| |

Bajow Işangulyýewa

Bajow Işangulyýewa

BAJOW IŞANGULYÝEWA

“Türkmen aýal-gyzlarynyň folklor mirasy” atly ýygyndysynyň sözbasynda A.Durdyýewa Bajow (Oguldursun) Işangulyýewa barada, käbir maglumatlary beripdir. 
Hakykatdan-da Bajaw Işangulyýewanyň dilinden ýazylyp alnan edebi-çeper eserleri, olaryň ýerine ýetirilişi beýlekileriňkä meňzänok. Ol köplenç agylary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän eken. Bajow Işangulyýewa A.Durdyýewanyň berýän maglumatyna görä, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň öňki „Komsomol“ kolhozynda 1916-njy ýylda eneden bolýar. Iki ýaşynda iki tarapyndanam ýetim galan Bajowy aýal dogany ýetişdirýär. Onuň adamsy Işanguly Beýik Watançylyk urşunda gurban bolýar. Bajowyň dört çagasyny gyzamyk keseli alýar. Bagyr awusyny, ýarynyň ölümüniň hasratyny çekmegi, ýaşlykdanam ene-atadan ýetim galan Bajowy durmuşy agy aýdymlaryny aýtmaga mejbur edipdir:

Gyzyl gül bolmasadym,
Saralyp solmasadym,
Dört balam birden gitdi,
Yzynda galmasadym.

Bajow eje dürli işlerde işläpdir. 1954-1955-nji ýyllaryň aralygynda Kaka etrabynyň tara kombinatynda ýüpek keteni dokapdyr. Juda işeňňir Bajow eje, A.Durdyýewanyň ýazmagyna görä, hoşgylow, kiçigöwünli, elaçyk aýal bolupdyr. Hiç ýerde zähmetini gaýgyrmandyr. Il-güne tamdyr ýasap berer eken, hatda öwlüýälere zyýarata gidende-de, şol ýerde ojak ýasap iliň alkyşyny alar eken. Bajow neneň agy aýdymlaryny aýtmasyn, ol 1979-njy ýylda ganbasyşynyň ýokarlanmagy sebäpli ysmaz keseline ýolugyp, on ýyllap düşege baglanyp, 1989-njy ýylyň 3-nji iýulynda ýogalypdyr. Bolsa-da, halkyň döreden paýhas gymmatlyklary, onuň ýaşan ömründe oňa tekge beripdir. Durmuşy, halkyň döreden şahyrana setirleri ony şahyra öwrüpdir. Amangül Durdyýewa Bajow ejäniň öz döreden aýdymlarynyň arasynda, fronta degişli gynançly setirleriň esasy orun tutýandygyny dogry belläpdir.

Meniň-ä azarym bar,
Azardan bizarym bar,
Şol girmanyň ilinde,
Bir toparmazarym bar.

Ýa-da:

Men bir ýaraly keýik, 
Derdim daglardan beýik,
Bolmasa biri gelsin,
Bolsun ýarama seýik.

Mysallardan görnüşi kimin Bajaw Işangulyýewanyň öz döreden goşgularynyň-da formasy sadalygy taýyndan halky eserlere meňzäp dur. Ol öz ömründe bir giden ertekidir rowaýatlary, läledir hüwdüleri halkyň arasyndan eşidip, olary ýat bekläp, timarlap ussatlyk bilen aýdyp beripdir. Ýöne onuň ýat beklän folklor mirasy wagtynda ýazylyp alynman, onuň özi bilen gidipdir.
B.Işangulyýewanyň dilinden ýazylyp alnan edebi-çeper eserler TYA-nyňMilli golýazmalar institutynyň folklor we edebiýat-bölüminiň 254, 1043, 1947, 2150Э, 3098Э, 1851Э, 3125Э bukjalarynda saklanylýar. 

Şirinjemal GELDIÝEWA.

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle