Zemindenem uly söýgi (Hekaýa)
Bolaýsa altynjy, ýedinji synplarda okap ýören döwürlerimizdir-dä, geografiýa mugallymymyzyň teklibi bilen sähra gezelenje gitdik. Nädip ýüze çykany ýadymda däl, kimiň Watany has güýçli söýýändigi baradaky gürrüň ara düşdi. Her kim özüniň watansöýüjiligini subut etjekden, alagowur bolşup durşumyzy synlap, ýylgyryp esli wagtlap gürrüňe goşulman oturansoň, mugallymymyz ahyrsoňy täsin bir teklibi orta atdy. Ol Watana söýgimiziň ululygyndaky tegelegi çägäniň ýüzüne çöp bilen çyzyp görkezmegi teklip etdi. Elimize çöp alyp, biri-birimiziňkiden kiçi çekmejek bolup, hasanaklaşyp ýörşümiz häzirki ýaly ýadymda. Dogumlyrak oglanjyklar tarapyndan eýelenensoň, gowşagrajyk synpdaşlarymyzyň tegelek çyzmak üçin ep-esli aňryk gitmeli bolanlaram tapylypdy. «Tegelek çyzylyşyga» diňe Mahym atly synpdaşymyz goşulmady. Her kim «boldum» edensoň, mugallymyň ýanyna barýar. Şonda mugallymyň biziň çyzgylarymyza seretjegem bolman: «Hany, ilki bilen Mahymyň pikirini diňläliň» diýmegine gaty geň galypdyk. Ýöne: «Sen näme üçin çyzgy çyzmadyň?» diýen soragyna «Azajyk kelläm agyrýar» diýen jogaby alan mugallymyň keýpi gaçdy. Onuň soňkuja umydy puja çykan kişiniň lapykeçligi bilen: «Wah, gaty tama edipdim welin, senem oňarmadyň-ow» diýip, başyny ýaýkady.
Näçe tama etsegem, mugallym şondan soňam tegelekleri ölçemedi. Biziň tamakinçilik bilen bakýan gözlerimize seredip, bir pursat duransoň, ol şeýle diýdi:
— Men bu zady özümden oýlap tapamok. Şeýleräk bir tymsaly birmahallar okapdym. Onda söýginiň göwrümini çekmek teklip edilende: «Men beýle uly çyzgyny bäri-bärde çyzyp gutaryp bilmen» diýen jogaby beren ýeňiji bolýar. Ýaňy Mahymyň size goşulman oturyşyny görenimde, olam maňa şeýle jogaby berer diýip tama edipdim.
Bu sözlerden soň halys keýpimiziň gaçanyny gören mugallym, göwnümizi açmak üçin, çyzgylary ýeke-ýeke gözden geçirip ugrady. Hersiniň ýanyna baranda, ony çyzanyň adyna aýdylýan gülküli sözler sebäpli, derrew ala-şowhun bolduk. Şeýdip aýlanyp ýörşümize, bir üýtgeşik çyzgynyň üstünden bardyk. Biz: «Bu kimiň çyzgys-aý?» diýşip, biri-birimiziň ýüzümize seredişdik. «Muň kiçijekdigini» diýip, geň galyp, gözüni tegeleýän haýsy, «Ýer ýetmänsoň, kiçi çekäýipdir» diýip gülýäni haýsy. Başga biri: «Ýok, ýaltanyp kiçi çekendir» diýip, oňa garşy çykýar. Ýene biri öz pikirini aýdyp galdy: «Iki sany kiçi tegelek çekenden, ýekejesini, has ulurak edip çyzaýmaly ekeni». Dogrudanam, çyzyklar kiçijegem bolsa, iki sanydy. Muny gören mugallymyň gözlerinde ýene-de umyt uçgunlary döredi. Ol okuwçylara seredip: «Muny kim çyzdy?» diýip sorady. Kän bir köpe goşulmaýan, ýygraja synpdaşlarymyzyň biri çekinjeňlik bilen: «Meňki» diýip, elini ýokary galdyrdy. Mugallym:
— Men bir tegelek çyz diýdim-ä — diýip, oňa seretdi. — Ýa seniň Watana bolan söýgiň iki sanymy?
Okuwçylaryň gülki seslerinden ýaňa, şonsuzam ýygra synpdaşymyzyň ýüzi burç ýaly gyzardy. Birdenem ol mugallyma seredip:
— Ýok, olaryň biri başga zat — diýdi. Soňam elindäki çöpjagazy ilki tegelekleriň kiçisine uzatdy-da: — Ine, bu Ýer şary — diýip, mugallyma seretdi. Bizem mugallyma seretdik. Onuň özüni üns bilen diňleýänini gören synpdaşymyz çöpi bilen beýleki, ulurak tegelegi görkezdi. — Bu bolsa meniň Watana bolan söýgim.
Bir pursat hiç kimden ses çykmady. Mugallymyň ýüzi göz-görtele ýagtylypdy. Ol ýene-de umydynyň puja çykaryndan ýaýdanýan ýaly, birsalym tegeleklerden gözüni aýyrman duransoň, ardynjyrady-da:
— O näme üçin Ýer togalagy kiçi? — diýdi.
Synpdaşymyz bu gezek has dogumly jogap berdi:
— Ýok, ol kiçi däl. Ýöne meniň Watana söýgim uly.
Ondan bäri, gör, näçe baharlar yzda galdy. Ýöne heran-haçan watansöýüjilik barada gürrüň çyksa, hökman çagalygymyzyň sergin sährasynda galan şojagaz pursat hakydamda janlanýar.