|

Kim aýtdy ýara

Kim aýtdy ýara KIM AÝTDY ÝARA

Kim aýtdy ýara

Ýene-de bir şygry saňa adadym,
Şygrym salamymy müň aýtdy ýara.
Onuň soňsuz wadasyndan ýadadym,
Ýene kalbym joşup, heň aýtdy ýara.

Parça geýdirjekdim, sowsan bolsun diýp,
Barça azaplarym gowşan bolsun diýp,
Gözünden ogşadym, röwşen bolsun diýp,
Posam arzuwlarny geň aýtdy ýara.

Oty:rdy galkynyp, ahwalym duýup,
Göz gözlügin etdi, barady iýip.
«Seni oglanlykdan gözledim!» diýip,
Gözlerim arzyny öň aýtdy ýara.

Söýgi çäksiz bolsa, düşünmek kyndyr,
Boz jerenim aç arslandan ürkendir.
Uly söýgi görmänden soň gorkandyr,
Ýürek öz derdini çuň aýtdy ýara.

Düýnki ak gollaryn boýnuňa oran,
Bu gün gül ýüzünden ýagdyrmy boran?
«Ýanynda oturman, eliňi bermän,
Erbet kemsit» diýip, kim aýtdy ýara?

Italmaz AKMYRADOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle