|

Ömrüñ manysy

Ömrüñ manysy ÖMRÜÑ MANYSY

Ömrüñ manysy

Bu gün säher bilen ýazýan gündelik
Düýşümde jenneti görenim üçin.
Ajap tebigata, fontan-güllere,
Gözlem bilen salam berenim üçin.

Birdenem elhençlik tutdy dünýäni,
Garañky dowzaham giripdir düýşe.
Gynamalar, jezalandyrmalar hem
Aglaşmak ol ýerde bolupdyr pişe.

Şeýle-de häzirki dünýäni gördüm
Pul diýip, mal diýip hars urýanlary.
Bir-birini aldap, gybat edişip,
Ogryny, ýalandan çyrpynýanlary.

Üç dünýä içinde sermisal ýörkäm,
Gördüm «Alla» diýen ýazgyny birden.
Ýalan dünýäñ çynyn illerden sorap,
Kitaplardan sorap, güllerden sorap
Derde galyp, bilip-bilmäni ýördüm.

Asyl beýle eken dünýäñ manysy:
Dogryny-galady, jennet dowzahy.
Dogry ýola ýa terse ünsüñ sowjagy
Saýlamak ynsanyñ özüne bagly.
Asyl şeýle eken dünýäñ panysy,
Asyl şeýle eken ömrüñ manysy!

Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle