|

Yşk goşgusy

Yşk goşgusy YŞK GOŞGUSY

Yşk goşgusy

Men ganasym geldi dünýäň lebinden,
Lebi asal, dili şirin, dildarym.
Zowky-sapa, humar aldy serimi,
Birsalym goýnuňda boldum bimaram.

Dünýäniň yşkyndan doýan ýok, doýan,
Bu saňa-da aýan, maňa-da aýan.
Çünki dünýäň özi yşkdan ýasalan,
Elden aldyryp men sabr-u-kararym.

Kalbymdaky sowulmajak ýaz şondan,
Aňzak gyş, jöwzaly tomus, güýz şondan.
Hem ýakyp-ýandyran yşk köz şondan.
Dünýä bilen ömür galmak hyýalym.

Tagzym kyldym yşkdan jan berene,
Tagzym kyldym dünýä atly erene.
Göwsüm gerip öwsen jahan eline,
Gözleý-gözleý takabilmen dildarym.

30-05-02.06.2011 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle