| |

Gutlag

Gutlag GUTLAG

Gutlag

Ussat şahyr Allaýar Çüriýewi 2024-nji ýylyň jemi boýunça “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşigiginiň ýeňijisi bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlap iň gowy arzuwlary edýäris.

Hak sözleriň hyrydary,
Zanny päk, doglanda şahyr.
Il-gün oň şygrynyň zary,
Gadry bilinmeli ahyr.

Ýüregi bilen ýazýar ol,
Bu günem bilindi yhlas.
Serpaýyny alan ussat,
Diýdi: “Köp işlemeli has”.

Uly baýlyk hem mertebe,
Prezident berdi ak baýrak.
Gutlap, arzuw edip diýýäs:
Diliň bolsun juda saýrak.

Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. Gutlaglar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle