Köne ýerzeminiň syry 4 (Roman-detektiw)
Enid BLAÝTON,
iňlis ýazyjysy
STIKLERIŇ MAŞGALASY GIRERE DEŞIK TAPANOK
Emma Stikler adadan gitjegem bolmady. Çagalar gezekli-gezegine gowagyň tüýnüginden jyklaýardylar, her gezegem Stikleriň maşgala agzalarynyň kä birine, kä beýlekisine gözleri düşýärdi. Agşam düşüp, garaňky gatlyşyp ugrady. Stikleriň bolsa şo-ol töwerekde sermenip ýörüşleridi. Haýdaşlap kenary gözden geçiren Julian şol ýerde kiçeňräk gaýygyň durandygyny gördi. Diýmek, Stikler ada gelip, köne gäminiň ýanyna-da baryp gaýdan bolmaly, hatda üstüne çykan bolmaklaram mümkin, soň suw astyndaky howply gaýalardanam ýeserlik bilen sowlup geçip, ada gaýdyp gelendirler.
Julian ýüzüni garaldyp:
— Stikler gijesini bu ýerde geçirjekler öýdýän — diýdi. — Şeýdibem adada boljak günlerimiziň hezilini aljaklar-da. Bäri şolardan gaçyp gaýdypdyk! Ýene gaşymyzda peýda boldular. Ýagdaýlar-a gowy däl!
Jorj:
— Geliň, olaryň ýüregini ýaralyň — diýende, onuň göreçlerinde şemiň ikibaka yranýan dili uçgun syçradyp tans eden ýaly boldy.
Birneme keýpi göterilen Dik:
— Kelläňe täze pikir geldimi? — diýip sorady. Jorjuň kä aýdýan teklipleri gödegem bolsa, pikirleri hemişe oňa ýaraýardy.
Jorj:
— Meniň pikirimçe, olar ýerzeminiň aşakdaky otaglarynyň birinde ornaşan bolmaly — diýdi. — Aýdanyma hä diýýäňizmi? Galanyň içinde ýekeje-de üçegi abat jaý ýok, tapsak özümizem ýerleşjekdik ýogsa. Ýeke-täk ýapyk ýer bar — olam ýerzemin. Özüm-ä şol ýerde ýürek edip ýatyp bilmen, ýöne Stikler ýer dandap duran adamlardan däl.
— Bar şeýlemiş diýelem-dä? Teklibiň näme? — diýip, Dik onuň agzyna bakdy.
— Şol ýere baryp, birneme gykylyklasak niçik bor, sesimiz ýaň bolup ýerzemini alazenzele ederdi? Ýadyňyzdamy, ilkinji gezek ýerzemine düşemizde, ýaň zährämizi ýarypdy. Birki agyz söz aýtsaň bolany, ýaň yzyny üzmän gaýtalap dur, çar ýanyňdan ses gelip dur, zo-ol gelip dur — diýip, Jorj teklibiniň oňlanaryna garaşyp dymdy.
Enn:
— Wiý, hawa, ýadymda — diýdi. — Timminiň öz sesinden özüniň gorkuşyny aýtsana! Ýaň oňa gaýta-gaýta üýrüp jogap berensoň, ol golaýda bir ýerlerde müňlerçe it gizlenip, özüne haýbat atýandyr öýdüpdi! Erbet gorkdy!
— Ajaýyp pikir! — diýip, Julianam ony goldady. — Adamyza geleni üçin Stikleri edäýmelisi şol! Olary gorkuzyp, bu ýerden kowup bilsek, bu biziň bähbidimize gazanylan utuş bolar. Geliň şeýdeliň, men razy.
— Timmini näderkäk? — diýip, Enn ýaýdandy. — Şu taýda goýup gitsek bolmazmyka?
— Ýok, ýok. Ol biziň bilen gider, girelgäniň agzynda durup, bizi gorar — diýip, Jorj düşündirdi. — Birden hakyky kanunbozarlaryň özi peýda bolaýsa, Timmi bize duýduryş berer. Men ony bu ýerde galdyryp gidibiljek däl.
Julian:
— Onda näme, häziriň özünde ugralyň! — diýdi. — Şeýlebir hezillik gurarys! Daşary gapgaraňky, ýöne meniň elçyram bar. Stikler ýerzemine düşdügi bes, oýun turzup başlarys.
Ýöne Stikleriň hiç biri görnenokdy. Hiç hili ýagtylyk ýok — ne ot, ne şem, iň bärkisi hü-
mürdileri hem eşidilenok. Ýa-ha adadan gidipdirler, ýa-da ýerzeminde otyrlar. Girelgäniň agzyndaky plita hem ýerine süýşürilipdir. Çagalar muňa gadyrdan Stikler ýerzeminde diýip düşündiler.
— Indi bolsa, Timmi, şu ýerde gymyldaman, ümsüm otur — diýip, Jorj oňa pyşyrdady.
— Biri geläýse, üýrüp habar ber, ýogsamam baryň-ýoguň bilinmesin. Biz ýerzemine düşýäs.
Enn birden:
— Men Timminiň ýanynda galsam gowy bolmazmy? — diýip sorady. — Jorj, Timmi ýekesiräp gorkmazmy?
Çagalar pessaýja hikirdeşdiler. Olar Enniň özüniň gorkýandygyna düşündiler. Julian onuň elini gaýym gysdy.
— Onda galaý — diýip, ol mylaýym jogap berdi. — Timmä ýoldaş bolarsyň. Julian, Jorj, Dik üçüsi Kirrin galasynyň köne ýerzeminine uzap gidýän basgançaklar bilen aşak düşüp ugradylar. Bu ýere geçen ýylyň tomsunda, ýiten hazynany gözlänlerinde gelipdiler, ynha, häzirem ýene düşmeli boldy.
Olar basgançak bilen eslije düşdüler, soňra galanyň astyndaky gaýalardan çapylyp-köwlüp gurlan tussaghanalaryň we zyndanlaryň birgideniniň deňinden geçdiler. Olaryň käbiri giňdi, haňlap ýatyrdy, käbirleri daryşgandy — birwagtlar bu aýylganç, yzgar gazamatlarda bedibagt bendiler jebir baryny çeken bolsalar gerek.
Çagalar garaňky dälizleriň ugry bilen seresap ýöräp barýardylar. Julianyň elinde hek bölegi bardy, ol yza gaýdyşyn azaşmaz ýaly, daş diwaryň ýüzüne wagtal-wagtal bellik edýärdi.
Birdenem olaryň gulagyna sesler eşidilip, ýagtylyk göründi. Çagalar aýak çekdiler-de, özara pyşyrdaşyp başladylar.
— Olar hut biziň geçen ýyl hazyna tapan otagymyzda! Görýän welin, olar şol ýere ýerleşipdirler. Nädip gygyrarys?
Dik:
— Men-ä sygyr bolup molajak. Meňzedip bilýän — diýdi.
Julian:
— Men bolsa goýun — diýdi. — Jorj, sen at bolaý. At ýaly kişňe, pyşgyr. Hany onda, Dik, başla!
Dik başlady. Gaýanyň öňe çykyp duran bölegine bukulyp, agyrysyna çydaman urunýan sygyr ýaly molamaga durdy. Molama şodem ýaňa öwrülip, has gaty ýaňlandy, sesler ýerzeminiň geçelgelerini yzarlap barşyna allowarralarda ýitirim bolýardy — göýä, çar ýandan müňlerçe sygyr dynman molaýan ýalydy.
— Moo-oo-OOOOOOOOO, ooo-oo-OOOOOO OOOO!
Stikleriň üçüsem birden çykan, ýüregiňi endiredip, içiňden geçip gelýän bu seslere agyzlaryny öweldip, gorkudan gözlerini tegeläp diň salýardylar.
— Eje, bu näme? — diýip, Edgar aglaýjak-aglaýjak bolup kemşerdi. Porsuja bolsa hol tördäki buky ýere özüni atdy.
— Sygyrlaň sesi — diýip, nämäň-nämedigine doly düşünmedik mister Stik mydyrdady. — Hawa, sygyrlar öýdýän. Molaýalar-a, eşideňzokmy? Ýöne sygyr bärde näme işleýär? Gorkusyndan biraz aýňalan missis Stik: — Bolmajak zat! Sygryň ýerzeminde nä köri? Sen däliräpsiň! Entek gözüňe goýnam görünse gerek!
Munuň gabat geläýşini, edil şol wagt Julian mäläp, giden bir goýun sürüsiniň gohuny turuzdy. Yzy kesilmeýän mäleme tükeniksiz ýaňa öwrüldi, göýä, ýerzeminde azaşan goýun sürüsi ugur gözläp urunýan ýaly, naýynjar mäleşýärdiler!
Ýüzi üç ýuwlan ak esgä dönen mister Stik sarsyp gitdi:
— Indem goýun däl diý? Bu ýerde nämeler gopýar? Wah, gargyş siňen ýerzemin! Şu ýerini ýönelige halamok diýmändim.
— Bäää-bää-bää-ää-ÄÄÄÄÄÄÄÄÄ! — soňsuz naýynjar mälemeler howada yzly-yzyna tolkunlap gidýärdi. Edil şol wagtam Jorj ýognas sesi bilen bikarar ýabynyň kişňemesini edip ugrady. Gyz garaňkylykda atyň kişňemesine hem pyşgyrmasyna öýkünip, başyny silkeleýärdi, hatda aýaklarynam tapyrdadýardy — ýaň ony bolşy ýaly gaýtalaýardy. Kişňeme, pyşgyrma, tapyrdy birnäçe esse gatalyp, Stikleriň başyndan musallat bolup indi.
Porsuja görgüli zaryn çyňsamaga durdy. Gorky ony ysgyndan gaçyrypdy — ol bagryny ýere berip ýatyşyna, ýere siňip gidäýjek bolýardy. Edgar ejesiniň elinden tutdy.
— Gowusy, ýokary çykaly — diýip, onuňam injigi sandyrap ugrady. — Men bu ýerde galybiljek däl. Ýerzeminde ýüzlerçe goýun, ýaby, sygyr dabyrdaşyp ýör, eşidýäňmi? Elbetde, olar arwah-jyndyr, ýöne şeýle-de bolsa sesleri, aýak tapyrdylary bar, men gorkýan.
Mister Stik otagyň gapysyndan çykyp, gatydan haýkyryp goýberdi:
— Ýok boluň! Kim bolsaňyzam, gümüňizi çekiň!
Jorj kikirdedi. Soňam pessaýdan gödek ses edip:
— Ägä boluň! — diýip, duýduryş berdi.
Ýaň çar ýanda tolkun atdy: — BOLUŇ! BOLUŇ! BOLUŇ-UŇ-UŇ! Mister Stik dessine özüniňkileriň ýanyna dolanyp geldi-de, agyr agaç gapyny garsa ýapdy, ýene bir şem ýakdy. Elleri sandyr-sandyr etdi. — Bu zatlar-a juda geň görünýä. — Onuň sesi galagoply çykdy.
— Her agşam şeýdip durjak bolsa, biz bu ýerde ýaşap bilmeris.
Julianyň, Dikiň we Jorjuň şeýlebir gülküsi tutdy welin, hany olar indi sygyr, ýaby, goýun bolup gygyryp bilseler! Jorj, barybir, doňuz bolup horkuldamaga çalyşdy, onuň hork-horky şeýlebir tebigy çykdy welin, Dik durup bilmän haha-haýlap başlady.
Çirkin ses bilen horkuldy bolsa, elbetde, ýaňa öwrülip ýaýylyp gitdi.
— Gideli — diýip, Julian pyşyrdady. — Ýogsa gülüp-gülüp kese ýykylaryn, men saklanyp bilemok! Gideli! Olar itek-çomak bolşup, agyzlaryny elýaglyklary bilen tutuşyp, basgançaga tarap haýdadylar — elçyranyň ýagtysyna Julianyň diwara eden bellikleri äp-äşgär görünýärdi. Olary yzarlasaň, ýalňyşjak gümanyň ýokdy.
Çagalar basgançakdan ýokary galyp, Enn bilen Timminiň gapdalynda oturyşlaryna, gyzylgyran gülkiniň arasynda başdan geçirenlerini gürrüň bermäge başladylar.
— Stik gardaş bize güm boluň diýip haýbat atdy. Gatyja gorkdy öýdýän. Porsujany diýsene, ol-a ýok ýaly, demem çykmady. Ynha görersiňiz, şu günki başagaýlykdan soň maşgala ertiriň özünde bu ýerden ökjäni götär! Olar öler ýaly gorkdular.
— Gaty üýtgeşik boldy! — diýip, Julian üstüni ýetirdi. — Haýp, ýöne meň gülkim tutdy-da. Ýaňybir pile öýkünip surnaý çalaýyn diýip durdym. Şonda boljak ýaňy eşitsediň!
— Bu maşgala ada näme üçin geldikä, ana, şol geň? — diýip, Dik oýurgandy. — Kirrin-kotteji gözegçiliksiz galdyryp gaýdypdyrlar, özleriniňem ýitigi biz däl. Dogrudanam, kanunbozarlar bilen aralary bar öýdýän şularyň. Jorj, missis Stik ejeňe şonuň üçin hyzmatkär durandyr — betpygyllara kömegi gerek bolan wagty dessine ýetip barara amatly ýer hasaplandyr. — Kirrin-kotteje dolansak näder, hä? — diýip, adada galmagy näler halasa-da, Stikler bu ýere ge-lensoň, gorkusy artan Enn soragly gözlerini balkyldatdy.
— Gaýtjak diýýäňmi? Gyzykly başdangeçirme ýaňy başlanan wagty, ondan ýüz öwürmelimi?! — Jorj gaharlanjak boldy. — Enn, samsyjak sen. Gaýdasyň gelse gaýdyber, ýöne saňa ýoldaş boljag-a tapylmaz.
Dostlaryndan aýrylyp git diýseň, Enniň öýke-lejegini bilen Julian oňa arka durdy:
— Aý ýok, Enn hiç ýere gitmez. Gitmeli bolsa, Stikleriň özi gider, arkaýyn bolaýyň!
Ygtybarly sümelgesidir ondaky şemleriň mährem ýagtylygyny küýsän Enn:
— Yzymyza, gowaga gidäýeliň — diýdi. Çagalar howlyny kesip geçip, galany gallap oturan peseňräk diwaryň düýbüne bardylar. Ondan aşyp geçdiler-de, gaýa tarap dogruladylar. Howpsuz ýere ýetensoňlar, Julian elçyrasyny ýakdy, gözedürtme garaňky bolansoň, çagalardan kimdir biriniň gowaga, tanapdan düşmegiň ýerine, kelemenläp gaýtmagyny islemedi.
Hemmesi gezekli-gezegine arkaýyn düşer ýaly, gowagyň tüýnügine elçyrasyny tutup durdy. Çagalaryň hemmesi gowaga düşüpdi, gabagyny bir galdyrsa, deňiz tarapda garaňkylygyň içinde bir zatlar ýagtylyp göründi.
Hakyt, deňizde yşyjak ýylpyldaýardy, özem yşarat berýän bolarly, ýylp-ýylp edýärdi. Onuň elçyrasyny gördüler öýdýän! Julian bar ünsüni jemläp, ýylpyldynyň gämiden gelýändigini ýada däldigini, näçeräk uzaklykdadygyny bilmäge çalyşdy. Bu yşaratlar nämäni aňladýarka?
«Belki, olar köne gämä ýene haryt getirjek bolýandyrlar, soň Stikler ony äkitmelidirler — diýip, Julian içinden pikir öwürdi. — Bilmek gyzykly. Jikme-jik anyklasym gelýär! Stikler bärdekä, gündizine o ýere gitmek gaty howply».
Yşarat uzak wagtlap ýylpyldady — bir zatlar habar berilýän bolmaly. Nähili habardygyny welin, Julian aňşyryp bilmedi. Ol diňe ýylp-ýylp edýän yşykjagazy görýärdi.
Ýöne şol yşarat bilen Stikleriň maşgalasyna haýsydyr bir habar ýetirilýän bolmaly. «Ýöne şu gije-hä habar şolara ýetmänjik geçer — diýip, ahyry ýylpyldy kesilen dessine, Julian içini güldürdi. — Maşgala topbagy bilen kellesini daşary çykarmaga-da milt edip bilmän busup oturandyr, ýerzeminde sürlenişip ýören goýunlar, sygyrlar, ýabylar olaryň ýüreklerini ýardy ahyry».
Julian mamla çykdy, maşgala tutuş gijesini ýerzeminde geçirdi. Irdene çenli olary şol ýerden çykaryp biljek güýç ýok.
EDGAR AŇK BOLÝAR
Gijäniň galan bölegini çagalar rahat ukuda geçirdiler. Timmi ýeke gezegem hyňranmady, diýmek, hiç hili üýtgeşiklik ýok. Irden işdämenlik bilen ertirlik edindiler — sygryň bişirilen dilini iýdiler, şetdaly gaplamasyny açdylar, çöregiň ýüzüne mesge bilen toşap çalyp garbandylar, arasynda-da limonad owurtladylar.
— Limonadymyz-a tükendi öýdýän — diýip, Julian muňa çyny bilen gynandy. — Limonad gowy zat. Ony haýsy naharyň ýany bilen içseňem bolup dur.
— Ertirligem munuň ýaly süýji boljak eken-ow! — diýip, Enn keýpiçag süýkdürdi. — Aslynda, Kirrin adasynda näme iýip-içsegem, agzymyza bal bolup degýär. Ýogsa-da, gadyrdan Stikler hem biz ýaly işdä bilen garbanýarmykalar?
Dik:
— Garbanýandyr. Fanni daýzanyň bufetini boşadyp, ellerine ilen tagamlyja zatlaryň baryny göterip gaýdandyrlar — diýdi.
— Ynsapsyzlar! — Jorjuň gözlerinden gazap uçgunlary syçrady. — Olaryň öýümizi talap, gymmat zatlarymyza el urmagynyň ahmaldygy meň-ä kelläme-de gelmändir.
— Şony şeýdene meňzeýär bular — diýip, Julian ýüzüni çytdy. — Menem göwnüme getirmändirin. Ýarawsyzlykdan soň egbarlan bitap ejeňe öýüň ýarpy goşunyň ogurlananyny görmek agyr deger!
— Eý, Hudaý! — diýip, Enn uludan demini aldy. — Dogrudanam, ol muňa ýaman bozular!
— Näsini aýdýaň! — Julianyň gaşlary bürüşdi. — Bu maşgaladan her zada garaşaýmaly! Adamyza gelip, şu ýerde goş basmaga ynsaplary çatan bolsa, öýümizi talamany hem hiç zatça görmezler. Näme işläp ýörenlerini bir bilsedik.
Julian:
— Olar gaýyga salyp birgiden zat getirendir. Çyndanam, ogurlyk zat getiren bolsalar, ony bir ýerde gizlemelem-ä bolarlar — ýerzeminde bukan bolaýmasalar — diýdi.
— Daş-töweregi aýlanyp çykmaly, belki, bir alamat tapylar, ýöne Stikleriň gözüne ilmeli däl — diýip, Dik teklip etdi.
— Geliň, bu işe häziriň özünde başlalyň — diýip, Jorj hemişeki howlukmaçlygyny etdi. — Enn, saňa tabşyryk — gap-gaçlary ýuwup, gowagy tertibe salarsyň. Bolýamy?
Enniňem bular bilen gidesi geldi, ýöne «öý-öý» oýnamak islegi ondan rüstem çykdy. Öýi tertiplemek, ýorgan-düşek ýazmak onuň hoşuna gelýärdi. Ol biraz pikirlendi-de, razylaşdy.
Şeýlelikde, olar tanapa dyrmaşyp ýokary çykdylar. Biwagt üýräýmeginden ätiýaç edip, Timotini Enniň ýanynda goýup gitdiler. Enn ony daňdy, it birbada çyňsanam bolsa, üýtgeşik gopgun turzup durmady.
Üç çaga gaýanyň gerşinde bagyrlaryny ýere berip ýatyşlaryna, galanyň harabalygyny göz astyna aldylar. Ilki hiç kim görünmedi, ýöne barybir, çagalar gözegçiligi bes etmediler, ynha, ahyry maşgalanyň üç agzasam bile çykdy — ýerzeminden şu wagt çykan bolara çemeli. Sowuk, yzgar hem tüm garaňky ýerzemin ýyly kuýaşy küýseden bolmaly, güneşlemäge çykana meňzeýäler!
Üçüsem töwerege esewan edýärdi. Guýrugyny ýamzyna gysan Porsuja missis Stikiň ýanyndan aýrylmaýardy.
— Gije ýerzeminde gygyran sygyrlary, goýunlary, atlary gözleýän bolaýmasalar — diýip, Dik Julianyň gulagyna pyşyrdady.
Birsalym özara hümürdeşenlerinden soň, olar tirkeşip döwük gämä tarap ugradylar. Edgar bolsa galada çagalaryň gijelik galmagy peýlän ýerine — petigi abat ýeke-täk otaga tarap dogrulady.
Julian:
— Men ene-atasyny yzarlaýyn. Siz ikiňiz bolsa Edgaryň näme işleýänini biljek boluň — diýip, dostlaryna çawuş çakdy.
Julian gyrymsylykdan-gyrymsylyga bukdaklap barşyna, är-aýal Stikleriň yzyndan galanokdy. Jorjdyr Dik bolsa assyrynlyk bilen gaýadan düşüp, adanyň orta gürpünde oturan galany nazarlady. Edgar sykylyk atýardy. Porsuja bolsa galanyň howlusynda iki ýana alakjap, aýagynyň ýelini alýardy.
Ynha-da ýarysy ýykylan otagyň gapysynda gujagy, megerem, şol ýerde bukup goýlan, birtopar ýassykly Edgar göründi. Jorj gahardan dym-gyzyl boldy, sandyrap durşuna Dikiň elini gaýym gysdy.
— Ejemiň iň gowy ýassyklary! — diýip pyşyrdady. — Haýwanlar diýsänim!
Dikiňem gany gaýnady. Düşnükli, Stikler Kirrin-kotteji talap, ellerine ilen zady göterip gaýdypdyrlar. Ol ýerden gysymyny dolduryp gum aldy-da, çenenip, zyňyp goýberdi. Gum Edgar bilen Porsujanyň arasyna düşüşine tozap gitdi.
Edgar gorkusyna elindäki ýassyklary gaçyryp, ýokarsyna seretdi. Asmandan birzatlar düşdümikä diýip pikir eden bolmaly. Indi Jorj gysymlap gum aldy, olam çenendi-de, gysymyndakyny Dikdenem ýokarraga zyňdy. Gum göni Porsujanyň üstüne seçelendi, it çyňsap, ýerzeminiň girelgesine ýumlukdy.
Äm-säm bolan Edgar ýokaryk seredip durşuna agzyny açyp aňkaryldy: bu düşýän zat name? Ol ýeňsesine öwrülen pillesi Dik pursadyny peýläp, üstüne ýene bir gysym gumy patlatdy. Gum aljyraňňy Edgaryň kellesine düşüp, çar ýana tozap gitdi.
Edil şol pursat Dik şeýlebir meňzedip molady, tüýs yzasyna çydaman urunýan sygryň bard-a! Edgar duran ýerinde çüýlenen ýaly doňup galdy, gorkudan dişleri şakyr-şakyr etdi. Ýene sygyrmy? Hany, özi nirede?
Dik ýene molady, bu gezek Edgar ulili bilen möňňürip, ylgawyna ýerzeminiň agzyna ýetende ony ýer hopan ýaly boldy. Elinden gaçyran ýassyklary bolsa şol duran ýerinde galdy.
— Bol basym! — diýip, Dik gyssady. — Ol indi birsalym çykman oturar. Zähresi ýaryldy. Ýassyklary dessine gowaga eltmeli. Olary näme üçin Stikler ýassanmalymyş, gadymy ýowuz ýerzemine daşamalymyş, hiç düşünip bilemok.
Iki oglan howluda ýatan ýassyklary garbap alşyna ýene öňki buky ýerinde gizlendi. Dik Edgaryň ýassyklary alyp gaýdan otagyna göz aýlady.
— Ýene näme gizledilerkä, içeri girip seretsek näder? Iliň zadyny ulanmaga näme haklary barmyş? — diýip, Dik jibrindi.
Jorj:
— Sen ýerzeminiň girelgesini garawulla, men bolsa gidip görüp gaýdaýyn. Edgar peýda boldugy molap goýber, onsoň ol ýeriň aýagujyna çenli gaçmalam bolsa gaçar — diýdi.
—Dogry — Dik ýaňsyly ýylgyrdy-da, ýerzeminiň agzyna howlukdy. Ýöne ne Edgar göründi, ne-de Porsuja.
Jorj salymyny bermän ýarym haraba öwrülen otaga ylgady, gahardan sandyrap durşuna, içerik göz aýlady. Baý-bo-ow, olar dogrudanam, ejesiniň zatlaryna el urupdyrlar, şübhe ýok! Ynha ýorgan-düşek, kümüş gap-gaçlar, her dürli azyk-owkatlar. Belli zat, missis Stik basgançagyň aşagyndaky uly yşgaby takyrlapdyr, azyk ätiýajyny syryp-süpürip alyp gaýdypdyr. Jorj ylgaşlap Dikiň ýanyna gaýdyp geldi.
— O taýda birgiden zadymyz bar! — diýip, ol gaharly pyşyrdady. — Ýör, maňa alyp gaýtmaga kömekleş. Edgar bilen ene-atasy gelmänkä ýetişsek bolýa.
Olar şeýdip pyşyrdaşyp durkalar, pessaýja sykylyk eşidildi. Görseler, Julian ýetip gelýär.
— Stikler gaýykly köne gämi taýa ýüzüp gitdiler — diýip, ol gelşine habar berdi. — Gaýalaryň arasynda köne gaýygy bukup goýan ekenler. Gaýygy howply suwasty daşlaryň gürmeginden sag-aman geçirip bilen bolsa, Stikleriň kakasy tejribesi ýetik deňizçi bolmaly.
— Oho, onda peýlän işimizi etmäge ýeterlik wagtymyz boljak eken — diýip, Dik begendi. Ol Jorjuň galanyň abat galan otagynda gören zatlary barada Juliana gysgajyk gürrüň berdi.
— Utançsyz, ogrular diýsänim! — Julianyň jany ýandy. — Indi Kirrin-kotteje dolanaslary ýok, ol düşnükli. Kanunbozarlar bilen dilleşip, bir işjagaz-a goparjak bolýalar, işleri bitdigem, oljalaryny alyp, ökjäni götererler, gabat gelen gämä münüp, harydy gümrük hakyny tölemezden isleýän ýerine aşyrarlar, wessalam.
Jorj saklanyp bilmedi:
— Şol-a başa baraýmaz! Biz ähli zady gowaga daşarys! Dik ýerzeminiň girelgesinde Edgary garawullar, Julian, ikimiz bolsa çaltjak goşlary geçireris. Olary göni gowaga zyňaýsagam bolar.
— Başladyk onda! — diýip, Julian işe badalga berdi. — Derrewjik işi dynaýmasak, olar uzak elgenerler — uf-f, ýene dilim çolaşdy! — eglenerler öýdemok. Gämiden çemedany, başga-da odur-budurlaryny getirjekdirler. Gije deňizde ýylpyldy görenimden habaryňyz bar-a, megerem, kanunbozarlar köne gämä bir zatlar getirenini yşarat eden bolmaly, Stikler şony alyp gaýtmalydyr.
Jorj bilen Julian ýarym haraba öwrülen otaga ylgadylar, göteribilenlerini göteribem gaýanyň başyna çykardylar, şo taýda tertipläp, wagt bolanda aşak gowaga sallamakçydylar. Çaky, Stikler öýüň ähli goşuny bu ýerik çekene meňzeýär. Iň bärkisi, aşhanada duran sagady hem aparypdyrlar!
Edgar çykmady. Ýerzeminiň basgançagynyň ýanynda Jorj bilen Julianyň goşlary daşaýşyny synlap oturan Dikiň içi gysdy. Ahyry işini birýüzli eden oglanlar Dike elini salgadylar. Dik sakçylykda duran ýerinden gaýdyp, oglanlara goşuldy.
Julian:
—Ähli zady daşadyk. Men indi gaýanyň üstüne çykyp, olaryň gelýänini-gelmeýänini bileýin. Eger garalary görünmese, goşlary gowaga sallap ugrarys — diýdi.
Julian basym dolanyp geldi.
—Olaryň gaýygy köne gämä baglanyp goýlupdyr. Biraz maý bar. Geliň, çaltjak goşlary ygtybarly ýere bukalyň. Biziňki çüwäýen ýaly.
Olar goşy gowagyň agzyna daşap, gygyryp Enni çagyrdylar:
—Enn, eşidýäňmi, biz birgiden goş-golam getirdik, tüýnükden zyňjak bolýas! Sen duran ýeriňde gap-da, ýere goýuşdyr!
Sähel salymda goşlar gowakda peýda boldy. Enn geň galmakdan ýaňa esli wagt özüne gelip bilmedi. Ýere gaçyp döwler diýlen kümüş gap-gaçlar we beýleki zatlar ilki ýorgana dolanyp, soň tanap bilen sallap aşak düşürildi.
— Eý, Hudaý! Bu goşlary ýerbe-ýer goýuşdyrsam, gowagymyz çyn öýe öwrüljek!
Çagalaryň işlerini dyndym edenem şol, daşdan bir ýerlerden hümürdi eşidilip başlady.
—Stikler yzyna köwlenendirler, şolardan başga hiç kim däldir! — diýip, Julian gaýanyň gerşinde duran ýerinden seresaplyk bilen aşak seretdi. Ýalňyşmandyr. Stikler yzyna gaýdyp gelýärdiler, ellerinde köne gämidäki çemedan bardy, gaýykdan düşüp, ýüzleri gala tarapdy.
— Ýörüň, pişik basyşyny edip yzlaryna düşeliň, otaglarynyň haňlap galanyny görseler, näderkäler — diýip, Julian ýaňsyly gülümsiredi. — Ýörüň ba:ryň!
Olar bukdaklaşyp gaýadan düşüşlerine, gyrymsylyga gabat boldular, şol ýerden synlamak amatlydy. Är-aýal çemedany ýerde goýup, Edgary gözläp töwereklerine garanjaklaşdylar. Ýöne Edgar görünmedi.
Missis Stik sabryny ýitirdi:
— Hany oglumyz? Bu mahala çenli hemme işi bitiren bolmaly. Edgar! Edgar! Edgar!
Mister Stik ýarym haraba otagyň işiginden içeri seretdi-de, aýalynyň ýanyna dolandy. Ol:
— Bar goşy aşak geçiripdir. Ol şo taýda — ýerzeminde bolmaly. Otag boş — diýdi.
— Ýöne men oňa işiňi bolansoň, ýokary — güneýe çyk diýipdim-ä. Ýerzeminde oturmak saglyk üçin zyýanly. EDGAR!
Edgar bu gezek eşitdi: ýerzeminiň girelgesinden boýnuny uzatdy. Ýüzünde gorky bardy.
— Çaltjak gal ýokary — diýip, missis Stik ony gyssady. — Goşlary aşak daşap gutaransyň-a, indi sen güneş ýerde oturmaly.
Edgar:
— Men gorkýan. Indi bu ýerde galyp biljek däl — diýdi.
Mister Stik geň galdy:
— Nämüçin?
Görgüli Edgar:
— Ýene sygyr molady! Özem ýüzlerçe sygyr, kaka, töweregimde mo-da-mo, üstüme hapa-hupalaryny hem zyňdylar. Sygyr däl-de, edil wagşy haýwanyň bard-a, olardan gorkýan, indi ýeke özüm galyp biljek däl.
OSLAGSYZ ÝESIR
Är-aýal Edgara jiňkerildi — ogullary aklyndan azaşyp ýören bolmasyn.
— Sygyrlar hapa-hupa zyňdy diýdiňmi? — diýip, ahyry özüne gelen missis Stik çintgäp sorady. — Muňa nähili düşünmeli? Sygyr zat zyňyp bilmez-ä!
— Şo sygyrlar-a zyňýan eken — diýip, Edgar ene-atasynyň wah-wah diýerine tamakin bolup, bolan zatlary gürrüň bermäge durdy, arasynda käbir zatlary ýüzi gyzarman çişiribem aýtdy. — Sygyrlar, görseň, şeýlebir eýmenç, ýüzläp-ýüzläp sygyr, şahlary uzyn, sugunyňky ýaly, molaýyşlary dagy gök gübürdän ýaly. Üstüme hapa baryny okladylar, Ýekejänem görer ýaly etmediler. Item, menem öler ýaly gorkduk. Göterip gelýän ýassyklarym elimden gaçdy, gorkyma özümi zordan ýerzemine atdym.
—Hany ýassyk? — Mister Stik töweregine garanjaklady. — Ýekeje ýassygam göremok men-ä. Indem olary sygyr iýdi diý.
— Sen goşlary ýerzemine geçirmediňmi näme? — diýip, missis Stik geňirgendi. — Otag haňlap ýatyr. Içinde hiç zat ýok.
Edgar ýerzeminiň girelgesinden ätiýaçly çykyp gelşine:
— Men aşak ýekeje zadam geçiremok. Ýassyklary edil şu ýere — siziň duran ýeriňize gaçyrypdym. Olar nirä ýom-ýok bolduka?
— Beýle-de bir zat bolar oguşýa! — diýip, mister Stikiň akyly haýran boldy. — Biz gidemizden soň, bu ýere kim geldikä? Ýassykdyr goşlary göterip gidipdirler. Alanlaryny nirä ýokladylarka?
— Bu sygyrlaň işi, kaka! — Edgar, göýä, ýassyklary, kümüş gap-gaçlary, ýorganlary äkidip barýan sygyrlar görnäýjek ýaly, töweregine seredip, gözlerini elek-çelek etdi.
Takady tükenen missis Stik:
— Bes et sygyrly samahyllamaňy. Birinjiden-ä, adada ýekeje sygram ýok, biz bilýäs, irden ähli ýeri aýlanyp çykdyk. Gijeki eşidilen bolsa üýtgeşik bir ýaňdyr, bar ýeri sarsdyran şol bolmaly. Ýok, oglum, bu ýerde bir geň-taňlyg-a bar. Adada kimdir biri bar bolmaly.
Şobada-da ýeriň astyndan iniňi dygladýan uwwuldy geldi. Bu aşakda ýeke galmaga-da, ýokary çykmaga-da het edip bilmän, gorkusyna uwlaýan Porsujanyň sesidi.
— Wah, janawerjik! — diýip, missis Stikiň nebsi agyrdy. Çaky, ol Porsujany hemmeden beter eý görýän bolarly. — Oňa näme bolduka?
Porsujanyň sesi hasam ýürekdiliji ýaňlanyp ugrady, missis Stik durup bilmän, basgançak bilen söýgüli itiniň ýanyna howlukdy. Mister Stik aýalynyň yzyna düşdi, Edgaram uzak pikirlenip durman, olara eýerdi.
Julian kaddyny dikeldip, buýruk berdi:
— Gitdik, tizräk! Dik yzyma düş! Çemedany alyp ýetişeris. Ylga!
Iki oglan aýagaldygyna galanyň howlusyna ylgady. Çemedanyň hersi bir eltutaryna ýapyşyp, göterip gaýtdylar. Göz açyp-ýumasy salymda olar Jorjuň gapdalynda peýda boldular.
— Indi ony gowaga äkideris — diýip, Julian pyşyrdady. — Jorj, sen gal-da, soňunyň nähili boljagyny synla.
Oglanlar çemedany gaýa çykardylar. Jorj bolsa gyrymsylygyň düýbünde ýere ýaplanyp, gözegçiligini dowam etdi. Birnäçe minut geçensoň mister Stik göründi. Ýerzeminden çykyp töweregine garanjaklady, görse, çemedan ýok. Haýran galmakdan ýaňa äňi sallandy — çemedan edil ýere giren ýaly. Eglip ýerzeminiň girelgesinden seretdi-de:
— Eý, Klara! Çemedan ýitdi — diýip gygyrdy.
Missis Stik şol wagt Edgar bilen Porsujany yzyna düşürip, basgançak bilen ýokary çykyp gelýärdi. Ol daş çykyp, töweregine ýaltaklady.
— Ýitdi? — Ol haýran boldy. — Dogrudanam, ýitäýipdir. Nirä uçduka?
Mister Stik:
— Menem şony biljek bolýan! Goýanymyza iki minudam bolanok — eýýäm ýok. Beýleki goşlar ýaly gaçyp gidäýdimikä? — diýdi.
— Gulak as! Adada adam bar! — diýip, missis Stik hatyrjemlendi. — Men onuň kimdigini bilerin. Sapançaň ýanyňdamy?
Biline şarpyldadyp goýberen mister Stik:
— Hawa-la — diýdi. — Senem eliňe ýogynrak taýak al, Ýekejänem yzymyza tirkäris. Öňümize böwet boljak bolýany gapjamasam, meňem adam bolmadygym!
Jorj assyrynlyk bilen gyrymsylygyň düýbünden çykdy-da, dostlaryna duýdurmak üçin ylgady. Gowaga düşmek üçin tanapa ýapyşmazdan öňürti onuň agzyna böwürsleniň şahalaryny süýşürişdirdi. Soň aşak düşüp, dostlaryna gören-eşidenlerini habar berdi.
Şol bir wagtda Julian çemedany açmaga dyrjaşýardy, ýöne olam açylaýjakdan däldi. Ol kellesini galdyryp, Jorja seretdi — gyz demi-demine ýetmän gürrüňini soňlap barýardy.
Julian:
— Biri tötänden çukura ýykylaýmasa, oturan ýerimizi güman etjek adam ýok. Sesiňiz çykmasyn! Timmi, seňem hyrlanyňy eşidäýmäýin! — diýip duýdurdy.
Birsalym ümsümlik boldy, soň uzakdan bir ýerden Porsujanyň üýrýän sesi eşidildi.
Julian:
— Hany, ünslüje boluň! Olar golaýlaşýar — diýdi.
Stikler ýene gaýanyň gerşinde peýda boldular. Çagalaryň hemişe gizlenýän gyrymsy arçasynyň deňine baranlarynda, onuň düýbündäki basgylanan ota gözleri düşüp sägindiler.
— Bu ýere bir-ä gelipdir. Gyrymsylygyň içinde bukulan-a däldirler-dä, gaty uly hem gür eken, tutuş goşun sygjak! — diýip, mister Stikiň göwnüne güman gitdi. — Arasyna sümlüp, barlajak bolaýyn, Klara, senem eliňe sapançamy al.
Munuň ýaly endam-janyňy persala etjek gyrymsylygyň içine, juda samsyk bolaýmasaň, girip bolmajagyny bilýän Edgar töweregi aýlaň-çaýlaň etmäge gitdi. Birki ädim ätdem welin, eý-waý, aşak kelemenläp gaýdan ýaly-la! Aýagy çukura gitdi, zordan tikenekli şahadan asylyşyp ýetişdi, peýdasy ýok. Gitdigiçe aşaklap barýar, birdenem, pat! Ol däbşenekläp gaýdyşyna, gütläp içine düşdi.
Ýumşak çägäniň üstüne patlap düşen Edgara çagalar gözlerini tegeleşip seretdiler. Timmi eýmenç hyňranyp, duşmanynyň üstüne okduryldy, hernä Jorj ony wagtynda tutup ýetişdi.
Duýdansyzlykdan hem gorkudan özüni ýitiren Edgar ýerde gözleri ýumuk, hyklap ýatyrdy. Çagalar kä oňa, kä bir-biriniň ýüzüne seredişýärdiler. Olar aljyrap duruşlaryna, birbada näme etjeklerini bilmän kösendiler. Timmi şeýlebir gazap bilen hyňrandy welin, tisginen Edgar ýalpa gözüni açdy. Daşyna egele bolan çagalara hemem köpege gözlerini elek-çelek edip gezdirip çykdy.
Kömege çagyrmak üçin açylan agzyny Julianyň giň aýasy ýapyp ýetişdi.
— Agzyňy açyp bir gör, Timmä: «Halan ýeriňden dişle» diýerin — diýip, Julian Timminiň hyňranmasyndanam gazaplyrak sesi bilen haýbat atdy. — Düşdüňmi? Dişledip görjekmi? Timmi dişlemäge taýýar.
Edgar:
— Gygyrman — diýende, onuň sesini ýanynda duranlar zordan eşitdi. — Aýryň köpegiňizi. Gygyrjak däl.
— Diňle, Timmi — diýip, Jorj tabşyrdy. — şu oglan gygyraýdygy, dessine gabyr-gubur et! Gapdalynda gyşar-da, dişiňi görkez şoňa. Gygyraýsa, şobada dişle!
— Haw! — edip, Timmi göwnühoş üýrdi. Ol Edgaryň ýanynda süýndi, oglan aňyrrak süýşjek boldy. Ýöne her gezek şeýdende, Timmi hem oňa tarap dykyldy.
— Siz adada näme işleýäňiz? — diýip, Edgar oglanlara göz aýlap sorady. — Biz-ä öýüňize gaýdansyňyz öýdüpdik.
Jorjuň gahary geldi:
— Bu biziň adamyz. Bu ýerde islänimizçe bolmaga doly hakymyz bar, ynha, siziň welin bu ýere gelmäge hakyňyz ýok.
— Men bilemok — diýip, Edgar ýüzüni garaltdy.
— Gowusy, boýun alaý — diýip, Julian ony gyssap ugrady. — Siziň bikanun haryt geçirijiler bilen araňyzyň bardygyny biz bilýäs.
— Kanunbozarlar bilenmi? — diýip, Edgar geň galdy. — Meniň ondan habarym ýok. Ejem bilen kakam maňa hiç zat aýtmady. Bikanun haryt geçirijileriň golaýynda-da görünmek islämok.
— Sen dogrudanam habarsyzmy? — diýip, Dik çintgäp sorady. — Kirrin adasyna näme üçin geleniňizi hem bileňokmy?
— Bilemok — diýende, Edgaryň sesi öýkeli çykdy. — Ejem bilen kakam maňa hiç zat düşündirenoklar. Näme diýseler, şonam edip ýörün. Kanunbozarlar barada hiç zat bilemok diýýän-ä.
Çagalara bar zat düşnükli boldy, Edgar ene-atasynyň ada näme maksat bilen geleninden bihabar.
Julian:
— Olaryň näme üçin oglundan syr saklaýanyny geňem göremok. Bilse, dilini saklamazdy. Barybir, biz olaryň bikanun işiň gyrasynda görünýändiklerini bilýäs — diýdi.
— Goýberiň meni — diýip, Edgar gaharlandy. — Siziň hakyňyz ýok meni bu ýerde saklamaga.
Jorj dogumly jogap gaýtardy:
— Syparyn öýdüp pikirem etme. Sen indi biziň ýesirimiz. Häzir seni goýbersek, ene-ataňa biz barada habar berersiň, olar bolýan ýerimizi bilmeli däl. Görýäň-ä, biz olaň ajaýyp meýilnamajygyny püçege çykarmakçy. Düşdüňmi?
Hawa, Edgar düşündi. Oňa gaty köp zat aýan boldy, şonuň üçinem ynjalygy gaçdy.
— Ýassyklary we beýleki zatlary äkidenem sizmi?
Dik:
— Aý ýok, gadyrdan Edgar. Ol sygyrlaň işi. Ýüzlerçe sygryň daşyňy gallap, molaşandygyny, üstüňe her tüýsli hapa-hupa oklap, ýere gaçyran ýassyklaryňy göterip gidendiklerini özüň gürrüň berdiň-ä ejeňe, näme, ýadyňdan çykaýdymy? Sygyrlar eýýäm kelläňden uçdumy? — diýdi.
— Baý-baý, degişgendigiňi seň — diýip, Edgar tutuksy gepledi. — Siz maňa näme etjek bolýaňyz? Göni ýüzüňize aýdýan, men bärde galmak islämok.
— Isleýän dälsiň, ýöne alajyň ýok, Düwürtiklije — diýdi Julian. — Goýberýänçäk galmaly borsuň. Ilki kanunbozarlaryň pyssy-pyjurlyklarynyň üstüni açaly, soň görübiris. Onsoňam aýtmady diýme, gaçjak bolup synanyşaýdygyň, Timmiden temmiňi alarsyň.
— Haý, içigar haýwanlar diýsänim! — Edgar çagalaryň talabyna boýun bolaýmakdan başga alajynyň galmanyna düşünip, ahmyr bilen hyrçyny dişledi. — Duruň bakaly, ejem bilen kakam siziň gözüňize görkezer!
Kakasy bilen ejesi bolsa şol wagt hiç zada düşünmän äm-sämdi. Gyrymsy arçanyň içinden-ä tapan zatlary bolmady, elbetde. Endam-janyny çyzdyryp, ganjardyp, atan-satan bolup çykan mister Stik Edgary gözläp töweregine seretdi. Ýöne Edgar edil ýere giren ýalydy.
— Hany ol murdar oglan? — diýip sorady-da, gygyryp başlady: — Edgar! EDGAR!
Edgar ses bermedi. Är-aýal esli wagtlap Edgary gözledi, töweregi, ýerzemini elek-soky etdiler. Missis Stik-ä görgüli Edgar ýerzeminiň buýur-bulaşyk ötlemleriniň birinde azaşandyr diýip çak etdi, Porsujany gözlege ugratjak boldy. Emma itiň hem diňe birinji zyndanyň deňine ýetmäge gaýraty çatdy. Gije eşiden geň-taň sesleri henizem gulagyndan gitmändi, bu garaňky ýerzeminde sümsünip ýörmäge hiç aýagy çekmedi.
Edgar bilen düşünişenlerinden soň, Julian ýene çemedany bilen boldy. Ol:
— Muny bir zat edib-ä açmaly. Içinde bikanun haryt bar, şon-a anyk bilýän, ýöne nähili haryt, ony bir Hudaý bilýär — diýdi.
— Gulpuny döwäýmeli — diýip, Dik çykalga salgy berdi. Julian kiçeňräk daş tapdy-da, gulpy tokmaklap ugrady. Ilki birini urup gaçyrdy, soň beýlekisem uçup gitdi. Çagalar çemedanyň gapagyny galdyrdylar.
Iň üstünde ýüzüne ak towşanjyklaryň şekili çitilen çaga ýorganjygy eplenip goýlupdyr. Julian onuň aşagyndaky bikanun harydy görjek bolup ýorgany serpdi. Ýöne, ynha, görseler birgiden çaga eşijekleri! Julian yzly-yzyna çemedanyň içindäkileri çykaryşdyryp ugrady. Iki sany mawy köýnejik, mawy ýubkajyk, birnäçe maýkajyk, balajyk hemem galyňja paltunjyk. Çemedanyň düýbünden birki sany gurjak bilen ýumşak oýnawaç aýyjyk çykdy.
— Bu näm boldugy? — diýip, Julian geňirgenmesini daşyna çykardy. — Bular nämä gerek bolduka? Stikleriň bulary ada getirmesi näme, kanunbozarlar nämüçin muny köne gämide gizläpdir? Bil-dä, bilseň!
Edgaryň hem geň galmasy beýleki çagalaryňkydan pes bolmady. Ol hem gymmatly bir zat görmekçidi. Jorj bilen Enn gurjaklary çekip aldylar. Gurjaklar eýjejikdi. Enn olary gujagyna gysdy. Ol gurjagy gowy görýärdi, Jorjuň bolsa ýigrendigi gurjakdy.
Enn:
—Kimiňki bu gurjaklar? — diýdi. — Elinden alanlarynda, eýesi gynanmak gynanandyr! Öz-ä geň, Julian! Içi çaga eşikli hem gurjakly çemedany Kirrin adasyna getirmek kime we näme üçin gerek bolduka?
GIJEKI GYKYLYK
Enniň alasarmyk soragyna çagalaryň hiç biri jogap berip bilmedi. Çemedanyň daşyna üýşüp duruşlaryna, onuň içindäki zatlara soragly nazarlaryny dikdiler. Kanunbozarlar üçin bular ýaly goşy geçirjek bolmagyň näme manysy bar? Köne gämide gören gaplamalaryny hem ýatladylar — bu-da gaty geň. Şulaň hemmesini bassyr-ýussur edip ada getirmek nämä gerek bolduka? Akyla sygmajak bolgusyzlyk!
— Juda täsin — diýip, Dik ahyry dillendi. — Hiç zada düşünýän däldirin. Ýöne bu taýda bir içi güjükli iş-ä bar, ýogsam Stikler beýdip adamyzda kaňkap ýörmezdiler. Üstesine, deňizdäki gämiden yşarat edilenini hem gözümiz bilen gördük. Bu ýerde bir pyrryldak bar. Çemedany açsak, bar zat aýan bolar öýdüpdik, ýok, gaýta tersine, ýumak barha çolaşýar.
Şol wagtam är-aýal Stikleriň Edgary çagyryp gygyrýan sesleri eşidildi. Ýöne Edgar olara hä bermäge milt edip bilmedi. Timminiň tumşugy onuň aýagynyň ýanlarynda ysyrganýardy, pyt etse, agyz urjakdandy. Wagtal-wagtal Edgara barlygyny bildirmek üçin hyňranyp goýberýärdi.
Julian Edgara tarap gaňrylyp seretdi:
— Gije bir gämiden ada yşarat etdiler, şu barada bilýän zadyň barmy?
—Yşarat barada hiç zat eşidemok — diýip, Edgar başyny ýaýkady. — Diňe ejemiň «şu gije Sergezdan gelmeli» diýenini eşitdim, ýöne onuň näme diýjek bolanyna welin düşünmedim.
— Sergezdan diýdiňmi? — Jorj tisginip gitdi. — O näme boldugy? Adammy, gämimi, ýa-da başga bir zat?
— Bilemok — diýip, Edgar kese bakdy. — Soran bolsam, gulagymy towlardylar. Özüňiz anyklaň.
— Beterem anyklarys! — diýip, Julian çytyldy. — Şu gije Sergezdany göz astyna alarys. Habaryň üçin minnetdar.
Uzakly gün çagalaryň eden işi, tutan guşy bolmady, birhili içgysgynç geçdi, diňe Enniň işi başyndan agdykdy, ol birgiden goşy tertipläp, gowaga ýerleşdirmelidi. Ynha, indi gowagyň öýden birjik-de kem ýeri ýok! Ýatalgalaryň üstüne ýorgan ýazdy, halyçalary hakyky düşek ýaly ýere taşlaşdyrdy. Şeýlebir owadan boldy, gelşigine geläýdi — görseň gözüň gider!
Edgara gowakdan çykmagy gadagan etdiler, Timmi hem onuň gapdalyndan aýrylmady. «Uzak gije ýatyrman, öler ýaly gorkuzan sygyrlardan» ýaňa gijesini gözüne çiş kakylan ýaly edip geçiren Edgar günüň aglaba bölegini uklap geçirdi.
Çagalar alagowur bolup, indiki etjek işlerini maslahatlaşdylar. Şu agşam gaýanyň başynda iki-ikiden nobatçylyk çekmegi makul tapdylar. Garaşyp, gözegçilik etmeli — belki, ýumagyň ujy tapylar. Sergezdan hakykatdanam peýda bolsa, ýagdaýa görä, mundan buýana näme etmelidigini çözerler.
Gün ýaşyp, töwerek ýagşy garaňkyrady. Balykdan, arasyna et salnan çörekden, erik gaplamasyndan we goýaldylan süýtden agşamlyk edinip, garnyny gözän Edgar çala myşşyldaýardy. Ilki bolup garawulçylyga Enn bilen Dik çykdy. Gije on biriň ýarydy.
Biriň ýarynda olary çalyşmak üçin Juliandyr Jorj tanap bilen ýokary galdy. Hasabat berere täzelik ýok. Dik bilen Enn gowaga düşüp, ýumşajyk hem ýyljajyk ýorgan-düşeklerine sümülişlerine uka gitdiler. Edgar burçda Timminiň gözastynda henizem hor çekip ýatyrdy.
Julian bilen Jorj gämi-beýleki görünmezmikä diýip, deňizden gözüni aýranokdy. Şol gije Aý aýdyň bolansoň, töwerek görünmezçe däldi. Birden gulaklaryna tutuksy sesler eşidilip başlandy, aşakda gaýalaryň başynda iki gara göründi.
— Olar-a Stikler — diýip, Julian pyşyrdady. — Ýene köne gämä tarap ýüzjek bolýalar öýdýän.
Kürekleriň suwa degýän sesi eşidildi, çagalar kenardan ýüzüp ugran gaýygy gördüler. Şol pursat Jorj tirsegi bilen Juliany hürsekläp goýberdi-de, deňze tarap ümledi. Çagalara uzakda bir ýerlerde zordan saýgardýan gäminiň yşygy göründi. Emma içiňi ýakaýyn diýýän ýaly, şol pursat Aý bir bölek buludyň aňyrsynda gizlendi-de, töwerek birsalym garaňka gaplandy.
Demlerini çykarman, gözleri bilen garaňkyny sermediler. Deňiz giňişliginde hälki salgym atan gämi şol «Sergezdan» diýilýänmikä? Ýa onuň hojaýynynyň ady Sergezdanmyka? Kanunbozarlaryň bu gije işlemek hyýaly barmyka?
Jorj:
— Seret, ýene bir gaýyk peýda boldy. Hol gämiden ugradan bolsalar gerek. Aý bulutdan çykdy, gowuja seret indi. Onuň ugry köne gämä tarap. Duşuşýan ýerleri şo taýy öýdýän — diýdi.
Şol wagt tersine tutup, Aý ýene buluda girdi, ýene tüm garaňkylyk, özem uzak wagtlyk — töwerek ýagtylýança çagalaryň zordan sabry ýetdi. Ahyry bulut syryldy, Aýyň ýalkymy deňziň aýna ýaly tekiz ýüzüni nurlandyrdy.
— Ana, indem iki gaýyk deňine köne gäminiň ýanyndan gaýtdy — diýip, Julian tolgundy. — Duşuşdylar. Bikanun harydam degişli adama berlendir diýip pikir edýän. Gaýyklaryň bir-ä gämä dolandy, beýlekisem, ýagny Stikleriňki harytdan mas ýüklenip ada ýüzüp gelýär. Stikler kenara gelip daýananda, biz olaryň yzyna düşüp, harydy nirä gizlänlerini göreris.
Är-aýalyň gaýygy kenara ýetýänçä, aradan esli wagt geçdi. Kenara gelip saklananlary-ha çagalara görünmedi, ýöne basym Stikleriň gala dogrulap ugranlary göze ildi. Mister Stik uly daňa meňzeş bir zady egnine alyp barýardy. Missis Stikiň elinde näme bary çagalara görünmedi.
Galanyň howlusyna girip, ikisem ýerzeminiň girelgesine tarap tutdurdylar.
— Harydy şo taýyk alyp barýalar — diýip, Julian pyşyrdady. Indi çagalar galanyň daşyna aýlanan diwara bukulyp, gözegçilik edýärdiler — Geliň, özümiziňkileriň ýanyna dolanalyň, görenlerimizi aýdyp, meýilnamajyk düzeliň. Birzatlar edip bikanun harydy ele salmaly, gury ýere aşyrmaly we polisiýa habar etmeli!
Şol pille gijäniň tümlüginde biri çirkin gygyrdy. Iniňi dygladýan sesine çagalaryň süňňi sarsyp gitdi. Sesiň nireden çykanyny aňşyryp bolmady.
— Ylgadyk! Bu Enndir! — diýip, Julian gyssandy. Şeý diýip, ikisem gowagyň tüýnügine baka hasanaklap gitdiler. Ikisem tanapdan aşak düşdi, Julian alahasyrdy bolup, gowagyň içine göz aýlap çykdy. Asudalyk. Näme bolupdyr, Enniň birden gygyrmasy nämekä?
Ýöne Enn ýerinde rahat uklap ýatyrdy, Dikem ukudady. Edgar hor çekýärdi, Timmi bolsa goýun gözlerini ýyldyradyp, ony garawullap otyrdy.
— Gaty geň! — diýip, heniz özüni dürsäp ýetişmedik Julian dillendi. — Haýran galaýmaly! Kim gygyrdyka? Enniň gygyrmadygy belli — düýşünde şeýdip çirkin gygyran bolsa, bu wagta beýlekiler oýanardy.
— Onda kimiň gykylygy? — diýip, Jorj sesini sandyradyp sorady. — Ses şeýle eýmenç çykdy, şeýle gerek, Julian? Ýüregim ýarylara geldi. Biri erbet gorkup gygyrdy. Ýöne kimkä ol?
Dik bilen Enni oýatdylar, geň gykylyk barada aýtdylar. Enn düýrükdi. Diki iki gaýygyň köne gäminiň ýanynda duşuşandygy, Stikleriň ada gümürtik bir harydy getirip, ony hem ýerzemine salandygy baradaky gürrüň gyzyklandyrdy.
— Ertir ony eýdip-beýdip ele salarys — diýip, Dik dogumly gepledi. — Baý, gyzykly bolar-a!
— Näme üçin hut men gygyrandyryn öýtdüňiz? — diýip, Enn sorady. — Gulagyňyza gelen gyzyň sesimi?
— Üstüňe birimiz topulsak, sen şeýdip gygyrýardyň, şoňa meňzetdik — diýip, Julian düşündirdi.
Enn:
— Bäý-bä — diýdi-de, ýene ýorganyň aşagynda ýumak ýalyjak düýrlendi, Jorjam onuň gapdalynda gyşardy.
— Waý-eý, Enn — diýip, Jorj ýüzüni bürüşdirdi. — Gurjaklaňdan ýaňa ýorganyň aşagynda ýer ýok, aýyjygam getiräýipsiň. Berekella, henizem şol bäbekligiň!
— Ýalan! — diýip, Enn ör-gökden geldi. — Gurjaklar bilen aýyjyk — ynha, şolar bäbek, olaryň içi gysýar, gorkýar, sebäbi ýanlarynda eýesi — kiçijik gyzjagaz ýok. Şoň üçin olara men eýe çykyp, ýanyma aldym! O gyzjagazam şeýdenimi bilse begener.
— Kiçijik gyzjagaz — diýip, Julian süýkdürdi. — Şol eşidilen sesem kiçijik gyzjagazyňka meňzedi, tapan çemedanymyzyň hem içinde gyzjagazyň geýimleri, oňa niýetlenen gurjaklar bar eken. Muňa nähili düşünmeli?
Birsalym ümsümlik boldy, birdenem Enn aýgytly netijä geldi:
— Bildim! Olaryň bikanun harydy — kiçijik gyzjagaz! Olar gyzjagazy ogurlapdyr, bu gurjaklar şoňky bolmaly, gurjaklaryň üstünde geýim bardy, olam şonda bile ogurlanan bolmaly — gyzjagazy geýindirmeli, ony güýmemeli ahyry. Şol çaga häzir adada — gije ýigrenji Stikler ony ýerzemine saljak bolanda, ol gorkup gygyran bolsa gerek!
Julian:
— Onda näme, Enn ýumagyň ujuny tapdy biläýmeli. Enn, sen akylyň öýjügi! Seň pikiriň dogry çykaýsa gerek. Adany «gowy görüp saýlan» kanunbozarlar däl-de, adam ogrulary eken!
— «Adam ogrulary» diýeniň kim? — diýip, Enn soragly bakdy.
— Çagalary ýa-da ululary ogurlap, gizlin ýerde saklap, olaryň hossarlaryndan pul talap edýän kezzaplar. Öweztöleg geçirilýänçä, adamy ýesirlikde saklaýarlar — diýip, Julian düşündiriş berdi.
Jorj dessine tassyklady:
— Ed-dil özi! Şu wagt şol aýdanyň bolup geçýär.
— Çaklamamyň dogrudygyna ynanýan! Gyzjagazy ogurlap, gämili köne gämä getirendirler, şol ýerdenem ýowuz Stikler bärik — ada alyp gaýdandyrlar. Bäh, ýaramaz mahlukdyklaryn-aý bularyň! — diýip, Enn jan ýandyrdy.
Jorj:
— Bizem ýerzemine alyp barýarkalar ojagazyň gygyran sesini eşitdik. Julian, biz ony boşatmaly — diýdi.
— Gürrüňsiz — diýip, Julian tijendi. — Boşadarys, gorkma! Ertiriň özünde boşadarys!
Ukudan oýanan Edgar birden gürrüňe goşuldy:
— Kimiň gürrüňini edýäňiz? Kimi boşatjak bolýaňyz?
— O seň işiň däl — diýip, Julian onuň ýüzüni aldy. Jorj Juliany hürsekläp goýberdi-de, pyşyrdady:
— Eziz Edgaryny ýitiren missis Stikiň gynanjy hem gyzjagazyň ejesiniň hasratyndan egsik däldir diýip umyt edýän.
Julian:
— Ertir hökman ugruna çykyp, körpejäni taparys. Stiklerem-ä hüşgärdir welin, ýöne bir alajyny taparys — diýdi.
— Men-ä ýadadym — diýip, Jorj pallady. — Ýataly. Irden ukymyzy alyp tursak, özümizi gowy duýarys. Enn, gurjaklaryňy çekäý-dä öz tarapyňa. Aşagymda üç gurjak dagy bar öýdýän.
Enn gurjaklary, aýyjygy çekip aldy-da, öz tarapyna geçirip ýatyrdy.
Jorj onuň:
— Alada etmäň. Hojaýynyňyza gowuşýançaňyz siziň aladaňyzy özüm ederin. Ýatyň, balajyklar — diýip pyşyrdanyny eşitdi.
Basym gowakdakylaryň hemmesi uka gitdi, diňe Timoti uzakly gije bir gözi açyk ýatdy. Timoti barka, başga garawul gerek däl. Ol çagalaryň iň ygtybarly sakçysy.
ÝESIRLIKDEN BOŞAMA WE ÝENE BIR ÝESIRLIK
Ertesi Julian ir turup, golaý-goltumda Stikleriň görünýänini-görünmeýänini bilmek üçin, tanapa dyrmaşyşyna gaýanyň başyna çykdy. Hanha-da, olar ýerzeminden çykyp gelýärler. Missis Stikiň ýüzi üç ýuwlan ak esgi ýaly, özem galagop.
— Biz Edgar jany tapmaly — diýip, ol mister Stike gaýta-gaýta ýanjady. — Saňa diýýän, biz hökman oguljygymyzy tapmaly. Ýerzeminde däldigi belli. Adyny tutup gygyryp, bokurdagymyz gyrlyp gitdi.
— Adada hem ýok — diýip, mister Stik üstüne goşdy. — Düýn tutuş adany elek etdik. Biri-hä bu ýere gelip, goşlarymyz bilen Edgary gaýyga basyp alyp gidipdir. Ynha, men-ä şeýle pikir edýän.
— Diýmek, olar ony yklyma äkiden bolmaly-da. Ýör onda, bizem tizräk gaýykly şo taýa eňeli, adamlardan sorag-ideg edeli. — diýip, missis Stik adamsyny gyssady. — Ýöne meniň bir zady bilesim gelýär, bu ýerlerde entäp, biziň işimize burnuny sokup ýören kimkä? Bu meni howatyrlandyrýar. Işimiz oňuna bolup barýarka, bu näme boldugy!
— Alagada şu wagt gidibermek dogry bolarmyka? — diýip, mister Stik ikirjiňlendi. — Düýnki gara berenler bu günem bärde bolsa nätjek, giden wagtymyz olar ýene sümsünip ýerzemine girerler-dä.
— Ýok, olary indi bu ýerden tapmarsyň — diýip, missis Stik gaty ynamly gürledi. — Akylyň ýerinde bolsa, kelläňi biraz işlet. Edgar jany bu kiçijik adada ýesir alan bolsalar, ulili bilen gygyrmazmydy, eýsem, biz eşiderdig-ä sesini? Saňa diýýän, ony gürüm-jürüm edilen goşlar bilen bile gaýykly äkitdiler. Bu zatlar oňlulyga däl.
— Ýeri, ýeri! — diýip, mister Stik hüňürdedi. — Bu oglan hiç dekine gezjek däl-ow, mydama bulagaýlygyň gyrasynda.
— Nädip Edgar görgülijigim barada beýle zatlary diýip bilýäň? — missis Stik gykylyklap torsaryldy. — Biriniň elinde ýesir bolmak neresse çaga aňsatdyr öýdýäňmi? Häzir onuň başyndan nähili belalaryň inenini bir Hudaý bilýär, görgülim öler ýaly gorkýandyr, meni göresi gelýändir.
Julianyň gahary geldi. Gör, öz Düwürtiklijesini gowy göräýşini missis Stikiň, özi bolsa Edgardanam has kiçijik gyzjagazy ýerzeminde saklaýar! Albassy diýsänim!
— Ýekejäni näderis? — diýip, mister Stik çytylyp sorady. — Gowusy, ony şu ýerde goýup gideli, goý, ýerzeminiň agzyny garawullasyn. Ýogsa-da, seň aýdýanyň çyn bolsa, bu ýere hiç kimem gelmez.
— Hawa-la, dagam Ýekejäni bu ýerde goýup gideris — diýen missis Stik gaýyga tarap ugrady.
Julian olaryň kenardan ugranyny gördi. It naýynjar halda guýrugyny gysyp, ugrap barýanlaryň yzyndan seredip galdy. Soň howla dolandy, güneşli ýeri peýläp gyşardy. Onuň ynjalygy ýokdy. Gulaklaryny keýerdip, kellesini bir eýläk, bir beýläk aýlaýardy. Bu geň ada oňa ýaramady, ondaky gorkunç, düşnüksiz sesler howuny basdy.
— Daşary çykaly, men näme çykalga tapanymy size gürrüň berjek — diýip, Julian dostlaryna ýüzlendi. Aýtjaklaryny Edgar eşitmesin diýipdi. Hemmeler çykyp gitdi. Julian ýokka, Enn ertirligiň aladasy bilen bolupdy, spirt çyranyň üstüne oturdylan çäýnek keýplije lakyrdaýardy.
— Diňläň! — diýip, Julian söze başlady. — Stikler gaýygyna münüp yklyma gitdiler, gyzyldan gymmatly Edgarjyklaryny şol ýerden gözlejekler. Missis Stik oguljygyny biri ogurlap gidendir, indem ol gorkýandyr, içi gysýandyr diýip başyndan gum sowurýar.
— Şeýle, şeýle! — diýip, Jorj oýa batdy. — Ogurlan gyzjagazynyň ýagdaýynyň ondanam beterdigi barada ol, heý, oýlandymyka? Aýylganç bolgusyzlyk!
— Dogry aýdýaň — diýip, Julian ony tassyklady. — Onda näme, teklibime gulak asyň, ýerzemine düşüp gyzjagazy boşadýas-da, gowaga äkidip naharlaýas. Soň ony gaýyga mündürip, polisiýa äkideris, ene-atasynyň kimdigini anyklarys, olara jaň edip, gyzjagazlarynyň howpsuz ýerdedigini aýdarys.
— Edgary näme edeliň? — diýip, Enn sorady.
— Men bilýän! — diýip, Jorj dessine seslendi. — Biz Edgary ýerzeminde gyzjagazyň ornunda oturdarys! Gyzjagazyň deregine ýerzeminde öz gadyrdan Edgarlarynyň gulp astynda oturanyny görseler, baý, Stikler geň galar-ow!
— Gowy tapdyň muny! — diýdi Enn, beýlekilerem gülşüp onuň bilen ylalaşdylar.
Julian:
— Enn, sen bärde gal-da, çörek kesişdir, ýüzüne mesge çalyp, gyzjagaz üçin mesgeli çörek taýynla — diýdi. Ol Enniň ýerzemine düşmäge gorkýanyny bilýärdi.
Enn begenip:
— Bolýa, taýyn ederin — diýdi. — Çaý oturdypdym, otdan aýraýyn, ýogsam gaýnap suwy gutarara geldi.
Çagalar gowaga dolandylar.
Julian:
— Edgar, yzymyza düş, Timmi, senem — diýdi.
— Nirä äkitjek bolýaňyz? — diýip, Edgar howatyrly siltenjiredi.
Julian:
— Seni rahatja, golaýyňa hiç hili sygyr gelmez ýaly ýere äkitjek bolýas. Hany, tur! Basym bol! — diýdi.
Timmi tumşugyny Edgaryň aýagyna degrip:
— Hyr-r-r-r-r-r-r! — etdi. Edgar dessine ýerinden turdy.
Tanapa dyrmaşyp, hemmeler yzly-yzyna ýokary galdylar, emma Edgar yza gaýdyp, dyrmaşyp bilemok bahanasy bilen züwwetdinligini etdi. Ýöne Timmi aşakdan topugyna ýapyşdy welin, baý, dyrmaşd-a, derrew ýokaryk ýetäýdi, ýokardan ony Julian çekip aldy.
— Indem çaltjak öňe ýöre! — diýip, Julian işi Stikler gara bermänkä birýüzli etmäge howlukdy. Olar gaýalaryň arasy bilen galanyň peseňräk diwaryna tarap haýdaşlap gitdiler, soň aşaklygyna howla çykdylar.
— Siziň bilen ýerzemine girjek däl! — diýip, Edgar gorkup başlady.
Julian mylakatly jogap gaýtardy:
— Girersiň, Düwürtiklije!
Edgar töweregine garanjaklap, hossarlaryny gözledi:
— Ejem bilen kakam hany?
— Molap, hapa-hupasyny oklaýan sygyrlar ýadyňa düşýämi, şolar äkiden bolaýmasalar.
Gorkudan ýüzüniň gany gaçyp, ýüzi üýtgän Edgardan beýlekileriň hemmesi hikirdeşdiler. Munuň ýaly başdangeçirme onuň geregine däldi. Ýerzeminiň agzyna gelen çagalar Stikleriň girelgäni ýapýan plitany yzyna süýşürip, üstüne-de agyr daş goýandyklaryny gördüler.
— Ejeň bilen kakaň gursun seniň! — diýip, Julian Edgara igendi. — Hemmäni kösenje goýdular! Gel bäri, bol, gymylda! Hemmäň bile, itekläň daşy! Edgar, goşul senem. Hany, bol! Kömekleşmeseň, gaty görme.
Edgar beýleki çagalar bilen deň itekleşdi, şeýdip daşlary yzly-yzyna aýyrdylar. Soň agyr plitany hem süýşürdiler, garaňkylyga girip gidýän basgançagyň ýokarsy göründi.
— Hanha, biziň Ýekejämiz! — diýip, Edgar hol aňyrrakda elesläp oturan gyrymsylygyň düýbüne barmagyny çommaltdy. Dogrudanam, Timmiden gorkan Ýekeje şol ýerde çugutdyryp, otyrdy.
— Wah, lak-luk ataýsaň-da! — diýip, Julian Timmiň adyndan gürledi. — Ýok, Timmi, ony symyşlamagy men saňa gadagan edýän. Dur, şu taýda! Dadybam göräýme, ol düýbünden tagamsyz!
Timmi adada Stikleriň itini kowalap, göwün solpusyndan çykjakdy, bolmady, muňa Timminiň keýpi gaçdy. Towşanlary-ha kowalamaga rugsat bermediler, iň bolmanda Porsujany bir kowalasady!
Hemmesi üýşüp ýerzemine düşdi. Julianyň hek bilen eden bellikleri henizem gaýanyň diwarlarynda agaryp durdy, şol sebäpli çagalaryň geçen ýyl altyn tokgalaryny gören ýerzeminine barýan ýoly tapmak kyn düşmedi. Olar ogurlanan gyzjagaz şol ýerdedir diýip çak etdiler, sebäbi onuň pugta agaç gapysy, daşyndan ýapylýan demir sürgüsi bardy.
Gapynyň ýanyna baranlarynda sürginiň jebis ýapylandygyny gördüler. Gapynyň aňyrsyndan ses-üýn eşidilmedi. Çagalar aýak çekdiler, Timmi bolsa ýuwaşja çyňsap, gapyny dyrmap ugrady. Ol içerde biriniň baryny duýan borly.
— Heý, salam! — diýip, Julian gatydan şadyýan gygyrdy. — Ýagdaýlaň gowudyr-a? Biz seni halas etmäge geldik.
Kimdir biri oturgyçdan turan ýaly, jygyldy eşidildi. Soňam gowşajyk ses çykdy:
— Salam! Siz kim? Haýyş edýän, boşadaýyň meni! Bu ýerde ýeke özüm oturmaga gorkýan!
Julian şadyýan gygyryp jogap berdi:
— Ýekeje minut, häzir açýan. Bu ýerdäkileriň hemmesi çagalar, sen gorkma. Häzir boşadýas seni.
Ol sürgini gapdala süýşürip, gapyny giňden açdy. Elçyra bilen yşyklandyrylan ýerzeminde gorkudan ýaňa ýüzüniň gany gaçan kiçijik, goýungöz gyzjagaz durdy. Goýy-mor reňkli saçy bulam-bujar bolup ýüzüne düşüpdir, ol uzak, surnugýança aglan bolmaly, sebäbi gözýaşlar ýaňagynda kirli yz goýup syrygypdyr.
Dik onuň alkymyna baryp, eginlerinden gujaklady.
— Indi hemme zat ýerbe-ýer. Sen halas bolduň. Biz seni ejeň ýanyna äkideris.
— Ejemiň ýanyna gitjek, ejemiň, ejemiň! — diýen gyzjagazyň ýaňaklary ýene gözýaşa ezildi. — Meni näme üçin bu ýerik getirdiler? Bu ýeri gowy däl.
— Muny sen kiçijik bir başdangeçirme hasaplaý — diýip, Julian ony köşeşdirmäge çalyşdy. — Indem ol tamam boldy, tamam boluberdi diýen ýaly. Öňüňde onuň diňe gowy bölegi galdy. Bile gidip, biziň gowagymyzda ertirlik edineli. Görseň, gaty gowy gowagymyz bar.
— Çynyňyzmy? — diýip, gyzjagaz eljagazlary bilen gözýaşyny syldy. — Siz meniň göwnüme ýaradyňyz, beýlekileri bolsa halamok.
Jorj:
—Halamarsyň, ol düşnükli. Seret, ynha bu Timmi, biziň itimiz. Onuň seň bilen dostlaşasy gelýär.
— Bu itiň gowjadygyny! — diýip, gyzjagaz iki eli bilen Timminiň boýnundan gujaklady. Timmi şadyýan oýnaklap, ony ýalamaga başlady. Jorj olara keýp edip seretdi. Ol gyzjagazy gujagyna gysdy-da:
— Adyň näme seň? — diýip sorady.
Gyzjagaz:
— Jennifer Meri Armstrong — diýip jogap berdi. — Seňki?
— Jorj — diýip, Jorj özüni tanyşdyrdy. Gyzjagaz baş atdy, ol Jorja oglandyr öýtdi, sebäbi onuň üstünde Julian bilen Dikiňki ýaly jinsi bardy, gysgajyk gyrkylan saçy burum-burumdy.
Beýleki çagalaram gezekli-gezegine öz atlaryny aýtdylar. Gyzjagaz Edgara seretdi, ol dymdy.
— Oň ady bolsa Düwürtiklije. Ol biziň dostumyz däl. Jennifer, seni şu ýere getirenem, gabap goýanam şunuň ejesi bilen kakasy. Indem biz ony seniň deregiňe şu ýerde gabap gitmekçi. Bu ene-atasy üçin garaşylmadyk sowgat bolar. Şeýle gerek?
Edgar gorkusyna sojap gapa okduryldy, ýöne Julian ony bar güýji bilen ýerzemine itip goýberdi.
—Seň bilen seniň ene-ataň ýaly adamlary ýola getirmegiň diňe bir ýoly bar, haramlyk oňlulygyň üstünden eltmez! — diýip, Julian gaharly gepledi. — Size berkje temmi bermeli. Siziň ýaly adamlar ýagşylygy götermez. Indi Jenniferiň gören görgüsini öz egniňde çekmeli borsuň. Munuň saňa nepi deger, eneň-ataňa hem sapak bolar. Hoş!
Julian ýerzeminiň gapysynyň ýokarky hem aşaky sürgülerini süýşürende, Edgar çirkin sesi bilen gygyrmaga başlady. Ol:
—Men bu ýerde aç ölerin! — diýip lägirdi.
—Ýok, ölmersiň! Bu ýerde iýmäge-de, içmäge-de zat kän, arkaýyn garnyňy doýruber. Az-kem ajrak bolmaly bolaýaňda-da, ol saňa bähbit bolar — diýdi Julian.
—Üstesine, ýanyňa sygyrlaram gelip bilmez! — diýip gygyran Dik şeýlebir meňzedip molady welin, gapdalynda duran körpeje Jenniferiň ýüregi ýaryldy. Asyl, molama ýaň bolup, yzly-yzyna gaýtalanyberse nädersiň.
—Gorkma, bu häkibir ýaň — diýen Jorj gyzjagaz tarapa elçyrany tutup ýylgyrdy. Gapynyň aňyrsynda bolsa Edgar çaga ýaly möňňürýärdi.
Julian:
—Gorkajyk eken, hawa gerek? Ýörüň, bize bu ýerden çykmak gerek. Men gaty ajykdym, ertirlik edinesim gelýär — diýdi.
Jennifer kiçijik eli bilen Julianyň elinden tutup:
—Menem — diýdi. — Ýerzeminde hijem iýip-içesim gelmedi. Meni boşadanyňyz üçin sag boluň.
—Aý, ol hiç-le — diýip, Julian ýylgyrdy. — Biz-ä muny gaýta höwes bilen etdik, Düwürtiklijäni seniň ýeriňe oturtmak-ha hasam jüpüne düşdi. Stiklere özleri ýaly darap, hakyndan çykdyk.
Jennifer nämä kakdyrylýanyny aňmady, ýöne beýleki çagalar düşünip gülüşdiler. Olar yzgar, garaňky däliz bilen birgiden ululy-kiçili ýerasty zyndanlaryň deňinden geçip, yzyna gaýtdylar. Ahyry basgançak bilen ýokary — Günüň göz gamaşdyryjy ýagtylygyna çykdylar.
—Nähili hezil! — diýip, arassa deňiz howasyndan nebsewürlik bilen dem alan Jennifer seslendi. — Bu ýeriniň gowudygyny! Men nirede?
—Biziň adamyzda — diýdi Jorj. — Bu bolsa biziň haraba öwrülen galamyz. Seni bu ýere geçen gije gaýykly getirdiler. Gygyranyňy eşitdik-de, şondan seni ogurlandyklaryna we şu ýerde gizlemek isleýändiklerine düşündik.
Olar gaýanyň başyna çykdylar, çagalaryň tanap bilen yzly-yzyna aşak düşüşlerini görüp, Jennifer aňkaryp galdy. Onuňam şolara meňzäp düşesi geldi, ol muny başardy. Indi olaryň hemmesi gowakdady.
Julian Jorja garap:
— Gyzjagaz şeýle eýjejik çaga, hawa gerek? Walla çynym, onuň başyndan geçirenleri biziň düşen ýagdaýymyzdanam has mojuk.
POLISIÝA EDARASYNDA
Enn Jenniferi görenden halady, gujaklap, ogşamaga durdy. Jennifer gül pürkülen ýaly edip bezelen gowagy haýran galyp synlady, birdenem begenjine gygyryp goýberdi. Ol Enniň tertiplije ýygnalan düşeginiň üstünde seteran oturdylan owadan gurjaklara we ullakan, ýumşak aýyjyga barmagyny çommaltdy.
— Meň gurjaklam! — diýip seslendi. — Oho, Teddi hem bärde eken! Siz bulary nireden tapdyňyz? Bularsyz meniň şeýlebir içim gysdy! Jozefina, Anjela, Rozajyk we Tyllagüljagaz meni göresiňiz gelip gidendir?
Ol gurjaklaryna tarap okduryldy. Enn üçin olaryň adyny bilmek gyzyklydy.
Enn:
— Men olara seretdim. Olaryň ýagdaýy gowy — diýdi.
— Sagja bol! — diýip, gyzjagaz bagtyýar ýylgyrdy. — Siziň hemmäňiz gowy çagalar ekeniňiz. Nähili bolelin ertirlik!
Jennifer dogry aýdýardy. Enn bir banka gyzylbalyk, iki banka şetdaly gaplamasyny, bir banka goýaldylan süýt açdy, çörek kesip, ortada mesge hem goýdy, uly küýzäni dolduryp kakao taýýarlady. Jennifer saçak başyna geçip, iýmäge başlady. Ol gyzyl açdy, şonuň üçinem işdä bilen iýýärdi — onuň solgun ýüzjagazy al öwsüp, bagtyýarlykdan nur saçýardy.
Onuň halasgärleri ertirligiň başynda indiki etjek işlerini ölçerip-dökdüler. Jennifer olara özi hakynda gürrüň berdi:
— Men enekäm bilen bagda oýnap ýördüm, enekäm bir zatlar almak üçin jaýa girdem welin, birden kimdir biri haýatdan böküşine kelläme ullakan ýaglyk büräp, meni göterip alyp gitdi. Biz deňziň boýunda ýaşaýas, köp wagt geçmänkä, kenara urulýan tolkunlaryň sesini eşiden badyma, meni gaýyga mündürendiklerine düşündim, soň uly gämä mündürdiler, iki günläbem gämi otagynda gabap sakladylar, gije bolsa bu ýere getirdiler. Men gorkujyma gygyrdym.
Jorj:
— Ana, şol gygyran sesiňi hem biz eşitdik. Hälem bagtyňa eşidäýipdiris. Ilki adamyzda kanunbozarlar bir bulagaýlyk edýärmikä diýip pikir etdik, ony çaga ogrularynyň özüne amatly ýer saýjagy kellämize-de gelmändir, seniň sesiňi eşidemizsoň bilip ýörüs, ýogsam içine eşikleriň hem-de oýunjaklaryň salnan çemedany bireýýäm tapdyk — diýdi.
— Bu zatlary ol adamyň nähili alyp gaýdanyny men bilemok — diýip, Jennifer eginlerini gysdy. — Öý hyzmatçylarymyzyň biri kömek eden bolaýmasa. Bar bizde şonuň ýaly biri, ady Sara Stik.
— Görle muny! — diýip, Julian seslenenini bilmän galdy. — Elbetde, şoldur. Seni bu ýere getiren mister Stik bilen missis Stik ahyry. Seniň Sara Stik diýýäniň şolaryň garyndaşydyr. Olaryň hemmesi bir gäminiň hojaýyny tarapyndan hakyna tutulan bolmaly. Gäminiň eýesi seni şu ýerde gizlemeli diýendir.
— Amatlyja ýer, mundan amatlysyny tapmarsyň — diýip, Jorj üstüni ýetirdi. — Biz bolmasak, seni bu ýerde görjek ýok eken.
Ertirliklerini iýip, soň ýene her kime bir käseden kakao taýýarladylar we soňky etjek işleriniň maslahatyny biçdiler.
— Şu günüň özünde säher bilen gaýyga münüp, yklyma ugramaly — diýip, Julian gürrüňi dowam etdi. — Jennifer bilen göni polisiýa barmaly. Gazetler eýýäm onuň ýitendigi baradaky habary ýaýradandyr, gyzjagazy derrew tanarlar.
Jorj:
— Stikleri tussag etseler gerek. Jenniferiň tapylanyny eşidip, gaçyp gidäýesleri ýok-la — diýdi.
Julian biraz pikirlenip durdy-da:
— Dogry, dogry, olar barada polisiýa duýdurmaly — diýdi. — Stikler ele salynýança, gyzjagazyň halas edilendigi barada sesiňi çykarmazlykdan gowusy ýok. Her näme-de bolsa, olaryň nirededigini bilesim gelýär.
— Ýörüň gaýyga — diýip, Dik gyssady. — Wagt ýitirmäli. Jenniferiň halas bolanyny bilip, ene-atasy gaty begener.
Keýpi göterilen Jennifer:
— Meň-ä bu gelşikli bezelen gowakdan gidesimem gelenok — diýdi. — Şu taýda ýaşaberesim gelýär. Soň ýene gelersiňizmi, bärde bolarsyňyzmy, Julian?
— Hawa, ýene birki günlük gelsek gerek — diýip, Julian jogap berdi. — Daýzamyň öýünde häzirlikçe hiç kim ýok, ol ýarawsyz bolansoň keselhana äkitdiler, daýymam şoň ýanynda. Onsoň birsalym adada ýaşamaga wagtymyz bar.
—Menem siziň bilen gaýtsam bolarmy? — diýip, Jennifer sorady. Şonda şunuň ýaly ýakymlyja çagalar hem-de olaryň akyllyja iti bilen adadaky gowakda ýaşajagy ýadyna düşende, onuň tegelejik ýüzi begençden ýagtylyp gitdi. — Haýyş edýän, menem ýanyňyzdan goýmaň! Men hezil ederin! Timmini hem şeýle gowy görýän.
— Bilmedim-dä, ejeň-kakaň goýberermikä, öňem ýiteňsoň gözleri gorkandyr. — diýip, Julian ikirjiňlendi. — Beýle gaýdasyň gelýän bolsa, sora-da göräý, kim bilýä.
Hemmesi bile kenara baryp, gaýyga mündüler. Julian ony suwa itekledi. Jorj gaýygy daşlaryň arasyndan ökdelik bilen aýlap kürekledi. Olar Jenniferiň juda hoşuna gelen köne gäminiň ýanyndanam geçdiler. Jenniferiň onuň ýanynda birsalym durup geçesi geldi, emma beýleki çagalar tizräk yklyma ýetmäge gyssandylar.
Basym olar kenara ýetdiler. Ýaşajyk balykçy Alf suwuň boýunda eken. Çagalara gözi düşüp, ol ellerini galgatdy. Ylgap gelip, gaýygy kenara çykarmaga kömekleşdi.
— Gaýygyma münüp, şu gün irden siziň ýanyňyza gideýin diýip otyrdym — diýip, ol habar berdi. — Mister Jorj yzyna ýeke geldi. Ejeň ganymatlaşypdyr, ýöne ol indiki hepde geljekmiş.
— Çynyňmy? Kakam näme üçin gaýdypdyr? — diýip, Jorj geňirgendi.
— Telefony hiç kim almansoň, onuň ynjalygy gaçypdyr — diýip, Alf düşündirdi. — Bize gelip, siziň niredeligiňizi sorady. Ýöne men oňa aýdyp durmadym. Syryňyzy sakladym. Barybir, şu gün size duýduraýyn diýip, ýola düşmekçidim. Öten agşam geldi, sen oň gaharlydygyny bir göräýseň! Öý gum-gukluk, özüni naharlajak adam ýok, ähli zat agdar-düňder, öýüň ýarpy goşuny hem gördüm-bildim ýok. Häzir ol polisiýa bölüminde.
Jorj:
— Wah, içigar! Bizem şo taýa gideliň diýip durduk! Onuň bilen gabatlaşmaly boljak. Eý, Hudaý, öte gaharly bir bolmawersin-dä hernä. Keýpsiz bolsa, kakam bilen düşünişjek gümanyň ýok — diýdi.
— Ýörüň! — diýip, Julian öňe düşdi. — Bir tarapdan, Jorj, kakaň şol ýerdeligi gowy boldy. Biz kakaňa-da, polisiýa-da hemme zady deňine düşündireris.
Olar Alfy kenarda galdyryp, öz ýollary bilen boldular. Oglan olaryň arasynda Jenniferi görüp geň galdy. Bu gyzjagaz nireden peýda bolduka? Çagalar gidende ol ýokdy — yzyna olar bilen bile gaýykly geldi. O nähili beýle bolýar? Alf alasarmyk ýagdaýda galdy.
Çagalar polisiýa bölümine geldiler. Olar bu ýeriniň polisiýa işgäri üçin asmandan düşen ýaly boldy.
— Salam! — diýip, ol çagalara müňkür nazaryny aýlady. — Näme boldy? Gapy döwüp, ogurlyk edägede, indem meýletin boýun almaga geldiňizmi?
— Eşidýäňizmi? — diýip, Jorj erkek adamyň goňşy otagdan çykan güňleç sesine ünsi çekdi. — Bu kakamyň sesi!
Ol şol otagyň gapysyna bakan okduryldy.
Gahary gelen polisiýa işgäri oňa:
— Dur! Saňa o ýere girmek bolanok! — diýip gygyrdy. — O taýda häzir gözegçi bar. Ol bäri iş boýunça ýörite geldi, oňa päsgel bermeli däl.
Ýöne Jorj eýýäm gapyny itip, içeri giripdi. Bärsine bakan kakasy, oturgyjyndan laňňa galdy:
— Jorj? Sen nirede bolduň? Heý, öýi-de beýdip gözegçiliksiz taşlap gitmek bolarmy! Zat goýman talapdyrlar. Men şu wagt gözegçä ýiten goşlarymyzy sanap berip otyryn.
— Gaýgy etme, kaka — diýip, Jorj parahat gepledi. — Çynym, alada eder ýaly zat ýok. Biz ähli zady tapdyk. Ejemiň haly niçik?
— Ganymat, öňküden kän gowy — diýen kakasynyň ýüzünden geňirgenme gatyşykly gahar henizem aýrylanokdy. — Hudaýa şükür, indi onuň ýanyna baryp, seniň nirededigiňi aýdyp biljek. Ejeň hemişe menden ýagdaýyňyzy ýekän-ýekän soraýar, menem ony alada goýmaýyn diýip, her gezek gowy diýýän. Emma sizden hiç derek tapmadym. Men senden nägile, Jorj. Nirede bolduňyz?
Jorj mydama kakasyny öýkeledende edişi ýaly, ýüzüni sortduryp jogap berdi:
— Adada. Häzir Julian baryny gürrüň berer.
Otaga ilki Julian, yzyndan Dik, Enn, Jennifer we Timoti girdi. Akyly ýüzünden bildirip, gür gaşlary gara gözlerini penalap duran syrdam boýly, eginlek gözegçi olary ýekän-ýekän syndan geçirdi. Olaryň arasynda duran Jennifere aýratyn dykgatly seretdi. Birdenem tarsa ýerinden turdy-da:
— Gyzjagaz, seň adyň näme? — diýip sorady.
— Jennifer Meri Armstrong — diýip, Jennifer çekinibräk jogap berdi.
Haýran bolan gözegçi özünden bidin göçgünli gygyrdy:
— A-how! Öňüňizde tutuş ýurt boýunça ýer ýykyp gözlenýän çaga dur-a! Bujagaz bolsa hiç zat bolmadyk ýaly aýlanyp ýör, öz aýagy bilen özi gelýä bize! Jyn ýaly bolup, nireden çykdy bi?
— Näme diýjek bolýaňyz? — Jorjuň kakasy geň galyp sorady. — Ýer ýykyp gözlenýän çaga haýsy? Näçe gündür gazet okamok.
— Onda siz Jenni Armstrongyň ogurlananyndan bihabar-da? — diýen gözegçi ýene ýerine geçip oturyşyna, Jennini öz ýanyna çagyrdy. — Biler bolsaňyz, ol millioner Harri Armstrongyň gyzy. Ony biri ogurlap, deregine ýüz müň funt sterling pul soraýamyş. Walla, şu gyzjagazy gözläp, tutuş ýurdy sökdük. Bujagaz bolsa, ynha, şadyýanja, sagdynja gaşymyzda dur. Çynym, munuň ýaly gudrat gören däldirin. Kiçijik miss, sen nirede bolduň?
—Adada — diýip, Jenni jogap berdi. — Julian, gürrüň ber.
Şeýdip Julian ähli bolan zatlary başdan-aýak gürrüň berdi. Goňşy otagdaky polisiýa işgäri hem bu ýere gelip, hemme aýdylanlary ýazyp aldy. Bary agzyny açyp diňledi. Jorjuň kakasynyň gözleri dagy hanasyndan çykara geldi. Bu çagalar nähili görgüleri görüpdir, her gezegem kyn ýagdaýdan akyllylyk bilen baş alyp çykypdyrlar!
— Kiçijik Jennini getiren, ony gaýykly köne gämä ýollap, är-aýal Stikleriň eline beren gämi eýesiniň kimdigini-hä anyklan dälsiňiz? — diýip, gözegçi sorady.
— Ýok — diýip, Julian jogap berdi. — Biz diňe şu gije Sergezdanyň gelmelidigini eşitdik.
— Äh-hä, şeý diýsene! — diýen gözegçiniň äheňinde uly kanagatlanma duýuldy. — Tüýs bolaýdy! «Sergezdan»-y biz gaty gowy tanaýas, bu gämi köpden bäri biziň göz astymyzda, onuň eýesi bizde juda-juda şübhe döredýär — ýalňyşmasak, onuň birgiden bolgusyz işlerde eli bar ýaly. Bä-ä, täzeligiň-ä täzelik kemi ýok eken. Häzir ilki bilen, är-aýalyň nirededigini anyklamaly, onsoňam miss Jennini olaryň elinden boşadan bolsaňyz, indi olary nädip jenaýatynyň üstünde tutmaly, ana, şony pikirlenmeli.
— Olary nädip güpbasdy etmelidigini men bilýän — diýip, Julian dessine pikirini aýtmaga howlukdy. — Jennini saklan ýerzeminlerinde olaryň bolgusyz oguljyklary Edgary gabap gaýtdyk. Eger birimiz Stiklere Edgaryň şol ýerdedigini habar berip bilsek, olar haýdan-haý ada dolanar, şeýdibem är-aýaly şol ýerde gapjap bilseňiz, «ada baramzok, bilemzok» diýip sypjyklamaga dilleri barmaz.
Gözegçi:
— Hawa, bu biziň işimizi kän aňsatlaşdyrar — diýdi. Ol düwmäni basdy, otaga başga bir polisiýa işgäri girdi. Gözegçi oňa mister Stik bilen missis Stikiň daş keşbini suratlandyrdy-da, daş-töwerekleri gözlemegi, gözlerine ildiklerem habar bermegi tabşyrdy.
— Julian, sen onda olara ogullary Edgar baradaky habary ýetiräý — diýip, gözegçi ýylgyrdy. — Ada dolansalar, olaryň yzyna düşeris-de, ähli zady ýerinde subut ederis. Bize eden kömegiňiz üçin, çagalar, size ullakan sagbolsun aýdýaryn. Häzir bolsa Jenniferiň ene-atasyna jaň edip, onuň sag-salamatdygyny aýdalyň.
Jorjdan eşiden habarlarynyň täsirinden henizem doly aýňalyp bilmedik kakasy:
— Biz ony wagtlaýynça Kirrin-kotteje myhman alaýarys. Öňki aşpezimiz Joannadan bizde bolup, öýi tertibe salmagy haýyş etdim, şeýlelikde, çagalara seretmäge adam bar. Olar öýe barsyn.
— Kaka — diýip, Jorj dogumly gepledi. — Biz öýe bararys, ýöne bu gün däl, ejem gelýänçä biz bir hepde adada bolmakçy. Ol bize rugsat berd-ä, o taýy bize ýaraýa. Joanna alada galyp bize seretmek nämä gerek? Adada öz başymyzy özümiz çarap bilýäs.
Onýança gözegçi:
— Çagalary eden gowy işi üçin sylaga mynasyp hasaplaýan — diýip, meseläni çürt-kesik etdi.
— Bolýar, beýle bolsa — diýip, Jorjuň kakasy ylalaşdy. — Ada ýene gitseňiz gidiberiň. Ýöne, Jorj, ejeň gelende sen öýde bolmalysyň.
Jorj:
— Hökman. Ejemi gaty göresim geldi. Ol bolmasa, öýem birhili gugaryp galan ýaly. Şoň üçin men häzirlikçe adada bolubereýin-le — diýdi.
Jenni birden:
— Menem siz bilen gitjek — diýdi. — Haýyş edýän, ejem bilen kakama Kirrine geliň diýip aýdaýyň, men olardan dostlarymyň ýanynda bolmaga rugsat sorajakdym.
— Haýyşyňy bitirjek bolaryn — diýip, gözegçi çagalaryň ýüzüne seredip ýylgyrdy. Ony çagalar juda halady.
— Ýörüň! — diýip, Jorj ýerinden turdy. — Günortanlyk nahary wagty boldy. Bu aladalar meni ajykdyrdy. Göreliň, Joanna nämejik taýýarladyka.
Ýolboýy çagalar eňegine jaň dakylan ýaly gepläp gitdiler, Jorjuň görgüli kakasynyň kellesi bulam-bujar boldy. Şu çagalar her gezek geldigi bes, onuňam başyny haýsydyr bir başdangeçirmä sokup gidýäler!
ÝENE KIRRIN ADASYNA DOLANÝAS!
Sähel salymdan olar Kirrin-kotteje bardylar. Aşpez daýza Joanna olary gujak açyp garşylady. Ol nahar salyp durşuna, çagalaryň başdangeçirmesiniň hekaýatyny geň galyp diňleýärdi.
Stoluň başynda nahar iýip otyrkalar, Julianyň tötänden penjireden görnüp giden tanyş adamyň suduryna gözi düşdi. Sudur haýaty penalanyp gelşine, olaryň öýüne gabat boldy.
Julian laňňa ýerinden galyp:
— Stik gardaş-a bi! — diýip gygyrdy. — Ylgaýyn yzyndan. Siz oturyberiň.
Ol öýden çykyşyna burçdan öwrülenem şol, mister Stik pete-pet çykdy.
— Edgaryň nirdeligini bilesiňiz gelýämi? — diýip, Julian oňa syrly bakyş bilen sowal berdi.
Mister Stik el-aýagyny ýitirdi. Ol oglana tiňkesini dikip durşuna, ysgyn-mydary gidip, agzyndan ýeke söz gaçyrsa nädersiň.
— Ol ýerzeminde, araky otagda gabalgy otyr — diýip, Julian öňküdenem syrly garaýyş bilen gepledi.
Mister Stikiň sesi endiräp çykdy:
— Senjagaz Edgar hakynda hiç zat bileňok. Özüň nirede bolduň? Öýüňe gitmänmidiňmi nä?
— O siziň işiňiz däl — diýip, Julian biperwaýsyrady. — Edgary tapjak bolsaňyz — ýerzemine baraýyň!
Mister Stik oglana alarylyp bir seretdi-de, garasyny saýlamak bilen boldy. Öýe howlukmaç dolanan Julian dessine polisiýa edarasyna til kakdy. Ol mister Stikiň eşiden habaryny aýalyna aýtjagyny, aýalynyňam aýdylanyň çyndygyny-ýalandygyny barlamak üçin ada gideli diýip tutdurjagyny öňünden bilýärdi. Polisiýa indi diňe kenarda duran gaýyklara gözegçilik edäýmek, Stikleriň ugran wagtyny biläýmek galypdy.
Çagalar naharlaryny iýip bolan badyna Kwentin daýy aýalynyň ýanyna gitjegini, onuňam özüne çagalary sorap sowal baryny berjegini alada etdi.
Ol:
— Men oňa çagalar adada hezil edip dynç alyp ýören ekenler diýäýerin, galan zatlar barada, gowusy, oňa gelensoň aýdalyň — diýdi.
Ol ulagly ýola düşdi, çagalar bolsa edil häzir ada barmagyň wagtymy ýa dälmi, bilmän ikirjiňlendiler. Ahyr-da, biraz eglenmeli diýen karara geldiler — Jenniferi nätmeli, bulam belli däl.
Tizara Kirrin-kottejiň derwezesiniň agzyna ullakan ulag gelip saklandy. Ondan saçy dok gyzylymtyl-goňur reňkli erkek kişi bilen gelşiklije aýal düşdi.
Julian:
— Jennifer, ejeň bilen kakaň geldi öýdýän — diýdi.
Şolar eken — Jennini garsa gujaklamaga, ýaňagyndan ogşamaga durdular. Jenni özüniň ogurlanyşyny we halas edilişini gaýta-gaýta gürrüň bermeli bolýardy, onuň kakasy bolsa Julian bilen beýleki çagalara nädip minnetdarlyk bildirjegini bilmän kösenýärdi.
— Islän zadyňyzy soraň — diýip, ol tolgunýardy — berjekdirin. Jennijigimi halas edeniňiz üçin size alkyşymyň çägi ýok, men size ömürlik bergidar.
— Sag boluň, bize hiç zat gerek däl — diýip, Julian mylakatly gepledi. — Bu biziň özümiz üçinem gyzykly boldy. Biz başdangeçirmäni gowy görýäs.
Ýöne Jenniniň kakasynyň garaçynydy:
— Ýok, ýok, siz isleýän zadyňyzy maňa hökman aýdaýmaly!
Julian dostlaryna seretdi. Ol çagalaryň hiç biriniň sylag-serpaýa hantama däldigini bilýärdi.
Şol wagt Jenni ony hürsekläp goýberdi-de, başyny silkip, yşarat etdi. Julian myssa ýylgyrdy.
Ol:
— Bolýa. Biziň bir haýyşymyz bar, şony bitirip bilerdiňiz — diýdi.
Jenniniň kakasy:
— Eýýäm bitdi biläýiň! — diýdi.
— Jenni biziň bilen adada bir hepdejik bolaýsyn — diýip, Julian haýyşyny dile getirdi.
Jenni «Ýaşşa!» diýen manyda, begenjine eljagazlary bilen Julianyň elini gaýym gysdy.
Jenniniň hossarlary biraz aljyrady.
— Şeý diýsene — diýip, kakasy öz ýagdaýlaryny düşündirjek boldy. — Ýöne siz onuň ogurlananyndan habarl-a, edil häzir ony ýanymyzdan goýberesimiz gelenokdy-da, üstesine-de…
Ýöne Jenni oňa hälki beren sözüni howlukmaç ýatlatdy:
— Nätdiň-aý, kaka, sen ýaňyja Juliana söz berdiň-ä, islän haýyşyňy bitirjek diýip. Haýyş edýän, goýberäýiň-dä! Adada ýaşamak meň arzuwym. Olaryň adasynda ertekidäki ýaly ajaýyp gowak, galanyň diýseň täsin harabalyklary bar, meni gizläp saklan ýerzeminleri hem şol ýerde…
— Timmi biziň itimiz. Ony hem ýanymyz bilen äkideris — diýip, Julian buýsanç bilen aýtdy. — Seret, itimiz nähili daýaw, güýçli. Ýanymyzda Timmi barka, erbet adamlar golaýymyza-da gelip bilmez — şeýle gerek, Timmi?
Timmi ýogyn sesi bilen:
— Haw! — etdi.
Ahyry gyzjagazyň kakasy jogabyny aýtdy:
— Bolýa, Jenni, sen gidip bilersiň, ýöne bir şert bilen: ejeň ikimiz ertir ada baryp, bir gün ýanyňyzda bolarys, size gerekli zatlaryň ählisi barmy, ýokmy, göreris.
— Sag bol, sagja bol, kaka jan — diýip, Jenni begenjine otagyň içinde kebelek ýaly pyrlandy. Tutuş hepdeläp täze dostlary hem akylly it bilen adada bolmaly! Mundanam beter hezillik bormy!
— Jenni gije bärde galybersin? — diýip, Jorj haýyş etdi. — Siz ýatymlyk myhmanhanada galarsyňyz-a?
Şondan soň Jenniniň ene-atasy gyzjagazlarynyň başyndan geçen waka barada jikme-jik bilmek üçin polisiýa bölümine ugradylar. Çagalar bolsa Joannanyň olara çaýyň ýany bilen iýmek üçin taýýarlaýan gutabyny görmek üçin aşhana ýöneldiler.
Çaý wagty golaýlanda gapy kakyldy. Julian gapyny açanda, işikde uzyn boýly polisiýa işgärine gözi düşdi.
— Julian şu ýerdemi? — diýip, polisiýa işgäri sorady. — Senmi? Sen bize gerekdiň-dä. Är-aýal Stikler edil şu wagtjyk ada bardy, biziňem gaýyklammyz taýýarjak dur. Ýöne Kirrin adasynyň töweregindäki suwasty daşlardan ýüzüp geçip biläýsek ýagşy. Seň özüň ýa-da missis Jorjina gaýygymyzy geçirişip bilmezmikäňiz?
— Men missis Jorjina däl-de, mister Jorj — diýip, Jorj guraksy bellik etdi.
— Günämi geçeweriň, ser — diýip, polisiýa işgäri ýylgyryp ötünç sorady. — Biz bilen gidersiňiz gerek?
— Barymyz gidýäs! — Dik atylyp ýerinden turdy. — Men gyzykly, hezil adamyza tizräjik dolanasym gelýär, şu gije gowagymyzda ýatmak isleýän. Ýekeje gijämizi hem ýitirmäliň, şeýle gerek? Jenniniň ene-atasyny bolsa ertir ada öz gaýygymyzda alyp gideris. Hemmämiz gidýäs!
Bu teklibi eşidip, polisiýa işgäri biraz ýaýdanjak boldy, ýöne çagalar öz diýenlerini gögertdiler. Wagt ýitirmän bäş çaga bilen iki sany polisiýa işgäri iki gaýyga ýerleşdiler. Jorj bilen Julian öz gaýyklaryna münüp, ýol görkezmek üçin öňe düşdüler. Timmi hemişekisi ýaly Jorjuň aýagynyň ýanynda gyşardy.
Jorj gaýygy dogumly sürýärdi, şunlukda, olar hä diýmän tanyş aýlagjygyň çägeli kenaryna gelip togtadylar. Stikler bolsa köne gäminiň deňinden geçip, kenaryň gaýalyk bölegine baryp düşen bolmaly.
— Indi gaty ýuwaş boluň! — diýip, Julian duýdurdy. Her kim seresap ýöräp, gala tarap ugrady, howla girdiler. Stikler görnenokdy.
Julian:
— Ýörüň, ýerzemine gireliň. Elçyram ýanymda. Stikler eýýäm aşak düşen bolmaly, olar öz gadyrdan Edgarlaryny boşadýan bolsalar gerek — diýdi.
Olar basgançak bilen garaňky ýerzemine düşdüler. Polisiýa işgärleriniň biriniň elinden tutup, bu gezek Ennem olara goşuldy. Pişik basyşyny edip baryşlaryna uzyn, garaňky, egrem-bugram dälizler bilen gitdiler.
Ahyry olar Edgary goýup gaýdan ýerjaýlarynyň işigine ýetdiler. Gapynyň ýokarky sürgüsem, aşaky sürgüsem heniz ellenmändir, şol öňki ýapyklygyna durdy.
— Serediň! — diýip, gapa elçyrasynyň ýagtylygyny gönükdiren Julian pyşyrdady. — Stikler entek bu ýere gelmändir!
Timminiň ýuwaşjadan hyrlanyny eşiden Jorj:
— Çüşş! — diýip yşarat etdi. — Bir-ä gelýä. Gizlendik! Bu Stiklerdir.
Hemmesi çykyp duran gaýanyň aňyrsynda gizlendi. Ýakynlaşyp gelýän aýak sesleri eşidildi, soňam missis Stikiň gahar-gazapdan doly sesi ýaňlandy:
— Edgarymyň ýeke özüni gabap goýan bolaýsalar, şeýlebir goh turzaryn. Görgüli, bigünä çaganam, heý, beýdip ýerzemine gabap bolarmy! Men hiç düşünip bilemok. Ol bärde bolsa, onda gyzjagaz hany? Jogap ber. Hany gyz? Meniň pikirimçe, bu biziň ketdämiziň, degişli hakymyzy bermejek bolup, oýlap tapan pyrryldagy bolmaly. Jenni Armstrongy şu ýerde bir hepde saklap bersek, iki müň funt berjek diýip özi aýtmadymy näme! Indem kimdir birini bu ýere ýollap, bize edibilen ýamanlygyny edýär, biziň bilen gödek oýun gurýar, gyzjagazy özi äkidip, biziň Edgarymyzy gabap goýýar.
Mister Stikiň sesi barha golaýdan eşidilýärdi:
— Klara, seň şol aýdanyň dogry bolaýmasa. Ýöne Edgaryň bärdeligini Julian diýen oglan nireden bilip ýör? Walla, maňa düşnüksiz zat gaty kän bärde.
Är-aýal eýýäm ýerjaýyň işiginde durdy, Porsuja olaryň aýaklaryna süýkenip, töwereginde pyrlanýardy. Ol şobada bukulanlaryň ysyny alyp, gorkudan çyňsady. Mister Stik onuň depgisini ýetirdi.
— Sem bol! Onsuzam biziň sesimiziň ýaňlanyp durany azmy, şu ýerde bir seň çyňsanyň ýetenokdy-da!
— Edgar! Sen bärdemi? — diýip, missis Stik gygyrdy.
— Hawa, bärde, eje! — diýip, Edgar möňňürip başlady. — Tizräk boşat meni! Gorkýan. Boşat!
Missis Stik haýdan-haý sürgini sürdi, gapy açyldy. Çyranyň yşygyna Edgara gözleri düşdi. Ol lägirip, ejesine tarap okduryldy.
— Seni bu ýere gaban kim? — diýip, missis Stik hamsykdy. — Aýt dessine kakaňa, kimem bolsa, kellesini alsyn. Hawa gerek, kakasy? Beýdip, neresse çagany gorkuzyp, garaňky ýerzemine atyp bolmaz-a! Nähili zabunlyk!
Birdenem Stikleriň jany agzyna geldi — garaňkylykdan çykyp gelýän äpet polisiýa işgäriniň göwresi göründi. Onuň bir elinde elçyrasy, beýleki elinde ýandepderçesi bardy.
— Hawa! Dogry aýdýaň, Klara Stik! Heý, neresse çagany gorkuzybam bir garaňky ýerzemine gabap bolarmy, ýöne sen şony etdiň? Sen bu ýere Jenni Armstrongy gabap goýduň. Ol gyzjagaz kiçijik ahyry. Siziň ogluňyz bilýär özüne degilmejegini, emma gyzjagaz welin, erbet gorkuzylypdyr!
Missis Stik agzyndan bir sözem gaçyryp bilmän, balyk ýaly ýöne agzyny bir açyp, bir ýumup durdy. Mister Stik burça gabalan syçan ýaly jygyldady:
— Bizi aldap getirdiler bu ýere! Duzak gurdular! Aldadylar!
Edgar çaga ýaly horkuldap aglamaga başlady. Çagalara onuň sesi şeýlebir ýakymsyz eşidildi. Julian elçyrasyny ýakdy, ynha-da, çagalaryň hemmesi Stikleriň alnynda.
— Wah, şeýtanlar diýsänim! Bary bärde — Jenni Armstrong hem bulaň ýanynda! — diýen mister Stik aljyraňňylyga düşdi. — Bu näme boldugy? Nämeler bolýar? Edgary gaban kim?
Polisiýa işgäri:
— Ähli soraglaryňyza polisiýa bölüminde jogap bererler. Indi bolsa agzyňyzy ýumuň-da, öňümize düşüň!
Stikler ümsüm ýöräp ugradylar, diňe Edgaryň käte bir horkuldaýany eşidilýärdi. Ejesiniň we kakasynyň bendilikde oturyşy, özüniň bolsa düzediş-terbiýeleýiş mekdebine tabşyrylyşy, tutuş ýyllap ejesi bilen görüşmäge rugsat berilmeýşi eýýäm onuň göz öňünde janlanypdy. Elbetde, är-aýal Stikler, ýagny Edgaryň ejesi bilen kakasy ogluny nädogry terbiýelemänliginde, oňa erbet däl-de, gowy zatlary öwredenliginde munuň ýaly uly betbagtçylyk bolmazdy. Häzirlikçe terbiýe görmedik oglanjyk olardan daşrakda, gowy görelde boljak adamlaryň arasynda bolsa kemem däl.
Julian mylakatlylyk bilen:
— Yza gaýdyşyn-a size ýoldaş bolup bilmeris — diýdi. — Biz gijäni bu ýerde geçirmekçi. Yzyňyza Stikleriň gaýygynda gidip bilersiňiz. Olaram ýola gowy belet. Itinem äkidäýiň — ynha ol, biz-ä muňa Porsuja diýýäs. Siziň polisiýa gaýyklaryňyz hem bularyň yzyndan ýüzer diýip umyt edýän.
Stikleriň gaýygyny gözläp tapdylar. Polisiýa işgäri, är-aýal Stikler we Edgar şoňa mündi. Timminiň ýaldyraýan goýun gözlerinden sypjagyna begenmek-begenen Porsuja hem olardan galmady, böküp olam mündi.
Gaýygy kenardan suwa itekläp goýberen Julian:
— Sag boluň! — diýip gygyrdy, beýleki çagalaram hoşlaşyp, ellerini galgatdylar.
— Hoş, mister Stik, indi beri çagalara degmäweriň! Saglygyňyz, missis Stik, sizem Edgary ýene ogurlaýmazlary ýaly, oňa ýagşyja göz-gulak bolaweriň! Hoş, Düwürtiklije, düzeljek bol! Porsuja, senem sag bol, tizräk suwa düşün! Hoş!
Polisiýa işgärleri jogap hökmünde ellerini salgadylar. Är-aýal Stikler agyzlary mumly ýaly, ne geplediler, ne-de ellerini buladylar. Olar ýüzlerini çytyp, gaharly oturyşlaryna kellelerini penjeläp, paşmadyk pirimleriniň matalyny çözjek bolýardylar.
Gaýyklar belent gaýanyň deňinden geçip, gözden ýitdiler.
— Ur-ra! — diýip, Dik gygyrdy. — Olar gitdiler, özem hemişelik! Ahyry öz adamyz özümize gald-ow. Ýör, Jenni, biz seni ada aýlaly! Indi hezil bolar!
Olar şadyýan, aladasyz ylgaşyp gitdiler. Bäş çaga bilen it öz söýgüli adalarynda, diňe özleri. Olary şol ýerde galdyralyň, goý, begenip keýpden çyksynlar! Berekella, olar muňa mynasyp!
(Soňy).
Rusçadan terjime eden Orazgül GURBANOWA