda işläp, okap, bu barada özüňiz bilersiňiz diýip umyt edýärin. Şonuň üçinem men siziň aýlyk hakyňyzy kesdim.

— Bolmanda, şo tarapa barýan ýola ugrukdyr — diýip, Maýk aýtdy. — Biz işläp, onda-da mugtuna işläp halys ýadadyk.

— Oňa barýan ilkinji ädim — bu dogry sözlemek — diýip, baý kakam aýtdy.

— Biz ýalan sözlämzok — diýip, men garşy çykdym.

— Men size «Ýalan sözleýäňiz» diýemok, men ýöne dogry sözlemelidigini aýdýan — diýip, baý kakam aýtdy.

— Näme barada? — diýip, men soradym.

— Öz duýgularyňyz barada. Ýogsa-da, ony başga birine aýtmak hökman däl. Öz öňüňizde boýun almak ýeterlik.

— Siz şu seýilbagda dynç alýan adamlaryň hiç biri muny edenok diýjek bolýaňyzmy? — diýip, men soradym.

— Şübhelenýän — diýip, baý kakam aýtdy.

— Oňa derek, olar pulsuz galaryn öýdüp gorkýarlar. Olar pähim-paýhasyň kömegi bilen gorkyny ýeňip geçmek islänoklar. Olar akyllaryna daýanyp hereket etmän, duýgularynyň hökmürowanlygyna berilýärler. Haçan-da, olaryň elinde iki dollar peýda bolanda, şatlyk hem açgözlük duýgulary ýokary galýar. Onsoň olar pikir etmegiň ýerine hereket edip ugraýarlar.

— Diýmek, olaryň duýgulary akyllarynyň üstünden doly agalyk edýär-dä? — diýip, Maýk sorady.

— Hut şeýle — diýip, baý kakam aýtdy. — Olar özlerinde nähili duýgularyň bardygy barada pikir etmän, oňa tabyn bolýarlar. Olar gorkynyň bardygyny bilip, işlemäge gidýärler hem-de pul gorkyny ýok eder öýdýärler, ýöne bu başa baranok. Gorky ýene-de olary yzarlap ugraýar, onsoň olar pul ony ýok eder umydy bilen ýene-de işlerine dolanýarlar, ýöne olaryňky ýene-de başa baranok. Şeýdibem gorky olary gabawa salýar: olar her gün işläp pul gazanýarlar hem-de gorkynyň ýok bolanyny isleýärler, ýöne olar bilen bilelikde her gün irden gorkam ukudan oýanýar. Millionlarça adam gorky sebäpli gijesine ýatyp bilmän, düşeginde eýlesine-beýlesine agdarylýar. Şonuň üçinem olar ruhlaryna ezýet berýän gorkyny ýok etmek umydy bilen, turan batlaryna işe howlugýarlar. Olaryň durmuşyny pul dolandyrýar, ýöne olar muny boýun almak islemeýärler. Pul olaryň duýgularydyr ruhlarynyň hökümdaryna öwrülýär.

Biraz oýlanarymyz ýaly baý kakam dymdy. Maýk ikimiz onuň sözlerini sypdyrman diňleýärdik, ýöne onuň nämäni göz öňünde tutýandygyna o diýen düşünemzokdyk. Birden meniň hiç wagt düşünmeýän bir zadym ýadyma düşdi: näme üçin ulular ukudan oýanan badyna işe howlugýar? Görnüşine görä, o taýda olara şatlyk garaşanok hemem olar hiç wagt bagtyýar görnenok. Beýle bolsa olary gyssanmaga näme mejbur edýär?

Oýlanmagymyza puryja berenden soň, baý kakam söze başlady:

— Oglanlar, men siziň bu gabawdan sypanyňyzy isleýän. Hakykatda men size baý bolmagy däl-de, şu zatlary öwretmegi isleýän, sebäbi baýlyk bu meseläni çözenok.

— Näme üçin? — diýip, men geň galdym.

— Men size entek «isleg» diýen düşünje barada aýdamok. Käbir adamlar ony «açgözlük» diýip atlandyrýar, ýöne maňa «isleg» diýen söz has gowy ýaraýar. Gowy, owadan, höwes döredýän zatlary islemek adamzada mahsus. Adamlaryň pul üçin işlemeginiň sebäpleriniň birem — isleg. Olar öz höweslerini kanagatlandyrmak üçin pul gazanmak isleýärler hem-de ony pul bilen satyn alyp bolar öýdýärler. Ýöne puldan gelýän lezzet, adatça, uzak bolmaýar, şo sebäpli olar has uly arzuwlaryna ýetmek üçin pul yzyna pul gazanyp, özleriniň isleg sebäpli ezýet çekýän ruhlaryny köşeşdirmek isleýärler. Ýöne pul bu meseläni çözenok.

— Sen baý adamlaryň gürrüňini edýäňmi? — diýip, Maýk sorady.

— Hawa, muňa baýlaram girýär — diýip, baý kakam jogap berdi. — Ýogsa-da, baýlaryň köpüsi öz islegleri boýunça däl-de, gorkulary sebäpli baýaýarlar. Olar pul garyplygyň öňündäki gorkyny ýok eder öýdýär, şonuň üçinem ullakan baýlyk toplaýarlar. Netijede, olaryň gorkulary ulalyp, indi olar tutuş baýlygyny ýitirmekden gorkýar. Meniň ýeterlik pullary bolsa-da entegem işleýän dostlarym bar. Men millionlarça puluň eýesi bolan adamlary tanaýan, ýöne olar garyp günlerindäkidenem beter gorkudan ejir çekýärler, sebäbi ýygnan zatlaryny ýitirmekden öler ýaly gorkýarlar. Olary baýamaga mejbur eden gorky indi has güýçlenip, ruhuň gowşak tarapynyň sesi has batly çykyp ugrady. Olar puluň getiren ullakan öýlerini, ulaglaryny, sapaly durmuşlaryny ýitiresleri gelenok. Eger pullaryny ýitiräýse, olar öz dostlarynyň aýtjak sözlerinden gorkýarlar. Daşyndan göräýmäge gaýgy-gamsyz, baý durmuşda ýaşaýanam bolsalar, olaryň köpüsi umytsyzlykdan hemem beýni kesellerinden ejir çekýär.

— Beýle bolsa, garyp adamlar bagtly-da? — diýip, men sorag berdim.

— Beýle däl — diýip, baý kakam jogap berdi. — Pula gyzygyň bolmazlygy hem edil oňa berk bagly bolmaklyk ýaly tebigy däl.

Şol wagt, ýörite edilen ýaly, gapdalymyzdan bir gedaý geçip gitdi hem-de zibilhanaň gapdalynda durup, ony dörjelemäge durdy. Öňler bular ýaly zada üns bermedigem bolsak, häzir onuň hereketini dykgat bilen synlaýardyk.

Baý kakam gapjygyndan bir dollar çykardy-da, yşarat edip garryny çagyrdy. Puly görüp, ol şobada ýanymyza geldi hem-de baý kakama minnetdarlyk baryny bildirip, uçaýjak bolup ýanymyzdan gitdi.

— Ol meniň işgärlerimiň köpüsinden tapawutlanmaýar diýen ýaly — diýip, baý kakam aýtdy. —

Men «Pul meni gyzyklandyranok» diýýän gaty köp adama duşdum. Şeýle-de bolsa olar her gün mejbury ýagdaýda sekiz sagat işleýär.

Olar öz-özlerine garşy gidýär. Eger pul olary gyzyklandyrmaýan bolsa, onda işläp näme etjek? Olar ýaly adamlaryň psihikasy erjellik bilen pul toplaýan adamlaryňkydanam beter bozulan bolmaly.

Men baý kakamy diňleýänem bolsam, aňymda garyp kakamyň aýdan sözleri ýaňlanýardy. Ol, köplenç, şeýle diýerdi: «Meni pul gyzyklandyranok. Meniň zähmet çekýänligimiň sebäbi, öz işimi gowy görýän».

— Onda biz näme etmeli? — diýip, men sorag berdim. — Gorkudyr isleglerimizden dynýançak pul üçin işlemeli dälmi?

— Ýok, bu ýöne wagtyňy ýitirmeklik bolar — diýip, baý kakam jogap berdi. — Adama duýgulary gerek, sebäbi ol bizi adam edýär. Dirilik berýär. Siz öz duýgularyňyzda hakykatçyl bolmaly hemem ony akylyňyz bilen utgaşdyryp, öz zyýanyňyza däl-de, haýryňyza ulanjak bolmaly.

— Düşnükliräk aýdyp bolanokmy? — diýip, Maýk sorady.

— Ýeri bolýar, kelläňizi agyrtmaň. Wagtyň geçmegi bilen baryna özüňiz düşünersiňiz. Häzir bolsa duýgularyňyza üns beriň-de, onuň ugruna gitmäge howlukmaň. Pikirlerini duýgularynyň dolandyrýandygyny adamlaryň aglabasy bilenok. Emma siz duýgularyňyza bil baglamaly dälsiňiz, siz özbaşdak pikirlenmegi öwrenmeli.

— Muňa mysal getirip bilmersiňizmi? — diýip, men soradym.

— Elbetde — diýip, baý kakam aýtdy. — Aýdaly, adam şeýle diýýär: «Men özüme iş tapynmaly». Bu — ol adamyny onuň duýgularynyň dolandyrýandygyny aňladýar, ýagny bu pikir pulsuz galmak gorkusy sebäpli döreýär.

— Ýöne hasap-hesiplerini tölemek, iýip-içmek üçin olara pul gerek ahyryn — diýip, men aýtdym.

— Elbetde, gerek — diýip, baý kakam ýylgyrdy. — Meniň aýtmakçy bolýan zadym — adamyň pikirlerini, köplenç, gorkusy dolandyrýar.

— Düşünemok — diýip, Maýk boýnuna aldy.

— Beýle bolsa muňa başga tarapyndan seredeli — diýip, baý kakam aýtdy. — Eger sen pulsuz galmakdan gorkýan bolsaň, saňa gorkyňy ýok eder ýaly iki dollar berjek iş gözlemek hökman däl. Oňa derek sen özüňe sorag ber: «Şol iş uzak möhletleýin bolanda-da şol meseläni çözüp bilýärmi?» Meniň pikirimçe, ýok. Sebäbi iş — bu uzak möhletleýin meseläniň gysga wagtlyk çözgüdi.

Men aljyraňňy halda:

— Ýöne meniň kakam hemişe: «Durnukly iş tapynar ýaly, gowy okap, gowy bahalar al» diýýär.

— Hawa, düşünýän — diýip, baý kakam ýylgyrdy. — Bular ýaly maslahaty köp adamdan eşitmek mümkin, sebäbi bu gepi diňe şolar ýaly adamlar aýdýar. Olaryň bu maslahaty berýänliginiň sebäbi — olaryň özleri gorkynyň hökmürowanlygynda ýaşaýar.

— Ýagny meniň kakam gorkýandygy üçin şeýle diýýärmi?

— Hawa — diýip, baý kakam jogap berdi. — Ol sen pul gazanyp bilmez hemem jemgyýetiň doly hukukly adamsy bolup bilmez öýdýär. Maňa dogry düşün, ol seni gowy görýär hemem bagtly bolanyňy isleýär. Menem bilimi hemem işi örän möhüm hasaplaýan, ýöne olar gorka hötde gelerden ejiz. Näme diýsene, seniň okuwly bolmagyňy alada etdirýän zat şol, ýagny ony irden işine howlukdyrýan gorky.

— Siz näme maslahat berýäňiz? — diýip, men soradym.

— Men size puluň öňünde gorkmagy däl-de, onuň güýjünden peýdalanmagy öwredesim gelýär. Mekdepde bu zatlary öwredenoklar. Eger siz bu zatlary öwrenmeseňiz, onda puluň guluna öwrülersiňiz.

Ahyry aňymda bir zatlar ýyldyrap ugrady. Ol, dogrudanam, biziň pully meselä giňişleýin garanymyzy hemem hanym Martindir beýleki adamlaryň görmeýän zadyny görenimizi isleýärdi. Onuň getirýän mysallary şol wagt maňa gaty ýowuz ýaly bolup görünse-de, olar meniň hemişelik aňymda galypdy. Şol gün, dogrudanam, gözýetimim giňän ýaly boldy, sebäbi men adamlaryň köpüsiniň öňünde nähili duzagyň bardygyna düşünip ugradym.

— Näme diýseňizläň, biz her hili ýagdaýda-da kimdir birine işlemeli bolýas, ýöne muny aýry-aýry derejede edýäs — diýip, baý kakam sözüni dowam etdi. — Oglanlar, men sizi şol duzakdan, ýagny gorkudyr islegiň aldawajyndan sypmaga mümkinçilik beresim gelýär. Meniň size öwretmekçi bolýan zadym — olary zyýanyna däl-de, haýyrly tarapyna gönükdiriň. Size münder-münder pul gazanmany öwretmek meniň üçin gaty gyzyksyz. Bu sizi gorkudyr islegden mahrum edibilmez. Eger ilki gorkyňyza, soňra bolsa islegiňize hötde gelmegi başarmasaňyz, onda siz ýokary hak tölenýän gula öwrülersiňiz.

— Bu duzakdan nädip sypmaly? — diýip, men soradym.

— Garyplygyň esasy sebäbini ýa-da pul ýetmezçiligini ykdysadyýetiň, döwletiň ýa-da baýlaryň üstüne atmaň, bu gorky we sowatsyzlyk sebäpli ýüze çykýar. Adamlar duzaga gorky hemem sowatsyzlyklary sebäpli düşüp, onuň ygtyýaryna özlerini berýärler. Şonuň üçinem, oglanlar, mekdebe gatnaň, kollejde okaň, men bolsa size o duzaga nädip düşmezligiň ýollaryny öwredeýin.

Halynyň ýuwaş-ýuwaşdan çitilen gölleri basym ullakan suraty emele getirip ugrady.

— Sen, esasan, pulsuz galmak gorkusy barada gürrüň etdiň. Adamyň pikirleri pully bolmak islegine nähili täsir edýär? — diýip, Maýk sorag berdi.

— Has köpräk aýlyk teklip edemde siz özüňizi nähili duýduňyz? Islegleriňiziňem artandygyny duýduňyzmy?

Biz başymyzy atdyk.

— Duýgularyňyza berilmeseňiz, siz bir pursatlyk döreýän reaksiýadan saklanyp bilersiňiz hem-de pikirlenmäge wagt taparsyňyz. Bu örän möhüm zat. Şeýle-de bolsa, gorkudyr isleg biziň ýanymyzda ömrümiziň ahyryna çenli galar. Ine, şo sebäpli siz şu minutdan başlap olary elmydama haýyrly işler üçin ulanjak boluň hem-de hiç wagt olara öz pikirleriňizi dolandyrmaga ýol bermäň. Adamlaryň aglabasynda gorkudyr isleg olara garşy işleýär. Ine, şu-da olaryň sowatsyzdygyny görkezýär. Gorkudyr isleg olary ömürleriniň ahyryna çenli hars urup işlemäge, goşmaça pul gazanmaga, ýeňillikler gözlemäge mejbur edýär. Olar duýgulary sebäpli döreýän pikirleriniň nirä eltjekdigi hakynda oýlananoklaram. Olar arabany çekýän eşege meňzeýär, sebäbi hojaýyny käşiri çybyga daňyp, onuň burnunyň öňünde saklaýar. Ähtimal, hojaýyny gerekli ýerine barýandyr, ýöne eşek salgyma çapýar! Ertesi bolsa onuň öňünde täze käşir goýarlar.

— Haçan-da, men täze beýsbol elligi, süýjidir kökeler hemem oýunjaklar hakynda arzuw edemde, bu maňa eşek üçin käşir ýaly bir zat diýjek bolýaňmy? — diýip, Maýk sorady.

— Hawa… Ulalaňda bolsa ol oýunjaklaryň bahasy ulalar. Sen dostlaryňy haýran etmek üçin täze ulag, gämi hemem ullakan öý edinesiň geler — diýip, baý kakam ýylgyrdy. — Gorky adamyny gapynyň aňyrsyna çykarýar, isleg bolsa özüne çekiji sesiň yzyndan gitmäge mejbur edýär. Ine, şeýdibem adam duzaga düşýär.

— Onda näme etmeli? — diýip, Maýk sorady.

— Gorkudyr isleg sowatsyzlyk sebäpli güýçlenýär. Şonuň üçinem baýlaryň puly köpeldigiçe, gorkularam güýçlenýär. Pul — bu käşir, salgym. Eger eşek bolup geçýän zatlary görmegi başaran bolsa, ähtimal, ol pikirini üýtgedip, käşiriň yzyndan ylgamazdy.

Baý kakam durmuşda sowatsyzlyk bilen göreşmelidigi, aňly-düşünjeli adam bolup ýaşamalydygy barada düşündirip ugrady.

— Biz her gün ýa-da her sagat «pähim-paýhasymyzy täze bir zatlar üçin ulanmalymy ýa-da däl» diýen karara gelýäris. Adam täze maglumatlary gözlemegini bes edip, diňe içki dünýäsine berlende, ol nadan adama öwrülýär. Düşüniň, adamzat üçin mekdep örän zerur. Siz haýsydyr bir hünäre eýe bolmak hemem jemgyýetiň talabalaýyk agzasy bolmak üçin mekdebe gidýärsiňiz. Her bir jemgyýete mugallymlar, lukmanlar, ussalar, nakgaşlar, aşpezler, söwdagärler, polisiýa işgärleri, ot söndürijiler, esgerler gerek. Biziň jemgyýetimiziň gülläp ösmegi üçin mekdepde bu hünärleriň geljekki wekillerini taýynlaýarlar. Gynansagam, köp adamlar üçin mekdep okuwyň başlangyç etapy däl-de, soňky basgançagy.

Ara uzak wagtlyk ümsümlik düşdi. Baý kakam ýylgyrdy. Şol gün men onuň aýdanlarynyň baryna düşünmedim. Ýöne meşhur mugallymlaryň öwredişi ýaly, onuň sözlerinden men gaty köp ýyl sapak aldym.

— Bu gün men size gaty ýowuz zatlary aýtdym — diýip, baý kakam sözüni dowam etdi. — Ýöne munuň öz sebäbi bar. Men siziň bu gürrüňleri hemişelik ýadyňyzda saklanyňyzy isleýän. Men siziň hanym Martini hemem eşekli wakany hiç wagt ýadyňyzdan çykarmanyňyzy isleýän. Eger pikirleriňiziň nähili dolandyrýandygyna düşünmeseňiz, gorkudyr islegiň öz öňüňizde ullakan duzak gurjakdygyny hiç wagt unutmaň. Meniň aýdýan zatlarym gaty ýowuz däl. Arzuwlaryňy amala aşyrman tutuş ömrüňi gorkuda ýaşamak — gaty ýowuz. Pul üçin garadere batyp işläp, soňra bir zatlar satyn alyp bagtly bolan bolmak — gaty ýowuz. Gijäniň bir wagty garasuw bolup oýanyp: «Eý, Hudaý, birden hasaplarymy töläp bilmesem näme?!» diýmek — gaty ýowuz. Aýlygyň ululygy bilen dolandyrylýan durmuş — bu durmuş däl. Kim «Iş howpsuzlyk duýgusyny berýär» diýýän bolsa, ol özüni aldaýar. Ine, hakyky ýowuzlyk nirede gizlenip ýatyr. Şonuň üçinem men siziň bu duzakdan gaçanyňyzy isleýän. Adamlaryň durmuşyny pul dolandyryp ugranda, men nämeleriň bolýandygyny gördüm. Şol zatlaryň bolmagyna ýol bermäň. Haýyş edýän, öz durmuşyňyzy puluň dolandyrmagyna ýol bermäň.

Depilen top gelip biziň ýanymyza düşdi, baý kakam ony galdyrdy-da, oýnaýanlara oklady.

— Sowatsyzlygyň gorkudyr açgözlülik bilen näme baglanyşygy bar? — diýip, men gyzyklandym.

— Adamlaryň pul barada düşünjesiniň ýoklugy sebäpli, açgözlülik bilen gorky peýda bolýar — diýip, baý kakam jogap berdi. — Meselem, bir lukmany mysal alalyň. Ol maşgalasyny eklemek üçin köpräk pul gazanmak isleýär hemem hyzmatynyň bahasyny galdyrýar. Ol bahany galdyran bolsa, diýmek, hemmeler üçin lukmançylyk hyzmaty ýokary galýar.

Bu pullularda-da bildirýär, ýöne saglygyna seredip bilmeýän garyp adamlarda has gaty bildirýär. Lukmanlar bahany galdyran bolsa, diýmek, basym hukukçylaram galdyrar. Hukukçylar bahany galdyran badyna bolsa, mugallymlaram galdyrar, onsoň salgydam köpeler. Basym garyplar bilen baýlaryň arasynda gaty uly uçut peýda bolup, bulam-bujarlyk başlanar, şeýdibem ýene bir beýik siwilizasiýa heläk bolar. Beýik siwilizasiýalaryň barysy hem hut şu — garyplar bilen baýlaryň arasynyň gaty açylanlygy sebäpli ýykyldy. Häzir Amerika-da hut şu ýolda dur hem-de taryhyň gaýtalanýandygyny aýdýar. Biz geçen maglumatlardan bir zatlary öwrenmän, diňe olaryň atlaryny, senelerini ýadymyzda saklaýarys, sebäbi biz taryhdan hiç zat öwrenmek islämzok.

— Eýsem, bahalar galmaly dälmi? — diýip, men soradym.

— Jemgyýet aňly-düşünjeli bolsa, bahalar pese gaçmaly. Bahalar gorkudyr açgözlülik sebäpli ýokary galýar, bu bolsa sowatsyzlyk arkaly ýüze çykýar. Eger mekdepde adamlara pula dogry çemeleşmegi öwreden bolsalar, ýurtda pul köp bolup, bahalaram pes bolardy. Ýöne mekdepde adamlara puluň güýjüni nädip ulanmalydygyny öwretmegiň ýerine, pul üçin işlemegi öwredýärler.

— Telekeçilik mekdepleri näme? — diýip, Maýk geňirgendi. — Eýsem, sen maňa geljekde şol mekdepde okamagy maslahat bermediňmi?

— Hawa — diýip, baý kakam aýtdy. — Ýöne telekeçilik mekdepleri, köplenç, pul hasaplap bilýän maşyndan çala tapawutlanýan hünärmenleri goýberýär. Olar ýaly hünärmenleriň kärhanany dolandyrmagyndan Hudaý saklasyn! Olar diňe sanlary ýazmagy, işgärleri işden boşatmagy hemem kärhanany çökermegi oňarýar. Men muny gaty gowy bilýän, sebäbi mende-de şolar ýaly «hünärmenler» bar. Olar diňe çykdajylary azaltmak hemem bahalary ýokary galdyrmak barada pikir edýär, bu bolsa täze meseleleriň ýüze çykmagyna getirýär. Pul hasaplamany başarmaly, men muny köp adamlaryň edenini isleýän, ýöne, barybir, bu gutarnykly peýda bermez.

— Onda näme etmeli? — diýip, Maýk sorady.

— Çykalga bar — diýip, baý kakam aýtdy. — Pikirlenmek üçin duýgularyňyzy peýdalanmagy öwreniň. Oglanlar, siz birinji gezek duýgularyňyza hötde gelip, mugtuna diýen ýaly işlemäge razy bolanyňyzda, men sizden bir zatlar tama edip boljakdygyna göz ýetirdim. Haçan-da, men size has köp pul hödürlämde, siz ýene-de özüňizi saklamany başardyňyz, ine, şonda men siziň duýgularyňyzyň täsirine düşmän pikirlenmegi başarýandygyňyzy bildim. Siziň birinji ädimiňiz gaty gowy.

— Näme üçin birinji ädim şeýle möhüm? — diýip, men soradym.

— Muny geljekde özüňiz çözmeli. Eger siziň okasyňyz gelýän bolsa, men sizi tern agajynyň ýanyna äkiderin — şol hemmeleriň diýen ýaly gaçyp gaýdan ýerine. Siz hiç kimiň barmak islemeýän ýerine bararsyňyz, sebäbi o taýy gaty gorkunç. Eger siz şo ýerde meniň bilen galsaňyz, onda «pul üçin işlemeli» diýen pikirleriňizden dynarsyňyz hemem puly özüňize işletmegi öwrenmegi başararsyňyz.

— Eger siziň bilen gitsek, biz ahyrynda nirä bararys? Siziň eliňizde okamaga razy bolsak, biz iň soňunda näme alarys? — diýip, men soradym.

— Towşan doganyň alan zadyny — diýip, baý kakam jogap berdi. — Şepbikli garantgadan azat bolarsyňyz.

— Durmuşda tern agajy barmy? — diýip, men soradym.

— Hawa — diýip, baý kakam jogap berdi. — Tern agajy — bu biziň gorkymyz hemem nebsimiz. Ondan çykmak üçin gorkynyň nämedigine düşünmeli hemem açgözlülikdir erksizligiň garşysyna göreşmegi başarmaly. Onuň çykalgasyny bolsa akyl-paýhasyň kömegi bilen, gerekli pikirleri saýlap bilmek arkaly tapyp bolýar.

— Gerekli pikirleri saýlap bilmek arkaly? — diýip, Maýk aljyraňňy sorady.

— Hawa. Duýgularyňa berilmeli däl-de, gerekli pikirleri saýlamagy başarmaly. «Hasaplarymy töläp bilmerin» diýen gorky bilen ir bilen işe howlukmaň-da, özüňizden soraň: «Bu iş şu meseläniň iň gowy çözgüdimi?» Adamlaryň aglabasy şular ýaly zatlar barada oturyp oýlanmakdan gaty gorkýar, oňa derek olar ýigrenýän işlerine ýetmäge howlugýarlar. Olar şepbikli garantganyň ýesirine öwrülipdirler. «Pikirleriňizi saýlamany başarmaly» diýenimde, ine, men şuny göz öňünde tutýaryn.

— Ony nädip etmeli? — diýip, Maýk sorady.

— Ine, şu barada-da men sizi okatmak isleýän. Men size gerekli pikirleri saýlamagy öwrederin, şondan soň siz aýak üstünde kofeňizi içip, işiňize bakan ýelk ýasamarsyňyz. Ýadyňyzda bolsa, «iş — bu uzak möhletleýin meseläniň bary-ýogy gysga wagtlyk çözgüdi» diýipdim. Adamlaryň kellesinde diňe ýekeje mesele bar, ol hem gysga wagtlyk. Bu — aýyň aýagynda öz şepbikli garantgalaryna hasaplaryny tölemek. Olaryň durmuşyny pul dolandyrýar. Has dogrusy, gorky hemem pul dolanyşygyna düşünmezlik. Olar edil ene-atalary ýaly hereket edýär: her gün irden turýarlar-da, pul üçin işlemäge howlugýarlar. «Başga usul ýokmuka?» diýip özlerine sorag bermäge olarda wagt ýok. Olaryň pikirlerini akyl-paýhaslary däl-de, duýgulary dolandyrýar.

— Duýgudan emele gelýän pikir bilen akyl-paýhasdan emele gelýän pikiri nädip saýgarmaly? — diýip, Maýk gyzyklandy.

— Bu gaty aňsat — diýip, baý kakam aýtdy. — Beýleki adamlar elmydama şunuň ýaly pikir edýär. Meselem: «Hawa, biziň barymyz işlemeli» ýa-da «Baýlaryň baryny kazyýetde sud etmeli», ýa-da «Men başga işe geçjek. Men aýlygymyň ýokarlandyrylmagyna mynasyp. Men özüm bilen beýle gürleşilmegine ýol bermerin», ýa-da «Maňa bu iş ýaraýar, sebäbi bu iş durnukly». Ýöne olar öz-özlerine şu zatlary aýdanok: «Belki, men bir zatlara düşünýän däldirin?» Hut şular ýaly soraglar duýgularymyza akyl-paýhasymyzy basyp almaga ygtyýar berenok hem-de oňatja pikirlenmäge maý berýär.

Biz ýene dükana tarap ýola düşdük. Ýolda baý kakam Maýk ikimiziň gurşundan şaýylyk ýasamyzda pikirlerimiz baý adamlaryň pikirlerine golaýlandygyny, ýöne bu hereketimiziň kanun tarapyndan gadagandygyny aýtdy. Ony banklar, döwletler ýasasa-da, biziň ýasamaga hakymyz ýokdy. Soňra ol Amerikanyň altyn pullary barada gürrüň edip, her bir dollaryň belli bir agramynyň bardygyny aýtdy. Haçan-da birwagt Amerikanyň altyn pullarynyň gymmatynyň gaçjakdygy hemem dollaryň ýatjakdygy (bu bolup biläýjek zat) baradaky myş-myşlar ony biynjalyk edýärdi.

— Eger bu waka ýüze çykaýsa, oglanlar, onda, dogrudanam, kyýamat gopar. Garyplar, ortatap adamlar hemem bu zatlardan habarsyz adamlar öz döwrüniň gurbany bolarlar, sebäbi olar puluň hakykatdygyna hemem kärhananyň ýa-da döwletiň özleri barada alada etjekdiklerine ynanýarlar.

Şol wagtlar biz onuň näme diýýändigine düşünemzokdyk, ýöne ýyllaryň geçmegi bilen, onuň sözlerinde ullakan manynyň bardygyna düşünip ugradyk.

BEÝLEKILERIŇ GÖRMEÝÄN ZADYNY

NÄDIP GÖRMELI?

Dükanyň gapdalynda duran pikabyna münüp, baý kakam şeýle diýdi:

— Işiňizi dowam ediberiň, oglanlar. Ýöne aýlyk hakyňyzy näçe basym unutsaňyz, şonça-da ýaşamak aňsat bolar. Mugt işläp, beýniňizi işlediň, basym beýniňiz meniň berýän pulumdan has köp puly nireden almalydygyny aýdar. Siz beýlekileriň görmeýän zadyny görmegi başararsyňyz. Ol mümkinçilik öňlerinde duranam bolsa, adamlaryň aglabasy ony görenok, sebäbi olar gowy aýlykly, durnukly iş gözläp, şonuň bilenem çäklenýärler. Eger-de siz ýekeje mümkinçiligi görmegi başarsaňyz, onda görmek başarnygy ömrüňiziň ahyryna çenli ýanyňyzda galar. Eger-de siz muny öwrenip bilseňiz, şondan soň biz indiki basgançaga geçeris. Ýadyňyzda saklaň, şu sapagy özleşdirmegi başarsaňyz, onda durmuşyň iň uly duzagyndan sypmagy başararsyňyz.

Maýk ikimiz dükandan zatlarymyzy aldyk-da, hanym Martin bilen hoşlaşyp, ýola düşdük. Seýilbaga — şol oturan ýerimize baryp, eşiden zatlarymyz barada ýene birnäçe sagatlap gürleşip oturdyk.

Biz ýene iki hepdeläp mugtuna işledik hemem aýdylan zatlar barada oýlanýardyk.

Ikinji şenbäniň ahyrynda men hanym Martin bilen hoşlaşdym hemem içi suratly kitapçalara gaýgyly nazarymy aýladym. Indi olary satyn alyp biljek däldim, sebäbi mugtuna işleýärdim. Birden hanym Martin bilen Maýk hoşlaşyp duran wagty täze bir zada gözüm düşdi. Hanym Martin öň meniň görmedik zadymy edýärdi — ol içi suratly kitapçalaryň daşyny ikä bölýärdi. Ol onuň ýokarky bölegini alyp galdy-da, galanyny ullakan gapyrjaga zyňyp goýberdi. Haçan-da, men bulary näme etmekçi bolýandygyny soramda, ol şeýle diýdi:

— Zyňmakçy. Onuň ýokarky bölegini bolsa täzesini getirende satyjysyna bermeli. Ol bir sagatdan gelmeli.

Maýk ikimiz onuň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşdyk. Basym suratly kitapçalaryň satyjysy geldi, onsoň men ondan: «Bulary alsam bolarmy?» diýip soradym. Ol maňa şeýle diýdi:

— Bu dükanda işlejegiňize hemem ony satmajagyňyza söz berseňiz bolar.

Maýk ikimiziň şärikdeşdigimiz ýadyňyzda bolsa gerek. Şol gün biz ony ýaňadan dowam etdirdik. Maýkyň boş ýerzeminleriniň birini alyp, o ýere suratly kitapçalaryň ýüzlerçesini eltdik.

Basym biziň içi suratly, şorta sözli kitaphanamyz hemmeler üçin açyldy. Baş kitaphanaçy edip biz Maýkyň özünden kiçi uýasyny belledik (ol okuwyny gaty gowy okaýardy). Ol kitaphana giren her çagadan on sent alýardy. Kitaphana her gün mekdepden soň 14:30-dan 16:30-a çenli işleýärdi. Bärik gelýänler goňşularyň çagalary, olar iki sagadyň dowamynda ýetişip bilen kitapçalaryny okaýardylar. Bu olar üçin bähbitlidi, sebäbi suratly kitapçalaryň bahasy on sentdi, iki sagadyň dowamynda bolsa olaryň bäş-altysyny okamak bolýardy.

«Çagalar kitapçalary öýlerine äkidäýmesin» diýip, Maýkyň uýasy olary barlaýardy. Mundan başga-da, ol depderçe ýöredip, günde näçe adamyň we kimiň gelýändigini belleýärdi. Üç aýyň dowamynda Maýk ikimiz ortaça hepdämize dokuz dollar 50 sent gazandyk. Biz onuň uýasyna hepdesine bir dollardan töledik hemem kitapçalary mugtuna okamaga rugsat berdik. Umuman, ol kitapçalary örän seýrek okaýardy, sebäbi elmydama sapaklary bilen başagaýdy.

Maýk ikimiz öňkülerimiz ýaly her şenbe güni dükanda işleýärdik, ýagny şertnamamyzy berjaý edýärdik. Satyja beren sözümizi saklap, onuň kitapçalaryny hem satmaýardyk. Haçan-da, kitapçalar ýyrtylyp, ulanyp bolmajak derejä ýetende, olary ýakýardyk. Biz kitaphananyň ýene bir şahamçasyny açmakçy bolduk, ýöne Maýkyň uýasy ýaly işini oňat ýerine ýetirýän, ynamdar kitaphanaçyny tapmadyk. Şeýlelikde, biz ilkinji gezek kadr meselesine gabat geldik.

Kitaphana açylyp, üç aý geçenden soň, bärik goňşy etrabyň birnäçe bezzady gelip, urşup-sögüşipdirler. Maýkyň kakasy bize bu işi ýapmagy maslahat berdi. Şeýdibem biziň kitapçaly söwdamyz tamam boldy, onsoň şenbe güni dükanda işlemämizi hem bes etdik. Umuman, baý kakam şeýle-de bize täze bir zady öwretmek isläp ýördi. Ol biziň ilkinji sapagy gaty gowy özleşdirenimize örän begenýärdi, sebäbi biz puly özümize işlemäge mejbur edipdik. Dükanda mugtuna işlemek bilen, biz pul gazanmak üçin mejbury ýagdaýda pikirlerimize ýüz tutmaly bolupdyk hem-de öz hususy söwdamyzy ýola goýmak bilen, biz öz maliýe garaşsyzlygymyzyň eýesi bolupdyk. Ýöne bu işiň iň gowy zady — özümiz işlemesegem, bu iş bize girdeji getirip ugrapdy. Biziň üçin pulumyz işleýärdi.

Baý kakam bize pul tölemän, has köp zat beripdi.

(Dowamy bar).

1. Goşgyny terjime eden Döwlet Garkyn.

2. Aw­tor bär­de Dj.Har­ri­siň «Ri­mus da­ýy­nyň er­te­ki­le­ri» at­ly ki­ta­byn­dan «Tow­şan do­gan we Til­ki do­gan» er­te­ki­si­ni meň­zet­me hök­mün­de ge­tir­ýär. Til­ki do­gan şep­bik­den ga­rant­ga ýa­sa­ýar hem-de onuň kö­me­gi bi­len Tow­şan do­ga­ny tut­mak is­le­ýär. Eger Tow­şan özü­ni tern aga­jy­na zyň­ma­ga Til­ki­ni ra­zy edip bil­me­dik bol­sa (Ol o taý­dan ar­ka­ýyn çy­kyp gid­ýär), on­da ol ony gür­rüň­siz iýer­di.

Rusçadan terjime eden Rüstem GURBANNEPESOW,
«Dünýä edebiýaty»

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle