«Özüm-özüm bilen darkaş gurýaryn…»
"Özüm-özüm bilen darkaş gurýaryn…"

Özüm-özüm bilen darkaş gurýaryn,
Käte-hä gaçýaryn, kä mert durýaryn.
“Ýa jan, ýa gan!” – söweş gazaply barýar,
Melgunlar ýene-de melgunlyk edýär.
Kellesini çapaýmaly wagtynda,
Dyza çökýär – namartlyk bar bagtynda.
Her gün bolmasa-da setan-seýranda,
“Goja kalbym – diýýärin – men weýranda”.
Muňa sebäp bolan melgun hilesi,
Göwne degdi ýene bu gün pul mesi.
Ýa biriniň bijaý aýdan sözünden,
Bigäne biriniň mekir gözünden…
Ot tutaşýar, ýene başlanýar darkaş,
Görünmez halyňdan “habarsyz” gardaş…
08.06.2024. Goşgular