Toý ýatlamalary (Hekaýa)
Mao SAN,
hytaý ýazyjysy
Gyş günleriniň biridi. Säher çagy Hose ikimiz Madridiň seýilgähleriniň birinde otyrdyk. Howa diýseň sowukdy. Agyr possunyň astyndan diňe gözlerim görünýärdi. Serçeleri naharlar ýaly elimi jübimden çykaryp otyrdym. Hose köneje keltekçesini geýip, deňiz syýahaty baradaky kitaby okaýardy.
— San Mao, geljek ýyl näme etsem diýýäň? — diýip, birdenkä ol menden sorady.
— Üýtgeşik niýetim-ä ýok. Ýaz baýramçylygyny geçirip, Afrika gidäýsem diýýän.
— Marokkamy? Ol ýerde öň bolup görmediňmi näme? — diýip, Hose ýene sowal berdi.
— Alžirde bolup gördüm, indi Sahara çölüni göresim gelýär.
Hoseniň bir artykmaç tarapy bardy: başgalara geňräk görünýän hereketime perwaýsyz garardy. Şol sebäpli-de, onuň ýanynda bolmak maňa diýseň ýakymlydy.
— Sen näme etsem diýýäň? — diýip, menem onuň ýagdaýlary bilen gyzyklandym.
— Tomusda deňizde syýahat edesim gelýär. Maňa okuwy gutarmagam, gulluk etmegem ýeňil düşmedi, ýöne hötde geldim — diýip, elini ýeňsesine ýetirdi.
— Gämini nireden aljak? — diýip soradym, çünki onuň birwagtdan bäri kiçeňräk ýelkenli gäminiň arzuwyndadygyny bilýärdim.
— Heýsunyň kakasynyň ýelkenli gämisi bar. Ulanmagymyza garşy bolup durmazmyka diýýän. Biz Gresiýadaky Egeý deňzine syýahat etmekçi.
Men Hose ynanýardym, çünki ol aýdan zadyny bitirmän goýmazdy.
— Saharada näçe wagt boljak? Ol ýerde näme etsem diýýäň?
— Bolup bilsem bir ýyl, ýyl ýarym ýaşamakçy. Sahara çölüni öwrenesim gelýär. Geografiýa gyzygyp ugranym bäri, bu köňlümde besläp ýören arzuwym.
— Awgusta çenli dolanyp gelermiň? Senem goşulsaň, alty adam bolup deňze çykarys.
Gözüme çenli bürenen possunymyň ýakasyny aşak çekdim-de, Hose howsalaly seretdim:
— Gämiň işlerinden başym çykanok. Men o taýda näme işlärin?
— Aşpezlik edersiň, surata düşürersiň, meniň pul hasabymy ýöredersiň, razymy?
— Siziň bilen gidesim-ä gelýär, ýöne awgusta çenli çölden gelip ýetişmenmikäm diýýän.
Hoseniň pessaý, ýöne çasly çykan sesinde närazylyk duýuldy.
— Biz köp wagt bäri tanyş. Sen bu gün bärde bolsaň, ertir başga bir ýerden çykýaň, hiç syýahatyň tükenenok. Men goşun gullugyndan ýaňy geldim, biz haçan bile bolmaly?
Hose näme aýtsamam, hiç zady gaty görmezdi. Şonuň üçinem bolşuny geň görüp, ýüzüne seretdim, çörek owuntyklaryny göwünli-göwünsiz oklaşdyran boldum. Ýöne Hoseniň sesinden ürken serçeler olary iýmän uçup gitdiler.
— Her niçigem bolsa, sen Sahara gitmekçi-dä? — diýip, ol gaýtadan sorady.
Men baş atdym, sebäbi muny köpden bäri arzuw edip ýördüm. Ol gahar bilen: «Bolýar» diýdi-de, okap oturan kitaby bilen boldy.
Hose, adatça, köp gürlegendi, ýöne göwnünden turmadyk bir iş boldugy bes, agzyndan ýekeje sözem aljak gümanyň ýok. Onuň ur-tut şol ýylyň fewralynda Sahara bilen bagly iş sorap, edara ýüz tutjakdygy, mendenem öň Afrika gitjekdigi kimiň kellesine geljek?
Men oňa ýazan hatymda: «Saňa men zerarly görgi görüp, çöle gitmegiň zerurlygy ýok. Men o taýda dürli ýere aýlanmakçy, seň bilen bolmaga wagt tapman» diýdim. Hoseden gelen jogap gysgajykdy: «Men bu yzaly duýgudan diňe saňa öýlenip dynyp biljekdigime düşündim. Şoň üçinem tomus hökman toý ederis».
Hat ýönekeýjedi, ýöne ony on gezek dagy okandyryn. Haty jalbarymyň jübüsine salyp, uzakly gije diýen ýaly köçede aýlandym.
Apreliň ortalarynda goşlarymy ýygnap, Saharanyň Ispaniýa degişli bölegine ýol şaýymy tutdum.
Hose şol wagtlar işleýän edarasynyň umumy ýaşaýyş jaýynda bolýardy. Onuň ýaşaýan ýeri bilen meniň bolýan şäherimiň arasy laýyk elli kilometrdi, şonda-da ol her gün diýen ýaly meni görmäge gelerdi. Her gezegem:
— Gör, nähili oňat, indi toý etsegem boljak — diýip, begençden ýaňa erni bir ýere gelmezdi.
Men:
— Häzir bolmaz, maňa üç aý puryja ber, çöli aýlanyp çykaýyn, onsoň toý ederis — diýdim. Sebäbi Saharanyň oturymly ilatyndan ýolbelet alyp, Günbatar Afrika syýahat etmekçidim.
— Men garşy däl, ýöne nikalar öýüne baryp, nikadan geçmegiň düzgünleri barada gyzyklanyp göreli.
Şeýdip biz ýerli nikalar öýüne gaýtdyk.
Çal saçly ispan kätibi:
— Siz nikadan geçmek isleýäňizmi? Ýöne biz beýle nikany resmileşdirip görmändik, sebäbi Saharanyň ilaty öz däbi boýunça goş birikdirýär. Hany, kanunlar ýygyndysyna seredip göreýin — diýip, ol kitap agtarmaga durdy. Ahyry:
— Ine tapdym. Hany göreli, bärde näme ýazylypdyr: bize siziň dogluş hakyndaky şahadatnamaňyz, iki tarapyň öň nikada durmandygy hakynda ýaşaýan ýerinden maglumat, onsoňam şu zatlar boýunça nikalar öýünden kepilnama gerek. Bu resminamalar terjime edilip, Hytaý ilçihanasy tarapyndan tassyklanmaly. Soňra resmi taýdan doly makullanmagy üçin Portugaliýanyň Ispan wekilhanasyna ugradylmaly. Ispaniýanyň Daşary işler ministrliginde hasaba alnansoň, ykrar ediler ýaly bärik ýollanmaly. Biz hem gözden geçirip, netijesini on bäş günüň dowamynda habar bereris.
Resmi kagyzlary doldurmak meniň iň halamaýan zadymdy. Kätibi diňläp, rahatlygymy ýitirdim. Ýuwaşlyk bilen Hose:
— Resmi taýdan nikadan geçmegiň nähili kyndygyny görýäňmi? Bize şu zatlar gerekmi? — diýdim.
— Gerek, sen gowusy, gürlemän dur! — diýip, Hose aljyraňňylyk bilen aýtdy-da:
— Aýtsaňyzlaň, biz näçe wagtdan nikadan geçip bileris? — diýdi.
— Neme-dä, çözgüdi iki ýurduň ykrar etmegi üçin bir aý dagy gerek bolar. Mundan başga-da, resminamalar ugradylyp, ýene-de yzyna gelmegi… Meniň pikirimçe, üç aý ýeterlik bolar — diýip, nikalar öýüniň kätibi howlukman kitaby ýapdy.
Muny eşidip, Hose özüni ýitirdi. Ýüzüniň derini eli bilen syryp, sakyna-sakyna kätibe ýüzlendi:
— Siz bu babatda kömek edip bilmersiňizmi? Işleri tizleşdirip bolmazmyka? Men näçe çalt öýlensem, şonça gowy boljak. Biz garaşyp biljek däl.
Kätip elindäki kitaby tekjä goýdy-da, maňa içgin-içgin seretdi. Men Hoseniň aýdanlaryna onuň nädogry düşünendigini aňdym-da, wagt ýitirmän:
— Jenap kätip, men howlugamok, bar mesele şunda, ol garaşmany kynrak görýär — diýdim.
Hose elimiň barmaklaryny pugta gysyp, kätibe:
— Köp sag boluň! Biz siziň aýdanlaryňyza razy, hoş galyň! — diýdi-de, aldyrany bar ýaly bolup, üçünji gatdan aşaklygyna güpürdäp gaýtdy. Men bolup gelşimize gülýärdim.
— Seň aýdýanyň näme? Mende näme mesele bolup biler? — diýip, Hose gaharly gygyrdy. Men gülmekden ýaňa oňa hiç hili jogap berip bilmedim.
Üç aý diýseň tiz geçdi. Hose irginsiz işläp, gazanç edýärdi, şol bir wagtyň özünde bolsa öýe gerek-ýarak goşlary ýasaýardy. Men arkam goştorbaly, elim surat alynýan enjamly göçüp-gonup ýören çarwalaryň üstüne aýlandym. Gören-eşiden zatlarymy ýazga geçirdim, olaryň suratlaryny aldym, sähra adamlary bilen dostlaşdym, hatda arap dilini hem öwrenip ýetişdim. Günler hysyrdyly, ýöne şadyýan geçýärdi.
Nika resminamalary ähli zatdan wajyp bolansoň, biziň birinji aladamyz şoldy. Bu iň bir irizýän, ýüregedüşgünç işdi. Häli-häzirlerem ýatlaýan welin, süňňüm syzlap gidýär.
Bolýan jaýymyň öý belgisiniň ýokdugy sebäpli, aragatnaşyk bölüminden öz adyma tölegli poçta gapyrjagyny açdyrdym. Onsoň her gün bir sagada golaý wagt sarp edip, şahsy gutymy barlap gaýdýardym.
Bir gün hemişekilerim ýaly nikalar öýünde otyrdym. Daşarda ýakyp-ýandyryp barýan yssy hökümini ýöredýärdi. Ahyry kätip:
— Madridden gelen gutarnykly tassyknama laýyklykda, indi siz nikadan geçip bilersiňiz — diýdi.
— Dogrudanam? — diýip, men muňa birbada ynanmadym.
— Men eýýäm siziň nikalaşjak günüňizem belledim.
Bu sözleri kätip ýylgyryp aýtdy.
— Haçan?
— Ertir agşam sagat altyda.
— Siz ertir diýdiňizmi? — diýip, men gaýtadan soradym.
Ynamsyz çykan sesimden şatlyk alamatyny duýmadyk kätip:
— Gyssagly nikadan geçmek Hoseniň öz islegi dälmi näme? — diýdi.
— Hawa, öz islegi, biz ertir geleris — diýdim-de, haýdap aşaky gata düşdüm hemem şol wagt Hoseniň işleýän edarasynyň sürüjisiniň duşumdan geçip barýandygyny görüp, onuň yzyndan gygyrdym:
— Muhammet Şari, işe barýaňmy? Gaýrat edip, Hose ertir nikadan geçmelidigimizi aýtsana! Goý, işden soň şähere gelsin.
Muhammet Şari ýeňsesini gaşap, geň galdy.
— Näme, ertir öýlenýändigini Hoseniň özi bilenokmy?
— Ikimizem bilemzokdyk — diýip, men batly jogap berdim.
Ol sözümi diňläp durşuna, maňa birhili, gorkuly seretdi. Soňra ulagyny sürüp, ýanymdan gitmek bilen boldy.
Iş ahyr boluberende Hose geldi. Ol entegem ynanmadyk bolarly.
— Dogrudanam, ertirmi? — diýip, gapyda duran ýerinde sorady.
— Hawa, ertir. Ýör, özümiziňkilere habar edeli — diýip, men ony alyp, öýden çykdym.
Poçta arkaly öýdäkilere habar ýollap yzymyza gelýärkäk Hose menden sorady:
— Ertir nähili eşik geýmekçi bolýaň?
— Bilemok, bir zatlar geýerin-dä.
— Içigar galan, işden rugsat almandyryn. Ertir işe gitmeli boljak — diýip, Hose şu mahal ýadyna düşen ýaly gynanç bilen aýtdy.
— Biz agşam sagat altyda nikadan geçýäs. Işden bir sagat öň gaýtsaň ýetişeris.
— Indi näme ederis, habar-a ugratdyk? — diýip, ol menden sorady.
— Öýe gidip goşlarymyz bilen bolaly, çüýlenmän goýlan stolumyz bar. Penjireleriň tutusy doly taýýar däl — diýip, men Hoseniň näme üçin özüni beýle geň alyp barýandygyna düşünmedim.
— Toýuň öňýanyndaky günem iş bolarmy?
— Onda näme etmekçi bolýaň? — diýip, men gyzyklandym.
— Seň bilen kino gidesim gelýär. Sebäbi ertirden aňryk sen meň aýalym bolýaň.
Onsoň biz şol ýerdäki ýeke-täk kinoteatra kino görmäge gitdik.
Ertesi dynjymy alaýyn diýip gyşaryp ýatyrdym. Sagat altyň ýaryny görkezýärdi. Birden gapydan Hose girdi-de, batly gygyrdy:
— Hany tur, men saňa sowgat getirdim!
Seretsem, elinde ullakan guty bar. Onuň ýanyna bardym-da:
— Bu gül bolmaly, şeýlemi? — diýdim.
— Çölüň içinde güli nireden alaýyn, aýdýan zadyňy pikirlenip aýt!
Men haýal etmän gutyny açyp, sowgadyň daşyna saralan kagyzlary aýyrdym. Ine, saňa gerek bolsa! Düýäniň kelleçanak süňki. Muňa begenjimiň çägi bolmady. Ony alyp, kitap tekjesinde goýdum. Geň görünse-de, Hoseniň meniň bilen pikirdeşdigi ýöne ýere däldi, dünýämiz bir-birine gaty meňzeşdi.
— Nireden aldyň? — diýip soradym.
— Çölden tapdym. Tüp yssyda aýlanyp ýörşüme tas heläk bolupdym. Muň saňa ýarajakdygyny bilýärdim — diýip, ol ýylgyrdy.
Bu, hakykatdanam, üýtgeşik toý sowgady boldy.
— Bol, çaltrak geýin, ýogsam ýetişmeris — diýip, Hose sagadyna seredip, meni gyssady.
Owadan eşiklerim kändi, ýöne olary seýrek geýýärdim. Hose seretdim, ol goýy gök köýnegini geýipdir, sakgalyny bejerdipdir. Onsoň menem gök köýnek geýeýin diýdim-de, kendir matadan tikilen gök köýnegimi gözläp tapdym. Ol täze bolmasa-da, sadadan gelşiklidi. Aýagyma öňki aýakgabymy geýdim. Saçymy goýberip, kelläme sypaldan örülen şlýapamy atdym. Oňa güljagaz ýetenokdy. Onsoň aşhana baryp, nahar üçin niýetlenen otlardan alyp dakyşdyrdym. Hose meni başdan-aýak synlap, şeýle diýdi:
— Ähli gözellikdir sadalyk bir ýerde jemlenipdir.
Biz gapyny gulplap, ýola düşdük. Bärden şähere gidýän ulag ýokdy, şoň üçinem kyrk minutlyk ýoly pyýada geçmelidi. Ine, aňyrsy-bärsi görünmeýän çöl, belent asman. Asman bilen zeminiň arasynda diňe Hose ikimiziň kölegämiz gymyldaýar. Daş-töwerek ümsümlik. Şol pursat çöl hakykatdanam diýseň gözel göründi. Hose:
— Toýuna pyýada barýan ilkinji gelin, ähtimal, sensiň? — diýdi.
— Dogrymy aýtsam, şähere düýeli gitmek isleýärdim. Nähili gyzykly boljagyny pikir edip gör. Ýöne, gynansak-da, düýämiz ýok-da — diýip, uludan demimi aldym.
Nikalar öýüne ýakynlaşamyzda: «Gelýäler, gelýäler» diýen sesler eşidildi. Bir nätanyş adam bolsa bizi surata düşürmek üçin ylgap öňümizden çykdy. Men gorkup:
— Sen suratçam çagyrdyňmy? — diýdim.
— Ýok, nikalar öýüniň suratçysy bolaýmasa — diýip, ol aljyrap jogap berdi.
Ýokary galanymyzda, işgärleriniň bary gara geýimdedi. Hose olaryň ýanynda toýa gelen myhmana meňzeýärdi.
— Olar ähli zady bolmalysy ýaly geçirjek bolýarlar. Bu bolsa maňa düýbünden ýaranok! — diýip, men Hose pyşyrdadym.
— Azajyk sabyr et, nikadan geçeris welin, bar zat gutarar — diýip, Hose maňa göwünlik berdi.
Zalyň içi tanyş ýüzden doludy. Oturanlar Hose ikimize seredip ýylgyrýardy. Içimden: «Eý, Taňrym, nikadan geçýänimizi bular nireden bildikä?» diýdim.
Kätip juda ýaşdy, biziň bilen ýaşytdaş diýseňem boljakdy. Ol:
— Haýyş edýän, geliň, şu ýere geçiň! — diýip, ol Hose ikimize ýüzlendi. Biz edil oýnadylýan agaç gurjaklar ýaly aýdylanlara boýun bolýardyk. Hoseniň ýüzüniň deri syrygyp, murtuna ýetipdi.
Biz özümize niýetlenen ýere geçip oturdyk. Onsoň kätip söze başlady:
— Ispaniýanyň kanunyna laýyklykda, nikalaşanyňyzdan soň siziň hökmany suratda ýerine ýetirmeli üç sany şertiňiz bar. Häzir sizi olar bilen tanyşdyraýyn. Birinjiden, toýdan soň ýaşlar hökman bile ýaşamaly…
Onuň aýdyp duranlary bolgusyz zatlardy. Şonuň üçinem gülüp ugradym hemem şondan soňky aýdylýan zatlary eşitmedim. Birden kätibiň: «Hanym, San Mao!» diýip, adymy tutýan sesi gulagyma ildi. Men dessine: «Diňleýän» diýdim. Bizi synlap oturanlaryň ählisi gülüşdi. Ol: «Haýyş edýän, ýeriňizden turuň!» diýdi. Men ýuwaşlyk bilen ýerimden galdym. Ol: «Jenap Hose, haýyş edýän, sizem ýeriňizden turuň!» diýdi.
Bizi ýeke-ýekeden turuzman, ikiňizem ýeriňizden turuň diýäýmeli ahyryn, munça samahylly nämä gerekkä?
Şu ýerde birden kätibiň kagyzly eliniň sandyraýandygyny gördüm. Muny ýuwaşlyk bilen Hose görkezdim. Görüp otursam, bu bärde geçirilen ilkinji resmileşdirilen nika eken. Şonuň üçinem kätip bizdenem beter tolgunýan bolsa nätjek.
— San Mao, siz jenap Hoseniň aýaly bolmaga razymy? — diýip, ol maňa ýüzlendi. Men «Razy» diýip jogap bermelidigini bilýärdim, ýöne näme jogap berjegimi bilmän, «Hawa» diýdim. Kätip ýylgyrdy. Soňra ol Hose ýüzlendi. Hose gaty sesi bilen: «Razy» diýip gygyrdy. Şondan soň kätip näme diýjegini bilmän dymdy. Biziň hijimizden ses çykmady. Birdenem ol:
— Siz är-aýal bolduňyz, gutlaýan! — diýdi.
Uzaga çeken dabaranyň ahyry gutarandygyna gözümi ýetirip, özüme geldim. Nepesim durlanan ýaly boldy. Kellämdäki sypal şlýapamy çykaryp, şatlygymdan ony galgatdym. Adamlar gezekli-gezegine ýanymyza gelip, bizi gutladylar. Kätip hut maşgalamyzyň biri ýaly begenýärdi. Birden myhmanlardan kimdir biri:
— Ýogsa-da, siziň toý ýüzükleriňiz hany? — diýdi.
Dogrudanam, ýüzükler niredekä? Men adamlaryň arasyndan Hoseni tapyp:
— Hose, ýüzükler nirede, olary ýatdan çykaran-a dälsiň? — diýdim.
Hose ýylgyryp:
— Olar mende — diýdi-de, jübüsinden çykaran ýüzükleriniň birini öz barmagyna dakdy-da, nämüçindir meňkini dakmady.
Şeýdip Hose ikimiz nikadan geçdik. Çölde toý mekany ýokdy, bizem adam üýşürip, myhman çagyrmagyň tarapdary däldik. Mähelle dargansoň diňe ikimiz galdyk. Biz näme etjegimizi bilemzokdyk. Hose:
— Bu gün myhmanhanada bolsak nähili bolar? — diýdi.
— Gowusy, öýe gaýdyp, iýmäge bir zatlar taýynlaly. Myhmanhanada bir günki sarp etjek pulumyza tutuş bir hepde ýaşap bilýäs — diýdim.
Men artykmaç pul harçlamagyň tarapdary däldim, şonuň üçinem gelen ýolumyz bilen yzymyza dolandyk.
Gelsek, işigimiziň agzynda ullakan şirinnan bar eken. Öýe girip, daşyndaky gabyny aýyrdyk. Onuň içinden: «Toýuňyz gutly bolsun, bagtly boluň!» diýip, Hoseniň kärdeşleri tarapyndan gol çekilen hat çykdy. Hose maňa şirinnandan bir bölek kesip berdi-de, barmagyma nika ýüzügini dakyp:
Meniň Afrikada bolan toýum, ine, şeýle tamamlandy.