|

«Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň…»

"Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň…" “ZÜLPÜKAR GYLYJY HEZRET ALYNYŇ…”

"Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..."

Kem däl eken Göroglynyň gylyjy,
Zülpükar gyljyndan Hezret Alynyň.
Ilini, ýurduny, dini gorapdyr,
Ýüreginden sanjylypdyr talanyň.

Zülpükar gylyjy Şahymerdanyň
Oýnapdyr, gaýnapdyr merdiň golunda.
Boýun egdiripdir boýun egmezi,
Hezret Aly çyksa demir donunda.

Allanyň adyndan ant içen kişi,
Allany aldapdyr gezek gelende.
Haýynlyk edeniň ömri dowzahdyr,
Jan beripdir Aly haýyn elinde.

Ynanypdyr Aly namart sözüne,
Bu ata-babadan gaýdan kadadyr.
“Ýurdum!” diýip, jan çekene al salmak,
Duşmana däl, gardaşa-da ýodadyr.

Zülpükar gylyçly Şahymerdana
Al salanlar salmazmy, heý, saňa-da.
Oýlan adam, ömrüň boýy oýlan sen,
Degişli bi hem maňa-da, oňa-da.

Zülpükar gylyjy düşse eliňe,
Bilýärin sen maňa ynanmaň adam.
Gidersiň şeýtanyň senem alyna,
Ýanyňda tap-taýyn durandyr nadan.
Hoş gal, adam, hoş gal,
Şeýlemiş ahwal…

29-30. 05.2024. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle