Gorkajyk Arina (rus ertekisi)
Witaliý Bianki,
rus ýazyjysy
I bölüm
Kolhozda işleýän Fedoranyň gyzyny hemmeler gorkajyk Arina ýa-da gorkajyk Arişka diýip atlandyrýardylar. Gyzjagaz şeýle bir gorkajyk eken welin, ejesinden birje ädimem uzakda durup bilenokmyş. Öýüň işlerine hem onuň kömegi degmändir. Ejesi:
— Arina jan, bar howuzdan bir bedre suw alyp gel, kirleri ýuwmaly!
Arina dodajyklaryny müňküldedip:
— Neme… Howuzda gurbagalar bar ahyry!
— Ýeri, gurbagalar bolanda näme?
— Olar bökýärler. Men olardan gorkýan — diýip, gyzjagaz müýnürgäp ejesine seredipdir.
Fedora howuzdan suw getirip, kirli geýimleri ýuwupdyr.
— Bar gyzym, geýimleri gurar ýaly üçekde sersene!
— Neme… üçekde möýler bar ahyry!
— Ýeri, möýler bolanda näme?
— Olaryň zäheri bar-a. Men olardan gorkýan.
Fedora gyzyna elini silkip, özi üçege çykyp geýimleri serýär.
— Arişka, iň bolmanda, ammara baryp azrak süýt alyp gel!
— Neme-le, eje jan… Ol ýerde syçanlar bar ahyry!
— Ýeri, bolanda näme? Olaryň seni iýesi ýog-a.
— Olaryň uzyn guýruklary bar. Men olardan gorkýan.
Şeýle gorkajyga etjek alajyň ýok!
II bölüm
Tomusda daýhanlar uzagrakda ýerleşýän, uly tokaýdaky otlary ýygýardylar. Arina bolsa ejesinden birje ädimem uzaklaşmaga gorkup, onuň eteginden ýapyşyp, işlemegine päsgel berýärdi. Fedora birsalymdan pikirlenip:
— Gyzym, bar tokaýdan malina ýygyp gel — diýipdir.
Tokaýda malinany höwes bilen sebedi doldurup ýygýardylar. Gyzjagaz süýji zatlary iýmegi halaýardy. Ol edil bal arysynyň bala tarap uçuşy ýaly, süýji miweleri görse olara tarap ýüwrerdi.
— Hany, eje jan, malinalar nirede ösýär? — diýip, Arina ejesiniň ýüzüne seredipdir.
— Han-ha, hol gyrajykda.Ýör, görkezeýin.
Arina al-ýaşyl bürenip oturan agaçlaryň arasynda bişen gyzylja malinany görüp, dessine agaja tarap ylgapdyr.
— Diňle gyzym, malina ýygnamak üçin uzaklara gidäýmegin. Birden gorkaýsaňam meni çagyr, dessine seniň ýanyna gelerin — diýip, Fedora gyzyna sargapdyr.
Fedora şol gün gowy işläpdir. Arina-da ejesini birje gezegem ýanyna çagyrmandyr. Şeýlelik-de, naharlanmagyň wagty boldy. Fedora gyzyny gözlemek üçin tokaýa tarap ugran badyna, bir seretse Arinanyň özi gelýärdi. Gyzjagazyň ýaňajyklary, elleri malinanyň şiresinden ýaňa şepbeşip durdy. Ol elindäki içi miweden doly uly sebedi ejesine uzadypdyr.
— Tüweleme gyzym! Eýsem, sen munça köp miwäni nireden aldyň? — diýip, Fedora begençli nazary bilen gyzyna seredipdir.
— Hol aňyrdaky uly çeşmäniň malina meýdanyndan ýygdym.
— Baý-ba… Gör, batyrlyk seni nirelere äkidipdir. Eýsem, men saňa uzaklara gitme diýipdim ahyry, seni entegem ýyrtyjy haýwanlar iýmändir.
— Ýyrtyjy haýwanlar? Ol ýerde diňe ýekeje kiçijik aýyjyk bardy — diýip, gyzjagaz gülmäge başlapdyr. Fedora geňirgenip:
— Näme… Aýyjyk? O nähili aýyjyk?
— Hawa, onuň şeýle bir naşyja, ýumşajyk tüýleri hemem garaja burny, ýaşylja gözleri bardy.
— Eý, Hudaý jan! Ýeri, sen ondan gorkmadyňmy?
— Gorkmak hakda pikirem etmedim! Men oňa «Salam, aýyjyk!» diýsem, ol janawar menden gorkup agaja dyrmaşdy. Men bolsa oňa «Aýyjyk, aşak düşsene, men diňeje seni sypalajak» diýdim. Ol bolsa öňküsindenem ýokaryk dyrmaşýardy. Garaz, onuň aşak düşesi gelmedi. Seret, ol häzirem gorkudan ýaňa şol agajyň üstünde otyr.
Fedoranyň ýüregine gorky aralaşdy.
— Gyzym, gyrymsy agaçlaryň arasynda hiç kimi görmediňmi?
— Elbetde, biri bardy, ol malina agajynyň şahalaryny döwüp, ýogyn sesi bilen gygyrýardy hemem malina ýygnaýardy. Men oňa «Daýy jan, maňa şol aýyjygy tutmaga kömek edäýiň-dä?» diýdim, ýöne ol meniň ýanyma-da gelmedi.
— Akmajyk çaga! Ene aýy öz balasyny goramak üçin şol agajyň daşynda aýlanyp ýören bolsa, olam seni gören bolsa, diriligiňe ýoguňa ýanardy! — diýip, Fedora elini silkdi. Bu habary eşiden oba adamlary ellerine paltadyr, çarşaklaryny alyp tokaýa tarap ýüwürdiler. Uly çeşmäniň ýanyndaky malina meýdanyna baryp görseler, hakykatdan-da, ene aýy çäresizlikden öz balasynyň daşyndan aýlanyp ýördi. Oba adamlaryny gören ene aýy beýleki çagajyklaryny alyp gidiberdi. Agaçda oturan kiçijik aýyjygy bolsa, oba adamlary halas etdiler. Arinajyga bolsa bu batyr hereketi üçin kemerjik sowgat etdiler. Bu waka geçen ýyl bolup geçdi. Indi aýyjyk öňki ýaly kiçi däldi, ulalypdy. Arina bolsa öňküsi ýaly ejesinden birje ädim uzakda durup bilmeýän gorkajyk däldi. Gyzjagaz häzirem kiçijik, ýöne ol indi birinji synpa gadam basýardy. Ol şeýle bir kiçijik welin, partada zordan ýüzüni görüp bolýardy. Arina aýyjygyndan gorkanokdy, ýogsam ol öňküsi ýaly naşyja däldi, ulalypdy. Atlar we beýleki haýwanlar aýyjygy görseler gorkudan ýaňa, tüýleri syh-syh bolardylar. Indi daýhan Fedoranyň gyzyny Arina gorkajyk diýip atlandyrmaýardylar, tersine, Arina bilen aýyjygyna hormat goýýardylar. Arina hemme işleri yhlas bilen ýerine ýetirýärdi, beýleki oba gyzlaryna göreldedi, ejesiniň kömekçisidi. Ol howza suw almaga gitmelem bolsa, üçege geýimleri sermäge çykmalam bolsa, ammara süýt almaga gitmelem bolsa, öňküsi ýaly gorkmaýardy. Ol öňler iň bärkisi syçandanam gorkýardy ahyry.