| |

Girdapdan kenara -3/ powestiñ dowamy

Girdapdan kenara -3/ powestiñ dowamy

Mansuryň indi ýumşamajagyna göz ýetiren Dumanlynyň razy bolmakdan özge çäresi galmandy. Şeýdip, Mansur ynançly magazin müdirleriniň haýsysyna näçe sany defisit haryt ýazan bolsa, onuň deň ýarysyny, şol ýeriň özünde nagt pulyny sanap berip ‘‘satyn’’ alyp galdy. Şu hili edip, Mansur özüne gelen defisit harytdanam bir entegini artdyryp galdyrypdy. Indi ol şol harytlary ýerleşdirmegiň ugryna çykmaly. Emma nähili edende bu iş hamyrdan gyl sogyrlan ýaly aňsat boljagyny entek ol 
    gowy bilmeýärdi. Bu işde-de ol Halyl Haýdarowiçiň özem “hökmän kömek ederin. Artdyrylan harytlary skladda köp saklamak bolonok’’ diýipdi.
    Iş güni ahyr bolup barýardy. Mansur “Näme etsemkäm? Nätmelisini häzir daýymdan sorasammykam?’’ diýip içini gepledýärdi. Edil şol wagt ammara garaýagyz ýüzine gelşip duran ap-ak dişlerini ýyldyradyp, Jemşit gelip girdi.
    -Oha! Jemşit, dostum! –diýip, Mansur elini uzadyp onuň öňünden çykdy. Mähirli salamlaşyp, soraşdylar. Jemşit Aşgabada inistituda gideli bäri kanikul döwründen başga wagtda köne dostlar seýrek duşuşýardylar. Ýöne Jemşit bir sebäp bilen Aşgabatdan öýlerine geläýse, Mansury görman gitmezdi. Jemşit häzir hem bir işi çykyp okuwdan üç güne jogap alyp gaýdypdy.
    -Bah! Muňa seret-le! Student diýseňem-ä, özini alyp barşy professor ýaly-aýt!- diýip, Mansur dostuny başdan-aýak synlady.- Üçinji kursa daga-da geçäýdiň öýdýän . Beý, wagtam çalt geçýär-ow.
    -Howa, öz-ä geçip dur. Göwnüme bolmasa geçdigi saýyn durmuşam, adamlaram özgerip, üýtgeşip, barýan ýaly-diýip, Jemşit ap-ak endigan dişlerini görkezip ýylgyrdy. -Ine senem tüýs söwda işgärlerine meňzäp duryberipsiň.
    Olar bir salym gümür ýamyr etdiler. Mansur içinden howlugýardy. Ol tizräk Halyl Haýdarowiçiň ýanyna barmalydy, özüni alada goýýan hälki zat barada maslahat soramalydy:
    -Jemşit, bagyşla dostum-diýip, Mansur gönülemeli boldy. -Men iş wagty gutarmanka edaramyza barmaly. Gowusy sen agşam öýe gel, arkaýynja, gürleşeris.
    -Ertirden bäri şeý diýäýseň bolmaýarmy. Men bir eýýäm giderdim-diýip, Jemşit ýylgyrdy.-Mansur, wagtyñy alanym üçin bagyşla. Agşam öýede bararyn. Ýöne bu ýere gelmegimiň sebäbi, saňa birje ýumuşym bar.
    -Ýumuşmy?… Näme ýumuş?
    -Sende andatr telpek barmyşyn diýip eşitdim. Şondan birini puluma berip bilmezmiň? Jygyldykdan aljak bolsaň-a üç-dört bahasyna-da berenoklar. Onsaň studente kyn düşäýýä.
    Mansur bir bada näme diýjegini bilmän ýaýdandy. Şu ammara geçen güni daýysynyň öýüne çagyryp, beren öwütleri misli gulagynyň düýbünde gaýtalanan ýaly boldy: “ Indi senden zat sorap gelen köp bolar. Birine bir zat beriji bolma. Iliň göwnüni aljak diýseň, öz jübiñe zyýan eti-rersin. Onsañam biriniň togsan dokuz gezek işini bitirip, bir gezek bitirmeseň senden ýaman adam bolmaz. Adamlaryň gurlyşy şeýle.’’
    Howa, ol telpekden bardy… Iki üç gün oňräk aýdan bolsaň tapyp beredim. Indi gutardy. Öýkeleme Jemşit.
    Jemşit onuň aheňindäki ýasamalykdan ýalan sözleýänini derrew aňdy.
    -Indi gutardy, diýsene- diýip, Jemşit köne dostuna ahmyr bilen dowamly seretdi. Ol ýene, “Telpegiň-a gutarmadygyny gözlerinden görüp duryn, ýöne sende wyjdan, adamkärçilik diýilýän zatlar gutarypdyr’’ diýip aýtmakçy boldy, emme saklandy, onuň deregine:
    -Bolýa, zyýany ýok. Onda men gitdim, hoş!-diýip gapa tarap ugrady.
    -Häzirlikçe hoş! Ýöne agşam öýe gel! –diýip Mansur elini galgatdy.
    Jemşit geplemän çykyp gitdi. Mansur dostunyň öýkelänini syzdy, özuniň etmişine ökündi “Näme üçin beýtdim? Birjejigini bersem näme bolardy? Jemşit köne, gadyrdan dostum, ahyryn.’’ Mansur bu etmişine näçe puşman etse-de,esasy işi ýatdan çykaranokdy. Ol howur-hala ammary gulplap, edara tarap eňdi.Ýöne ol gijä galypdy, Halyl Haýdarowiç eýýam giden eken. Ol “Indi nätsemkäm, öýlerine baraýsammykam’’, diýen pikr bilen köçä çykyp töweregine yaltaklap durdy. Şol wagt bir sary “Moskowiç’’ gelip, onuň deňinde saklandy. Maşyny sürüp oturan orta yaşlaryndaky, owadan ayallara meňzeş, koseleç adam gapyny açdy-da:
    -Mansur jan, mün alyp gideýin- diýdi. Oslagsyz ýerde peyda bolan bu adamy tanajak bolup, Mansur oña siňe seretdi. Ýylmanak ak ýüzli, gara gaş, gara göz bu adamy Mansur öň hiç ýerde görmändi. Nätanyş Mansuryň ýaýdanyp duranyny añyp ony gyssady:
    -Gel,mun! çekinip durasy zat ýok, inim.
    Mansur geňirgenýänini bildirmejek bolup, ýylgyrjaklady:
    -Çekinip name, men gyzmydyryn, ýaşuly-diýip, maşyna mündi, salam berdi. Nätanyş maşyny sürüp otyrşyna bir kemini goýman soraşdy. Ol Mansuryň asly-nesline belet bolara çemeli, hatda ejesiniňem adyny tutup, jan saglygyny sorady. Arasynda Halyl Haýdarowiç bilen hem gadyrdan aşnadygyny ýaňzytdy. Bir çatryga ýetende bolsa:
    —  Mansur jan, bir gören tanyş, iki gören garyndaş diýipdirler. Gowusy, biziňka gideli. Bir sellem oturarys, ýüzleşeris. Nähili görýäň?—diýip ýaşynyň bir çene baranyna garamazdan henizem lowurdap duran gara gözlerini gyrpdy.
      -Ýok, ýaşuly. Sag bol. Ine şu çatrykdan geçenden soň men duşýän, öýümiz şu ýere golaý.
     — Onda, bu gezek seniňkide bir käse çaý içäýeli-diýip ol maşyny göni Mansurlaryň gapysyna sürdi. Mansur bu adamyň bolşuna haýran galyp, näme diýjegini bilmän dilini dişledi. Ol bolsa:
    -Näme dymýañ, inim? Ýa-da bir käse çaýyñy gysganýañmy? –diýip, ardynjyrap goýberdi. Mansur çaýyny gysganmasa-da, bu adamy näme üçindir öýüne eltmegi islemeýärdi. Onda-da näme, türkmençilikde öýüne barjak diýip duran adama zat diýip bolýarmy. Içinden ýaman görse-de, daşyndan güler ýüz bilen mürehet etmeli boldy. Natanyş çaýyň başynda özüni tanyşdyrdy.Yştymagy gelip çykysyna çenli gurrun berdi:
     — Maña Hojamguly Bazarow diyyaler. Meni şu etraplarda tanamayan adam yok, inim.Kakam pahyram il içinde tanalýan adamlardan bolupdyr. Onun ady diñe Bazar bolman, özu-de tuys bazar adamsy bolupdyr. Ol, pahyr mañada: “Oglum, baýyň ogly bolandan, bazaryň ogly bol. Hiç haçan hor bolmarsyn" diýerdi. Howa, inim.
    Hojamguly ine şu giriş sözünden soň, esasy maksada geçdi:
    -Inim Mansur jan, hazirki zamanda hemme kişä syr bildirip, ynanyp bolonok. Mundan beýläk näme algy-bergi bolsa ikimiziň aramyzda bolsun. Meniň bilen iş salyşsaň zyýan görmersiň. Pul diýseň-ä bizde hemişe  nagtdyr.
      Mansur bu adamyň biderek yere ilişip gelmänini öňden syzýardy. Ol täze tanşyny synlap oturşyna, atiýaç edip geplemedi.
      Hojamguly owadan gözlerini gyrpyldadyp, jogaba garaşýardy. Mansur bolsa daýysyndan geñeşsiz oňa hiç zat aýdyp biljek däldi. Hojamguly misli Mansuryň pikirini okan dek:
    -Meniň bilen aragatnasyk etseň, Halyl Haýdarowiç hem ters görmez, inim-diýip, endigan maýda dişlerini güjeňlap ýylgyrdy. Mansur: “Bä, bu adamyň owadanlygyny” diýip içini gepletdi. Soňra oňa ikuçly jogap berdi:
    -Aý, entek göribereris, Hojoguly aga.
    -Sen, görübereris diýip gümürtük etme, inim. Onsoňam bir zady ýadyňdan çykarma: Artykmaç harydy skladda köp saklamak bolonok. Artykmajyny beýleden gümüni çekmek gerek-diýip Hojamguly Mansura çiňňerildi, soňra mylaýymlyk bilen üstüni yetirdi-Meniň bilşime göra häzir sende on-onbäş sany defist haryt bar.
    Mansur aşak bakyp dymdy: “Bä, bu mende nämäniň bardygyny nirden bilýärkä? Ýöne onuň, artykmaç harydy köp saklamak bolonok diýýäni dogry. Muny daýym hem aydypdy” diýip, ol içini gepledýärdi.
    Hojamguly bu dymyşlygyň öz peýdasyna çözüljegini añyp, soñky sözüniñ täsirini has artdyrmaga çalyşdy:
    -Näçe diýseňem pul bizde nagtdyr.
    Mansur gözuni gyrpyldadyp oňa seretdi. Hojamguly gözlerini süzüp, uzyn ak barmaklaryny biri-biriniň daşyndan aýlap oturşyna jogaba garaşýardy. Henizem näme diýjegini bilmän oturan Mansur öňki sözüni gaýtalady:
    -Entek görübereris, Hojamguly aga.
    Hojamguly süzüp oturan gözlereni yalpa açyp, Mansura aýgytly garady:
    -Görüp oturasy iş ýok, inim. Men ertir işiň soňunda  maşyn bilen göni skladyň agzyna bararyn. Harytlary bagaja atarsyň. Bu gep şunuň bilen gutardy. Gel, indi bahasyny gepleşeli, nämäni naçeden berjek?
    —  Wah! Hojamguly aga, ýaman ynamly gepleýaňle,-diýip, Mansur güldi-maşynlyha beýlede dursun, seni garavulymyz pyýada-da baza goýbermez.
    -Hojamguly bir gözüni gypyp yeserlik bilen güldi:
    -Arkaýynja bolaý, garavul meniň öz adamym. Gowusy, ýol pulyny, gepleşeli, inim. Pul bizde nagtdyr. 
     Mansur onuň “Pul bizde nagtdyr’’diýen sözüni uçinji gezek eşidýärdi. Bir söz gaýtalanyberse adama öz tasirini geçirýän bolara çemeli, indi Mansuryň göwnüňe Hojamgulynyň bar yerinden puluň ysy kükäp duran ýalydy, şonuň üçinmi ýa-da bu adamyň üytgeşik owadanlygy üçinmi, garaz indi ol onuň gözüne birneme yssy görnüp başlady. Ýöne onuň yzyny üzmän: “Pul bizde nagtdyr”- diýip gürläp oturşyna Mansuryň gülkisi tutýardy, myhmanyň hatyrasy üçin zordan çydaýardy.
    -Onuň ýaly maşynly girip bilýän bolsaň, pulyñy-da şol ýerde, harydy görenden soň gurleşeris-diýip, Mansur ahyrsoňy uç berdi.
    Hojamguly hoşal bolup  yylgyrdy:
    -Tapawudy yok. Şeytşegem bolman durmaz. Haçan diýseň pul bizde nagtdyr.
     Mansur indi gulman çydap bilmedi. Näme üçindigini bilmese-de oňa goşulyp Hojamgulynyň özü-de güldi. Şeýdip, ol çaýdan bolmasa-da, edilen gürrünüň netijesinden keýpini köklap gitdi. Hyrydaryň öz aýagy bilen gelenine Mansuram begenmäni durmady. Hojamguly gidenden ol hem Halyl Haýdarowiçlere tarap eňdi. Iş bitiren kişi bolup daýysyna öwünmekçidi.Ýöne ol Halyl Haýdarowiçiñ öýüniň deňine gelende birden aýak çekdi, göwnüne bir hili inkis gitdi. “daýysy onuň Hojamguly bilen eden gürüñini oňlamasa nähili bolar? Näme üçin oňlamasyn? Hojamguly, özüniň aýtmagyna göra daýysynyňam ýakyn tanşy ekeni, ahyry” Mansur şu hili inkise batyp duran bolsa-da, garşysyndaky hasamly jaýa nebsevurlyk bilen seredýärdi.
    Halyl Haýdarowiç iküç ýyllykda öňki allanäme jaýyny ýykdyryp, onuň ýereni soňky döwürde moda öwrülen hywa stilinde belent gabaraly jay saldyrypdy. Jay tutuş bişen kerpiçden bolup, köçe ýüzi üýtgeşik haşamamlanandy. Ayratynam, onun karnizine, derweze, aýna jaýlaryň gyralaryna kerpiçden kesilip goýlan nagyşlar aklyňy haýran ediji derejede nepisdi. Bu nagyşlary ýekeje gezek synlan adamam beýle iş diňe öz käriniň hakyky ussady bolan kişiniň elinden gelmegi mümkindigine göz ýetirerdi. Batyp barýan günüň elwan şöhlesine çaýylan bu nagyşlar Mansuryň gözüne has nepis, has üýtgeşik bolup görünýärdi. “Hywa derwezeli jaý’’ diýip atlandyrylýan beýle jaýlar soňky wagtda şäherde köpelip ugranam bolsa, onun göwnüne daýysynyň jaýyna taý gelýäni ýokdy. Mansur derwezeden girenden, bir burçynda zynjyrlanan ala  köpek üýrüp ýerinden galdy. Itiniň sesine içerden eýwana çykan Halyl Haýdarowiç Mansury görüp şähdiaçyklyk bilen dillendi.
    -Gel, gel Mansur. Görýämiň seýrek gelýaniň üçin itimizem seni tananok.
    Daýy, ýegen tirkeşip, poluna burnuñ gany yaly paýandoz ýazylan giň dälize girdiler. Bu ýerden otaglara girýän goşa gabsaly, ýalpyldap duran dubdan ýasalan gapylara gözi duşen Mansur “Iki baş masgala munça otag nama gerekkä” diýip içini gepletdi. Halyl Haýdarowiç ony myhman kabul edilýän uly otaga alyp girdi. Bu otag kiçiräk zal eývan gornüşindedi. Diwar ýakasyna hatarlap goýlan, ýüzünde suratyň gornüp duran nemes garniturynyň reňki pola ýazylan Turkmen halylaryň renki bilen utgaşyp, gözüň ýagyny iýýärdi. Garşydaky diwarda bolsa Halyl Haýdarowiçiň suraty çitilen çaklanja haly asylandy. Ony Halyl Haýdarowiç bir topar pul berip, ýörite dokadypdy. Olar şol halynyň aşagyna goýlan pessejik stolyň başyndaky ýumşak kürsilerde otyrdylar.
    -Geleniň  gowy  boldy  ýegen.  Menem ýeke özüm, içim gysyp  otyrdy. Häzir  kiçiräk  bir  zat  gurarys. Akdanmy  ýa  konýak? – diýip  Halil Haýdarowiç şelaýynlyk bilen ellerini owkalady.
    -Tapawudy  ýok,-diýip, Mansur  ýylgyrjaklady. Işde  gabagyndan  gar  ýagyp  duran, talap ediji  bu  adam  öýünde  örän  kiçi  göwünli, mylaýymdy. Ol:
    -Onuň  ýaly  bolsa, öňürti  men  gelnejeňden  bir  habar  tutaýyn,  naharyny  tizleşdirýämika- diýip,  çykyp  gitdi.
      Mansur  töweregine  nebsewürlik  bilen  göz aýlaýardy.  Serwantlardaky  gymmat  bahaly  hrustallar, perlamut  serwisler, şuňa  meňzeş  sanardan köp  dürli  ownuk-uşak  zynat  şaýlary  onuň  gözüne  el  ýetmez  baýlyk  bolup  görünýärdi.   Mansur  öňki  gezek  geleninde    daýysynyň  jaýynyň  deňinden  geçip  barýan  iki  sany  ýaşulynyň  özara  gürrüňini  eşiidip  galypdy. Ol  häzir   muzeýe  giren  oglan  ýaly töwerek  daşyny  ýaltaklap  oturşyna  şol  gürrüňi   ýatlady.  Ol  ýaşulular  şeýle  gürrüň  edişipdi:
    -Sakgaldaş,  diýýän-ä, dogrusyny  aýdanda, şular  ýaly  jaý  öň  hywa  hanynyň  wezirlerinde-de  bolan  däldir.
    -Hawa,  bolan  däldir.  Durmuş  häzir  örän  oňat  bolup  barýar diýseňem-ä, sakgaldaş, meniň  bu  diýýänimiň  umumy  durmuşymyz  bilen  baglanyşykly  ýeri  ýokmyka, diýýän. Sebäbi  bular  ýaly  jaýy  halal  girdeji  bilen  ýaşaýan  adamyň  saldyraýmagy  gaty  ähtimal. Bu  bir  lomaý puluň  etdirýän  işi.
    Şol  wagtda  Mansur  bu  gürrüňe  o  diýen  üns bermändi. Häzir  bolsa,  name  üçindir, onuň  hakdygyny  ykrar  etdi.
    Saçagyň  başynda  Mansur  Hojamguly  bilen  şu  günki  duşuşygyny, eden  gürrüňini  daýysyna  aýdyp  berdi. Halil  Haýdarowiç  Mansur  tä  gürrüňini  gutarýança  geplemän, hm, hm diýip  oturdy,. Soňundan:
Aýdyp  gutardyňmy? – diýip  Mansura hyrsyz  seretdi, — Sen  onuň   name  pikiriniň  bardygyny  nireden  bildiň?
    Mansur  aljyrady:
    -Özi  aýtdy. Seni-de  gowy  tanaýan  eken-ä….
    -Gör, seniň  samsyklygyňy!  Meni, name, alyp  satyjylardan  başga  kişi  tanamaýandyr  öýdýäňmi? Sen  ilkinji  gören  adamyň  kimdigine  göz  ýetirmän  name  üçin  syr  bildirdiň?!
    Mansur ýüzi  ak  tama  döndi. Muny  gören  Halyl  Haýdarowiç  birden  gowşady. Bulgurlara  konýak  guýdy:
    -Göter! Mundan  beýläk  oglanlyk  etme. Seni  şeýdip  öňünden  gorkuzyp  goýmasam  boljak  däl öýdýän.  Biziň  işimizde  edil  razwedkadaky  ýaly  konspirasiýa  kadalary  berk  saklanmaly. Şuny  ýatdan  çykarma!  Hojamguly  bilen  iş  salyşsaň  bolýar.  Ondan  ýamanlyk  ýok.
    Mansur  ulydan  dem  alyp, daýysyna  “nätdiňaýt” diýen  manyda  ýyljyraklap  garady. Şundan  soň  ýenede  bulgurlar  birnäçe  gezk  dolup  boşady. Mansur  öýüne  keýpini  kökläp  gaýtdy.
    Halil  Haýdarowiçiñ aýdyşy  ýaly  Hojamguly  iş  salyşmaga  bolýan  adam  eken. Muňa  ilkinji  gezekden  göz  ýetirensoň  Mansur  onuň   bilen  arany  sazlap  ugrady.    Aradan  bir  ýyl  geçip-geçmänka  Mansur  öý  goşlaryny  birkemsiz  düzetdi.  Indi  bu  öýde bir kem  zat  bardy,  ol-da  Nurjemaldy. Bu  işem  şeýle  bir  kynçylyksyz  ýola  goýuldy.  Daýysynyň  özi  toýuň  kethudasy  bolup, gelin  getirip  berdi. Toýdan  soň Mansur  ýene-de  uly  höwes  bilen  işlemäge  girişdi. Gün  geçdigiçe öýüň bezegleriniň, sandykdaky gymmat  baha  zatlaryň  sany  artyp  başlady.
    Göräýmäge  hemme  zat  ýerbe-ýer  ýaly  bolsa-da, bir  zat  Mansuryň  maňzyna batanokdy. Onuň işi rowaçlandygy saýyn Nurjemalyñ gabagyny  bulut  büräp  barýardy. Ol  muny  aýallaryň  ynjyklygy, näz-kereşmesidir, “düzeler gider” diýipdi. Emma  bu  bulut ötüp gidibermedi. Gaýtam ol gümmürmamanyň  sanajyna aýlanyp, ýyldyrym  çakdyryp  göýberdi.
    Günleriň  birinde  Mansur  çakdanaşa  hoşwagt  görnüşde  öýüne  gaýtdy. Ol  jaýa  gereninden, Nurjemaly  bagryna  basyp, onuň  gözlerine  seretdide:
    -Bilýäňmi  name?-diýdi.
    -Hä, name  bolupdyr?
    -Ýene  bir  hepdeden  gapyň  agzyna  "wolga" gelip, hyzmatyňda  taýar  durar.
    -Maşyn  aljakmy?
    Mansur  gülüp  duran  gözlerini  ulumsylyk  bilen  süzüp,  başyny  atdy.
    Nurjemal  ynjalyksyzlandy:
    -Nähili  edip…  onça  puly  nirden  aljak? –diýdi.
    -Miýwesini  iýiber-de,  bagyny  sorama, diňe   bagbanyndan  minnetdar  bolsaň  bolany….
    Mansur  sözüni  gutarmanka, Nurjemal  onuň   gujagyndan  çykyp  diwanyň  üstüne  baryp, tukatlanyp  oturdy.
    Mansur   çydamly  adamlara  has  bolan görnüşe  girip, esli  wagt dil ýarmady. Soňra ol agras ädimläp baryp, aýalynyň  ýanynda  jaýlaşdy-da, ýuwaşlyk bilen gollaryndan  tutup, ony özüne  bakdyrdy.
    -Nurjemal, sen name  üçin  beýle?
    Nurjemal sowukdan demine aldy. Başyny galdyryp, batyrgaýlyk bilen äriniň göreçlerine garagyny dikdi, ýuwaşja gepledi.
    -Görýän weli, Mansur açyk gepleşmeli wagt geldimikä diýýän… Men köp wagta çenli saňa  düşünibilmän ýördüm, soňra  özümde  dörän  gapma-garşylygy çözübilmän   hynaba  barany ýuwutdym. Ahyrsoňy….
    -Ýeri? –diýip, Mansur onuň sözüni böldi.
    Nurjemal oňa tukatlanyp seretdi-de,  şeýle diýdi:
    -Mansur,  söýgümiziň hormaty üçin, haýyş  edýän, şu işiňi goý, gaýt şu ýoldan!
    Mansur ornundan tutup, otagyň içnde gezmeläp, çilimini tütedýärdi. Biraz salymdan soňra ýene  öňküsi ýaly agras ädimläp, Nurjemalyň garşysyna gelip  aýak çekdi:
    -Sen niçik sada, Nurjemal! –diýip,  ýuwaşjadan mylaýym gepledi.-Entek  köp  zatlara  düşünmeýärsiň.
    Nämelere  düşümeýämişim?-diýip,   Nurjemal  geňirgendi.
    Mansur  "düşündirdi":
    -Durmuşa, ezizim  durmuşa! – Ol  sözlerini üýtgeşik  bir  äheň  bilen aýtdy.-Sen pugtarak bir oýlanyp gör, hany durmuş diýen zat nämeka özi? Adama ýekeje gezek  berilýän  ömri öz  göwnüň halanynça ötürmek  dälmi?! Munyň  ýoluny  tapan  adamam  akyl  satyp  otursa,  barypýatan  akmaklyk, ahyry  “Hasabyny  tapan iki aşar” diýen  sözi  unutma!
    -Dogrudanam, men seniň  aýdyşyň  ýaly, sada ekenim-diýip, Nurjemal ah çekdi,-sadalygyma  seret, şeýle  işleri  şu  mahala  çenli  gowy  düşünmeýänligi  üçin  edýändir  diýip  çaklapdym.. Tersine, sen  muňa  düşünmeg-ä  beýlede dursun,  gaýtam,  ony  allaowarralardaky   çüýrik  pelsepelere  esaslanyp  edip  ýörän  ogşuýaň!
    -Mansur  muňa  içýakgyç  güldi.
    -Bu  çüýrik  pelsepe  däl, bilseň, dogry  pelsepedir. Hawa, häzir  ýörgünli  pelsepedir.
    Nurjemal  soňky  gezek  öz  güýjini  synap  görmekçi  boldy.
    -Eger  şu  dogry  pelsepäniň  soňuna  gözüň  ýetmeýän bolsa, men  saňa  bu  işiň  jemgyýet  hem-de  ýene  nämeler  üçin  ters  işligi  barada  aýdybam  oturjak  däl.  Aýdanymyňam  peýdasy  ýok. Bular  hakda-da  seň öz  pikiriň  bardygy  anyk.  Ýöne  ahyry  soňy  başyňa  belany  satyn  alarsyň.  Şoňa  bir  düşün  ahyry!  Seň  bu  işiň  çaganyň  şary  çişirip  oýnaýşyna  meňzeýär. Şar  çişdigi  saýyn  çaga  guwanyýar, emma  soñunda  onuň  ýaryljagyny  bilmeýär. 
    -Bar, gorkyň  şo  bolsa  arkaýynja  bolaý, meniň  şarym hiç haçan ýarylmaz! – diýip, Mansur  gürrüňi  gutardym etdi.
    Uzak  dymyşlyk  ara  düşdi.
    Nurjemal  ärine  ahmyr  bilen bakýarka, onuň  ýüzi-gözünde  şu  wagta  çenli  göze ilmedik  bir  ýakymsyzlygy  gördi. Şu  mahal  bu  adam  oňa ýedi  ýat  ýaly duýlyp,  ýüregini allaniçigsi  bir sowuk zat gurşap aldy:
    -Seni  bu  ýoldan  gaýtaryp  bilmejekdigime  gözüm  ýetdi – diýip, Nurjemal  ýadawlyk  bilen  gepledi.
    -Gözüň  ýeten  bolsa, şundan şeýläk  meniň  işime  aralaşma – diýip, Mansur  ýuwaş, emma  buýruk  berji  äheňde  gepledi.
    -Ýok, aralaşman-a ýaşabiljek däl, gowusy….
    -Näme  gowusy?
    -Gitjek!
    -Şeýlemi?Nirä?
    -Obamyza!
    -Hm… gözel göwnüň! – diýip, Mansur  gahar eden kişi bolup  çykyp  gitdi. Şonuň  bilen ol  şu    pursadyň  özünde  Nurjemalyň  çykyp  gidibermeginiñ  öňüni almakçydy. Emma  onuň  bu  pirimi  başa  barmady. Çünki  ol  gelende, Nurjemal  eýýäm  öýde  ýokdy. Onuň    ýaňyja  oturan  diwanynda  bolsa   öz  ejesi  gözýaş  edip  otyrdy.
                                     ****************
    Nurjemalyñ gitmegi Mansura şeýle bir täsir etmedi."Nirä barýa, bir  gün gaýdyp geler" diýip pikir etdi. Ol  ençeme  wagtdan  bäri  köňlünde  besläp  gelýän  arzyly  zady – "wolgany" hem  ele  saldy. "Wolganyñ"    rulunda   outran  Mansur  şu  çaka  çenli  özüne  mälim   bolmadyk  başgaça  bir  lezzetli  dünýäniň  gapysyndan  ätlän  ýaly  boldy. Täze  maşynynyň  şäheriň  tekiz  köçelerinden  suw  ýaly  süýnip  gidişi, tanyşdyr  nätanyşlaryň  onuň  yzyndan  gözigidijilik  bilen  seredip galyşlary  Mansuryň  başyny  asmana  ýetirýärdi.  Ol  bu  täze  güýmenjäniň  keýpinden  şeýle  bir  serhoşdy  welin,  dünýäni  suw  alsada  onuň  topugyna  çykjak  däldi.  Mansur  ýaňy-ýaňylaram  böwrüne  sanjy  bolup  duran  maşgala  durmuşyndaky  ýakymsyz  iñirdi-ni-de  hatda  Nurjemaly-da  unudana  meñzeýärdi
    *****                        
    Adaty  günleriň  biridi.  Mansur  irden  maşynyna  münüp,  işine  ugrady. Bahar  daş-töwerege  gök   kürtesini  atypdy. Ýolyň  iki  tarapyny  hem  jähekläp  oturan  daragytlar  tebigatyň  peşgeş  beren  ýaşyl  lybasyny  geýinensoň, has-da  göze  ýakymly  görünýärdi. Ertiriň  salkyn  howasyna  goşulan  alabaharyň  atyr  ysy  adamy  meýmiredip, ýüregini  joşdurýardy.
    Aýagynyň  aşagynda  täzeje  maşyn  bar  adama bu  zatlar  aýratyn  täsir  edýän  bolara  çemeli, Mansuryň   diýseň keýpi kökdi.  maşynyñ radiosynda   şirin  aýdymyň  ýaňlanyp  duranyna  seretmezden  onuň  özi  hem  hiňlenýärdi.  Göýä  täze  maşyny  hemmeler  synlasyn  diýen  ýaly  ol ""wolgany"  öz  maýdalyna  göýberipdi. Ýuwaşja  barýan   maşynyň matory  sessiz  işleýän  ýalydy. Şol  wagt  otuz-kyrk ädim  çemesi  öňünden  barýan  welisepedlä  gözi  düşende  onuň  ýüregi  jigläp  giden  ýaly  boldy. Mansur  çala  gözi  kaklyşandan  ony  tanady. Ol  Mansuryň   köne  dosty  Jemşitdi. Mansuryň  ony  görmänine  näçe  wagt  boldyka?  Näçe  oýlansa-da, Mansur  muny  ýadyna  salyp  bilmedi.Mansur  Nurjemala  öýlenende  ol  toýa  sowgat  salamly  gelipdi. Toýdan  soňam  olar  iki-üç  duşuşyp, oturyşyp-turşan  boldular, emma  aralarynda hiç hili  öýke-kine  bolmadyk  bolsa-da, dura-bara  birek-birekden  sowaşyp  daşlaşypdylar.    Şeýlelikde  Jemşit  inistituty  gutaryp  gelensoň  hem  ikisiniň  baryş-gelişi  bolmandy.
    Mansur  Nurjemaldan  aýrylyşansoň, kalbynyň  alla    niresindäki  ýalňyzlyk  duýgusynyň  ezýet  berýändigi  üçin  bolsa  gerek  ol  gadyrdan  dostyny  görenine  diýseň  begendi.  Ol  edil  Jemşidiň  deňine  gelende,   tormuzy  bat  bilen  basdy. Maşyn  bir  göterilip  gonan   guş  ýaly  nyşana  alnan  nokatda  silkinip  saklandy. Beýle  gödek  hereketden  tisginen  Jemşit  welisepetden  böküp  düşdi-de, sürüjä  gazaply  seretdi.  Görse  rulda  Mansur  ýylgyrjyrap  otyrdy.  Ony  gören  Jemşidiň  biraz  gahary  gaçdy, köşeşen  ýaly  bolsa-da  kinaýaly  gürledi.
    -Bo-how, baý  aga,  bu  senmi?!
    Mansur  ýaňsylamany  aňsa-da,  oňa  üns  berip  durmady.  Maşyndan  düşüp,  onuň  bilen  gadyrly  elleşip  görüşdi, içgin  hal-ýagdaý  soraşdy.
    -Jemşit  dostum, bir-birimizi  görmänimize  näçe  wagt  boldy?  Seni  gaty  göresim  geldi…
    Jemşit  dostunyň  göreçlerine  siňe  seredip  durşuna    olarda  nämedir  bir  zady  küýsemek  alamatynyň  bardygyny  aňyp,  onuň  sözleriniň  ýasama  däldigine  ynandy.  Şeýle  bolsa-da, Ol “göresiň  gelýän  bolsa,  men Sibirdemi name, öýümi  bilýäň, işleýän  ýerimi  bilýäň” diýip  aýdasy  geldi. Ýöne  häzir  beýle  diýmekligi  ýerliksiz  hasap etdi-de, öňküsi  ýaly  assarly  gepledi:
    -Nurjemaly  nä? Ony  göresiň  gelenokmy?
    Garaşylmadyk  bu  soragdan  Mansuryň gaşlary çytyldy. Diýmek, Jemşit  ähli  zatdan  habarly  eken-dä?
    -Sen  muny  nirden  eşitdiň?
    -Nirden  boljakdy,  bütin  şäheriň  dilinde  dessan  ahyry  sen!
    Mansur  bir  zatdan  gorkan  ýaly,  tisginip  Jemşide  seretdi.
    -Bütün  şäheriň  diýýäňmi?  Meň  bilen  bütin  şäheriň  ne  işi  bar?
Jemşit  oňa  sypaýyçylyk  bilen  seretdi.
    -Nä  işi  barmyşyn  diýişiñi, sen adamlaryň  arasynda, jemgyýetiň  içinde  ýaşaýandygyňy  unudaýypsyň  öýdýän?
    Mansur  ulydan  demine  aldy, soňra  dostuna  müýnli  seretdi.
    -Jemşit, bes  etsene   bu  gürrüňleri. Keseki, görüp  adamlaryň  gepini  gaýtalap  nätjek?  Sen    meň  dostum  ahyry. Gowusy,  dostlugymyzy  öňküsündenem  berkideli.  Baryş-gelişi  kesmäli, oturyşyp  turşaly.  Gerek  bolsa  birek-birege  hemaýat  bereli.
    Jemşit  welesipedine  atlandy-da  aýaklaryny  ýere  diräp  durşyna  Mansura  garap  ajy  ýylgyrdy.
    -Men  senden  beýle  hezzet-hormata  garaşmaýardym,  sag  bol!  Ýöne   özüňiñ  oturyşyp-turşup  ýören  ülpetleriň  bilen  bolyber.  Meniňem  özüme  laýyk  dost-ýarym  bardyr.  Hemaýat  meselesine  gezek  gelse-hä,  görýän  welin,  sen häzirlikçe  hiç  hili  hemaýata-da,  kömegede, mätäç  däl  ýaly.
    Mansuryň  ýüzi  gamaşdy,  Jemşide  sözüni  soňlamaga  maý  bermedi:
    -Has  dogrusy,  meniñ  entek  hiç-hili  öwüt-nesihata-da  mätäçligim  ýok!  Sen  bolsaň….
    Bu  gezek  Jemşit  onuň  sözüni  kesdi:
    -Bagyşlarsyň, men  saňa  öwüt-nesihat  etmekçi  däl.  Dogrusyny  aýtsam, ýaňy-ýakynda  bir  adam  maňa:  “Sen  birwagtlar  Mansuryň  ýakyn  dostudyň, seniň  maslahatyňa  onuň  gulak  gabartmagy  mümkin. Ony  dogry  ýola  salmak  gerek”  diýdi  Men  bolsa  oňa  “Öz  bähbidinden  başga  zat  gözüne  ilmeýän  adama  nesihat    berýän  adamyň  özi  nesihata  mätäçdir” diýen  köneleriň  dana  sözüni  eşitmänmidiňiz? diýip  jogap  berdim.
    Bu  sözler  Mansuryň  hasam  gaharyny  getirdi.
    -Hm,  bolýa-da,  gardaş. Sen  elmidama-da  özüňi  menden  akyllyrak  saýadyň,  henizem  şol  pikiriňi  üýtgetmänsiň.  Hany,  göreli  bakaly,  şu  bolşuň  bilen  nirä  ýeterkäň?  Ýöne  bir  zady  unutma, wagty gelende, sen meniñ  bilen  başgaça  gürleşmeli  bolarsyñ!  
    Jemşidiň  gaşlary  kinaýaly  ýazyldy:
    -Ine,  munyň  bolýa, şun-a  örän  dogry  aýtdyň!  Eger-de  şeýle  wagt  geläýse,  belki  seň  bilen  başgaçarak  gürleşerin  —  diýip, welesipediniň  pedalyny  batly  basyp  gitdi.  Mansur  hem  "wolgasyna" münüp,  gaharyny  maşyndan  çykarjak  bolýan  ýaly  gapysyny  gütledip  ýapdy-da,  motory  otlap,  gazy  şeýle  bir batly  basdy  welin,  maşyn  duran  ýerinden  güýçli  depilen  pökgi  ýaly  atylyp  gitdi.  Jemşidiň  deňinden  dazlap  geçen  maşynyň  ýelgini  onuñ ýüzine  ýakymsyz  uruldy.  Şol  gün  günuzyn  Mansuryň  keýpine  sogan  dogralan  ýaly  boldy  gezdi. Emma  “Bir  tukatlygyň  bir  şatlygy-da bar" diýleni  çyn  bolup  çykdy. Şol  gün  bolup  geçen  garaşylmadyk  bir  waka  onuň  göwnüni  göterip,  keýpini  kökledi.
    Iş güni tamamlanypdy. Ol öýüne gitmekçi bolup, maşynyň gapysyny ýaňy açan mahaly edil gulaklarynyň agzynda:
    -Mansur agamyzyň bu gün gaşlary çytyk görünýä-le? – diýen ýakymly ses ýaňlandy. Mansur degişmä meýli bolmany üçin ýüzüni turşardyp yzyna gaňryldy, görse ýanynda özüniň işleýän söwda bazasyna ýaňy-ýakynda fakturaçy bolup işe geçen gyz ýyljyraklap dur. Mansur entek onuň adyny-da bilmeýärdi. Onuň göreçleri gyzyň bir geňsi jadylaýjy ot ýanyp duran gözlerine kaklyşanda, täze oýnawaja gözi düşen çaga kimin ýyrş edenini duýman galdy. Emma ol gyzyň degişmesine bada-bat nähili jogap bermegiň ebeteýini tapmady-da:
    -Ýoldaş bolsaňyz alyp gideýin – diýip oňaýdy.
    Gyz Mansura syrly bir ýylgyryş bilen garady-da:
    -Sag boluň. „Dilenip alnan hezzet dyzyňa çykmaz“ diýipdirler. Şeýle bolsa-da, özüňizden bilmäniňiz üçin, beýle hezzeti diläp almaly bolduk – diýip, näzli gyzlara mahsus bolan bir hereket bilen towlanjyrap maşynyň yzky gapysyny açyp, gaýym ýerleşip oturdy.
    -Näme üçin öňünde oturmadyňyz? – diýip Mansur ikuçly sorag berdi.
    Gyzam ýaýdanyp durmady.
    -Sizi aljyratmaýyn diýdim – diýip, içýakgyç güldi.
    „Bo-how, ýaman ýeserje gyz oguşýa, bu gyz“ diýip, Mansur içini gepletdi.
    Maşyn ýola düşdi. Mansur yzyny görkezýän aýnany usullyk bilen gyza dogrulap goýup, gözüniň gytagy bilen ony synlap başlady. Onuň bu hilesini gyz şo bada syzan bolsa-da, bilmediksiräp, arkaýyn oturyberdi. Gyzyň süýt ýaly ak dury keşbiniň düzülişinde tebigat hiç bir ýalňyşlyga ýol goýmandyr. Şonuň üçinem bir garaýyşda: „Owadanja gyz eken“ diýip kimem bolsa ykrar etjekdi. Emma Mansur oňa gözüniň gytagyny birki gezek aýlanynda, onuň ýüzünde aýal-gyzlaryň gözelligine aýratyn bir nepislik bagyşlaýan nämedir bir zadyň etmeýändigini duýdy. Şeýle-de bolsa onuň uzyn peýkamlarynyň aşagyndan ot saçyp duran gözlerinde erkek adamy özüne maýyl ediji bir üýtgeşik güýç bardy.
    „Wolga“ uly köçä çykyp, maşynlaryň umumy akymyna goşuldy.
    -Sizi nirä eltmeli? – diýip, ertirden bäri dymyp oturan Mansur dillendi.
    -Gorkmasaňyz öýüme – diýip, gyz jakgyldap güldi.
    -Onuň ýaly bolsa, siziň üçin bir gezek batyrlyk edäýeris – diýip, Mansur gyzyň gülküsine goşuldy.
    -Emma men öýüňizi bilmeýän, ýoly salgy berip oturyň.
    Gyz birnäçe wagta çenli „saga“, "çepe" diýip, buýruk berip oturdy. Ahyrsoňunda ol şäheriň çetiräginde salnan iki gatly tamlardan biriniň öňüne ýetende: „Saklaň!“ diýdi. Mansur maşyny gapynyň öňünden iküç ädim bärräkde saklady. Maşyn saklanandan soň gyz derrew düşäýmedi, ol nämedir bir zady pikir edip, bir salym dymyp oturdy. Soňra çynlakaý äheňde:
    -Hany, düşüň, hyzmat hakyňyz üçin bir käse çaý içip gidiň- diýdi.
    -Sagja boluň, ýene bir gezek…
    Gyz maşyndan düşüp geldi-de, Mansuryň gapysyny açdy.
    -Ygtyýaryňyz, ýöne siziň ýeriňize men bolan bolsam, ýok diýmezdim – diýip ýeserlik bilen ýylgyrdy.
    Mansur gyzyň köp zatlary wada berip lowurdaýan gözlerine nazary kaklyşandan maşyndan düşenini-de duýman galdy. Gyz ikinji gata bakan ugrady. Mansur onuň yzyna düşüp basgançaklardan göterilýärkä, ony nähilidir öz erkine bagly bolmadyk bir güýç çekip barýan ýalydy.
    Gyz soňky basgançaklardan ýüwrüp çykdy-da, gapysyna howlukmaçlyk bilen açar sokdy. Gyzyň bu hereketlerini synlap duran Mansur, onuň gaty tolgunýandygyny aňdy, şeýle owadan maşgalanyň ýüreginde gozgalaň turuzanyna monça boldy. ol ähli zada bir eýýäm düşünenem bolsa, alňasap gapyny açyp bilmän duran gyzyň ýeňsesinden gelip bilkastlaýyn sorady.
    -Men sizi ejesiniň töründe oturan gyzmyka diýsem, ýeke özüňiz ýaşaýan ekeniňiz-ä?
    -Ejeňizi hasaba almanda häzir sizem ýeke ýaşaýaňyz-a.
    -Tüweleme. Men hakda maglumat köküni toplana meňzeýäňiz.
    Gapy açyldy, gyz ýeňillik bilen dem alyp, näzli jogap gaýtardy:
    -Gereginden toplandyrys. Giriň bakaly.
    Darajyk dälizden geçip, garşydaky otaga girenden Mansur töwerek-daşyna göz aýlady. Otag sadaja bezelenem bolsa, onda aýal maşgalanyň yhlasly elleriniň yzy duýulýardy.
    -Oturyň, häzir çaý getireýin –diýip, gyz çalasynlyk bilen stoluň üstünde galan gap-gaçlary ýygnaşdyrmaga başlady. Mansur onuň hereketlerini synlap durşuna aýgytly bir karara  geldi. Ol gyzyň iki elindenem tutup, ony emaý bilen özüne tarap öwürdi. Gyz ne çekinjeňlik etdi, ne-de ol hereketleri geň gördi. Mansur ýagdaýa doly göz ýetirip şeýle diýdi:
    -Bu zatlary bir salym goýup duruň. Entek siz maňa adyňyzy-da aýdaňyzok – diýip onuň gözlerine ýiti seretdi.
    -Bazaňyzda işläp başlanym bäri bir aýdanam köp wagt geçdi, siz bolsa henize çenli meň adymy-da bileňizok.
    -Bagyşlaň, bazada işgärler köp, hemmesiniň adyny ýatda saklamak kyn düşýär.
    -Onda ýatda saklajak bolsaňyz aýdaýaryn.
    -Hökman saklaryn!
    -Adym Şemşat.
    -Şemşat diýsene – diýip, Mansur birden „sizden“ „sene“ geçdi-de –sen Şemşat däl-de, Şetdat ekeniň – diýdi.
    Şemşat Mansuryň näme diýmekçi bolýanyna düşünenem bolsa, mönsürän bolup, çetde duran diwana barmagyny çommaltdy.
    -Baryň-da, indi şol diwanda oturyň.
    -Oturansoň näme iş edýäs?
    -Näme iş ederis öýdýäňiz, çaý içeris-dä.
    -Şomy bar bolany?
    -Ýeri, eýsem göwnüňiz nämeleri küýseýär?
    -Göwnüm gaty köp zatlary küýseýär, Şemşat jan…
    Şemşat jykyrdap gülüp goýberdi:
    -Işdäňiz ýaman däl öýdýän? Bolýa, buýruň. Myhmanyň göwni näme islese, öý eýesi şony etmäge borçly.
    -Onda maňa seret – diýip, Mansur çynlakaý äheňde gürledi. – Şäherde meniň maşynymyň nomerini gaty köp adam bilýär, seniňem şu ýerde ýaşaýanyňy bilýänler az-küş däldir. Şonuň üçinem men maşyny öýde goýup, birneme garaňky gatyşansoň geläýsem, arkaýynja oturardyk. Nähili görýäň?
    Şemşat uýaldymy ýa-da näzirgäp diýdimi garaz, ýüzüni bir gapdala sowdy-da:
    -Ygtyýaryňyz – diýdi.
    Mansur onuň elini hyjuwly gysyp çykyp gitdi. Ol gaýdyp gelende stoluň üstünde dürli-dümen nygmatlar, konýakdyr bulgurlar lowurdaşyp durdy. Tördäki krowatyň ýapynjasy aýrylyp, onuň üstünde gar ýaly ap-ak pododeýalnigiň içine salnan atlaz ýorganyň ortasy ojakdaky köz ýaly gyzaryp, gözüň ýagyny iýeýin diýýärdi.
    Şemşadyň çeňňegine hakyky altyn balyk düşüpdi. Aradan köp wagt geçip-geçmänkä, onuň barmaklarynda altyn ýüzükler, gulaklarynda tylla syrgalar peýda boldy.
    Mansur bolsa „wagtyňy hoş geçir,döwran ýoluksa“, diýleninden ugur alyp, Nurjemalyň aýdan şaryny ýene-de zor berip çişirmäge başlady. Emma ol şaryň ýarylmaly gününiň ýetip gelenini bilenokdy. Gaýtam şol gün onuň keýpi hemişekisindenem kökdi. Çünki şol gün oňa iki sany göwnüni göteriji zat garaşýardy: Birinjiden işiň ahyrynda Hojamgula artdyrylan harytlary berip, gepleşilen baha boýunça puluny almalydy. Hojamgulydan alynjak paçkaly pullar göz öňüne gelende onuň keýpi ýene-de göterilip, göwni joşýardy. Ikinjiden oňa şu agşamam Şemşadyň näzli garaýyşlary, gyrmyzy dodaklary garaşýardy. Emma ol şol gün özüne garaşýan üçünji bir zatdan bihabardy.
    Iş güni ahyrlapdy. Mansurdan başga ammar müdirleri ammarlaryny gulplap gidipdiler. Ol bolsa Hojamgula garaşýardy. Hojamguly köp garaşdyrmady, edil belleşilen wagtda sary „Moskwiç“ gelip, ammaryñ agzyna direndi. Ondan düşen Hojamguly maýmyna mahsus bolan çalasynlyk bilen maşynyň syrtyna geçip, bagažnigi açdy. Ýüküni tutan „Moskwiç“ Mansury-da alyp, bazadan çykdy.
    Ähli ýerde işiň gutaran wagty bolany üçin köçede maşyn köpdi. Işden ýadap çykan adamlar öýlerine tizräk ýetip, dynç almaga howlugýardylar. Mansur bilen Hojamguly bolsa olardan beter howlugýardy. Şonuň üçinem sary „Moskwiç“ daz ýasap beýleki maşynlary kowup geçip barýardy. Emma bir çatrykda gyzyl swetofora dogry gelip, sary „Moskwiç“ saklanmaly boldy. şonda Hojamguly yzyndan gelýän „milisiýa“ diýen ýazgyly „Wolgany“ görüp galdy. Onuň ýüregine howsala düşdi: 
    -Mansur seret, yzymyzdan milisiýa gelýä-le – diýip, hüňürdedi.
    -Baý senem gorkak bolupsyňow, Hojamguly aga. Ýöne geçip barýan maşyndyr-da – diýip, Mansur batyrlyk satan boldy. Mansur ýalňyşypdy. Ol ýöne geçip barýan maşyn däl ekeni. Çatyrykdan geçen badyna ol maşyn sary „Moskwiçi“ ýoluň gyrasyna gysyp çykaryp saklady.
    Ine şeýdip Nurjemalyň sözi hak bolup çykdy: şar ýaryldy, dogrusy, partlady. Bu partlaýyşyň sarsgyny Mansury ýedi ýyllyk ýola zyňyp goýberdi.
    ***
    Ine, häzir ol şol ýedi ýyllyk ýoly ädimme-ädim geçip gelýärdi. Tamburyň howasynyň dymyklygyndanmy ýa-da köp oýlanandanmy, Mansuryň başy daş asylan ýaly agyrlaşyp, agyrmaga başlady. Arassa howadan dem almak üçin aýnany açmakçy bolup synanýarka, prowodnik öz jaýyndan çykyp, oňa başdan-aýak şübheli nazar taşlady-da:
    -Bimahal çak näme işläp ýörsüň? Ýatyp uklasaň bolmaýamy! – diýdi. Mansur hiç zat diýmezden, oňa müýnli garady-da, wagonyň içine girip ýerinde süýndi. Hany gözüne uky gelse. Ol her hili oýlaryň girdabynda tolgunyp ýatyrka, otlynyň tigirleri birsyhly „takyrryky-tark“ diýip seslenýärdi, göýä oňa: „Nirä barýaň, kimiň ýanyna?“ diýen soragy gaýtalaýan ýaly duýulýardy.
    Dogrudanam, ol nirä, kimiň ýanyna barýardy? Önüp ösen şäherinemi? Hawa. Onda kimiň ýanyna? Onuň gelenine kim begenerkä? Hiç kim! Enesi bolsa ýalňyz oglunyň yzynda ýanyp-köýüp ölüp gidipdi. Jaýlary hökümet haýryna geçirilipdi. Daýysynam onuň yzy-süre ýygnadylar.
    Nurjemalam…
    Ýok. Nurjemaldan entek umydy üzülmändi. Nirede-de bolsa, ony Mansur gözläp tapjakdy. Baryp, günäsini ötmegi sorajakdy. Ol diňe Nurjemal üçinem şu taraplara gelýärdi. Çünki onuň şundan soňky durmuş ýoluny ýagtyldyp biljek ýalňyz şamçyragy şudy…

(Dowamy bar)…

Powestler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle