|

Artykmaç şaýatlar / poema

Artykmaç şaýatlar / poema ARTYKMAÇ ŞAÝATLAR

Artykmaç şaýatlar / poema

1.

Ýüz göwräni kerçäp,
Ýüz başy kesip,
Müňün oda ýakyp,
Ýüz-müňün asyp,
Ol dünýäň deň ýaryn edipdi tabyn,
Ol dünýäň deň ýaryn alypdy basyp.

Azyndan ýüz gezek ugrapdy jeňe,
Ýüz gezegem ýeňiş bilen gelipdi.
Gör, näçekä asmandaky ýyldyzlar? —
Şonça ömrüň tanapyny ýolupdy.

Gara suw bu dünýäň üçden ikisi —
Döküpdi ol şonçaragam gara gan.
Ak saçyň başyňda näçeräk, enem? —
Ol şonça şäheri edipdi weýran.

Näçeräkkä bu deňizleň balygy?
Şonça bardyr ol zerarly baş goýan…
Zalym şadan hyryn-dykyn Taryha
Girmek üçin gözlemändir başga ýol.

2

Ol kimiň daşyny zer edýän eken,
Ol kimiň başyny şer edýän eken,
Basyp alan,
Asyp alan,
Kesip alan ýurdunda
Demir hökümlerin ýöredýän eken,

Öz ýanyndan jahandaky ýaşaýşy
Hamana täzeden döredýän eken.
Ol şeýle bir eýmenç seredýän eken,
Nazaryñ kaklyşsa eredýän eken.

Gazap bilen galdyranda gabagyn,
Epeý pyýadalar gagşabir eken,
Naýza bolup sanjylanda nazary,
Naçarlañ çermegi gowşabir eken…

Şeýle bir şa ýaşan.
Şeýle bir zalym.
Ne-hä deñi bolan,
Ne-de bir taýy
(Eý, ygrarsyz şöhrat
Kyrkemjek şöhrat,
Kyrk birinji emjegiň ne enaýy?!

Dogrusyny aýtsam,
Juda kän, şöhrat,
Ugrunda saralyp.
Ýaprak deý gaýýan.
Dogrusyny aýtsam,
Entegem gyt däl
Sana kowalaşyp balaksyz galýan…)

3

Ýeniş bilen şa dolandy yzyna.
Oň bu gelşi ýüz birinji gezekdi.
Şol gara gün ýüzügara şöhratyn
Gara ýüzün görmäge göz gerekdi!

Nije garda gan siýdirip gelen şa,
Nije ýurda ýas geýdirip gelen şa,
Ençe günläp öz ýurdunda toý beren,
Şonça günläp şehitlere meý beren,
Öý-öwzarsyz ýetimlere öý beren,
Zyndanlardan ýesirlerin goýberen.

Soňra
Dabarasy arşa galan şa,
Ýeñiş badasyndan serhoş bolan şa
Çola otagynda giden bir köşgüñ
Pidasy bolupdyr biwepa yşgyñ.

Onuñ näçe aýalynyň bolanyn
Ne adamlar bilen,
Ne taryh bilen.
(Aý jemally,
Ýaý-kemanly gözeller
Barybir,
Barybir şu köşge gelen).

Iñ bir eý görýäni,
Iň ýaşy eken
Şanyň şo gijeki gözüne ilen.
Diňe saçy bilen örtüp tenini
Titräp duran gelin ýorgana giren…

Şa meýmiräp,
Süzüp ýadaw gözlerin,
Gyşarýa
Ýassanyp janly ýassygy.
Birdenem,
(Eý, alla!),
Daşyny alýa
Adamlaryň münder-münder maslygy

Terslin-oňlyn ýatan ganly göwreler
Birden-birden göz öñünde dikelýä.
Ýangynlaň ýalnyna gyzaran gözler
Ýanyp barýan şäherlere dikilýä,
Sönup barýan şäherlere dikilýä.

Şanyň sansyz leşgeri deý pikirler
Giriberýä ýorganyň bir çetinden.
Uzak ýoluň,
Argynlygyň azary
Süňke ýetiberýä geçip etinden.

(Janam bir süýji zat, gadryn bilene,
Eýsem, kimiň gelenokmyş ýaşasy?)
Garyp al şeraba uky dermanyn
Başyna çekipdir şalaryň şasy.

4

Ajal,
Seniň näçe sany donuň bar,
Jan almagyň näçe usulyn bilýäň?
Häzire çenl-ä ýok, saňa garaşan,
Sen bolsa barybir,
Barybir gelýäň!

Kimiň kükreginden ok bolup girip,
Kesel bolup ýykýaň ýene birini.
Bendäm nädip sebäp bolýa bendäme?
Ýa müň bir lybasyň bu-da birimi?

Kimiň otuz ýaşda ganyna galyp,
Kime berýäň ak saçyny altmyşyň.
(Belki, bugün maňa gahar edýänsiñ,
Beýle bolsa Gaýtmyşym meň,
Gaýtmyşym…)

Garyp ol şeraba uky dermanyn
Çekipdir başyna şalaryň şasy…
Şeýdip,
Dabarasy arşa galan şa,
Ahyr bolan bir kemçiniň pidasy!..

Öz ýanyndan şo gününem az görüp,
Eýe bolmak isläp üýtgeşik bagta,
Öz ärin elinje zäherlän heleý
Haram oýnaşyny çykarýa tagta.

Ata çykan göge tutsa tumşugyn,
Nämäni geň görjek tagta çykandan?
Maksada ýeten şa gelýä netijä:
«Dynan ýagşy minnetini çekenden..»

Şa halkynda ygrar bamy onsoňam,
Şalar diňe şalygyna daýanýa!
Zenan gudratyndan gözi gorkan şa
Artykmaç şaýadyň ýoguna ýanýa.

6

Şeýle agyr jenaýatda aýplanyp
Şiriň kapasyna zyňylýa naçar.
Şir bolsa…
Şir bolsa dört günüň ajy,
Onsoň, ýaňky naçar näçeräk ýaşar?..

Ýap-ýaňam
Adamlaň soltany bilen
Geçirlen gijeleň ýatlap ençesin,
Aglap duran gelniñ, näzik tenine
Haýwanlaň soltany urýa penjesin.

Ýap-ýaňja-da şanyň ýassanyp uklan
Ak göwsünden ganly agzyn saldy şir
(Ujuňyzda şa barmagnyň yzy bar,
Titräp duran,
Hudaý uran goşa nar!..)
Bir silkende goşaňyzam ýoldy şir.

Ah, zalym şir,
Sorup ýatyr ganyny
Zalym şanyň balyn soran göwreden.
Gysga ömrüň yrga sallançagyny
Şir bu gezek Ezraýyla üwreden.

7

Zalym şanam,
Zalym şirem bireýýäm
wagt asyrlaryň çaňyna garan.
Bu wakalaň köne şaýatlaryndan
Diňe köşkler bilen Ezraýyl galan.

Kimiň döwi deňmiş Ezraýyl bilen?
Ezraýylyň oýny çakyndan ýeser
Galaba şaýadyň soňuna çykan
Ezraýyl köşkleňňem başyna ýeter.

8

Ajal,
Seniň näçe sany donuñ bar,
Jan almagyň näçe usulyn bilýäň?
Ýogsam,
Dünýe döräp,
Senem bar welin,
Ölmeg-ä däl,
Gaýtam garraman gelýäň!

9

…Bu wakalaň köne şaýatlaryndan
galan diňe
köşkler bilen Ezraýyl…
…Köpelmese Ezraýylyň lybasy
Adamlar,
Men sizden müňde bir kaýyl!..

Şiraly NURMYRADOW. Poemalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle