Toba
Toba

Haýyş edýän!
Men gaýtadan dolandym,
Derwezeden kowmaweriň yamaşgan!
Öňler menem şeýle täsin oguldym,
İndem täsin günälerim kän, bagyşlaň!
Wagt bolsa-da düşünere, aňlara,
Dolanara wagt tapmady ykmandaň.
Men günä gazandym agşam aglara,
Säher sogap çöplemeklik hökmanka.
Seresap bolmadym çakanaklarda,
Ebtime-de eylemedim esewan.
Şeýtan nebsim görüp çapak çalardy,
Puşman boldy çözülmedik meseläm.
Gapy kakýar ruhum kapasasyndan,
Ýogsa jan jesetden elin üzerdi.
Açyldy derweze ýaňaklarymdan,
Günbatarda şapak bolup gyzardy.
Eziz AMANNAZAROW. Goşgular