Hatanyň jogaby (Hekaýa)
Obamyzyň ilersi — oglan aýak yzlarymyzyň jümmüşi. Niçikmi jebegäň daralsa, şo tarapa eňibirsiň. Bu ýerik çagalygyna dolanmaga gelýänler kän. Bir söý bilen ýoluň düşäýse dagy, gyssanyp barýanam bolsaň, durup, birsellem çagalaryň şady-horramlygyny synlarsyň. Özüňi şolaň biri ýaly duýarsyň. Ynsan näçe ýaşasa-da, kalbynyň töründe çagalygy bar ahbetin.
Soňky wagtlar ol ýere barmamy ýygjamlatdym. Howa maýyl bolsun, gyşyň doňaklygy bolsun, akara syn etmegi gowy görýän. Şeýtsem, süýji ýatlamalaryň öz-özi geliberýän ýaly bolýar. Çagalaram maňa öwrenişipdirler. Gördükleri: «Aman daýy-da, Aman daýy…» bolşup, ellerini salgaberýärler. Şeýdip, ömrüňden aýrasyň gelmeýän, gaýta goşasyň gelýän günleriň birinde çagalar säher bilen öýe geläýipdirler. «Barybir günde işe gidýäňiz-ä, indiden beýläk bizem alyp gidäýiň…» diýip.
Wah, indi bulara näme jogap bererkäm? «Bolar» diýsem-ä, hersi bir ýerden kösenip geljek, «bolmaz» diýsemem, göwünleri döwüljek. Nätmeli? Razylaşaýmakdan gaýry çäre ýok.
— Ýeri bolýa. Onda hemmämiz bir ýerik — ýokarky ýabyň boýuna üýşeliň. Şo taýy hemmämiz üçinem deňlik. Ýene bir şertim bar, çagalar. Siz garaňky gatlyşmanka, hökman öýüňize köwlenmeli. Gürleşdikmi?
— Işden dolanaňyzda-da bile gaýdaýalyň.
Men ýylgyrdym-da, olara birlaý seretdim.
— Görýäňiz-ä, gyşyna gün gysgalyp, gije uzaýar. Indi meň gelýän wagtym biraz gijräk bor…
— Aý, onda-da… — diýip, çagalar nägile seslendiler.
— Ýörüň, gijä galmalyň. Ilerki oýtumy «öýkeledäýmäň» — diýip, ýolboýy degşip, henek atyşyp gitdik. Bul-a erbedem bolmady. Adam dünýäni gezýär, gözi köpi görýär. Emma ýene-de çaga dünýäsi seni öz holtumyna duwlaberer. Men şondan soň çagalar bilen hemsöhbet bolmagyň neneňsi şirinligine göz ýetirdim. Olarda şeýle bir ýakym, täze-täze aýdyň maksatlar bar. Olar bilen ýoldaş bolup kän zat öwrendim.
Bir günem oslagsyz ýagdaý ýüze çykdy oturyberdi. Işde eglenmeli boldum. Gyssagly iş çykdy. Işläp oturyşyma, güpbe bir zat ýadyma düşäýmezmi:
«Çagalar…».
Şobada ýerimden gopup, işikden çykdym. Iş ýerimden oýtuma çenli esli aralyk bardy. Onda-da ýadawlyk ýada düşenokdy. Haslap barşyma, çagalardan başga gözüme hiç zat ilenokdy. Garaňkyda çagalaryň sesleri gulagyma gelip ugrady. Emma öňkülerden düýpgöter başgaçady. Golaýlaberemde, sesler aýdyňlaşyp ugrady. Indi şadyýan gülkä derek, diňe aglamjyraýan sesler eşidilýärdi. Arasynda: «Eje!», «Aman daýy!» diýen sözlerem gelip gidýärdi. Ahyram, oýtumyň gyrasyndaky çile ýetdim. Dumandan ýaňa zat saýgararly däldi. Onda-da sesimiň ýetdiginden gygyryp ugradym:
— Çagalar! Çagalar, men bärde…
— Aman daýy, nirede sen? Biz gorkýas, Aman daýy-y-y, ge-el…
Meniň ätiýaçlyk üçin işde saklaýan çyram bardy. Bolsa-da ony ýanyma alanlygym. Onda-da onuň yşygy ümri böwserden ejizdi. Onuň köreksi yşygyna çagalar birden-ikiden gelip ugradylar. Olardan beýlekileriň nirededigini soradym. Olar: «Bilemzok» diýdiler.
— Siz şu ýerde maňa garaşyň — diýip, galan çagalaryň idegine çykdym. Atma-at gygyryp ugradym. Inçejik, ysgynsyz ses eşidilen ýaly boldy. Men çen bilen eňdim şol tarapa. Uly ilim bilen gygyryberdim. Barsam, oglanjyklaryň ikisi tommugyň üstüne çykyp, biri-birini gujaklap, digdenekleşip oturan ekeni. Ikisinem gujagyma alyp göterdim gaýtdym.
Mazaly ýüregim ýerine geldi. Hemmesiniň başy bitin. Mejalsyzlaryny göterip, ýöräp biläýjeklerini yzyma tirkäp, oba bakan ugradyk. Içimdenem özüme käýinýän: «Wah, men bar bolaýyn. Bularyň maňa garaşýanyny unudan bolsam nätjek!».
Ümürden ýaňa töwerek-daş görnenokdy. Diňe taýagatym aralygy saýgaryp bolýar. Iň ýamany, alnymyzda uly ýap bardy, şondan nädip geçjekdigim aladady. Köprini tapaýsamam boldugy. Ol barmana adamlaryň hümürdisi bilen ýabyň suwunyň sesi gelip ugrady. Sesimizi çykarman, şol tarapa ýöräberdik. Dumandan ýaňa hiç zat görmesegem, adamlara golaý baranymyzy aňmak bolýardy. Sesler has aýdyň eşidilýärdi. Ahyrsoňy köpri, onuň ýanynda hümer bolup duran adamlar göründi.
Çagalary aman-esen hossarlaryna gowşurjagyma begensemem, täze bir alada üstüme hopba boldy. Içimdenem: «Indi bulara näme jogap bererkäm? Meni tüýt-müýt ederler» diýip gaýtalaýan.
Çagalar ene-atalaryny tanandan, «eje-de-kaka» bolşup, eňdiler köprä baka. Hossarlarynyňam sesleri olaryňkydan peslär ýaly däl. «Oglum, balam!» diýşip, jigerbendini bagryna basyp, hamsygyp durany haýsy, çalarak käýinýäni haýsy, birbada töwerekde başga adam bardyr öýtmediler. Menem olary çetde synlap durun. Birdenem olar maňa garşy ýöräp ugradylar. Ähli zada kaýyl bolup, ýygrylyp, gykylygyň başlanaryna garaşyp durun. Ýöne düýbünden garaşmadyk sözlerime damagym dolup gitdi:
— Eden ýagşylygyň üçin sag bol, ogul.
— Uly howpdan sowduň…
Men şol arada-da ýagdaýy düşündirjek bolýan:
— Ýok-ýok. Bu zatlara gaýtam men…
Olar welin meni diňlär ýaly däl. Biri dursa, beýlekisi başlaýar:
— Sag bol, guzym…
— Eliň-gözüň dert görmesin…
Menem bolýan zatlara düşünip bilmän durun, özümi günäkär saýyp…