|

Täze ýyl arzuwy

Täze ýyl arzuwy

TÄZE ÝYL ARZUWY

TÄZE ÝYLDAN baş arzuwmyz,
Ýer ýüzüne saglyk getir.
Keselleriñ kökün kerçäp,
Dünýäni derdinden gutar.

Agzybirlik, asudalyk,
Ornaşdyryp törümize.
Rysgal-dòwlet, berekede,
Her ojagy töri beze.

Gelinaljy köp ýyl bolup,
Bäbejikleñ sany artsyn.
Goñşy-goñşa diñşirgände,
Şowhun gülkä gulak assyn.

Her bir öýe her maşgala,
Bagtyýarlyk nesip etsin.
Arzuwlar amala aşyp,
Hemmeler maksada ýetsin.

Rozygül ÝAZHANOWA.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle