|

Saýhally hem sada

Saýhally hem sada SAÝHALLY HЕM SADA

Saýhally hem sada

Barýan saýhally hem sada,
Söküp jemendäniñ için.
Ýüzümi saklap howada,
Duruşy dek teneçiriñ.

Zabun hem ýylçyr ýüzlerden
Ýat göreçler geçýär tyrpyp.
Maşyn çagyrýar gyzlardan
Saýlap, sowuk gözün gypyp.

Barýar biperwaý trotuar,
Geçirip maşyn düzümin.
Şol birsyhly gaýtalaýar
Aýaklar köçe düzgünin.

Ýanýar çyralar gyzyl gor,
Garañky edil gara köl.
Gyzyl ýandy swetofor –
Gazyk bol.

Dur, ýol ýok öñe barýana –
Gözler göge edýär seýil.
Aý hem bakyp dur nurana,
Gadagan belgisi deýin.

Akýar maşynlar damjalap,
Damjalaryñ içi mikrob.
Ýylgyrýar bir mikrob jyklap,
Meniñ gözlerim mikroskop.

Barýan saýhally hem sada,
Söküp jemendäniñ için.
Ýüzümi saklap howada,
Duruşy dek teneçiriñ.

* * *

Nadan najyrar eger,
Çörek ýetse agzyna,
Eden-etdilik eder,
Emel ýetse azgyna.

Hasapsyz zat ýok herne
Ynsap baryn ýazarmyş.
Erksizlikde ejizlän,
Azatlykda azarmyş.

Bir laýyk tap tapylmaz,
Ne beýle sen adamzat.
Horluk hem hezil bermez,
Meslik berer köp azap.

* * *

Bolmady. Ýüzüme urdular meniñ,
Ümdüzime tutdum tasan mal ýaly.
Mähelläñ içinde, göýä bir çölde,
Gezdim adam gözläp, suwsan mal ýaly.

Nirden geldi oglan başa bu höwes?
Men adam gözledim, biçäre kör deý,
Agyr mähelleden eşdilmedi ses,
Ýogsa men gygyrdym: ”Kim bar bu ýerde?!”

Birdenem mähelläñ akymna düşdüm,
Ýitdim gitdim, başky höwesim gaçdy.
Ejizledim. Menden zor çykdy müşgül,
Ynam syndy. Şübhe gözümi açdy.

Gan sowady. Karar tapdy ýürek hem.
Göwräm oýa dolup ölüp galdym men.
Şuny az görmäliñ birek-birekden.
Mahal-mahal adam boljak boldum men.

Bapba GÖKLEŇ. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle