«Nobel» baýragyny almandygyna begenen Lew Tolstoý beýtmek bilen nähili prinsip döredip bildi?
"Nobel" baýragyny almandygyna begenen Lew Tolstoý beýtmek bilen nähili prinsip döredip bildi?

«Meniñ ynanjyma görä islendik görnüşli pul diñe erbetlik getirip biler»
Lew Tolstoý, 1908 / Fotosurat: RIA Novosti
1901-nji ýylda edebiýat ugrundan «Nobel» baýragynyñ ilkinji gezek Lew Tolstoýa berilmegine garaşylýarka baýragyñ fransuz şahyry Sýulli-Prýudoma berilmegi dünýä möçberindäki okyjy gatlagy bolan rus ýazyjysyny gynandyrypdy. Arasynda Awgust Strindbergdir Selma Lagerlýofyñam bolan 42 ýazyjy-şahyr, suratkeş, edebi tankytçy Nobel komitetine hat ýazyp, baýragyñ nämüçin Tolstoýa berilmändiginiñ sebäbini indemek bilen birlikde beýik rus ýazyjysyndan ötünç sorapdyrlar.
Ýazyjy-şahyrlara, tankytçylara, suratkeşlere jogap hatyny ýazan Lew Tolstoý baýragyñ özüne berilmändigine begenýändigini aýdypdyr:
«Bu meni uly azapdan halas etdi. Beýleki ähli pullar ýaly bu puly-da ulanmak meniñ ynajyma görä diñe erbetlik getirip biler».
Käbirleriniñ aýtmagyna görä, 1902-1906-nky ýyllarda Russiýanyñ Ylymlar akademiýasy tarapyndan däl-de, Ýewropadaky jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýraga hödürlenen Lew Tolstoýyñ ady emin agzalarynyñ öñünde goýlan birinji bäşlikdäki ýazyjylaryñ sanawyna girizilmändir.
Şwed akademiýasy bolsa munuñ ýalandygyny öñe sürmek bilen, bäş kandidatyñ anyk görkezilen sanawyñ diñe elli ýyldan soñ belli bolandygyny we şonuñ üçinem Tolstoý barada aýdylan şeýle gürrüñiñ hakykata gabat gelmeýändini aýdypdy.
Şu ýerde bir sorag ýüze çykýar: Baýraga hödürlenip hödürlenmändigini bilmeýän Lew Tolstoý nämüçin onda 1906-njy ýylyñ 8-nji oktýabrynda eserlerini fin diline geçiren ýazyjy dosty Arwid Ýarnefelde hat ýazyp, baýragyñ özüne berilmezligi üçin Nobel komitetine ýüzlenmegi haýyş edipdir?
Bu jedelli soragyñ üstünde kelle döwmezden öñ Tolstoýyñ hatyny okalyñ:
«Gadyrdan Arwid, Sizden ullakan haýyşym bar.
Ilki bilen-ä size näme ýazandygymy hiç kim bilmese gowy. Haýyşym şundan ybarat: Koniniñ sözlerine salgylanan Birýukow Nobel batragynuñ maña berilmeginiñ mümkindigini aýdypdyr. Baýrak berilen ýagdaýynda meniñ mundan peýdalanmagym örän ýakymsyz boljakdyhyny pikir edýändigim üçin, eger Şwesiýada gatnaşýan adamlaryñyz bar bolsa, bu baýragyñ maña berilmezligi üçin aýaga galmaklaryny haýyş edýärin.
Belkäm agzalardan birini tanaýansyñyz. Belkäm başlygyna hat ýazyp, sözüñuzi äşgär etmezlik şerti bilen beýtmezligi haýyş edip bilersiñiz. Meniñ özümem derejesini öwrenip, başlyga muny äşgär etmezlihi haýyş etmegim mümkin. Emma belki-de olaryñ entek meni mynasyp görjegi-görmejegi nägümana ýa-da pikirlerine getirmedik zadyny öñünden ret etmegi-de oñlamaýaryn. Ine, şunfan ugur alyp bu baýragy maña bermezlik we baýrakdan ýüz öwürmek ýaly kyn ýagdaýda goýmazlyllary üçin eliñizden gelen zady etmegiñizi aýratyn haýyş edýärin.
Siziñ gadyrdanyñyz Lew Tolstoý».
Edebiýatyñ taryhyny öwrenijiler dünýä edebiýatynyñ çürbaşyna çykan şahsyýetiñ Nobel baýragyndan entek kime berilendigi mälim edilmänkä ýüz öwürmeginiñ düýp sebäbini «baýragyñ beriliş düzgünlerini bilmeýändigi» bilen baglanyşdyrýarlar.
Emma eýýäm 1901-nji ýylda Strindberge we Lagerlýofa ýazan minnetdarlyk hatynda Lew Tolstoý «baýragyñ pul böleginiñ erbetlik getirjegine ynanýandygy» üçin kabul edip bilmejekdigini nygtapdy. Ýagny ömrüniñ soñky çärýeginde amal edýän pelsepewi ugruna laýyklykda şonça köp pul baýragyndan daşda duranyny gowy görüpdir.
Ýeri gelende aýtsak, 1901-nji ýylda «Edebiýat boýunça ilkinji Nobel baýragynyñ nämüçin Lew Tolstoýa berilmändigini» derñän Selma Lagerlýof 1909-njy ýylda baýraga mynasyp bolan ilkinji zenan ýazyjy boldy.
Lew Tolstoýyñ ýazyjylygy bilen birlikde şahsyýetiniñem beýikdigini görkezýän oñ esasy faktorlaryñ birem ine şular ýaly «puldan daşda durmak» prinsipidir.
Bu prinsipiñ dogrudygynyñ ýa ýalñyşdygynyñ jedelini orta atmak ýaly niýetimiz ýok (biziñ üçin-ä dogry prinsip).
Bu ýerde esasy üns bermeli zat: Lew Tolstoýyñ Nobel baýragyna çemeleşmesiniñ soñky ýyllardaky edebiýatçy nesiller üçin döreden we «baýragyñ maddy gymmatyna gyzykmazlyk» görnüşinde düşündirip boljak prinsip bolanlygydyr. Mysal üçin, 1949-njy ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolan Uilýam Folkner 1950-nji ýylyñ 10-njy dekabrynda pikirini şu sözler bilen beýan edipdi:
«Baýragyñ tutuş taryhyna we buýsançly maksadyna kybap görnüşde onuñ puluny sowmak üçin ýer tapmak kyn däl».
«Doktor Žiwago» romany üçin mynasyp görlen Nobel baýragyndan döwlet apparatynyñ diýdimzor basyşlary netijesinde ýüz öwürmeli bolan Boris Pasternakdan alty ýyl soñ fransuz ýazyjysy we akyldary Žan-Pol Sartr baýragy özüne bermek hakdaky kararyñ çykanlygyny eşden badyna baýrakdan ýüz öwürdo. Şol wagt taryhyñ dili 1964-nji ýylyñ 22-nji oktýabryny görkezýärdi.
Hawa, 1968-nji ýylda howpsuzlyk güýçleri ony tussag etmäge synanyşanda, ýurduñ prezidenti Şarl de Golla «Ony tussag edip bilmersiñiz. Žan-Pol Sartr — Fransiýadyr!» diýdiren beýik şahsyýet.
Syýasy ýagdaýlar bulaşyp başlanda, wezipesinden çekilip obasyna giden De Goll hem edil Sartr ýaly ikinji mert hereketini etmegi başarypdy.
Žan-Pol Sartryñ 1964-nji ýylyñ 22-nji oktýabrynda ýazan hatyñ terjimesini ýakyn günlerde okyjylarymyza ýetireris diýip umyt edýäris. Eger Alla ýol berse…
Hawa, awtoryny altmyş ýyldan soñam öñküsinden has güýçli görkezýän haty…
Maýis ALIZADE.
Ýekşenbe, 27.10.2024 ý. Edebi makalalar