| |

Iñ täze edebi täzelikler

Iñ täze edebi täzelikler

■ Mil­li ki­tap baý­ra­gy­ gowşuryldy

ABŞ-nyň “Na­tio­nal Bo­ok Awards 2018” – Mil­li ki­tap baý­ra­gy­nyň gys­ga sa­na­wy res­mi taý­dan mä­lim edi­lip, oňa çe­per, yl­my, ýaş­lar ede­bi­ýa­ty, şyg­ry­ýet hem-de ter­ji­me eser­le­ri ýa­ly bäş ugur bo­ýun­ça je­mi 25 dalaşgär bellige alyndy. Her ugur bo­ýun­ça bäş fi­nal­çy gör­nük­li ede­bi­ýat bi­ler­men­le­ri ta­ra­pyn­dan saý­la­nyp alyn­dy. Şu ýyl ne­şir­ýat­çy­lar ta­ra­pyn­dan 1637 ki­tap hö­dür­le­nip, ola­ryň 368-si çe­per ede­bi­ýat, 546-sy yl­my ede­bi­ýat, 256-sy şyg­ry­ýet, 142-si ter­ji­me edi­len eser­ler we 325-si ýaş­lar ede­bi­ýa­ty­na de­giş­li­dir. Çe­per ede­bi­ýa­tyň gys­ga sa­na­wyn­da 5 fi­nal­çy bar.
Jeý­mel Brink­li — “Bagt­ly adam”, Lo­ren Groff — “Flo­ri­da”, Bren­don Hob­son — “Ni­re­de ölü­ler gür­läp otur­ýar?”, Re­bek­ki Ma­kaý — “Be­ýik ynam”, Sig­rid Nu­nez — “Dost” .
Ýe­ňi­ji­ler Nýu-Ýork­da Mil­li ki­tap baý­ra­gy­nyň gow­şu­ry­ly­şy­nyň 69-njy da­ba­ra­syn­da mä­lim edil­di. Da­ba­ra­da Isa­bel Alen­de ame­ri­kan ede­bi­ýa­tyn­a gym­mat­ly go­şan­dy üçin Mil­li ki­tap gaz­na­sy­nyň me­da­ly­na, ýa­zy­jyi Do­ron We­ber bol­sa, ame­ri­kan ede­bi jem­gy­ýe­ti­ne gym­mat­ly go­şan­dy üçin Gaz­na­nyň ede­bi baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy.

■ Ede­bi­ neşiriň ta­ry­hyn­dan

"Li­te­ra­tur­na­ýa ga­ze­ta” Rus­si­ýa­nyň hep­de­lik jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy ne­şi­ri­dir. Ga­zet rus ýa­zy­jy­sy Mak­sim Gor­ki­niň baş­lan­gy­jy bi­len, 1929-njy ýy­lyň 22-nji ap­re­lin­de ne­şir edi­lip baş­lan­ýar. 1942-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­dan “So­wets­ko­ýe is­kusst­wo” ga­ze­ti bi­len bir­leş­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, “Li­te­ra­tu­ra i is­kusst­wo” ady bi­len çy­kyp baş­la­ýar. 1944-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da bol­sa, ozal­ky ady gaý­ta­ry­lyp be­ril­ýär. Ol 1947-nji ýyl­dan baş­lap, ede­bi we jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy ga­ze­te öw­rül­ýär. Ne­şi­riň dö­wür­le­ýin­li­gi we möç­be­ri üýt­ge­dil­ýär.
1967-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan ga­zet 16 sa­hy­pa bo­lup, hep­de-de bir ge­zek çy­kyp baş­la­ýar. Ga­zet ede­bi­ýat, sun­gat, sy­ýa­sat, jem­gy­ýet, ah­lak, hu­kuk, ylym, dur­muş we baş­ga-da gy­zyk­ly mow­zuk­la­ry öz içi­ne al­ýar. Onuň sa­hy­pa­la­ryn­da ozal­ky So­ýu­zyň iň bel­li ýa­zy­jy­la­ry we köp san­ly da­şa­ry ýurtly ýa­zy­jy­la­r çy­kyş ed­ýär.
1970-nji ýyl­da ga­ze­tiň re­dak­si­ýa­sy “Al­tyn gö­le” at­ly ýyl­lyk baý­ra­gy esas­lan­dy­ryp, ony “12 otur­gyç” rub­ri­ka­sy­nyň as­tyn­da iň go­wy gül­kü­li eser­le­ri ýa­zan­la­ra gow­şur­ýar. “Li­te­ra­tur­na­ýa ga­ze­ta” 1990-njy ýyl­da ga­raş­syz ne­şir bol­ýar. Ga­ze­tiň lo­go­ti­pin­den M. Gor­ki­niň pro­fi­li aý­ryl­ýar we ga­zet XIX asy­ryň “Ede­bi­ýat ga­ze­ti­ne” de­ňelip, onuň esas­lan­dy­ry­lan wag­ty­ 1830-njy ýyl di­ýlip, ha­sap­lanyp baş­la­nýar.
Ga­ze­tiň lo­go­ti­pin­de 1990-njy ýy­la çen­li Puş­ki­niň we Gor­ki­niň pro­fi­li bar­dy, 1990-njy ýyl­dan soň di­ňe Puş­ki­niň­ki galdyryl­ýar, ýöne 2004-nji ýyl­da, Mak­sim Gor­ki­niň pro­fi­li hem gaý­ta­dan go­ýulýar. Ga­zet 2012-nji ýy­lda “Watana we söze wepadarlyk” atly her ýylda berilýän mil­li rus baý­ra­gyny esaslandyrýar. Bu baýrak XIX asyrda gazeti ilkinji esaslandyran Anton Delwigiň hormatyna döredilip, «Altyn Delwig» diýlip hem atlandyrylýar.

■ He­min­gue­ýiň he­ka­ýa­la­ry ne­şir edi­ler

Er­nest He­min­gue­ýiň 1950-nji ýyl­lar­da ýa­zan we ozal ne­şir edil­me­dik iki he­ka­ýa­sy 2019-njy ýy­lyň tom­sun­da ne­şir edi­ler. Ýa­zy­jy­nyň ede­bi mi­ra­sy­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Maýkl Ka­ta­ki­siň aýt­ma­gy­na gö­rä, “In­deý­le­riň ýur­dy we ak­la­ryň ýy­gy­ny” hem-de “Ýa­dy­gär­lik” di­ýen he­ka­ýa­la­ry gaý­ta­dan ne­şir edil­jek “Jaň ki­me ka­kyl­ýar” ro­ma­ny­nyň üs­tü­ni dol­du­rar. Mun­dan baş­ga-da, ne­şi­re ýa­zy­jy­nyň go­laý­da “Strand Ma­ga­zi­ne” žur­na­lyn­da çap edi­len ozal nä­bel­li bo­lan “Bag ta­rap­da­ky otag” at­ly he­ka­ýa­sy­ny gi­ri­zmek göz öňün­de tu­tul­ýar.
1956-njy ýyl­da He­min­gu­eý özü­niň ha­bar­çy hök­mün­de Ikin­ji ja­han ur­şu­na gat­na­şy­şy ba­ra­da bäş he­ka­ýa ýa­zyp­dyr. Aý­dyş­la­ry­na gö­rä, ýa­zy­jy öz ne­şir­ýat­çy­sy Çarlz Skrib­ner­den bu he­ka­ýa­la­ry di­ňe dün­ýä­si­ni tä­ze­län­den soň­ra çap edil­me­gi­ni ha­ýyş edip­dir. Bu he­ka­ýa­la­ryň bi­ri “Çat­ryk­da­ky ga­ra eşek” bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal ne­şir edil­di. Em­ma He­min­gue­ýiň bu hekaýalarynyň dolulygyna ha­çan ne­şir edil­jek­di­gi hä­zir­lik­çe mä­lim edil­me­ýär.
Er­nest He­min­gu­eý (1899-1961) ki­tap­la­ry köp dil­le­re ter­ji­me edi­len XX asy­ryň meş­hur ame­ri­kan ýa­zy­jy­la­ry­nyň bi­ri­dir. Onuň iň meş­hur eser­le­ri­niň bi­ri hem “Go­ja we de­ňiz” at­ly ese­ri bo­lup, bu po­wes­ti üçin ýa­zy­ja 1953-nji ýyl­da Pu­lit­zer baý­ra­gy, bir ýyl soň bol­sa, “Jaň ki­me ka­kyl­ýar”, “Hoş gal, ýa­rag!” at­ly eser­le­ri üçin No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy gow­şu­ryl­dy.

■ Ame­ri­ka­ly­lar nä­me oka­ýar?

ABŞ-nyň Mil­li sun­gat gaz­na­sy­nyň (NEA) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, şu gün­ki gün­de Ame­ri­ka­da şyg­ry­ýet be­lent­den ýaň­la­nyp, soň­ky bäş ýyl­da goş­gy oka­ýan ame­ri­ka­ly­la­ryň sa­ny iki es­se ar­typ­dyr. Eger-de, 2012-nji ýyl­da şyg­ry­ýe­te is­leg 6,7% bo­lan bol­sa, 2017-nji ýyl­da onuň pa­ýy 11,7%-e deň bolupdyr.
Şeý­le hem ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da pýe­sa­la­ra bo­lan is­leg ýo­kar­la­nyp, onuň bi­len 3,7% tö­we­re­gi ame­ri­ka­ly­nyň gy­zyk­lan­ýan­dy­gy bel­li bo­lup­dyr. Bu gör­ke­zi­ji 2012-nji ýyl­da 2,9% bo­lup­dyr. Çe­per ede­bi­ýat ug­ry bo­ýun­ça ro­man­lar we gys­ga he­ka­ýa­lar (41,8%) has-da ile­ri tu­tul­ýan eken. Ame­ri­ka­ly­la­ryň deň ýa­ry­sy haý­sy-da bol­sa bir ese­ri oka­ma­ly di­ýen pi­ki­re gul­luk edip, pi­ki­ri so­ra­lan­la­ryň 52,7%-i köp­lenç halan ki­ta­byny oka­ýan­dy­gy­ny mä­lim edip­dir. Sa­na­wa okuw ýa-da pro­fes­sio­nal ede­bi­ýat gi­ri­zil­män­dir.
Ame­ri­ka­da iň giň­den ýaý­ran ede­bi žanr­la­ry­nyň bi­ri hem di­ni eser­ler bo­lup, şeý­le ki­tap­la­ra pi­ki­ri so­ra­lan­la­ryň 23%-niň aý­ra­tyn üns ber­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Şeý­le-de iň köp okal­ýan ki­tap­la­ryň ara­syn­da ta­ry­hy (21,8%) we bi­og­ra­fik (20%) eser­ler, yl­my-teh­ni­ki ede­bi­ýat (12,9%), gra­fi­ki ro­man we ko­miks­ler (6,7%) bar. Ame­ri­ka­ly­la­ryň 23,3%-i ki­tap­la­ryň elekt­ron gör­nü­şi­ni oka­ýan bol­sa, 16,5%-niň au­dio­ki­tap­la­ry diň­le­ýän­di­gi aý­dyl­ýar.

■ Tä­ze aka­de­mi­ýa­nyň baý­ra­gy

Şwe­si­ýa­da No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça al­ter­na­tiw baý­ra­gy­na as­ly gwadelupaly fran­suz zenan ýa­zy­jy­sy Ma­ris Kon­de my­na­syp bol­dy. Ol bir­nä­çe meş­hur ro­man­la­ryň, şol san­da, “Men Ti­tu­ba, Sa­le­ma­nyň ga­ra aý­jy­ny” (1986), “Se­gu” (1987), “Be­ýik­lik” (1998) we beý­le­ki eser­le­riň aw­to­ry­dyr. Tä­ze aka­de­mi­ýa­nyň baý­ra­gy ýa­zy­ja däp-des­sur­la­ra, me­de­ni mi­ra­sa we ko­lo­nia­lizm döw­rü­ne iç­gin ara­la­şan­ly­gy üçin gow­şu­ryl­dy. Baý­ra­ga Ma­ris Kon­de­den baş­ga ýe­ne-de iki finalçy – iň­lis ýa­zy­jy­sy Nil Geý­man we ka­na­da-wýet­nam ýa­zy­jy­sy Kim Thui saýlandy. Ýa­pon ýa­zy­jy­sy Ha­ru­ki Mu­ra­ka­mi hem finalçylaryň arasyndady, ýö­ne ol bu baý­ra­gy al­mak­dan ýüz dön­der­di.
Ede­bi­ýat bo­ýun­ça al­ter­na­tiw No­bel baý­ra­gy Şwe­si­ýa­nyň me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri ta­ra­pyn­dan esa­sy baý­ra­gyň or­nu­na esas­lan­dy­ryl­dy. Onuň baý­rak gaz­na­sy 1 mil­li­on kro­na (112 müň dol­lar) ba­ra­bar. Şeý­le­lik­de, No­be­liň al­ter­na­tiw fi­nal­çy­la­ry­ny Tä­ze aka­de­mi­ýa gir­ýän 100-den gow­rak žur­na­list, ýa­zy­jy, akt­ýor we beý­le­ki me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri açyk ses ber­mek ar­ka­ly saý­la­dy­lar. Al­ter­na­tiw baý­ra­ga je­mi 47 sa­ny ta­ny­mal aw­tor hö­dür­le­nip, ola­ryň ara­syn­dan di­ňe fi­na­la dör­dü­si saý­la­nyp alyn­dy. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, şu ýyl 2018-nji ýyl üçin No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy kä­bir se­bäp­le­re gö­rä be­ril­me­di.

■ Gaý­ta­dan çap edil­di

Go­laý­da ABŞ-nyň “Du­ke Univer­si­ty Press” ne­şir­ýa­ty ame­ri­kan ro­man­çy­sy, dra­ma­tur­gy we je­ma­gat­şy­na­sy Jeýms Ar­tur Bol­dui­niň ça­ga­lara ni­ýet­läp ýa­zan “Litt­le Man, Litt­le Man” (Ki­çi adam, ki­çi adam) at­ly ýe­ke-täk ki­ta­by­ny 30 ýyl­dan soň­ra gaýtadan ne­şir et­di. “The New York Ti­mes” ne­şi­ri­niň habaryna gö­rä, eser uzak wagt­lap unu­dy­lyp­dyr. Eser­de 4 ýaş­ly aý­dym-sa­zyň we top oý­na­ma­gyň muş­da­gy bo­lan ga­ra ten­li og­lan­jy­gyň gö­ren gör­gü­le­ri ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.
Jeýms Bol­du­in 1924-nji ýy­lyň 2-nji aw­gus­tyn­da Nýu-Ýor­kuň Gar­lem et­ra­byn­da dün­ýä in­ýär we ru­ha­ny ka­ka­ly­gy­nyň elin­de ulal­ýar. Ol ça­ga­ly­gy­ny we ýaş­ly­gy­ny Nýu-Ýor­kuň Gar­lem we Grin­wiç-Wil­lij et­rap­la­ryn­da ge­çi­rip, özü­niň daş-tö­we­re­gin­de bo­lup geç­ýän ýag­daý­la­ra ga­raý­şy ba­ra­da ýa­zyp baş­la­ýar. Onuň il­kin­ji çe­per ro­ma­ny “Go Tell It on the Mo­un­ta­in” (Git­de dag­la­ra ha­bar ber) ro­ma­ny baý­ra­ga my­na­syp bol­ýar. Ýa­zy­jy 1948-nji ýyl­da Pa­ri­že gö­çüp gel­ýär. Onuň iň esa­sy eser­le­ri­niň bi­ri Se­na­nyň ke­na­ryn­da ýa­zy­lyp, Bol­du­in bu ýer­de öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li ýa­şaýar. Ol 1987-nji ýy­lyň 30-njy no­ýab­ryn­da ara­dan çyk­ýar

■ “Hýu­go” baý­ra­gy­nyň eýe­le­ri mä­lim edil­di

ABŞ-nyň San-Ho­se şä­he­ri­niň “Worldcon” şü­we­le­ňin­de 2018-nji ýy­lyň “Hýu­go” baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri­ mä­lim e­di­ldi. Oňa bu gezek amerikan ýazyjylary mynasyp boldular. Iň go­wy ro­man üçin N.K.Je­mi­si­niň “Daş as­man”, iň go­wy po­west üçin Mar­ta Uell­siň “Äh­li ul­gam­lar gy­zyl”, iň go­wy gys­ga po­west üçin Sýu­zan­na Pal­ma­ryň “Gel­mi­şek­le­riň syr­ly dur­mu­şy“, iň go­wy yl­my-fan­tas­tik he­ka­ýa üçin Re­bek­ka Ro­an­hor­syň “Yg­ty­bar­ly hin­di tej­ri­bä­ňe hoş gel­diň“ at­ly eser­le­ri baý­ra­ga my­na­syp bol­du­lar. “Non-fikşn” üçin baý­ra­gy Ur­su­le Le Gui­ne (Äti­ýaç üçin wagt ýok) ara­dan çy­kan­dan soň ber­di­ler.
1953-nji ýyl­da ABŞ-da esas­lan­dy­ry­lan “Hýu­go” baý­ra­gy, yl­my fan­tas­ti­ka ug­ry bo­ýun­ça be­ril­ýän iň ab­raý­ly baý­rak­la­ryň bi­ri­dir. Baý­rak fan­tas­ti­ka žan­ryn­da iň­lis di­lin­de ýa­zy­lan iň go­wy eser üçin oky­jy­la­ryň ses ber­me­gi ar­ka­ly gow­şu­ryl­ýar.

■  Iň go­wy ýa­zy­jy­la­ryň dört­lü­gi bel­li bol­dy

Bil­şi­miz ýa­ly, üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy käbir se­bäp­le­re gö­rä, şwed aka­de­mi­ýa­sy­nyň ka­ra­ry bi­len gow­şu­ryl­ma­dy. Ýö­ne akademiýa gel­jek ýy­lyň 10-njy de­kab­ryn­da 2018-nji we 2019-njy ýyl­la­ryň No­be­liň ede­bi­ýat baý­ra­gy­nyň eýe­leri­niň ady­ny bir­ba­da mä­lim eder.
Şu ýag­daý­lar na­za­ra al­nyp, şwed ýa­zy­jy­la­ry­nyň ta­gal­la­sy bi­len tä­ze aka­de­mi­ýa dö­re­di­lip, okt­ýabr aýyn­da öz baý­ra­gy­ny gow­şur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi ozal ha­bar ber­lip­di. 2018-nji ýyl­da No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­nyň ýe­ri­ne goş­ma­ça baý­rak gow­şur­ma­gy ni­ýet edi­nýän tä­ze aka­de­mi­ýa öz saý­tyn­da fi­na­lçylaryň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. On­da esasy dört aw­tor öňe saý­la­nyp, giň okyjylar köpçüligi tarapyndan tanalýan ýa­zy­jylar­dyr. Iň go­wy ýa­zy­jy­la­ryň dört­lü­gi şu­lar­dan yba­rat:
Ha­ru­ki Mu­ra­ka­mi (Ýa­po­ni­ýa).
Nil Geý­man (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa).
Ma­riz Kon­da (Fran­si­ýa), 2015-nji ýyl­da “Bu­ker” baý­ra­gy­nyň gys­ga sa­na­wy­na düş­di.
Kim Thuy (Wýet­nam – Ka­na­da), wýet­nam­ly im­mig­rant özü­niň “Ru” at­ly il­kin­ji ro­ma­ny bi­len uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy.
Tä­ze aka­de­mi­ýa­nyň saý­tyn­da bel­li­ge al­nan 47 ýa­zy­jynyň iň gowularyna 30 müň­den gow­rak oky­jy ses ber­di. In­di emin ag­za­la­ry baýragyň eýesini saý­la­ma­ly. Ýe­ňi­ji­ 12-nji okt­ýabr­da mä­lim e­di­­lip, ony da­ba­ra­ly sy­lag­la­mak 9-njy de­kab­ra bel­lenil­di. Hä­zir­ki wagt­da tä­ze aka­de­mi­ýa da­ba­ra­ny ge­çir­mek üçin se­riş­de ýyg­na­ýar, hem-de ýeňijiniň su­ra­ty­ny çe­kip, sow­gat et­jek us­sat su­rat­ke­şi göz­le­ýär.

■ Stiw Job­suň gy­zy ki­tap ýaz­dy

“App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Stiw Job­suň 40 ýaş­ly, uly gy­zy Li­za Bren­nan-Jobs ka­ka­sy ba­ra­da­ky ýat­la­ma­lar ki­ta­by­ny ýaz­dy. Ol ese­rin­de ka­ka­sy­nyň nä­hi­li yn­san bo­lan­dy­gy ba­ra­da iç­gin gür­rüň ber­ýär. Şu aýyň için­de ne­şir edil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän bu eser­den kä­bir par­ça­lar “Vani­ty Fa­ir” ne­şi­rin­de çap edil­di.
Stiw Jobs 2011-nji ýy­lyň 5-nji okt­ýab­ryn­da 56 ýa­şyn­da aş­ga­za­nas­ty mäz­le­rin­de ýü­ze çy­ka­ry­lan howp­ly dö­re­me­ler ze­rar­ly ara­dan çyk­dy. Ki­tap­da meş­hur prog­ram­ma­çy­nyň we onuň gy­zy­nyň ýe­ňil bol­ma­dyk gat­na­şyk­la­ry ba­ra­da iç­gin gür­rüň be­ril­ýär. Stiw Jobs we Li­za­nyň eje­si Kris Bren­nan Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­tin­de okap ýör­kä­ler dur­muş gur­ýar­lar. Ola­ryň söý­gü­sin­den Li­za dün­ýä in­ýär. Ýö­ne Job­suň öz gy­zy bi­len ara­gat­na­şy­gy tä Li­za­nyň Gar­ward uni­wer­si­te­ti­ne gir­ýän­çä gü­mür­tik­li­gi­ne gal­ýar. Ki­tap­da Li­za ka­ka­sy­nyň öm­rü­niň soň­ky gün­le­rin­de oňa has ýa­kyn dur­ma­gyň höt­de­sin­den ge­len­di­gi ba­ra­da gy­zyk­ly gür­rüň­le­r ber­ýär.

■ He­min­gue­ýiň ne­şir edil­me­dik he­ka­ýa­sy

Ame­ri­kan žur­na­ly “The Strand Ma­ga­zi­ne”-de ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Er­nest He­min­gue­ýiň (1899-1961) ozal ne­şir edil­me­dik he­ka­ýa­sy çap edi­ler. “Biz žur­na­ly­my­zyň 55-nji sa­nyn­da Er­nest He­min­gue­ýiň “A Ro­om on the Gar­den Si­de” (Bag ta­rap­da­ky otag) at­ly ozal ne­şir edil­me­dik he­ka­ýa­sy­nyň çap edil­jek­di­gi­ni uly buý­sanç bi­len si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris” diý­lip, žur­na­lyň be­ýa­na­tyn­da aý­dyl­ýar.
Be­ýa­nat­da aý­dy­ly­şy­na gö­rä, bu he­ka­ýa ýa­zy­jy­nyň ba­tyr­gaý­lyk, umyt we söý­gi ýa­ly iň söý­gü­li mow­zuk­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar. Eser 1956-njy ýyl­da ýa­zy­lyp, on­da­ky wa­ka­lar Ikin­ji ja­han ur­şy ýyl­la­ryn­da Pa­ri­žiň “Ritz” myh­man­ha­na­syn­da bo­lup geç­ýär. He­ka­ýa­da­ky gür­rüň­ler Ro­bert at­ly haý­sy­dyr bir adam ta­ra­pyn­dan be­ýan edi­lip, ol ýa­zy­jy­nyň ha­ky­ky keş­bin­den daş dü­şe­nok.
Er­nest He­min­gu­eý ame­ri­kan ede­bi­ýa­ty­nyň ta­ry­hyn­da yz goýan meş­hur şah­sy­ýet­le­riň bi­ri­dir. Onuň ýa­zy­jy we žur­na­list hök­mün­de bi­ti­ren iş­le­ri üçin 1954-nji ýyl­da No­be­liň ede­bi­ýat baý­ra­gy­na eýe bol­ma­gy ABŞ-da iň meş­hur we ab­raý­ly ýa­zy­jy­la­ryň ha­ta­ry­na goş­dy. He­min­gue­ýiň öz­bo­luş­ly, de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk ýa­zyş usu­ly ýa­zy­jy­nyň ab­ra­ýy­ny ar­şa gö­ter­di. Er­nest He­min­gu­eý bir ta­rap­dan özü­niň köp san­ly he­ka­ýa­la­ry­dyr ro­man­la­ry, beý­le­ki bir ta­rap­dan bol­sa, özü­niň ga­ra­şyl­ma­dyk wa­ka­la­ra baý geň-taň dur­mu­şy ar­ka­ly hem­me­le­riň göw­nün­den tur­ýar. He­min­gue­ýiň ýa­zyş tä­ri gys­ga we maz­mu­na baý bo­lup, XX asy­ryň ede­bi­ýa­tyn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.

■ "Bu­ker” baý­ra­gy­nyň uzyn sa­na­wy

Go­laý­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň “Bu­ker” baý­ra­gy­nyň 2018-nji ýyl­da­ky uzyn sa­na­wy mä­lim edil­di. Oňa şu aşak­da­ky aw­tor­la­ryň eser­le­ri gi­ri­zi­lip­dir:
“Snap” (Pi­tik) – Be­lin­da Bauer, iň­lis ýa­zy­jy­sy.
“Milk­man” (Süýt sat­ýan) – An­na Berns, iň­lis ýa­zy­jy­sy.
“Sab­ri­na” – Ni­k Drna­so, ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy.
“Was­hing­ton Black” (Ga­ra Wa­şing­ton) – Esi Edug­ýan, ka­na­da­ly ýa­zy­jy.
“In Our Mad and Fu­rious City” (Bi­ziň paý­has­syz we ga­zap­ly şä­he­ri­miz­de) – Ga­ýa Gu­na­rat­ne, iň­lis ýa­zy­jy­sy.
“Everyt­hing Un­der” (Äh­li zat pes­de) – Deý­zi Jon­son, iň­lis ýa­zy­jy­sy.
“The Mars Ro­om” (Mars­da­ky otag) – Re­ýçel Kuş­ner, ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy.
“The Wa­ter Cure” (Suw be­jer­gi­si) – So­fiý Ma­kin­toş, iň­lis ýa­zy­jy­sy.
“War­light” – (Uruş şamçyragy) – Maýkl On­dat­že, ka­na­da­ly ýa­zy­jy.
“The Overs­to­ry” – (Taryhyň başy) – Ri­çard Pa­uers, ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy.
“The Long Ta­ke” (Uzak wagt eýeleme) – Ro­bin Ro­bert­son, iň­lis ýa­zy­jy­sy.
“Nor­mal Pe­op­le” (Ada­ty adam­lar) – Sal­li Ru­ni, ir­land ýa­zy­jy­sy.
“From a Low and Quiet Sea” (Pes we üm­süm de­ňiz­den) – Do­nal R­ýan, ir­land ýa­zy­jy­sy.
Da­laş­gär­le­riň ara­syn­da has meş­hur ýa­zy­jy Maýkl On­dat­že bo­lup, ol şu ýyl “Iň­lis has­sa­sy” ro­ma­ny üçin “Al­tyn Bu­ker” baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Esi Edug­ýan 2011-nji ýyl­da gys­ga sa­na­wa dü­şüp­di, ýö­ne Ju­li­an Barns on­dan öňe saý­la­nyp­dy. Ni­k Drnaso­nyň “Sab­ri­na” ro­ma­ny­nyň uzyn sa­na­wa go­şul­ma­gy hem gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Gys­ga sa­naw 20-nji sent­ýabr­da bel­li bo­lup, ýe­ňi­ji şu ýy­lyň 16-njy okt­ýab­ryn­da mä­lim edi­ler. “Bu­ker” baý­ra­gy iň­lis di­lin­de ýa­zy­lan eser­le­re be­ril­ýän ab­raý­ly baý­rak­la­ryň bi­ri­dir. Ge­çen ýyl ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Jorj Son­ders “Bar­do­da­ky Lin­koln” ro­ma­ny üçin bu baý­ra­ga my­na­syp bo­lup­dy.

■ 150 ýyl­ly­gy baý­ram edi­ler

Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin 2020-nji ýyl­da meş­hur rus ýa­zy­jy­sy we şa­hy­ry, No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­nyň eýe­si Iwan Bu­ni­niň (1870-1953) dog­lan gü­nü­niň 150 ýyl­ly­gy­ny baý­ram et­mek ba­ra­da­ky ka­ra­ra gol çek­di. Iwan Bu­ni­niň rus we dün­ýä ede­bi­ýa­ty­na go­şan gym­mat­ly go­şan­dy na­za­ra al­nyp, taý­ýar­lyk bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti­ni dö­ret­mek, me­ýil­na­ma düz­mek we baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek ba­ra­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Mi­nistr­ler ka­bi­ne­ti­ne tab­şy­ryk be­ril­di. Ýa­zy­jy­nyň ýu­bi­le­ýi­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra­la­ra se­bit hä­ki­mi­ýet­le­ri hem gat­na­şar­lar.
Iwan Bu­nin Wo­ro­než­de dün­ýä in­ýär, onuň ça­ga­lyk ýyl­la­ry Or­low gu­ber­ni­ýa­sy­nyň Bu­tyr­ki oba­syn­da geç­ýär. 1883-nji ýyl­da maş­ga­la­nyň ja­ýy sa­tyl­ýar, şon­dan soň ýa­zy­jy­nyň dur­mu­şyn­da ýe­ňil bol­ma­dyk dö­wür baş­lan­ýar. Ýa­zy­jy 1920-nji ýyl­da Fran­si­ýa gö­çüp gid­ýär. 1933-nji ýyl­da şwed Aka­de­mi­ýa­sy ony “Rus nus­ga­wy şyg­ry­ýe­ti­ni ös­dür­mek­de asyl­ly hyz­mat­la­ry üçin” No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­ýar.

# "Zaman Türkmenistan" gazetiniñ maglumatlaryndan taýýarlandy.

Edebiýat täzelikleri

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle