Borç (Hekaýa)
Semýon FEDOSEÝEW,
rus ýazyjysy
Alýoşa feldşer ( Ýöriteleşen orta bilimli lukman.) hassalaryň halyndan habar alandan soň, günorta bolup barýarka öz bolýan otagyna geldi.
Bosagadan ätlän badyna, otagyň eýesi Stepanowna oňa telegramma uzatdy:
― Bu saňa, Alýoşa! Ýaňyrak getirdiler.
Alýoşa telpegini oturgyjyň üstüne oklap goýberdi-de, howlukmaçlyk bilen telegrammany açdy.
Onuň ýüzüniň ak tam bolanyny gören Stepanowna ynjalyksyzlanyp sorady:
― Näme boldy? Eýgilikmi?
Alýoşa oňa aljyraňňy ýagdaýda seretdi-de, zordan şeýle diýdi:
― «Aýalyň… Walentina agyr näsag» diýlip ýazylypdyr.
Stepanowna elini ýüregine ýetirdi. Birmahal onuň oglunyň öldi habary gelipdi, şondan bäri aram-aram ýüregi sançýardy. Şonuň üçinem kesekiniň gussasy hem duýulman geçip gidenokdy. Ol:
― Nähili derde ýolukdyka? ― diýip sorady.
― Ýazmandyrlar. Men gideýin, Stepanowna. Ol ýerde onuň ýalňyz özüdir.
Ol gulakjynyny çümre geýdi-de, endigine görä oturgyjyň üstünde duran feldşer çemedanjygyny ýüzugra alyp, daşaryk çykdy. Gyşyň howasy arassady, asman bulutsyzdy. Ýöne bu howa Alýoşanyň göwnüne tutuk hem ýakymsyz ýaly bolup göründi. Ol dyzboýy gary basgylap, uly ýola tarap howlukdy. Ol gyssandygyça aýaklary has beter çolaşyp, öňe tarap haýal hereket edýän ýaly göründi.
Alýoşa ahyry ulaglaryň dynuwsyz gatnaýan ýoluna çykdy. Ol «Derrew ulaga münmek başardaýsa, iki sagatdan şäherde bolaryn» diýip oýlandy.
Ol dykgat bilen alyslara seretdi, ýöne içiňi ýakaýyn diýýän ýaly, hiç hili ulag görnenokdy.
«Bolmasa, pyýadalabersemmikäm!» diýip, Alýoşa gaharlandy. «Ýogsa-da, aýalymyň haly niçikkä? Elbetde, şäher ýerinde lukmanlar ony idegsiz galdyraslary ýok, ýöne öýde onuň ýeke özi-dä, agyr hassa üçin bolsa ýalňyzlykdan ýaman zat ýok».
Ahyry uzakdan motoryň özüne zor salyp gürrüldeýän sesi eşidildi. Ulag haýallyk bilen gelýärdi, megerem, agyr ýükli bolsa gerek.
Ol baýryň aňyrsyndan ýuwaş-ýuwaşdan göründi: ilki kabinanyň depesi, soňra alynky aýnasy, radiatory, ahyrynda-da tigirleri we ulagyň özi.
Alýoşa onuň MAZ-dygyny gördi. Derrew oňa elini galdyrdy.
MAZ part-part edip togtady, sürüji kabinanyň gapysyny açdy, ýöne Alýoşa henizem elini galdyryp durdy. Göwnüne, elini aşak goýberse, sürüji ony ýolda goýup, gapyny ýapyp ötägitjek ýalydy.
Sürüji oňa geň galyjylyk bilen seretdi.
Alýoşa birden özüne geldi. Ol:
― Meni şähere eltsene, dogan! ― diýip, ýalbaryjy äheňde haýyş etdi. ― Aýalym näsaglapdyr. Telegramma geldi.
― Mün! ― diýip, sürüji şobada razylaşdy.
Alýoşa kabina girip gapysyny ýapandan soň, MAZ haýallyk bilen ýerinden gozgandy. Şondan soň sürüji kelam agyz gürlemedi. Ol ýa dymma häsiýetli bolmaly, ýa-da boş gürrüňler bilen gaýgy-aladaly adamy biynjalyk edesi gelmedi.
Motor özüne zor salyp, dynuwsyz gürrüldeýärdi. Alýoşa ulagyň birsydyrgyn sesine ymyzganan bolmaly, sebäbi ýoluň üstünde duýdansyz peýda bolan aýaly hem görüp ýetişmedi. Zenan edil asmandan inen ýaly, ellerini iki ýana gerip durdy. Onuň sypaty haý diýmän özüni ulagyň aşagyna oklamakçy bolýana meňzeýärdi. Sürüji ulagy sakga duruzdy. Alýoşa tasdanam maňlaýy bilen öňki aýnany süsüpdi. Kabinanyň gapysyny açan sürüji daşaryk boýnuny uzadyp, bogazyna sygdygyndan gygyrdy:
― Näme, aňkaň aşdymy?
Aýal kabina golaý geldi. Onuň egninde ýeňiljek kürtekçesi bardy. Başyndaky ýaglygy gyşarypdy, eginlerine ýaýlyp ýatan saçlaryny bolsa şemal bulaşdyrypdy. Ol gözlerini ýaşdan dolduryp gürledi:
― Mähriban adamlar! Kömek etseňizläň!
― Saňa ne döw çaldy? ― diýip, heniz gahary ýatyşmadyk sürüji sorady.
― Gyzymyň… haly agyr… — Aýal aglady, ýöne şobada gözýaşyny süpürdi-de, şeýle diýdi ― Ony hassahana äkitmeli!
Sürüji:
― Hany, gyzyň nirede? ― diýip sorady.
Aýal beýleligine elini salgady:
― Hanha, şo-ol tarapda.
― Obaňyz uzakdamy?
― Bary-ýogy iki kilometr, jaryň aňyrsyndan öwrülen ýeriňde. Kömek edersiňizmi? ― diýip, ol umyt bilen sorady.
Sürüji ýüzüni çytdy.
— Özüňiz oýlanyp görüň, nädip sowlaýyn? Ýükümiň nähilidigini özüňiz görüp dursuňyz ahyry. Men garda bataryn, onsoň hiç bir traktor muny çykaryp bilmez. Siz başga, ýüksüz ulag tutuň.
― «Tutuň» diýmek dilde aňsat! Men şu ýerde laýyk bir sagat bäri durun, ýekeje ulagam geçenok, siz ilkinji ulag ― diýip, aýal ýene-de aglap ugrady.
Sürüji ellerini gerip, näme diýjegini bilmedi:
― Wah, oňarsam kömek etjek-le, ýöne başarjak däl-dä! ― Ol haraý isleýän ýaly Alýoşa seretdi. Jara tarap gidýän, gar basan, batgaly ýoldan agyr ýükli MAZ-yň geçip bilmejekdigine Alýoşanyň özem gowy düşünýärdi. Ol şu zatlary hyýalynda aýlap oturyşyna, dyzynyň üstündäki feldşer çemedanjygyny tä barmaklary agyrýança berk gysdy. Näme etmeli? Nirelerdedir bir ýerde oňa syrkaw Walentinasy garaşýardy… Bärde bolsa hasrat derýasyna çümen ene aglap dur.
Ol bir netijä geldi-de, kabinanyň gapysyny açyp böküp düşdi we «Gidiber» diýýän äheňde sürüjä elini salgady. Soňra zenana tarap öwrüldi-de, şeýle diýdi:
― Ýörüň! Men feldşer.
Ol daştöweregine seretmän, zenanyň görkezen ýodasy bilen ýöräberdi. Birneme köşeşen aýalam onuň yzyna düşdi.
Gany gaçan, çepiksije gyzyň ýedi-sekiz ýaşy bardy. Ol gögümtil öwüsýän dodaklaryny çalaja açyp, çalt-çaltdan zordan dem alýardy. Çaga gözi düşen badyna, Alýoşa hassanyň ýagdaýynyň juda agyrdygyna düşündi. Bu öýken çişmesiniň agyr görnüşidi.
Gyzjagaz uly umyt bilen oňa seretdi.
Alýoşa syrkawyň gan basyşyny barlady, öýkenini, ýüregini diňläp gördi. Çemedanjygyny açyp sanjym iňňesini, pamykdyr derman-därilerini aldy…
Ol agşama deňeç gyzjagazyň ýanynda oturdy. Gije syrkawyň ýagdaýy birneme agyrlaşsa-da, soňra kem-kemden gowulaşyp başlady, ynjalyksyzlanyp eýlesine-beýlesine agdarylmasy, iňlemesi azaldy we ahyry rahatlanyp uka gitdi.
Çaganyň ejesine tarap ýüzüni öwren Alýoşa:
― Keseliň howply döwri geçdi, indi gorkuly zat ýok ― diýdi.
Ene hamsygyp, ýuwaşja gürledi:
― Dogrymy aýtsam, Waleçkam amanadyny tabşyrar öýdüp gaty gorkdum.
Alýoşa tisginip gitdi.
― Onuň ady Walýamy? ― diýip gaýtadan sorady.
― Hawa, Walentina.
Alýoşa:
― Ol ýaşar, ýöne oňa hökman lukmanyň gözegçiligi gerek.
― Ertir biziň feldşer zenanymyz zähmet rugsadyndan dolanyp gelmeli.
― Örän gowy. Meniň bolsa gider wagtym boldy.
Ol zatlaryny çemedanjygyna salyp, gulakjynyny, paltosyny geýdi.
― Ýola düşmänkäňiz garbanyp gitseňiz kem-ä bolmazdy ― diýip, aýal mürehet etdi. ― Men derrew taýynlaýyn.
Alýoşa iliklerini ildirip durşuna:
― Ýok, ýok, minnetdar, azara galmaň, men gaty howlugýan, şäherde juda möhüm işim bar ― diýdi.
Edil şol wagt gyzjagaz gözlerini açdy. Gitmekçi bolup duran Alýoşa gözi düşen nähoş eşidiler-eşidilmez ses bilen haýyş etdi:
― Lukman daýy, gitmeseňizläň!..
Alýoşanyň ýüregi mynçgalanana döndi. Onuň öz Walentinasynyň şeýle pessaý, ysgynsyz ses bilen içer ýaly suw soraýandygy, suw alyp bermäge hiç kimiň ýokdugy, aýalyna kömek etmegiň ýerine nätanyş bir gyzjagazyň ýanynda oturandygy göz öňüne geldi.
Gyzjagaz oňa gorkuly hem ýalbaryjy ýagdaýda seredýärdi, ol bolsa nätjegini bilmedi.
Edil şol wagt howluda itiň üýrýän sesi eşidildi, ýaglygyna bürenen bir aýal jaýa girdi.
― Marýa, seniň Walýuşkaň syrkawlapdyr diýýärler? ― diýip, ol ynjalyksyzlanyp sorady. Gerek-ýarak zadyň barmy? Sen ýöne aýtsaň bolýa, biz hemmesini bitireris. Klawdiýa bilen Ýelena-da näme kömek gerekdigini sora diýdi.
― Sag boluň, häzirlikçe hiç zat gerek däl ― diýip, Walýanyň ejesi jogap berdi.
Alýoşa oýa batdy: «Belki, häzir meniň Walentinam hem ýeke däldir. Biziň rehimdar zenanlarymyz bar, olar adamy betbagt ýagdaýda goýup bilmez, goldarlar, kömek ederler…».
― Daýy, sen gitmersiň-ä? ― diýip, gyzjagaz ýene howsalaly sorady.
Alýoşa gulakjynyny çykardy-da, paltosyny çüýden asdy, gyzjagazyň ýanyna baryp, onuň saçlaryny sypalap durşuna:
― Ýok, gidemok — diýip ýylgyrdy. — Men seniň ýanyňda galjak. Sen basym aýaga galmaly, Walýa… Walentina…