Belki, gelersiň
Belki, gelersiň

Irginsiz güýz şemaly
Hüwdüleýä ýaýlamy…
Gije girýä gapymdan
Şemal kakýa aýnamy.
Ynanamok. Garaşýan.
Gitdigiňmi, Ejebaý?
Bagtym bolup deňimden
Ötdügiňmi, Ejebaý?
Öýmäň maňa ýat boldy,
Gaýyp boldy keteniň…
Bagtym diýip gol berdim,
Gara bagtym ekeniň.
Dolanarňa garaşyp,
Aý-günümi sanadym.
Towy ýatdy bireýýäm
Dulda duran sagadyň,
On iki gözi gapyda,
Sen gideliň dymyp dur,
Seň gelerňe garaşyp,
On iki gözün ýumup dur.
Şemal açýa aýnamy,
Galgaşyp dur tutular…
Bu synamyň ýarasy
Gör, nämahal gutular?
Nesibämden uzakda
Gör, näçe wagt gezersiň?!
Ynanamok. Garaşýan.
Belki, bir gün gelersiň…
Gam kölüniň düýbüne
Leňňer bolup bataýyn.
Müňläp ýol bar jahanda
Haýsy birne bakaýyn?!
Özge bilen ömrüňi
Çatdygyňmy, Ejebaý?
Ömrüzaýa ýyldyzym…
Batdygyñmy, Ejebaý?
Bagtym diýip gol berdim,
Gara bagtym ekeniň…
Galgaşyp dur tutular—
Ýada düşýä keteniň… Goşgular