Bilýäňmi, kim sen
Bilýäňmi, kim sen

Owazym sen —
Ykbalymy oýadan.
Mumyýam sen —
Atyp aldym gaýadan.
Ganatly bagtym sen,
Pyýada ýetdim.
Tylla balygym sen,
Tor gurup tutdum.
Ertirim sen,
şu günüm sen,
düýnüm sen.
Elwan baharym sen,
Tylla güýzüm sen.
Namysym sen —
Görejim deý goradym.
Medinäm sen —
derwüş bolup soradym.
Baş goýdum ýoluňa,
Kükregim açdym.
Bilýän sen
näçe ýyl
nädip garaşdym!
Bilýäň,
ne dertlere dözmeli boldum,
Bilýäň,
ne şertleri bozmaly boldum.
Ah, indi
şeýle bir goraryn gaýym:
Söweş baýdagym sen —
Taşlasam — haýyn.
Sen —
ömür kerwenim.
Iň soňky pelläm.
Sen —
özüme goýan
iň soňky gülläm…
Şiraly NURMYRADOW. Goşgular