| |

Aman Gulmämmedowa

Aman Gulmämmedowa AMAN GULMÄMMEDOWA

Aman Gulmämmedowa

Magtymguly bolup uruş ýyllary,
Adamlara beripdiň sen teselli.
Pähimli sözleriň ganat beripdi,
Açylypdy dert ulaşan keselli.

Magtymguly bolup ilkinji gezek,
Döredipdiň howandary sahnada.
Adamlar diýipdi saňa “Maşalla!”,
Deňäpdiler sen ussady mähnede.

Dogrudanam mähnetdiň sen sahnada,
Sahnada däl, durmuşda-da şeýlediň.
Hak nazary düşen, eý, eziz adam,
“Halkym!” diýip, çyn ýürekden söýlediň.

Otello, Korol Lir, Keýmir kör bolduň,
Ýaşadyň sen adamlaryň kalbynda.
Hem şäher häkimi, hem Allan aga…
Kuwwat bardy aýdan sözüň zarbynda.

Dagyň eteginde doglupdyň başda,
Indem dagyň eteginde heýkeliň.
Ir ertir, giç agşam düşse nazarym,
Göwünlere ganat nurly şekiliň…

13.06.2024. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle