Baýrak (Hekaýa)

Baýrak (Hekaýa)

Bir hepdeden bäri sowuklamam aýrylyberenokdy. Düýn özümi hasam ysgynsyz duýanym üçin, ejem ir bilen meni uýamyň ýanyna goşup, hassahana ugratdy. Ol ýere baranymyzda sagat dokuz bolan eken. Biz haýal etmän näsag kabul ediş kagyzyny aldyk-da, hassahananyň ýokarky gatyna çykdyk. Lukmanyň kabul edýän otagyny tapyp, şepagat uýasynyň depderçesine hasaba aldyrdyk. Gapyda azyndan ýigrimi bäş adam dagy lukmana garaşýardy. Şonda uýam: «Gijä galypdyrys. Bizden öň gelenler kän, iki sagatsyz nobatymyz ýeter öýdemok» diýdi. Boş oturgyçlaryň birinde oturyp garaşmaga başladyk. Lukman syrkawlary kabul etmäge sagat 10:00-da başlaýar eken, oňa çenli entek kyrk minut dagy bardy. Ýarym sagat garaşandyrys. Uýam bir ýerde durman, nägilelik bilen içini çekýärdi. Birdenem onuň ýüzünde ýylgyryş peýda boldy:

— Wah, meni diýsene! Näme üçin şu çaka çenli ýadyma düşmedikä? Bu hassahanada synpdaşym Aýliniň ejesi şepagat uýasy bolup işleýär ahyry. Ony tapyp bilsem-ä, nobatymyzy öňe süýşürerdim. Lukman gelen badyna barlagdan geçip, öýe giderdik.

— Ýok, oň ýaly zat etmesene! Beýtsek, bizden öň gelenleri äsgermedigimiz bolar — diýdim.

— Akyl satma! Sen ýaraňog-a, iki sagatlap nädip garaşjak?

— Hawa, men ýaramok, ýöne şu ýerdäkileriň hiç birem konserte gelenok. Onsoňam içinde garrylaram, ýaş çagalaram bar. Men bolsa on ýaşymda, howlugýan ýerimem ýok.

Uýam bolsa aýdanlaryma pitiwa etmän, ýanymdan gitdi. Ol hünärment mekdebiniň soňky synp talybydygyna garamazdan, adamlara hormat goýmagy başaranok. Özümi bilelim bäri, onuň bilen köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmak meselesinde düşünişemzok. Gidenine köp wagt geçmänkä, garader bolup geldi-de, demi-demine ýetmän durşuna:

— Şepagat uýasyny tapýançam lütüm çykdy. Hassahanada bir eýläk, bir beýläk ylgandyryn — diýdi.

— Özüň günäkär — diýdim.

Şol wagtam lukman gelip, barlag edýän otagyna girdi. Birsalymdanam adymy tutup çagyrdy. Uýam bolsa «Gördüňmi, başarandyryn» diýýän ýaly maňa ýylgyryp seretdi, men welin turmaga hyýalam edemokdym. Şepagat uýasy sesini gataldyp, ýene bir ýola adymy tutdy. Uýam:

— Hany bol, garaşdyrma! — diýdi.

Nobata duranlaryň ählisiniň nazary bize gönügipdi. Şonda biri: «Olar bizden soň geldiler-ä» diýdi. Şepagat uýasy bu sapar gygyryp çagyrdy:

— Büşra Guwanç, derrew barlaga geliň!

Oturan ýerimden turdum-da, şepagat uýasynyň ýanyna bardym:

— Bir ýalňyşlyk boldy öýdýän. Men şu ýerde duranlaryň köpüsinden has soň geldim. Siz sanawy tersligine okap başlan-a dälsiňiz?

Gürrüňimizi diňläp duran garry daýza:

— Gyzym, bu çaga hak aýdýa. Meniň sagat altyda öýden çykyp, ýedide hassahana gelşim. Garaşyp duranyma-da laýyk üç sagat bolandyr. Indi oturmaga ýagdaýym ýok. Bu gyzjagazyň gelenine bolsa köp wagt geçenok. Şepagat uýasynyň ýüzi gyzardy. «Sanawa ýene bir gezek seredeýin» diýip, otaga girip gitdi. Dessine-de başga biriniň adyny tutdy. Eli bäbeklije gelin ýerinden turup, barlag otagyna ýöneldi. Hälki garry daýza bolsa:

— Ana, indi dogry boldy. Şu gün irden gelemde bu gelin eli bäbekli garaşyp duran eken. Ilki bilen şol gelipdi — diýdi-de, soňam maňa seredip sözüni dowam etdirdi: — Berekella gyzym, iliň hakyny iýmediň. Beýlekilerem seň ýaly bir-birine hormat goýmaly. Ine, şonda jemgyýetimizde tertip-düzgünem, asudalygam bolar. Ýöne ulalaňsoňam bu gowy häsiýetiňi ýitirme.

Uýam bolsa duran ýerinde gaharyndan ýaňa dyrnagyny gemirýärdi:

— Seň bilen öýde gürleşeris!

Nobatym ýetende lukmanyň barlagyndan geçip, beren derman hatyny aldyk. Soňra dermanhanadan gerekli dermanlary alyp, öýe gaýtdyk. Öýe girip-girmänkäk, uýam üstüme gygyryp başlady. Hawa-da, günäkär özi hem bolsa, menden uly-da. Ikindinaralar ejem gerek-ýaragymyzy satyn almaga uýamy bazara ugratdy. Onuň gidenine kän wagt geçmänkä, ejem meni ýanyna çagyrdy:

— Balam, uýaňa tüwi al diýmegi unudypdyryn. Agşama palaw edäýjekdim. Dessine yzyndan ýetip aýt, goý, tüwem alsyn.

Derrew öýden çykdym. Uýamyň yzyndan ýetip, ejemiň tüwi hem sargandygyny aýtdym. Ol tüwem alyp, kassa tölegini tölemäge durdy. Bu ýerde-de kassanyň öňünde nobata duranlar kändi. Adatça, üç kassa işleýärdi, ýöne şu gün diňe biri açyk eken. Uýam:

— Sen şu ýerde garaş, men häzir töläp geleýin — diýdi-de, ýene-de öňki usullaryny ulanmaga girişdi. Öňünde duranlar meniň bilen deň-duş çagalardy. Olara: «Men şu wagt gyssanýan» diýip, öňüne geçdi, hatda olaryň «Bolýa» ýa-da «Ýok» diýerine hem garaşyp durmady. Indi öňünde iki sany ýaş ýigit durdy. Olara-da: «Öňe geçsem garşy dälsiňiz-ä? Gyssagly işim bardy» diýdi. Olaram gyz maşgala «Ýok» diýip durmadylar. Şeýdibem ol dört adamyň öňüne geçdi. Indi kän adam galmandy. Olara garaşmaly boldy. Nobaty gelende puluny töläp, maňa-da «Ýör indi» diýip ümledi. Dükandan çykjak wagtymyz matematika depderimiň dolandygy ýadyma düşdi. Uýam: «Men-ä saňa garaşyp biljek däl» diýip, öýe gaýtdy. Men depder alyp, ýene-de kassanyň öňünde nobata durdum. Öňümde ep-esli adam bardy, ahyrynda kassa ýakynlaşdym. Öňümde ýekeje adam galypdy. Daş-töweregime seredenim hem şoldy welin, nobatyň soňundaky agyraýak bir gelne gözüm düşdi. Garaşmaga mejalynyň ýokdugy göz-görtele bildirýärdi. Şonda oňa ýüzlenip:

— Siz meň nobatyma geçäýiň — diýdim.

— Köp sag bol, Alla ýalkasyn! Şu wagt aýak üstünde zordan durun…

Men bolsa onuň ýerine geçdim. Indi ýene-de nobatyň iň yzynda. Aý, zyýany ýok-la, sogap iş etdigim bolar. Garaz, meniň hem nobatym geldi. Puluny töläp, töleg kepilnamasyny alan wagtym, kassir maňa:

— Biraz garaşyň — diýdi-de, öňünde duran telefonda kimdir biri bilen gürleşdi. — Şu ýerde azajyk garaşyp bilermisiňiz? Müdirimiz siz bilen görüşmek isleýä.

Men: «Beýle näme bolaýdyka?» diýip haýran galdym. Az wagtdan söwda merkeziniň müdiri gelip, meni gutlady. Nämäniň-nämedigine entek düşünemokdym. Müdir düşündirmäge başlady. Söwda merkezi müşderilerine höweslendiriji baýrak bermegi ýola goýupdyr. Her günüň ýüzünji müşderisine baýrak berilmeli edilipdir. Şol günem ýüzünji müşderi men bolupdyryn. Maňa diýseň oňat tigir gowşurdylar. Tigrimi alyp, begenip öýe geldim. Maşgalamyzam muňa monça boldy. Şol günden bäri uýam dükana ýygy-ýygydan gatnaýar. Tölegini bermeli bolanda-da, gyssanman öz nobatyna garaşýar. Özi hiç hili dil ýaranok welin, ýüzünji müşderi bolmaga synanyşýar öýdýän.

Türk di­lin­den ter­ji­me eden Ta­wus KA­KA­ÝE­WA
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle