|

Syzla

Syzla SYZLA

Syzla

Bilýän maňa söýgiň gowşak.
Nakys mazy ýaly syzla.
Göreňogam meni ogşap,
Bagtyň özi ýaly syzla.

Gowudan soň ganymat bar,
Her kes bähbidin amatlar.
Sen kimin serwi kamatlar
Türkmen ýazy ýaly syzla.

Hor kamatyň — hüýr kamatyň,
Saňa diýmek bolmaz hatyn.
Az sözli seň tebigatyň,
Sözüň uzy ýaly syzla.

Lebiň taýsyz içgilerde.
Öýüň Käbe dek ilerde.
Az görünýäň biz illerde,
Turan gazy ýaly syzla.

Ýüzden ýüwrük, müňden tulpar,
Gelişip dur: sölper, keýker.
Seniň kimin peri-peýker
Suwry guzy ýaly syzla.

Gursak — ojak, ýürek ýanar,
El seniň waspyňy ýazar.
Ýar, maňa salyşyň nazar,
Hakyň gözi ýaly syzla.

Italmaz AKMYRADOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle