|

Adamzat taryhyna çaklama

Adamzat taryhyna çaklama ADAMZAT TARYHYNA ÇAKLAMA

Adamzat taryhyna çaklama

Meniň bu pikirim täze däl, köne,
Öňem bu zeminde ýaşapdyr adam!
Milýon-milýon ýyllaň geçmegi bilen,
Meger, ony soň ýoklapdyr Ýaradan?!

Öňem bu zeminde ýaşapdyr adam,
Bolandyr gyzykly onuň taryhy.
Bolandyr Sokraty, Aristoteli,
Magtymguly ýaly beýik şahyry.

Marksy, Lenini hem-de Stalin
ýalysy bolandyr, bilýärin magat.
Kompýuter, telewizor, samolýot,
Ýer ýüzüne aýlanandyr şo sagat.

Soň ýitipdir adam ýeriň ýüzünden,
Ne sebäpden gyrlypdyrlar, bilýän ýok.
Nuhuň gämisi bir dörän rowaýat,
Taryh üçin bu maglumat bolanok.

Ýöne telim gezek gelip-gidipdir,
Ýer ýüzünde geň ykbaly adamyň.
Adam öz-özüni gyran bolmaly,
Belki, bu-da bir oýnudyr atomyň.

02.10.2024. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle