Beýik Ýüpek ýoly -1: Beýik ýüpek ýolunyň Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky köpugurlaýyn gatnaşyklaryň ösüşine täsiri
Beýik Ýüpek ýoly -1: Beýik ýüpek ýolunyň Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky köpugurlaýyn gatnaşyklaryň ösüşine täsiri
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY
■ Sözbaşy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Şu topragyň üstünden geçen Beýik ýüpek ýoly diňe geografiýa, ykdysady taýdan däl, eýsem, ruhy nukdaýnazardan hem Gündogar bilen Günbataryň medeniýetlerini birleşdiriji köprä, adamzadyň bitewiliginiň iň bir aýdyň nyşanlarynyň birine öwrüldi” diýip, türkmen halkynyň beýik geçmiş taryhyna mynasyp baha berýär.
Gadymy döwürlerde we orta asyrlarda Ýewropanyň hem-de Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda amala aşyrylan syýasy, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklarda sebitleri we yklymlary birleşdiren aragatnaşyk ýollarynyň uly ähmiýete eýe bolandygy bize mälimdir. Gadymyýetde esasan söwda-ykdysady maksatlar üçin ulanylan bu ýollaryň käbirlerinden asyrlar boýy peýdalanylypdyr. Emma b. e. I asyrynyň başlarynda söwda-ykdysady gatnaşyklar halkara derejesine eýe bolup, Beýik ýüpek ýoly indi diňe bir söwdagärler däl, eýsem diplomatlar, syýahatçylar we zyýaratçylar tarapyndan hem giňden ulanylyp başlapdyr. Netijede, Gündogar bilen Günbataryň arasynda harby-syýasy we sowda-ykdysady maksatlardan başga-da, ruhy-medeni ugurlarda gatnaşyklary alyp barmak üçin hem giň mümkinçilikler açylypdyr.
Söwda ýollary esasan harytlaryň aýry-aýry görnüşlerini (çigmal, azyk önümleri we zynat harytlary) öndürilýän ýerlerinden olaryň ýetmezçilik edýän we uly isleg bildirilýän ýerlerine daşamak üçin hyzmat edipdir. Sebäbi belli-belli zatlary ýa-da harytlary öndürmek anyk bir sebitlere mahsus bolupdyr. Mysal üçin, Hytaý Günbatar Aziýany we Ortaýer deňzi sebitiniň ýurtlaryny ýüpek bilen üpjün etse, hoşboý ysly önümler esasan Günorta Aziýa ýurtlaryndan getirilipdir. Bu harytlar guryýer kerwenleri ýa-da deňiz gämileri arkaly “Ýüpek“ we “Hoşboý ysly önümler ýoly“ diýlip atlandyrylýan ýollar boýunça örän uzak aralyklara daşalypdyr. Bu ýollar Ýewraziýanyň gadymy imperiýalarynyň arasyndaky esasy aragatnaşyk ulgamlary bolup hyzmat edipdir. “Ladan ýoly“ (ladan — dini we baýramçylyk däp-dessurlary geçirilende tütedilýän ýakymly ysly şepbeşik madda) diýlip atlandyrylýan başga bir möhüm söwda ýoluna araplar eýeçilik edip, olar düýe kerwenleri arkaly Günorta Arabystandan ýakymly ys berýän dürli maddalary we mirra (ysly şepbik) daşapdyrlar.
Beýik ýüpek ýoly – bu biziň eýýamymyzdan öňki II asyrdan XV asyra çenli aralykda Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryny birikdiren söwda kerwen ýollarynyň bitewi ulgamydyr. “Ýüpek ýoly“ adalgasy ilkinji gezek 1868-1872-nji ýyllarda Hytaýa ýedi gezek syýahat eden nemes gündogarşynasy Ferdinand fon Rihtofen tarapyndan ylmy dolanyşyga girizilipdir. Rihtofen hytaýlylaryň ýüpek söwdasyndan uly peýda görýändiklerini göz öňünde tutmak bilen, bu ýoly şeýle atlandyrypdyr.
Beýik ýüpek ýolunyň ýüze çykmagy b.e.öňki 138-nji ýylda Han imperatory U-diniň tabşyrygy boýunça Horezme ilçi edilip ugradylan Çžan Sýanyň ady bilen baglanyşyklydyr. Çžan Sýan tä b.e. öňki 126-njy ýyla çenli Horezmde bolmak bilen Hytaýdan Günbatar ýurtlaryna gidýän ýollary içgin öwrenipdir. Hytaýly ilçiniň geçen ýolunyn esasynda soňra Gündogary Günbatar bilen birleşdiren Beýik ýüpek ýoly ýüze çykýar. Bu möhüm söwda ýolunyň döremeginiň we pajarlap ösmeginiň köp asyrlyk taryhy bardyr.
Geçmişde Türkmenistanyň çäklerinden geçip, Russiýa bilen Hindistany, Hytaý bilen Günbatar ýurtlaryny birleşdiren halkara kerwen ýollary ülkäniň ykdysady we medeni durmuşynda uly orun tutupdyr. Şol sebäpden hem kerwen ýollarynyň geçen ýerlerini, onuň esasy duralgalaryny we şahalaryny ylmy esasda öwrenmek Türkmenistanyň, onuň aýry-aýry sebitleriniň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni taryhyna çuňňur hem-de töwrekleýin seljerme bermek üçin amatly şertleri döredýär.
Gymmatly ýüpek çig maly we ýüpek mata hytaýly söwdagärleriň esasy harydy bolup, Günbatar ýurtlarynda uly islegden peýdalanypdyr. Ýüpek matanyň öndüriliş syry şol döwürde Ýewropa mälim bolmandyr. Ýewropa bazarlarynda çaýa, farfora, lak çalnan önümlere isleg uly bolupdyr. Emma esasy ýörgünli haryt ýüpek bolupdyr. Şeýle bolansoň, ol harytlaryň gatnadylan ýoluna hem “Beýik ýüpek ýoly” diýip at beripdirler.
Alymlaryň pikirine görä, ýüpek gurçugynyň pilesinden ýüpek almagyň usulyny hytaýlylar mundan 5 müň ýyl ozal tapypdyrlar. Ýüpekçilik boýunça belli alym A.A.Tihomirow bolsa bu babatda anyk senäni – b.e.öňki 2698-nji ýyly görkezýär.
Hytaý rowaýatyna görä, ilkinji ýüpegiň alynmagy imperator aýal Si Ling-çi tarapyndan amala aşyrylypdyr. Çaý içip otyran hökümdar aýalyň käsesine agaçdan ýüpek gurçugynyň pilesi gaçypdyr. Haçan-da, ol käseden piläni çykarjak bolup ýüplüginden çekende, pile çözülip başlaýar. Şeýlelikde, ilkinji ýüpek alnypdyr. Si Ling-çi bolsa “Asman” imperýasynyň hudaýlarynyň hataryna goşulypdyr diýlip, rowaýatda aýdylýar.
Käbir alymlaryň pikirine görä, ýüpekçiligiň watany Hytaýyň Şandun welaýaty bolup, b.e.öňki 2255-nji ýylda onuň ilaty salgydy ýüpek matalar bilen töläpdir. Birnäçe ýyl geçenden soň, ýüpekçilik Hytaýyň köp ýerlerine ýaýrapdyr. Has takygy, b.e.öňki I müýyllygyň ikinji ýarymynda Hytaýda ýüpekçilik giň gerime eýe bolupdyr. Şol wagt ýüpekden pul ýasapdyrlar, mata dokapdyrlar, salgyt töläpdirler, ony söwda hasaplaşygynda ulanypdyrlar.
Alymlaryň bir topary Hindistanyň dag sebitlerini tebigy ýüpegiň watany diýip hasap etseler, beýleki birleri Günbatar Gimalaý daglaryny, hatda Eýrany agzaýarlar. Ýöne ýüpegiň watanynyň Hytaýdygy baradaky çaklama hakykata has golaýdyr. Piläniň ýönekeýje taýýarlanylmagyndan ýüpek gurçugynyň eldekileşdirilmegine çenli ençeme asyr gerek bolupdyr. Ýüpegiň alnyşy şu wagt hem gadymyýetdäkiden kän bir tapawutlanmaýar. Ýüpek gurçuklary tut ýapraklary bilen iýmitlendirilýär. Olaryň agramy 30 günlük ýaşaýşynyň dowamynda 10 müň esse artýar. Öz ösüşinde ol 5 döwri geçip, bäşinji döwründe pile sarap başlaýar. Bir piledäki ýüplügiň uzynlygy 600-2000 metre ýetýär.
Mälim bolşy ýaly, ýüpekçilik Hytaýdan b. e. öňki II-I asyrlarda Hami oazisine (Gündogar Türküstan), III asyrda Koreýa, IV asyrda bolsa Hindistana aralaşypdyr. Orta Aziýanyň günbatarynda ýüpekçilgiň ösüşi b.e.V-VI asyrlarynda başlanýar. Emma Özbegistanyň Surhanderýa welaýatynda ýerleşýän Kempirdepeden (Demirgazyk Baktriýa) tapylan ýerli önüm bolan ýüpek matalarynyň senesi kesgitlenilende, ol b.e. II asyrynyň ikinji ýarymyna – III asyryň başlaryna gabat gelýär. Ýüpegiň bu ýerde mundan has ir ýüze çykan bolmagy hem mümkindir.
Rimde ýüpek matalary b.e.öňki 46-njy ýylda ulanylyp başlanypdyr. Emma birnäçe asyryň dowamynda ýüpek bu ýerde entek getirilýän haryt bolmagynda galypdyr. Rim imperýasynyň şäherileriniň birnäçesinde köp sanly dokma ussahanalary bolup, olarda dürli ýüpek matalary öndürilipdir. Mälim bolşy ýaly, b.e.V asyrynda ýüpekden önüm öndürýän ussahanalar Aleksandriýada (Müsür) hem peýda bolupdyr. Eýranda ýüpek matalaryň önümçiligi sasany şasy Şapur II (304-379) döwründe başlanypdyr. Ol özüniň hökümdarlyk eden döwründe Mesopotamiýadan, Siriýadan ussat dokmaçylary Eýrana çagyrypdyr. Ýurtdaky ussahanalaryň hemmesinde Hindistandan we Seýlondan Beýik ýüpek ýolunyň üsti bilen getirilýän ýüpekden mata dokalypdyr.
Wizantiýada ýüpek gurçuklaryny ösdürip ýetişdirmek, pile öndürmek b.e.VI asyrynyň ikinji ýarymynda başlanýar. Bu iş Wizantiýadan Ortaýer deňziniň günorta sebitlerine hem aralaşypdyr.
Ýüpekçiligiň beýleki ýurtlara ýaýramagy Beýik ýüpek ýolunyň üsti bilen amala aşyrylypdyr. Ilkibaşda ýüpek diňe Han imperýasynyň günbatarynda ýerleşýän ýurtlara çykarylýan haryt bolupdyr. Hytaýdan ýüpek gurçugynyň tohumyny çykarmak gadagan edilip, eger bu iş amala aşyrlaýsa, onuň üçin ölüm jezasy berlipdir. Alym Albert Hermanyň bellemegine görä, ýüpek b.e.IV–VII asyrynyň ahyrlarynda Beýik ýüpek ýolunyň üsti bilen iki aýry-aýry dünýäni – Günbatary we Gündogary baglanyşdyran esasy haryda öwrülipdir.
Beýik ýüpek ýoly bilen ilkinji kerwenleriň gatnap başlan döwürlerinde häzirki Türkmenistanyň çäklerinde goňşy sebitleri hem öz düzümine alan kuwwatly Parfiýa imperiýasy höküm sürüpdir. Parfiýa döwletiniň esaslandyrylmagy çarwa par taýpalarynyň herekete gelmegi bilen baglanyşykly bolupdyr. Bu beýik döwleti taýpa serdary bolan Ärsak şanyň binýat edendigini biz degişli bölümde belläpdik. Parfiýa döwleti öz döwründe dünýäniň iň güýçli döwletleriniň, ýagny Günbatarda Rim imperýasynyň, Gündogarda bolsa Kuşan döwletiniň güýçli bäsdeşi bolupdyr. B.e.I-II asyrlarynda Parfiýa döwletinde birnäçe netijeli diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr.
Parfiýa döwleti bilen ýüpekçiligiň mekany bolan Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar b.e.II asyryndan başlanypdyr. 107-nji ýylda Hytaý ilçisi ilkinji gezek Parfiýa gelipdir. Oňa belent mertebeli myhman hökmünde adaty bolmadyk hezzet-hormat edilipdir. Ilçini Parfiýa döwletiniň serhedinde 20 müň adamly goşun bilen garşylapdyrlar we ony Parfiýanyň paýtagty Gekotompil şäherine çenli ugradypdyrlar. Hytaý ilçisi öz ýurduna gaýdanda, ony Parfiýanyň ilçisi ugradypdyr hem-de ondan Hytaý patyşasyna sowgat iberipdir.
Parfiýa-Hytaý gatnaşyklarynda birnäçe peýdaly netijeler gazanylypdyr. Parfiýa ýurdundan Hytaýa üzüm we ýorunja tohumy äkidilipdir. Hytaýdan Parfiýa ýurduna ýüpek, polat ýaly birnäçe zatlar getirilipdir.
Hytaýda ýüpek gurçugynyň tohumyny çykarmak babatynda hemişe gadagançylyk höküm sürüpdir. Hytaýyň hökümeti ýüpek önümçilik senedini gizlin syr hökmünde saklapdyr. Ýazuw çeşmeleriniň şaýatlyk etmegine görä, b.e.VI asyrynyň 50-nji ýyllarynda Wizantiýanyň imperatory Ýustinian I-niň buýrugy boýunça grek ruhanylary hasalarynyň tutawajynyň içini oýup, ýüpek gurçugynyň tohumyny öz ýurtlaryna getiripdirler. Şondan soň Wizantiýada ýüpekçiligiň ýerli önümçiligi ýüze çykypdyr. Netijede Hytaý ýüpek önümçiliginde agalyk etmegini bes edýär. Orta Aziýada, Eýranda, Wizantiýada we Ortaýer deňziniň kenarýakasyndaky birnäçe ýurtlarda ýüpekçilik giňden ýaýransoň, Beýik ýüpek ýoly boýunça gatnadylýan harytlaryň mukdary has hem artypdyr.
■ Beýik ýüpek ýolunyň Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky köpugurlaýyn gatnaşyklaryň ösüşine täsiri
Dünýäniň Aziýa böleginde bürünç asyrynyň medeniýeti hasap edilýän “Oksus siwilizasiýasy” diýilýäni ýa-da Baktriýa-Margiana arheologik toplumy, takmynan b.e.öňki 2200-1700-nji ýyllarda peýda bolupdyr. B.e.öňki II we I müňýyllyklarda Orta Aziýanyň günorta çäklerinde ägirt uly we güýçli döwletleriň birnäçesi uly ösüşe eýe bolupdyr. Bu imperiýalar sebitiň merkezinde ýerleşýän çarwa halklaryň ýaşaýan topraklaryny basyp almaga birnäçe gezek synanşypdyrlar, ýöne olary gutarnykly boýun egdirmek başartmandyr. Şol döwürlerden başlap Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň, şeýle hem Günorta Aziýanyň sebitleriniň arasynda söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklara ýol açylypdyr.
B.e.öňki VI-V asyrlarda Orta Aziýanyň dürli ýerlerinde Ahemeniler imperiýasy agalyk edipdir. Sebitiň halklary takmynan b. e. öňki IV asyrda çaltlyk bilen ösýän bu kuwwatly imperiýanyň harby-syýasy basyşyna döz gelmeli bolupdyrlar we döwrüň iri taryhy wakalaryna gatnaşmak bilen, özlerini iş ýüzünde tanadyp ugrapdyrlar. Baktriýa (ýa-da gadymy grekleriň atlandyryşlary ýaly Baktriýa Margiana) Gadymy Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän bir ýurt bolupdyr. Ol gadymy Horasan ülkesiniň günorta-gündogarynda Hindiguş daglarynyň we demirgazykda Oksus derýasynyň (Amyderýanyň) aralygynda ýaýylyp ýatan böleginde ýerleşipdir. Häzirki döwürde onuň öz içine alan çäginde Demirgazyk Owganystan, Günbatar Täjigistan, Günorta Özbegistanyň bir bölegi we Gündogar Türkmenistan ýerleşýär. Onuň paýtagty Baktry (Balh) şäheri bolupdyr. B.e.öňki I we b.e.III asyrynyň dowamynda, ýagny Hytaýyň Orta Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen ýüpek söwdasyny etmäge başlan döwürlerinde Baktriýa döwletiniň şäherleri bu söwdanyň merkezi bolup, ony öz bähbitleri üçin peýdalanypdyrlar.
Gündogaryň we Günbataryň, ýagny Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, ýagny Ýüpek ýolunyň açylmagynyň deslapky şertlerini üpjün eden ilkinji aýgytly ädim Orta Aziýany öz imperiýasynyň düzümine girizen Isgender Zülkarneýne degişli bolupdyr. Ol ilki bilen Fergana jülgesiniň başlanýan ýerinde, soňlugy bilen bolsa ýüpek ýolunyň demirgazyk ugrundaky esasy söwda merkezine öwrülen Aleksandriýa şäherini ýa-da “Aleksandriýa Eshatany” (Alysdaky Aleksandriýany) esaslandyrypdyr.
B.e.öňki 323-nji ýylda Isgender Zülkarneýin aradan çykandan soň, onuň uly imperiýasy goşunbaşylaryň arasynda paýlaşylypdyr. Serkerde Ptolomeý Müsüri dolandyrmagy öz üstüne alyp, ol korol diýlip yglan edilipdir we b. e. öňki 305-304-nji ýyllarda ýurda hökümdarlyk edipdir. Ptolomeýler neberesi Müsürde 300 ýyla golaý wagtyň dowamynda, ýagny b.e.öňki 30-njy ýylda Rim tarapyndan basylyp alynýança hökümdarlyk edipdir. Rim döwleti tarapyndan basylyp alnandan soňky birinji ýüzýyllygyň dowamynda Müsür Ortaýer deňziniň kenarýaka sebitlerinde işjeň hem pajarlap ösýän Rim welaýaty hökmünde tanalypdyr. Nil derýasynyň ugry boýunça, çölüň üsti bilen geçýän ýollar, şonuň ýaly-da Gyzyl deňizdäki Berenik portundan gaýdýan suw ýollary arkaly Merkezi Afrika, Arap ýarymadasy hem-de Hindistan bilen ýaýbaňlanan söwda işleri pajarlap ösüpdir.
Parfiýa şalygynyň ýaşaýjysy bolan grek Isidor Harakskiý öz ýazan işlerinde Parfiýa menzilleri ady bilen dürli ilatly nokatlary we gatnaw ýollary beýan edipdir. Grek-rim paýtagty bolan Antiohiýa şäherinden gaýdýan söwda ýollary Palmira boýunça Siriýa çölüni kesip geçip, Ktesifona (Parfiýa patyşalygynyň paýtagty bolan şäherleriň biri) we Tigr derýasynyň boýundaky Selewkiýa tarap uzalyp gidipdir.
Ol ýerden ýol Zargos daglarynyň üsti bilen gündogara – Ekbatana we Merw şäherlerine alyp barypdyr. Merwde onuň bir şahasy Buharanyň we Fergananyň üsti bilen demirgazyga tarap öwrülipdir hem-de Mongoliýa tarap uzap gidipdir, beýleki şahasy bolsa Baktriýa alyp barypdyr. Sogdiananyň Fergana jülgesinde ýerleşýän şäher-döwletleriň iň güýçlüleri uly meşhurlyga eýe bolupdyr. B.e.öňki I asyrdan soň bu şäherler Ýüpek ýoly boýunça söwda edip baýan adamlaryň hemişelik ýaşaýan mekanyna öwrülipdir.
Pars aýlagyndaky Spasinu Karaks porty deňiz boýunça edilýän söwdanyň ykrar edilen iri merkezi bolupdyr. Şol ýere getirilýän harytlar söwda ýollarynyň ulgamynyň ugry bilen tutuş Parfiýa şalygy boýunça – Tigr derýasyndan Ktesifona, Ýewfratdan – Dura-Ýeuroposa hem-de Arabystan we Siriýa çöllerinindäki söwda ýollarynyň ugrunda ýerleşýän şäherlere ugradylypdyr. Guryýer boýunça uzalyp gidýän bu söwda ýollaryň köpüsi Ortaýer deňziniň gündogaryndaky portlara baryp tamamlanypdyr. Şol portlardan harytlar suw ýoly bilen Rim imperiýasynyň şäherlerine äkidilipdir.
Gadymy döwürlerden bäri Hytaýy hem-de Hindistany Orta Aziýa, Eýran we Ýakyn Gündogar bilen birleşdiren Ýüpek ýolunyň ugrundaky şäherler, dürli dini we etnik toparlara degişli halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýän merkezler bolupdyr. Biziň eýýamymyzyň ilkinji asyrlary tamamlanandan soň, häzirki Owganystanyň we Orta Aziýanyň üsti bilen Demirgazyk Hytaýa buddaçylygyň ýaýramagy netijesinde bu gatnaşyklar has-da ýygjamlanypdyr.
VI asyrda Orta Aziýanyň çäklerinde göktürkler ornaşyp başlapdyr. Göktürkleriň imperiýasynyň döredilmeginiň yzysüre türki taýpalar gysga wagtyň dowamynda sebitiň günbatarynda ymykly mekan tutupdyrlar. Bu döwür Orta Aziýa üçin ykdysady we medeni taýdan ösüşleriň döwri bolupdyr. Şäherler ulalyp, ekerançylyk, senetçilik we söwda ösüpdir. Sogdiananyň ilaty bu döwürler ussat we başarjaň söwdagärler – dellallar bolupdyrlar. Sebitde prahatçylygyň ýola goýulmagy bilen Sogdiananyň işewür halky söwda işlerinde giň mümkinçiliklere eýe bolupdyr. Sebäbi göktürkler Hytaý bilen Wizantiýanyň aralygynda söwda işleri üçin amatly şertleri döredipdirler. Netijede Gündogary Günbatar bilen birleşdirýän Beýik ýüpek ýoly gaýtadan pajaralap ösüp ugrapdyr. Bu ýol boýunça dürli görnüşli harytlar daşalypdyr. Emma söwda ýolunyň esasy harydy barybir Hytaýdan gelýän ýüpek bolup galypdyr.
Orta Aziýanyň we Eýranyň üstünden geçip gelýän bu haryda Wizantiýada isleg örän ýokary bolupdyr. Wizantiýanyň hökümdarlary Günbatar Ýewropanyň ýarym wagşy halklaryndan düzülen hakyna tutma goşunlarynyň esgerlerine pul deregine köplenç ýüpek beripdirler. Emma Wizantiýa gelýän Beýik ýüpek ýoly Eýranyň üstünden geçýärdi. Bu döwleti özüniň esasy bäsdeşi we garşydaşy hasaplaýan Sasanylar döwletiniň hökümdarlary Wizantiýany hem harby taýdan, hemem ykdysady taýdan güýçden gaçyrmaga çalşypdyrlar. Dogry, hytaý ýüpegini Wizantiýa başga bir ýol bilen – Hazar we Gara deňizleriniň demirgazyk kenarlarynyň üsti bilen hem äkitmek mümkinçiligi-de bolupdyr. Emma söwda kerwenleri ol ýerleriň döwlet gurluşyny görmedik, ýarym çarwa ilaty tarapyndan häli-şindi talaňçylyga sezewar edilipdir.
Sasanylar Hytaýdan gelýän bu harydyň bahasyny has galdyrypdyr we Wizantiýadan mümkin boldugyça köp altyn pul alyp, ony harby-ykdysady taýdan gowşatmaga çalşypdyr. Muňa garamazdan, ýüpek Eýranyň üsti bilen näçe gymmat bahadan alynsa-da, bu Wizantiýa üçin barybir bähbitli bolupdyr. Çünki Günbatar Ýewropanyň ýarym wagşy döwletleriniň hökümdarlary hytaý ýüpegi üçin serişde gaýgyrmandyrlar. Şonuň üçin hem sasanylar Wizantiýa ýüpegi ýokary nyrhdan satmak bilen bir hatarda, satylýan ýüpegiň mukdarynam çürt-kesik azaldypdyrlar. Wizantiýa tarapy beýle ýagdaý bilen ylalaşmak islemändir we ýüpek söwdasy üçin has amatly ýollary gözläpdir.
Ýüpegiň Orta Aziýadan Eýranyň üsti bilen Wizantiýa äkidilip satylýan möçberinden başga-da, göktürk hanlarynyň hazynasynda bu harydyň ummasyz köp mukdary jemlenipdir. Göktürkleriň hökümdarlary bu ýüpegi sogdianalylara satdyrypdyrlar. Netijede sogdiýanaly täjirler göktürkleriň tabynlygyndaky araçyllar bolmak bilen, Eýranyň bazaryny ýüpekden doldurypdyrlar. Olar indi ýüpegi Eýranyň üsti bilen Wizantiýa satmagyň ýollaryny gözläpdirler. Göktürkleriň hökümdary sogdiýanaly Maniýahy Eýrana ilçi edip ugradypdyr. Maniýah sasany patyşasyna Eýranyň üsti bilen ýüpegi Wizantiýa satmak isleýändiklerini aýdyp, bu özara bähbitli işe onuň öziniňem goşulmagyny teklip edipdir. Emma sasany hökümdary muňa razylyk bermändir. Sebäbi ýüpegiň Wizantiýa barmagy bilen Sasany döwletiniň harby-ykdysady, şonuň esasynda bolsa syýasy kuwwatynyň hem ýokarlanmajakdygy ikuçsyzdy.
Sasany hökümdary Maniah bilen duşuşygynda ýüpegiň diňe bir Wizantiýa äkidilmegine däl, eýsem öz ýurdunyň çäginde satylmagyna-da garşydygyny ýaňzydypdyr. Sasanylaryň bu hereketinden nägile bolan Maniýah we onuň ilçiler topary baryp öz hökümdarlaryna arz edipdirler. Emele gelen ýagdaýy düzgünleşdirmek maksady bilen göktürkler Ktesifona täze ilçileri iberipdir. Ýöne olara-da bu meseläni çözmek başartmandyr. Üstesine-de, ilçiler öz ýurtlaryna gaýdyp gelmändirler. Menandryň ýazmagyna görä, göktürk ilçileri şanyň weziri Kutulfyň maslahaty bilen zäherlenip öldürilipdir.
568-nji ýylda göktürkler Maniýahy indi Wizantiýa ilçi edip ugradypdyrlar. Sasanylaryň döredip biläýjek päsgelçiklerini göz öňünde tutup, ilçiler Hazar we Gara deňizleriniň demirgazyk kenarlary bilen aýlanyp Wizantiýanyň paýtagty Konstantinopola gelipdirlar. Netijede Göktürkleriň döwleti bilen Wizantiýanyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk we harby ýaranlyk hakynda ikitaraplaýyn şertnama baglaşylypdyr. Grek awtory Menandryň ýazmagyna görä, şol ýyl Wizantiýanyň imperatory hem göktürkler bilen ýaranlygyň alamaty hökmünde yzyna dolanan Maniýahyň ýanyna öz ilçisi Zemarhy goşup goýberipdir. Göktürk hanynyň adamlary Zemarha her-hili demir önümlerini görkezipdirler we eger-de Rum tarapy isleg bildirse, bu önümleri Wizantiýanyň bazarlaryna çykarmaga mümkinçilikleriniň bardygyny aýdypdyrlar. Zemarh yzyna dolanandan soň, göktürkleriň hökümdary sogdiýanalylara we horezmlilere Wizantiýa bilen söwda etmäge rugsat beripdir.
VII asyryň ortalarynda Orta we Ýakyn Gündogarda halkara ýagdaýy düýpli özgerýär. 633-651-nji ýyllar aralygynda arabystanly musulmanlar Sasanylar döwletini we onuň Mesopotamiýadaky mülklerini doly boýun egdiripdirler. Şol döwürde-de musulman goşunlary Eýranyň gündogaryndaky we demirgazygyndaky ýerleri boýun egdirmek maksady bilen, Horasana hem-de Ýüpek ýoly boýunça Transoksiana tarap hereket etmäge başlapdyr. Netijede, kuwwatly Arap halyflygynyň döremegi we Yslam dininiň ýaýramagy söwda işleriniň geriminiň orta asyr şertlerinde mümkin bolan derejede giňelmegine getiripdir. Sebäbi Arap halyflygynda häkimiýeti, kanunçylygy we söwda-ykdysady gatnaşyklary berkidýän, söwdagärleriň – işewür adamlaryň bähbidini goraýan bir bitewi ulgam döredilipdir. Musulman Gündogarynda söwda-ykdysady gatnaşyklar Seljuklaryň döwründe öz ösüşiniň ýokary derejelerine baryp ýetipdir.
Orta Aziýadan gündogara hem-de günbatara uzap gidýän söwda ýollarynyň ugrundaky işewür hereketler Çingiz hanyň goşunlarynyň çozup girmegi bilen ep-esli pese düşüpdir.
XIII asyryň 20-nji ýyllarynyň ortalaryna çenli mongollar Garahytaýlylaryň we Köneürgenç türkmenleriniň döwletlerini basyp alypdyrlar. Olar Orta Aziýa çozup girip, yslam dünýäsiniň ylym hem-de iň uly söwda merkezleriniň biri bolan Buhara şäherini, şonuň ýaly-da Balh, Samarkant, Hyrat, Köneürgenç şäherlerini weýran edipdirler. 1221-nji ýylda mongollar Merwi basyp alypdyrlar we bu ýerden 400 ussany sürüp äkidip, şäher ilatynyň galan bölegini gyrypdyrlar. Günbatara edilen ýörişleriň barşynda mongollar Reý ýaly uly ähmiýete eýe bolan şäherleri, şonuň ýaly-da köp sanly beýleki şäherleri (mysal üçin, Şirazy) ýer bilen ýegsan edipdirler ýa-da olara uly zyýan ýetiripdirler.
Aziýada we Gündogar Ýewropada giň ýerleri basyp alyp, mongollar dünýäniň harby-syýasy taýdan iň güýçli döwletleriniň birini döredýärler. Çingiz hanyň mirasdüşerleriniň bir-birleri bilen özara duşmançylyk edip başlandyklaryna, daýhanlara, senetçilere we söwdagärlere goşmaça salgytlaryň salnandygyna, baýlyk toplamak üçin öndürijileriň halys tozdurylandygyna garamazdan, Ýewraziýa yklymynda söwda dolanşygynyň çäkleri ep-esli giňelipdir. Sebäbi söwda gatnaşyklarynyň giňemegi öňi bilen dolandyryjylaryň özleri üçin bähbitli bolupdyr. Şeýlelikde, mongollar we söwda işi bilen meşgullanýan täjirler uly baýlyga eýe bolupdyrlar. Ýüpek ýoly boýunça edilýän söwda işlerine mongollar tarapyndan uly ähmiýet berilmegi, onuň gönüden-göni ösmegine we syýahatçylaryň howpsuzlygyny kepillendirýän şertleriň döredilmegine ýardam edipdir.
Belli syýahatçy Marko Polonyň (1254-1324) maşgala agzalary ýaly, italýan täjirleri hem özleri üçin bähbitli telekeçilik işleri bilen meşgullanyp, mongol paýtagtlarynyň ýerleşýän mekanlaryna we olaryň çäginden daşarky ýerlere syýahat edipdirler.
Günorta Russiýadan ýa-da Kiçi Aziýadyr Eýrandan bolan söwdagärler Türküstanyň serhetlerine ýetip, mongol serhedini kesip geçipdirler we şol döwürde Hindistanyň çäginde ýerleşen iň bir kuwwatly musulman döwletiniň paýtagty bolan Delä tarap gidipdirler. Buhara şäheri babatda aýdylanda bolsa, ol heniz mongol weýrançylyklaryndan doly aýaga galyp bilmändi we başda Çagataý hanlygynyň, soňra hem Teýmiriler imperiýasynyň düzümine giripdir.
Mongollar öz hökümi ýöreýän ýerlerde ortagyň üsti bilen amala aşyrylýan iri möçberli halkara söwdasyny höweslendirmäge we mümkin boldugyça köp peýda görmäge çalşypdyrlar. Gelip çykyşy boýunça türki dile degişli bolan “ortak” sözi “hemşeri” diýmekligi aňladypdyr. Mongollaryň kabul edip alan ortagy aslynda söwda assosiasiýasy, “söwda öýi”, täjirleriň karteli ýa-da söwdagärleriň kompaniýasy ýaly bir zat bolup, ony esasan musulman söwdagärleri dolandyrypdyrlar. Olar kerwenli söwda etmek we beýleki işleri ýerine ýetirmek üçin pul kömegini (dolanşyk serişdeleri) gatanç beripdirler we şondan görýän peýdalarynyň düzümine hökümdarlara berilmeli salgydy hem goşupdyrlar. Goşmaça girdeji almaga hökümetiň gyzyklanmagy netijesinde ortak hojalygy ýöretmegiň bir görnüşi hökmünde, örän giň çäklere ýaýrapdyr.
XIV asyryň birinji ýarymynda italýan telekeçileriniň Aziýa aralaşmaklary dowan edipdir. Munuň iş ýüzündäki ähmiýeti Fransisko Pegolotti tarapyndan takmynan 1340-njy ýylda söwda boýunça gollanma hökmünde ýazylan “Lapratica Della mercatura” (“Dürli ýurtlaryň teswirlemesi”) atly işde ýörite nygtalyp geçilýär. Pegolotti Krymda başlanyp, Pekine çenli baryp ýetýän demirgazyk-gündogar söwda ýoluny çeperçilik bilen „gündüzine we gijesine düýbünden howpsuz“ diýip häsiýetlendirýär hem-de bu ýol boýunça sapara çykmak babatda täjirlere peýdaly maslahatlar berýär.
Pars aýlagyndan çykyp, Hindi ummanynyň kenarlary boýunça uzap gidýän deňiz ýoly az çykdajy talap edipdir, ýöne bu ýoly geçmek üçin iki ýyldan hem gowrak wagt gerek bolupdyr.
Mongol imperiýasynyň dargamagy Ýüpek ýolunyň syýasy, medeni we ykdysady bitewiligine öz täsirini ýetripdir. Mongol imperiýasynyň dargamagyny we böleklere bölünmegini, Ýüpek ýoly boýunça edilýän söwda işleriniň gaýtadan ösmegine mümkinçilik beren aýgytlaýjy pursat hasaplamak bolar.
XIV asyryň ahyrynda Orta Aziýadaky mongol döwletleriniň gowşaklygyny asly mongollardan bolan Teýmirleň başarjaňlyk bilen peýdalanyp, Ýakyn Gündogardan Hindistana we Russiýadan Pars aýlygyna çenli ýaýylyp ýatan giň çäkde öz imperiýasyny gurmagyň hötdesinden gelipdir. Teýmirleň öz guran harby ýörişleriniň dowamynda Osman döwletini boýun egdiripdir, Altyn Ordanyň paýtagty Saraý şäherini we Astrahan şäherini ýer bilen ýegsan edipdir, soňra bolsa Ýüpek ýoly boýunça alnyp barylýan söwda işlerine esaslanýan Altyn Orda ykdysadyýetini hem çökeripdir. Beýleki bir tarapdan, Teýmirleňiň hökümdarlyk eden ýyllary Orta Aziýanyň bütin Ýewraziýanyň medeni hem syýasy merkezine öwrülen ýeke-täk döwri bolupdyr. Emma Teýmirleň Orta Aziýanyň iň iri hem-de möhüm söwda merkezleriniň biri hökmünde täzeden dörän Ürgenje Samarkandyň bäsdeşi hökmünde garapdyr. Ol şowly tamamlanan bäş ýörişiniň dowamynda, 1388-nji ýylda Ürgenji doly tekizläpdir.
Mongol basybalyşlary Gündogar ýurtlarynyň ösüşine juda ýaramaz täsir eden-de bolsa, bu ýagdaý halklaryň özara söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga, bu gatnaşyklary giňeltmäge we ösdürmäge bolan isleglerini bökdäp bilmändir. Ýüpek ýolunyň ugry boýunça, ylaýta-da onuň Orta Aziýanyň içinden geçýän böleginde çeper döredijiligiň köp ýörelgeleri giňden ýaýrapdyr. Bu ýerde olar garyşyp-gatyşypdyrlar we özara baýlaşypdyrlar. Eýýäm XIII asyryň ikinji ýarymynda Ýewropa ýurtlaryndan bu ýerlere ilçiler we hristian missionerleri ugradylypdyr. Dürli ýyllarda Rim Papasynyň, ýewropaly hökümdarlaryň we dürli monahçylyk ordenleriniň ilçileri hem-de missionerleri Askelinus, Saýmon San Kwintin, Endrýu, Uilýam, Plano Karpini, Benedikt Polskiý, Rubruk, Monte Korwino, Gonsalez de Klawiho we başgalar ýollanypdyr. Olar Orta we Günbatar Aziýanyň halklary barada gymmatly maglumatlary ýygnapdyrlar. Bu işler bir tarapdan genuýaly, wenesiýaly hem-de arap täjirleriniň, beýleki tarapdan bolsa orta aziýaly, altyn ordaly we hytaýly söwdagärleriň gatnaşmagynda Günbatar bilen Gündogaryň arasynda söwda işleriniň ýaýbaňlanmagyna getripdir. Emma Günbatar bilen Gündogaryň arasyndaky bu gatnaşyklar hiç haçan özüniň IX-XIII asyryň başlaryndaky derejesine ýetip bilmändir.
XV we XVI asyrlarda gury ýerlerden geçen Ýüpek ýolunyň öz ähmiýetini ýitirmegi, ýewropalylary gülläp ösýän Hytaý imperiýasyna aşmagyň başga ýollaryny, mysal üçin, deňiz ýoluny saýlap almaga iteren iň esasy sebäpleriň biri bolupdyr.
Asyrlaryň dowamynda Ýüpek ýolunyň ugurlary birnäçe gezek üýtgäpdir. Beýik ýüpek ýolunyň esasy ugry hökmünde Hytaý – Ýewropa gatnawy kabul edilýän hem bolsa, onuň Ýewraziýany gurşap alan we Afrika barýan şahalary bilen bilelikde, iki sany guryýer üsti we bir umman üsti ugurlaryny – bu ýoluň jemi üç ugruny görkezmek bolar.
Birinji guryýer gatnaw ugry Hytaýyň merkezinden Orta Aziýanyň günortasy we Eýranyň demirgazygy bilen Ortaýer deňziniň gündogar bölegindäki ýurtlara tarap uzap gidipdir. Orta Aziýada bu ugurdan Hindiguş geçelgesiniň üsti bilen Hindistana tarap ýol aýrylypdyr. Hytaýdan Amyderýanyň we Uzboýuň boýlary bilen Hazar deňzine we ondan Kawkaza, Demirgazyk Mesopotamiýa, Kiçi Aziýa hem-de Gara deňziň gündogar we günorta portlaryna tarap gidýän ýollar hem bolupdyr.
Ikinji ýol ugry umman ýoly bolup, ol Müsüri Gyzyl deňziniň we Hindi ummanynyň üsti bilen Günbatar Hindistanyň portlary, gadymyýetde bolsa Kuşan imperiýasynyň deňiz derwezeleri bilen birleşdiripdir. Onuň bir şahasy Pars aýlagyna baryp ýetipdir. Beýik ýüpek ýolunyň gerimi boýunça ýokarky iki ugurdan pes bolmadyk üçünji gatnaw ugry Hytaýdan, Günorta Sibirden we Mongoliýadan başlanyp, Hazar deňziniň demirgazygyndan geçipdir. Demirgazyk Aralýakada we Hazarýakada oňa Gündogar Türküstandan Fergananyň üsti bilen gidýän ýol birleşipdir. Wolganyň aşak akymlarynda bu ýol iki tarapa bölünipdir: olaryň biri günbatara – Gara deňziň demirgazyk kenarlaryna, ikinjisi bolsa günorta-günbatar tarapa – Demirgazyk Kawkaza we Kawkaz geçelgeleriniň üsti bilen hem Gara deňziň günbatar kenarlaryna we Kiçi Aziýa tarap uzalyp gidipdir. Beýik ýüpek ýolunyň hereket eden döwri bir ýarym müň ýyldan gowrakdyr.
B.e. V-VI asyrlaryndan başlap çöllükleriň, sähralyklaryň, daglyklaryň, baýyrlyklaryň içinden geçen Beýik ýüpek ýoly halkara hyzmatdaşlygy üçin örän uly mümkinçilikleri döredipdir, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi üçin amatly şertleri döredipdir, ösen ýurtlaryň özara baýlaşmagyna ýardam edipdir. Beýik ýüpek ýoly Hytaýyň merkezi etraplaryndan başlangyç alyp, Orta we Alynky Aziýanyň üsti bilen Ortaýer deňziniň gündogar kenarlaryndaky portlara baryp ýetipdir.
Hytaýdan diňe bir ýüpek däl, eýsem, örän geçginli bolan çaý, farfor, lak ýaly önümler hem äkidilipdir. Ýewropanyň bazarlarynda olar juda gyt bolupdyr, ýöne her näme-de bolsa, esasy haryt barybir ýüpek ýa-da ýüpek önümleri bolupdyr. Hytaýdan gaýdan söwda kerwenleri Aziýanyň uly derýasy Jeýhuna ýetmek üçin, köp müňlerçe kilometr ýol geçip, derýadan ötmeli bolupdyrlar. Kerwenler Jeýhun derýasyndan geçip, Amul şäherine gelipdirler, häzir şol şäheriň harabaçylyklary Türkmenabat şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Amul şäheri-de söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir. Şol ýerden bir ýol Owganystana we Hindistana, beýlekisi Horezme, ýene-de biri Merwe uzapdyr. Amuldan Merwe çenli uzan ýol ýöremesi kyn çägelikleriň arasyndan geçipdir, süýji suwly guýular seýrek bolupdyr.
Merwden gaýdýan kerwen ýoly Daňdanakanda ikä bölünip, olaryň biri Sarahsa, Nişapura (Eýran), beýleki bir ugry bolsa Abywerde, Nusaýa, Ferawa (Paraw) we aňyrlygyna Hazar deňziniň kenarlaryna tarap uzap gidipdir. Hazaryň ýakasy bilen bu ýol günorta tarapa sowlup, arap ýurtlaryna baryp ýetipdirler. Şeýlelik bilen, Beýik ýüpek ýolunyň ep-esli bölegi Türkmenistanyň çäginden geçip gidipdir.
B.e. IV-VII asyrlarynda halkara kerwen söwdasy öz ugrunda ýerleşýän obalaryň, ilatly mesgenleriň we şäherleriň ykdysady taýdan ýokary göterilmegine uly täsir edipdir. Bu ýol IX asyrdan başlap has-da giň gerime eýe bolup, şeýle ýokary göteriliş tä XIII asyryň başlaryna çenli dowam edipdir. Netijede IX-XIII asyryň başlary halkara kerwen söwdasynyň iň ýokary ösüş derejesine çykan we gülläp ösen döwri hasaplanylýar. Şol döwürlerde Nişapur şäheri Gündogar Eýranyň iň iri söwda merkezine öwrülipdir. Merw, Sarahs şäherleri bolsa Günorta Türkmenistanyň iň iri syýasy, söwda-ykdysady we medeni merkezi bolupdyr.
Wizantiýa, siriýa we hytaý çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, III-VI asyrlarda Hytaý bilen Wizantiýanyň arasynda esasy söwda harytlary hökmünde ýüpek, aýna, gymmatbahaly daşlar, boýaglar, hoşboý ysly önümler hyzmat edipdir. Orta Aziýada araplaryň agalygy döwründe, şeýle hem VIII-IX asyrlarda kerwen söwdasy, esasan, zynat harytlaryna, ýagny bürünçden we kümüşden ýasalan gap-gaçlara, ýokary hilli ýaraglara, zergärçilik önümlerine, gymmatbahaly matalara esaslanypdyr. IX-X asyrlardan başlap harytlaryň sanawynda azyk önümleri, hünärmentçilik önümçligi üçin ilkinji zerur çig mallar hem duş gelip ugraýar.
IX asyrdan başlap kerwen söwdasynyň giňelmegi ýol ugrunda hyzmat edilişiň kämilleşmegini talap edipdir. Şol sebäpden hem üstünden kerwen ýollary geçýän ilatly mesgenlerde, obalarda, şäherlerde, galyberse-de, çölleriň içinde, dag jülgelerinde kerwensaraýlar gurlup başlanypdyr. Şol döwürlerde gurlan iri kerwensaraýlaryň harabalyklarynyň birnäçesi — häzirki Birata etrabynyň çäginde ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýy, Beýik ýüpek ýolunyň Amul-Merw aralygynda ýerleşýän Akjagala kerwensaraýy, Garagum etrabynyň çäginde ýerleşýän al-Esger şäher harabalygynyň ýanyndaky kerwensaraý, Sarahs etrabynyň Gökdepe ýadygärliginiň çägindäki Najaryň galasy we Adamölen ýadygärliginiň çägindäki orta asyr Şiraz obasynyň kerwensaraýlary we başgalar XX asyryň ikinji ýarymynda alymlar tarapyndan öwrenildi. Netijede uly kerwensaraýlaryň daş-töweregine gorag diwarlary aýlanan uly howlular bolup, olaryň içinde dynç alar ýaly myhmanhanalaryň, at, düýe, eşek saklar ýaly ýataklaryň, söwdagärlere hyzmat edýän hyzmatkärler üçin jaýlaryň bolandygy anyklanyldy. Täjirler kerwensaraýlarda harydy lomaý alyp ýa-da satyp, wagtlaýyn saklap bilipdirler. Kerwensaraýlar köplenç bazarlaryň golaýynda ýerleşip, söwdagärler olarda soňky söwda täzeliklerini, ol ýa-da beýleki haryda bolan islegleri we olaryň nyrhyny hem anyklap bilipdirler.
Beyik ýüpek ýoly geçýän käbir ýurtlarda harytlar alyş-çalyş görnüşinde söwdalaşylypdyr. Şunda söwdagärler öz harytlaryna belli bir möçberde baha kesipdirler we olary şonuň ýaly baha kesilen harytlar bilen çalşypdyrlar. Söwdagärleriň arasynda özara hasaplaşygyň häsiýeti köp halatda söwdanyň haýsy ýurtda edilýändigine hem bagly bolupdyr. Mysal üçin, Hytaýda söwdagärlerden kümüş pullar alynmandyr, şoňa görä-de, söwda esasan alyş-çalyş görnüşinde amala aşyrylypdyr, Gündogar Ýewropa ýurtlarynda ýagdaý başgaça bolupdyr. Ol ýerde dirhemler hem haryt, hem pul ornunda çykyş edipdir. Onuň şeýle bolandygyna Ýewropada şol döwrüň musulman ýurtlarynyň kümüş pully humlarynyň köp duş gelmegi, Hytaýda bolsa beýle ýagdaýa gabat gelinmezligi-de şaýatlyk edýär. Şu ýerde ýene bir ünsi çekýän zat: aralyk çäklerde, ýagny Orta Aziýanyň iri şäherlerinde — Köneürgençde, Samarkantda, Merwde, Balhda we Sarahsda uly lomaý söwda bazarlarynyň ýerleşmegidir. Bu bazarlarda kümüş pullary giňden ulanypdyrlar. XI asyrda söwdanyň alyş-çalyş görnüşe geçmegi bolsa, musulman ýurtlarynda kümüş pul gytçylygynyň başlanmagy bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr.
Söwda kerwenleriniň düzüminde diňe söwdagärler däl, eysem köpsanly hünärmentler, syýahatçylar, alymlar, ulamalar hem bolupdyr. Diplomatik wekiller we ilçiler hem söwda kerweniniň düzüminde hereket edipdirler. Söwda kerwenleriniň hatary onlarça düýeden yüzlerçe düýä çenli uzapdyr. Bize ýazuw çeşmelerinden mälim bolan iň uly kerwen 921-922-nji ýyllarda Bagdat halyfy al-Muktadiriň Wolga boýundaky bulgar patyşasyna iberen kerwenidir. Kerweniň düzüminde 5000 müň adam, 3000 atdyr düýe bolupdyr.
Umuman alnanda, Beýik ýüpek ýoly asyrlar boýy dünýä halklarynyň diňe bir ykdysady durmuşyna, söwda işleriniň rowaçlanmagyna däl, eýsem olaryň medeni durmuşyna, sungatynyň we çeper döredijiliginiň baýlaşmagyna hem-de gülläp ösmegine uly täsir edip gelipdir. Bu möhüm ýol Çyn-Maçyndan başlanyp, Merkezi we Alynky Aziýanyň üsti bilen Ortaýer deňziniň kenarýakalaryna baryp ýetipdir. Ol bu ülkeleri köp babatlarda biri-birleri bilen baglanyşdyrypdyr. Şeýle-de, Beýik ýüpek ýoly Gündogardan Günbatara we Günortadan Demirgazyga geçýän ýollaryň özboluşly ulgamyny döredipdir. Türkmenistan bu ýollaryň çatrygynda ýerleşipdir. Netijede Beýik ýüpek ýoly öz geçýän ugrunda ýerleşýän döwletler üçin söwda-ykdysady we ruhy-medeni gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, harytlary özara alyş-çalyş etmek, saklamak, satmak, satyn almak, dürli medeniýetli halklaryň biri-birini ýakyndan tanamaklary üçin amatly şertleri döredipdir.
Gurtnyýaz HANMYRADOW.
Taryhy makalalar