«Dostum Iwan» makalama tankydy bellik we ýene bir gezek ruslar hem türkler barada
"Dostum Iwan" makalama tankydy bellik we ýene bir gezek ruslar hem türkler barada

Häkimiýete garşy pozisiýada durmak adamyñ asuda durmuşyny we durmuş üpjünçiliklerini düýbünden bozma netijesine getirip, durmuşyna awy gatyp biler
Geçen gezekki «Rus durmuşynyñ ensiklopediýasy hökmünde dostum Iwan» makalam boýunça türkolog dostum Aleksandr Soçinenko käbir tankydy belliklerini ugratdy. Aşakda onuñ bu belliklerini we meniñ oña beren jogabymy okap bilersiñiz.
• Ortatap rus raýaty Iwan hakynda
«Hormatly Hakan Aksaý örän ýerlikli we dogry tutaryklar bilen Türkiýedäki iñ gowy Russiýany öwreniji hünärmenlerden hasap edilýär. Sebäp köp sanly rusşynaslara garanda, ol birnäçe ýyllap Russiýada ýaşan, rus dilini suwara bilýän we rus intelligensiýasynyñ köp sanly wekilii, žurnalistdir ýazyjy-şahyrlary ýakyndan tanaýar. Hut şonuñ üçinem Aksaýyñ «Rus durmuşynyñ ensiklopediýasy hökmünde dostum Iwan» makalasyny okanymda, geñ galandygymy aýdasym gelýär. Görnüşi ýaly Hakan rus durmuşynyñ üstünde diýseñ ýüzleý durup geçen makalasynda rus reallygynyñ çuñlugyna inmegi başarmandyr. Eýýäm kän wagt bäri Türkiýede ýaşap gelemsoñ, menem bu ajaýyp ýurt we türkler hakda şeýle makala ýazsam, hökman Hakanam meniñ ýaly gülümsirärdi we uly rus režissýory Konstantin Stanislawskiniñ edebiýata giren meşhur «Ynanmaýaryn!» görnüşindäki sözüni sitata alardy.
Hemme zatdan öñ şuny aýratyn nygtasym gelýär, ruslaram edil türkler ýaly ýurtlaryna we ýolbaşçylaryna bolan milli buýsanç duýgusyny göterýär. Ýagny, türk raýaty ýurduna we ýolbaşçysyna dahylly meseleleri başga bir türk bilen bile ara alyp maslahatlaşyp, bu problemalar boýunça pikirlerini aýtmakdan we tankyt etmekden birjigem çekinmeýär, ýöne ol muny haýsydyr bir daşary ýurtly bilen hiç bir ýagdaýda edesi gelmeýär. Bu düşünjäniñ düýp sebäbi-de örän elementar we düşnüklidir: Eger ýurduñ ýolbaşçysy akmak, serhoş ýa-da dönük bolsa, onda oña takat bildirip ýören munça adamlar kim? Serediñ, ýokarda gysgaça düşündirmäge synanyşan ýagdaýymy iñ ýönekeýje görnüşde jöhitlerde-de görýäris: Olar öz aralarynda hökümetlerini we biri-birlerini gazaply tankyt edýänem bolsa, edil şol tankydy bellikler kese ýerliler tarapyndan agzalan badyna klassyky «antisemitizm» («jöhit duşmançylygy») sözlerine ýapyşyp, jebir çekeniñ oturgyjyna oturýarlar we garşydaş tarapy günäkärlemäge başlaýar.
Edil şu ýerde hem aýtmak isleýän zadym bar, ne-hä türk raýaty, ne-de rus raýaty öz ýurdy, syýasatçylary ýa-da döwlet ýolbaşçysy barada dostunyñ we hatda goñşusynyñ ýanynda aýtjak zadyny kese ýerliniñ ýanynda dilini-de ýarmaz. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda dünýä belli sowet aktýory we kompozitor Wladimir Wysoskiniñ metbugat ýygnanyşygynda özüni şol döwrüñ sowet häkimiýetini tankyt eymäge iterjek bolan fransuz žurnalistlerine beren jogabyny ýene bir gezek ýatlamak gowy bolar: «Hawa, meniñem öz hökümetimize beresim gelýän käbir soraglarym bar. Emma men bulary siziñ bilen pikir alyşmakçy däl!»
Elbetde, kese ýerlileriñ öñünde we hatda şolar bilen birlikde öz hökümetlerini we ýurdunyñ syýasatyny tankyt edýän gatlagam bar, Hakan aýratynam 2022-nji ýylyñ fewral aýyndan soñ Türkiýede bularyñ köpüsi bilen tanyşdy. Gynansak-da, bular ýaly adamlar hemişe bolup geldi, ýene-de bolar… Meselem, XVI asyryñ başlarynda Kremliñ gapysyny basybalyjy polşalylara açanlaram şular ýaly adamlardy. Çünki durnuklylygyñ ýola goýulmagyna we Russiýanyñ Dagynyklyk döwri bolan «Смутная время»-nyñ soñlanmagyna basybalyjylaryñ ýardam etjekdigini pikir edýärdiler. Şeýle-de XX asyrda Russiýany bolşewikleriñ boýunturugyndan halas etme diýen ýaly samsyklaç pikirlere duwlanyp Adolf Gitlere we onuñ basybalyjy goşunyna hyzmat edenlerem boldy. Biziñ günlerimizde-de Russiýada häkimiyet başyna gelmelerine kömek eder umydy bilen amerikan imperialistlerine hyzmat edýänler az däl. Bular ýaly adamlary başgalardan tapawutlandyrmak üçin rus dilindäki ýowuz sözlerden biri bolan «dönük» diýilýär.
Bütin bu aýdýanlarym bilen birlikde ortaça rus raýaty bolan Iwan häkimiýeti halamaýar. Genlerine siñen daýhan hüşgärligine eýe Iwan diýseñ akylly adam. Ol ýewropalylaryñ ýa-da amerikanlaryñ tersine, liberal demokratiýa hiç hili ynanmaýar. Hakykatdanam, umuman bir akymdan gelýän iki ýa-da şondan köp oligarhyñ arasyndan birini saýlamak arkaly ýurduñ ykbalyny üýtgedip biljekdigiñize ynanýarsyñyzmy? Makalada gürrüñi edilýän Iwan hem güýjüñ we häkimiýetiñ halkyñ bolşuna görä, eden etmişlerine görä, ýokardan — Hudaýyñ gatyndan gelýändigine ynanýar. (Ýagny, nähili bolsañyz, şolar ýalam dolandyrylarsyñyz ýa-da öz bolşuñyza görä ýolbaşçy manyda -t.b.) Häkimiýeti fanatlarça goldanok, emma Rim imperatory, beýik filosof Mark Awreliniñ formulirlän «Näme etmeli bolsa, sen şony et we netije nähili bolsa-da, şonuñ bilen ylalaş» prinsipine laýyklykda hereket edip, häkimiýeti oñlaýar. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda rus halkynyñ esasy artykmaçlyklary bolan çydamlylygynyñ we göwnüpesliginiñ yslam medeniýetindäki garşylygy bolan «Sabyr» düşünjesini ýatlasak peýdaly bolar. Ine, şu ylahy buýrugy ýerine ýetirme babatda rus halkyna taý geljek halk dünýäde ýokdur.
Men ruslaryñ bu aýratynlygynyñ ösmeginde müñ ýyl bäri milli hüý-häsiýetimizi şekillendirip gelen prawoslaw hristianlygynyñ täsiriniñ uly bolandygyny ýatdan çykarmaly diýip pikir edýärin. Ýeri gelende hristianlygyñ baş doga-dilegini-de agzap geçeliñ: «Atamyz bolan Uly Hudaýym! Hemme zat seniñ isleýşiñ ýaly bolsun!».
Seretseñizläñ, Hudaýa «meniñ» däl, «seniñ isleýşiñ» ýaly bolsun diýip ýalbarýarys. Çünki meniñ, ýagny adam oglunyñ şahsy isleg-arzuwy ýalñyşam bolup biler.
Hakanyñ makalasynda aýdýan Iwany häkimiýeti goldamaýanlygy bilen birlikde, onuñ bardygyna ynanýar we kararlaryna-da boýun egýär. Şol sanda häkimiýet faktorynyñ has ylahy dereje bilen baglanyşygyny göwnüpeslik bilen aýyl-saýyl edip bilşi ýaly we öz syýasy-intellektual aýratynlyklaryna-da göwnüpeslik bilen baha berýär. Rus Iwan öz halkynyñ taryhyny gowy bilýär, ol häkimiýete we ýolbaşça garşy ýerlikli şertler bilen hemmetaraplaýyn oýlanyp-ölçenip guralmaýan halk köpçülikleýin çykyşparyna «topalañ» diýilýändigini-de bilýär. Russiýa boýunça alanda, üns berýän bolsañyz, bular ýaly topalañlar ýerlikli gozgalañlar ýaly üstünlikli tamamlanmaýar. Şol sebäpden XVI asyryñ soñlartndaky Dagynyklyk döwründen 2023-nji ýyldaky Ýewgeniý Prigožiniñ topalañyna çenli bolup geçen birnäçe esassyz hereket diñe ýurduñ gowşamagyna getirdi we haýsydyr bir anyk netije-de gazanmady.
Netijede «Sabyr we ýadawsyz zähmet hemme zady üýtgedip bilýär» diýen atalar sözüne ynanyp ýaşaýan rus Iwan we rus halky şu güne çenli birnäçe patyşany, bolşewikleri we häkimiýet başyna gelmezden öñ amerikanlar tarapyndan goldanan Ýelsini (1993-nji ýylyñ oktýabrynda protest demonstrasiýasyny geçiren raýatlaryñ depesine liberal demokratiýanyñ adyndan ok ýagdyran we 5%-e peselen goldawy 1996-njy ýylda amerikan syýasy tehnologlary tarapyndan ýokaryk galdyrylan Ýelsin) başyndan aýlap urdy. Çünki rus Iwan elitalaryñ daşardan alan ähli häkimiýet modellerini özüne siñdirip, bulary öz milli kodlaryna laýyklykda şekillendirip bilen Russiýanyñ müdimilik keşbinden başgasy däl.
Aleksandr SOÇINENKO,
Ankaradaky «Rus öýüniñ» başlygy.»

Rim imperatory, beýik filosof Mark Awreliý
• Häkimiýete garşy gidip ýaşamak — birahat durmuşy saýlap almakdyr
Dürli hili garaýyşlaryñ orta atylmagy, pikir alşylmagy gereklidir we peýdalydyr. Şu pikir bilen Aleksandr Soçinenkonyñ «WhatsApp»-dan gelen hatynda («Dostum Iwan» babatda saña başgarak jogabam berip bilerdim welin, çap edilmez…») diýen sözüne şobada oñyn jogap berdim we az salym öñ ýokardaky makalanyñ rus dilundäki orginaly, yzyndanam türk diline geçirilen görnüşi geldi.
Ömrümiñ kyrk ýyldan gowrak wagtyny bagyş eden Türkiýe-Russiýa gatnaşyklaryna bu häkimiýetiñ eden iñ uly erbetliklerinden biri bolan uçar urup düşürme wakasyndan soñ wizasyz gidip-gelme hukugymyz ýatyrylanda, 2016-njy ýylda mejbury ýagdaýda wiza alyp Moskwa gidip-gelipdim. Pasportyma uzak wagt dümtünip seredip durka, maña birnäçe sorag berip ýetişen 22-23 ýaşly rus gümrükçisine ahyrynda çydaman şeýle diýipdim:
«Bilýäñizmi, men Russiýada siziñ ýaşan ömrüñizden has köp wagtlap ýaşadym. Rus raýatlygyny almadym, ýöne bu ýer meniñ ikinji watanym. 1991-nji ýylyñ ahyrynda ýurt darganda-da, 1993-nji ýylyñ oktýabrynda parlament bombalananda-da, her dürli terrorçylykly aktlardyr çaknyşyklarda we uruşlarda men bolup geçýän zatlary kesesinden syn edip oñmadym, tragediýalary ýüregim bilen duýdum. Şonuñ üçin azyndan siziñ ýaly özümi şu ýerli hasaplaýaryn».
Geñ galyjylykly gülümsiräp, meni diñlän gümrükçiniñ pasportymy berdi-de «Bolýa, geçiberiñ» diýendigi ýadyma düşýär.
Elbetde, men bu sözleri näçe aýdanymda-da, häzirem «kesekidigimi» we «keseki» bolubam galjakdygymy bilýärin.
Munuñ bilen birlikde meni begendirýän başga bir zat bar: rus halkynyñ wekilleri bilen, köp sanly açyk göwünli we dogruçyl adamlary bilen ýakyndan gatnaşyk sakladym, häzirem gatnaşýanlarym az däl.
Düýn gürrüñleşen köne rus tanyşym maña şeýle diýdi: «Men senden hiç zady gizläp bilmerin, seni-de ýat biri hasaplamaýaryn. Emma şu güne çenli ýönekeý daşary ýurtlylar bilen kän pikir alyşdym, olara-da saña aýdýanlarymy aýtdym. Emma bärde bir tapawut bar, olam seniñ bilen çäklendirmesiz, arkaýyn gürleşip bilýärin, başgalaryñ ýanynda bolsa, iñ bolmanda sögünmän gürlemeli bolýar».
Hawa, Aleksandryñ aýdýanlarynda jan ýok däl: ruslar kese ýerliler bilen gürleşende umuman seresaply gürlänlerini kem görenok. Munuñ bilen birlikde 146 million russiýalynyñ arasynda dürli-dürli adamlar, olaryñ arasynda-da dürli dinler, milletler, medeniýetler bar. Şonuñ üçin elbetde olaryñ özlerini alyp baryşlaram, hüý-häsiýetlerem, eýerýän pikirlerem dürli-dürli.
Käwagtam olaryñ eýerýän pikirleriniñ halanmajak sebäpleri bolup bilýär. Mysal üçin, Aleksandryñ makalasynda agzalýan we meniñem gowy görýän kompozitorym Wladimir Wysoskiniñ fransuz žurnalistlerine hemme zady aýdyp bilmejekdiginiñ sebäpleriniñ birem, açyk pikirini aýdan ýagdaýynda sowet ýolbaşçylaryndan berk daralma ähtimallygynyñ bardygy, iñ bolmanda ýene bir gezek aýaly Marina Wladiniñ ýanyna gidip bilmezligi dälmidir? (Häzirki 2024-nji ýylyñ ýetmişinji ýyllar bilen deñeşdirmek meni şeýle bir gynandyrýar welin, gynansak-da, durmuş şeýle, üýtgän zat ýok, üýtgän zat ýok…)
Hawa, ruslar we türkler birnäçe tarapdan biri-birine meñzeýär. Bularyñ arasynda taryhdan syzylyl çykýan aýratynlyklarynyñam netijesi hökmünde häkimiýetler bilen oñşukly ýaşamak gaýgysy-da bar. Soltanlaryñ we patyşalaryñ nesilleriniñ bu aýratynlyklaryny belki-de has düýpli öwrenmek gerekdir. Çünki munuñ içinde syýasatam bar, terbiýe-de, ahlagam…
Häkimiýete garşy pozisiýada durmak adamyñ asuda durmuşyny we durmuş üpjünçiliklerini düýbünden bozma netijesine getirip, durmuşyna awy gatyp, hem-de syýasy we hukuk bozulmalaryna getirip biler. Syýasy sowat derejesi örän pes garamaýak hem muña doly düşünmese-de, ruhuna, genine siñen ýakymsyz yslaryñ ýaramaz yslaryñ kömegi bilen şeýle howpy duýup bilýär.
Tersine döwleti halamasa-da, ony içgin derñejek bolmazlyk, gatda tüýs ýüregiñ bilen duýmasañam milli öwüşginler bilen we nämedigi belli däl «watansöýüjilik» perdesi astynda «goldamak» adama örän amatly ýol arçap bilýär. Ýönekeý adamlar üçinem şeýledir welin, şol häkimiýetiñ döreden artykmaçlyklaryndan belli bir derejede peýdalanma mümkinçiligiñ bar bolsa-ha, hiç keýpiñi bozanyña degmeýär… (Aleksandr ýazgysynda rus jemgyýetiniñ bir aýratynlygyny hakykatdanam gowy nygtapdyr, hakykatdan-da «sabyrlylykda» ruslara taý geljek ýok).
Elbetde, gürrüñi uzatsañ uzadybermeli… Aleksandryñ tankydy belliklerini wagt sarp edip ýazandygy we çykyş edýän gazetim üçin ýörite terjime etdirendigi maña ullakan hormat-sylag boldy. Muny magtanmak üçin däl-de, tüýs ýüregim bilen aýdýaryn. Şu boýunça umumy düşünjämi makalamyñ başynda aýdypdym.
Menem sözümi dostum Aleksandryñ gowy görýän, imperatorlygyndan zyýat filosoflygyna hormat goýýan şahsyýetim Mark Awreliniñ sözi bilen jemläýin: «Başgalara hoşniýetli, özüñize ýowuz darañ».
Hakan AKSAÝ.
@AksayHakan
aksayhakan@gmail.com
«T24» internet gazeti, 25.07.2024 ý Publisistika