|

Ýagtylyk / hekaýa

Ýagtylyk / hekaýa

ÝAGTYLYK

Ikimiz şäheriň bäbekhanasynda tanyşypdyk. Şonda sen halys ejizlän bolmaly. Üznüksiz agyrynyň arasynda maý tapyp, heniz ene bolmaga taýýar däldigiňi ýaňzytdyň. Menem  ynjym özüme ýetik bolansoň, seniň dünýäňe aralaşjak bolup durmadym-da:
— Ynha, posalajyk bäbegi eliňe alarsyň weli, hemme zat ýerbe-ýer bolaýar. Meniň pikirimçe, ene bolmak üçin aýratyn taýýarlyk gerek däl. Diňe öz çagaňy hakyky ene bolup, mähir bilen söýmeli. Bolany şol, galanynam wagt görkezer. 
— Wah, seňki “Men näme diýýän, dutarym näme diýýär” diýenleri boldy. Adamyň gapdalyňda bolsa, onyň hiç hili kynçylygy ýokdur. Meň ýagdaýym başgaça. Men seniň dünýäňe aralaşmakçy boldum.
— Seň adamyň ýokmy? Seň gözüň owasy şol dem ýaşdan doldy.
 — Biz halaşyp toý tutduk. Ýöne “ýetimiň  agzy aşa ýetende, burny ganar” diýilýäni çyn eken. Heniz durmuşyň hözirini görüp ýetişmänkäk,  adamym ýol heläkçiligi zerarly ýurduny täzseledi. Indi çagany ýeke terbiýelemekden gorkýan.
— Sen name  diýjek bolýaň? Içiň-daşyň bardyr ahyry.
— Ene-atadan ir galdym-da döwletliler köşgünde terbiýelendim. 
–Indi näme etsem diýýäň, ýa-da…
— Sen sözümi soňlatmadyň.
— Hudaý saklasyn.  Adamymdan galan ýekeje ýadygärlikden heýem bir ýüz öwrerinmi. Men ony eýýämden gowy görýän.   
 Men  yzalaryma döz gelip, tarsa ýerimden galanymam duýmandyryn. 
— Men saňa ýamanlykly zat diýemok, näme etjagiňi soraýan.
– Näbileýin.
 – O nähili näbileýin. Ony sen bilmän, kim bilsin.
— Maral jan, ýaş çagaly halyma işläp bilmezmikäm diýýän-dä. Özümden başga gazanç etjek ýok mende.  
— Men-ä saňa düşünýän däldirin. Şu wagt, şu zamanada, kynçylyk  ýok, zat ýok. Öýde oturan ýeriňde bir zatlara gýümenseňem bolar durar-da.    
— Aý, näbileýin-dä, meni şol alada barha basmarlaýar. 
Barha güýçlenýän yza bizi uzak eglemedi.  Ikimiziň bäbejigimiz bir wagtda diýen ýaly dünýä iýndi. Göbegene çym-gyzylja çagany ýokary galdyrandan kalbymda bir  üýtgeşiklik döredi. Dem salymda meniň dünýäm agdar-düňder boldy-da birdenem kalba röwşenlik aralaşdy. Men birbada onuň nämedigine düşünip bilmedim.  Onuň nämäniň alamatydygyny seljerjek bolup kösendim. Az salymdan ýaňyja dünýä  gelen oglumyň jägildisi meniň bulaşan duýgularymy aýyl-saýyl etdi. Men şol ajap dünýäm bilen  başagaý bolup ýatyşyşyma  saňa ünsem bermändirin. Bir seretsem sen  gyzjagazyňy bagryňa basyp ýatyrsyň. Men seniň bolşuňa seredip, begenip aňyrsyna çykyp bilmedim. Soňam ikimizi bir otaga ýerleşdirdiler. Sen adamyň hakda gürrüň edip aňyrsyna çykyp bileňokdyň.Onuň seni ezizleýşi bu görlen däl eken. Şonda meň hakydama birek-biregi şeýle gowy görýän jübütleriň uzak ýaşamaýandygy barada aýdylanlar geldi. Belki, bu ýalandyr, ýöne käte durmuşda garaşylmaýan hadysalaram bolaýýar. Meniň düşünişime görä siziňkem şoňä meňzeýär. Siz heniz biri-biriňiziň mähriňizden ganmankaňyz, ýowuz aýralyk düşüpdir araňyza. Meniň saňa nabsim agyrdy. Elimden gelen kömegi etmäge taýýardym saňa,  Sebäp biz ençe günläp bir otagda bolup,  halys öwrenişdik. Dogrusy, meň indi seni ýeke goýasym, senden aýrylasym  gelenokdy. Ýöne gaýynlarym bilen bile ýaşaýanlygymyz üçin saňa “öýmüze gidäýeli” diýmäge-de het edip bilemokdym. 
 Bäbäkhanadan ikimizem bir günde çykardylar.. Meni bäbekhananyň gapysynda gaýyn enem,  adamym, töwerek-daş bolup garşyladylar. Boýdanbaşa  bezelen ulag bize garaşyp durdy. Gujagymy gülden dolduryp barşyma gözün bilen seni gözledim. Sen ho-ol beýlede başyňy aşak salyp duran ekeniň. Saňa seredip, ýüregim ezim-ezim boldy. Şeýle pursatda dogan-garyndaşyň, iç-daşyň neneňsi zerurlygyna gözüm ýetdi. Onsoň seniň ýetim çaga ýaly bolup, boýnuňy burup durşuňa dözmedim-de  gaýyn enemiň gapdalyna bardym. 
— Enesi, kyn görmeseňiz, şo gelni öýüne äkidäýeliň. 
Gaýyn enem seni görenden, sözümi  tamamlanyma mähetdel,  ýanyňa  bardy. Soňam syzjagazyňy goltugyna alyp geldi-de, bizi gyssady.
-Ýörüň, münüň ulaga, öňürti bir öýe baralyň, toý pişmasini iýip, Gunçany öýüne soň  äkideris. Hany, boluň.
Gaýyn enemiň bu teklibine ýok diýen bolmady.  Seň garşylygyňa bakman, öýe alyp gaýtdyk. Men muňa çaga ýaly begendim. Öýe gelenimizden  sen çekinip,  girmejek bolduň.  Gaýynym seni diňlemegem islemedi.
— Balam, sen çekinjiräp durma-da, arkaýyn giriber. Sen şu pursatdan başlap, meniň gyzymsyň. Hiç hili garşylygy kabul etmen, diýdim, gutardy. Sen meni  goşa agtykly bolmakdan goýjak bolma. Hany, bäri ber, agtyjagymy. Özüňem geç, Maral janyň gapdalyna, dynjyňy al. Öýüňe-de gidesiň gelse, soň äkideris. Asla, şu çak, mazaly aýaga galýançaň, boluber şü ýerde.  Jaý gytçylygy ýok, gözümiziň üstünde ýeriň bar. 
Seniň ýetimdigiňi eşiden gaýyn enem birhili saňa eýemsiräp başlady. 
— Hany, gyzjagazyň adyna näme dakjak.  Çagany üç günden ardyk atsyz goýmak bolmaz. Näme dakasyň gelse aýt, çagalar öňi-soňy Rahman jana-da şadatnama almaga gitmeli. Seň balaňa-da alyp gelerler.
 Meň göwnüme bolmasa, gaýynym seni özüniňki saýyp başlady.  Onsoň seniň soragly nazaryňdan sypmak üçin men öňrütdim:
— Gunça, gyzyň adyna Bilbil dakaý. Aglanda-da sesi edil bilbiliňki ýaly ýakymly. 
— Gyzyma ejemiň adyny daksam bolmazmyka? Oguljyk bolsa-ha kakasynyň adyny dakjakdym.
Gaýyn enem seniň  sözüni soňlatmady. 
-Onsoň hüwdüläňde, “ençe wagt oturdym, söýgüli ýary gerirdim” diýjekmidiň.
Ol sözüni soňlap bilmän ýuwdundy. Gyňajynyň ujy bilen nemlenen gözlerini çaldy.
—   Balam, meniň bozulanymy geň görme. Onuň özüne ýetesi sebäbi bar. Ogulmaral jan bilýänem däldir. Meň edil saňa meňzäp duranja  gyzym bardy. Öz halaýan ýigidi bilen toý tutansoň, olar uzak ýaşamdy. Göz boldumy, dil boldumy, garaz, ikisem bir günde heläk boldy-da bu dünýäni terk edip gidiberdiler.. Heniz dünýä inmäge ýetişmedik agtyjagymam gitdi. Ynha, indi ençeme ýyldyr men bu hakykata boýun bolasym gelenok. Göwnüme,  duýman durkam olar gaýdyp geläýjekler ýaly bolup dur. Seni görenimden, inim dyglap gitdi. Edil bir alamny iki bölen ýaly meňzeş sen meniň Aýnama. Ýöne ömrüň meňzemesin, balam. Indi şu günden başlap, sen meniň gyzymsyň. Ýaňky aýdyşym ýaly, hiç hili bahanany kabul etmen, balam.  Gyzjagazyňa-da ejeň adyny daksaň, ylla gowy edýäň, 
 aslynda  türkmençilikde at ýerde ýatmasa gowy görülýä.
Men olaň  gürrüne goşuldym:
—    Ilkinji perzende galan at dakmaly dälem-ä diýýäler…
—    Şonda-da ejemiň adyny dakasym gelýä-dä. Ýöne şadatnamany Ejeş diýip alaýsynlar. Hem-ä ejemiň hatyrasyna, hemem ilkinji çaga galan at dakylmaýan bolsa goý, Ejeş bolsun. 
Gaýyn enem ýene meniň garaşmaýan tarapymdan turdy.
—   Onda nädeli diýsene, Gunça jan, häzir  çagalara azan aýtmaga adam çagyrdym, ur-tut  ejeňe-de aýat okadaly. 
Seni ünji basandygy daşyňdan görnüp durdy.  Şonda-da sen sypaýçylyk etdiň.
—   Daýza, beýdip azara galmasaňyzlaň.  Soň elim uzan mahaly özüm adyny tutaryn ejem janyň. Onsoňam men beýdip siziň duluňyzy  alyp ýatmaýyn-da, gaýdaýyn. 
Gaýyn enem ör-gökden geldi.
—   Diýýäniň näme seniň. Ýaňy aýtdym-a men saňa,  gaýtmak hakda asla pikirem etme.  Men ýaňam aýtdym, gözüm ýük, sen ýük däl diýip. 
 Gaýyn enemiň seň üstüňde kökenek bolşuna ene bolman, perzent söýmän, belki perzendiňy aldyrman düşünmek mümkin däldir. Onuň seň daşyňda hozanak bolup ýörşüni synlar, oguljygymyň ilkinji jägildisini eşiden pursatym hakydama geldi. Şonuň ýaly duýgular, şol mähir edil şu pursat gaýyn enemiň tutuş süňňüni gaplap alana meňzeýär. Onuň bu bolşuny öýdäkiler geňläp durmadylar. Belki, olaram sende Aýnanyň keşbini görendirler, belki-de, balasyny aldyran enäniň ýagdaýyna düşünendirler. Olar seň bilenem, gaýyn enemiň seni öz gyzy ýaly kabul edişi bilenem gaty tiz öwrenişdiler. Göwnüme bolmasa, olar bu waka ozaldan garaşyp ýören ýalydylar. Sen käte-käte öýüňe aýlanmaga giden çagyň gaýyn enemiň gyzjagazyňy bagryna basyp, ony söýgüleýşini bir eşitsediň. Şonda seň özüňem  onuň öz ejeňdigine  belki, ynanardyň. Belki-de  ene mährine zar bolan kalbyň  eýýäm gaýyn enemi öz käbesi hökmünde kabul edendir. Ol-a seni ilkinji pursatdan öz balasy saýdy. Şoň üçinem ol seniň balaňa: “Eçeme ýyllap oturdym, Aýnam jany getirdim, myradyma ýetirdiň, eziz balam Ejeş jan” diýýär. Seň ene mährine zar bolup ösen kalbyň  muny has aýdyň  duýýandyr, şeýle dälmi , Gunça!  
                                                  
*  *  *

Ondan bäri ýyllar  kerweni esli ýol öndüdipdir. "Iki aýakly iki günde" diýleni. Çagalarymyzam, tüweleme, göze görnüpdir.  Ynha, bu gün ýene-de Ejeş bilen Rahmanyň  doglan gününi belleýäris.  Bu indi biziň  maşgalamyza ençeme ýyl bäri adat bolup galdy. Sebäbi gaýyn enem seni öz gyzy hökmünde kabul edeni bäri onuň gussasy egsilip, dünýä täzeden geldi. Şonuň üçinem sen indi meniň baldyzym, Ejeş jan bolsa balam ýalydy.  Ýöne käte-käteler Ejeş bilen Rahymyň bolşy meni birneme tykyradýar. Sebäp olar dogan ýaly tirkeşipjik ýörselerem, mahal mahal biri-birine bakyşyny göremde ilki bilen gözlerindäki uçguna nazarym düşýär-de hopugyberýän. Belki, bu meniň göwnümedir. Olaryň  tirkeşip ýörişlerine gaýyn enemiň begenjini diýsene. Ikimizi aýal dogan ýaly birikdiren, gaýyn enemiň guwanjyny gaýtaryp beren şol gün belki, perzentlerimiziň ykbalyna  hem gowulygy ýazandyr. Men muny  duýýan, belki, senem duýýansyň, şeýle dälmi, Gunça jan.

Ogulgerek USSAÝEWA.

Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle