Ýangyn söndürijä
Ýangyn söndürijä

Ýok, siz ýalňyş gelmänsiňiz, jan agam,
Şu öýde ýangynyň barlyg-a çyndyr.
Bu ýangyny bilýärdiler öňrägem,
Ilçilik. Bir säwlik ýüze çykandyr.
«Öýi ýanýar» diýendirler, wah, size,
Şeýdip ýel alaýýar agyz-agyzdan.
Sizden haraý ýokdur men dek bagtsyza,
Meň duşan ýangynym juda aňyrdan.
Jan agam, öýüm däl, ýanýan meň özüm.
Öýüm ýanýan bolsa, habar ederdim.
Çaga dek sadadyr çen eden gyzym
Bir ot oýnap ýören bolsa nädersiň?!
Degşeniňiz üçin sag boluň, ýöne
Maňa ýetmän, pürken suwuňyz gaýnar.
Muny bilse, kalby gedem bigana
Öňki bolşundanam has beter aýnar.
Dili bilen, gözi bilen söýýär ol,
«Ýüregi» bilenok onuň sözlügi.
Adam üçin şöhrat işi saýýar ol
Degdi-gaçdylygy — messepsizligi.
Meniň ýanyşymdan alýar ol lezzet,
Ol meni söndürmez ölsemem asla.
Men ömür ýanmaly bolaryn erbet,
Başga bir halasgär tapylaýmasa.
Italmaz AKMYRADOW. Goşgular