|

Köne ýerzeminiň syry 1 (Roman-detektiw)

Köne ýerzeminiň syry 1 (Roman-detektiw)

TOMUSKY DYNÇ ALYŞ

Ejesi:— Jorj, otur-da, bir zadajyk güýmen, çagam — diýdi. — Birsalym ymyzganaýjakdym welin, Timmi bilen ikibaka gatnap byzbyldabildiň.

Jorjina Timminiň boýunýüpünden tutup durşuna:

— Bagyşla, eje jan. Dostlarym bolmasa, şeýlebir içim gysýar. Tizräk ertire çyksadyk! Tutuş üç hepde boldy olarsyz oňup ýörenime — diýip, ýüregindäkini aýtdy.

Jorjina çykany Enn bilen mekdep-internatda okaýardy, dynç alşa çykylanda bolsa Jorjinadyr Enn, şeýle-de Enniň iki oglan dogany — Julian bilen Dik dagy jemlenişip, wagtlaryny bile geçirerdiler. Tomusky dynç alşyň üç hepdesi eýýäm geçipdi. Enn, Dik hem-de Julian ejesi-kakasy bilen birýaňa-ha gidipdiler, emma Jorjinaň ene-atasy welin, gyzynyň öz ýanlarynda galanyny kem görmänsoň, ol öýde galypdy.

Ynha, ahyry ertir onuň dostlary yzyna dolanarlar, dynç alşyň galanja bölegini Jorjina bilen Kirrin-kottejde — onuň ata-enesiniň gadymy öýünde geçirerler.

Jorj (adatça, onuň adyny şeý diýip tutardylar):

— Olar gelse hezil bolar-ow! — diýip, iti Timoti bilen begenjini paýlaşdy. — Heziliňem hezilidä. Dogry dälmi, Timmi?

Timmi:

— Haw — etdi-de, gyzyň elini ýalady. Jorjuň şol bir geýnişi: oglan eşikde — jinsili, maýkaly. Oglan bolup dogulmadygyna şol ahmyr edip ýörşi, adyny Jorjina diýip tutaýsalar dagy, hä bermänjik içlerini ýakýar. Onsoň ähli kişi oňa Jorj diýýä. Tomusky dynç alşyň başky hepdelerinde onuň dostlaryny göresi gelip halys içi gysdy.

— Owal ýeke bolsam gowy ýalydy — diýip, gyz, hamana, iti her sözüne düşünýän ýaly, onuň bilen derdinişdi. — Ýöne indi görüp otursam, o zatlar samsyklyk eken. Dostlaň ýanynda bolsaň, olar bilen iç döküşseň, hemme zady bile etseň gyzykly bolýan eken.

Timoti onuň sözüni makullaýan şekilde guýrugyny ýere patdyldadyp urdy. Elbetde, çagalar bärde bolsa oňa-da gowy. Juliany, Enni we Diki onuňam göresi gelýär ahyry.

Jorj Timoti bilen tirkeşip deňziň boýuna ugrady. Elini kölegeledip aýlagyň agzyna seretdi. Aýlagyň ortarasynda, onuň goragçysyna meňzäp oturan adanyň kebzesinde köne galanyň harabalygy hellewläp göründi.

— Şu tomusda ýene saňa myhman boljakdyrys, Kirrin adasy — diýip, Jorj sözüne mähir gatyp sözledi. — Gaýygymy abatlamaga beremsoň, şu wagta çenli barybilmedim, ýöne basym ol taýýar bolar, onsoň barjakdyryn. Köne galany ýaňadan elek-soky ederin. Tim, geçen tomus Kirrin adasyndaky başdangeçirmelerimiz ýadyňdadyr-a?

Hawa-la, Timiň şu günki ýaly ýadynda, süňňüňi galpyldadýan şol başdangeçirmeleriň bir gahrymany onuň özi ahyryn. Ol çagalar bilen goşulyşyp ýerzemine düşüpdi, olara hazyna gözleşipdi, olam şolarça lezzet alypdy. Timoti pessaýja üýrüp goýberdi.

— Ýadyňa salýaň gerek, Tim? — diýip, Jorj onuň arkasyna pat-pat kakdy. — Şo taýa gidäýseň-dä, hä? Ýene ýerzemine düşerdik. Dikiň bizi halas etjek bolup, gurruk guýa gireni ýadyňdadyr-la?

Geçen ýylky başdangeçirmeleri ýatlamagyň öz lezzeti bardy. Jorj ertiriň gelerine, üç dostunyň tizräk gara bererine howlukdy.

«Käşgä, ejem adada tutuş bir hepde galmaga rugsat beräýsedi — diýip, Jorj içinden pikir etdi. — Heziller ederdik! Öz hususy adaňda ýaşamak gow-a!».

Hawa, bu Jorjuň öz hususy adasydy. Aslynda, ada onuň ejesiniňki, ýöne iküç ýyl mundan ozal ejesi ony Jorja beresi gelýändigini ýaňzydypdy. Şondan bäri gyzy ony öz hususy zady, adadaky ähli towşanlaram, ýabany guşlaram we beýleki janly-jandarlaram özüniňki hasaplaýar.

«Çagalar geldigi, men olara ada bir hepdelik gitmegi teklip ederin — diýip, Jorj öňünden begendi. — Ýanymyz bilen azyk-owkat, gerek-ýarak zatlarymyzy alarys-da, o taýda täk özümiz ýaşarys. Hakyt, Robinzon Kruzo ýaly…».

Ertesi Jorj ponilere goşulan arabasy bilen dostlaryny garşylamaga çykdy. Ilkibada ejesi hem gidermendi, ýöne soň özüni biynjalyk duýansoň öýde galdy. Jorjuňam biraz ynjalygy gaçdy. Soňky döwür ejesiniň taby peselip ýören ýaly. Tomsuň yssysyndan bolmagy hem ahmal. Esli wagt bäri jöwzanyň ýüzi gaýdyberenokdy. Günüň-gününe görýäniň şol bir mawy asman bilen gözüňi deşip gelýän Gündi. Güne ýanan Jorj ýagşyja garalypdy, garaýagyz ýüzünde mawy gözleri aýratyn ýyldyrap durdy. Öz haýyşy boýunça saçyny öňküdenem gysgaldypdylar, indi onuň oglandygyny-gyzdygyny bilmek çyndanam çetindi.

Ynha, otly hem geldi. Wagonyň äpişgesinden şowhuna goşup galgaýan üç el göründi, Jorj begençli gygyrdy:

— Julian! Dik! Enn! Ahyry geldiňiz-ow!

Üç çaga daýyrdaşyp wagondan düşdi. Julian hammal çagyrdy.

— Goşlarymyz ýük wagonynda. Salam Jorj! Gowumy ýagdaýlaryň? Oh-ho, ösüp, derek ýaly bolupsyň-a!

Hemmesiniňem boýy ösüpdir. Kirrin adasyndaky gyzykly wakadan bäri geçen döwrüň içinde çagalar bir ýaş ulalypdylar, ösüpdiler. Hatda iň kiçijikleri Ennem indi o diýen balaja görnenokdy. Ol gelşine Jorjuň boýnuna böküp, tas ony bir gapdala ýykypdy. Soňam, üç dostuň gelenine begenmek-begenen Timotiniň gapdalynda çommaldy.

Olaryň gohuny bir gör-ä. Her kim öz täze habaryny öňürti aýtjak bolup, sesi bilen biri-birini basýardy, Timmi bolsa gaty-gaty üýrýärdi.

— Otlymyz siziň ýanyňyza ýetmänjik geçäýdi!

— Timoti, eýjejik, sen-ä asyl-ha üýtgemänsiň!

— Haw, haw, haw!

— Sizi garşylap bilmejegine ejem gaty gynandy.

— Jorj, Güne ýanyp gidipsiň-ä! Baý, indi gyzykly bor-a!

— Haw, haw!

— Timoti, gardaş, üýrmäňi bes edäý, menem öz erkime goý, ýogsa häzir boýunbagymy üzýäň. Meniň eý görýän itjagazym, seni ýene görenime begenýän!

— Haw!

Hammalyň getiren goşlaryny araba ýüklediler. Jorj sabyrly garaşyp duran ponileriň üstaşyr gamçysyny salgap goýberdi, olar ýol bilen gorgunlap ugradylar. Arabadaky bäş dost biri-biriniň sesini basyp, hersi bir zat gepleýärdi. Umumy gohuň içinden Timiň üýrmesi aýyl-saýyl bolup eşidilýärdi — sesi hemmäňkiden gatydy, ýitidi.

— Ejeň jany sagdyr-a? — diýip, Fanni daýzany hemmeden eý görýän Julian sorady. Çagalara ondan mähriban, ondan gadyrdan adam ýokdy.

— Ejemi yssy heläk edýän bolaýmasa — diýip, Jorj dillendi.

— Kwentin daýy niçik? — diýip, Enn gyzyklandy. — Onuň ýagdaýy gowudyr-la?

Jorjuň kakasyny çagalaryň üçüsem halap baranokdylar — ol sähel bolsa gyzyp başlaýardy, çagalary güler ýüz bilen myhmançylyga çagyrýanam bolsa, olar bilen beýlebir içgin gyzyklanyp baranokdy. Öýde Kwentin daýy bolsa, çagalaryň mazasy gaçardy, bolmasa — keýpleri çaglanardy.

— Kakam gowy-la — diýip, Jorj keýpikök dillendi. — Ony alada goýýan zat diňe ejem. Ejemiň jany sag, keýpi çag bolsa, kakam oňa barmysyňam diýip duranok, al, ýarawsyzlyk tapyndygy welin, zowzanaklap, bir ýerde durmaz. Aýtdygymdyr, onsoň seresabrak boluberiň. Gahary gelende bolşuna siz beled-ä.

Hawa-la, çagalar ony bilýä-le. Oňarsaň, Kwentin daýynyň gözüne görünmäniňden gowusy ýok. Ýöne gaharjaň daýylary hakyndaky pikirem bu gün olaryň keýpini gaçyryp bilmez — olar Kirrin-kotteje barýalar, özlerem deňziň boýunda, ajaýyp, mähriban Timoti hem ýanlarynda, onsoňam olara birgiden gyzykly zatlar garaşýar.

— Jorj, Kirrin adasyna-da gideris-ä? — diýip, Enn gyzyklandy. — Gidäýeli-dä! Geçen tomusky baryp gaýdyşymyz. Gyşda hemem pasha baýramçylygyndaky boş günlerimiz hem howa bulaşyk boldy. Häzir welin, tüýs hoştap howad-a.

— Elbetde, gideris — diýende, Jorjuň mawy gözleri ýyldyrap gitdi. — Bilýäňizmi, men nämejik oýlap tapdym? Meniň pikirimçe, ada gidip, şol ýerde tutuş hepdeläp bolsak, nähili, hä! Indi ulaldyg-a, ejemiň rugsat berjegini anyk bilýän.

— Adaňa gidip, ol ýerde tutuş bir hepde bolsak! — Enn begenjine gygyryp goýberdi. — Gowudygyny, ynanar ýaly däl.

— Ol hemmämiziň adamyz — Jorj ýylgyryp, onuň sözüne düzediş berdi. — Ýadyňyzdan çykdymy? Aýdypdym-a, ony dörde böleris, onsoň hemmämiziňki bolar diýip. Meň gaty çynym. Ol hemmämiziňki.

— Timmi nä? — diýip, Enn sorady. — Onuň paýy ýokmy? Adany bäşe bölsek bolmazmy, bir bölegini oňa bererdik-dä?

Jorj:

— Ol meniň paýymdan hakyny alar — diýdi. Ol ponileriň jylawyny çekdi — çagalaryň dördüsem, item taýagatymlykdaky aýlagyň aýna ýaly tekiz göm-gök suwuna seretdiler. — Ana-da Kirrin adasy — diýip, Jorj dillendi. — Mähriban adajygymyz. Tizräk şol ýere ýetsem diýýän. Gaýygymy abatlatmaga beremsoň, şu çaka çenli barybam bilmedim.

Dik:

— Ynha, indi bile gidäýeris. Towşanlar henizem şol eldekiligine galandyr-a?

Timoti höwes bilen seslendi:

— Haw!

Oňa «towşan» diýdigiň bes, şobada janlanyberýär.

— Haý-haý, Kirrin adasyndaky towşanlaň arzuwyny edibem oturma — diýip, Jorj oňa duýdurdy. — Olaryň yzyndan kowalatmajagymy özüň bilýäň-ä, Tim.

Köpek guýrugyny ýapyryp, Jorja tukat nazaryny aýlap goýberdi. Şu meselä gezek gelende ol Jorj bilen oňşanokdy. Towşanlar diňe yzyndan kowalanmak üçin ýaradyland-a, Tim-ä şuňa berk ynanýar, Jorjuň pikiri welin düýbünden tersine.

— Çüw! — diýen Jorj ponileriniň jylawyny silkeläp goýberdi. Kiçijik ýabylar maýdalyna çapyp Kirrin-kotteje tarap ugur aldylar, hä diýmänem baş derwezäniň agzynda peýda boldular.

Ätiýaçdaky gapydan ýüzüni turşadyp bir aýal çykdy-da, olaryň ýüküni düşürişmäge kömekleşip başlady. Aýal öň çagalaryň gören ýüzi däl.

— Kim-ä ol? — çagalar Jorjdan pyşyrdaşyp soradylar.

— Täze aşpezimiz — diýip, Jorj tanyşdyrdy. — Ejesiniň aýagy döwlensoň, Joanna wagtlaýynça şoňa seredişmäge gitdi. Onsoň ejemem ýerine täze aşpez tutundy, ady — missis Stik.

— A:tjagazy ýerine düşüpdir — diýip, Julian ýaňsylady. — Tüýs garrap guran syrykd-a! Hernä bu ýerde uzak elgenmez, tüf dilime, eglenmez diýip umyt edýän! Joanna-da basym geler-le. Boldumly hem mylakatly Joannany özüm-ä gowy görýän, Timotä hem gowy seredýärdi ol.

— Missis Stikiňem öz iti bar — diýip, Jorj habar berdi. — Ýowuz mahluk! Timden biraz kiçiräk, özem durşuna güýe dalap, gotur açan. Timiň ony görse, gara jyny.

— Hany, nirede ol? — diýen Enn töweregine garanjaklap durşuna sorady. Jorj:

— Ony aşhanada saklaýarlar, Timi golaýyna-da eltenoklar. Dogram edýäler, ýogsam it ony tüýt-müýt etjeg-ä. Ol aşhanada näme baryna düşünip bilenok, şol töwerekde köwejekläp ýörşüne, aşhanaň ýapyk gapysyndan ysyrganyp geçýär — missis Syryk ony däliremäň bäri ýany edýär.

Çagalar gülüşdiler. Olar eýýäm arabadan düşüpdi, jaýa girjek bolup durdylar. Julian missis Stike goşlary göterişdi. Jorj arabany ýerinde goýmaga gitdi, beýleki üçüsi bolsa daýysy, daýzasy bilen salamlaşmaga ugrady.

— Salam, meniň gadyrdanlarym! — diýip, diwanda gyşaryp ýatan Fanni daýza olary güler ýüz bilen garşylady. — Nähili ýagdaýlaryňyz? Sizi garşylamaga baryp bilmedigime gynanýan. Kwentin daýyňyz gezmelemäge çykdy. Häzir bolsa ýokary galyň-da ýuwunyň, eşikleriňizi çalşyrynyň. Soň bäri geliň, çaý içeris.

Oglanlar ikinji gatda ýerleşen petigi birgeňsi gyrdalan, äpişgesi aýlaga bakýan şol öňküje ýatyş otaglaryna çykdylar. Enn bolsa Jorjuň otagjygyna ýöneldi — olar şol ýerde bile bolarlar. Ýene-de Kirrin mülküne dolanmak nähili ýakymly! Dynç alşy Jorjdur gowuja Timmi bilen geçirmek gyzykly bolaro-ow!

STIKLERIŇ MAŞGALASY

Ir bilen Kirrin-kottejden örmek, äpişgeden parlak Güni synlamak we deňiz tolkunlarynyň uzaklardan eşidilýän pagşyldysyna diň salmak nähili ýakymly! Ýatalgaňdan böküp turagada, aýlagyň suwunyň aýna ýaly tekiz ýüzüni hem-de oňa girilýän ýerden Kirrin adasyny synlap lezzet almaga ylgaýsaň-da!

— Ertirlikden öň bir suwa düşüp-çykaýyn-la — diýip, Julian suwa düşülýän eşiklerini alyp ugrady. — Ýörd-ä, Dik?

— Ýör, ýör — diýip, Dik ony goldady. — Ýöne gyzlaram çagyr-a. Bile gideris.

Dört tirkeş bolup öýden çykdylar, öňürdikläp çapyp Timem olaryň yzyna düşdi, onuň aldygyna bulaýlaýan guýrugyna göz ilenokdy, al öwüsýän uzyn dili agzyndan sallanyp ýatyrdy. Olam köpçülige goşulyp suwa girdi-de, çagalary töwerekläp ýüzmäge başlady. Çagalar gowy ýüzýärdiler, aralarynda çalasyny hem Julian bilen Jorjdy.

Çagalar süpürgije dolanyp gurandylar-da, eşiklerini geýdiler. Ertirlik edinmäge baranlarynda işdäleri aç möjegiňki ýalydy. Enniň gözi howlynyň ýeňse tarapynda duran nätanyş oglanjyga düşdi, oňa geň galyp seretdi. Ol:

— Bu kim? — diýip sorady.

— Edgar. Missis Stikiň oguljygy — diýip, Jorj tanyşdyrdy. — Hiç sulhum alanokd-a şony. Haçan görseň edýäni bolgusyzlyk — dilini çykarýar-da, agzyna gelenini sarnap dur.

Çagalaryň derwezeden girenlerem şol, öňlerinden hiňlenjirän bolup Edgar çykdy.

Enn diň salmak üçin aýak çekdi.

— Jorjjyk, koržjyk, şöhlatly çörek! — diýip, ol aýdym aýdýardy, onuň sypaty, dogrudanam, aňrybaş samsyklaçdy. Daşyndan garaňda, ýaşy on üç ýa on dörtdür — samsyjagam bolsa, ýeserje tilki. — Jorjjyk, koržjyk, şöhlatly çörek!

Jorj gahardan ýaňa dym gyzyl boldy:

— Haçan görseň şeýdip gaýtalap ýör! — diýdi. — Adym Jorj bolany üçin şeýdýändir. Özüni aňrybaş aýdymçydyryn öýdýär. Hiç halamokd-a şuny!

— Eý, hany bes et! — diýip, Julian Edgara gygyrdy. — Kemally zat aýtmajak bolsaň, ýum agzyňy!

— Jorjjyk, koržjyk — diýip, gyzyl jozzuk ýüzüne ýaňsy çaýan Edgar ýene özüniňkä tutdurdy.

— Men-ä onuň bu hokgalaryna çydap oturyp biljek däl. — Julianyň sesi aýgytly çykdy. — Geň galaýmaly, sen nädip çydaýaň! Gulaktozuna doňdurman, aýagyny basyp mynjyratman, gulagyny towlap goparman neneň saklanyp bildiň, nädip aryňy köýdürip geldiň! Sen mydama zabundyň-la!

— Men häzirem şeýle-dä! — diýip, Jorj janykdy. — Edgaryň ýaňsyly hiňlenjiremesi gulagyma ilip başladygy, maňa her zat diýip dil ýetirip ugradygy, şu wagtam ganym gaýnaberýär, ýöne ejem ýarawsyzd-a, nädeýin, Edgaryň üstüne topulsam, missis Stikiň bizi terk etjegi belli, onsoň ejem görgülijigiň ähli işi özi etmeli bolar, ol muňa ýaramaz. Şonuň üçin dişimi gysyp, saklanjak bolýan, Timmi hem şeýdýär…

— Berekella, arkaňa kakýan! — diýip, Jorjuň sabyrlylygyna telpek goýan Julian dabaraly gepledi.

— Ýokary çykyp, ejemden habar tutaýyn — belki, naharyny düşege äbermelidir — diýip, Jorj alada etdi. — Timotä hatyrjem bolaweri, Julian! Edgar ýene görnäýse, köpegiň oňa topulmagy ahmal.

Julian Timminiň boýunýüpüne ýapyşdy. Hä:li, Edgar howludaka, Timoti hyňrandy durdy, ýöne indi welin, bir zadyň ysyny alýan ýaly, burny dyngysyz müňküldeýär diýäýmeseň, parahat dur.

Birdenem aşhananyň gapysyndan bir gotur gürji atylyp çykdy. Kirjimek ak reňkli tüýi endamynyň käbir ýerinde edil penjeläp goparylan ýaly, yzy besse-besse bolup dur, guýrugam ýamzynda.

— Haw, haw! — Timmi keýpihon üýrüp, gürjä tarap okduryldy. Ol daýaw hem güýçli bolansoň, Juliany yzy bilen idirdedip ugrady. — Oglan boýunýüpi elinden sypdyrmaly boldy. Timmi ýüpden boşan dessine, çirkin çyňsap yzyna — aşhana ýumlugan gürjiniň söbügine mündi.

— Timmi! Gel bäri! — diýip, Julian onuň yzyndan gygyryp galdy. Ýöne bu ses Timminiň gulagyna ilmedi. Ol gürjiniň gulajygyny dişlejek bolup garabaşyna gaýdy — ýa-da gapdaldan şeýle bolup göründi. Gürji jynssyz çyňsap kömege çagyrýardy, şobarmana aşhananyň bosagasynda eli pitili missis Stik peýda boldy.

— Güm et itiňi! — diýip, ol gyryljyk sesi bilen bogazyna sygdygyndan gygyrdy-da, elindäki pitini Timmi taýa aýlap saldy, ýöne it sowlup ýetişdi, kötegi onuň öz iti iýmeli boldy, janawarjyk öňküdenem çirkin çyňsady.

— Urmaň olary! — diýip, Julian gygyryberdi. — Maýyp etseňiz nätjek!

Edgar peýda boldy, bolşy dagy oňlulyk däl. Amatyny tapsa, ýerden alan daşyny Timmä tarap pyzjakdan.

— Daşy zyňsaň, gaty görme, zyňyjy bolaýma! — diýip, Enn sesini endiretdi. — Ýigrenji, ýakymsyz oglan!

Şol berbaşagaýlykda bir ýerlerden Kwentin daýam peýda boldy, gahary-gazaby hiç zadyň çeni-çaky däl.

— Eý, Hudaý! Bu nebela? Nämäň gykylygy? Bu golaýda beýle goh eşidenim ýadyma düşenok!

Öýden Jorj atylyp çykdy — ol eý görýän itini penalamak isleýär. Ol itlere tarap okduryldy-da, Timmini çekip almakçy boldy. Kakasy gaharly haýkyrdy:

— Degme olara, degme diýýän, samsyk! Eliňe goranar ýaly zat almanam, heý, garpyşýan iki itiň arasyna düşerlermi! Hany, şlangamyz nirede?

Ol elýeterdedi — ekin suwarylýan grandyň jüründigine dakylgy durdy. Julian ylgawyna grandyň nurbatyny towlady. Şlanganyň ujuny galdyryp, itlere gönükdirdi. Suw çüwdürim bolup olara pürkülip başlady welin, gorkularyna hersi birýaňa böküp düşdi. Edgar hol beýleräkde durdy, ony gören Julian saklanyp bilmedi — şlangany ýeňiljek silkeläp goýberdi-de, Edgary nyşana aldy. Oglan sesiniň ýetdiginden dat-bidat edip öýe ýumlukdy.

— Näme üçin beýtdiň? — diýip, Kwentin daýy janyýangynly sorady. — Jorj, derrewjik Timotini daň. Missis Stik, men size özüňiz bagyndan tutup çykarmajak bolsaňyz, itiňizi aşhanada saklaň diýip aýtmanmydym näme. Şunuň ýaly gykylyk turzanyňyzy gaýdyp görmäýin. Ertirlik taýynmy? Ýa oňa-da kän garaşmalymy?

Missis Stik süllümbaý bolan gürjüsini göterip, hüňürdeý-samyrdaý aşhana girip gitdi. Jorj ýüzüni garaldyp Timotini daňdy. Köpek eýesiniň ýüzüne ötünç soraýan deý naýynjar garap, keteginde garysyny ýassandy.

— Diýdim-ä saňa, gotur gürji bilen işiň bolmasyn diýip! — Jorjuň sesi gazaply çykdy. — Nätdiň muny? Kakamyň-a indi uzakly gün keýpi uçdy biläý, missis Syryk hum ýaly çişdi, näbileýin-dä, indi ol bize çaý bilen içmäge köke bişirermi-bişirmezmi!

Timmi eşidiler-eşidilmez çyňsady, soňam penjelerini ýassyk edindi-de, tumşugynyň töweregindäki tüýleri ýalaşdyrmaga durdy. Bir ýerde daňlyp oturmak ýeňil-ýelpaý iş däl, ýöne näme diýseňem, züwwetdin gürjiniň gulagynyň uçjagazyny-ha dişläp galdy!

— Timmini goýberenim üçin ötünç soraýan — diýip, Julian ertirligiň başyna üýşenlerinde müýnli dillendi. — Ýogsam tas elimi goparypdy. Saklatmady! Ulalypdyr, güýji baş berer ýaly däl — şeýle gerek?

— Hawa-la, — diýip, Jorj buýsanç bilen tassyklady. — Dogrudanam ulalypdyr. Erkine goýberseň, missis Stikiň gürjüsini diriligine ýuwutjak. Edgaram şondan idili etmez.

— Missis Stikem — diýip, Ennem alyp göterdi. — Şolaryň baryny! Olaryň hiç biri meniňem göwnüme ýaramady.

Ertirlik dartgynly ümsümlikde geçdi — sebäbi Fanni daýza-ha stoluň başynda ýokdy, tersine, ýüzüni ajadyp Kwentin daýy otyrdy, keýpsiz çagy oňa gep gatan özüň bolma. Ol wagtal-wagtal gyzynyň ýüzüni alyp goýberýärdi-de, beýlekilere-de gaharly göz aýlaýardy. Enn-ä, hatda Kirrin-kotteje gelenine puşman edibem başlady! Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmedi, ýene tutuş bir günüň öňde durany ýadyna düşende, keýpi çaglandy — belki, aýlagyň kenaryna aýlanmaga çykarlar, kim bilýär, Kirrin adasyna gitmeklerem ahmal. Kwentin daýynyň şo taýa-ha baryp, keýplerine sogan dograp durmajagy belli.

Süle ýarmasyndan boşan telpertabaklary almak üçin aşhana missis Stik girdi, deregine-de stoluň üstünde düňküldedip kakmaçly tabaklary goýuşdyryp çykdy. Kwentin daýynyň muňa jyny atlandy:

— Şeýdip şakyrdadyberer ýaly näme bar?

Missis Stik demini çykarmady. Geň galyp oturasy iş ýok, ol Kwentin daýydan heder edýär. Soňky telpertabaklary usullyk bilen goýdy.

— Bu gün näme etsem diýýäňiz? — diýip, ertirlik soňlanyberende Kwentin daýy sorady. Ol indi biraz ýumşady, töweregindäki ýüzleriň içgysgynçlygyndan bezigen bolsa gerek.

— Açyk howada oturylyşyk guraýjakdyk — diýip, Jorj umyt bilen aýtdy. — Ejemden soradym. Olam missis Stik şöhlatly çörek taýýarlap berse gidiberiň diýdi.

— Siziň üçin onuň azara galas-a gelmez — Kwentin daýy muny degişmä salybrak sugşurdy. — Ýagşyja uguny ýekeläýersiňiz-dä.

Hiç kimden ses çykmady. Missis Stike şöhlatly çörek taýýarlap ber diýmäge ýüzleri ýok.

— Alajagözeni şu taýa getirmese gowy boljakdy! — diýip, Jorj ýüzüni çytdy. — Arkaýyn ýaşardyk.

— Näme, oglunyň adymy şol ? — Kwentin daýy geň galyp sorady.

— Ýok-la — Jorj ýaňsyly ýylgyrdy. — Ýöne şu at şoňa tüýs şaplaşyp durjak, ömründe endamyna suw degene meňzänok, üsti-başy aňkap dur.

Kakasy kikirdeşýän çagalara gözüni aýlap goýberdi-de:

— Dakan adyňyz-a ýakymsyz eken — diýdi.

— Hakykatdanam şeýled-ä — diýen Jorj sözüniň üstüni ýetirdi — gürjüsem özünden ibaly däl.

Netijede, missis Stikden şöhlatly çörek taýýarlamagy Fanni daýzanyň özi haýyş etdi. Missis Stik Fanni daýzanyň düşeginiň başyna ertirlik äbermek üçin baranda, şöhlatly çöregiň meselesem çözüldi, dogry, aşpez aýal ýüz-gözüni çytyşdyrsa-da, ýöne barybir boýun boldy.

— Biz siziň bilen goşmaça ýene üç çaga owkat taýýarlamak barada-ha şertleşmändik, gör-ä muny, çozaýdylar ýöne birtopar işsiz.

— Size öňünden duýdurypdym, missis Stik — diýip, Fanni daýza sabryny elden bermän gepledi. — Olar gelen wagty beýdip ýarawsyz oturjagymy näbileýin. Janym sag bolsa şöhlatly çöregi-beýlekini özümem taýýarlajak-la. Ýöne häzirlikçe, aýak üstüne galýançam, ýetişdigiňden kömek edäý diýýän. Belki, ertir ýagdaýym birneme ganymatlaşar. Goý, çagajyklar bir hepdä golaý hezil etsinler-le, eger soňam şeýdip ýaramajak bolsam, onda olar saňa assa-ýuwaşdan kömekleşip başlarlar, ynanaý. Ýöne ilki oýnap bir keýpden çyksynlar.

Çagalar ellerine daşy dolangy şöhlat-çöreklerini alyp, öýden ugradylar. Ýol ugrunda olara Edgar gabat geldi, ýüzüniň şol bir samsyklaç mekirligi.

— Näme üçin meň bilen tirkeşesiňiz gelenok? — diýip, ol sorady. — Ýörüň, ada gidip-geleliň. Men o taýynyň hemme ýerini bilýän, çynym.

— Ýok, sen biziň bilen gidäýmersiň — diýip, Jorj onuň sözüni morta böldi.

— Adanyňam hiç ýerini bileňok. Seni yzyma tirkäp o ýere ömürem äkitjek däl. Ol meň adam. Düşdüňmi? Ýagny anyk aýtsak, biziň adamyz. Ol biziň dördimize hem-de Timmä degişli. Biz o taýa seniň aýagyňam sekdirmeris!

— Ada seňki däl — diýip, Edgar gyzyp başlady.

— Agzyň diýenini gulagyň eşidýärmi! — Jorjuň gahary depesine urdy. — Heý, çagalar, ýörüň gitdik! Munuň bilen gürleşip wagt ýitireniňe degenok.

Olar-a gitdiler, Edgaram ýüzüni garaldyp, tukat halda galyberdi. Çagalar ganymat daşlaşanlaryndan soň, ol ýene şol bir heňine tutdurdy:

Jorjjyk, koržjyk, şöhlatly çörek!

Ýalan sözli çypdyrak!

Jorjjyk, koržjyk, şöhlatly çörek!

Julian tas ýumrugyny düwüp, edepsiziň üstüne zyňypdy, hälem Jorj saklaýdy.

— Beýtseň barar-da ejesine şugullar, ol hem bizden gitmek bilen bolar, ejem jan kömekçisiz galar — diýdi. — Alajym ýok, çydamaly. Ýöne barybir, usulyny tapyp temmijigini berseg-ä gowy bolardy. Ýasawy nejisje! Düwürtikli burny bilen süzük gözüni hiç halamok-da!

— Haw! — Timmi hem duýgudaşlyk bildirip üýrdi.

— Timmi: «Alajagözeniň ýigrenji guýrugy bilen gelşiksiz kiçijik gulaklaryny ýek ýigrenýän» diýýär — diýip, Jorj hemmäniň gülküsini tutduran düşündirişi berdi. Degişme töweregindäkileriň keýpini göterdi. Basym olar öýlerinden daşlaşdylar, Edgaryň ýaňsyly aýdymy indi gulaga ilenok, ol çagalaryň ýadyndan çykdy.

Julian:

— Ýör, göreli, belki gaýygyň eýýäm taýyndyr. Onsoň biz kiçijik adamyza arkaýyn gidibermeli.

AGYR URGY

Jorjuň gaýygy taýýar boluberen eken. Ýene bir gezek reňk çalsalar bolany. Daşyndan görseň-ä gaty owadan — Jorj açyk gyzyl reňki saýlapdyr, küreklerine-de gyzyl reňk urupdyrlar.

— Şu gün öýläne tamamlap bolmazmyka? — diýip, Jorj gaýykçy Jimi gyssady. Jim başyny ýaýkady.

— Ýok, master Jorj. Üst-başyňyzy gyzyl reňke bulasyňyz gelýän däldir-ä. Reňk ertä gurar, ondan öň bolmaz — diýdi.

Gaýykçylardyr balykçylar Jorjinanyň adyny «master Jorj» diýip tutanda hemmeler myssa ýylgyraýýar. Ýerli ilat onuň oglan bolasynyň gelýändigini, özüniňem dogumly hem akgöwünlidigini bilýär. Şonuň üçinem olar öz aralarynda gülşüp:

— Aý, näme, hereketi oglanpisint bolsa, özüne-de miss Jorjina däl-de, master Jorj diýip ýüzlenilmegini halaýan bolsa, onda ol muňa tüýs mynasyp! — diýişýärdiler.

Şunlukda, Jorjina «master Jorj» bolup, egnine-de maýka bilen jinsi geýip, keýpine kenarda gezmeleýärdi, gaýyga erk edişi balykçy oglanjyklara gaýra dur diýýärdi, ýüzende-de edil balyk ýaly.

Julian teklip girizdi:

— Onda ada ertir gidäýeris, bu gün bolsa kenarda açyk howada oturylyşyk ederis. Soňam gezelenje çykarys.

Çagalar çägeli kenarda oturylyşyk guradylar, ýogsa-da, şonda iým-içimiň gylla ýarysyny diýen ýaly Timoti iýdi. Şöhlatly çörek o diýen tagamly däl eken. Çöreg-ä gaty, özem loňňa-loňňa edip galyň kesilen, ýüzüne çalnan ýagam, hälki bir, ýöne çyrşalan. Ýöne Timoti üçin-ä onuň tapawudy bildiribem durmady. Şöhlatly çörekleri garnyna sygdygyndan ýuwdup-ýalmap otyr, guýrugam dek duranok, töweregindäkileriň üstüne çäge baryny seçeläp, aldygyna iki ýana bulaýlaýar.

— Timoti, guýrugyňy ýokarrak galdyryp bulaýlasaň, gowy boljakd-a — diýip, eýýäm dördünji sapar kellesiniň gumuny kakyşdyryp duran Julian nägileligini daşyna çykardy. Timmi, «ynha jogabym» diýen manyda guýrugyny has beterräk bulaýlady-da, ýene Julianyň depesinden çäge sowurdy. Çagalar muňa gülüp hezil etdiler.

Dik ýerinden böküp turşuna:

— Ind-ä gezelenç edäýsegem boljak, aýagym gurşup gitdi. Haýsy ýana gideris? — diýip maslahat saldy.

— Gaýanyň gerşine çykaly, o taýdan ada mydama gözümiziň alnynda bolar. Dogry dälmi? — diýen Enn birden kürtdürip gyzyklandy — Ýogsa-da, Jorj, çagşan gämi henizem öňki ýerinde durm-aý?

Jorj baş atdy. Gark bolansoň, esli wagtlap deňziň düýbünde ýatan gäminiň gabarasyny ilki görenlerinde, ol öz dostlary bilen, baý, tolgunmak tolgunypdylar-a. Deňizde turan gaý bilen ýokary göterilen gämi dege-dege gaýalaryň arasynda ilteşip galyberipdi. Çagalar eýdip-beýdip oňa barypdylar, ähli ýerini elek-soky edipdiler — hazynanyň ýygşyrylan ýerini görkezýän kartany şonda tapypdylard-a.

— Şol gämiden köne kartany tapyşymyz, gyzyl tokgalaryny gözleýşimiz, tapyşymyz ýadyňyzdadyr? — diýende, bu waka bilen bagly ýatlamalary aňynda aýlan Julianyň gözleri uçganaklap gitdi. — Bäh, şol warak gämi henize çenlem lagşaman saklanaýdymyka?

Jorj:

— Ýok-la, lagşan däldir. Ýadyňyzda bolsa, ol adanyň beýleki tarapyndaky gaýa ilteşip durdy, bu taýdan görünmez. Erte ada gitsek göräýeris — diýdi.

— Hawa, gideliň, gideliň! — diýip, Enn hasam höwesek göründi. — Lagşan gözgyny gämi! Uzaga gitmez, ýene birki gyş çydar, onsoň wessalam!

Olar gaýanyň gerşini syryp gitdiler. Timoti hem yzlaryndan seňkildäp otyrdy. Bu ýerden ada hem onuň orta gürpünde seleňläp oturan gala eliň aýtymyna gelýärdi.

— Honha, zakyjalaryň diňi — Enn şo tarapa nazaryny gönükdirdi. — Beýleki diň-ä ýumrulypdyr öýdýän, hä? Jorj, seretsene, diňiň daşyndan döwre gurap aýlanýan zakyjalaryň känligini!

— Her ýyl höwürtge ýasanýan ýerleri şol. Diňiň töweregi durşuna çöp-çalamdy, ýadyňyzda bolsa. Höwürtge ýasanýarkalar zakyjalar gaçyrýar. Bir gezek olary çöpläp, uludan odam ýakypdyk — diýip, Jorj ýatlatdy.

— Ýene-de ot ýakasym gelýä-dä! — Enn arzuwçyllyk bilen gözlerini süzgekletdi. — Walla, çynym! Eger ol ýerde bir hepdelik galaýsak, geliň, her agşam ot ýakalyň. Jorj, sen ejeňden sorapmydyň?

— Hawwa-la! Umuman-a, ol garşy däl, pikirlenip göreýin diýdi. — diýip, Jorj jogabyny ikuçly edip goýdy.

— Ulular «pikirlenip göreýin» diýseler, hiç halamokd-a — Enn içki oýuny gizläp durmady. — Köplenç, «ýok» diýdikleri şol, birbada aýtmaga ýaýdanyp şeýdýäler.

— Goýsana, goýberer, näme goýbermän — Jorj ynamly gepledi. — Bu ýyl biz eýýäm geçen ýylkymyzdan ulaldyk ahyry. Julian-a eýýäm on üç ýaşady, Dik bilen menem tiz wagtdan on üçümizi doldurarys. Ýöne Enn, ynha, heniz körperäk.

— Körpe dagy däl — Enniň sesi öýkeli çykdy. — Meňňem güýjüm siziňkiçe bar. Ýaşymyň kiçiligine men günäkär däl!

— Köşeş, köşeş, körpeje — Julian jigisiniň arkasyna kakyp durşuna, onuň gamaşan ýüzüne ýylgyryp bakdy. — O-ho, hany duruň bakaly! Adada bir zatlar-a bolýar öýdýän?

Ol Enn bilen degşip durka, adada bir üýtgeşiklik ýüz beren ýaly boldy. Hemmeler gaňrylyp, Kirrin taýa seretdi. Jorj içki geňirgenmesini daşyna çykaranyny duýman galdy:

— Bu nebela! O taýda tüsse burugsaýar-a! Ed-dil özi, tüsse. Meň adama biri barypdyr!

— Biziň adamyza — diýip, Dik onuň sözüne düzediş girizdi. — Aý, ýog-a! Adanyň aňyrsyndan geçip barýan gäminiň-beýlekiniň tüssesi bolaýmasyn. Gäminiň özi bize görünýän däldir. Jedel edibem biljek, şol-a gämi. Bizden başga ada aşyp biljek tapylmaz, bu hemmämize mälim. Beýlekiler ýoluny bilmese näme.

— Eger adama biri baran bolaýsa — Jorj gahar bilen gazaba münüp, çogup ugrady. — adama ýat kişi aýagyny seken bolaýsa… ony bar-a, men bar-a…

— Häzir özüň ýarylyp, tüssä öwrülýäň! — Dik ony köşeşdirmäň ugruna çykdy. — Rahatlan, tüsse ýitdi. Şol-a gämiden başga zat däl, tüssesini ýa buguny burugsadandyr.

Olar ýene birsalym Kirrin adasyna çiňerilişip durdular — tüsse gaýyp bolupdy.

— Gaýygym bir basymrak taýýar bolawersin! — Jorj takadyny ýitirip zowzanaklady. — Şo taýa eglenmän şu gün ýola düşerdim! Reňki guramasa guraman geçsin, häziriň özünde almaga gitsem diýýän.

— Biderek gepleme — diýdi Julian. — Üst-başymyzy al-gyrmyzy reňke bulap öýe barsak, tomaşa turjagy belli. Hany, özüňem bir oýlanyp gör, Jorj.

Jorj pikirinden dändi. Ol adanyň haýsam bolsa bir tarapyndan aýlaga girip gelýän gämi görünmezmikä diýip siňe-siňe seretdi, aý ýok, gämi-sämi göze ilenok.

— Gämi şo taýda labyr taşlan bolmaly — Julian muny goşar sagadyna seredip durşuna aýtdy. — Sagadam bäşe golaýlapdyr, çaý wagty boldy. Jorj, ejeňem eýýäm aýak üstüne galan bolsa gerek. Stoluň başynda oturan bolsa-ha, hemmämiz üçinem ýakymly.

Jorj:

— Menem ony çaýa çykar diýip umyt edýän. Ýörüň, öýe gider wagt boldy!

Olar öýlerine ýöneldiler. Gaýanyň üsti bilen ýöräp baryşlaryna, iki gözleri Kirrin adasynda, ýöne garabaşyna gaý zakyjalar bilen çarlaklardan başga, gara gözleri düşmedi. Tüsseden-beýlekiden nam-nyşan ýok. Bäh, ýaňky gämi bolmaly onda!

— Barybir, ertir baryp, gözüm bilen görüp gaýtmasam bolmaz — Jorjuň sesi aýgytly çykdy. — Haýsydyr bir syýahatçylar adama barmaga milt eden bolaýsalar, kowup çyka:ryn.

— Biziň adamyza, — diýip, Dik ýatlatdy. — ony biziň bilen deňje paýlaşmaga söz berdiň-ä, Jorj?

— Hawa, dogry, men ony siziň bilen paýlaşmakçy — diýip, Jorj tassyklady. — Ýöne, barybir, onuň öz adamdygy baradaky pikir hiç kellämden çykyp gidiberenok. Öýe gideliň, men ajykdym.

Olar Kirrin-kotteje dolandylar. Zaldan geçip, myhman otagyna girdiler. O taýda Edgary görübem, agyzlaryny açdylar — ol Julianyň kitaplaryndan birini eline alyp, okap otyrdy.

— Sen bu ýerde näme işleýäň? — diýip, Julian abyr-zabyr etdi. — Onsoňam kim saňa kitaplarymy ellemäge rugsat berdi, hä?

Edgar:

— Men erbet iş edemog-a. Ümsümlikde birsalym kitap okasym geldi, bu taýda geňlär ýaly näme bar? — diýip, gaýta özüne sorag berdi.

— Dur bakaly, şeýdip kürsüde ýaýnap oturanyňy kakam bir görsün. Bolanyna görä, onuň iş otagyna-da girmeli ekeniň-dä, şonda ýagşyja paýyňy alardyň! — diýip, Jorj hasam möwjäp ugrady.

Edgar göwnübir bihaýalyk bilen jogabyny sugşurdy:

— Men o ýere eýýäm girip-çykdym. Işlände ulanýan maýda-çüýdeje zatlarynam gördüm.

Jorj gahardan ýaňa lap-lap gyzyşyna:

— Nä ýüzüňe beýdip bildiň! Kakamyň otagyna biz girip bilemzok! Zatlaryny ellemeg-ä beýlede dursun! — diýip gygyrdy.

Julian bilesigelijilik bilen Edgary synlaýardy. Bu ýigdekçe birdenkä nädip beýle dogumlandyka, hiç düşünmedi.

— Jorj, kakaň hany? — diýip, ol sorady. — Oňa: «Edgar bilen özüň çözüliş» diýmeli boljak öýdýän. Görýän welin, bu oglanjyk halys çenden çykypdyr.

— Çagyryberiň çagyrjak bolsaňyz — Edgar gaýyşýan kürsüde yrgyldap oturyşyna, Julianyň kitabynyň sahypalaryny degnaňa degýän sowukganlylyk bilen waraklaýardy. — Ol gelmez.

— Sen näme diýjek bolýaň? — Jorjuň sesinde birden howsala duýuldy. — Hany ejem?

— Onam çagyr, çagyraý — Edgar it ýylgyryşyny etdi. — Bol, çagyrd-a!

Çagalaryň birden ini dyglap gitdi. Bu näme diýdigikä? Jorj basgançaklar bilen atylyp ýokary galdy, barşyna-da gygyryp ejesiniň otagyna girdi:

— Eje! Eje! Hany sen?

Ýöne ejesiniň ýatalgasy boşdy. Düşeksiz, boş. Jorj howaýy gygyryp ýörşüne, beýleki ýatyş otaglarynam barlap çykdy:

— Eje! Eje! Kaka! Nirde siz? — Jogap beren bolmady. Aşak düşende Jorjuň ýüzi ak tamdy.

Edgar oňa ýaňsyly ýyrşaryp seretdi:

— Aýtdym gerek saňa? Aýtdym-a kimi çagyrsaňyz çagyraýyň, geljek adam bolmaz diýip.

Jorj ony gyssady:

— Hany olar? Aýt derrew!

— Özüň gözle — diýip, Edgar içýakgyç heçjikledi.

Şo pursat erbet şarpyldy eşidildi. Edgar çep çekgesini tutuşyna zöwwe ýerinden galdy. Bu gyzgyn şarpygy saklanybilmän oňa dadyran Jorjdy, gaýtam onuň zarbyna öz elem ganymat agyrdy. Edgar aryny almak üçin sürünenem şol, Julian Jorjuň öňüne gabat boldy.

— Jorja eliňi degräýme — diýip, ol goraga geçdi. — Ol gyz. Tutluşjak bolsaň, ynha, meň bilen tutluş.

— Gyz bolasym gelenok, men oglan! — diýip, Jorj Juliany bir gyra itip gygyrdy. — Uruşjak Edgar bilen, men ony basaryn, ynha görersiňiz.

Ýöne Julian ony gapdala süýşürdi. Edgar gapyny peýläp sypjyklap ugrady, ynha, şu ýerde-de Dik onuň öňüne böwet boldy, ol:

— Ýekkeje minut, gitmänkäň aýt, daýym bilen daýzam nirede? — diýip, Dik oňa buýtar-suýtar etmäge maý bermedi.

— Hyr-r-r-r-r — edip, birden Timmi eýmenç sesi bilen hyňrandy welin, Edgaryň gözleri tegeleniberdi. It ötgür gyýaklaryny syrtartdy, ýeňsesiniň tüýleri syh-syh boldy. Timminiň görnüşi hakyt depe saçyňy düýrükdirjekdi.

— Itiňi sakla! — diýip, Edgar sesini titretdi. — Maňa topuljak bolýar-a onyň.

Julian Timminiň boýunýüpünden tutdy:

— Tim, bes et! Hawa, Edgar, indi bolsa soragmyza jogap ber, çalt bol, ýogsam işiň gaýdýa.

Edgar gözüniň gytagy bilen Timmä seredip durşuna:

— Aý, aýdyp aýtmaz ýaly bu ýerde üýtgeşik zat ýok — diýdi. Soňam Jorja tarap öwrülip, sözüni dowam etdi. — Ejeň ýagdaýy birden ýaramazlaşdy, güýçli agyry ony heläk edip başlady, onsoň lukman çagyrdylar-da, ony hassahana äkitdiler, kakaňam ýany bilen gitdi. Ynha, bar bolany.

Jorj mejaly gaçyp, özüni diwana goýberdi, ýüzi öňküdenem agardy — essi aýylarly göründi.

— Wah-eý, görgüli ejem jan! Öýden gitmeli däl ekenim! Eý, Hudaý, näme bolanyny bir bilsedik!

Şol ikarada Edgar gapa tarap ýumlukdy, Timmi söbügine münübermesin diýibem, otagyň işigini itiberip goýberdi. Aşhananyň gapysynam tarkyldadyp ýapdy. Ýüzüni asan aljyraňňy çagalar biri-birine keýpsiz seredişdiler. Görgüli Jorj! Görgüli Fanni daýza!

— Şu taýda bir ýerlerde-hä hatjagaz goýan bolsalar gerek — diýip, Julian otagy gözden geçirip ugrady. Dogrudanam, ýüz görülýän uly aýnanyň çarçuwasyna gysdyryp, Jorjuň adyna hat goýlupdyr. Julian ony aldy-da, gyza uzatdy. Hat Jorjuň kakasyndan eken.

Enn:

— Tizräk oka — diýdi. — Eý, Hudaý, dynç alşyň başy nähili ýakymsyz başlandy!

OWNUK-UŞAK ÝAKYMSYZLYKLAR

Jorj haty sesli okady. Ol gysgajykdy, howlukmaç ýazylan bolmaga çemeli.

«Mähriban gyzym!

Ejeň erbet ýaranok. Men onuň bilen hassahana gidýärin. Ganymatlaşýança ýanynda bolaryn. Birnäçe gün, belki-de, bir hepde o taýda eglensem gerek. Her gün irden sagat dokuzda jaň edip, saňa ejeň ýagdaýy barada habar berip duraryn. Hemmäňiziň aladaňyzy etmegi missis Stike tabşyrdyk. Barýançam, onuň bilen oňuşjak boluň.

Seni söýýän, kakaň».

— Wah, pahyrjyk! — diýip, Jorjuň ýagdaýyna düşünen Enn uludan demini aldy. Jorj ejesini janyndan eziz görýärdi, onuň gözleri nemlendi. Dereginde, Jorj gözýaşyny görkezip ýören adam däldi, ýöne ejesi ýok welin, öý boşap galan ýaly, bu oňa agyr degdi. Üstesine, kakasam ýok! Öýde missis Stik bilen Edgardan başga adam ýok.

— Ejemi äkidenlerine hiç ynanyp bilemok! — diýen Jorj birden hamsykdy-da, ýüzüni diwanyň ýassygyna berdi. — Ol… ol birden gelmese näme.

— Agzyňdan haýyr aç, Jorj — Julian onuň ýanjagazynda oturdy-da, gujaklady. — Geler, näme gelmän? Hökman geler. Kakaň ýazypdyr-a hatynda, gutulýança ýanynda boljak diýip, birki günjük gaýrat etseň bolany. Köşeş, Jorj! Ruhdan düşme! Sen-ä halys ejizläýdiň.

— Hoşlaşmadymam-a oň bilen! — diýip, görgüli Jorj şumjardy. — Baryndan beter, özüm aýdyp biljek halyma, missis Stike şöhlatly çörek taýýarlap bermegi tabşyr diýibem azar berdim. Men ejemiň ýanyna gitjek, ýagdaýyny bilesim gelýär.

— Sen ony nirä äkidenlerinem bileňog-a, biläýeňde-de ýanyna goýberjeklermi-goýbermejeklermi — diýip, Dik ýumşaklyk bilen ony köşeşdirjek boldy. — Geliň, gowusy, çaý içeliň. Biraz özümizi dürsäris.

— Meniň hiç zat bokurdagymdan geçmez! — diýip, Jorj gyjyrdady. Timoti onuň eline tumşugyny ýetirip, ýalajak boldy. Ýöne Jorj eglip, maňlaýyny ellerine goýdy-da, aglap goýberdi. Köpek ýuwaşja çyňsady.

Enn:

— Biçäre Timmi! Näme bolýanyna düşünip bilenok. Seniň ýanyp oturyşyňa onuň haýpy gelýär, Jorj — diýdi.

Bu sözler Jorjy başyny galdyryp, dikelip oturmaga mejbur etdi. Ol gözýaşyny eli bilen syldy, Timmä gözýaşa ezilen elini ýalamaga rugsat berdi. Onuň şor tagamy köpege geň göründi, ol Jorjuň dyzynyň üstüne çykmaga synanyşdy.

— Samsyjak sen, Timmi! — diýip, Jorj adaty parahat äheňinde sözledi. — Alada etme. Bu zatlar meň üçin bary-ýogy duýdansyz zarba ýaly bir zat boldy. Men indi gowy, Timmi. Çyňsama, samsyjak! Bolan zat ýok. Hiç ýerim agyranok.

Ýöne Timmi Jorjuň bir aladasynyň baryny duýup dur — ol ýöne ýere aglamaz-a — köpek dynuwsyz çyňsap, «Meni öňüňe al» diýen manyda penjeleri bilen gyzy yralady durdy.

— Gideýin, missis Stike çaý içesimiz gelýär diýeýin — diýip, Julian gapa ýöneldi. Ol çykyp gitdi, dostlary bolsa onuň missis Stikden çekinmeýşini öz ýanlaryndan dogumly hereket hasapladylar.

Julian aşhananyň gapysyny açdy. Aşhanada Edgar oturan eken, Jorjuň şarpyk çalan gulaktozy bolsa gyzaryp, göze ilýärdi. Onuň ýanynda ornaşan missis Stikiň ýüzünden gar ýagýardy.

— Şol gyzyň ýene bir gezek ogluma barmagyny batyranyny göräýsem, men onuň bilen bellisini ederin — diýip, ol haýbat atdy.

— Edgar öz hakyny aldy — diýip, Julian parahat düşündirdi. — Kyn görmäň-de, bize çaý demläp beriň.

— Çaý içmänjik geçersiňiz! — diýip, missis Stik jogabyny nagt etdi. Şol barmana-da, bir ýerlerden çykan gürjüsi Juliana hyňranyp ugrady — Dogry edýäň, Ýekeje! Edgary uranlaň üstüne üýr şeýdip — diýibem sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýekejäniň hyňranmasyna Julianyň gylam gymyldamady. Ol:

— Çaý demläp bermejegiňiz çynyňyz bolsa, onda özüm demläýerin. Hany, köke-çörek nirede? — diýip, soraşdyryp başlady.

Missis Stik Juliany gözi bilen iýäýjek boldy, ýöne oglan ýöwsellemedi — onuň göni görejine seretdi. Bir oýlan zady, onuň mysalasynyň ýakymsyzdygy, onuň özünden üstün gelmegine her edip-hesip edip ýol bermeli däldigi barada boldy. Tasdanam oňa: «Gümüňi çek» diýipdi, ýöne beý diýeniň bilen onuň gitmejegi, biderek ýere sözüni zaýalajagy ýadyna düşende, ýene dilini dişledi.

Ilki bolup missis Stik gözüni sowdy.

— Bolýa, demläýerin çaý — diýip, minnetli tasanjyrady. — Ýöne ýene bir hokga çykaraýsaňyz weli, gaty görmäň, hyzmatyňyzy etmen.

— Birden hokga sizden çyksa, menem polisiýa ýetirjekdirin — diýenini Julianyň özem duýman galdy. Bu sözler biygtyýar dilinden sypdy, bolsa-da missis Stike üýtgeşik täsir etdi. Aýal aňk bolup howsala tapdy.

— Ýeri, ýeri, beýle gödeklige ýüz urubermek nämä gerek — diýende, onuň äheňi ýagşy ýumşaşdy. — Barymyz şeýlebir başagaý bolduk, ynjalykdan gaçdyk… Bolýa, häzir çaý taýyn bolar.

Julian aşhanadan çykdy. Polisiýa ýüz tutjak diýensoň, missis Stikiň gepi-sözi üýtgäberdi welin, bu nämedenkä — Julian iňkise gitdi. Belki, polisiýanyň bar zady Kwentin daýa ýetirjegini, onuňam hasanaklap yzyna geljegini bilip gorkandyr? Kwentin daýy üçin missis Stik ýalylaryň ýüzüsi geläýsin, howy basyljak gümany ýok!

— Çaý basym taýýar bolar! — diýip, ol dostlaryna habar berdi.

Emma missis Stik eli çaýly gelende, stoluň başynda oturanlaryň keýpi o diýen öwerlik däldi. Jorj hälki döken gözýaşyna utanýardy. Enn bolsa henizem tolgunjyndan aýňalyp bilenokdy. Dik töweregindäkileriň göwnüni açjak bolup, bor-bolgusyz henek atan bolýardy, ýöne degişmeleri nyşana degmänsoň, basym bu niýetinden el çekdi. Julian birden ulalyp, agras hem aladaçyl oglana öwrülipdi.

Timoti Jorjuň aýagyna gysmyljyrap, kellesini onuň dyzlaryna goýup otyrdy.

«Meniňem şular ýaly özüme hamrak itim bolsady» diýip, Enn göwün ýüwürtdi. Timmi it wepasy bilen balkyldaýan goçak goýun gözlerini Jorjdan aýyrmaýardy. Kiçijik bikesi gaýgy-galawutda ýegşerilip otyrka, onuň gözüne hiç zat görnenok, gulagyna hiç zat ilenokdy.

Çagalar çaý içip, çalak-çulak garbanan boldular. Her näme diýseňem, çaý olary birneme özüne getirdi. Jaň gelip, Fanni daýzaň ýagdaýyny aýdaýmaklarynyň mümkindigi olary çaýdan soň aýlagyň kenaryna gitmekden saklady. Dostlar bag tarapa çykyp, otuň üstüne çökdüler, iki gulaklaram telefondady.

Aşhanada aýdyma hiňlenýärdiler:

Jorjjyk, koržjyk, şöhlatly çörek!

Otda oturyp aglasa gerek!

Jorjjyk, koržjyk…

Julian ýerinden galdy. Ol aşhananyň äpişgesiniň agzyna baryp, içerik äňetdi. O taýda Edgaryň ýeke özi eken.

— Edgar, bärik çyk! — diýip, Julian gaharly hökledi. — Men saňa başga aýdym öwretjek. Derrew çyk!

Edgar ýerindenem gozganmady:

— Näme, göwnüme ýaran aýdymy aýtmaga hakym ýokmuşmy?

— Aýdyp bilersiň, elbetde. Ýöne bu aýdymy däl. Men saňa başgasyny öwretjek. Çyk diýýän.

— Çykar öýdüp pikirem etme. — diýip, Edgar tersine tutdy. — Uruşjak bolýaň-a meň bilen!

Julian:

— Hawa, şeýtjek. Ýekme-ýek tutluşyk seni biraz akylyňa aýlarmyka diýýän. Tapdyň etjek işiňi — oturjakmyş-da, başyna iş düşen gyzyň çetine degýän ýaňsyly aýdyma zowlatjakmyş. Hawa, nädýäň? Çykýaňmy? Ýa özüm öýe girip külüňi kakaýynmy?

Edgar birden dowla düşüp, bögürip ugrady:

— Eje! Eje! Nirde sen!

Şol pursadam Julian elini epişgä sokdy-da, Edgaryň uzyn burnundan gapjap tutagada, şeýlebir gysdy welin, ol agyra çydaman myňňyldap wägiriberdi:

— Beýtne! Beýtne! Aňyrýa! Goýmer murnumy!

Aşhanada bir demde missis Stik peýda boldy. Julianyň edip duran işini görüp, dat-bidatlap onuň üstüne okduryldy. Julian elini goýberse-de, penjiräniň öňünden süýşmedi.

— Nädýäň ony! — diýip, missis Stik alagoh turuzdy. — Ilk-ä Edgary bu gyz urdy, indem sen burnundan çekip dursuň! Ba:ryň ýöne, guduz açaýdyňyzmy?

— Asla beýle däl — Julian sypaýyçylygy elden bermän gepledi. — Ynha, Edgara welin, hakykatdanam, bir zad-a bolýar, missis Stik. Onsoň bizem ony akylyna aýlamagyň pikirini edip ugradyk. Ýogsa-da, bu siziň borjuňyza girýär, emma görýäs welin, geleňsizlik edýäňiz öýdýän.

Özüni kemsidilen hasaplap, gahary daşyna çogan missis Stik:

— Sen-ä bir utançsyz ekeniň! — diýdi.

— Dogry, men beýle däl diýemok — diýip, Julianam inçelik bilen mertebesini goramaga çalyşdy. — Bu Edgaryň täsiri. Siziň Porsujaňyzam ondan kem galanok.

— Porsuja! — Missis Stik öňküsindenem beter haýkyrdy. — Meniň itimiň ady beýle däl, sen ony gowy bilýäň.

— Aýdýanyňyz dogrudyr, ýöne onuň mynasyp ad-a şol — diýip, Julian penjireden yza çekildi. — Suwa düşüriň ony, onsoň Ýekeje diýsek diýäýeris.

Gahardan ýarylara gelen missis Stik burnuna salyp bir zatlar mydyrdady, ýöne Julian eýýäm o ýerden daşlaşypdy. Ol yzyna dolanyp gelende, dostlary ony bilesigelijilikli nazar bilen garşyladylar. Julian üýtgän ýaly göründi — agras hem dogumly Juliana öwrülipdir, ýaşyndan uly görünýär, hatda biraz hyrsyzragam bolupdyr.

— Arynyň öýjügini gorjan bolaýmaýyn diýip gorkýan. — Julian bu sözleri otuň üstünde ornaşyp durşuna aýtdy — Men tasdanam eýjejik Edgaryň ýagjaryp duran ýüzündäki burnuny goparypdym, ejesi edil şol wagt üstümize geläýdi. Indi aç-açan garpyşyk başlanar-ow! Keýpimize sogan dogralar. Bizi iýdirip-içirjegine-de ynamym ýok.

— Aý, özümiz bişirip-düşüribereris — diýip, Jorj arkaýyn gürledi. — Ýigrenýän şol missis Stiki! Joanna geläýmel-ä! Ýakymsyz Edgaram, olaryň gorkunç Porsujasynam ýek-ýigrenýän.

— Serediň, honha ol. Porsuja! — Birden elini uzadan Dik hyňranyp tarsa böken Timmini saklamaga çalyşýardy. Ýöne köpek onuň elini silkeläp goýberdi-de, atyzyň içi bilen öňe okduryldy. Porsuja jynssyz ses çykaryp jyrjak boldy. Ýöne Timmi onuň ýeňsesinden agyz saldy-da, dişleri bilen gaýym gapjap, ony syçan ýaly edip silkelemäge başlady.

Şo pille-de eli taýakly missis Stik peýda boldy, ol taýagyň haýsy ite degýänine-de parh goýman, aldygyna saýgylaýardy. Julian irdenki usulyny ulanyp şlanga ýapyşdy.

Aşhananyň äpişgesinden jyklap duran Edgar alanja almytyny ýatlady öýdýän, duran ýerinden gürüm-jürüm boldy.

Şlanganyň ujundan suw güýçli pürkülip gaýtdy, Timoti äňini gowşatdy-da, çyňsap urunýan gürjini sypdyryp goýberdi. Porsuja missis Stike tarap ýazzyny berdi, gorkudan saňňyldaýşyna onuň köýneginiň etegini penalanyp gizlendi.

— Men siziň itiňizi zäherläp öldirin! — diýip, missis Stik Jorja gazaply haýbat atdy. — Haçan görseň itime topulyp ýörşi. Ýanyňyzda gaýym saklaň, ýogsam zäherlärin.

Ol içerik sümülip gitdi, çagalaryň dördüsem otuň üstünde ornaşdylar. Jorjuň tolgunýany bildirýärdi.

— Ol, dogrudanam, Timmini zäherläýermikä, nähili pikir edýäň? — diýip, gyz howsala bilen Juliandan sorady.

— Daýzanyň-a pis kemi ýokdur — diýip, Julian sesini pessaýladyp gepledi. — Ätiýajy elden bermeli däl, mähriban Timmimizi gije-gündiz ýanymyzdan aýyrman saklamaly, ýalyny hem elinjek özümiz bermeli borus.

Timotiniň zäherlenäýmeginiň mümkindigi baradaky pikirden eýmenen Jorj itini usullyk bilen özüne tarap çekdi. «Hawa, missis Stik, hakykatdanam, eýmenç aýal» diýip, Jorj öz ýanyndan belläp goýdy. Ejesi bilen kakasy bir basymrak gelsedi! Munuň ýaly özbaşdak durmuşdan ne özüne, ne dostlaryna hezillik garaşýar.

Birdenem telefonyň ýiti jyrlaýan sesi eşidildi. Hemmeler böküp ýerinden turdular, Timmi hyňrandy. Jorj içeri ylgap, telefony galdyrdy. Kakasynyň sesini eşidenden, onuň ýüregi gürsüldäp urmaga başlady.

— Jorj, bu senmi? — diýip, kakasy sorady. — Gowuçylykmy? Uzak gürleşmäge wagtym ýok.

— Kaka, ejeme näme boldy? Tizräk gürle, onuň ýagdaýlary nähili? — diýip, Jorjam gyssandy.

— Onuň ýagdaýy diňe birigün belli bolar — diýip, kakasy jogap berdi. — Ertir irden, birigünem irden jaň ederin. Ejeň gowulaşýança men barman.

— Kaka, ejem bilen sen bolmasaň, bize-de kyn! — diýip, görgüli Jorj elendi. — Missis Stik şeýlebir nejis!

— Gulak as, Jorj — diýip, kakasy gyjyrdady. — Sen hemem dostlaryň öz aladaňyzy özüňiz edip bilermikäňiz diýýän, barýançam missis Stik bilenem oňuşsa bolar-a. Ýö-öne arz edip ýüregime düşüp durmaň. Onsuzam aladam ýetik.

— Haçan gelerkäň? — diýip, Jorj soraman durup bilmedi. — Ejemi görmäge barsam bolarmy?

— Ýok. Lukmanlar diňe iki hepdeden soň bolar diýýäler. Gyssagym özüm bilen. Ejeňi ýeke goýup biljek däl. Oňa meniň goldawym gerek. Hoşuň, akyllyja boluň.

Jorj telefony goýdy-da, dostlaryna tarap öwrüldi:

— Birigüne çenli ejemiň ýagdaýy barada hiç zat bilip bilmeris. Kakam gelýänçä missis Stik bilenem oňuşmaly borus. Kakamyň haçan geljegini bolsa, bir Alla bilýär! Munuň ýalam bir zat bolarmy, hä?

GIJEKI WAKA

Missis Stik gahar edip, şol gün agşamlyk naharam bişirmedi. Julian garbanar ýaly zat gözläp, aşhana ýönelse, gapy gulply bolup çykdy.

Ol ýüzüni salyp dostlarynyň ýanyna dolandy, hemmesiniň içi eljuk diýýärdi.

— Gapyny gurupdyr, ýakymsyz aýal! Bu gün agşam naharsyz oňmaly bolaýmasak — diýip, Julian hüňürdedi.

— Ýatmaga gidýänçä garaşmaly — diýip, Jorj çykalga salgy berdi. — Soň aşak düşeris-de, ammary dörüşdireris — belki, şo taýdan birzatlar tapylar.

Şeýdibem aç ýatdylar. Julianyň iki gulagy missis Stik bilen Edgaryň çybşyldylaryndady, haçan ýatarkalar diýip diňşirgenýärdi. Basgançak bilen ýokary galanlaryny, ýatalgasynyň gapysyny ýapanlaryny eşidip, pişik basyşyny edip aşak — aşhana düşdi. O ýer garaňky eken, Julianyň çyrany ýakmaga hyýallananam şol, kimdir biri burnuny çeken ýaly boldy. Kimkä? Ýa Porsujamyka, janlarym? Ýok, öz-ä itiň myşşyldysyna meňzänok. Adamyňky ýaly-la.

Aljyrap, tisginen Julian elini çyrany ýakýan düwmä ýetirip diňşirgendi. Ogr-a däl bolsa gerek, olar talaňçylyga gelen öýünde ýataýmaz-a. Missis Stikem däl, Edgaram. Onda burnuny çekýän kim?

Ol düwmäni basdy. Aşhana gündizlik ýaly ýagtyldy, şobada-da Julianyň gözi aşhanadaky diwanda uklap ýatan adama düşdi. Ol kelteräk boýly erkek kişidi, agzyny açyp, öli ýaly dünýäni duýman ýatyrdy.

Göz eglär ýaly ýakymly görnüş däl. Kişiniň bu golaýda sakgal-murty syrylana meňzänok, ýaňagyny-eňegini tüý basyp gidipdir. Endamyna suw degmändigine bolsa ondanam kän wagt bolandygy garagäz ellerinden, içi kirli dyrnaklaryndanam görnüp dur. Saçy ketgen ýaly, burny tüýs Edgaryňky.

«Şüý-ä, ýalňyşmasam, Edgaryň kakasy bolmaly — diýip, Julian çak urdy. — Ine, saňa tomaşa! Ejesi-kakasy şular ýaly bolsa, Edgar görgüliden näme tama etjek».

Ol adam gatydan horruk çekdi. Julian ýaýdandy. Onuň näler ammara giresi geldi, ýöne beýleki tarapdan gelmişegi oýadyp, gep-gürrüňi köpeldäýmekden heder etdi. Nädip bu bigänäni kowup bolar, alajyny tapmady — daýzasy bilen daýysy missis Stike käte adamsyny bu ýere getirmäge rugsat beren bolsalar näme, aý ýok, bulam heňe geljek zat däl.

Julian indi açlygyna çydanok. Ol ammardaky süýjüje zatlary hyýalynda aýlan badyna, göwnüni bire baglap çyrany söndürdi, garaňkyda sermenekläp ammaryň gapysyny tapdy. Garsa açdy-da, eli bilen tekjeleri barlaşdyryp ugrady. Oh-ho, ynha, bir zad-a bar! Ol piroga meňzeş närsäni elleşdirip gördi. Soňam burnuna ýetirip ysgady. Etiň ysy gelýär. Etli pirog — şüý-ä bolaýdy!

Julian tekjäni sermemesini dowam etdi we mürepbeli watruşka ( Gyralary büzülen, ortasy açyk, içi dorogly ýa-da mürepbeli tegelek gutapjyk.) bolsa gerek — tegelek, ýasy, ortarasy hem şepbeşik-şireli — höregiň üstünden bardy. Erbet däl, etli pirog bilen mürepbeli watruşka — dört sany surnugan çaga üçin tüýs geregi!

Julian pirog bilen watruşkaly jamy alyp, seresaplylyk bilen ammardan çykdy. Gapynam aýagy bilen açypdy, soň aşhanadan çykmak üçin işige tarap ýöneldi.

Ýöne garaňkynyň içinde ugruny ýitirdi-de — içigar galmyş! — diwana büdräýmezmi. Elindäki jamy siltenip gitdi, bir watruşka-da gaçdy. Barybam, göni uklap ýatanyň hatap ýaly açylan agzyna dykyn boldy, gözler ýalpa açyldy.

«Wah, jyn urmuş!» — Julian hyýalynda käýindi, o kişi beýleki gapdalyna agdarylyp, ýene uka gider-le diýen tama bilen ýuwaşjadan ökje ogurlamaga başlady. Emma şepbeşik watruşka eňeginden typyp, biynjalyk eden bolsa gerek, ol laňňa ýerinden galaýdy.

— Kim bar bärde? Edgar senmi? Bu ýerde näme işleýäň?

Julian sesini çykarman gapdallap, çen bilen gapy şol ýandadyr öýden tarapyna süýşmek bilendi.

O kişi zöwwe aýak üstüne galdy, elini sermenekledip çyranyň düwmesini gözlemäge durdy. Oňa eli degen dessine, basyp goýberdi, gözleri Juliana düşübem aňk-taňk boldy.

— Sen bärde näme işläp ýörsüň?

— Şony men sizden soraýyn diýip durdum — Julianyň sesi parahat çykdy. — Siziň bärde nä körüňiz bar? Näme üçin daýymyň aşhanasynda ýatyrsyňyz?

— Hakym bar — diýip, kişi gyryljyk sesi bilen jogap berdi. — Aýalym şu ýeriniň aşpezi. Gämim duralgada dur, özüm bolsa zähmet rugsadynda. Aýalym daýyň bilen gepleşipdir, olam maňa gelibersin diýipdir. Düşnüklimi?

Julianyň gorkup duran zadam şudy. Nejislikdigini! Öýde missis Stik bilen gögele Edgar Stikiň özem ýetikdi ahyry, indi mister Stike hem çydajak bolsaň! Reje-hä geň däl!

— Daýym irden jaň etse, anyklaryn ony — diýip, Julian gümansyradyp goýdy. — Indi bolsa ýolumdan aýrylyň! Men ýokary galmaly.

— Oh-ho! — Julianyň elindäki pirog bilen watruşka gözi kaklyşan mister Stik «heňini» täzeledi. — Oh-ho! Ammardan ogurlyk edýäs, hä? Diýseň gelşikli ýagdaý, sözüm ýok!

Julian bu ýagdaýda hojaýynsyramaga özüni hakly hasaplap duran mister Stik bilen ýaňkalaşyp durmady.

— Çekiliň gapdala. Daýym irden jaň etsin, men siziň bilen şondan soň gürleşerin.

Ýöne mister Stik Juliana ýol berjege meňzänok. Sakgaly syrylmadyk tumşugyny içýakgyç ýyrşardyp, Julian bilen boýdaş girdenek adamjyk onuň öňünde gazalyp durdy.

Julian dodagyny çömmeldip, sygyryp goýberdi. Ýokarky gatda bir zat patlap pola düşdi. Timmi Jorjuň ýatalgasyndan böken bolmaly. Soňam onuň penjeleriniň tapyrdysy eşidildi. Timmi kömege howlugýardy!

Bosaga ýetenden, eýýäm ol mister Stikiň ysyny aldy — ýeňse tüýleri dim-dik boldy, dişini çarhlap hyňrandy. Mister Stik gyssanmaç bosagadan bir gyra çekildi-de, ýyldyrym çaltlygynda gapyny ýapdy, gapy hütläp Timminiň hyrlap duran tumşugyna degdi.

— Hawa, indi näme etsem diýýäň onsoň? — diýip, ol ýaňsyly ýyrşaryşyna Juliana tarap öwrüldi.

— Gulak salaryn diýseňiz, aýdaýyn — diýip, Julian birden gyzyp başlady. — Şu elimdäki süýjüje, şirelije pirogy göni seniň syrtaryp duran tumşugyňa malçyldatsam diýýän!

Julian elini eýýäm ýokaryk galdyrypdy, mister Stik goranmaga çemelenip aşak egildi.

— Ýeri, ýeri, beýtme-dä — diýip, ol ýöwselläp ugrady. — Men-ä ýöne içiňi ýakjak boldum. Düşdüňmi? Gül ýaly pirogy zaýalap bolmaz-a? Beýle ýokary galasyň gelýän bolsa, galyber arkaýyn!

Ol ýene öňki ýerine — diwana tarap çekildi. Julian gapyny açdy, aşhana dişini gyjap Timmi girdi. Mister Stik oňa gytaklap howatyrly seretdi. Ol:

— Bu yşarat köpegiňi golaýyma getiräýme. It diýen jandary sulhum alýan däldir — diýdi.

— Onda näme Porsujanyň gümüni çekäýeňzok, şoňa düşünemok? — diýip, Julian sowal berdi. — Ýör, Timmi! Goý, ýeke galsyn. Ol hyňranyp oturanyňa degenok.

Julian basgançak bilen ýokary galdy. Timmi hem onuň yzyna eýerdi. Näme bolanyna düşünmedik çagalar ol ikisiniň daşyny galladylar — aşakdan çykan hüňürdiler gulaklaryna ýetipdi. Julian mister Stikiň ýüzüne pirog bilen ýelmejek bolşuny gürrüň berende, hemmäniň gülküsi tutdy. Enn:

— Oňa-ha geregem şol eken welin, biziň üçin gowy boljak däl — pirog datmanjyk geçerdik. Hawa, missis Stik albassy ýaly, bolsa-da eli-hä süýji. Bişiren pirogy bal ýaly! — diýdi.

Çagalar pirog bilen watruşkalaryň owuntygynam yrýa etmän ýuwdup-ýalmadylar. Şol bir wagtda Julian dostlaryna gämiden düşüp, dynç alyş rugsadyna gelen mister Stik barada gürrüň berdi.

— Üç sany Stik — köpräk öz-ä — diýip, Dik pikire çümüp oturyşyna seslendi. — Haýp, olardan dynmaga, öýde hojaýynçylyk etmäge biziň hakymyz ýok. Jorj, sen ertir kakaň bilen gürleşip: «Bizi Stiklerden dyndar» diýseň näder, öz günümizi özümiz görerdik-dä.

Jorj:

— Synanyşaýyn. Ýöne onuň ýagdaýyna özüňiz belet — kejeleşip oturyp bolmaz. Barybir, düşünişjek bolaryn. Eý, hudaý, ukymyň tutaýşyny! Gitdik, Timmi, ýataly! Aýagymyň üstünde ýatarsyň. Indi senden gözümi aýyrmajak bolaryn, ýigrenji Stikler seni zäherlemezi ýaly — diýdi.

Garny doýan dört çaga tizara rahat uka gitdi. Stiklerden biri otagyna girer diýen gorky çagalarda ýokdy, sebäbi Timminiň dessine duýdurjagyny, oýarjagyny bilýärdiler. Timmi olar üçin iň ygtybarly garawuldy. Irden missis Stik olara, geň galaýmaly, ertirlige meňzeş bir nahar-a berdi.

— Jorj, ol aýal kakaň jaň etjegini bilýär — diýip, Julian düşündiriş berip başlady. — Arz edere sebäp ýok diýdirjek bolýandyr. — Kakaň haçan jaň ederin diýipdi? Dokuzda, şeýle dälmi? Şu wagt dokuzyň ýary. Geliň, häzirlikçe ylgap aýlaga baryp geleliň.

Şeýlelikde, bäş bolup öýden çykdylar, Edgara barmysyňam diýmediler, ol bolsa eýýäm bagda durdy, çagalara gözi düşenden ýüzüni-gözüni üýtgedip, oýnakladyp başagaýdy. Oňa seredeniň kellesine akyly ýerinde däl öýdýän diýen pikir geljekdi. Oglanyň bolşy Julianyň deň-duşlaryna mahsus boluş däldi, geňdi.

Gezelençden on minuty kem dokuzda dolandylar.

Julian:

— Myhmanjaýda oturyp jaňa garaşarys. Telefony ilki bolup missis Stikiň götererine ýol bermeli däl.

Ýöne ýaman ýeri, missis Stik eýýäm eýwana çykyp telefonda gürleşip duran bolsa nätjek, öýe golaýlaberenlerinde onuň sesi eşidilip başlady.

Onuň:

— Bor, ser — diýen sesi geldi. — Ähli zat ýerbe-ýer. Çagalaryň aladasyny ederin, ýöne käte olar mesele-de döredäýýäler, elbetde. Bor, ser, hökman! Gowy ýeri, adamym hem rugsada geldi, hojalyk işlerime kömegi degip dur. Hiç zady alada etmäň, ser, ähli işleriňiz birýüzli bolýança, geljek bolup azara galyp ýörmäň. Özüm hötdesinden gelerin.

Jorj eýwana aldyrany bar ýaly atylyp girdi-de, telefonyň tutawyny missis Stikiň elinden garbap aldy.

— Kaka, bu men, Jorj! Ejemiň ýagdaýy niçik? Tizräk gürle!

— Häzir-ä erbet däl, Jorj — diýip, kakasynyň sesi eşidildi. — Ýöne biz ertir irdene çenli belli bir zat bilip bilmeris. Missis Stikden ýagdaýlaryňyzyň gowudygyny eşidip ynjaldym. Meniň bu ýerde gaýgy-aladam ýetik, «Kirrin-kottejde ähli zat gowy, çagalaram oňat» diýip aýdaýyn-da, ejeňi begendireýin.

— Ýöne bu ýalan! — diýip, Jorj gaharly gepledi. — Ýalan! Gowy zat ýok! Stikleri öýlerine ugradyp bolmazmyka, özümiz başymyzy çarardyk.

— Eý, Allam, elbetde, bolmaz! — Kakasynyň sesinde geňirgenme bilen janyýangynlylyk duýuldy. — Ýene näme gep tapdyň? Jorj, men-ä seni akyly ýitije hasaplap ýördüm. Meň saňa… aýtmaly zadym bar.

— Aý, ýok, Julian, gowusy onuň bilen özüň gürleş. — Sesine gowuşgynsyzlyk aralaşan Jorj telefonyň tutawyny Juliana geçirdi. Oglan tutawy gulagyna ýetirip, dury, belent sesi bilen gürläp başlady:

— Ertiriňiz haýyrly! Siziň bilen Julian gürleşýär. Daýzamyň ýagdaýy ganymat eken begendim.

— Emma Kirrin-kottejde ýagdaýyň gowy däldigini bilse, ol tapdan düşer. — Kwentin daýynyň sesinde lapykeçligiň äheňi duýuldy. — Jorj bilen gürleşip, ony köşeşdirip bilmezmikäň? Şol Stikleriň maşgalasy bilen birki hepde oňşup ýaşasa bolar-a, toba? Julian, saňa dogrulap aýdaýyn, özüm ýok wagtym olary kowup biljek däl, daýzaňy yzyna eltemde, öýde ähli zadyň ýerbe-ýer bolaryny isleýän. Eger siz hiç oňşup bilmejek bolsaňyz, ene-ataňyza habar ýetiriň-de, «Bizi äkidiň» diýiň, dynç alşyň galan bölegini öýüňizde geçiräýersiňiz. Ýöne Jorj siziň bilen gitmeli däldir. Ol Kirrin-kottejde galmaly. Men soňky sözümi aýtdym.

— Her niçik-de bolsa… — diýen Julian gyzma daýysyny nähili sözler bilen köşeşdirjegini bilmän elewredi. — Men size şuny aýtmaly…

Ýöne telefonyň ol ujundan «şakyrt» edip ses çykdy. Kwentin daýy tutawy goýdy. Gep gutardy. Içigar! Julianyň ýüzi gamaşdy, dodaklaryny mäkäm ýumup, dostlarynyň ýüzüne seretdi.

Julian:

— Ol gitdi. Jedelleşeýin diýip durkam, gürrüňi kesdi! — diýdi.

Däliziň o çetinden missis Stikiň gödek sesi eşidildi:

— Ana, saňa gerek bolsa! Indi düşünensiň ýagdaýa. Men bu ýerde hyzmatda, şu taýda-da galaryn — daýyňyzyň görkezmesi şeýle. Şoň üçinem düzüwlije boluň, ýogsam özüňiz kösenersiňiz.

JULIAN STIKLERIŇ MAŞGALASYNA NÄGILELIK BILDIRÝÄR

Gapylaryň tark-turk açylyp-ýapylýan sesi eşidildi. Aşhana girip gapyny içinden beklän miss Stik Edgar bilen mister Stike şu günki bolan täzeligi beleň alyp gürrüň berýärdi. Myhman otaga geçen çagalar biri-birine gabak astyndan seredişdiler.

— Kakamyň beýle gyňyr bolaýşyny! — diýip, Jorjina lapykeç dillendi. — Ol hiç mahal hiç kime gulak asýan adam däl-ä.

— Senem düşünäý, häzir onuň aladasy başyndan agdyk — diýip, Dik ýagdaýa akylly-başly çemeleşmäge çalyşdy.

— Wah, içigar, ol dokuzdan öň jaň edäýdi-dä, missis Stike ilki bolup gürleşmäge pursat döredi.

— Kakam saňa näme diýdi? — diýip, Jorj sorady. — Jikme-jik gaýtala.

Julian eşidenini gaýtalady:

— Şol maşgala bilen oňuşmajak bolsaňyz, gowusy, Enn, Dik we men üçiňiz ene-ataňyzyň ýanyna gaýdyberiň diýdi. Ýöne sen öýüňizde galmaly.

— Onda näme, — Jorj bu sözleri Julianyň ýüzüne çiňerilip aýtdy — oňuşmaýan-a siz, gaýdyberiň gaýtsaňyz. Menem öz günümi özüm görerin.

— Bolgusyz gepleme! — Julian emaý bilen elini gyzyň egnine goýdy. — Özüň bilýäň, bizmi seni ýeke taşlap gitjek. «Gadyrdan» maşgalanyň gepini hepdeläp çekip gezmek özüme aňsat düşer-ä öýdemok, ýöne nätjek, beterinden-beteri bar. Synaga «döz gelmeli» bolar.

Ýöne onuň zoraýakdan tapan degişmesine gülen tapylmady, hatda Ennem ýylgyrmady. Üç sany «Syrygyň» gepini çekip ýaşamak baradaky pikir hiç kime ýakmady. Timoti kellesini Jorjuň dyzyna goýdy. Ony sypalap oturyşyna, gyz dostlaryna nazaryny aýlady.

— Öýüňize gaýdyň. Kelläme bir pikir geldi, ýöne ony amal etmek üçin siziň maňa geregiňiz ýok. Ýanymda Timmi bar, meni şol gorar. Ene-ataňyza jaň ediň-de, ertiriň özünde yzyňyza ugraň.

Jorj bu sözleri tumşugyny göge tutup, gödeklik bilen sugşurdy. Onuň, hakykatdanam, bir hyýala münendigine şek-şübhe galmady.

— Kesirlik etjek bolma — Julian özüni oňaýsyz duýdy. — Men saňa aýtdym-a, biz seni kyn günde ýeke galdyrmarys diýip. Eger etsem-goýsamyň bar bolsa, kömek ederis. Ýöne beýle ýagdaýda täk özüňi galdyryp bilmeris, näme bolsa görübiris.

— Aý, bolýa, isleseňiz galyň, ýöne men meýlimi amala aşyryn, şonda-ha düşünersiňiz, öýümize gaýdan bolsak gowy boljak eken diýersiňiz. Ýör, Timmi! Jimiň ýanyna baryp göreli, gaýygym taýýar boldumyka.

Dik:

— Menem bile gitjek — diýdi. Onuň Jorja nebsi agyrdy. Jorjuň gözilginç gödekliginiň aňyrsynda bikararlygyň, ynjalyksyzlygyň ýatandygyna ol gowy düşünýärdi — bir ýandan ejesini alada edýärdi, beýleki tarapdan kakasyna gahary gelýärdi, dostlary bolsa öýlerine gaýdyp, galan dynç alyş günlerini şadyýan geçirmegiň deregine, Jorjuň bähbidine onuň ýanynda galýardylar, muňa hem keýpi gaçýardy.

Bäh, şu gün-ä ýyldyza ýörän ýaly bolduk. Jorj dynman: «Siz öýüňize gitmeli, meni ýeke goýuň» diýip gaýtalaýardy. Dostlary gitjek däl diýip ýer depip duransoňlar, ol biraz öýkelejegem boldy.

— Siz meýilleşdiren işimi püçege çykararsyňyz — diýip, ol ahyry gönüledi. — Siz bu ýerden gitmeli, walla, çynymy aýdýan, gitmeli. Ýogsam meýilleşdiren işim ahyrda paşman galar. Men çynymy aýdýan! — Jorj gyzyp ugrady. — Meniň ýalan sözlän wagtymy gördüňizmi? Gören dälsiňiz! Öz etsem-goýsamym bar diýdimmi, diýmek, hakykatdanam bar. Ýöne ony size mälim etme niýetim ýok, biderejik sorap oturmaň. Bu meň syrym, hut öz tapan etsem-petsemim!

— Ýöne, neme, meniň pikirimçe-hä, bizden gizlemeseň gowy bolardy — Dikiň sesi nägile çykdy. — Onsoňam iň golaý dostuň biz-ä. Ýa beýle dälmi? Öz etsem-goýsamyň bolsun-bolmasyn, biz seni taşlamarys. Etsem-goýsamyňa, öz aýdyşyň ýaly, päsgel berýänem bolsak, barybir, biz seň ýanyňda galarys.

— Men öz meýilleşdirenimi siziň puja çykarmagyňyza ýol bermen! — diýende, Jorjuň gözleri ýanyp gitdi. — Siziň baryňyz ýaramaz. Edil Stikler ýaly, sizem meň garşyma gidýäňiz!

Enn aglaýjak-aglaýjak boldy:

— Eý-ho, Jorj, nädip beý diýip bilýäň. Tersleşmek gerek däl! Hol bolgusyzlar bilen tersleşenimiz azmy, öz aramyzda bir agzybir bolalyň-da!

Jorjuň girre gaharlanyşy ýalam tiz köşeşdi. Öz bolşundan özi utandy.

— Bagyşlaň — diýip, ol ötünç sorady. — Bu samsyklyk. Tersleşmek niýetim ýokdy. Men çynymy aýtdym. Öz meýilnamam boýunça hereket ederin, ony size aýtjak däl, sebäbi açyk aýtsam, dynç günleriňiziň işi görler. Haýyş edýän, ynanaýyň şuňa!

Julian ýerinden turşuna:

— Geliň, ýene açyk howa çykyp garbanalyň. Bu gün dört diwara daňlyp oturmasak gowy bolaýjak ýaly. Gideýin, Stik kempiriň keýpini gorjalap göreýin.

— Eý, mähriban Julianymyz, munuň batyrgaýlygyna bak-a! — diýip, Enn buýsanjyny daşyna çykardy. Özüm bolsam-a, missis Stik bilen gepleşmäge ömrem gitmezdim!

Missis Stik hakykatdanam dymma eken. Gazanan ýeňşine içinden guwanyp oturanam bolsa, bal ýaly edip bişiren etli pirogynyň hem-de içi mürepbeli watruşkalarynyň gürüm-jürüm bolmagy onuň keýpine sogan dograpdy. Julian aşhana giren pursady mister Stik bolan işi aýalyna gürrüň berýärdi.

— Bişiren etli pirogym bilen mürepbeli watruşkamy ogurlap, ýene nä ýüzüňe maňa meýdan oturylyşygy üçin şöhlatly çörek taýýarlap ber diýip bilýäň! — diýip, missis Stik gaharyny pürkdi. — Oturylyşygyňyza gaty çörek bilen mürepbeden başga zat almarsyňyz. Bilip goýuň, şonam beresim gelip duranok, ýöne birsalym başymdan sowulsaňyz şoňa-da şat.

— Ýoluňyz açyk bolsun, gözümiz görmesin! — diýip, Edgar burnuna salyp mydyrdady. Ol diwanda çäşerip ýatyşyna, sahaby ala-mula, içi durşuna degişme suratly kitaby okaýardy.

— Edgar, aýtjak zadyň bar bolsa, tur, daşary çykaly, şol ýerde gürleşeris — diýip, Julian hemle bilen teklip etdi. Missis Stik ur-tut ara goşuldy:

— Edgary gününe goý!

— Höwes bilen — Julianyň sözleri dişleriniň arasyndan syzylyp çykdy. — Baý, maňa gerek-dä şol! Ýüzi düwürtikli gorkak!

— Haý, haý, agzyňy onda-munda uruberme! — diýip, mister Stikem oturan ýerinden gykylyklady.

— Dagy näme, gep çekip durar öýtdüňizmi, tapdyňyz ýuwaşy! — diýip, Julian dessine jogabyny berdi. Mister Stik ör turup jabjyndy:

— Duruber bakaly, sen entek görersiň!

Julianam gep alyp galmady:

— Görmedigim siz bolsun. Göresiň gelip gözüň çeker ýaly mysalaňyzam-a ýok.

— Gaty gidýäň! — missis Stik gahardan ýarylaýjak boldy.

— Gaty gidemok-da, çynymy aýdýan — diýende, Julianyň ýüzi ýagtyldy. Missis Stik oňa jiňkerildi, Julian göz-görtele onuň içini ýakjak bolýar.

Oglan agzyny salajan goýberip ýörenlerden däldi, gepi-sözi ýerliklidi. Ötgürden-ötgür sözi hem ýylmap, sypaýylyk bilen aýtjak bolardy. Julian ýalylara düşünmek missis Stike başartjak zat däl. Ol dostlaryň özünden has akyllydygyny duýdy. Bu oglany bolsa onuň halys jyny alanokdy, elindäki pitini elýuwaryň nowasyna goýmakçy bolanda, Julianyň kellesini göz öňüne getirdi öýdýän, gahar bilen düňküldedip goýdy.

Duýdansyz çykan düňküldä Porsuja ziňkildäp gitdi. Ol silkinip turdy-da, hyňranmaga durdy.

Julian:

— Wiý, Porsuja, barmydyň, salam! Ahyrsoňy seni suwa düşüräýdilermi? Aý, ýok, hemişeki bolşuň, ysyň tutup gelýär! — diýdi.

— Itimiň adynyň Porsuja däldigini sen gaty gowy bilýäň — diýip, missis Stik ýüzüni-gözüni turşatdy. — Güm bol aşhanadan!

Julian rahatlygyny saklady:

— Bor! Höwes bilen giderin. Gaty çörek bilen mürepbäni bolsa aňryňyzda goýaýyň. Başga gowurak zat tapjak bolaryn.

Ol sykylyk çalyp, aşhanadan çykdy. Porsujanyň hyňranmasy ýatmady, Edgar bolsa şol bir sözlerini sarnaýardy:

«Ýoluňyz açyk bolsun! Gözümiz görmesin!».

— Näme diýdiň? — Julian hyrra yzyna öwrüldi-de, gapydan içerik boýnuny uzatdy. Ýöne Edgar diýýämiňem diýmedi, Julian bolsa şadyýan sykylyklap, ol ýerden uzaklaşmak bilen boldy, ýöne onuň ýüreginde welin, şu wagt şatlanara sebäp ýokdy.

— Guşluk çaýda gaty çörek bilen mürepbe iýmäge höwesliňiz barmy? — diýip, dostlarynyň ýanyna dolanyp gelen Julian sorady. — Ýok? Menem şeýle boljagyny bildim-de, missis Stikiň gadyr bilen eden hödürinden boýun gaçyrdym. Gideliň-de, teýliräk bir zat satyn alyp geläýeliň. Şu golaýdaky dükanjykda içi büzmeçli bulka gördüm.

Jorj uzakly gün dymyp geçdi. Dostlary oňa düşündi — ejesini alada edýär. Belki, ýüregine düwen meýlini ölçerip-dökýän bolmagam ahmal. Çagalar onuň nä hyýala münenini aňybilmän üşerilişýärdiler.

Eý görýän adasyna gidilse, Jorjuň gussaly pikirlerden biraz ünsi sowlar diýen tama bilen Julian oňa sowal berdi:

— Bu gün Kirrin adasyna gidýäsmi onda?

— Ýok — diýip, Jorj başyny ýaýkady. — Birhili aýagym çekenok. Gaýyk taýyn, bilýän, barybir gidesim gelenok. Maňa dogry düşüniň, ejem gutulýança, öýden uzaklaşmasam gowy bolaýmasa. Birden kakam jaň etse, missis Stik meni çagyrmak üçin yzymdan Edgary ylgadar, ada gitsem welin, ol meni tapybam bilmez.

Çagalar uzakly gün jaýyň töwereginde köw-söw etdiler ýördüler, üýtgeşik eden işleri bolmady. Guşluk çaýda myhman otagyna ýygnandylar, missis Stik öňlerinde çörek bilen ýag goýdy, ýöne köke-söke welin bişirmändir. Süýt bolsa biraz turşapdyr, çaýy süýtsüz içmeli boldular, bulam göwnejaý bolmady.

Çaýyň başynda otyrkalar, penjireden Edgaryň sesi eşidildi. Ol galaýy ýalagy getirip, otuň üstünde goýdy-da:

— Bu, ynha, itimize, Hezzetlik Ýal — diýip gygyrdy.

— Özüňem hezzetlik ýala meňzäp dursuň — diýip, Dik ýigrenç bilen aýtdy. — Ýakymsyz oglan! Muňa hemmäň gülküsi tutdy.

— Edgar — Hezzetlik Ýal! — diýip, Enn gaýtalady. — Ýogsa-da, Jorj, bufetdäki baňkada biraz köke galan-a däldir?

Jorj bufetden köke gözlemäge gitdi. Onýança Timmi öýden atylyp çykdy-da, ýalagyň ýanyna baryp ysyrganmaga durdy. Stoluň başyna dolanyp gelen Jorjuň gözi birden Timmä düşdi. «Zäherlejek bolýan bolaýmasynlar» diýen pikir onuň kellesinden at salyp geçdi-de, allaniçigsi bolup gygyrdy. Çagalaryň ini jümşüldäp gitdi.

— Tim! Tim! Agzyňa alaýma! Alaýma!

Timmi: «Iýjegem bolamok» diýen terzde guýrugyny bulaýlady.

Jorj ylgap howla çykyşyna, içi dogralan etli galaýy ýalagy ýerden galdyryp ysgap gördi. Onuň sesi endiredi:

— Iýen dälsiň-ä, Timmi? Iýeňok gerek?

— Ýok, iýenok — diýip, penjireden kellesini çykaran Dik oňa habar berdi. — Men seredip durun. Ol ýalagy, onuň töweregini ysgady, emma ýala agyz urmady. Jedelem edip biljek, şoňa alaka garşy awy ýa-da başga bir zatlar sepilen bolmaly.

— Eý-ho, Timmi! — diýen Jorjuň ýüzi ak kagyz ýaly boldy. — Sen akylyň öýjügi! Awulanan eti iýmersiň ahyry? Dogry gerek?

— Haw! — edip Timmi dogumly tassyklady. Onuň sesine aşhananyň gapysyndan Porsuja tumşugyny uzatdy.

— Porsuja! Porsuja! Gel bärik! — diýip, Jorj gaty sesi bilen ony çagyrdy. — Timminiň ýal iýesi gelenok. Sen iýäý onuň paýyny. Gel bäri. Porsuja, ynha ýalak!

Porsujanyň yzyndan atylyp çykan Edgar gygyrdy:

— Dur, berme ony!

— Näme üçin? — diýip, Jorj mönsüredi. — Hany aýt-da, Edgar, nämüçin?

Edgar sakynybrak:

— Ol çig et iýmeýär. Diňe itleriň kökesini iýýär — diýip buýtar-suýtar etdi.

— Ýalan! — diýip, Jorj gahardan ýarylara geldi. — Düýnjük öz gözüm bilen gördüm çig et iýenini. Gel, Porsuja, hany, lak-luk at şuny.

Burnunyň aşagyndan düşnüksiz bir zatlar mydyrdan Edgar Jorjuň elindäki ýalagy kakyp aldy-da, öýe tarap jyrdy. Jorj tas yzyndan ylgapdy, entegem ony Julian saklap ýetişdi — Edgar howluda peýda bolan dessine, ol şo pille penjireden böküp daşaryk çykypdy.

— Peýdasy ýok, jigim jan! Ony mekirliginde tutup bilmersiň. Ýaňky et bölegi eýýäm otda jyzyrdaýandyr. Mundan beýläk Timotini özümiz naharlarys, eti gassabyň ýanyna baryp, öz jübimizden satyn alaýarys. Sen gorkup oturma, köpek awulanan ýala agzynam urmaz. Onuň bu zatlara akyly ýetýär.

— Ýöne, Julian, ol aç bolsa, halys gyzyl aç bolsa, iýibem bilerdi ahyryn — Jorj şeýle diýýärkä, ýüzi gorkudan ýaňa gögerip-agaryp gitdi. Tasdanam ysgyndan gaçypdy. — Elbetde, men Porsuja awulanan eti iýdirmäge dözmezdim, ýöne men pikir etdim, eger et hakykatdanam zäherli bolsa, bu «üýtgeşik» maşgaladan kimdir biri ylgap gelip, it datmanka agzyndan kakyp alar diýdim. Ine, aýdyşym ýaly, Edgar durup bilmedi. Şeýdibem men etiň awulydygyny subut etdim. Dogry gerek?

— Menem şo pikirde — diýip, Julian ony makullady. — Jorj, ýöne sen alada etme, Timmini zäherlemäge olaryň gaýraty çatmaz.

Jorj elini jana-jan itiniň kellesine goýup janykdy:

— Ýöne ol dadybam bilerdi ahyryn, bilerdi! Şu ýadyma düşende depe saçym düýrügýä. Gorkýan, Julian, çynym bilen gorkýan.

Julian onuň elinden tutup, jaýa tarap alyp barýarka:

— Beýle pikir etmejek bol. Al, köke iý gowusy!

Kökäniň ýüzüne şübheli mölterilip sereden Enn beterinden-beterini tapdy:

— Stikler biziň özümizi zäherlemez öýdýäňmi?

— Wah, samsyjak, olar diňe Timmiden dynmaň aladasynda, sebäbi köpek biziň daşymyzyň goragy — diýip, Julian köşeşdirmäge durdy. — Beýdip titräp durmad-a! Birki günden hemmesi düzeler, onsoň dynç alşymyzam gül ýaly geçer. Ynha, görersiň!

Julian muny häkibir jigisini köşeşdirmek üçin aýdypdy. Içinden welin, ony hem howsala basypdy. Özüne galsa, Enni, Diki we Jorjy höwes bilen öýüne äkitmekçidi. Jorjuň gitmejegine gözi ýetik. Ony Stikleriň maşgalasy bilen ýeke galdyrmaga dözjekmişmi dostlary? Bu barada gürrüňem bolup bilmez. Dostlar bir-birege arka durmaly — Fanni daýza bilen Kwentin daýy gelýänçä syr bildirmän çydajak bolmaly.

(Dowamy bar).

Rus di­lin­den ter­ji­me eden Oraz­gül GUR­BA­NO­WA

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle