|

Howum basylýan ýer…/ hekaýa

Howum basylýan ýer…/ hekaýa HOWUM BASYLÝAN ÝER…

Bankyň gapysyndan ätledigim bes, tolgunmak￾dan ýaňa ýüregim agzyma gelýär. Onuň işgär￾lerini görsem-ä, hasam egbarlaýan. Kiçijik penjireler diýjeksiň, şolara-da gözüm düşdügi dün￾ýäm daralyberýär. Garaz, şol ýerdäki bar zat meň howumy basýar. Banka baryp, ol ýerdäkiler bilen iş salyşmaly bol￾sam, jogapkärçiligi-beýlekini bilmeýän barypýatan bir nadana öwrülýän oturyberýän. Men muny ban￾ka gelmezden öňem bilýän, ýöne nädeýin?! Aýlygymy elli alty dollar köpeltdiler. Onsoň ony bankda saklamasaň, dagy nirede saklajak?! Ynha, şeýdip özüme zor salyp, aýagymy süýräp diýen ýaly alyp, bankyň işgärlerine gözümiň gytagy bilen garap, gapysyndan ätledim. Hasap açdyrjak is￾lendik adam baş dolandyryjy bilen hökman masla￾hatlaşmalydyr öýdüp pikir edýärdim. «Hasapçy» diýip ýazylan penjirejigiň öňüne bardym. Ol uzyn boýly, özüni arkaýyn alyp barýan bir ýigit eken. Ine, ol maňa seredäýmezmi, ýene aljyrap başladym. Gyryljyk sesim pyşyrdap diýen ýaly çykdy.
— Baş dolandyryjyny görüp bilmezmikäm? — diýdim-de, soňam agraslyk bilen sözümiň üstüni ýetirdim. — Ikiçäk.
Näme üçin «ikiçäk» diýenimi welin bilemok.
— Elbetde, görüp bilersiňiz — diýdi-de, hasapçy ony yzyna düşürip getirdi. Baş dolandyryjy agras hemem parahat adam eken. Men elli alty dollarymy jübimde gysymlap durşuma «bir tokga» pula öwrüpdim.
— Siz baş dolandyryjy diýilýänmi? — diýip soradym. Hudaý bilsin, näme üçindir, şeýdip soramaga çekinip durmadym.
— Hawa — diýip, ol jogap berdi.
— Men sizi görüp bilerinmi? — diýdim. — Ikiçäk — diýibem ýene sözümiň üstüne goşdum. Men «iki￾çäk» diýjek däldim welin, ýene biygtyýar dilimden sypdy. Baş dolandyryjy geň galyp, maňa birtüýsli seret￾di. Gaty gizlin gürrüňim bardyr diýip pikir edeni gözlerinden duýulýardy.
— Geliň onda, çekinmäň — diýip, ol meni özüniň otagyna tarap alyp gitdi. Soňra açaryny çykaryp, iş otagynyň gapysyny açdy.
— Bärde biz arkaýyn gürleşip bileris, hany, geçiň oturyň — diýdi.
Ikimizem oturdyk-da, bir-birimize seredişdik. Asyl dilime bir söz geläýse nädersiň!
— Çakym çak bolsa, siz Pinkertondan[1] bolmaly— diýip, onuň özi söze başlady.
Ol meniň syrly gürrüňlerimden, özümi alyp bar￾şymdan çen tutup, maňa aňtawçydyr öýden bolmaly. Men onuň näme pikir edýänini bilip otyr￾dym, bu bolsa meni hasam kyn güne salýardy.
— Ýok, Pinkertondan-a däl — diýdim.
Beýle diýmek bilen men oňa şoňa meňzeş başga￾rak bir gullukdan gelendigimi duýdurjak boldum. Soňra:
— Dogrymy aýtsam — diýip, hamala, öň ýalan sözlemegi niýet edinip, birdenem dogrymy aýtmak kararyna gelen ýaly sözümi dowam etdirdim. — Men hiç hili aňtawçy däl. Men özüme hasap açdyr￾maga geldim. Bar pulumy siziň bankyňyzda goýaýsam diýýän.
Baş dolandyryjy birneme arkaýynlaşdy, ýöne, ba￾rybir, ýüzi agrasdy; indi ol meni baron Rot ýa-da ýaş Guld ýaly ile belli baýlaryň biriniň ogludyr diýip pikir etdi.
— Hä, köpräk maýa goýjak bolýansyňyz — diýdi.
— Azam däl — diýip, pyşyrdap diýen ýaly gürledim. — Häzir elli alty dollar, soňam her aý elli dollardan goýsam diýýän.
Dolandyryjy ýerinden turup gapyny açdy-da, hasapçyny çagyrdy.
— Jenap Montgomeri — diýip, ýakymsyz sesi bi￾len haýkyrdy. — Bu sypaýy kişi hasap açdyrjak eken. Ol elli alty dollar maýa goýmakçy… Hoş, sag boluň.
Men ýerimden turdum. Otagyň bir tarapynda ullakan demir gapy açyk durdy.
— Hoş, sagboluň — diýdim-de, seýfe tarap ýöräp ugradym.
— Bärden çykyň — diýip, dolandyryjy igençli gürledi-de, başga tarapy görkezdi.
Men hasapçynyň oturan ýerine baryp, sen-men ýok, şol tokgalanan pulumy çykardym. Men şeýlebir çalasyn hereket etdim welin, hamala diýersiň, hok￾gabazyň bard-a. Ýüzüm duw ak boldy.
— Ine, şuny goýmaly — diýdim.
Meň bu äheňim: «Hany derrewjik, hut şu ýerde, şu wagt, şu işi birýanýüzli edeli-le» diýen ýaly eşi￾dildi. Ol puly aldy-da, başga bir işgäre geçirdi. Ol maňa bir bölek kagyz tutduryp, puluň jemini ýazdyrdy, soňam hasap depderçä gol çekdirdi. Indi men asyl näme edýänimem seljeremokdym. Bank gözümiň alnynda aýlanyp-aýlanyp gidýärdi.
— Ýeri, indi maýa goýuldymy şo pul? — diýenimde, sesim endiräp çykdy.
— Hawa — diýip, hasapçy jogap berdi.
— Onda men çek çekip bilerinmi? — diýdim.
Men biraz pikirimi üýtgetdim-de, alty dollaryny hä￾zirlikçe ulanmaga çekip alarman boldum. Maňa kim￾dir biri kiçijik penjireden çek kitapçany uzatdy, ýene birem ony nädip doldurmalydygy￾my düşündirdi. Bankdakylar maňa akyly azaşyp ýören bir millionerdir öýdýärdiler. Men çege bir zatlar ýazdym-da, bank işgärine uzatdym. Ol oňa çiňerilip seretdi-de:
— Näme!? Siz bar goýanyňyzy ýene yzyna alýa￾ňyzmy? — diýip, allaniçigsi boldy. Ine, şonda men özümiň «6-a» derek «56» ýazandygyma düşündim. Ýöne indi başgaça gürläre welin utandym. Suw seň￾rikden agdy hasap etdim. Bankyň bar işgärleriniň tiňkesi maňa dikildi, olar, hatda edip oturan işlerini hem goýup, maňa seretdiler. Özümi dürsäp, dogumly görünmäge çalyşdym.
— Hawa, hemmesini.
— Siz ýaňyja goýan puluňyzy yzyna çekýäňiz-dä onda?
— Hawa, barçasyny, teňňe-seňňesi bilen.
— Siz banka hiç hili pul goýmakçy däl-dä onda, şeýlemi? — diýip, ol gözlerini tegeledi.
— Hiç hili.
Olaryň «Çek ýazýan wagty nämedir bir zada öýkeläp, banka pul goýmakdan ýüz öwürýändir» diýip pikir ederinden çekinip, dert-azara galdym. Özümi durnuksyz häsiýetli adam hökmünde görkezmezlik üçin başymy dik tutup, dogumly kişi bolan boldum. Hasapçy puly tölemäge häzirlendi:
— Siz ony nähili alýaňyz?
— Näme?
— Ony nähili görnüşde alýaňyz?
— Hä, ellilikde — diýip, oňa düşünen badyma ýüzugra gürledim.
Ol maňa elli dollar uzatdy.
— Altysy näme? — diýip, ol rahatlyk bilen sorady.
Aljyrap durşuma «Birlikde» diýmäge derek «Altylykda» diýip jogap berdim. Puly aldym-da, haýal etmän bu ýerden garamy saýlamak bilen boldum. Bankyň äpet gapysy ýapylan dessine, onuň için￾däki işgärleriň ala-pakyrdy bolup gülüşýändiklerini eşitdim. Şondan bäri hiç hili banklyk işlere goşula￾mok. Kagyz pullarymy jalbarymyň jübüsinde sakla￾sam, tygşytlan şaýylarymy jorabymda goýýan.

————————
[1]Pinkerton — Pinkerton adyndaky Milli aňtawçylyk gullugy.

Stiwen LIKOK, kanadaly ýazyjy
Iňlis dilinden terjime eden: Maýa ALLABERDIÝEWA, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

#»Dünýä edebiýaty» žurnalyndan alyndy. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle