|

Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy

Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy «TÜRKMEN SÄHRASYNYŇ NOWBAHAR GYZY…»

Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy

Gördüm men dünýäde köp gözelleri,
Sen gözeliň tarypyna ýetme ýok. 
Düşündim men muňa ahyrky gezek,
«Maňa seniň gözleriňden gitme ýok»¹.

Ilki bilen Leýli bolup bakan sen,
Ýüregimde yş oduny ýakan sen,
Teşne çagym çeşme bolup akan sen,
Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy.

Edep-ekram orun almyş gözüňde,
Günüň nury jemlenipdir ýüzüňde.
Armanym ýok, ýanyp-bişsem közüňde,
Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy.

Bilmedim men, niçik muňa dözüpdir –
Dag şemaly ýar saçlaryn çözüpdir.
Neçün gözýaş ýaňagyňy ezipdir?
Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy.

Bu görnüş bakydyr öýtme, läläm, 
Bu dünýä sakydyr öýtme, läläm,
Birsellem dyzyň ep, gaýtma, läläm,
Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy.

Bagtym bolup dünýä inipsiň özüň,
Gitmesin elinden bagty her kesiň.
Direlerin eger eşitsem sesiň,
Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle