«Meni meger şahyr eden…»
"Meni meger şahyr eden…"

Meni meger şahyr eden
Seniň gara gözleriňdi.
Meni meger jahyl eden
Seniň şirin sözleriňdi.
Sen bir asman – ýyldyz bary
Göz gypyşýar, çekip zary.
Gara zülpüň goşa tary
Meger meni Tahyr eden.
«Wysalyňa ýetsem» diýip,
«Waspyň edip ötsem» diýip,
«Armanym ýok gitsem» diýip,
Özüň meni zahyr eden.
Senden özge ýar gerekmes,
Peri-peýker tar gerekmes,
Çekdim zaryň, zar gerekmes,
Mähriň başga mähirlerden.
Meni meger şahyr eden,
Seniň gara gözleriňdi.
Meni meger jahyl eden
Janym şirin sözleriňdi. Goşgular