Serhetçi jigime
Serhetçi jigime

Gyş… Gar ýagypdyr, Köpetdag duman,
Bir ädim ýakynyň saýgardýar çala,
Emma, sen sak dursuň serhetçi esger
Daglaryň üstünde Watana gala.
Anha, eliň aýasy dek öýlerem
görünýär tüssesi ýanýan peçleriň,
Elinde ýaragyň, ýürekde söýgüň
Bürgüt deýin ýanýar mert göreçleriň
Şygyrdy eşidilýär: hüşgärlenýäň has
Şir deýin gözleýäň ýurduň duşmanyn
Ýüreginde Watan söýgüsi ýanýar,
Watandyr maşgalañ hem iýen duzuň.
Eý, Watana gala Serhetçi esger
Megerem Seň käriň iň mukaddes kär
Sebäbi hut size arkaýyn bolup
Hut size buýsanyp, çäksiz ynanyp
Asuda Watanda il-gün bagtyýar!
Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA. Goşgular