Şatlygyň hoşboý ysy

Şatlygyň hoşboý ysy

(Nora Roberts bilen bolan söhbetdeşlik
Kleir Waýt tarapyndan ýazga geçirildi)

1979-njy ýyl… Sowuk gyş günleriniň biridi, daşaryk güpläp gar düşensoň, çagaňy çagalar bagyna äkidip bolanokdy, olary güýmär ýaly öýde şokoladam gutarypdy. Şol bir oýunlardan halys bizar bolan iki sany oglanjyk ejelerine azar ýamanyny berýärdi. Ynha, günleriň bir güni ogullaryny stoluň üstünde oýnalýan şol bir oýunlar bilen güýmemekden iren ejäniň kellesine ajaýyp bir pikir gelýär. Ol dessine eline galam alýar-da, serine gelen pikirleri sünnäläp, kagyz ýüzüne geçirip ugraýar.

Şeýlelikde, bialaç öýde galmaga mejbur bolan ene ogullarynyň yzynda ylgap ýörşüne, sowuk gyş günleri ýyljajyk öýde özüne gyzyk­ly güýmenje tapynýar. Onuň eserlerine başda pes baha berilýär. Neşire ugradylan eserler birnäçe ýyllap yzygiderli yzyna gaýtarylyp gelnendigine garamazdan, çagalaryň ejesi umytdan düşmän ýazmagyny dowam edýär. «Zähmet soňy rehnet» diýlişi ýaly, netijede, Nora Roberts diňe bir Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň däl, eýsem, bütin dünýäniň üstünlikli ýazyjylarynyň birine öwrülýär.

1998-nji ýylda ýazyjynyň ýazan kitaplarynyň 42 milliony satylýar we ýazan kitaplarynyň sany bir ýüz ýigrimi alta ýetýär. Olardan altysy bir ýylyň içinde, ýagny 1997-nji ýylda «Nýu Ýork Times»-da iň köp satyn alnan kitaplaryň sanawyna girmegi başarýar. Noranyň kitaplaryny satyn almak üçin kitap dükanlaryndaky uzyn nobat onuň okyjylaryň söýgüsini gazananlygyna doly güwä geçýär. Amerikada roman ýazýan ýazyjylara berilýän «The Lifetime Achievement Award» baýragynyň ýeňijisi Nora Roberts köp roman ýazmak boýunça ussat ýazyjylaryň ilkinji onlugyna düşýär. Ýazyjy okyjylaryny döredýän gahrymanlarynyň dünýäsine alyp gidip, wakalary has giňişleýin açyp görkezmek bilen, olary özüne çekmegi başarýar.

Bäş çagaly maşgalanyň körpesi Nora Roberts Merilend Ştatynyň Silwer Spring şäherçesinde dünýä inýär. Häzirki wagtda ýazyjy ýanýoldaşy bilen Merilend Ştatynyň Kidiswilla şäherçesinde ýaşaýar. Ol döredijilik işinden sypyndygy wagtyny maşgalasynyň kitap dükanynda geçirýär we kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy üçin syýahatda bolýar. Ýazyjy ýaş ýazyjylar bilen duşuşyklarda bolanynda, olara her gezek şeýle sözler bilen ýüz­lenýär: «Üstünlikli ýazyjy bolaýyn diýseňiz, hiç zady bahana etmäň. Ýaltalygy bir gyra goýuň-da, diňe ýazmak bilen boluň!». Nora özüniň ýatlamalar depderçesinde täze eserleri döretmek üçin pikirleriniň juda köpdügini, şol pikirleri esere geçirmek üçin bir adam ömrüniň azlyk etjekdigini belleýär.

Biz hem Nora bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. Onuň täzelikde ýazan «Homeport» kitaby hem ýaňy-ýakynda neşir edilip, halk köpçüligine ýetirildi.

— 1981-nji ýyl­da ýa­zan «Ir­land gy­zy» at­ly il­kin­ji ro­ma­ny­ňy­zy ýaz­ma­ga nä­me iter­gi ber­di? Ro­ma­ny ýaz­ma­ga bir zat se­bäp bol­du­my?

— 1979-njy ýylda howa ýagdaýynyň barha ýaramazlaşmagy, garyň galyň ýagmagy, iki sany oglumy çagalar bagyndan alyp galmagym, öýde olary güýmär ýaly şokoladyň gutarmagy sebäp boldy diýsem ýalňyşmaryn. Bularyň barysy ilkinji eseri ýazmagyma itergi berdi. Oba ýerlerinde gar galyň düşse, aňrujy zerurlyk bolmasa, daşaryk çy­kyp bilmezdik, bialaç öýde oturmaly bolýardy. Işsiz oturmagam gowy däl. Men çeper eserleri okamagy diýseň gowy görýärin. Aslynda, biziň maşgalamyz kitaphon maşgala, ýöne ýazmak, umuman, döredijilik bilen meşgullanaryn diýip hiç mahal oýuma-da gelmezdi. Şol agyr howa şertlerinde göwnüçökgün ýagdaýdan çykmak üçin eser ýazyp başlamagym, her niçigem bolsa, ünsümi sowup, meni güýmedi. Käte durmuşda pikir etmeýän zatlaryň hem bolaýýar… Ýazyp başladym, men ilkinji minutdan çeper eserleri, romanlary ýazyp ugradym we edýän işimden diýseň hoşaldym. Şol wagtlar romanlary diňe «Arlekino» («Harlequins») kitap dükanlaryndan tapyp bolýardy, olaryňam ählisi diýen ýaly britan ýazyjylarynyň britan stilinde ýazan eserleridi. Bir ýyl töweregi aldygyna eserlerimi tabşyrdym, emma her gezegem olary yzyna gaýtarýardylar. Ahyrky ýazan eserimi gaýtaranlarynda eseriň şowly çykandygyny ýaňzydypdylar, ýöne men britan däl-de, amerikaly ýazyjydym. Soňra 1980-nji ýylda «Siluet» («Silhouette») kitap dükany ýaş höwesjeň amerikan ýazyjylarynyň eser­lerini gözläp ugrady. Bu-da meniň üçin dörän mümkinçilik boldy. Netijede, segseninji ýylyň tomsunda «Siluet» meniň ilkinji kitabymy satyn aldy.

— Siziň adaty günüňiz nähili geçýär?

— Adaty günlerimmi? Käşgä şeýle günler ýygy-ýygydan bolsady. Mende adaty günler gaty az bolýar. Her gün ir säher 7:30-8:00 aralygy ukudan oýanýan wagtym. Soňra 30-50 minutlap dürli maşklara meşgullanýaryn, yz ýanam işe girişýärin. Ykbal gülüp bakan güni günortana çenli telefon jyrlamaýar, ýöne beýle günler gynansagam az. Men, adatça, öýlän sagat 4-5-e çenli ýazýan. Günüň ortasynda gysga wagtlyk arakesmä çykýan. Şol aralykda internet bukjamy barlaýan, mahabatlandyrmalara göz aýlaýan. Soňra agşamlyk naharynyň ugruna çykýan. Ýollamaly hatlarymy internet arkaly ugradýan. Işe gyzygan wagtym giç agşama çenli oturyp işleýän. Şondan soň telewizora ýa-da kitaba güýmenýän.

— Kitap dükanyňyz barada durup geçäýseňiz…

— Kitap dükanymyzy diýseň gowy görýäris. Biziň kofehana-kitap dükanymyz Merilend Ştatynyň Bunsboro şäherjiginiň esasy köçesinde ýerleşýär, ol ýaşaýan ýerimizden gaty uzakda däl. Täze çykýan kitaplaryň ählisini siz şol ýerden tapyp bilersiňiz. Kiçijik dükandygyna garamazdan, ýoldaşym ony diýseň özüne çekiji we dostlukly ýere öwürmegi başardy. Adamym, gijesi-gündizi ýok, müşderilere göwnejaý hyzmat etmekden lezzet alýar. Ol hem-ä dükanyň işlerine, hemem çapar arkaly ugradylýan kitap­lara gözegçilik edýär. Geçen ýylyň dowamynda ol internetiň üsti bilen kitap satyp, örän köp gir-deji gazandy. Ol çeper eserleriň köpdürlüligine örän üns berýär. Ýoldaşym öz ýazýan kitaplarymdan başga-da, köp ýazyjylaryň ýadygärlik gol çekilen kitaplaryny hem satuwa çykarýar. Iň gyzykly ýeri hem — kitap dükanymyza gelenlere lezzetli kofe hödür edilýär, sebäbi bizde kofeniň ähli görnüşi bar. Kofeniň ýany bilen kökedir beýleki süýji tagamlary hem äberýäris. Uly oglum Den hem dükanda işleýär. Satyjy Ruta hem bitirýän hyzmatlary üçin minnetdarlygymyzyň çägi ýok. Wagt tapyndygym dükana gelesim gelip dur. Bu ýerde diňe hoşboý ysly kofeniň däl, eýsem, täsin duýgularyň hem-de şatlygyň ysynyň bardygy duýulýar.

— Ýazýan eserleriňize ýoldaşyňyz nähili baha berýär?

— Eger-de siz: «Ýazýan romanlarymy çapdan çykmazdan ozal gözden geçirýärmi?» diýýän bolsaňyz, bu asla beýle däl. Ol tä kitap bolýança romanlarymy okanok. Neşir edilenden soňra, kitabymy okap, baha berýän ilkinji okyjym diýip bilerin.

— Döredijilik işiňizde interneti nähili peýdalanýaňyz?

— Men şu günler interneti gitdigiçe köp ulanýan, sebäbi bu diýseň elýeterli. Köplenç eser­lerime girizmek isleýän ylmy gözleglerimi internetden alýan. Elektron bukjamyň üsti bilen aragatnaşyk saklaýan. Seýrek görüşýän dostlarym bilen internet arkaly habarlaşýan. Bu diýseň hezil! Şeýle-de, eser ýazanyňda ýörite ugra degişli bolan adalgalara, düşündirişlere yzygiderli ýüzlenmeli bolýar. Onuň üçin birinden kömek soramagyň zerurlygy ýa-da daş bir ýere gitmegiň hajaty ýok, internetden ähli zady öwrenip bolýar. Käteler oturyp pikir edýän welin, internetsiz bu zatlardan nädip baş alyp çykjakdygymy asla göz öňüne-de getirip bilemok. Şu babatda interneti örän gymmatly zat hasap­laýan. Aýdaly, eger öňümde iň halaýan zadym bilen interneti goýup, olardan birini saýlamagy haýyş etseler, onda, gürrüňsiz, interneti saýlardym.

— Ýazyjylara onlaýn-internetde bolmak hökmanmy?

— Meniň pikirimçe, bu ýazyja bagly. Ynha, maňa onlaýnda bolmak ýaraýar. Ylmy gözlegler üçin-ä aýdybam oturjak däl, internetiň möhümligi öz-özünden düşnükli. Her bir ýazyjy internetde aragatnaşykda bolmaly, okyjylary ýa-da beýleki muşdaklary bilen pikir alşyp durmaly. «Internetiň üsti bilen ajaýyp adamlara duşdum» diýsem ýalňyşmaryn. Olar bilen geçiren wagtymy hem gymmatly hasaplaýaryn.

— Beýleki ýazyjylaryň eserlerini okamaga wagtyňyz bolýarmy? Kimleriň eserlerini okamagy halaýaňyz?

» Ýazmak — bu pikir dünýäsinde gaýybana syýahat etmek. Öz ýazýan eserleriňiziň göwrümine garamazdan, lezzet almagy başaryň. Ýazýan eserleriňizi, esasan, haýsy ýaşdaky adamlar üçin niýetleýändigiňizi göz öňünde tutuň.»

— Hakyky ýazyjy bolmak isleýän bolsaň, beýlekileriň ýazanlaryny hem hökman okaýmaly. Umuman, ýazyjyda çeper esere ullakan söýgi bolmaly. Meniň iň halaýan zatlarymyň biri hem beýleki ýazyjylaryň ýazan eserleriniň içinde gaýybana syýahat etmek. Çeper eserleri köp okaýan, žanrlaryň köpdürlüligini ünsden düşüremok. Deň-duş ýazyjylaryň biri Patrisia Gafniniň eserlerinden diýseň lezzet alýan. Rut Rýan Langan, Marianna Wilmen we Jil Gri-goriý dagy bilen bilelikde goşgulardyr hekaýalar ýy­gyndysyny neşir etdik. Olaryň döredijiligine hormatym uly. Jon Sandfordyň, Sýu Graftonyň, Linda Barnesiň eserlerini hem halaýaryn. Meniň pikirimçe, Ýelizaweta Berg hem ajaýyp ýazyjy. Meri Stýuart ýaly ussat ýazyjy bolmagy bolsa hemişe arzuw edýän. Onuň kitaplaryny azyndan on-on iki gezek dagy okandyryn. Şeýle-de bolsa, onuň irki döwürlerde ýazan kitaplarynyň birini alyp, wakalarynyň içine aralaşmagy gowy görýän.

— Bilşimiz ýaly, «Homeport» romanyňyz siziň soňky eseriňiz. Onda hyjuw, söýgi öwrümleri dartgynlylygy bilen okyjylara ýetirilýär. Eserde sungat älemi hem açylyp beýan edilýär. Bu romany ýazmaga iteren, ruhlandyran sebäp näme?

— Oglum, sen bu soragyňy oýlanman berdiň öýdýän? Eser ýazmak üçin kimdir biriniň ýa-da nämedir bir zadyň ruhlandyrmagy meniň üçin beýle bir zerur däl. Birinden ylham alyp, kellämdäki pikirleri beýlede goýup eser ýazmak maňa düýbünden başartjak zat däl. Men üýtgeşik mowzukda eser ýazmagy ozaldan meýilleşdirip ýördüm. Okyjylarymy pikir dünýäsinden az wagtlygam bolsa sungatyň gülläp ösen ýeri bolan Florensiýa syýahat etdiresim gelýärdi. Sungatyň ylmy tarapyny açyp görkezmek islegim maňa bu eseri ýazmagyma itergi berdi.

— «Homeport» romanynda sungatyň ýeke-täkligi hakynda örän köp tehniki adalgalary ulanypsyňyz. Bu maglumatlary nireden aldyňyz?

— Elbetde, internetden. Men ozal ylmyň anyk nämedigine hiç akyl ýetirip bilmezdim. Şonuň üçinem ylma düşünmek üçin internete ýüzlendim. Ynha, bir günem gözleglerimiň dowamynda internetde arheometriýa baradaky sahypa gabat geldim. Görüp otursam, arheometriýa giden bir ylym eken. Şonda kelläme ajaýyp bir pikir geldi — täze ýazjak romanymyň baş gahrymanyny arheometrik etmegi ýüregime düwdim. Onsoň sungat gymmatlyklarynyň her döwre degişli maglumatlaryny gözlemeli boldum. Dostumyň kömegi bilen maňa ýurdumyzda gadymy gymmatlyklar we miras barada neşir edilýän «Smithsonian» žurnalynda işleýän iki sany arheolog bilen tanyşmak başartdy. Olardan gadymy sungat eserlerine degişli köp zatlary öwrendim.

— Eserleriňizde MakGregor Klan, Deniýel MakGregor ýaly erkek gahrymanlary ynandyryjy janlandyrypsyňyz. Zenan ýazyjy bolup erkek kişiniň keşbini döretmek size nähili başartdy?

— Zenan bolsun, erkek bolsun, gahrymanlaryň ikisini hem ynandyryjy edip ýaratmak ýazyjynyň borjy. Beýleki tarapdan alanyňda bolsa, meniň dört sany agam, adamym, iki sany oglum bar, aý, garaz, olaryň dünýäsi maňa ýat däl. Şonuň üçinem erkek adamlaryň gylyk-häsiýetlerini kagyza geçirmek asla kyn düşmedi. Men olara ýa-ha düşünmeli bolýan, ýa-da igenip gezmeli bolýan. Men olaryň birinjisini saýlap aldym.

— Ýazyjylyk boýunça bilimiňiz barmy? Size bu ugurda kim halypalyk etdi?

— Ýazyjylyk boýunça ýörite okuwym ýok, ýöne her bir adam özüniň göwün söýen işini etmäge haky barmyka diýýän.

— Höwesjeň ýaş ýazyjylara beräýjek maslahatlaryňyz?

— Ilki bilen bir zada göz ýetiriň, ýagny ýazyp görmän «Mende ýazyjylyk ukyby ýok» diýmäň. Biz serimize gelen pikirleri ýazga geçirmekden çekinmeli däl, ýaltanmaly däl. Ýazmak — bu pikir dünýäsinde gaýybana syýahat etmek. Öz ýazýan eserleriňiziň göwrümine garamazdan, lezzet almagy başaryň. Ýazýan eserleriňizi, esasan, haýsy ýaşdaky adamlar üçin niýetleýändigiňizi göz öňünde tutuň. Şol ýaşdaky adamlaryň psihologiýasyny öwreniň. Halka kömek edäýjek, olara ruhy goldawdyr degerli maslahatlary berip biläýjek eserleri ýazyň. Eserleriňize aýdylýan tankydy belliklerden çekinmäň. Iň esasy zat bolsa, ýazmakdan lezzet alyň, muňa özüňizi mejbury itermäň. Ýazmak — bu ýaşamakdyr!

— Nora Roberts, biziň bilen söhbetdeş bolanyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Elmydama galamyňyz ýiti, eserleriňiziň höwri köp bolsun!

— Siziň bilen söhbetdeşlikde bolmak biziň üçin örän ýakymly boldy. Sag boluň!

 

Iňlis dilinden terjime eden Maýa ESENMYRADOWA
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle