|

Köçämize seniň gadamyň düşdi…

Köçämize seniň gadamyň düşdi… KÖÇÄMIZE SENIÑ GADAMYÑ DÜŞDI…

Köçämize seniň gadamyň düşdi...

Köçämize seniň gadamyň düşdi:
Yhlasly suwlanan,
sabry suw bolan
köçe ogşap galýar aýaklaryňdan.
Ýolgyra ekilen al-elwan güller
Görk alypdyr seniň ýaňaklaryňdan.

Hemme saňa höwes bilen garady,
Gözlere nur bolup siňip barýarsyň.
Içiňden buýsanyp, emma sen haýaň
Öňünde başyňy egip barýarsyň.

Saçlaryňy sypap geçen şemalam,
Ys alypdyr seniň sepen müşkiňden.
Şatlyga beslenip gussaly göwnüm,
Nur çaýyldy köçä nurly keşbiňden.

Seniň aýaklaryň sesine kybap,
Kalbymda oýandy üýtgeşik seda.
Göwnümemi ýa däl, emma şu gün-ä
Köçämiz owadan göründi juda.

Hawa, köçä seniň gadamyň düşdi…

Gurban GURBANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle