Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüzýän adadaky başdangeçirmeler (8 bolek)

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüzýän adadaky başdangeçirmeler (8 bolek)

Žül WERN,

fransuz ýazyjysy

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Ýigrimi birinji babyň dowamy

— Ýeteweriň — diýip, Jasper Gobson gygyrdy.

Mak-Nap bilen Reý oňa kömege okduryldylar, ýöne zenanlaryň biri olardanam öňürdip, leýtenanta kömege ýetişipdi. Ol zenan missis Polina Barnetdi. Olar üýşüp gapyny ýapjak bolup çytraşdylar, emma daşardaky nägehanyň abyrsyz gara güýji juda ämärtdi, şonuň üçinem gapy bilen söýäniň arasyndaky yş giňelmese kiçelenokdy. Ýene sähelçe dyzadygy aýy däliziň içine girse giräýmelidi.

Missis Barnet Jasper Gobsonyň guşagyndaky sapançalaryň birini alyp, sowukganlylyk bilen maýyny arady-da, aýynyň kellesi yşdan görnende onuň hatap ýaly açylyp duran agzynyň içine atyp, sapançanyň hataryny boşatdy.

Bir demde jany çykan aýy gürpüldäp ýykyldy. Gapyny ýapdylar hem-de ony aňsat-aňsat açylmaz ýaly mazaly petiklediler.

Seržantyň dem-düýtsüz göwresini zala getirdiler. Ony nädip özüne getirmeli? Daşyndan görseň jany bara meňzemeýän leýtenanty nädip ölümden halas etmeli?

— Men odun getirmäge gitjek, goýberiň meni, ýogsam!.. — diýip, demirçi ussa Reý jibrinýärdi.

— Hawa, Reý, gitmeli, hökman gitmeli, ikimiz oduna bile gideris — diýip, ýene biriniň sesi eşidildi. Ol demirçi ussanyň ýanýoldaşydy. Gaýduwsyz gelin adamsy bilen bile ölmäge taýýardy.

— Ýok, adamlar, beýtsek bolmaz! — diýip, Jasper Gobson gygyrdy. — Siz heläk bolarsyňyz, hatda sowuga döz geleniňizde-de aýylar sizi aman sypdyrmaz. Gowusy, öýüň içindäki ýakyp bolaýjak zatlaryň ählisini ýakalyň, soňunam görübereris, belki, Hudaýyň özi gowusyny etsin-dä!

Bu sözleri eşidip, sowukdan ýaňa eňkamy agan adamlar atylyp ýerinden turdular, akylyndan azaşan ýaly bolup palta ýapyşdylar. Oturgyçdyr stollar, germewler bir demde paltalanyp, bölek-bölek edildi. Tiz wagtdan uly zaldaky pejem, aşhanadaky ojagam gümmürdäp ýanyp başlady, ody hasam güýçlendirmek üçin az-owlak morž ýagynam odunyň üstüne atdylar.

Öýüň içiniň howasy on iki gradus dagy ýokarlandy. Longa hem ilkinji lukmançylyk kömegi berildi. Onuň endamyna gyzgyn ýag çalyp owkaladylar welin, emi-ýomy şol boldy, bedeniniň gan aýlanyşygy ýuwaş-ýuwaşdan kadalaşdy. Görgüliniň endamyndaky ak tegmillerem ýitişip başlady. Ýöne, näme diýseňem, entek neressäniň haly teňdi, ol birnäçe sagatlap dilsiz-agyzsyz ýatdy. Ony ýyljak ýorgana dolap, pejiň golaýynda ýatyrdylar, missis Barnet bilen Mej ikisi uzynly gije çirim etmän, onuň başyny sakladylar.

Jasper Gobson, Mak-Nap hem-de Reý dagy bolsa emele gelen ýagdaýdan çykalga gözläp kelle döwýärdiler. Öýüň içinden alnan ýangyç ýetäýse iki güne ýetjekdi. Eger-de bu aldajy sowuk gowşaşmasa, onda fortuň ýaşaýjylarynyň başyna nä günler düşjek? Ony bir Hudaý bilýärdi. Täze Aýyň doganyna iki gün geçipdi, ýöne howa welin üýtgemeýärdi. Demirgazykdan henizem buz ýaly ýel öwüsýärdi. Barometr «açyk, gurak» howany görkezýärdi, ägirt uly doňaklyga öwrülen ýerden sähelçe ümrem göterilenokdy. Görnüşi ýaly, howanyň ýumşaşmagyna bil baglap boljak däldi. Onda näme etmeli? Ýene-de saraýa barmaga synanyşmalymy? Aýylar jaýyň üstünden howla düşensoňlar, indi bu hasam howpludy. Ýa-da daşaryk çykyp olar bilen darkaş gurmalymy? Ýok. Bu juda akylsyzlyk bolar, beýdilse, hemmeler heläk bolar.

Her niçigem bolsa, edil şu wagt-a otaglaryň howasy hiç neneň däldi. Ertirlik üçin missis Jolif gowrulan et bilen çaý goýdy. Gyzgyn suw hem-de şeker goşulan şerbedem ýatdan çykarylmady, garadangaýtmaz Longyň hem indi öňünde goýlany tamşanmaga gurby çatýardy. Pejiň jana şypa berýän ýylylygy öýüň temperaturasynam, gyşlagçylaryň ruhunam ýokary göterdi. Indi olar aýylara hüjüm etmek üçin diňe Jasper Gobsonyň buýruk bermegine garaşýardylar. Ýöne leýtenant gyssananokdy, ol öz güýçlerini nägehanlaryňkydan asgyn diýip hasaplaýardy, şonuň üçinem töwekgellik etmek islemeýärdi. Bu gün hiç hili üýtgeşik waka bolmajak ýalydam welin, günortan sagat üçlerde jaýyň üstünde gorkunç şatyrdy eşidildi.

— Aýylar! — diýip, esgerler gygyryşdylar hem-de ur-tut paltadyr sapançalaryna ýapyşyp häzirlendiler.

Aýylar, megerem, jaýyň üstündäki pürsleriň birini goparyp, üçege giren bolarly.

— Hemmäňiz ýerli-ýeriňizde boluň! — diýip, leýtenant sowukganlylyk bilen buýruk berdi. — Reý, üçege çykylýan ötelgäni ýap!

Reý dälize ylgady, haýdap basgançakdan ýokary çykyp, ýokary çykylýan ötelgäniň gapagyny jebis ýapdy.

Jaýyň potology aýylaryň agramyny götermän aşak çökäýjek ýaly bolup görünýärdi, ýokardan eýmenç zenzele gelýärdi, aýylar güpürdeşip ylgaýardylar, şatyrdadyp jaýyň üstüni dyrnaçaklaýardylar, olaryň arryldysy depe saçyňy üýşürýärdi.

Aýylar üçege girensoň adamlaryň ýagdaýy indi nähili, howp artdymy ýa-da indi ozalkydan ganymatlaşdymy? Jasper Gobson öz ýoldaşlary bilen bu barada maslahatlaşdy. Adamlaryň köpüsi indi ýagdaý birneme gowulaşdy diýip hasaplaýardylar. Aýylaryň hemmesi üçege ýygnanyşan bolsa gerek, eger-de şeýle bolsa, olar darajyk ýerdekä hüjüm edilse gowy boljakdy, onuň üstesine hem, ol ýerde sowuk adamlaryň demini bermän durmaz, ellerem beýlebir üşemez, edil ýarag tutmaga ýarar. Dogry, bu ýyrtyjylar bilen ýüzbe-ýüz durup darkaş gurmak juda howpludy, ýöne, her niçigem bolsa, indi bu mümkindi.

Çagyrylmadyk myhmanlaryň üstüne hüjüm etmelimi ýa ýok, ine, şu meseläni çözmelidi. Bu, elbetde, kelläňi etegiňe salmak bolýardy, onuň üstesine hem, esgerler üçege çykylýan ötelge deşikden ýokaryk ýeke-ýekeden çykmalydy.

Düşnükli zat, Jasper Gobson ikirjiňlenip, belli-külli karara gelip bilenokdy. Ol seržant bilen, beýleki ýoldaşlary bilen maslahatlaşyp, entek garaşmagy ýüregine düwdi, ýogsa ol ýoldaşlarynyň ýüzüni ýere salmajaklaryny bilibem durdy, ýöne onda-da ol ýene az wagt näme-nämelik bolaryna garaşmaly diýen karara geldi. Kim bilýär, haýsydyr bir garaşylmadyk ýagdaýyň olaryň işini ýeňilleşdirmegi ahmaldy. Potologa goýlan nawlar üçegiň pürslerine görä has berdaşlydy, olary döwäýmek aýylara aňsat-aňsat başartjak däldi, şonuň üçinem olaryň jaýyň aşaky gatyna düşerinden howatyr edip oturmagyň geregi ýokdy.

Haýsydyr bir mojuk iş bolaýjak ýaly galagoply ýagdaýda bu günem geçdi. Gije hiç kim çirim etmän çykdy. Gazaba münen aýylar guduza dönüp, üçegi agdar-düňder edýärdiler, olaryň zenzelesinden ýaňa ýataýyn diýeňde-de ýatar ýaly däldi.

Ertesi ir bilen başga bir bela adamlaryň onsuzam ýeňil bolmadyk gününi hasam kynlaşdyrdy hem-de leýtenant Gobsony hereket etmäge mejbur etdi.

Bilşimiz ýaly, pejiň hem-de aşhanadaky ojagyň turbalary üçegiň içinden ýokarlygyna çykarylypdy. Hekli kerpiçlerden örülen bu turbalar aýylaryň şatysyna döz geler dereje-de mäkäm däldi. Aýylar penjeleri bilen urdularmy ýa-da ýylynmak üçin turbalara ýaplandylarmy, onçasy belli däl, garaz, olar turbalary ýumurdylar. Kerpiçler güpürdäp, aşaklygyna pejiň içine gaçyp başlady, tiz wagtdan bolsa turbalar tüsse çekmän ugrady.

Bu bela-beteriň öňüni aljak gümanyň ýokdy, gyşlagçylaryň ýerine başga biri bolan bolsa umydyny ýitirip, takdyra ten bererdi. Ýöne beterinden beteri bar, adamlaryň başyna inen bu betbagtçylygam olaryň görmeli görgüsiniň hemmesi däl ekeni. Turba çekmänsoň ot söneňkirledi. Öýüň içini ajy gara tüsse gaplady. Morž ýagynyň ysyndan ýaňa asla dem alar ýaly däldi. Turbalar bolsa gürpüldäp ýykylýardy. Birnäçe minutdan tüsse şeýlebir goýaldy welin, hatda çyralaryň yşygynyňam öňüni tutdy. Adamlaryň tüssä demikmezligi üçin daşaryk çykaraýmasa, Jasper Gobsonda başga alaç galmady. Ýöne daşaryk çyksaňam sowukdan doňup ölmelidi. Aýallaryň zaryn nalyşlary eşidilip başlady.

— Dostlar, meniň yzym bilen aýylaryň üstüne eňýäs! — diýip, leýtenant eline palta alyp gygyrdy.

Şeýdäýmeseň, dagy alaç ýokdy. Eýdip-beýdip ýyrtyjylaryň ýoguna ýanmalydy. Jasper Gobsonyň yzy bilen her kim tapan-tupan ýaragyna ýapyşyp, dälizdäki basgançaga dyrmaşdy. Üçege çykylýan ötelgäniň gapagyny zarp bilen açdylar. Burum-burum gara tüssäniň içinde tüpeňdir sapançalaryň agzyndan çykýan uçgunlar ýylpyldap gitdi. Adamlaryň gohy aýylaryň arryldysy bilen garyşdy, her kim gan-gabarçak bolup uruşýardy. Gözedürtme tümlükde aldym-berdimli söweş gidýärdi…

Birdenem eýmenç bir güwwüldi asman-zemini lerzana getirdi, güýçli sarsgyndan ýaňa zemin elendi. Göýä, düýp-teýkary bilen süýşýän ýaly bolup, jaý gapdallygyna gyşardy. Diwaryň agaçlary süýşdi, nämäniň-nämedigine düşünmän aňk-taňk bolan adamlar diwaryň jaýryklaryndan tümlüge gaçyşyp barýan aýylary gördüler.

ÝIGRIMI IKINJI BAP

Bäş aý

Güýçli ýertitreme Amerika yklymynyň bu sebitini elendirdi. Wulkandan emele gelen bu topraklarda munuň ýaly sarsgyn seýrek däl bolsa gerek. Ýertitreme bilen wulkan atylmasynyň arasyndaky pugta baglanyşyga ýene bir gezek gözli şaýat bolundy.

Jasper Gobson tebigatda nämeleriň gopýandygyna dessine düşündi. Gam-gussadan ýaňa onuň ýüregi howlap, gursagyny ýaryp gelýärdi. Ol çykgynsyz halda indiki boljak zada garaşyp durdy. Ýerde emele gelen düýpsüz jaýryk ony hem, onuň ýoldaşlaryny hem haçan ýuwutsa ýuwudaýmalydy. Her niçigem bolsa, soň sarsgyn gaýtalanmady. Birinji sarsgynam göni bu ýerde bolman, başga bir ýerden serpigip gelen sarsgyn bolsa gerek. Onuň güýjüne öý köle tarap gyşardy, diwarlary aşak çökdi. Soňra ýer ýene-de öňküsi ýaly durnukly ýagdaýyna dolanyp geldi.

Ilkinji nobatda, gaýragoýulmasyz işleriň aladasyny etmelidi. Jaý ýerinden gozgansa-da, onda ýaşap boljakdy. Ýerinden süýşen agaçlaryň arasynda emele gelen deşikleri ur-tut beklediler. Turbalary hem boldugyndan oňaryşdyrdylar.

Bolsa-da, aýylar bilen garpyşykda käbir esgerlere düşen ýaralar howply däldi, olary diňe arassalap daňmak ýeterlikdi. Biçäreler ýatalgalaryň, germewleriň iň soňky agaçlaryny ýakyp, şeýle hupbatly halda ýene iki güni geçirdiler. Bu wagtyň içinde Mak-Nap bilen onuň kömekçileri öýüň içinde gyssagara abatlaýyş işlerini geçirdiler. Ýere çuň kakylan pürs sütünlere hiç zat bolmandy, şonuň üçin hem jaý gyşaranam bolsa berk otyrdy. Ýöne ýertitremesi netijesinde kenarýakalaryň başga tarapa eňňit atyp, düýpli üýtgeşmelere sezewar bolandygy görnüp durdy. Jasper Gobson heläkçiligiň netijelerini mümkingadar tiz anyklamaga çalyşdy, çünki olar faktoriýanyň howpsuzlygyna belli bir derejede zelel ýetirip biljekdi. Ýöne munuň ýaly şatlama aýazda daşaryk çykmak barada pikir edip oturasy iş ýokdy.

Dogry, käbir alamatlar howanyň ýakyn wagtlarda üýtgemeginiň ähtimaldygyny hem görkezýärdi. Penjireden görünýän ýyldyzlar indi öňküsi deýin patrak ýaly däldi. 11-nji ýanwarda barometr hem biraz aşaklady. Howada ýeňiljek duman peýda boldy. Ol kem-kemden goýalyşsa, howanyň temperaturasy hem ýokarlanmalydy.

Hakykatdanam, 12-nji ýanwarda şemal günorta-günbatardan öwsüp başlady, aram-aram gar hem ýagýardy. Termometriň simaby hem nuldan on bäş gradusa (Selsiýa boýunça 9˚) çenli ýokarlandy. Aňzakdan gözleri gorkan gyşlagçylara beýle howa alabaharyň howasy ýaly bolup göründi.

Şol gün sagat on birlerde faktoriýanyň ähli ýaşaýjylary daşaryk çykdylar. Daşyndan görseň olaryň bolşy duýdansyz azatlyga çykarylan bir topar bendä meňzeýärdi. Her niçigem bolsa, ýyrtyjy haýwanlara duşulaýmagyndan ätiýaç edilip, olara fortuň howlusyndan çykmak berk gadagan edildi.

Ýylyň bu wagtlary asmanda Gün görünmeýärdi, ýöne ol indi gözýetime juda golaýlapdy, şonuň üçin hem gyşlagda uzaga çekýän ümüş-tamyşlyk höküm sürýärdi. Iki mil aralykdaky zatlaryň sudury indi aýdyň görünýärdi. Jasper Gobson daş-töwerege ser salmaga howlukdy. Ýertitremesinden soň töwerek düýbünden başga görnüşe eýe bolan bolsa gerek.

Dogrudanam, üýtgeşiklik gaty kändi. Baterst burnunyň aýagujundaky gaýanyň ýarysy ýykylypdyr, doň ýeriň ägirt uly harsaňlary kenarda duw-dagyn bolup ýatyrdy. Burnuň özi hem köle tarap gyşaran ýaly bolup durdy. Jaýyň duran meýdany hem süýşen ýalydy. Ýer üstüniň günbatar tarapy ep-esli peselip, gündogary bolsa beýgelipdir. Ýer keşbiniň bu özgermesi birnäçe möhüm üýtgeşmeleri döretmelidi. Kölüň we Polina derýasynyň buzy eränsoň, ol täze dörän ýapgyt boýunça gündogardan günbatara aksa gerek. Şeýle bolaýsa, günbatardaky ýeriň ep-esli bölegini suw basmagy hem ahmal. Derýajyk özüne ýol gazyp, täze akabadan akar. Diýmek, onuň ummana guýýan ýerindäki kiçijik tebigy goltuk ýitip gider. Kenarýakasynyň gündogar bölegindäki baýyrlyklar hem has peselen ýalydy. Günbatardaky gaýalaryň bolsa juda uzakda ýerleşýändigi sebäpli entek belli bir zat aýdyp boljak däldi. Gepiň tümmek ýeri, ýertitremesi sebäpli bolan iň esasy üýtgeşme, azyndan dört-bäş inedördül mil aralykda ýer üstüniň keşbiniň uly özgerişe sezewar bolmagydy, indi bu meýdan gündogardan günbatarlygyna eňňit bolup gidýärdi.

— Bu bolýan zatlara bir seretseňiz-le, mister Gobson — diýip, syýahatçy zenan güldi. — Siz maňa hormat edip, gämi duralgasyna hem derýajyga adymy dakdyňyz. Indem Barnet duralgasam, Polina derýasam ýeriň ýüzünden ýitdi! Görýän welin, meňki ugruna boljak däl öýdýän!

— Dogrudanam, hanym, derýa ýitipdir, ýöne köl welin dur. Siz razy bolsaňyz, indiden beýläk ony «Barnet köli» diýip atlandyraýarys. Ol-a ýitip gitmezmikä diýýän.

Är-aýal mister we missis Jolifler öýden çykdylar-da, birisi it ýatagyna, beýlekisi bolsa sugun dölesine tarap ýelk ýasady. Itler uzak wagtlyk bendiçilikden känbir ejir çekene meňzänokdylar. Olar şadyýan towsuşyp howla çykdylar. Sugunlaryň bolsa biri heläk bolupdyr. Galanlary birneme horlanypdyr diýmeseň gurgundy.

— Bolsa-da, hanym, betbagtçylykdan aman-esen gutuldyk! Muňa-da şükür etmeli — diýip, gezelenç edip ýörkäler leýtenant Gobson missis Barnete ýüzlendi.

— Meniň özüm-ä sähelçejigem ruhdan düşmedim, mister Gobson. Siziň ýoldaşlaryňyz ýaly adamlary aňzagam, sowugam asla ejizledip biljek däl ekeni! Men muňa magat göz ýetirdim! — diýip, syýahatçy zenan oňa jogap berdi.

— Hanym, men dogup-döräp polýar sebitlerinde ýaşap ýörün, ýöne munuň ýaly sowugy henize-bu güne çenli görmändim. Dogrymy aýdaýaýyn, bu ýagdaý ýene bäş-üç gün dowam eden bolsa hemmämiz heläk bolardyk.

— Diýmek, ýertitreme dadymyza ýetişäýipdir-dä onda. Bu al kakmyş aýylary-ha onuň ürküzendigi görnüp dur, ýöne onuň howanyň üýtgemegine-de täsir eden bolmagy ahmal.

— Bu diýýäniňiziň hem jany ýok däl, hanym. Tebigatyň ähli hadysalary biri-biri bilen baglanyşykly. Ýöne meni bärsiniň ýerüsti gurluşynyň wulkandan emele gelendigi hem az alada goýanok. Faktoriýanyň ýanynda hereket edýän wulkanyň bolmagy meniň-ä düýbünden göwnüme ýaranok. Wulkan lawasynyň üstümizi basasy ýok, o tarapyndan arkaýyn, ýöne ýerasty sarsgynlar jaýymyza gaty zelel ýetirýär. Serediň, oň bolaýanyny, nämä meňzeýäni belli däl!

— Ýaz gelse ony doly abatlarsyňyz, mister Gobson! Indi siziň ýeterlik tejribäňiz bar, ondan has berk jaý gurubam bilersiňiz!

— Elbetde gurarys, hanym! Ýöne bu jaýda ýene birnäçe aýlap ýaşamak size ýeňil düşmez! Biziň bu ebti agan öýümizde özüňizi oňaýly duýmazmykaňyz diýýän!

— Menmi? — diýip, missis Polina Barnet hezil edip güldi. — Men syýahatçy ahyryn. Men özümizi bir gapdala gyşaran gäminiň üstündemişin diýip göz öňüne getirerin. Gowy tarapy hem, öňünden tolkun bolmansoň, bu gäminiň üstünde deňiz keselinden howatyr etjek aladaňam ýok!

— Gaty gowy, hanym! Siziň mertligiňizi näçe öwseň öwüp oturmaly! Ony hemmeler bilýär. Siz öz ruhubelentligiňiz, şähdaçyklygyňyz bilen kyn günlerde maňa-da, meniň ýoldaşlaryma-da görelde bolduňyz. Şol sebäpli olaryňam adyndan, öz adymdanam size minnetdarlyk bildirýärin.

— Mister Gobson, siz ulaldýarsyňyz, meniň artykmaç eden zadym ýok…

— Ýok, beýle däl, kimden sorasaňyz soraýyň, olaram meniň aýdanlarymy gaýtalar… Ýöne maňa bir sowal bermäge rugsat ediň. Siziň özüňizem bilýärsiňiz, iýun aýynda kapitan Krewenti bize kömek üçin kerwen ýollamaly, ol kerwen gaýdyşyn biziň taýýarlan derilerimizi Relaýans fortuna alyp gider. Megerem, biziň dostumyz Tomas Blek hem özüniň Gün tutulmasyny synlap keýpden çykansoň, ol topar bilen iýul aýynda yzyna dolansa gerek. Soramaga rugsat beriň, hanym, sizem olar bilen yzyňyza gitmekçimi?

— Mister Gobson, men eýýäm sizi irizipdirin öýdýän, siz meni kowýarsyňyzmy? — diýip, syýahatçy zenan ýylgyryp sorady.

— Aýdýanyňyz näme, hanym!..

— Onda maňa gulak goýuň, gadyrly leýtenant — diýip, missis Barnet Jasper Gobsona elini uzadyp jogap berdi. — Men sizden Umyt fortunda ýene bir gyşy geçirmäge rugsat bermegiňizi soraýaryn. Belkem-de, geljek ýyl şereketiň haýsy hem bolsa bir gämisi Baterst burnunyň ýanynda labyr taşlar. Şonda men hem ol gämi bilen yzyma gaýdaýaryn. Bu ýere gury ýer bilen gelip, yzyma-da deňziň içi bilen ýüzüp, Bering bogazyndan geçmek bagty, belkem, maňa gülüp bakar.

Leýtenant öz ýoldaşynyň şeýle karara gelmegine gaty begendi. Ol onuň bilen düşünişýärdi, onuň gadyryny hem bilýärdi. Onuň bu edenli zenany sulhy alypdy, Polina Barnet hem ony ak ýürekli, batyr adam diýip hasaplaýardy. Eger aýra düşmeli bolsalar, muňa olaryň ikisem gynanjakdy. Onsoňam, kim bilýär? Gudraty Güýçliniň olara täze, has kyn synaglary taýýarlap goýan bolmagy hem ahmal, bu iki ynsanyň ruhy güýji birleşse hemmeler üçinem gowy boljakdy…

20-nji ýanwarda ilkinji gezek Gün göründi. Polýar gijesi tamam boldy. Gün sähelçe pursat gözýetimde durdy, gyşlagçylar ony uly şatlyk bilen mübärekläp gygyryşdylar, ýüzüne syldylar. Şu günden başlap gündiz kem-kemden uzap başlady.

Tutuş fewral aýynda hem-de martyň birinji ýarymynda açyk hem bulaşyk howa duýdansyz gezekleşdi durdy. Açyk howada güýçli aýaz boldy, bulaşyk howada petde-petde gar ýagdy. Açyk howanyň şatlama sowugy awçylara awa gitmäge päsgel berse, bulutly howada gar syrgynlary olary öýde oturmaga mejbur etdi. Üýtgäp durýan bulutly howa bolan mahaly daşarda işlese bolýardy, ýöne uzagrak ýerlere gitmekden häzirlikçe el çekmelidi. Dogrusy, uzaga gitmegiň geregi hem ýokdy, gapanlar juda zor işleýärdi. Gyşyň aýagynda tutulan samyrlaryň, tilkileriň, gornostaýlaryň, rosomahalaryň we beýleki gymmatbaha sütükli jandarlaryň san-sajagy ýokdy, awçylar Baterst burnunyň töwereklerinden uzaklaşmasalaram, gollaryny gowşuryp oturmaýardylar. Olar diňe mart aýynda bir gezek Moržly goltuga baryp gördüler hem-de ilkinji gezek ýertitremesiniň berbatlygyny öz gözleri bilen gördüler. Indi kenarýakasyndaky gaýalar düýbünden başga görnüşe eýe bolupdyr, özlerem ep-esli aşak çöküpdir. Uzaklardan görünýän ot sowurýan depeleriň üstüni duman büräp durdy, ýöne wulkanlar öz hereketini häli-häzirlikçe bes edipdiler.

Mart aýynyň ýigrimilerine awçylar ilkinji guwlary gördüler. Günorta ülkelerden dolanyp, demirgazyga uçup barýan guşlaryň ganatlary güsürdäp ses edýärdi. Soňra ak gar ýaly jikjikiler hem-de gyşlagçy laçynlar peýda boldular. Ýöne uç-gyraksyz ak haly henizem ýeriň üstüni örtüp durdy, Gün deňziň we kölüň buzuny eredip bilmeýärdi.

Diňe aprel aýynyň başynda ummanyň buzy eräp başlady. Buz harsaňlary döwlende, göýä, birgiden top gümmürdäp atylýan ýaly alazenzele bolýardy. Doňup ýatan umman tizlik bilen özgerýärdi. Aşagy eräp ýukalan buz harsaňlar deňagramlylygyny ýitirip, alagüpürdi bolup ýumrulýardylar. Olaryň ýumrulmasynyň sarsgyny doňup ýatan ummanyň buzlarynyň çat açmasyny çaltlandyrýardy.

Ortaça temperatura hem ýokarlanyp, Farengeýt boýunça otuz iki gradusa (Selsiýa boýunça 0˚) ýetdi. Kenardaky buzlar dessine ereşip başlady, demirgazyk akymlary buz böleklerini akdyryp äkidýärdi, tiz wagtdan olar dumana bürenip oturan ummanyň içinde gözden ýitdiler. 15-nji aprelde deňiz buzlardan arassalandy, indi Ýuwaş ummandan Bering bogazynyň üsti bilen gaýdan gämi Amerikanyň kenarýakasyny syryp, Baterst burnuna emgenmän gelip biljekdi.

Buzly umman bilen bir wagtda Barnet kölüniň buzlaram eredi. Onuň kenarlarynda mygyllym bolup duran müňlerçe guşlar hezil edip ýaýnaýardylar. Ýöne leýtenant Gobsonyň çak edişi ýaly, daş-töwerek başga keşbe girensoň, kölüň sudury hem özgeripdi. Fortuň haýadynyň ýanyndan başlap, gündogardaky tokaýly baýyrlara uzalyp gidýän kenarýaka öňküsinden has giňelipdir. Jasper Gobson kölüň suwlarynyň öz gündogar kenaryndan ýüz elli ädim yza çekilendigini hasaplady. Kölüň beýleki tarapynda suw şonçarak günbatara süýşen bolsa gerek, öňünde haýsydyr bir tebigy böwet bolmasa, ol, megerem, ummasyz ýeri basandyr.

Umuman aýdanyňda, ýer üstüniň günbatar tarapa gyşarandygy fortuň ýaşaýjylary üçin bähbit boldy, ol gündogara gyşaranlygynda faktoriýany düýbünden suw basjak ekeni.

Derýajyk babatynda aýdanymyzda bolsa, ol buzy çözülen dessine gurap galdy. Onuň suwlary yzyna çekildi, sebäbi kenaryň bu böleginde demirgazykdan günortalygyna gidýän eňňit emele gelipdi.

— Derýajygy polýar sebitiniň kartasyndan aýraýmasak boljak däl! — diýip, Jasper Gobson seržanta ýüzlendi. — Eger agyz suwumyz diňe şu derýajyga bagly bolsa, biz gaty kösenjek ekenik! Bagtymyza Barnet köli hem bar. Biziň adamlarymyz onuň suwuny düýbüne çenli sokga soraýmazlar-da hernä! Entekler-ä ol bize ýetmeli.

— Hawa, kölümiz dur… — diýip, seržant Long birhili aladaly ýaly jogap berdi. — Ýöne onuň suwy henizem süýjümikä?

Jasper Gobson gaşlaryny bürüşdirip, seržantyň ýüzüne tiňkesini dikdi, bu pikir onuň kellesine gelmändi. Dogrudanam, sarsgynyň zarbyna kölüň aşagy jaýryk atyp, deňiz suwunyň oňa syzmagam ahmaldy. Şeýle bolaýsa, bu betbagtçylygyň öňüni alyp boljak däldi, faktoriýa tozjakdy, ony terk etmeli boljakdy.

Leýtenant bilen seržant Long köle ylgadylar. Suw henizem süýji ekeni, oňa deňiz suwy garyşmandyr.

Maýyň ilkinji günleri beýigräk depeleriň gary eredi, Gün şöhlesiniň täsirine ýer ýaşyl begrese beslendi. Garaharsaňlaryň çogdamlary göründi, hyrawa gögeren däneli ösümlikleriň solgun baldajyklarynyň uçlary topragyň astyndan gämikläp dömdi. Missis Jolifiň eken turşujasydyr kaşykçysynyň tohumlary hem düýp aldy. Galyň gar gatlagy olary sowukdan aman saklapdy. Indi bolsa olary guşlaryň çokjasyndan hem-de haýwanlaryň dişinden goramalydy. Bu wajyp iş kaprala ynanyldy, ol hem özüne ynanylan bu wezipäni mellekde goýlan garantgalardan pes ýerine ýetirmedi.

Gün uzaldy, ýene aw möwsümi başlandy.

Jasper Gobson sütükleriň üstüni doldurmak isleýärdi, çünki ýene birnäçe hepdeden Relaýans fortunyň gullukçylary ony äkitmek üçin gelmelidiler. Marbr, Sebin hem-de beýleki awçylar agzybirlik bilen awa başladylar. Ýöne olar aw etmek üçin uzaga gitmelem, ýadamalam bolmadylar. Olar iň uzaga gidenlerinde Baterst burnundan iki milden daşa gitmediler. Awuň şunuň ýaly bol bolan mahalyny olar hiç haçan görmändiler. Bu olary bir tarapdan begendirse, beýleki bir tarapdan geňirgendirýärdi. Samyrlaryň, sugunlaryň, towşanlaryň, karibu sugunlarynyň, tilkileriň, gornostaýlaryň öz-özleri tüpeňiň öňüne gelýärdi.

Ýene bir ýagdaý haýran galdyrýardy. Aýylar nirädir bir ýere sumat bolupdyrlar. Olaryň gyşda görkezen görgüleri üçin haklaşmagy pugta ýüregine düwüp ýören gyşlagçylar armanda galdylar. Ýöne etjek alajyň näme, aýylaryň yzyny-tozuny ýel çalypdy. Forty gaban aýylar gaçanlarynda öz kowumdaşlarynam yzlary bilen alyp giden ýalydy. Olar ýertitremesindenem başga haýwanlara garanyňda has gaty gorkan borly. Gezip ýören dört aýakly jandaryň inçe duýgusy bar diýmek birhili hem bolýar, ýöne onda-da aýylaryň duýgurlygynyň örän ýitiligi köplere mälim hakykatdyr.

Maý aýynyň ygaly ýetik boldy. Gar bilen ýagyş gezekleşip ýagýardy. Howanyň ortaça temperaturasy nuldan kyrk bir gradus ýokarlandy (Selsiýa boýunça 5˚ maýyl). Töwerek, köplenç, ümür-dumana bürenýärdi, kämahallar bolsa duman şeýlebir goýalýardy welin, fortdan sähelçe daşlaşsaň azaşaýmagyňam ahmaldy. Bir gezek Petersen bilen Kellet azaşyp, iki günläp selpediler. Tutuş fort olary alada edip, gijeler dik oturyp çykdy. Ýollaryny ýitiren awçylar halys yzlaryny tapmandyrlar. Olar özlerini Moržly goltugyň alkymyndadyr öýdýän ekenler, ýöne hakykat ýüzünde olar has günorta gidipdirler. Olaryň ikisem ysgyn-mejaldan gaçyp, açlykdan ýaňa eňkleri agyp, zordan yzlaryna dolanyp geldiler.

Iýun aýy geldi, onuň bilen maýyl howada geldi, kämahallar-a jokrama yssy hem bolýardy. Gyşlagçylar özleriniň galyň geýimlerini çykaryp, öýi bejermek bilen boldular. Jaýy başyndan aýagyna çenli täzeden düzedişdirip çykmalydy. Jasper Gobson howlynyň günorta çetinde giň ammar gurmagy hem buýurdy. Şonuň ýaly desga guraýmasaň, bu giden sütügi saklamaga ýer-jaý hem ýokdy. Deriler juda kän alnansoň, olar üçin ýörite jaý edäýmeseň boljagam däldi.

Jasper Gobson kapitan Krewentiniň ugradan toparynyň gelerine gününi sanap garaşýardy. Täze faktoriýada ýetmezçilik edýän zat gaty kändi. Ok-däri hem gowy azalypdy. Eger-de topar maýyň başynda Relaýans fortundan çykan bolsa, ol Baterst burnuna iýunyň ortalaryna gelmelidi. Kapitandyr leýtenantyň hut Baterst burnuny duşuşyk ýeri hökmünde belleşendikleri, megerem, okyjylarymyzyň ýadynda bolsa gerek. Jasper Gobsonyň şol belleşilen burnuň hut özünde täze forty gurandygy üçin, öz ýanyna iberilen adamlaryň ondan sowa düşmäge haky ýokdy.

Leýtenant 15-nji iýundan başlap, garawulçylyk çekýän esgerleriň her gün burnuň töweregini barlamagyny ýola goýmak barada buýruk berdi. Dagyň çür depesinde britan baýdagy dikildi. Ol uzaklardanam görünýärdi. Onsoňam kömek üçin iberilen toparçanyň leýtenantyň mundan bir ýyl ozal gelen ýoly bilen, ýagny Täç geýdirme aýlagyndan tä Baterst burnuna çenli kenarýakasyny syryp geljekdigini çaklamaga doly esas bardy. Tomus paslynda deňizdäki buzlar eränsoň, kenarýaka zolak äşgär görnüp durka, bu ýol iň gysga ýol bolmasa-da, iň dogry ýoldy.

Iýun geçip gitdi, ýöne kömekçi toparçadan nam-nyşan ýokdy. Jasper Gobson aladalanyp başlady, onuň üstesine-de, gözedürtme ümür ýene-de daş-töweregi gurşap alypdy. Sabamaýan goýras duman yns-jynssyz çola sähra bilen gelýän şereketiň gullukçylary üçin juda uly päsgelçilikdi.

Jasper Gobson emele gelen ýagdaýy missis Barnet, seržant Long, Mak-Nap we Reý dagy bilen häli-şindi ara alyp maslahatlaşýardy. Astronom Tomas Blek özüniň biynjalyk bolýandygyny gizlejegem bolanokdy. Ol Gün tutulmasy bolan dessine toparça goşulyp yzyna gaýtmagy pugta ýüregine düwüpdi. Eger-de toparça gelmese, ol ýene-de bu ýerde gyşlamaga mejbur boljakdy, bu bolsa asla onuň göwnüne ýakmaýardy. Bu sylag-hormatly alym ylmyň öňündäki borjuny ýerine ýetirip, bärden ýeňsäni el ýaly etmekçidi. Ol özüniň aladalaryny Jasper Gobson bilen hem paýlaşdy, ýöne ol oňa anyk bir zat aýdyp bilmedi.

4-nji iýul geçdi, toparçadan habar-hatyr ýokdy. Töweregi barlamaga iberilen birnäçe adam günorta-gündogar tarapa üç mil aýlandylar, ýöne toparçanyň bolanyndan habar berýän sähelçe alamata hem gabat gelmediler.

Gullukçylar ýa-ha Relaýans fortundan çykmandyrlar, ýa-da olar azaşypdyrlar diýäýmeseň, başga näme diýjegiňi hem biler ýaly däldi. Olaryň azaşan bolmagy juda ahmaldy, çünki Jasper Gobson kapitan Krewentini juda gowy tanaýardy, şonuň üçin hem onuň bellenen wagtynda Relaýans fortundan ýükli arabalary ugratmajagyna asla ynanyp bilmeýärdi.

Onuň nähili alada galanyny özüňiz göz öňüne getirip göräýiň! Tomus tamamlandy. Ýene iki aýdan özüniň içiňden geçip barýan ýeli, syrgyny hem-de soňsuz gijeleri bilen polýar gyşy düşjekdi.

Ýöne leýtenant Gobson hem dowla düşüp özüni ýitirjek adamlardan däldi! Nämedir bir zatlar etmelidi, onsoň Jasper Gobson hem öz ýoldaşlary bilen maslahatlaşyp, belli-külli karara geldi. Astronomyň hem ony ikelläp goldandygyny çintgäp oturmagyň geregem ýok.

Olaryň gelen netijesi, ynha, şeýle.

Ol gün 5-nji iýuldy. Ýene iki hepdeden, ýagny 18-nji iýulda Gün tutulmasy bolup geçmelidi. Tomas Blek şol günüň edil ertesi Umyt fortundan çykyp gitmäge döwtalapdy. Eger-de şol möhlete çenli garaşylýan adamlar gelmese, onda birnäçe adamdan ybarat toparça dört-bäş sani bilen Bendiçilik kölüne tarap ugramalydy. Ol toparça öz ýany bilen iň gymmatly sütükleriň hem belli bir bölegini alyp gitmelidi hem-de giç galsa alty hepdeden, ýagny awgustyň aýaklaryna, howa bulaşmanka Relaýans fortuna baryp ýetmelidi.

Meseläniň bu tarapyny birýanýüzli edip arkaýynlaşansoň, Tomas Blek ýene öz dünýäsine gümra boldy, ol diňe özi bilen Güneşiň arasyna Aýyň düşüp, öz gabarasy bilen Günüň öňüni doly tutjak pursady barada pikir edip, dünýädäki ähli zady unutdy!

ÝIGRIMI ÜÇÜNJI BAP

1860-njy ýylyň 18-nji iýulyndaky Gün tutulma

Duman sowlup gidiberenokdy. Gün suw buglarynyň goýy örtüginiň aňyrsyndan çalaja yşyklaýardy. Gün tutulmasyna gözegçiligi puja çykar öýdüp astronomyň gara jany galanokdy. Duman kämahallar şeýlebir goýalýardy welin, hatda fortuň howlusyndan burundaky gaýanyň ýokarsy hem görnenokdy.

Leýtenant Gobson öňküsindenem beter iňkise gidýärdi. Indi ol Relaýans fortundan gaýdan kerweniň bu uç-gyraksyz beýewanlygyň bir ýerlerinde azaşandygyna birjik-de şübhelenmeýärdi. Nähilidir bir düşnüksiz alada-ünji ony biynjalyk edip durdy. Bu gujur-gaýratly gerçek ýigit nämedir bir zatdan howatyr edýärdi. Onuň göwnüne bu gün-erte nähilidir bir bolmasy iş bolaýjak ýalydy. Näme üçin beýle? Ol bu sowala jogap berip biljek däldi. Göräýmäge hemme zat gülala-güllükdi. Gyşyň agyr bolandygyna garamazdan, adamlaryň saglygy tut ýalydy. Olaryň arasynda hiç hili düşünişmezlik ýüze çykmaýardy, bu merdemsi adamlar öz wezipelerini hem yhlas edip, janypkeşlik bilen ýerine ýetirýärdiler. Töwerek-daşda awlabilseň aw gytçylyk edenokdy. Sütügem artykmajy bilen taýýarlanypdy, şereket bu ýere iberen wekiliniň işinden aňryýany bilen razy bolmalydy. Umyt fortuna gerek-ýarak zatlar bu ýyl getirilmäýeninde hem ýerli serişdeleriň hasabyna gyşy alyp çyksa boljakdy, şonuň üçin hem ikinji gezek gyşlamakdan çekinip oturasy iş ýokdy. Onda leýtenant Gobson nämä biynjalyk bolýarka?

Ol bu barada missis Polina Barnet bilenem ençe ýola gürleşdi. Syýahatçy zenanam biziň edil ýaňky getiren delillerimizi aýdyp, onuň göwnüni götermäge çalyşýardy. Şol gün hem ol mister Gobson bilen kenarda gezelenç edýärkä, onuň yhlasyny siňdirip, bu ýerde faktoriýa gurmagynyň tüýs ýerine düşendigini, faktoriýa gurmaga hem Baterst burnuny saýlap örän dogry edendigini hasam joşgunly düşündirýärdi.

— Hawa, hanym, siziň bu aýdýanlaryňyz dogry, ýöne nämedir bir zat böwrüme sanjy bolup dur, şony nätjegimi bilemok — diýip, Jasper Gobson ýoldaşyna içini dökdi. — Men bir yrymçyl adamam däl. Özümiň bu esger durmuşymda jygba-jygly wakalara gaty kän duşdum, ýöne hiç mahal gorky-ürkini bilemokdym. Ine häzir welin, ömrümde ilkinji gezek nämedir bir zatdan ätiýaç edýärin. Öňümde nähili howpuň bardygyny bilsem gorkjagam däl welin, munuň nämedigini hem bilip bolanok, onuň haýsy tarapyňdan geljegem belli däl, ýöne men bu howpy tutuş durkum bilen duýýaryn…

— O nähili howp? — diýip, missis Barnet sorady. — Siz nämeden gorkýarsyňyz, adamlardanmy, haýwanlardanmy ýa tebigy bela-beterlerdenmi?

— Haýwanlardan-a asla gorkamok — diýip, leýtenant jogap berdi. — Baterst burnunyň awçylaryndan olaryň özi gorkýandyr. Adamlardanam gorkamok. Bu sebitlere eskimoslar geläýmese, başga geljek barmy? Indeýlerem bu ýerlere setanda-seýranda bir düşýändirler…

— Bilýäňizmi näme, jenap Gobson, siz kanadalylar tomsuna ýene görner öýdüp alada galýardyňyz, olar-a indi asla-da görnenok… — diýip, missis Barnet onuň sözüniň üstüni ýetirdi.

— Erbet ýeri hem şolaryň görünmezligi, hanym!

— O nähili? Şereketiňize aç-açan duşmançylyk edýän bäsdeşleriňden dynsaň, onuňam bir erbedi bolarmy?

— Hanym, bu bir tarapdan-a erbet, beýleki bir tarapdanam erbedem däl ýaly!.. Muny düşündirmek kyn!.. Bir zada üns beriň, Relaýans fortundan kerwen gelmelidi, ýöne gelmedi. Sent-Luis deri şereketiniň işgärleri bilenem edil şeýle boldy, olaram bärik gelmekçidiler, bu görnüp duran zat, ýöne olaram gelmedi. Bu taýlarynyň kenarýakalarynda hatda ýekeje eskimosam görünmedi, muňa näme diýip, näme aýtjak?!.

— Siziň özüňiz bu hakda nähili pikirde, jenap Gobson? — diýip, Polina Barnet sorady.

— Meniň pikirim-ä ynha şeýle, hanym! Megerem, indi Baterst burnuna hem, Umyt fortuna hem geläýmek öňki ýaly aňsat däl bolsa gerek!

Syýahatçy zenan leýtenant Gobsonyň ýüzüne çiňerildi. Leýtenantyň ýüzi gamaşyp durdy. «Aňsat däl bolsa gerek» diýen sözleri ol hasam hetjikläp aýtdy.

— Leýtenant Gobson, siz adamlardanam, haýwanlardanam gorkmaýarsyňyz. Onda siz tebigatyň gara güýjünden gorkýan bolmaly…

— Hanym — diýip, Jasper Gobson söze başlady. — Meniň öz akylymda däl bolmagymam ahmal, belkem-de, meni içki duýgularym aldaýandyr, onçasyny bilemok, ýöne bu ýerde bir syr-a bar. Öňünden bilen bolsam, men asla bärde mesgen tutmazdym! Bu ýeriniň akyla sygmajak täsinlikleri barada men size öňem gürrüň beripdim, ýadyňyza düşýärmi bu töwerekde hiç hili daşyň ýokdugyny aýdanym, onsoňam deňiz kenarynyň edil gaýçy bilen gyrkylan ýaly ýylmanaklygy hakynda-da aýdypdym! Bu burnuň geologiýa babatynda nähili emele gelenligi maňa düşnüksiz! Elbetde, wulkanyň goňşulykda oturmagy birtopar zatlara düşündiriş bolubam biler… Ýadyňyza düşýärmi, men size daşgynlar barada hem aýdypdym?

— Hawa, jenap Gobson, ýadyma düşýär!

— Ähli barlagçylaryň güwä geçmegi boýunça bu ýerde daşgyn mahaly deňiz on bäş-ýigrimi fut töweregi ýokary göterilmeli, ol bolsa bary-ýogy bir fut galýandyr.

— Ol aýdýanyňyz dogry — diýip, missis Barnet jogap berdi. — Ýöne siz munuň beýle bolmagynyň sebäbini kenaryň üýtgeşik ýerleşenligi, bogazlaryň gysbylygy bilen düşündiripdiňiz…

— Men ony başga hili düşündirip bilmämsoň, şeýle bolmagy ahmal diýipdim. Ynha, düýn däl-de öňňin men asla akyla sygmajak ýagdaýyň şaýady boldum. Onuň näme syrynyň bardygyny men-ä aýdyp bilmen welin, dünýä ýüzünde ýekeje alym hem aýdyp biler öýdemok!

Missis Polina Barnet Jasper Gobsona geňirgenip seretdi-de:

— Näme boldy? — diýip sorady.

— Hanym, öňňin on dördi gijäniň dolan Aýydy, astronomiýa boýunça her ýyl çap edilýän neşirdäki maglumatlara laýyklykda, dolan Aýda daşgyn hasam güýçli bolmaly. Ýöne deňiz bu gezek öňküsi ýaly bir futam göterilmedi! Deňziň suwy asla ýokary galmady!

— Ýalňyşan bolaýmaň!

— Ýok, ýalňyşamok. Meniň özüm muny ýörite barlap gördüm. Öňňin, 4-nji iýulda Baterst burnunyň kenarýakasynda daşgyn nola deň boldy — Hut nola deň!

— O näme üçin beýle bolýarka, mister Gobson? — diýip, missis Barnet ýene-de sorady.

— Munuň sebäbi ýa-ha tebigatyň kanunlary üýtgäpdir, ýa-da bu sebit haýsydyr bir üýtgeşik şertlere boýun egýär… dogrusy, men nämäniň- nämedigine düşünemok… pylan zat diýip nähilidir bir anyk netije çykarmaga çakym ýok… gaty geň galýan, ynanyp bilemok… onsoňam… bu meni gaty iňkise goýýar…

Missis Barnet indi leýtenant Gobsondan anyk bir zat aýtmagyny sorabam durmady. Dogrudanam, daşgynyň düýbünden bolmazlygy, gün günorta mahaly asmandaky Günüň ýitmegi ýaly bir zatdy. Hakykatdanam, ýertitremesi kenarýakasynyň gurluşyny, Arktikanyň ýer üstüni şu derejede üýtgedäýdimikä?.. Näme diýseňem, bujagaz düşündiriş tebigatyň kanunlaryny öwrenmäge paýhasly çemeleşýän adamy birjik-de kanagatlandyryp biljek däldi.

Leýtenantyň öz gözegçiliklerinde ýalňyşlyk goýbermegi hakynda pikir edip oturasy iş ýokdy. Şol gün — 6-njy iýulda missis Barnet leýtenant bilen bilelikde kenara edilen bellikleri gaýtadan gözden geçirdiler. Geçen ýylyň tutuş dowamynda deňiz derejesini bolmanda bir fut ýokary göteren daşgynyň indi suwy hiç hili ýokary galdyrmaýandygyna, onuň, hakykatdanam, nola deňdigine göz ýetirdiler.

Olar öz eden bu açyşlaryny hiç kime aýtman gizlin sakladylar. Leýtenant Gobson öz ýoldaşlarynyň kalbyna howsala salmak islemedi. Onuň şeýle etmegi dogrudy. Ýöne onuň ýoldaşlary öz ýolbaşçylarynyň ýeke özüniň burnuň belent depesine çykyp, sesini çykarman, gymyldaman öz öňünde ýaýlyp ýatan deňze seredip, uzak mahallap durýandygyna geňirgenýärdiler.

Iýul aýynda sütükli haýwanlary awlamak bes edildi. Samyrlar, tilkiler we beýleki haýwanlar özleriniň gyşky lybasyny aýrypdylar. Awçylar diňe iýilýän haýwanlary — karibulary, polýar towşanlaryny tutmak bilen çäklenýärdiler. Bu jandarlaryň hem özüni alyp barşy juda täsindi. Tüpeň sesleri olary ürküzäýjek ýalydy, emma olar Baterst burnunyň töwereginden asla uzaklaşmaýardylar.

15-nji iýul geldi, ýöne ol gyşlagçylaryň durmuşyna hiç hili üýtgeşiklik getirmedi. Relaýans fortundan henizem habar-hatyr ýokdy. Kän garaşdyran kerwen görnenokdy. Jasper Gobson öz pikirini amala aşyrmagyň kül-külüne düşdi. Kapitan Krewenti onuň ýanyna gelmeýän bolsa, özi onuň ýanyna adam ibermekçi boldy.

Gitmeli topara Longy ýolbaşçy belledi. Seržantyň Jasper Gobson bilen aýrylyşasy gelmeýärdi. Hakykatdanam, ol bu ýerden uzak wagtlyk gitmelidi, çünki ol gyşy Relaýans fortunda geçirmeli boljakdy, şonuň üçin hem Umyt fortuna geljek ýylyň tomsundan bäri dolanyp biljek däldi. Bu bolsa onuň azyndan sekiz aýlap bärde bolmajagyny görkezýärdi. Elbetde, Longyň ornuny Mak-Nap bilen Reý hem tutup biljekdi, olaryň ikisiniňem tejribesi Longyňkydan az däldi, ýöne olaryň ikisi hem maşgalalydy. Iň esasy zat hem, Mak-Nap agaç ussady, Reý bolsa demirçidi. Olaryň ikisi hem faktoriýa üçin gerekdi, gyşlagçylar olarsyz oňup biljek däldiler.

Leýtenant Gobson bu ýagdaýlaryň hemmesini pikir eleginden geçirdi, seržant hem «harby düzgün-tertibe laýyklykda» oňa boýun bolmaly boldy. Long bilen esgerleriň dördüsi — Belçer, Pond, Petersen we Kellet gitmelidi. Olar özleriniň ýola düşmäge taýýardygyny mälim etdiler.

Ýol üçin sanileriň dördüsi taýýarlanyp goýuldy. Olaryň üstüne azyk-owkat bilen birlikde, iň gymmatly sütükler bolan tilki, gornostaý, samyr, geçigaplaň, müşk alaka, rosomaha sütüklerini, şeýle hem guw guşunyň perlerini ýüklemekçi bolýardylar. Gün tutulmasynyň ertesi gün, 19-njy iýulda ýola düşmegiň kararyna gelindi. Düşnükli zat, Tomas Blek hem seržant Long bilen gitmelidi, şonuň üçin hem onuň özi hem-de ähli enjamlary üçin aýratyn sani taýýarlanyldy.

Gün tutulmasyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýan günler baýry alym özüniň keç ykbalyny kötekleýärdi. Bir görseň açylyp, bir görseňem bulaşyp, üýtgäp duran bulutly howa, häli-şindi daş-töweregi dumanyň gaplap almagy, howany suw buglaryndan doldurýan ýagyş çabgalary ony, elbetde, howsala düşürýärdi. Ol bu günler ne iýip-içip, ne-de ýatyp bilýärdi. Günde ýüz gezek ölüp direlýärdi. Eger-de Gün tutulmasynyň dowam etjek birnäçe minutynda asman bulutlaşyk bolup, onuň gijeki we gündizki ýagtyltgyçlary goýy dumanyň aňyrsynda gizlenseler, Gün tutulmasyna gözegçilik etmek üçin ýörite iberilen Tomas Blek onuň ýalpyldawuk täjini, gyzylymtyk protuberaneslerini ( Protuberanes — Günüň ýüzünde ýumralyp görünýän gyzgyn gaz. Protuberaneslere Gün tutulma wagtynda oňat gözegçilik etmek mümkin bolýar.) görüp bilmese, onda, gör, nähili erbet bolar! Alym diňe şol pursat üçin, gör, nije horluklara döz gelipdi, gör, nije howpy başdan geçiripdi! Indi bu azaplaryň bary biderek bolaýmalymy?!

— Aý görmek üçin şunuň ýaly alys jelegaýa gaýdyp, onam görüp bilmeseň, tüýs bolaýjakda! — diýip, onuň zeýrenjini eşitseň, oňa hem-ä gülkiň tutýardy, hemem haýpyň gelýärdi.

Ýok! Ol bu pikir bilen ylalaşyp biljek däldi. Iňrik garaldygy baýry alym burundaky belentlige dyrmaşýardy hem-de asmana tiňkesini dikýärdi. Ýöne ol soňky gije ak ýüzli Febeýanyň şugla saçýan nurana keşbini hem ine-gana synlap bilmedi. Täze Aý ýene üç günden dogmalydy, häzir bolsa Aý asman gümmezinden äwmezlik bilen hereket edýän Günüň yzyna düşüp ýördi hem-de onuň tylla şuglalaryna garyşyp gidýärdi.

Tomas Blek öz gaýgy-hesretlerini, köplenç, ýüregi dözümsiz missis Barnet bilen paýlaşýardy. Bu ýukaýürek zenan onuň aladalaryna tüýs ýürekden gyýylýardy, bir gezek bolsa ol Tomas Bleki başga nähili köşeşdirjegini bilmän oňa göwünlik bermäge durdy:

— Soňky wagtlar barometr hem ýokary göterilýän ýaly, her näme diýseňem, tomus pasly, şonuň üçinem…

— Tomus diýip, munuň ýaly ýerlerde tomus bolýarmy näme? — diýip, Tomas Blek egnini gysyp, başga tarapdan tutdy.

— Jenap Blek, gapyşdyrmasaňyzlaň! — diýip, missis Barnet onuň bilen razylaşmady. — Siziňki şowlamandyr diýeliň, sizem Gün tutulmasyny görüp bilmänmişiňiz. Hawa, näme şonuň bilen ýaşaýyş gutaraýýarmyşmy? Ondan soňam Gün tutulma bolar ahbetin. Şolary görersiňiz-dä! Ýa-da şu aýyň on sekizinde boljak Gün tutulma şu asyrda iň soňkusymy?

— Ýok, hanym — diýip, astronom jogap berdi. — Bir müň dokuz ýüzünji ýyla çenli doly Gün tutulmalarynyň ýene bäşisi bolar. Olaryň ilkinjisine müň sekiz ýüz altmyş birinji ýylyň 31-nji dekabrynda garaşylýar. Onda Atlantik ummanda, Ortaýer deňzinde we Sahara çölünde doly Gün tutulma bolar. Ikinji Gün tutulma müň sekiz ýüz ýetmişinji ýylyň 22-nji dekabrynda bolup geçer. Ol gezek Azor adalarynda, Günorta Ispaniýada, Alžirde, Sissiliýada we Türkiýede Gün doly tutular. Üçünji Gün tutulmasy Demirgazyk-Gündogar Germaniýada, Günorta Russiýada we Merkezi Aziýada müň sekiz ýüz segsen ýedinji ýylyň 19-njy awgustynda bolar. Bu asyrda boljak Gün tutulmasynyň dördünjisini müň sekiz ýüz togsan altynjy ýylda Grenlandiýada, Laplandiýada we Sibirde synlamak bolar. Asyrda iň soňky, ýagny bäşinji doly Gün tutulmasy bolsa müň dokuz ýüzünji ýylyň 28-nji maýynda Birleşen Ştatlarda, Ispaniýada, Alžirde we Müsürde bolup geçer.

— Mister Blek, eger-de siz müň sekiz ýüz altmyşynjy ýylyň 18-nji iýulynda boljak Gün tutulmasyny saý-sebäp bilen sypdyraýanlygyňyzda hem müň sekiz ýüz altmyş birinji ýylyň 31-nji dekabrynda bu hadysany synlap göwün solpyňyzdan çykyp bilýärsiňiz! — diýip, missis Barnet onuň aýdanlaryny alyp göterdi. — On ýedi aý ullakan bir wagtam däl ahyry, hä diýmänkäň geçer gider!

— Göwün solpymdan çykmak üçin men on ýedi aý däl-de, ýigrimi alty ýyl garaşmaly, hanym! — diýip, astronom gara çyny bilen oňa jogap berdi.

— O nä beýle?

— Sebäbi bu Gün tutulmalarynyň arasynda, demirgazyk giňişliklerinde doly Gün tutulmasy diňe Laplandiýada, Sibirde we Grenlandiýada, ýagny müň sekiz ýüz togsan altynjy ýylyň 9-njy awgustynda bolar!

— Näme üçin siz ala-böle demirgazyk giňişliklerinde boljak Gün tutulmasyny synlamak isleýärsiňiz? — diýip, missis Barnet sorady.

— O näme diýdigiňiz boldy, hanym? — diýip, Tomas Blek janykdy. — Demirgazyk giňişliklerinde boljak Gün tutulmasynyň iňňän uly ylmy ähmiýeti bar ahyry! Polýusa golaý giňişliklerde, ýagny Günüň gözýetimden känbir ýokary göterilmän, görer göze ägirt uly tegelegini synlamaga mümkinçilik berýän ýagdaýynda Gün tutulmasyna örän seýrek gözegçilik edildi. Onsoňam bu aýdýanlarymyz Günüň öňüni tutjak Aýa hem doly degişli, şunuň ýaly ýagdaýlarda ýalpyldawuk täji hem-de protuberanesleri öwrenmek ajaýyp netijeleri berse gerek! Hanym, men ynha şu sebäpli ýetmişinji parallelden ýokary guşaklykda Gün tutulmasyna gözegçilik geçirmäge geldim. Munuň ýaly ýagdaý diňe müň sekiz ýüz togsan altynjy ýylda gaýtalanar! Siz meniň o wagta çenli ýaşajagyma güwä geçip bilmersiňiz ahbetin?

Onuň bu getiren delilleri juda mantyklydy. Tomas Blekiň gynanjynyň çeni-çaky ýokdy, dogrudanam, bu durnuksyz howanyň onuň barja azabyny puja çykaraýmagy gaty ahmaldy.

16-njy iýul gowy gün boldy. Ýöne irden içiňi ýakaýyn diýen ýaly, asmany bulut tutdy, ýer ýüzüni goýy duman gaplap aldy. Neneň hapa bolmajak! Tomas Blekiň göwni çöküp, syrkawlady oturyberdi. Onuň soňky döwürdäki bu galagoply ýagdaýynda gaýra üzülip has ýaman derde ýolugaýmagy hem ahmaldy. Missis Polina Barnet bilen Jasper Gobson ony köşeşdirjek bolup jan etdiler, ýöne olaryň gury arryklaryny gynanlary galdy. Seržant Long bilen beýleki esgerler bolsa «Aýa aşyk bolmagyňam munça jebir-jepa berip biljekdigine» haýran galdylar!

Ahyrsoňy şol arzyly gün, 18-nji iýul gelip ýetdi. Astronomiýa jedwellerindäki hasaplamalara görä, doly Gün tutulma gündiz on bir sagat kyrk üç minut on bäş sekuntda başlap, on bir sagat kyrk ýedi minut elli ýedi sekuntda tamamlanmalydy, ýagny dört minut kyrk iki sekuntlap dowam etmelidi.

— Maňa ullakan zat gerek däl, diňe asmanyň bir bölejigini, Aýyň Günüň öňüni gabsajak kiçijik ýerini bulut tutmasa bolýar. Özem bary-ýogy dört minutjyk! — diýip, astronom şeýlebir jibrinýärdi welin, oňa nebsiň-janyň agyrýardy. — Soň gar ýagsyn, boran ýagsyn, tupan tursun, parhy ýok. Tebigat däli-porhan bolaýsyn, meniň asla piňime-de bolmaz!

Tomas Blekiň jibrinmegine esas bardy. Onuň Gün tutulmasyna gözegçiligi başa barmajak ýaly bolup görünýärdi. Daň atandan töwerek-daşy ümür-duman gurşap aldy. Ileri tarapa lemmer-lemmer bulutlar süýşüşip geldi. Gün tutulma hem hut şol tarapda bolmalydy. Ýöne müneçjimleriň piriniň Blek pahyra rehimi indi öýdýän, ir säher sagat sekizde demirgazykdan güýçli şemal öwsüp, bulutlary sürrekledip äkitdi hem-de asmany arassalady.

Eý-ho! Baýry alymyň tüýs ýüreginden syzdyryp, alkyş okaýşyny diýsene! Asman arassady, Gün bolsa öz şöhleleriniň astynda heniz görünmeýän Aýyň ýuwaş-ýuwaşdan öz öňüni tutaryna garaşyp, şuglasyny bolluk bilen saçýardy.

Tomas Blekiň ähli abzallary haýal etmän burnuň belent depesine getirilip gurnaldy. Astronom olary gözýetimiň ileri tarapyna gönükdirdi-de, garaşmaga başlady. Oňa adaty sabyrlylygy hem-de sowukganlylygy dolanyp geldi. Bu häsiýetler gözegçilik geçirmek üçin juda zerurdy. Oňa başga näme gerek? Mundan beter asman ýere gaçsynmy? Sagat dokuzda gözýetimde-de, ýokarda-da jinnek ýalyjak buludam ýokdy! Henize çenli hiç mahal astronomiýa gözegçilikleri munuň ýaly ajaýyp şertlerde geçirilenem däldir.

Jasper Gobson öz ýoldaşlary bilen, missis Barnet hem öz joralary bilen astronomiýa üçin mukaddes bolan bu hadysanyň gözegçiligine gatnaşmaga isleg bildirdiler. Ýarym adanyň ähli ýaşaýjylary Baterst burnuna ýygnandy hem-de astronomyň daşyna üýşdi. Gün ilerde ýaýlyp ýatan uç-gyraksyz sähranyň üstünden egri ýol çekip, haýaljakdan ýokary galmaga başlady. Gyşlagçylar dymyşyp durdular, tolgunýardylar. Olaryň kalbyny joşgunly duýgular gaplapdy.

Gün tutulmasy dokuz sagat otuz minutda başlady. Aý tegelegi Gün tegeleginiň üstüne süýşüp başlady. Ol Günüň öňüni on bir sagat kyrk üç minut on bäş sekuntdan on bir sagat kyrk ýedi minut elli ýedi sekundyň aralygynda doly ýapmalydy. Astronomiýa hasaplamalaryna görä, edil şol wagt doly Gün tutulmasy bolmalydy. Dünýäniň ähli obserwatoriýalarynyň aňrybaş alymlarynyň hasaplan hem-de derňän bu takyk hasaplamalarynda jinnek ýaly ýalňyşyňam bolup bilmejekdigi hemmelere düşnüklidir.

Tomas Blek öz ýany bilen tüssä garaldylan aýna bölekleriniň hem birnäçesini alyp gelipdi. Ol aýnalary töweregindäkilere paýlaşdyrdy. Indi Gün tutulmasyna syn eden adamlaryň hiç birisiniň gözüne zeper ýetjek aladasy ýokdy.

Aýyň öçügsi tegelegi kem-kemden Günüň öňüni tutup barýardy. Ýerdäki zatlar indi üýtgeşik gyrmyzy-sary öwüşgine eýe bolupdy. Asman hem öz tüýsüni üýtgedipdi. On sagat on bäş minut diýlende Aý Gün tegeleginiň gylla ýarysyny ýapdy. Itketekden çykarylan itler howsala düşüp, ikibaka ylgaşlaýardylar, naýynjar çyňsaýardylar. Şu mahala çenli kenarda arkaýyn oturan ördeklerem ilkagşamdaky ýaly gagyldaşyp, ýatyp gijäni geçirer ýaly amatly ýer gözlemäge başladylar. Mäkiýan ördekler jüýjelerini çagyryp gagyldaşýardylar, olaram ýüwrüp gelişlerine eneleriniň ganatlarynyň astynda gizlenýärdiler. Haýwanlaryň ählisi üçin agşam düşüp, ýatar wagty golaýlaýardy.

Sagat on birlerde Günüň üçden iki bölegi Aýyň aňyrsynda gizlendi. Indi Gün çym gyzyl boldy. Alagaraňky ümüş-tamyşlyk emele geldi, ol ümüş-tamyşlyk dört minutlap tüm-garaňkylyga öwrülmelidi. Asmanda planetalaryň birnäçesi — Merkuriý, Wenera, şeýle hem Guzy, Öküzçe, Orion ýyldyz toparlary hem peýda boldy. Howa minutsaýyn garaňkyrap barýardy.

Tomas Blek öz älemgözginiň ýanynda dikilgazyk bolup gymyldaman durşuna Gün tutulmasynyň gidişine gözegçilik edýärdi. On bir sagat kyrk üç minutda tegelekleriň ikisi hem biri-biriniň üstüne laýyk gelmelidi.

— On bir sagat kyrk üç minut — diýip, sagadynyň diline dykgat bilen seredip duran Jasper Gobson seslendi.

Tomas Blek älemgözginiň dürbüsine gözüni goýup durşuna doňup galypdy. Ýene ýarym minut geçdi…

Birdenem astronom dikeldi, onuň gözleri peträp hanasyndan çykaýjak bolýardy. Soňra ol ýene-de älemgözgä egildi, ýene-de dikeldi.

— Ol gidip barýar! Ol gidip barýar ahbetin! — diýip, ol sesini endiredip gygyrdy. — Aý! Aý gaçýar! Ol gözden ýitip ugrady!

Dogrudanam, Aýyň tegelegi Gün tegeleginiň üstünden geçdi, ýöne ony tutuşlygyna ýapmady. Ol diňe Günüň üçden iki bölegini ýapdy.

Tomas Blek ýyldyrym uran ýaly bolup, özüni oturgyja goýberdi. Dört minut geçdi! Töwerek ýuwaş-ýuwaşdan ýagtylyp başlady. Ýalpyldawuk täç görünmedi!

— Näme boldy? — diýip, Jasper Gobson sorady.

— Näme bolar öýdýäň! — diýip, astronom jibrinip gürledi. — Hakyky Gün tutulma bolmady, ýeriň bu nokadynda Gün doly tutulmady! Düşünýäňizmi? Gün tutulmasy doly bolmady!

— Diýmek, siziň jedwelleriňiz ýalňyş düzülipdir-dä?!

— O nähili ýalňyş?! Aýdýanyňyz näme?! Munuň ýaly gürrüňiňizi başga kişä aýdyň, leýtenant!

— Onuň ýaly bolsa, diýmek… — Jasper Gobsonyň ýüzi üýtgäp gitdi.

— Diýmek, biz ýetmişinji parallelde däl — diýip, Tomas Blek onuň sözüni alyp göterdi.

— O nähili beýle bolýar?! — diýip, missis Barnet gygyrdy.

— Onuň nädip beýle bolýandygyny häzir bileris! — diýip, astronom aýtdy. Onuň gözleri ahmyrdan ýaňa gaharly uçganaklaýardy. — Ýene birnäçe minutdan Gün meridianyň üstünden geçmeli… Hany meniň sekstanymy getiriň! Tizräk boluň, tizräk!

Esgerleriň biri öýe tarap ýüwrüp, sargalan abzaly alyp geldi.

Tomas Blek sekstany gündizki ýagtyltgyja gönükdirdi, ol meridianyň üstünden geçýänçä az-kem garaşdy hem-de sekstany ýerde goýup, onuň görkezijilerini haýdap ýandepderçesine ýazmaga başlady.

— Bärik gelen mahalymyz, mundan bir ýyl öň kesgitlämizde Baterst burny näçinji giňişlikdedi? — diýip, ol leýtenantdan sorady.

— Ýetmişinji gradusyň kyrk dördünji minutynyň otuz ýedinji sekundyndadyk! — diýip, leýtenant Gobson jogap berdi.

— Onda gulak asyň merhemetli jenap, häzir Baterst burny demirgazyk giňişliginiň ýetmiş üçünji gradusynyň ýedinji minutynyň ýigriminji sekundynda ýerleşýär! Görşüňiz ýaly, biz asla ýetmişinji parallelde däl ekenik!..

— Has dogrusy, biz indi ýetmişinji parallelde däl! — diýip, Jasper Gobson pyşyrdady.

Onuň akyl-paýhasynyň öňüni tutup duran perde duýdansyz syryldy! Şol pursat hem öňki düşündirip bolmaýan hadysalar öz-özünden düşnükli boldy duruberdi!..

Leýtenant Gobson öz topary bilen geleninden soňra Baterst burny öz töweregindäki meýdan bilen birlikde demirgazyga tarap üç gradus «göç edipdir».

1-nji bölümiň soňy

Rusçadan terjime eden Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle