|

Soltan Mahmyt Gaznalynyñ ogrulara goşulyşy hakynda hekaýat

Soltan Mahmyt Gaznalynyñ ogrulara goşulyşy hakynda hekaýat Soltan Mahmyt Gaznawynyñ ogrulara goşuluşy hakynda hekaýat

Lybasyn üýtgedip, gijäñ bir wagty
Soltan topar ogryñ ýanyna bardy.

«Kim sen?» diýp, ogrular berdi sowaly.
Soltan diýdi: «Menem özüñiz ýaly».

«Beýle bolsa otur. Goý, häzir her kim
Näme başarýannyñ gürrüñin bersin.

Diñläp aýdanlarny ahyryna çenli,
Anyklarys näme peýda berjegni»

Olañ biri diýdi: «Ülpetler, meniñ
Ýiti eşitgirligim däl çakyñ-çeniñ.

Bir ýerden it sesin eşden badyma,
Düşünýärin onuñ diýýän zadyna».

Olañ ýene biri goşulyp söze,
Diýipdir: «Bir zady aýdaýyn size.

Birini bir gezek görsem, bolany,
Soñ asyl-ha sypdyramok men ony!»

Üçünji ogry hem öz gezeginde,
Diýipdir: «Bar ökde zadym meniñ-de.

Uzak gürlemäýin özüm hakda men,
Ýer gazmaly bolsa, şoña ökde men».

Dördünji ogry-da diýipdir şonda:
«Bilseñiz, başgarak hünär bar mende.

Ynanyñ, aýdamok üstüne goşup,
Meniñ ys alyşym juda üýtgeşik.

Aşyk Mejnun Leýlisiniñ geçenin
Bilenmiş diýýärler ysyndan ýeriñ.

Menem haýsy ýerde hazyna baryn
Şol ýeriñ ysyndan anyklaýaryn!»

«Meniñem başarýan zadyma garañ,
Syrtmak taşlamaga ussat men örän.

Başarýan duşmany atdan ýykmagy
Ýa ýüpden ýapyşyp, gala çykmagy».

Diýýär-de, bäşinji soñlaýar sözün.
ogrular soltana aýlaýar gözün.

«Biziñ aramyza iñ soñky gelen,
Niçik hünäriñ bar? Gürrüñ ber senem».

«Mende bir gudrat bar. Olam — sakgalym,
Bu syry illerden gizlin sakladym.

Ony bir silkemde, islendik adam
Halas bolar gutulgysyz beladan!»

«Şonuñ ýaly kişi tüý gerek,
Saýlaýarys seni serdara derek.

Bize baştutan bol!» diýip, ogrular,
Köşgi talamaga küýlenýär olar.

Ählisi soltanyñ yzyna düşüp,
Ugraýarlar diýip nirdesiñ, köşk.

Şol wagt bir ýerden it sesi gelýär,
Ol eşitgir ogra habar äkelýär.

«Siziñ arañyzda bar — diýip — soltan»,
Şol it üýrüp-üýrüp, gaýtalaýar kän.

Ogry bary işe girişýär bada,
Biriniñ syrtmagy galgap howada,

Diwara dyrmaşyp başlaýar şol dem,
Beýlekileñ bary oñ yzy bilen

Köşge girip, hersi başarýan zadyn
Başlaýar, olara garaw ýok şadan.

«Ýurdy belet çapar» diýilýän gep bar,
Olar hazynany dessine tapýar.

Zat goýman, ählisin syryp-süpürýär,
Ummasyz baýlygy jantaýna urýar.

Soñra ogrulara hemsyrdaş bolman,
Olardan aýrylyp galypdyr soltan.

Ogrulañ mesgenin, sypatyn, adyn
Belläp, köşge tarap urupdyr ädim.

Dañdanlar — ukuda mahaly iliñ,
Çagyrýar ýanyna wezir-wekilin.

Soñ bir topar at-ýaragly nökerni
Çagyryp, ogrulañ ýaşaýan ýerni

Düşündirip, salgy beripdir anyk.
Nökerler ogrulañ gözlerni dañyp,

Öñlerine salyp olañ hemmesin
Südenekläp alyp gelýärler basym.

Tangyr ogry ony gören badyna,
Tanyş keşbi tiz salypdyr ýadyna.

Hakydada aýlap oñ aýdan sözün,
Soñra soltan taýa öwürýär ýüzün.

«Ýadymda nämeler gürrüñ bereniñ,
Belli bize seniñ gudrat-keremiñ.

«Sakgalymy silkemde, islendik adam
Gutular — diýýärdiñ — herki beladan».

Herimiz başarýan zadymyz etdik,
Ine, indem seniñ nobatyñ ýetdi.

Nämeüçin matlabñy gizlin sakladyñ?
Ne sebäpden gymyldanok sakgalyñ?» Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle