Demirgazyk Koreýa we yslam dini
Demirgazyk Koreýa we yslam dini

Demirgazyk Koreýada, 2015-nji ýylda musulmanlaryñ sany 3000-den kän däl eken, ýöne häzirki wagtda musulmanlaryň sany 30 müňden geçýär. Ýurduň baştutany yslam dinini oňlamansoň, ol ýerdäki metjitlerde azan sesi metjidiň daşyna çykmaly däl edilipdir. Ýöne soňky ýyllar Demirgazyk Koreýada yslam dine bolan garaýyş düýpli üýtgäpdir we hatda ýurduň baştutany, yslam dininde beýik güýç we beýik hakykat bar diýip seslenipdir. Bu bolsa yslam dinine ýol açmalydygyny aňladypdyr. Ýurduň baştutanynyň beýle sözleri aýtmagynyň hem öz sebäpleri bar.
Demirgazyk Koreýanyň bäbekhanalarynyň birinde, bir wagtda oglanjyk we gyzjagaz dünýä inipdir. Bäbäkhananyň düzgünlerine görä, her bir çaga ýörüte bellik asýarlar we ol bellikde çaganyñ ejesiniň ady bar. Ýöne şol gün bir zatlar ters gidipdir we haýsy çagaň kimiňkidigini anyklap bilmändirlar. Bäbäkhananyñ lukmanlary we iki çagaň ejeleri kyn ýagdaýda galypdyrlar, bir zat edip çagalaryň ejelerini anyklamaly. Lukmanlara elýeter hiç bir usul, degerli metije bermändir (belki ejelerib gan topary tötänden meňzeş bolandyr, ýa-da başga bir sebäpler?). Garaz ýagdaýdan çykalga ýok ýaly bolup görünipdir. Şol wagt, şol bäbekhanada, Eýran ýurdunyň bir lukmany bar eken we koreýaň lukmanlary şol lukmana meseläni düşündiripdirler. Eýran lukmany meseläni çözmek üçin azajyk wagy sorapdyr we öz ýurdundaky dini ruhanlar bilen habarlaşypdir we şeýle diýipdir: Kuranyň aýtmagyna görä, bir oglanyň paýy, iki gyzyň paýyna deň. Eger eneleriň biri ogul doguran bolsa, diýmek ogul doguran enäň süýdi gyz doguran enäm süýdüne görä has ýokumly we agramna görä agyr bolmaly. Lukmanlar ol sözlerden soň iki enäň süýdüni alyp barlap görüpdürler we agramlaryny ölçäpdirler. Dogrudan hem bir enän süýdi agyr we ýokumly bolup çykypdyr. Edil şol ýerde we şol wagt, lukmanlaryň käbiri yslam dinini kabul edipdir we bu hadysa iň soňunda ýurduň baştutanyna ýetipdir. Baştutan bolsa yslam dininde beýik hakykat we beýik güýç bar diýip seslenipdir, bu bolsa ýurtda yslam dinine ýol açyň diýen görkezme hökmünde kabul edilipdir.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy Geň-taňsy wakalar