|

Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek…

Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek…

Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek...

Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek,
Ýüz görüp derdi-gamym çäresini kylsa gerek.

Eý, saba jany-köňülni [onuň] özi teň kyldy,
Köňli birle diýe sen, jany üçin gelse gerek.

Waslyny ne kylaýyn gaýrydan aýrylmady hiç,
Ýar wasly maňa agýardan aýrylsa gerek.

Waslynyň gadryny çün bilmedi bu telbe köňül,
Hijriniň tygy onuň ýüregini dilse gerek.

Şükür, «Babyry biler men» diýen ermiş ol aý,
Lä-jerem bendelerini şalary bilse gerek. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle